Täzelikler
USAID maksatnamasy tarapyndan gurnalan ykdysady okuw Aşgabatda geçirilýär

Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-na goşulmagyna taýýarlyk bilen baglanyşykly ykdysatçylar üçin okuw kursy geçirilýär.

Bu okuw, Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmak üçin işjeň işleýänligi sebäpli, Türkmenistandaky ykdysatçylar üçin niýetlenendir. USAID-iň Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň goldawy bilen gurnalan bu üç günlük seminar, gatnaşyjylary halkara söwda syýasatynyň esasy düşünjeleri, tejribeleri we durmuşa geçirilmegi, şeýle hem dürli ugurlar bilen tanyşdyrmak, Hasaplama umumy deňagramlylygy (Computable General Deilibrium Modeling) modellemäge aýratyn üns bermek üçin döredildi. Seminara çagyrylan hünärmen ABŞ-nyň Kolorado uniwersitetinden Ykdysadyýet ylymlarynyň doktory Maýls Laýtdyr.

-Tanyşdyryşlar, halkara bazarlarynda islegiň, üpjünçiligiň we bahalaryň özüni alyp barşyny beýan edýän adaty deňagramlylyk ykdysady nazaryýetiniň düşündirişini, halkara söwda syýasatynda CGE modelleriniň ulanylyşynyň mysallaryny öz içine alýar. CGE modellemekde amaly tejribe almak üçin birnäçe “maketlar” maşk hökmünde ulanylar diýip, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň BSG bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri Ylham Ýaraşow düşündirdi.

-Seminaryň ahyrynda has çylşyrymly söwda nazaryýeti we modelleri hödürlener. Gatnaşýanlara kompýuter simulýasiýalaryny ulanyp söwda we ykdysady meseleleri derňemek we seljermek üçin belli söwda modelleri we giňişleýin maglumatlar toplumy berler.

Kurs programma üpjünçiligi bilen işlemegi we ykdysady synaglary we amaly sapaklary geçirmegi öwrenmek boýunça interaktiw leksiýalar we topar bölümleri görnüşinde geçirilýär.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hünärmenlerinden başga-da, bu treýninge Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Adalat ministrliginiň, Oba hojalygy ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty minstrliginiň, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň we “Türkmennebit”, “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň wekilleri gatnaşdylar.

2021-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistan BSG-a goşulmak üçin ýüz tutdy, 2022-nji ýylyň fewral aýynda BSG ministrler maslahatynda biragyzdan tassyklandy we ýurda “agzalyga kabul edilýän ýurt” (işjeň synçy) derejesi berildi. Türkmenistanyň daşary söwda işi baradaky Ähtnamany taýýarlamak işi häzirki wagtda ýurduň degişli ministrlikleri we pudak edalary bilen, işjeň hyzmatdaşlyk, şeýle hem tehniki kömegiň dürli taraplary boýunça halkara guramalarynyň we maliýe guramalarynyň goldawy talamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýurduň BSG-ä agzalygyna kabul edilmeginde ýene bir hyzmatdaşlaryň biri bu seminaryň guramaçysy hökmünde çykyş eden ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentligi – USAID-dyr. Orient Link: https://orient.tm/tm/post/73571/asgabatda-turkmenistanyn-bsg-na-gosulmagyna-tayyarlyk-bilen-baglanysykly-ykdysatcylar-ucin-okuw-kursy-gecirilyar

04.07.2024
Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) Institutynyň direktory wezipesiniň boş iş orny barada bildiriş.

Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) Institutynyň direktory wezipesiniň boş iş orny barada bildiriş.

 

Direktor CAREC institutynyň ýolbaşçysy bolup, CAREC institutynyň Dolandyryş geňeşine hasabat berýär.

Direktor wezipesine kesgitlenen 2 ýyllyk möhlet bilen bellenilýär (2024-nji ýylyň noýabryndan 2026-njy ýylyň noýabryna çenli). CAREC institutynyň ştab-kwartirasy Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uýgur awtonom sebitiniň Urumçi şäherinde ýerleşýär.

