Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm ähmiýetli halkara ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygy biziň her birimizde buýsanç duýgularyny döredýär.
Bu ugurda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Geçen ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir.
Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligi, onuň durmuş-ykdysady görkezijilerine halkara işewür toparlaryň berýän ýokary bahasy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň netijesidir. Ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamlaryny we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça täze taslamalar halkyň maddy üpjünçiliginiň we abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Olar ähmiýetliligi we döwrebaplygy boýunça türkmen işewürlerinde hem-de iri daşary ýurt maýadarlarynda aýratyn gyzyklanma döredýär.
Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergide ulag-logistika hyzmatlaryny hödürleýän hususy kärhanalaryň gazananlarynyň giňden görkezilendigini bellemek gerek. Ulag-logistika kompaniýalarynyň işleri Türkmenistanyň bu ulgamda amala aşyrýan iri halkara taslamalary bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Türkmenistanyň multimodal üstaşyr merkeze öwrülýän, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylýan şertlerinde ulag-logistika hyzmatlary bazaryny özgertmekde, Merkezi Aziýanyň ählumumy bazar ulgamlary bilen gatnaşyklary, ulag-logistika düzümini ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmekde ylmyň we bilimiň orny bilen baglanyşykly meselelere uly ähmiýet berilýär.
Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly, Amyderýanyň üstünden geçýän döwrebap demir ýol we awtomobil köprüleri we beýlekiler nazara alnanda, Watanymyzyň ulag-logistika ulgamyndaky mümkinçilikleriniň uludygyny görmek bolýar.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde häzirki zaman hyzmatlarynyň giň toplumyny ýerine ýetirýär. Aziýadan Ýewropa göni söwda-kommunikasiýa gatnaşyklarynyň elýeterliligini üpjün edýän innowasiýaly port toplumy umumy bähbitleri durmuşa geçirmäge niýetlenen strategik taýdan möhüm desgadyr.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna Ýewropa deňiz portlary edarasy (ESPO) we Portlaryň ekologiýa gözegçiligi ulgamy (PERS) tarapyndan berlen «EcoPorts» güwänamasy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge we innowasiýalary ornaşdyrmaga kömek edýän, daşky gurşawy goraýan sanly söwda tehnologiýalaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. «EcoPorts» halkara güwänamasy Türkmenistanyň Hazar deňzindäki deňiz derwezesine Ýewropanyň ulag ulgamyna goşulyşmaga şert döreder. Häzirki wagtda Ýewropa portlarynyň 30-dan gowragy «EcoPorts» derejesine eýedir.
Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Bu taslama ýurdumyzyň sebitlerini gysga ugurlar bilen baglanyşdyrmaga we ulag akymlarynyň ygtybarly, bökdençsiz ugruny işe girizmäge mümkinçilik berer.
Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz bu gadymy ýoluň dünýädäki taryhy ähmiýetini gaýtadan dikeltmäge uly ähmiýet berip, ulag-kommunikasiýa ulgamynda sebitiň döwletleri, halkara guramalar bilen möhüm taslamalary durmuşa geçirýär. Howa ulagy pudagyndaky gatnaşyklar 50-den gowrak halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň esasynda amala aşyrylýar.
Durmuş-ykdysady ösüşiň toplumlaýyn maksatnamalarynyň ýokary depgini we üstünlikli amala aşyrylmagy, uzak möhletleýin geljege niýetlenen ajaýyp meýilnamalar Türkmenistanda döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda telekommunikasiýalar, ýokary tizlikli maglumat tehnologiýalary ulgamyna maýa goýumlary çekmäge mümkinçilik berdi. Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze, innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar.
Ogulbibi REJEBOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.