Habarlar
Ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk

Geçen hepdäniň wakalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyna, ony ösen ýurtlaryň hataryna çykarmaga hem-de ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady, senagat, energetika, ulag ulgamlarynda, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz we Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli geňeşmeleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy, sebit we ählumumy derejede howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmäge tagallalary birleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Söwda-senagat edarasynda Awstriýa Respublikasynyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garaldy. Ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri awstriýaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini, täzeçil enjamlaryň, şol sanda radioýaýlym, lukmançylyk, sport enjamlarynyň getirilmegini guraýan bilelikdäki kärhanalary döretmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhartyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana bu gezekki sapary däp bolan döwletara gatnaşyklary berkitmegiň hem-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Şeýle hem bu sapar Garaşsyz türkmen döwletiniň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen doly möçberli gatnaşyklaryny has-da giňeltmekde ähmiýetlidir.

10-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň hem-de bu düzümlere degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz görkezilen desgalaryň taslamalary we çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Gurulýan desgalaryň hataryna üç sany 16 öýli ýaşaýyş jaýy hem girýär. Döwlet Baştutanymyz taslamalar taýýarlananda we olaryň gurluşygynda ýokary hil derejesine aýratyn üns berilmelidigini, olaryň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli binagärlik ýörelgelerine kybap gelmelidigini belledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gulluk itleriniň saklanýan ýerine baryp gördi, olar üçin döredilen şertler, gulluk üçin taýýarlanylyşy bilen tanyşdy. Soňra bolsa harby we hukuk goraýjy edaralar üçin niýetlenen athananyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine atly ugrady. Şeýle hem bu ýerde atşynaslar we serkerdeler üçin binalar gurlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de içeri işler ministrine degişli tabşyryklary berdi. Toplumyň çäginde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen we dünýä ýüzünde uly şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň döwrebap ýagdaýda saklanmagy, olaryň baş sanynyň artdyrylmagy we ýörite seýisçilik işleriniň geçirilmegi üçin döredilýän şertler häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidir.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ýerde ýerleşýän nyşana ok atmak boýunça türgenleşmek üçin niýetlenen atyşhana bardy. Döwlet Baştutanymyz atyşhanada nyşana ok atdy. Atylan oklaryň nyşananyň merkezine degmegi milli Liderimiziň ýaraga ussatlyk bilen erk edýändigini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz şahsy düzümleriň sportuň harby-amaly görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagynyň harby işde söweşjeň wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine bildirilýän esasy talapdygyny belledi we atan nyşanalaryna öz goluny goýdy.

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilen ýylynda pagtaçy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň bilelikdäki tagallasy netijesinde “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnadan gowragy Watan harmanyna tabşyryldy. Şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren daýhanlar ýetişdirilen hasylyň hemmesini ýygnap almak maksady bilen, irginsiz zähmet çekýärler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň pagtaçylaryna we oba hojalyk pudagynyň ähli işgärlerine olaryň öndürijilikli zähmeti we gazanan ýeňişleri üçin minnetdarlyk bildirip, toprakdan alynýan hasylyň Watanymyzyň baýlygydygyny, halkymyzyň abadançylygydygyny belledi.

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz has tapawutlanan kärendeçileri we welaýat häkimlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi. Şeýle hem maslahatda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralara, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýeten sepgitlerine bagyşlanyp geçiriljek sergä we ylmy-amaly maslahata taýýarlyk meselelerine garaldy.

12-nji noýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Sammitden birnäçe gün öň hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň “TRT World” teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erimiň sowallaryna jogap berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda däp bolan dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna, dürli görnüşdäki sebit we halkara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garaldy, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň geçen 30 ýylyň dowamynda ýeten sepgitleri barada aýdyp, garaşsyz, kuwwatly, durnukly ösýän ykdysadyýeti, uly senagat-önümçilik binýady, köpugurly ulag we kommunikasiýa ulgamy, kuwwatly energetika toplumy, döwrebap oba hojalygy bolan döwlet hökmünde kemala gelendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmak baradaky çözgüdi kabul etmegi barada aýdyp, Türkmenistanyň bu geňeşiň mejlislerine hemişe işjeň gatnaşyp gelýändigini belledi. Türkmenistan türki dilli ýurtlaryň ählisi bilen dürli ugurlarda dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy hökmünde gatnaşmagynyň guramanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda alyp barýan işlerine goşant goşjakdygyna berk ynam bildirildi.

“Sanlylaşdyrma döwründe “ýaşyl” tehnologiýalar we “akylly» şäherler” şygary astynda geçen sammite Türki geňeşe agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary, guramanyň Baş sekretary, şeýle hem Wengriýanyň Premýer-ministri gatnaşdylar.

Sammitiň gün tertibi many-mazmuna baý boldy. Gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleri döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyp, guramanyň geljegi, şol sanda onuň adyny üýtgetmek barada wajyp meseleler boýunça çözgütleri kabul etdiler. Üçünji ýurtlar we edaralar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň şertlerini kesgitlemek, Türki maýa goýum gaznasyny döretmek we 2040-njy ýyla çenli türki dünýäniň maksatnamasyny tassyklamak esasy meseleleriň hatarynda boldy. Şonda guramanyň orta möhletli we uzak möhletli maksatlary hem-de wezipeleri beýan edildi.

Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy derejede goşulmagy sammitiň ähmiýetli wakalarynyň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde çykyş edip, şu duşuşygyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetiniň bardygyny, sebäbi şu gün biziň ýurdumyzyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde girmegi barada çözgüdiň kabul edilýändigini aýtdy. Bu bolsa, ulaldyp aýtmanyňda, Türkmenistanyň türki dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygynda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan örän möhüm taryhy wakadyr.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň işine hemişe uly hormat goýmak we gyzyklanma bilen garaýandygyny belläp, geňeşiň işini gowulandyrmak maksady bilen, birnäçe teklipleri beýan etdi.

Ýer ýüzünde çylşyrymly ýagdaýlar, düýpli özgertmeler bolup geçýän häzirki döwürde doganlyk halklaryň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge agzybirlikde çemeleşmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi munuň özi aýdyň we jogapkärli garaýyşlary işläp taýýarlamagy talap edýär.

Döwlet Baştutanymyz häzirki şertlerde biziň ýurtlarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, beýleki halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmeginiň zerurdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň döwletlerimiziň kuwwatyny birleşdirmek, serişde, geografik, önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerimizi peýdalanmak, diňe bir milli ykdysadyýetlerimizi ösdürmäge güýçli ýardam etmän, eýsem, Ýewraziýada tutuş geoykdysady düzüme hem düýbünden başga mazmun we häsiýet berer. Şu babatda Hazar sebitinden Türkiýä, ondan aňryk Ýewropa energiýa ulgamlaryny, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny dikeldýän üstaşyr logistik geçelgeleri gurmagyň taslamalary göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň şu ugruny güýçlendirmegiň, türki dilli döwletleriň oýlanyşykly bitewi strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegiň, şonuň esasynda ylalaşylan ulag we energetika diplomatiýasyny alyp barmagyň zerurdygyny belläp, bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara düzümler, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýalary bilen bilelikdäki işleri güýçlendirmegi hem-de Yslam ösüş banky we Aziýanyň ösüş banky ýaly maliýe edaralaryny çekmek bilen, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy teklip etdi.

Türkmenistan häzirki düýpli ekologik howplara garşy halkara tagallalary birleşdirmäge berk ygrarlydygyny tassyklap, «ýaşyl» gün tertibi bilen bagly ençeme anyk we zerur ädimleri ätmegi teklip edýär.

Biz az uglerodly önümçilikleri ösdürmek çärelerini amala aşyrmaga gönükdirilen Ählumumy strategiýany işläp taýýarlamaga girişmegi zerur hasaplaýarys. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda energetika pudagynda ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde wodorody ösdürmegiň halkara «Ýol kartasyny» döretmegiň möhümdigini nygtaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlary amala aşyrmakda türki dünýäniň raýdaşlygynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Biziň pikirimizçe, türki dilli döwletleriň birleşiginiň halkara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we geografiýasyny giňeltmegini onuň guramaçylyk düzümini berkitmek hem-de kämilleşdirmek zerurlygy talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de biziň ýurtlarymyzyň ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyny berkitmek bilen meşgullanjak ýörite komitetleri döretmek barada hem pikirlenip boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz Türki geňeşiň Baş sekretarynyň möhüm ornuny ykrar edip, onuň geografik ýagdaý boýunça orunbasarlarynyň wezipelerini girizmek barada oýlanmagy teklip etdi. Olar bu ýokary derejesini peýdalanyp, Aziýa we Ýewropa kontinentlerindäki dürli döwletleriň gatnaşyklary bilen jikme-jik meşgullanarlar.

Ýokary derejedäki şu duşuşyk Türkmenistanyň doganlyk döwletler bilen özara gatnaşyklarynda täze sahypany açýar. Ýurdumyzyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde girmegi hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegine buýsanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de şu gün biz doganlyk halklaryň ilerlemegi, gülläp ösüşi we abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmegi üçin tagallalarymyzy hem-de hyjuwymyzy birleşdirip, bilelikde has-da kuwwatly bolduk diýip aýtdy.