CAREC instituty ABŞ-nyň dollarynda tölenilýän, halkara derejesinde bäsdeşlik edýän aýlyk haklaryny, ýeňillikieri we kompensasiýa paketlerini hödürleýär.

Dalaşgärler Türkmenistanyň raýatlary bolmalydyr.

Dalaşgärler resmi hatyň ýany bilen arzasyny we öz şahsy maglumatlaryny 6.4min@fineconomic.gov.tm elektron poçtasyna iberip bilerler.

Arzany “CAREC institutynyň direktory wezipesine dalaşgär bolmak” diýip belläň. Arzalar 2024-nji ýylyň 5-nji awgustyna Türkmenistanyň wagty bilen 17:00 çenli iňlis dilinde ýazmaça görnüşinde tabşyrylmalydyr.

Arzalar seredilenden soň , iňlis dilinde söhbetdeşlik geçiriler.

CAREC instituty deň mümkinçilikli edara bolup, bu wezipä dalaşgär hökmünde aýal-gyzlaryň ýüz tutmagyny hem höweslendirýär.

Habarnama diňe saýlanan dalaşgärlere ugradylar.

Bu wezipä ýüz tutmak üçin salgylanma şertlerini we ýazmaça soraglary aşakdaky baglanyşyk arkaly ýükläp bilersiňiz.

Almak üçin şu ýere basyň

01.07.2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
01.07.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly ýurduň Prezidenti Özbegistanda häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine, iki döwletiň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna buýsanylýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda barha okgunly häsiýete eýe bolýandygyny, deňhukuklylyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini belledi. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köp ugurlar boýunça hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmenistan we Özbegistan halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Muňa abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylýandygy hem şaýatlyk edýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplaryň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy ugur edinýändikleri tassyklanyldy. Syýasy partiýalaryň we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebitleriň derejesinde göni gatnaşyklary, özara alyşmalary höweslendirmäge taraplaryň taýýardygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyny, halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryny aýratyn belledi.

Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň goňşy ýurtda-da giňden bellenilýändigi hem-de özbek sungat ussatlary tarapyndan türkmen söz ussady barada düşürilen kinofilm üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň mizemezliginiň, taryhy kökleriniň umumylygynyň aýdyň beýanydyr.

Doganlyk döwletiň Lideri hoşniýetli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berilýändigini aýtdy we geljekde-de ony pugtalandyrmak üçin zerur tagallalary etmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

29.06.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň strategik häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny aýratyn belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň bu şanly waka mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de W.Matwiýenkonyň iki dostlukly ýurduň arasynda özara düşünişmek, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine goşýan şahsy goşandyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýlup, ol ýylsaýyn täze ugurlary öz içine alýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitde parlamentara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginde “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatynyň ähmiýetine üns çekildi. Şunuň bilen birlikde, söwda-ykdysady gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär. Soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunda bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko döwletara gatnaşyklaryň iki dostlukly ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

29.06.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli gutlaglar, hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn dost-doganlyk döwletleriň biridigini we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Söhbetdeşligiň barşynda ýurtlarymyzyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Iki ýurduň Hökümet wekiliýetleri ýygy-ýygydan özara saparlary amala aşyrýarlar. Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda maslahatlaşmalar, gepleşikler yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň martynda Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Onuň çäklerinde gepleşikler geçirildi we ylalaşyklar gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik, döredilen mümkinçilikler üçin türk Liderine ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.

29.06.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly binalaryň, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy hem-de gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Şunda saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna hem möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Bu ýerde lukman Arkadagymyzyň hut öz ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde degişli işler ýerine ýetirilýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanda dürli maksatly binalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýan “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen gürrüňdeş boldy. Iri kompaniýanyň ýolbaşçysy ýerine ýetirilýän işler barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik we ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işiniň ýola goýulmagy ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol ata Watanynda iri desgalaryň gurluşygyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

E.Ylyjak häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişi we binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli çyzgylar barada hasabat berdi.

