Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary ykdysady syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi çalt depginlerde durnukly häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, gurluş özgertmeleriniň, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyň, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň netijesidir.
Häzirki wagtda döwrebap sanly çözgütleri ulanmak arkaly, pudaklary tehnologik taýdan çalt döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler işjeň durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda dürli ulgamlarda sanly ykdysadyýetiň köp ugurlary hereket edýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň we tölegleriň gerimini giňeldýän, bank kartlaryny, ulag hyzmatlaryny, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny hem-de hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini kämilleşdirýän häzirki zaman serişdelerini ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda bilimi, ylmy ösdürmek, milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze senagat kärhanalaryny gurmak hem-de senagat zolaklaryny döretmek, telekeçilige giň goldaw bermek, pudaklaryň hemmesinde dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, çalt depginlerde ösýän dünýä ylmy bilen aýakdaş gitmek bilen birlikde, hünärmenleriň we döwlet gullukçylarynyň hünär derejesi ýokarlandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer durmuş syýasaty, döwlet tarapyndan berilýän howandarlyk kömeginiň möçberi we görnüşi Türkmenistanyň adam hukuklary üpjün edilýän ýurt hökmündäki halkara abraýynyň ýokarlanmagyna pugta esas döredýär. Döwletimiziň Konstitusiýasynyň 5-nji maddasynda: «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýlip bellenilýär. Dünýä ülňülerine laýyklykda, islendik jemgyýetiň ösen derejesi ilatyň ýaşaýşy, hususan-da, onuň zähmete bolan hukuklaryny we kepilliklerini üpjün etmek, durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak, şol sanda çagalaryň, ýaşlaryň, ýaş eneleriň we gartaşan adamlaryň durmuş üpjünçiliginiň döwlet tarapyndan kepillendirilişi bilen kesgitlenýär. Bu ugurda milli kanunçylygymyzyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi aýratyn bellärliklidir. Türkmen döwletiniň saýlap alan ykdysady nusgasynda durmuş ulgamyna aýratyn ornuň berilmegi ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmekde bu pudagyň ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň, «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly ýörelgäni öňe süren Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Nobat HAÝTJANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.