Sammitde häzirki sebit hem-de halkara derejedäki syýasy we ykdysady ýagdaýlar boýunça pikir alyşmalar boldy.

Gurama başlyklyk etmek Azerbaýjandan Türkiýä geçen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitiniň netijeleri boýunça Stambul jarnamasyna we birnäçe kararnamalara gol çekildi.

Stambula saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi. Döwlet Baştutanlary bar bolan uly mümkinçilikler hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmak bilen, taraplaryň iki ýurduň bähbitlerine, sebitde we dünýäde abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň synçy derejede Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine goşulyşmagy baradaky çözgüdiň giň ugurlar boýunça netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Stambul şäherinde geçirilýän Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady ulgam, energetika we beýlekiler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlendi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hem-de Gyrgyzystanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi üstaşyr ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça özara hereketleri has-da ösdürmegiň zerurdygyny aýdyň ýüze çykarýar. Bu bolsa geljekde Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlanandan soň, Türkmenbaşy şäherine geldi. 13-nji noýabrda milli Liderimiz bu ýerde egindeşleri bilen Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumyna bardy. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler bar. Ol ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar we sport gurallary bilen üpjün edilendir. Köpugurly türgenleşik enjamlary tejribeli hem-de höwesjeň türgenleriň, dürli ýaşly adamlaryň netijeli türgenleşmegine niýetlenendir.

Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bilen, ildeşlerimize, ilkinji nobatda, ýaş nesle görelde bolup durýar. Ine, bu gün hem milli Liderimiz egindeşleri bilen sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik gurady. Adamlaryň saglygyny pugtalandyrmak, jemgyýetde işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek meselelerini döwlet Baştutanymyz hemişe üns merkezinde saklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde ýedi gatly, 400 orunlyk köpugurly hassahananyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşygy bilen tanyşdy.

Bu ýerde pediatriýa, ginekologiýa, neýrotrawmatologiýa, hirurgiýa, urologiýa, onkologiýa, kardiologiýa, endokrinologiýa we beýleki bölümler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem hassahanada dogrum, “Tiz kömek”, funksional we şöhle arkaly anyklaýyş bölümleri, merkezleşdirilen barlaghana, gan banky ýerleşer.

Döwlet Baştutanymyz köpugurly hassahananyň gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny, iň esasysy bolsa, onuň enjamlaşdyrylyşynyň dünýä ölçeglerine gabat gelmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde käbir wise-premýerleriň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysynyň, saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy. Hususan-da, gürrüň Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny doly güýjünde işletmek, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ulag-logistika düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna gatnaşmagyny işjeňleşdirmek barada barýar.

Döwlet Baştutanymyz Hazar sebitiniň toplumlaýyn ösdürilmegine ünsi çekip, gurulýan köpugurly hassahananyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara çäreleriň geçirilýän merkezi bolmalydygyny nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Kanunlarynyň birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanun hem bar.

Ýurdumyzyň 2022-nji ýyl üçin baş maliýe resminamasy girdejiler we çykdajylar boýunça 85 619,2 million manat möçberde tassyklanyldy. Bu Kanun zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydygyny belleýär. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň şu ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen 15-nji maslahatynda hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 12-nji noýabrda geçirilen üçünji mejlisinde garaldy we biragyzdan makullanyp kabul edildi.

Aşgabatda geçirilen “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahaty geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine bagyşlanan şu gezekki maslahatda garalýan wajyp meseleleri ala alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Onuň işine diňe bir işewür toparlar däl, eýsem, hünärmenler, alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler.

Daşary ýurtly foruma gatnaşyjylar türkmen kärdeşleri bilen giň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ünsi we goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzda döwrebap pudaklaýyn düzümleriň, innowasiýa işi üçin mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny bellediler.

Milli Liderimiziň forumyň öňüsyrasynda degişli Karara gol çekmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldaw bermek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Huawei Technologies Co., Ltd” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga, şeýle hem Lebap we Mary welaýatlarynda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldaw bermek barada Finlýandiýa Respublikasynyň “Nokia Solutions and Networks Oy” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Geçen hepde Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň birbada birnäçesiniň açylyş dabarasy bolup, olar ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplumlaýyn maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrülip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen, mukaddes döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralarynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Türkmenbaşy şäherindäki ýokanç keseller hassahanasy hem-de Magtymguly etrabyndaky köpugurly hassahana ýurdumyzyň günbatar sebitiniň saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman düzümleriniň üstüni ýetirdi. Şol dabaralara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Balkan welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgasynyň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň direktory, doktor Hans Klýuge goşuldy hem-de lukmançylyk merkezleriniň jemgyýetçilik saglygy goraýşynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny, abadançylygy, howpsuzlygy, Türkmenistanyň lukmançylyk düzümleriniň ygtybarlylygyny we işjeňligini alamatlandyrýandygyny nygtap, bu hassahananyň ýokanç kesellere garşy göreşde aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenbaşy şäherinde ulanylmaga berlen täze ýokanç keseller hassahanasy epidemiologik gözegçiligi üpjün etmek, dürli howply ýokanç keselleriň öňüni almak we netijeli bejermek boýunça Türkmenistanda geçirilýän işleriň nobatdaky mysalydyr.

Magtymguly etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen täze hassahanada hem ýokary hilli dürli lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde 50 orunlyk stasionar hem-de 30 orunlyk ambulatoriýa otaglary, «Tiz kömek» gullugy göz öňünde tutulypdyr.

Saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalary Germaniýanyň, Şwesiýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Günorta Koreýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Çehiýanyň, Beýik Britaniýanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda “KamAZ” kysymly ulaglary abatlamak, hyzmat etmek üçin okuw we hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkeziň gurluşygyna hormatly Prezidentimiziň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda «KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezini gurmak hakynda beren tabşyrygyna laýyklykda badalga berildi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kamsk awtomobil zawody tarapyndan öndürilýän “KamAZ” kysymly ýük awtoulaglary paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň iri gurluşyklarynda ulanylýar. Kompaniýanyň inžener-işläp düzüjileri awtoulaglaryň görnüşini yzygiderli kämilleşdirip, ýurdumyzyň howa şertlerine görä onuň häsiýetnamalaryny gowulandyrýarlar.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda türkmen arheologlary täze tapyndylary ýüze çykardylar. Alymlar tarapyndan “hünärmentçilik toplumy” diýlip atlandyrylan meýdançada demir magdanlaryny eredip, metal almak üçin niýetlenen tegelek peçleriň altysynyň galyndylary tapyldy. Arheologik tapyndylar arkaly alymlar bu ýerde küýzegärçilik ussahanasynyň ýerleşendigini kesgitlediler. Onda arheologik edebiýatda “simap küýzejigi” diýlip atlandyrylýan keramiki gaplar öndürilipdir.

Däp bolşy ýaly, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda ekerançylaryň ýyllyk zähmetiniň jemini jemläp, topragymyzyň we saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy dabaraly ýagdaýda bellenildi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän bu ýyl oba zähmetkeşleriniň täze üstünliklerine beslendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynda bu baýramyň örän çuňňur many-mazmuna eýedigini, halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragynda öndürilen hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi. “Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.

Bu baýramçylygyň öňüsyrasynda oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjy işgärlerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, döwlet sylaglary gowşuryldy.

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde oba hojalygynyň hem-de agrosenagat toplumynyň gazanan üstünlikleriniň uly sergisi guraldy hem-de “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy: ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Milli Liderimize obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan Hazyna atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.

Hasyl toýy daýhanlarymyzyň zähmetine we döredijilik zehinine özboluşly sena bolup, onda türkmen halkynyň myhmansöýerlik, özara düşünişmek, goldaw bermek we dostluk ýaly gadymy däpleri öz beýanyny tapdy. Bu däpler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan oňyn Bitaraplyk, açyklyk, dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynda hem dowam etdirilýär.

(TDH)




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46918

16.11.2021
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän ýubileý ýylynyň jemlenmegine az wagtyň galandygyny, şu döwürde birnäçe wajyp çäreleriň, şol sanda halkara forumlaryň meýilleşdirilendigini belledi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz maslahatyň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlarynyň diňleniljekdigini, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu şanly sene mynasybetli halkara maslahat geçiriler. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça degişli Kararnamasy arkaly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň esasy wakalarynyň jemlenmesine öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu başlangyjy dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde birnäçe çäreler geçirildi. Şolar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň we milli Liderimiziň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň ykrarnamasyna öwrüldi.

Häzir meýilleşdirilen halkara maslahatyň maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar hem-de onda kabul ediljek resminamalar degişli taraplar bilen ylalaşylýar. Olar ýakyn wagtda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlener.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda işjeň orun eýeleýändigini belledi.

Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde oňyn başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy başlangyçlaryň wajypdygynyň hem-de häzirki döwür üçin derwaýysdygynyň aýdyň beýanydyr. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamaga, dünýäniň ýurtlarynyň arasynda parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine dostluk we özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şanly sene mynasybetli geçiriljek halkara maslahatyň ähmiýetini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu forumy we umuman, ähli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow Aşgabatda şu aýyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň YHG-da başlyklyk edýändigini aýdyp, onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň gün tertibi hakynda giňişleýin maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-nyň agzasy bolup durýar. Bu iri sebitara düzüm ykdysadyýet we söwda ulgamlaryndaky netijeli döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen döredildi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammiti YHG-nyň gününiň bellenilýän senesinde — 28-nji noýabrda geçiriler. Onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, guramaçylyk topary döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň abraýly halkara düzümleriň biri bolan YHG bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Ýurdumyz bu gurama agza döwletleriň arasynda dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegini esasy ugur edinip, onuň dünýä giňişliginde eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy babatda zerur tagallalary edýär.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitiniň we onuň çäklerinde meýilleşdirilen halkara çäreleriň döwletara gatnaşyklaryň hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi we wise-premýere bu halkara çärä hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler hem-de Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, dabaranyň medeni maksatnamasy degişli düzümler bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Şeýle hem wise-premýer iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap kärhananyň ýurdumyzda ozal hereket edýän ugurdaş senagat toplumlarynyň üstüni ýetirjekdigini belledi. Onuň işe girizilmegi Türkmenistanda senagatlaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurdaky yzygiderli tagallasynyň aýdyň netijesidir.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzda gaýtadan işleýän pudagyň okgunly ösdürilýändigini, eksport ugurly önümçiligiň artdyrylýandygyny belläp, Babadaýhan etrabynda gurlan dokma toplumynyň açylyş dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu kärhananyň doly güýjünde işledilmegi bilen bagly meseleleriň wajypdygyny nygtap, onuň Diýarymyzda öndürilýän pagtany gaýtadan işlemekde hem-de senagatyň bu pudagynyň kuwwatyny artdyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde, bu ýerde zähmet çekjek hünärmenleriň hünär derejesini kämilleşdirmekde wajyp ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze dokma toplumynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda ulanylmaga berilmeginiň ähmiýetini nygtap, bu kärhananyň ýubileý ýyly mynasybetli halkymyza ajaýyp sowgat boljakdygyna ynam bildirdi.

Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow senagat toplumynda we Aşgabat şäherinde alnyp barylýan gurluşyklar hem-de paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we baş şäherimizde häzirki zaman seýilgähiniň açylyş dabaralaryna görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Täze kaşaň myhmanhana toplumynda daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara çäreleri, forumlary geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem täze seýilgähde adamlaryň oňaýly dynç almagy bilen bir hatarda, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin degişli mümkinçilikler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen özboluşly bir bitewi sazlaşygy emele getiren täze myhmanhananyň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu myhmanhanada halkara ähmiýetli möhüm çäräniň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini belläp, şolara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, myhmanhana toplumynyň we onuň daş-töwereginiň arassaçylygynyň hem-de abadançylygynyň üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz wise-premýere we Aşgabat şäheriniň häkimine bu ýerde aragatnaşyk, internet we beýleki degişli hyzmatlaryň ýola goýulmalydygyny, bu ugra degişli meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýylyň ahyryna çenli geçirilmegi bellenilen çärelere, şol sanda täze iri desgalaryň açylyşlaryna, Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan dabaralara hem-de Täze ýyly garşylamaga görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan, şu ýylyň ahyryna çenli geçiriljek wakalar bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini öz wagtynda çözmäge oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Täze, 2022-nji ýyly garşylamak barada aýdylanda bolsa, dürli çäreleri, şol sanda paýtagtymyzyň Baş arçasynda däp bolan yşyklary ýakmak dabarasyny hem-de welaýatlarda şeýle çäreleri, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, gyzykly sahna oýunlaryny we şatlyk-şowhunly dabaralary öz içine alýan medeni maksatnamany jikme-jik işläp düzmek zerurdyr. Mundan başga-da, many-mazmunly teleradiogepleşikleri taýýarlamaga girişilmelidir. Iň esasysy bolsa, ýaş nesilleriň gatnaşmagynda baýramçylyk çärelerini guramak meselelerine möhüm üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Umuman, hemmeleriň söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan dabaralar ýokary guramaçylyk derejesinde, giňden we şowhunly, türkmen toýlaryna mahsus äheňde geçirilmelidir. Şolarda şatlyk alamatlary, ruhubelentlik duýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere hem-de beýleki degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, şu günki seredilen meseleleriň wajypdygyny, ýubileý ýylyny ýokary görkezijiler bilen tamamlamak hem-de täze, 2022-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmelidigini ýene bir gezek nygtady.

Milli Liderimiz paýtagtymyzda we Diýarymyzyň beýleki şäherlerinde, etraplarynda hem-de obalarynda ähli meýilleşdirilen çäreleriň, şol sanda baýramçylyk dabaralarynyň taýýarlyk işlerine örän jogapkärçilikli we guramaçylykly çemeleşmek, degişli gulluklaryň bökdençsiz işini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkara derejedäki abraýynyň belende galmagynyň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46920

16.11.2021
Milli kanunçylyk kämilleşdirilýär

12-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda 30-njy oktýabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň 15-nji maslahatynyň barşynda kabul edilen kanunlara garaldy. Şol kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň esasy ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onuň işine gatnaşmaga köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi, olar kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça netijenamalar bilen tanyşdyrdylar.

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy. «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuny biragyzdan makullan Halk Maslahatynyň agzalarynyň gelen netijesine görä, ykdysady strategiýadan ugur almak hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen esasy wezipeleri nazara almak bilen taýýarlanylan bu maliýe-hukuk resminamasy, ilkinji nobatda, ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklamaga, Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge hem-de türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Soňra «Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna garaldy. «Poçta aragatnaşygy hakynda» täze Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly Kanunlara seredildi. Olar boýunça degişli Kararlar kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň Diýarymyzyň syýasy, ykdysady we durmuş-medeni taýdan ösdürilmegine, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanan ynsanperwer ugruň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilendigi bellenildi. Mejlisiň dowamynda beýleki möhüm meselelere hem garaldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisiniň garamagyna girizilen kanunlar biragyzdan makullanyldy, olar boýunça degişli Kararlar kabul edildi.


«Aşgabat».




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46841

16.11.2021
Sanly ulgam — döwrebap mümkinçilik

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda innowasiýalara daýanýan sanly ulgama geçmek, şol sanda sanly bilim we ylym, sanly ykdysadyýet, sanly lukmançylyk, önümçiligi sanlylaşdyrmak, galyberse-de, dünýäniň sanly ulgamyna goşulmak babatda işler üstünlikli dowam etdirilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamyna geçmäge, sanly tehnologiýalara erk edýän, ýokary başarnykly hünärmenleriň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Geljekde Watanymyzy ähli ugurlarda ösüşlere alyp gitjek ýaşlaryň dünýäniň tehnologik çözgütleri babatda iň täze gazananlaryndan baş çykarýan, döwrebap programma üpjünçiliklerini işläp düzýän we taýýarlaýan hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda birnäçe wezipeler öňde goýuldy. Bu wezipeler hem-de döwrüň talaby göz öňünde tutulyp, hünärmenlerimiziň we talyplarymyzyň zehinine, intellektual baýlygyna daýanylyp, birnäçe taslamalar, programma üpjünçilikleri işlenip düzülýär, tehnologik çözgütler taýýarlanylýar. Bu ugurda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparyň düzümi we düzgünnamasy tassyklanyldy.

Şu ýylyň 22-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Döwlet hünär-tehniki bilim edaralary hakynda», «Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakynda», «Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda» Düzgünnamalary tassyklamak hakynda taryhy Karara gol çekdi. Bu, ýokary dünýä ölçeglerine laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda bilim ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň subutnamasy boldy.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek işinde uly ähmiýete eýe bolup, ol maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün edilmegine, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga, usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Konsepsiýa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professor-mugallymlaryň tagallalary bilen, şeýle hem talyplaryň gatnaşmagynda sanly bilimi ulgamlaýyn üpjün etmegiň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary okuw mekdeplerinde belli bir aralykdan sapaklar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda wideomaslahatlar yzygiderli guralýar.

Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüşi, ozaly bilen, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak degişli ugurda ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen baglydyr. Sanly ykdysadyýetiň ösüşi ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna, şol sanda saglygy goraýyş, bilim, maliýe hyzmatlary, ulag we beýleki pudaklara oňyn täsir edýär.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda halkara bilim hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýurdumyzyň bilim edaralary dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleri, bilim ojaklary bilen okatmagyň we hünär taýýarlygynyň täze ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrýarlar. Milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge degişli ylmy işler we ylmy-barlaglar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň gözegçiliginde alnyp barylýar. Şular bilen birlikde, Türkmenistanyň ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri önümçiligiň talaplaryna we sargytlaryna laýyklykda, täze ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamagy üstünlikli amala aşyrýarlar.

