Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Energetika we ulag ulgamlaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we diplomat iki ýurduň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlarynyň hem-de geografik aýratynlyklarynyň bu ugurlarda özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdylar.
Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.