Arkadagly Serdar, ylhamyň bilen!

Bu gadymy topragyň, sergin sähranyň, ýaýrawly ýaýlanyň asty-da taryh, üsti-de. Hatar-hatar asyrlara däl, müňýyllyklara uzaýar ol.

Şol beýik taryhy, gymmatly medeni mirasy sarpalamak, ony ilik-düwme öwrenmek, geljek nesillere ýetirmek zerur. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işleri dünýä nusgalyk. Ýadyňyzdadyr, tutuş 2016-njy ýyly «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» şygary bilen geçiripdik ahyryn. Dana Dünýäniň kitaplary geçmişiň hem şu günüň owazyny ýaňlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir ugurdan Milli Liderimizden nusga alýandygyny kän ýaňzydýan, ýaňzydarynam. Gahryman Arkadagymyzdan eser döretmekde ugur alynmagy ömrümi kitaplaryň äleminde geçiren ynsan hökmünde meniň üçin örän buýsançly ahwalat. Söze-saza, pähime-paýhasa gadyr bar onda, gymmat bar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby parasatly Prezidentimiziň geçmişe bolan sarpasydyr, taryhymyza buýsanjydyr. Gahryman Prezidentimiz bu kitabyny ýazmakda mähriban Arkadagymyzyň taryh, geçmiş hakyndaky gürrüňlerinden ugur alandygyny nygtaýar. Peder ýolunyň dowamatyna diýseň buýsanýarsyň. Tüýs türkmençilige mahsus barlyk ol, baýlyk ol.

Änew — ynsanyýetiň gadymy ojagy. Bu ýerde müňlerçe ýyl ozal ýaşaýyş gaýnap-joşupdyr. Ilkinji gezek ak bugdaý ösdürilip ýetişdirilipdir. Bu gün şäheriň şan-şöhraty gaýtadan dikeldildi. Änew «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bütin türki dünýäniň medeni paýtagty boldy.

Aslynda, gadymy geçmişimiziň nusgalaryny synlap, oýa batmadyk ýokdur. Änewdäki gadymy Seýit Jemaleddin ýadygärligini synlanyňda, bina seni asyrlardan aňry aşyrýar. Pederleriň agras keşbi gözüň öňünde janlanýar.

Bu pikir ýüwürtmeler, ýakymly oýlar ahyrynda seni Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly günlere atarýar. Eşretli eýýama eltýär, döwletli döwrana dolaýar. Geçmişe sarpaly, geljege ynamly hormatly Prezidentimizi «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby bilen gyzgyn gutlaýaryn. Höwri köp bolsun, galamy ýiti bolsun!

Beýik Ogullaryň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Täze kitabyň şanyna dörän şelpeli setirler Beýikleriň mirasa sarpa goýşundan, Watany özgerdişinden, geçmişe üns berşinden, asyl-aňyrsyny alşyndan owaz eýlär.

Gadymýete gönügendir nazaryň,
Ata-babalara,
                          Oguza bararyň.
Gymmatlykdyr düşbülige galanyň,
Arkadagly Serdar,
                                   ylhamyň bilen!

Nurana ýüzüňde şekilliligem,
Agraslyk,
                   bereslik,
                                    menikliligem.
Esasy nur çaýýar Saňa mertligem,
Arkadagly Serdar,
                                   ylhamyň bilen!

Atadan Ogula geçýär düşbülik,
Gala Sen,
                  gorag Sen,
                                       Sende hüşgärlik.
Gadym ýoly yzarlaýaň,
                                             düşündik,
Arkadagly Serdar,
                                    ylhamyň bilen!

Ünsi gönderýänsiň Änew şäherne,
Goldawyň uludyr şam-u-säherne.
Döwletli ädimňi unar mähelle,
Arkadagly Serdar,
                                   ylhamyň bilen!

Täze kitap söhbet eýlär taryhdan,
Geçmişi öwrenýäs dana arypdan.
Sözleýen sözlerim nyşan tarypdan,
Arkadagly Serdar,
                                   ylhamyň bilen!

Iki ýyl içinde aýan bolansyň,
Hem Watana,
                          hem giň dünýä dolansyň.
Bitiren işleň kän,
                                oňa guwansam,
Arkadagly Serdar,
                                   ylhamyň bilen!

Peder dowamysyň,
                                    Watan — rowany,
Kalbyň mysalydyr,
                                    synla howany.
Düşbi, Dünýäm, kän çözensiň sowaly,
Arkadagly Serdar,
                                   ylhamyň bilen!

Işleriň gidip dur agraslyk bilen,
Netijesin görýäň agramlyk bilen,
Hasap geçirýärsiň wagty mint bilen,
Arkadagly Serdar,
                                   ylhamyň bilen!

Teý gerekdir,
                         teýkar gerek ynsana,
Rysgal-döwlet berilýändir yhlasa.
Watan ýüki ýazylandyr ykbala,
Arkadagly Serdar,
                                    ylhamyň bilen!

Muhabbet bar,
                             mähribanlyk ýüzüňde,
Uzaklara nazar bardyr gözüňde.
Seýle çyksaň,
                            giň meýdanlar düzüňde,
Arkadagly Serdar,
                                   ylhamyň bilen!

Gury ýerde goýry baglar galmaýar,
Ýöne ýere adam bagta barmaýar.
Hudaý oňa saýasyny salmaýar,
Arkadagly Serdar,
                                  ylhamyň bilen!

Yzarlasam,
                      asyl-aňryň bar seniň,
Ynanyp-yňmaga Taňryň bar seniň,
Törüňde oturan Oguz han seniň,
Arkadagly Serdar,
                                    ylhamyň bilen!

Gözel ŞAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Gahrymany.