Halkara bilim hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär, ýagny ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleri dünýäniň iri ylym, bilim merkezleri, halkara guramalardyr gaznalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde halkara okuw maslahatlary, sergiler, ylmy işgärleriň duşuşyklary, bilelikdäki okuwlar geçirilýär. Maksatnamalaýyn okuwlarda we sergilerde dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň bilim tejribesi özleşdirilýär, meşhur kompaniýalaryň bilim önümleridir hyzmatlary bilen tanyşdyrylýar.

Orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek maksady bilen, bilim portallary döredildi. Olarda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ykdysady, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport, syýahatçylyk ýoly we beýleki ulgamlarda amala aşyrylýan iri taslamalaryň, geçirilýän forumlaryň, ýaryşlaryň, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda keselleri bejeriş operasiýalaryny geçiriş usullarynyň ýazgylarydyr beýany jemlenendir.

Mugallymlar we talyplar diňe bir bilim portalyndaky maglumatlary almak bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň pudaklaryna degişli özleşdirilýän materiallar babatda öz garaýyşlaryny beýan etmäge mümkinçilik alýarlar. Bilim portalynda aýry-aýry sapaklaryň, maslahatlaryň, forumlaryň beýanyny islendik wagtda alyp, öwrenip bolýar. Şeýle hem aýry-aýry dersleriň bölümleri we temalary boýunça uzak aralykdan bilelikdäki sapaklar guralýar. Olarda talyplar we mugallymlar öz pikir-garaýyşlaryny erkin beýan etmäge mümkinçilik alýarlar, bilimlerini baýlaşdyrýarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny, şol sanda milli ykdysadyýetiň pudaklaryny sanlylaşdyrmakda belent maksatly işleri durmuşa geçirýän milli Liderimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlary mundan beýläk-de üstünliklere beslensin!

Döwlet KERIMOW,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46915



16.11.2021
Bag­ta bar­ýan ýol­lar

Go­laý­da döwlet Baştutanymyzyň Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Aş­ga­bat — Te­jen bö­le­gi­niň işi­ne ak pa­ta ber­me­gi güngün­den ös­ýän döw­le­ti­mi­ziň ta­ry­hy­na ýazylan şan­ly wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy.

Türk­me­niň owal­daahyr­da ke­ra­mat­ly sa­ýýan zat­la­ry­nyň bi­ri — ýol. Uzak ýo­la ug­ra­na, ha­ýyr işi ýü­re­gi­ne dü­we­ne ak ýol ar­zuw edil­ýär. Hat­da sö­züň dog­ru­ly­gy­nyň ke­pi­li hök­mün­de il ara­syn­da: «Ak ýol­da du­run» di­ýil­ýä­ni­ni hä­lişin­di eşit­mek bol­ýar.

Ýol — ulusiliň ýö­re­ýän ýe­ri. Ga­dy­mda ker­wen­le­riň, dün­ýä ja­han­keş­de­le­ri­niň hut bi­ziň top­ra­gy­myz­da düş­läp ge­çen­di­gi­ne ta­ryh şa­ýat. Dün­ýä sy­ýa­hat­çy­la­ry haý­sy ta­ra­pa ro­wa­na bol­sa­lar, köp­lenç, türk­men top­ra­gy­nyň üs­tün­den ýol sa­lyp­dyr­lar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­za peş­geş beren «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» atly ki­ta­by­nyň üs­ti bi­len aý­dyň bil­mek bol­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, geç­miş­de be­ýikbe­ýik me­de­ni­ýet­le­riň dö­re­ýiş, ösüş ta­ry­hy hem ýol dü­şün­je­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Häzirki döwürde mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň tä­ze­den di­kel­dil­ýän­di­gi­ne şa­ýat bol­mak bi­zi diý­seň buý­san­dyr­ýar.

Milli Liderimiziň ataba­ba­la­ry­my­zyň ru­hy si­ňen top­ra­gy­myz, Diýarymyz hak­da­ky wa­tan­çy­lyk sa­pak­la­ry bi­len bir­lik­de, şu­nuň ýa­ly döwrebap ýol­la­ry gur­dur­ma­gy kal­by­ňy Wa­ta­na söý­gü­den pü­re­pür­le­ýär.

Bu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dün­ýä hemde ne­sil­le­re nus­ga­lyk ýo­ly ösüş­le­riň ny­şa­ny hök­mün­de bag­ty­ýar dur­mu­şy­myz bi­len saz­la­şyp, bi­zi aja­ýyp gel­je­ge alyp bar­ýar. Ilýurt bäh­bit­li, dün­ýä äh­mi­ýet­li iş­le­ri bi­tir­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­ýik tu­tum­la­ry ro­waç bol­sun!

Bä­gül KA­KA­LY­ÝE­WA.

Türk­me­nis­ta­nyň Daşary işler ministrliginiň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46914

16.11.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Hazaryň türkmen kenarynyň düzümleýin ösüşi onuň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetini artdyrýar

Döwlet Baştutanymyz täze desganyň gurluşygy bilen tanyşdy we iş maslahatyny geçirdi

Türkmenbaşy, 13-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň haýyşy boýunça 400 orunlyk köpugurly hassahananyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşygy bilen tanyşdy we bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, günbatar sebitde hem uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleriniň depgini ýokarlanýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň bina edilýän desgalary durmuş maksatly gurluşyklaryň möhüm ugrudyr. Şonuň netijesinde halkymyz ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyndan peýdalanyp bilýärler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de gowulandyrmak döwrebap tehnologiýalary, täze ylmy açyşlary yzygiderli ornaşdyrmagy, dünýäde keselleriň özboluşlylygynyň üýtgemegini hasaba almak bilen, saglygy goraýşy innowasion usullarda ösdürmek şertlerinde mümkindir.

Mälim bolşy ýaly, adamlaryň saglygyny berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň dürli künjeklerinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy noýabrda Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň birbada birnäçesiniň açylyş dabarasy boldy. Şolara hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenbaşy şäherinde gurlan ýokanç keseller hassahanasy dünýä belli önüm öndürijileriň täze, kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Onuň düzümine kabul ediş, barlaghana, funksional- anyklaýyş, reanimasiýa we dogrum, operasiýa otagy, fizioterapiýa, dispanser-gözegçilik, wirusly gepatit keseli, ýokary dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri, içege ýokanç keselleri, aýratyn howply, howa hem-de damja ýoly arkaly geçýän ýokanç keseller, dowamly ýokanç keselleri bejeriş bölümleri girýär.

Hassahana dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, hususan-da, Germaniýanyň, Şwesiýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Çehiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.

Funksional-anyklaýyş bölümi kompýuter tomografiýasy, ultrases barlagy, rentgen, elektrokardiografiýa, fibroskan, endoskopiýa otaglaryny öz içine alýar. Ýokanç keseller hassahanasynyň işgärleriniň ygtyýarynda dürli barlaglary geçirmek üçin döwrebap barlaghana enjamlary hem bar. Giň otagly barlaghana bölümi kliniki barlaghana, biohimiýa, bakteriologiýa, molekulýar-genetika hem-de immunologiýa barlaglary otaglaryndan ybarat bolup, şolarda ganyň we peşewiň umumy barlaglary, ganyň biohimiýa, immunoferment, serologiýa, parazitologiýa, bakterioskopiýa, molekulýar-genetika, polimeraz zynjyrly reaksiýa (PZR), barlaglary geçirilýär. Şeýle hem birnäçe ekspres-anyklaýyş barlaglary, ýagny ganyň süýjüligini, gemoglobiniň gandaky derejesini, holesterin, moçewina, bilirubin hem-de onuň fraksiýalary, pH derejesi, udel agramy, peşewde belok, bakteriýa, glýukoza, wirusly gepatitiň we beýleki wiruslaryň, keton barlaglary, olaryň hil, mukdar taýdan barlaglary geçirilýär. Fizioterapiýa bölüminde hassalar üçin möhüm bejeriş işleri geçirilýär. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, ýokary hilli hirurgiýa kömegini bermek we operasiýalary geçirmek üçin şertler göz öňünde tutuldy.

10-njy noýabrda Magtymguly etrabynda ulanylmaga berlen lukmançylyk desgasy hem saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman düzüminiň üstüni ýetirdi. Bu desga 50 näsagy stasionar, 30 näsagy ambulatoriýa usulynda bejermäge niýetlenendir. Iki gatly binalar toplumyndan ybarat bolan bu hassahana Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Awstriýanyň, Türkiýäniň, Polşanyň, Şwesiýanyň, Ispaniýanyň, Slowakiýanyň, Belgiýanyň, Niderlandlaryň, ABŞ-nyň we Koreýa Respublikasynyň dünýä belli kompaniýalarynyň iň täze, ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edilip, onda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri üçin ähli şertler döredildi. Hassahanada kabul ediş, maslahat beriş, funksional-anyklaýyş, iç keselleri, çaga keselleri, “Tiz kömek” we beýleki bölümler göz öňünde tutuldy. Onuň düzümine barlaghana we gan banky hem girýär.

