Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilip, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Häzirki döwürde ylmyň we bilimiň ýurduň ykdysady hem-de durmuş zerurlyklaryna gönükdirilmegi ösüşiň berk binýadyny üpjün edýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda ýurduň durnukly ösüşi üçin bar bolan mümkinçilikler işjeň durmuşa geçirilýär. Hususan-da, sanly ulgamyň mümkinçilikleri, döwrebap tehnologiýalar ösdürilýär. Munuň özi köp babatda ýokary derejeli hünärmenleriň, şol sanda ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan inženerleriň, ylmy işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şonuň netijesinde bu günki günde üstünlikleriň gazanylmagy üçin ylmyň, önümçiligiň we berilýän bilimiň arasyndaky baglanyşyk has-da berkidilýär. Häzirki bilim özgertmelerinde şu talabyň ýerine ýetirilmegine uly üns berilýär. Bilim, ylym önümçilik bilen içgin sazlaşdyrylýar, talyplar ylmy barlaglara çekilýär, önümçilik tejribelik okuwlarynyň hili ýokarlandyrylýar.

Häzirki döwürde ylym örän tiz ösýär, tehnologiýalar özgerýär, täze mümkinçilikler kemala gelýär. Şunda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine düşünýän hünärmenleri taýýarlamak, täze mümkinçilikleri ylmy esasda durmuşa geçirýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm ugurlaryň biridir. Çünki ykdysadyýetiň depginli ösüşi bilimleriň üznüksiz täzelenip durulmagyny, täze hünärleriň açylmagyny şertlendirýär. Ýurduň ylmy-tehniki we tehnologik ösüşiniň depginlerini kesgitleýän hünär biliminiň hili ýokarlandyrylýar.

Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna täze, innowasion tehnologiýalar, şol sanda sanly tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Şeýle hem sazlaşykly işleýän elektron senagaty döredilýär. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan elektron önümleriň önümçiligi ýola goýuldy, bu ugurda kompýuter tehnologiýalary, telefonlar öndürilýär. Bu bolsa döwrebap tehnologiýalaryň ösdürilmeginde türkmen hünärmenleriniň anyk işleri alyp barýandyklaryny alamatlandyrýar.

Merdan ANNAGELDIÝEW,

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.