Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşdy.

Ýurdumyz BMG bilen giň ugurlar boýunça, şol sanda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika we ulag, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şeýle hem ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa meseleleri ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk edýärler diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň öňe sürýän sebit we ählumumy häsiýetli möhüm başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýandygyny aýdyp, şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek “Geljegiň sammitinde” Türkmenistanyň möhüm başlangyçlary öňe sürmegine garaşýandygyny belledi.