Maslahat beriş bölüminde terapewt, hirurg, oftalmolog, gulak-burun-bokurdak, stomatolog we beýleki lukmanlaryň otaglary göz öňünde tutuldy. Keselleri dürs anyklamaga, lukmançylyk kömegini tiz bermäge mümkinçilik berýän iň täze enjamlar olaryň ygtyýaryndadyr. Funksional-anyklaýyş bölüminde ýokary derejeli hünärmenler näsaglary kabul edýär. Ultrases barlag otagynda «Phillips» kompaniýasynyň «Affiniti» ultrasesli anyklaýyş enjamy gurnaldy. Hakykatda, munuň özi keselleri barlamagyň köpugurlylygy bilen tapawutlanýan innowasiýa häsiýetli binýatdyr. Kardiolog lukmanyň otagy 12 kanally «Cardio M Plus» (Medical Econet) we Germaniýanyň «Siemens» kompaniýasynyň elektrokardiografy bilen üpjün edildi. Bu enjam ýüregiň ähli bölümleriniň işleýşiniň aýratynlygyny görkezmäge ukyplydyr.

Rentgen otagy, kompýuter tomografiýasy we endoskopiýa otaglary iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Hususan-da, bu ýerde Awstriýanyň «EMS Handelsges» kompaniýasynyň «Sienna» elektroensefalograf enjamy, Italiýanyň «Villa Sistemi Medicali» kompaniýasynyň flýurograf we rentgen-enjamy, «Phillips» kompaniýasynyň «Access CT» kompýuter tomografy, Ýaponiýanyň «Hoya Corporation» kompaniýasynyň wideogastroskop enjamy hem-de beýlekiler oturdyldy.

Hassahananyň ýatymlaýyn bölüminiň düzümine hirurgiýa, terapiýa, operasiýa, fizioterapiýa, dogrum, ginekologiýa, ýokanç keseller, anesteziologiýa we reanimasiýa bölümleri girýär. Şolaryň ýörite enjamlar bilen üpjünçiligi iň ýokary halkara ölçeglere kybap gelýär. Bu ýerde, näsaglaryň keseliniň görnüşine baglylykda, netijeli hem-de ýokary hilli bejergi almagy üçin, ähli şertler döredildi. Bir we iki orunlyk bejergi otaglary talabalaýyk enjamlaşdyryldy, olarda degişli amatlyklar göz öňünde tutuldy. Operasiýa bölümi Germaniýanyň «Olympus» kompaniýasynyň «Various» monitorly laparoskop enjamy bilen enjamlaşdyryldy, ol garyn boşlugynyň agzalarynda az şikesli operasiýalary geçirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Fizioterapiýa bölüminde oturdylan owkalama, el-aýaklaryň iri we ownuk bogunlarynyň çeýeligini dikeltmek üçin enjam, wakuum, elektrik, magnit — mikroyrgyldyly hem-de lazer terapiýasy üçin enjamlar operasiýalardan, şikes ýetmelerinden soňra näsaglaryň çalt sagalmagyna, zähmet ukyplylygyny dikeltmäge, maýyplygyň öňüni almaga niýetlenendir.

Hassahananyň bäbekhana bölüminde ähli zerur şertler döredildi. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm bölegidir. Täze doglan çagalar üçin niýetlenen bejergi otaglarynda bäbeklere göwnejaý ideg etmek üçin ähli zerur enjamlar göz öňünde tutuldy.

Köpugurly hassahananyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine gelenden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa lukmançylyk toplumynyň köp sanly ýöriteleşdirilen bölümleri, ähli düzümleri barada maglumat berýän çyzgylar, taslamalar görkezildi. Milli Liderimiziň başlangyjy we yzygiderli aladasy netijesinde Hazaryň kenarynda gurulýan ýedi gatdan ybarat köpugurly hassahana lukmançylyk merkezleriniň üstüni ýetirer. Onda dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işleri ýokary derejede ýola goýlar.

Döwlet Baştutanymyz köpugurly hassahananyň gurluşygy, enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklanyp, saglygy goraýyş düzümine degişli bu toplumda keselleriň öňüni almak, saglygy berkitmek üçin öňdebaryjy tejribäniň, häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň ulanylmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.

Täze gurulýan hassahananyň birinji gatynda kabul ediş, “Tiz kömek” bölümleri, fizioterapiýa, stomatologiýa, gemodializ, himiýa terapiýasy otaglary bolup, olarda dürli lukmançylyk hyzmatlary ýola goýlar. Bu ýerde pediatriýa, ginekologiýa, neýrotrawmatologiýa, hirurgiýa, urologiýa, onkologiýa, kardiologiýa, endokrinologiýa we beýleki bölümler göz öňünde tutuldy. Hassahanada dogrum bölümi hem-de 200 orunlyk maslahatlar zaly bar. Täze lukmançylyk toplumy ýokary halkara ölçeglere laýyklykda enjamlaşdyrylýar. Lukmançylyk toplumynyň düzüminde aýratyn iki gatly bina bolup, onda merkezleşdirilen barlaghana, funksional we şöhle arkaly anyklaýyş, gan gaznasy bölümleri ýerleşer.

Bu ýerde gurluşyk işleriniň tapgyrlaýyn alnyp barylmagy Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda kemala gelýän halkara derejeli döwrebap şypahana düzüminiň çäklerini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi. Döwlet Baştutanymyz bu babatda aýdyp, köpugurly hassahananyň gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny, iň esasysy bolsa, onuň enjamlaşdyrylyşynyň dünýä ölçeglerine gabat gelmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň baş maksady deňiz ýakasynyň ägirt uly dynç alyş kuwwatyny netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde käbir wise-premýerleriň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysynyň, saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda häzir iri halkara çäreleriň, dünýä ähmiýetli forumlaryň geçirilýändigini nazara alyp, günbatar sebitde dürli maksatly gurluşyklaryň dowam etdirilmelidigine ünsi çekmek bilen, şu ýylyň awgust aýynda bu ýerde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň, milli önümleriň halkara sergisiniň, sebitiň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň ýokary derejede geçirilendigini belledi.

Häzirki döwürde Hazaryň kenarynda ulag-logistika düzüminiň desgalary guruldy. Olar halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Bu babatda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna möhüm orun degişlidir. Munuň özi ýurdumyzyň sebitde üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrýar. Bu bolsa gönüden-göni milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen gadymy döwürlerde ýurtlary we halklary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Hazaryň kenarynda dynç alyş we saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümler bilen bir hatarda ýurdumyz we tutuş sebit üçin ykdysady taýdan bähbitli desgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu işlere işjeň gatnaşýarlar. Olaryň taýýarlan taslamalaryna laýyklykda bina edilýän desgalar halkara ölçeglere kybap derejede enjamlaşdyrylýar. Bu bolsa halkara çäreleriň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün edýär.

Hazaryň kenary tutuş sebit we halkara ähmiýetli möhüm çäreleriň, forumlaryň, dürli derejedäki festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Milli Liderimiz munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle hem syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlyga sebitiň goşulyşmagyna täze itergi berýär diýip belledi we bu baradaky gürrüňi dowam edip, bu ýerde häzirki zaman köpugurly hassahananyň gurulmagynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Munuň öz saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ýurdumyzyň lukmanlarynyň tejribe toplamagyna giň ýol açar. Bu ugurda abraýly halkara guramalar, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy lukmançylyk we ylmy toparlary ýurdumyzyň ygtybarly hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlarydyr.

Döwlet Baştutanymyz bu hassahananyň häzirki zamanyň iň täze, kämil enjamlary bilen üpjün edilmeginiň, onda işlejek lukmanlaryň ýokary hünär derejesine eýe bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, olaryň dünýäniň öňdebaryjy ylmy-kliniki hassahanalarynda tejribe geçmegini, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ýola goýmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar sebitiniň toplumlaýyn ösdürilýändigine ünsi çekip, täze köpugurly hassahananyň saglygy goraýyş babatda halkara derejeli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz maslahaty jemläp, adamlaryň abadan durmuşy hakyndaky aladanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň maksatnamasynda öz beýanyny tapmalydygyny nygtady hem-de hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46765

15.11.2021
Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy milli Liderimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Türkmenbaşy, 13-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlanandan soň, Türkmenbaşy şäherine geldi. Milli Liderimiz bu ýerde egindeşleri bilen Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.

Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler bar. Ol ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar we sport gurallary bilen üpjün edilendir. Köpugurly türgenleşik enjamlary tejribeli hem-de höwesjeň türgenleriň, dürli ýaşly adamlaryň netijeli türgenleşmegine niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen topluma gelip, häzirki döwürde dünýäde umumy ykrar edilen tejribä laýyklykda, saglygy goramagyň kadalaryny berjaý etmegiň düzgünlerine eýerdiler. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ählumumy pandemiýa şertlerinde СOVID-19 ýokanjyna test barlagyndan geçmek, şeýle hem zyýansyzlandyryş çärelerini yzygiderli geçirmek ýola goýuldy. Munuň özi döwletiň baş baýlygy hasaplanýan ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün edýän esasy talaplaryň biri bolup durýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zerur şertler döredilýär. Stadionlar, sport-sagaldyş merkezleri, köpugurly sport toplumlary sagdyn durmuş ýörelgelerini kada öwren ýaşlaryň söýgüli künjeklerine öwrüldi.

Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş bilen bir hatarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edildi. Munuň özi milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny, saglygynyň pugtalandyrylmagyny esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň özenini düzýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary döwlet Baştutanymyz asylly başlangyçlary bilen ähli watandaşlarymyza, ozaly bilen, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Ine, bu gün hem milli Liderimiz sport toplumynda egindeşleri bilen kiçi futbol boýunça ýaryş gurady.

Bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak ynsan bedeniniň taplanmagyna, saglygynyň berkidilmegine ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygy bolup, olar adam saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidir. Olarda edilýän maşklaryň kada boýunça dürs ýerine ýetirilmeginiň ynsan saglygy üçin peýdasy ýokarydyr. Aýratyn-da, bu enjamlaryň ýaşlaryň sazlaşykly ösüşinde, beden taýdan taplanmagynda möhüm orun eýeleýändigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň, ýokary sport netijeleriniň gazanylmagyny höweslendirmegiň wajypdygy barada aýdyp, ähli pudaklaryň işgärleriniň, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe-sport hereketine işjeň çekilmeginiň möhümdigini nygtaýar. Munuň özi ynsan saglygynyň pugtalandyrylmagynda, adamlaryň döredijilik ruhunyň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Milli Liderimiz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasyna öwrülmegi babatda maksadalaýyk çäreleriň geçirilmegi ugrunda yzygiderli alada edýär. Bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak adamlaryň beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolmagyna, ýaşlaryň döredijilik işine höwesiniň artmagyna ýardam berýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň sporty ösüşiň täze derejesine çykdy. Türkmen türgenleri döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen gurlup, ulanmaga berlen toplumlarda ýokary derejede türgenleşikleri geçýärler. Türgenleriň abraýly halkara ýaryşlarda gazanýan üstünliklerini işjeň wagyz etmek meselesine möhüm ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda medeni-köpçülikleýin çäreleriň sport bilen utgaşdyrylmagy ýaşlary has belent sepgitlere ruhlandyrýar. Bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmegiň, sport bilen meşgullanmagyň adamda ruhubelentlik, maksadaokgunlylyk döredýändigini, saglygyňy pugtalandyrýandygyny durmuş tejribesi görkezýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap bedenterbiýe-sport toplumynyň hem-de beýleki ugurdaş desgalaryň, şypahanalaryň we dynç alyş merkezleriniň her birinde sport meýdançalarynyň, suwda ýüzülýän howuzlaryň hem-de dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň dürli görnüşli sport enjamlary bilen üpjün edilen fitnes otaglarynyň bardygy göz öňünde tutulanda, döwlet Baştutanymyzyň Hazaryň kenaryndaky dynç alyş zolagynyň sport binýadyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini aýdyň görmek bolýar.

Köpçülikleýin bedenterbiýäniň sport hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi halkara derejeli ýaryşlara gatnaşyp, abraý gazanýan türkmen türgenleriniň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, türkmen sportunyň dünýädäki abraýy barha belende galýar. Sport ulgamyny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, örän gysga döwürde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ölçeglerine kybap gelýän sport toplumlary, stadionlar, atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy. Paýtagtymyz Aşgabatda Halkara Olimpiýa Komitetiniň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan, sportuň dürli görnüşlerine niýetlenen desgalaryň köp sanlysyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi hem-de dünýäde giňden ýaýran golf oýnuny ornaşdyrmak maksady bilen, Golf sport toplumy bina edilip, döwrebap sport düzümleri döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sport parahatçylyga, dostluga hem-de ösüşiň belentliklerine alyp barýan hereketdir. Ähli döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem sport halklary dostlaşdyrýar, parahatçylygy dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara edarasy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de beýleki halkara, sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýär.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46766

15.11.2021
Hasyl toýy: türkmen daýhanlarynyň zähmetiniň şanyna dabaralar

Aşgabat, 14-nji noýabr (TDH). Şu gün tutuş ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu baýramçylyk oba hojalyk ýylynyň, ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň jemini jemleýär, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däp-dessurlary, raýatlarymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, abadançylygy öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, öňdebaryjy ekerançylygyň ýurduna öwrüldi. Oba zähmetkeşleriniň zähmetsöýerligi we taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyz gülläp ösýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýyl hem uly üstünliklere beslenip, ýurdumyzyň saçagy bereketli önümlerden dolduryldy. Türkmen pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen, ýokary hilli “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnadan gowragyny ýygnadylar. Gallaçylarymyz hem meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý tabşyrdylar. Gök we bakja önümlerini öndürijiler uly üstünlikleri gazandylar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň, önümçiligi ösdürmegiň, gowaçanyň hem-de dänäniň ýokary hilli görnüşleriniň ekilmeginiň, döwrebap agrotehnikalaryň ornaşdyrylmagynyň netijesinde mümkin boldy.

Bu ulgamda özgertmeleriň häsiýetli aýratynlygy düýbünden täze ykdysady usulda amala aşyrylýandygyndan ybaratdyr. Şunda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, telekeçilik başlangyçlary, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek höweslendirilýär. Daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý, gowaça we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýer gaznalary döredildi. Şol gaznalar bu ekinlerden, gök hem-de bakja ekinlerinden bol hasyl almak, ýeralma, üzüm, miwe öndürmek üçin niýetlenendir.

Hojalyk işi bilen baglanyşykly meseleleri özbaşdak çözmek hukugyna eýe bolan kärendeçiler, daýhanlar, daýhan birleşikleri, hususyýetçiler, oba hojalyk önümlerini öndürmek, taýýarlamak we gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak, ýerlemek bilen meşgullanýan telekeçiler içerki bazarlarda azyk bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşup, ondan artygyny daşary ýurtlara eksport edýärler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba zähmetkeşleri barada edýän aladasynyň netijesinde ekinleri suw hem-de obasenagat toplumyny täze tehnikalar bilen üpjün etmek işine ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şu maksat bilen dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Şunuň bilen birlikde, ylmy seçgiçilik işine, tiz ýetişýändigi hem-de ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmäge uly üns berilýär. Oba hojalygyny sanly ulgama geçirmek, takyk ekerançylyk ulgamyny, öňdebaryjy agrotehniki tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär.

Şanly waka mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde dürli mowzuklaýyn maslahatlar geçirildi, mähriban topragymyzyň sahawatlylygyny görkezýän sergiler we ýarmarkalar guraldy. Däp bolşy ýaly, esasy baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzda geçirildi. Bu ýere ähli sebitlerden halk hojalygynyň öňdebaryjy wekilleri geldi.

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri, beýleki oba hojalyk hünärmenlerini sylaglamak dabarasy boldy we onda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, şu ýyl ýokary netijeleri gazanan obasenagat pudagynyň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy.

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasy esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde oba hojalygynyň hem-de agrosenagat toplumynyň gazanan üstünlikleriniň uly sergisi guraldy.

Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşleri bar. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlar hem-de tans toparlarynyň çykyşlary bol hasyl ýetişdirýän oba zähmetkeşlerine bagyşlandy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda Hasyl toýunyň halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň subutnamasydygy bellenilýär.

Siziň çekýän tutanýerli zähmetiňiz netijesinde bereketli türkmen topragynda oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy has-da berkidilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarda ýokary ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanasynda siziň tutanýerli, halal zähmetiňizden bol hasyl eçilýän bereketli türkmen topragynyň, edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy halkymyzyň iň buýsançly baýramlarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza Hazyna atly ajaýyp ahalteke bedewiniň gowşurylmagy baýramçylygyň möhüm wakasy boldy.

Sergi merkezinde obasenagat toplumynyň ähli edaralary we kärhanalary öz bölümlerini ýaýbaňlandyrdylar. Pagtaçylyk, däneçilik pudaklarynyň, maldarçylyk, azyk, dokma senagatynyň önümleri we haly önümleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň täze oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary-da görkezildi.

Sergide “ak altyny” gaýtadan işlemek ulgamynda gazanylan üstünliklere aýratyn üns berildi. Türkmenistan ýurdumyz ekerançylygyň bu möhüm önümi öndürmek babatda taryhy däpleri saklamak hem-de baýlaşdyrmak bilen, dünýäde ýokary hilli pagtany esasy öndürijileriň biri bolup durýar. Pagta okgunly ösýän dokma senagatynyň döwrebap kärhanalarynyň onlarçasy üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Türkmen nah ýüplükleri hem-de matalary, trikotaž we jins matalary, dizaýnerçilik, tehnologik çözgütler esasynda taýýarlanylan taýýar önümler dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.

Pagta süýüminden ýüplükler, matalar we egin-eşikler taýýarlanylýar. Ondan lukmançylyk pamygy, kosmetiki serişdeler, dokalmaýan serişdeler hem-de tehniki maksatly önümler öndürilýär. Pagta birnäçe azyk önümleri üçin hem çig mal bolup hyzmat edýär. Şolaryň hatarynda pagta ýagy aýratyn ähmiýete eýedir. Gowaça gülüniň baly bolsa melhemlik häsiýete eýedir.

