Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi.
Ilki bilen parlamentarileriň garamagyna “Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamasy hödürlenildi.
Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna “Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen we beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi.
Deputatlar şeýle hem “Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda” Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanuna laýyklykda, Adalatçynyň her ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde maglumat bilen çykyş etmegi göz öňünde tutulýar.
Soňra “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunyň taslamasyna garaldy. Bu kanun arkaly Türkmenistanyň Zähmet kodeksini, «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda» we «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, milli parlamentiň deputatlary “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu Kanun Türkmenistanyň býujet ulgamyny guramagyň hem-de dolandyrmagyň umumy ýörelgelerini hem-de ýurdumyzda býujet işiniň we býujetara gatnaşyklaryň esasyny kesgitleýär; “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Bu Kanun Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär, şeýle hem “Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem maslahatda “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” hem-de “Ylmy edaralar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garaldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ylmy-tehniki syýasat Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň düzüm bölegi bolmak bilen, bu syýasatyň maksatlaryny amala aşyrmagyň ugurlaryny, şeýle hem döwlet häkimiýeti edaralarynyň ylym we tehnika ulgamynda ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanun taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.