Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän hem-de Watanymyzyň abraýyny dünýä giňişliginde belent derejä göterýän daşary syýasat ugrunyň üýtgewsiz ýörelgeleridir. Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda anyk başlangyçlary öňe sürmek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Munuň şeýledigine döwlet Baştutanymyzyň gatnaşýan hem-de geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmaga we işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän dürli görnüşdäki ýokary derejeli duşuşyklary-da şaýatlyk edýär. Giň geografik giňişlikde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, diwersifikasiýalaşdyrmak babatda bar bolan mümkinçilikleri ulanmak arkaly Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibindäki meseleleri çözmäge uly goşant goşýar.
4-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, döwletara gatnaşyklary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna gabat gelýän täze derejä ýetirmäge gönükdirilen teklipleri öňe sürdi.
Bellenilişi ýaly, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar biziň ýurdumyz üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu guramanyň agzalary, oňa synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlarydyr. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady, maýa goýum, ulag, energetika we beýleki ugurlarda öňe sürýän başlangyçlaryna Türkmenistan uly gyzyklanma bilen garaýar, bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda gatnaşmagynyň oňat mümkinçiliklerini görýär. Şunda diňe pugta parahatçylyk, durnukly howpsuzlyk üpjün edilende, ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli boljakdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu örän möhüm iki wezipäni amala aşyrmakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga üns bermegi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz täze yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegi, bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistik işiň amatly usulyny emele getirmegi, şeýle hem energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek arkaly yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmegi özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan beýleki ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Bu ýerde gürrüň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň zerurlyklaryny üpjün etmek we geljekde daşarky bazarlara çykmak barada barýar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýady döretmek başlangyjyny beýan etdi. Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi ähli gyzyklanma bildirýän taraplara teklip etdi.
Bellenip geçilen ugurlaryň her biri boýunça ilkinji ädim hökmünde bilermenleriň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi maksadalaýyk hasaplap, döwlet Baştutanymyz munuň bilelikde işlemegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça gatnaşyklaryň beýleki möhüm ugurlarynda hyzmatdaşlyga yzygiderlilik häsiýetini bermek bilen, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda-da ulanylyp bilinjekdigi aýdyldy. Munuň özi ýurdumyz bilen ŞHG-niň dürli düzümleriň we esasy halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegi üçin goşmaça şertleri we mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen bilelikdäki toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmekde giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklaýar.
19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy. Bu Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçly hem-de işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
Merkezi Aziýadaky goňşy döwletler, şeýle hem arap dünýäsiniň ýurtlary bilen däp bolan dostlukly, özara hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklar Watanymyzyň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň Jidda şäherinde geçirilen sammitde öňe süren başlangyçlary döwletara we sebitara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyna uzak möhletleýin häsiýeti, durnuklylyk we netijelilik bermegi göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtmak bilen, syýasy meselelerdäki hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag, energetika, maýa goýumlar we söwda pudaklaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdi. Bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, biziň sebitlerimizi birleşdirmek maksady bilen, täze üstaşyr ulag geçelgelerini, berk we ygtybarly logistika infrastrukturasyny döretmek wajyp hasaplanýar. Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmegi teklip etdi.
Energetika pudagyna hem giň orun berilýändigi, bu ýurtlarda baý energiýa çeşmeleriniň, ýangyç-energetika serişdeleriniň we olary gaýtadan işleýän güýçli önümçilik desgalarynyň bardygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz degişli ugurda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmek başlangyjyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, söwda dolanyşygynyň möçberini yzygiderli artdyrmak maksady bilen, Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Söwda edarasyny döretmek baradaky meseläni öwrenmegi teklip etdi.
Maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlyk üçin hem giň mümkinçilikler bar. Türkmenistan ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyga hemişe açykdyr. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň birinji maýa goýum forumyny geçirmek teklibi öňe sürüldi. Halkara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer ulgama hem uly ähmiýet berilýär. Bu ulgamda Türkmenistan medeni hyzmatdaşlygyň täze platformasyny — Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Medeniýet dialogyny döretmegi teklip etdi. Häzirki günde ählumumy ösüşiň gün tertibinde duran möhüm meseleleriň biri-de ekologiýa meselesidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Ekologiýa geňeşiniň döredilmegi baradaky meselä seretmegi teklip etdi.
Lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem derwaýys wezipeleriň biridir. Mälim bolşy ýaly, bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan wajyp halkara başlangyçlar öňe sürüldi. Bu teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek we lukmançylyk diplomatiýasy babatdaky gatnaşyklary ösdürmek üçin hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etdi.
Sammitdäki çykyşynda döwlet Baştutanymyz bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň birinji halkara sport oýunlaryny geçirmegiň bu ugurdaky ilkinji ädimleriň biri boljakdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, şeýle oýunlar açyk häsiýete eýe bolmalydyr. Bu çäräni guramak üçin Türkmenistan bar bolan ähli döwrebap sport infrastrukturasyny hödürlemäge we oýunlara gatnaşyjylar üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr.
Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň oňyn depginine kanagatlanma bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, Aýlagyň hem-de Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň binýadyny goýan sammitiň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň sammitde öňe süren hem-de foruma gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan makullamak bilen kabul edilen anyk teklipleri bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň we onuň ak mermerli paýtagtynyň iri halkara çäreleriň, şol sanda dürli görnüşdäki ýokary derejeli duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrülendigi bellärliklidir. Aşgabatda 4-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň başlyklyk etmeginde ilkinji gezek şeýle görnüşde geçirilen bu ýokary derejedäki duşuşyk taryhy we kanunalaýyk waka bolmak bilen, strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän, däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze tapgyry alamatlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň sammitdäki çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň arasyndaky özara düşünişmek, ynanyşmak, açyklyk ýokary derejä çykaryldy. Munuň özi bize öňümizde uzak möhletli döwür üçin batyrgaý we bilelikdäki anyk wezipeleri goýmaga, iri taslamalaryň başyny başlamaga, üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, munuň diňe bir üç ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebit işlerine-de oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi. Şu we beýleki wajyp meseleler üçtaraplaýyn gün tertibinde durmak bilen, umumy sebit ösüşiniň wezipeleri we geljegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, bu sammit Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerindäki bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi, bu formatyň üstüniň ýetirilmegi we baýlaşdyrylmagy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz häzirki çylşyrymly halkara şertleriň ýokary derejede jebisligi, ylalaşyklylygy we özara goldawy talap edýändigini belläp, biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň ençeme asyrlyk tejribä esaslanýan umumy döredijilikli ýörelgelerden, däp-dessurlardan, gymmatlyklardan ugur alýandyklaryna ünsi çekdi. Parahatçylyk, durnuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk uly baýlykdyr. Biz bu baýlygy aýawly saklamalydyrys, artdyrmalydyrys we geljek nesillere geçirmelidiris.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda durnukly suw üpjünçiligi, energetika, ulag we logistika ýaly ileri tutulýan ugurlara aýratyn üns çekildi. Suw serişdelerini rejeli dolandyrmagyň gurallaryny kemala getirmek, bu ugurda netijeli çäreleri görmek ilkinji möhüm ugurlaryň hatarynda nygtaldy. Gürrüň, hususan-da, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, degişli suw hojalyk desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, beýleki degişli çäreler hem-de biziň ýurtlarymyzyň suwa bolan isleglerini doly derejede we özara bähbitleri nazara almak arkaly üpjün etmäge mümkinçilik berjek tehnologik çözgütler barada barýar.
Energetika ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň netijeli nusgasyny döretmegiň maksadalaýykdygy barada aýtdy. Ol üç ýurduň artýan energiýa isleglerini hem-de milli energiýa ulgamlarynyň berkliginiň zerur bolan ätiýaçlygyny üpjün eder. Bu strategik maksatlara ýetmek üçin ulgamlaýyn, anyk çemeleşme zerur bolup durýar. Bu ulgamda eýýäm belli bir tejribe toplandy hem-de özara gatnaşyklaryň, hususan-da, elektrik energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň oňat mysallary bar. Umuman, Türkmenistan şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, onuň durnukly häsiýetli bolmagyny üpjün etmäge taýýardyr. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gaz pudagynda uzak möhletli üçtaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga degişli teklibi beýan etdi.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna hem möhüm orun degişlidir. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Biziň ýurtlarymyz Aziýa we Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr ulag gatnawlarynda geografik taýdan möhüm orny eýeleýär. Munuň özi üç döwletiň çäginde Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirýän doly derejeli logistika merkezini döretmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bitewi ulag strategiýasyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem bu ugurda gatnaşyklaryň köp babatda halkara hyzmatdaşlar bilen ylalaşygyň gazanylmagyny üpjün etmäge ukyplydygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýä giňişliginde ylalaşykly ulag diplomatiýasyny bilelikde has maksada okgunly amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Mundan başga-da, söwdany giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat kooperasiýasy, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk, maýa goýum işini höweslendirmek ýaly üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Türkmenistanyň başlangyçlary doganlyk döwletleriň Baştutanlary tarapyndan giňden goldanyldy. Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň oňyn tejribä we giň mümkinçiliklere daýanýan netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklary döwlet Baştutanlarynyň çykyşlarynda tassyklanyldy.
Umuman, Aşgabat sammiti üç döwleti parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, sebitde ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge çalyşýandyklaryny we syýasy erk-isleglerini ýene-de bir gezek tassyklady.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, sebit hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze itergi bermek babatdaky meýilleri sammitiň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly döwletleriň Baştutanlary bilen geçiren duşuşyklarynda hem tassyklanyldy.
Şeýlelikde, ýurdumyz döwletara, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň, başlangyçly orny eýelemek bilen, bu meseleleriň çözülmegine yzygiderli we toplumlaýyn esasda çemeleşmek ugrunda çykyş edýär hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar.
(TDH)