Welaýatlaryň baýramçylyk sergi bölümlerinde “ak altynyň” täze hasyly, guşgursak bugdaý, bakja, gök önümleriň hem-de miweleriň köp görnüşleri görkezildi. Sergi diwarlyklaryny meşhur “Waharman”, “Garrygyz”, “Gyzyl gülaby” gawunlary, “Jeýhun”, “Serdar”, “Dişim” garpyzlary, “Palaw kädi”, “Daş kädi”, “Düwdibişer” kädileri bezedi. Üzümiň dürli görnüşleri bilen bezelen diwarlyk myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Bu gün bagbanlar üzümiň “Terbaş” we “Gara üzüm” ýaly, gadymy türkmen görnüşleri bilen bir hatarda, “Kaberne”, “Saperawi”, “Gülgüne taýpy” görnüşlerini hem ösdürip ýetişdirýärler.

Milli medeniýetimiziň, däp-dessurlarymyzyň ruhy siňen bu baýramçylyga folklor toparlarynyň hem-de bagşy-sazandalaryň çykyşlary aýratyn öwüşgin çaýdy.

Günüň ikinji ýarymynda baýramçylygyň maksatnamasynyň çäklerinde Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy: ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, Agrar partiýanyň, hojalyk jemgyýetleriniň wekilleri hem-de obasenagat ulgamynda işleýän telekeçiler, alymlar, bilermenler, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy meseleleriniň hatarynda ýurdumyzyň oba hojalygynda gazanylan üstünlikler hem-de amala aşyrylýan özgertmeler, ekinleri ýetişdirmekde ylmyň iň gowy tejribelerini ulanmak we seçgiçilik bilen bagly ugurlar boldy. Türkmen çig malyndan taýýar önümleri dünýä bazarlaryna çykarmagy has-da ilerletmek, Türkmenistanyň pagtaçylygyny we pagtany gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmegiň wezipelerine hem garaldy.

Oba hojalygynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň barşynda daşary ýurtlaryň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize, oba hojalyk pudagynyň işgärleri barada yzygiderli alada edýändigi üçin, tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Hasyl toýy mynasybetli eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde we obalarynda dabaraly çäreler, oba hojalyk işgärlerini hormatlamak çäreleri hem-de konsertler, sport ýaryşlary, beýleki medeni-köpçülikleýin dabaralar guraldy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46763

15.11.2021
Beýik işleriň beýany

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda belent sepgitlere ýetilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde üstünlikli işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda gazanylýan ösüşler, özgerişler, amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, döwletli işler bu günki gün hem ýene aýdyňlygy bilen äşgär bolýar. Ýurdumyzyň her bir güni ösüşleriň belentliklerine gadam urýan täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen utgaşyp, taryha altyn harplar bilen ýazylýar.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmek maksady bilen, ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň, saglyk we medeni maksatly binalaryň birnäçesiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Şolaryň hatarynda ýakynda Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň birbada birnäçesiniň açylmagy hem munuň aýdyň beýany boldy. Türkmenbaşy etrabynda «KamAZ» kysymly ulaglary abatlamak, olara hyzmat etmek üçin okuw we hyzmat merkeziniň, şonuň ýaly-da ýokanç keseller hassahanasynyň täze binasynyň açylmagy halkymyzyň saglygyny goramakda, bagtyýarlygyny, abadançylygyny üpjün etmekde, olaryň iş bilen üpjün edilmeginde, şeýle-de ulaglara hyzmat etmegiň netijeli işlerini alyp barmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Dünýä ülňülerine laýyklykda gurlan hassahanada ähli şertler döredilendir. Bu binalaryň dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary bilen üpjün edilmegi bolsa halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny almaga mümkinçilik döreder.

Garaşsyz Diýarymyzda gurulýan toplumlaýyn desgalar halkymyzyň ýaşaýşyny has-da gowulandyrmaga, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem ösdürilmegine, onuň halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilýär. Bu maksatlary ýerine ýetirmek üçin bolsa hormatly Prezidentimiz giň mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýurdumyzda kämil hünärmenler ýetişdirilip, ähli ugurlarda netijeli işler alnyp barylýar.

Halkymyza bagtyýarlygy, asudalygy, parahatçylygy peşgeş edýän, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Magtymguly RESULGULYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Umumy himiýa kafedrasynyň müdiri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46737

15.11.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitindäki çykyşy

(Stambul, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabry)


Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!


Ilki bilen, ýokary derejedäki şu duşuşygy gurandygy we oňa Türkmenistany çagyrandygy üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hormatly Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Şu duşuşygyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bar. Sebäbi şu gün biziň ýurdumyzyň Türki geňeşe synçy hökmünde girmegi barada çözgüt kabul edilýär. Bu bolsa, ulaldyp aýtmanyňda, Türkmenistanyň türki dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygynda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan örän möhüm taryhy wakadyr. Mümkinçilikden peýdalanyp, men Türkmenistanyň bu gurama şeýle derejede gatnaşmagy baradaky öz garaýyşlarymy aýtmak hem-de biziň bilelikdäki işimiziň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etmek isleýärin.

Türkmenistan halkara bileleşige jogapkärli gatnaşyjy bolmak bilen, dünýäniň köp ýurtlary bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalaryň çäklerinde hem işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy biziň daşary syýasatymyzyň esasy bolup durýar. Bu dereje Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky degişli Rezolýusiýasy hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky täzeden goldanan Rezolýusiýasy bilen biragyzdan ykrar edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada degişli resminamany kabul etdi. Bu bolsa ählumumy parahatçylygy saklamakda Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Mümkinçilikden peýdalanyp, men Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny yzygiderli goldaýandyklary üçin Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň wekiliýetleriniň Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirýärin.

Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!

Ilki bilen, Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň işine hemişe uly hormat goýmak we gyzyklanma bilen garandygyny bellemek gerek. Şoňa görä-de, geňeşiň işini gowulandyrmak maksady bilen, men şulary teklip edýärin:

1. Ýer ýüzünde çylşyrymly ýagdaýlar, düýpli özgermeler bolup geçýän häzirki döwürde doganlyk halklaryň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge agzybirlikde çemeleşmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi munuň özi aýdyň we jogapkärli garaýyşlary işläp taýýarlamagy talap edýär.

Türki dilli ýurtlaryň öz at-abraýyna we möhüm syýasy-diplomatik ýagdaýyna daýanýan ylalaşylan, işjeň garaýşy halkara hem-de sebit işlerinde, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýada, Hazar we Gara deňzi sebitlerinde, Günorta Kawkazda, Orta we Ýakyn Gündogarda durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de gorap saklamakda wajyp orny eýelemäge ukyplydyr.

Häzirki şertlerde-de biziň ýurtlarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, beýleki halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurdygyna ynanýaryn. Şeýle hyzmatdaşlygy doly anyklaşdyrmak, bilelikde diplomatik we beýleki ileri tutulýan ugurlarymyzy görkezmek has netijeli bolar diýip hasap edýärin.

Sebit gapma-garşylyklarynyň güýçlenmegi sebäpli, olaryň aradan aýrylmagy we öňüniň alynmagy üçin biziň ylalaşylan garaýyşlarymyz aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şoňa görä-de, dawalaryň güýçlenmeginiň öňüni almakda, olary gepleşikler arkaly çözmek üçin amatly şertleri döretmekde halkara tagallalary goldamak maksady bilen, diplomatik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn.

Şunda biz Türkmenistanyň Bitaraplygyna, ýurdumyzyň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça toplan tejribesine möhüm şert hökmünde garaýarys. Biz ýurtlarymyz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi berkitmek boýunça halkara gün tertibini amala aşyranda şu şertden peýdalanmagy teklip edýäris.

Şunuň bilen baglylykda, türki dilli döwletleriň birleşiginiň Birleşen Milletler Guramasynyň işine has işjeň we netijeli gatnaşmak syýasatyny işläp düzmäge girişmegini maksadalaýyk hasaplaýarys. Birleşen Milletler Guramasy bilen biziň birleşigimiziň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýörite halkara resminamada berkidilse, bu ugurda ädilen yzygiderli ädim bolardy. Şu teklip bilen doly ylalaşylan halatynda, ýakyn wagtda Baş Assambleýada deslapky diplomatik işe başlap, soňra bolsa degişli Rezolýusiýanyň umumy taslamasy bilen çykyş edip bolardy. Sebäbi türki dilli döwletleriň Birleşen Milletler Guramasy bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça netijeli hem-de umumy garaýşy halkara bileleşikde düşünmek bilen kabul ediler we goldawa eýe bolar, umumy bähbitler üçin tagallalary birleşdirmegiň täsirli guralyna öwrüler diýip pikir edýärin.

Şeýle hem men türki dilli döwletleriň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga üns bermek isleýärin. Çünki bu iki guramanyň ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, ekologiýa we ylym-bilim ýaly ugurlarda bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýaryn.

Şoňa görä-de, men uly mümkinçiligi bolan ýurtlarymyzyň ony diňe öz ösüşi üçin däl-de, eýsem, tutuş dünýäniň, halkara işleriň durnukly we döredijilikli bolmagynyň bähbidine-de mynasyp hem-de netijeli ulanmaga ukyplydygyna ynanýaryn.

