Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň şu günler dowam edýän sergisiniň öz täzelikleri, täsinlikleri bilen uly gyzyklanma döredýändigi ol ýere gündelik barýan mähelleden mälim. Ildeşlerimiz serginiň ýakymly täsirleri baradaky pikirlerini biri-birleri bilen paýlaşýarlar. Bu gezekki serginiň öňkülerden has üýtgeşik bolandygyny aýdýarlar. Olary diňläp, işewürlerimiziň yhlasly zähmetine ýene-de bir gezek «Berekella!» diýýärsiň.
Sergi zalyndaky pawilýonlaryň birinde ýerleşdirilen gök-bakja ekinleriniň şitilleri, «pawlowniýa» diýlip atlandyrylýan täsin agaç nahallary ünsüňi çekýär. Baharyň ajaýyp keşbini janlandyrýan bu görnüşi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ezber daýhan» daýhan hojalygynyň hünärmenleri döredipdir. Pomidor, hyýar, bulgar burçy... Döwrebap ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýän ýaşajyk nahallar — ertirki günüň bol hasyly, ak bazarlarymyzyň, mukaddes saçaklarymyzyň berekedi. Owadan, iri ýaprakly pawlowniýa agajy — gymmatly çig mal, ekologik arassaçylyk hem-de gözellik. Telekeçi Arslan Nurgeldiýew daýhan hojalygyny döredip, bu asylly işleri ýola goýanda, olaryň halkymyza getirjek peýdasyny göz öňünde tutupdy.
Iňlis dili we edebiýaty boýunça ýokary bilimli hünärmeniň oba hojalyk ugruny saýlap almagyna sebäp bolan zat nämekä?! Geliň, tejribeli telekeçiniň durmuş ýoluny yzarlap, bu sowalymyza jogap tapmaga synanyşalyň! Ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan ýaş hünärmen daşary ýurt kompaniýasynda terjimeçi bolup işe başlaýar. Ýöne ol terjimeçilik bilen meşgullanýan bolsa-da, kompaniýanyň alyp barýan işleri, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşy, ýyladyşhana toplumlarynyň gurluşygy bilen içgin gyzyklanýar. Dünýä tejribesinden öwrenenlerini synap görmek maksady bilen, hususy eýeçilikde ýyladyşhana toplumyny gurmaga girişýär. Döwletimiz tarapyndan peýdalanmak üçin uzak möhlete ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, ýeňillikli karz serişdeleri ýaş telekeçiniň asylly başlangyjynyň barha ugrugyp gitmegine getirýär.
Işjanly telekeçi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen meýdanda döwrebap ýyladyşhana toplumyny gurup, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi ýola goýýar. Kelemiň, hyýaryň, bulgar burçunyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirip, her ýylda 100 — 120 tonna hasyl alyp, halkymyzyň ýylyň ähli paslynda gök-bakja önümleri bilen üpjün edilmegine goşant goşup gelýär.
«Ezber daýhanyň» owadan bezelen pawilýonynyň öňünde durup, Arslan Nurgeldiýew bilen gürrüňdeş bolýan wagtymyz, sergä aýlanyp ýören talyp gyzlar golaýymyzda aýak çekip, pawlowniýa agajy bilen gyzyklandylar. Halypa telekeçi baý iş tejribesini ýaşlar bilen paýlaşyp, şeýle gürrüň berdi:
— Pawlowniýa dünýäde agaçlaryň şasy hökmünde tanalýar. Onuň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ähmiýeti uludyr. Ol berk hem-de ýumşak bolup, mebel önümçiliginde, sport esbaplaryny, saz gurallaryny ýasamakda, gurluşykda we kosmetologiýada, derman senagatynda, biotehnologiýada giňden ulanylýar. Biz bu agajy aprel aýynyň başynda ekýäris. Iň çalt ösýän bu agaç bir ýylda 5 metr töweregi boý alýar. Boýy 25 metre çenli ýetip, 100 ýyla golaý ýaşaýar. Ýene-de bir aýratynlygy, söwüt, derek ýaly, çapan ýeriňden täze şahasy ösüp çykýar. Bu bolsa ony täzeden ekmek zerurlygyny aradan aýyrýar.
Pawlowniýa kömürturşy gazyny özüne çekip, köp mukdarda kislorod bölüp çykarmak bilen, howanyň ekologik ýagdaýyna hem öz täsirini ýetirýär. Lukmançylykda ony bagyr, böwrek, öthalta, öýken sökelliklerini bejermekde giňden peýdalanýarlar. Ýokumy ýorunjanyňka barabar bolansoň, pawlowniýa mallar üçin iým taýýarlamakda hem ulanylýar. Bu agajyň gögümtil-mawy we ak reňkli gülleri diňe bir owadan görnüşi däl, hoştap ysy bilen hem bendi edýär. Ol öz gözelligi bilen seýilbaglaryna, seýilgählere, köçe-ýollaryň gyralaryna aýratyn görk berýär.
Dürli toprak-howa şertlerine çalt uýgunlaşýandygy sebäpli, biz ony bereketli topragymyzda ösdürip ýetişdirmegi makul bildik. Häzirki wagtda daýhan hojalygymyzda onuň ýüz müňlerçe düýbi ösýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi tokaýlaşdyrmak işlerine goşandymyzdyr.
Hawa, «Ezber daýhan» daýhan hojalygynyň öz işine ussat hünärmenleri asylly işleri bilen bazarlarda, mukaddes saçaklarda bereket bolçulygyny döretmäge, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge işjeň gatnaşmak bilen birlikde, ösüp gelýän ýaş nesilde ene topraga, halal zähmete söýgini artdyrmakda hem görelde bolýarlar. Türkmen telekeçileriniň sergisinde Arslan Nurgeldiýew ýaly baý tejribesi bolan işewürler tarapyndan ýaýradylýan tejribeler, orta atylýan teklipler, hödürlenen taslamalar ýaş telekeçiler üçin dürli ugurlarda iş alyp barmagyň ýollaryny öwrenmekde, özbaşdak iş ýöredip, ukyp-başarnyklaryny synap görmekde özboluşly mekdepdir.
Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.