Lukman Arkadagymyz taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Binalaryň gurluşygynda milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekip, durmuş maksatly binalaryň ýokary hil derejesinde gurulmagynyň, desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň, saglygy goraýyş edaralarynyň häzirki zaman görkezijilerine laýyk ýagdaýda enjamlaşdyrylmagynyň şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm talaby bolup durýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda Milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Paýtagtymyzda ynsan saglygynyň berkidilmegi bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şunda ak mermerli Aşgabadyň çäklerinde halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagyna, olaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär.

Soňra lukman Arkadagymyz saglygy goraýyş maksatly desgalaryň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary we enjamlaşdyrylyşy babatda maglumat berýän taslamalardyr çyzgylar bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle-de Stomatologiýa merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklary, saglygy goraýyş edaralarynyň baş meýilnamasy, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, sagaldyş ulgamyna degişli merkezleriň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy, otaglaryň bezeg aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Munuň özi lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň oňyn netije berýändigini tassyklaýar.

Bu ýerde görkezilen taslamalaryň hatarynda Mary welaýatynda 200 orunlyk, Balkan we Lebap welaýatlarynda her biri 150 orunlyk halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň, Daşoguz welaýatynda 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 600 orunlyk S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş-maslahat beriş merkeziniň, şu uniwersitetiň 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Aşgabat şäherindäki Indira Gandi adyndaky 1000 orunlyk lukmançylyk orta hünär mekdebiniň şekil taslamalary bar.

Tanyşlygyň barşynda Gahryman Arkadagymyza dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bolan Yslam ösüş bankynyň Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny, Saud ösüş gaznasynyň bolsa Mary welaýatyndaky onkologiýa merkeziniň gurluşygyny maliýeleşdirýändigi barada habar berildi. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä derejesindäki belent abraýyna, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ykrar edilýändigine, kuwwatly ykdysady mümkinçilige eýe bolan döwletdigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bellenilişi ýaly, bu ugurda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutuldy. Olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Milli Liderimiz lukmançylyk edaralarynyň şekil taslamalary we çyzgylary bilen içgin tanşyp, gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagyna, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň döwrebap derejede abadanlaşdyrylmalydygyna, desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Lukman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwür giň gerimli özgertmeleriň, sanly tehnologiýalaryň eýýamy bolup durýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, stomatologiýa ugry boýunça hem kämil usullar, diş bejermegiň häzirki zaman tehnologiýalary ýüze çykdy. Indi sanly tehnologiýalar, şol sanda ýörite maglumatlary özünde jemleýän enjam arkaly adamlaryň agyz boşlugynyň, dişleriniň sagdynlygyny görkezýän we onuň bejerilişini kesgitlemäge mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalar ulanylýar. Bu barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri saglygy goraýyş edaralarynyň guramaçylyk we hojalyk işlerini talabalaýyk guramaga jogapkärçilikli çemeleşmek, täze merkezlerde işleýän lukmanlaryň sanyna gaýtadan seretmek, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişlikde-de belent abraýa eýe bolýandygyny nygtady. Gazna döredilen döwründen bäri näsag çagalaryň 400-den gowragynyň saglygynyň dikeldilmegine ýardam etdi, daşary ýurtlaryň betbagtçylyk zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik ýüklerini ugratdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary tejribeli lukman hökmünde öz ähmiýetli maslahatlaryny berendigi üçin, şeýle hem Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde saglygy goraýyş edaralarynyň lukmanlarynyň we işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyza “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” atly halyny sowgat gowşurdy. Nepis halynyň merkezinde gaznanyň nyşany ýerleşdirildi. Onuň reňkleriniň sazlaşygy, göze gelüwli ak seçekleri nurana arzuwlaryň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň we ynsanperwerligiň alamatyny özünde jemleýär.

Lukman Arkadagymyz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, paýtagtymyzyň çäginde bina edilýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli merkezleriň gurluşyk we enjamlaşdyrylyş işlerine, bu düzümleriň guramaçylyk ýagdaýyna maslahatçy hökmünde tejribeli ýaşuly lukmanlaryň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygyna ünsi çekdi we olaryň täze gurulýan saglyk merkezlerinde işleriň ýola goýluşyna, desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna maslahatçy hökmünde gatnaşmaklarynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

28.06.2024