2. Bu ynam köpasyrlyk tejribä, biziň ganybir kowumdaşlygymyza, ruhy we ahlak gymmatlyklarymyzyň we daýançlarymyzyň mäkämdigine hem-de synmazdygyna esaslanýar. Türki dünýäsi uzak taryhyň dowamynda örän kuwwatly medeniýetiň, siwilizasiýanyň dörän we ösen özboluşly mekany bolup durýar. Bu bolsa dünýä taryhynyň, medeniýetiniň hem-de siwilizasiýasynyň barşyna we ösüşine ägirt uly täsirini ýetirdi.

Türki halklaryň görnükli wekilleri bolan Magtymguly Pyragynyň, Ýunus Emräniň, Muhammet Fizulynyň, Abaýyňdyr Ýusup Balasagunlynyň, Muhammet Ulugbegiň atlarydyr eden işleri häzirki döwürde bizi täze belentliklere ruhlandyrýar. Häzirki düýpli wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwrümizde biz doganlyk halklarymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ynsanperwer garaýyşlary, hoşniýetli goňşuçylygy we agzybirligi wesýet edip giden beýik döwlet işgärleriniňdir akyldarlaryň taryhy mirasyna daýanýarys. Bu mirasa eýermek biziň döwletlerimiz üçin hemmetaraplaýyn ösüşiň örän giň mümkinçiliklerini açýar.

3. Türkmenistan ykdysady we söwda gatnaşyklaryny yzygiderli hem-de belli bir maksada gönükdirip pugtalandyrmaga hyzmatdaşlyk etmegiň örän möhüm ileri tutulýan ugry hökmünde garaýar. Bu ugurda mümkinçiliklerimiz örän uly diýsem, ulaldyp aýtdygym bolmaz. Sebäbi biziň döwletlerimiziň kuwwatyny birleşdirmek, serişde, geografik, önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerimizi peýdalanmak, diňe bir milli ykdysadyýetlerimizi ösdürmäge güýçli ýardam bermän, eýsem, Ýewraziýada tutuş geoykdysady düzüme hem düýbünden başga mazmun we häsiýet berer diýip pikir edýärin.

Gürrüň, ozaly bilen, energetika we ulag ulgamlary ýaly strategik ugurlar barada barýar. Çünki türki dilli döwletler Aziýany hem-de Ýewropany berk we durnukly ulagdyr energetika ulgamlary arkaly birleşdirjek Ýewraziýa giňişliginde tebigy halkany emele getirýär. Şeýle ulgamlary döretmekde biziň ýurtlarymyz möhüm orny eýelemäge ukyplydyr. Bu Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça iri Aziýa, Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna energiýa serişdelerini, harytlary ibermegiňdir hyzmatlary etmegiň gysga, ygtybarly, howpsuz ýoly bolup durýar.

Şu ýerde Hazar sebitinden Türkiýä, ondan aňryk Ýewropa energiýa ulgamlaryny, Beýik Ýüpek ýoluny dikeldýän üstaşyr logistik geçelgeleri gurmagyň taslamalary göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen baglylykda, biz hyzmatdaşlygyň şu ugruny güýçlendirmek, türki dilli döwletleriň oýlanyşykly bitewi strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmek, şonuň esasynda ylalaşylan ulag we energetika diplomatiýasyny alyp barmak zerur diýip hasap edýäris.

Bu ugurda biziň ýöriteleşdirilen halkara düzümler, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýalary bilen bilelikdäki işimizi güýçlendirmek maksadalaýyk bolup durýar. Şeýle hem Yslam ösüş banky we Aziýanyň ösüş banky ýaly maliýe edaralaryny çekmek bilen, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy möhüm hasap edýärin. Munuň üçin bize degişli hukuk we guramaçylyk şertlerini, halkara giňişlikde tagallalarymyza düşünmäge hem-de olary goldamaga gönükdirilen amatly syýasy, diplomatik, maglumat şertlerini döretmegiň üstünde oýlanyşykly işlemek gerek diýip hasaplaýaryn.

4. Türki dünýäniň ýurtlary häzir ählumumy ösüşiň belentliginde bolup, täze garaýyşlary, onuň amala aşyrylyşy hem-de geljegi baradaky düşünjeleri öňe sürmelidirler. Ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, tehnologiýalarda we innowasion çözgütlerde öňdebaryjy döwletleriň hatarynda bolmalydyrlar.

Bu ekologiýa meselesine hem doly derejede degişlidir. Türkmenistan häzirki düýpli ekologik howplara garşy halkara tagallalary birleşdirmäge berk ygrarlydygyny tassyklap, «ýaşyl» gün tertibi bilen bagly ençeme anyk we zerur ädimleri ätmegi teklip edýär.

Biz az uglerodly önümçilikleri ösdürmek çärelerini amala aşyrmaga gönükdirilen Ählumumy strategiýany işläp taýýarlamaga girişmek zerur diýip hasaplaýarys. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda energetika pudagynda ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde wodorody ösdürmegiň halkara «Ýol kartasyny» döretmegiň möhümdigini nygtaýarys. Bu başlangyçlary amala aşyrmakda türki dünýäniň raýdaşlygynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant boljakdygyna ynanýarys.

5. Biziň pikirimizçe, türki dilli döwletleriň birleşiginiň halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny we geografiýasyny giňeltmegini onuň guramaçylyk düzümini berkitmek hem-de kämilleşdirmek zerurlygy talap edýär. Men biziň ýurtlarymyzyň ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyny berkitmek bilen meşgullanjak ýörite komitetleri döretmek barada hem pikirlenip bolar diýip hasaplaýaryn. Şeýle-de biz Türki geňeşiň Baş sekretarynyň möhüm ornuny ykrar edip, onuň geografik ýagdaý boýunça orunbasarlarynyň wezipelerini girizmek barada oýlanmagy teklip edýäris. Olar bu ýokary derejesini peýdalanyp, Aziýa we Ýewropa yklymlaryndaky dürli döwletleriň gatnaşyklary bilen jikme-jik meşgullanarlar.


Hormatly döwlet Baştutanlary!


Ýokary derejedäki şu duşuşyk Türkmenistanyň doganlyk döwletler bilen özara gatnaşyklarynda täze sahypany açýar. Biz bu gün ýurdumyzyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde girmegi hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegine buýsanýarys. Şu gün biz doganlyk halklaryň ilerlemegiň, gülläp ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmegi üçin tagallalarymyzy hem-de hyjuwymyzy birleşdirip, bilelikde has-da kuwwatly bolduk.

Biziň bu hyzmatdaşlygymyzyň esasynda hoşniýetli erk-islegimiz, maksatlarymyzyň umumylygyna düşünmek, şöhratly taryhy mirasymyza daýanmak, kuwwatly bitewi köklerimiz durýar. Şu köklerden bolsa Ýer ýüzüniň adamlarynyň millionlarçasy saýalaýan türki dünýäniň beýik daragty ösüp ýetişdi.

Men ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilişine we netijelerine ýokary baha berýärin. Ol doly özara düşünişmek, ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçýär.

Şu duşuşyga gatnaşýan döwlet Baştutanlaryna netijeli goldawy we meýilleri, olaryň her biriniň Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge üýtgewsiz taýýardygy hem-de berýän uly şahsy ünsi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Guramanyň işini başarnykly utgaşdyrýandygy we şu duşuşygy üstünlikli geçirmäge goşan goşandy üçin jenap Baş sekretar Bagdad Amreýewe hem minnetdarlygymy bildirýärin.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46708

13.11.2021
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Stambul, 12-nji noýabr (TDH). Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Stambulda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi.

Iki ýurduň Liderleri mähirli görşüp, özara söhbetdeşlikde köptaraplaýyn görnüşde hem-de sebit we halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Baştutanynyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň şu gezekki sammitine gatnaşmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, strategik häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi, mizemez dost-doganlyk ýörelgeleri, iki ýurduň halklaryny birleşdirýän taryhy, medeni we ruhy umumylyk häzirki döwürde hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny emele getirýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan bar bolan uly mümkinçilikler hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmak bilen, taraplaryň iki ýurduň bähbitlerine, sebitde we dünýäde abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Uzak möhletleýinlik hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň netijesinde geçen ýyllarda dürli ugurlar boýunça birnäçe bilelikdäki taslamalar amala aşyryldy hem-de häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag-kommunikasiýalar, gurluşyk senagaty we beýlekiler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde Bilelikdäki hökümetara topara we Işewürler geňeşine aýratyn orun degişlidir. Türkiýäniň işewür toparlary Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýärler, munuň üçin ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça giň gerimli özgertmeler maksatnamalary we düzümleýin taslamalar durmuşa geçirilýär.

Däp bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-türk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplandy hem-de bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Baştutanlary möhüm sebit we ählumumy meseleler boýunça pikir alşyp, iki ýurduň iri halkara guramalaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy dowam etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Şunda Türkiýäniň biziň ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny hem-de türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny doly goldaýandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammitiniň gün tertibine deglip geçildi. Söhbetdeşler Türkmenistanyň synçy derejesinde bu gurama goşulyşmagy baradaky çözgüdiň giň ugurlar boýunça netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryna hem-de giň gerimli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklap, birek-birege berk jan saglyk we üstünlikler, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdiler.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46707

13.11.2021