Söwdanyň sanlylaşdyrylmagynyň eksporty ösdürmekdäki ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli işleriniň netijesinde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady syýasatynyň netijeli durmuşa geçýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan ykdysady syýasatynda ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak işleri möhüm orny eýeleýär. Hususan-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” ýurdumyzda öndürilýän önümleri eksport edýän we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegini dowam etmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş-ykdysady strategiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary depginli durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan ugurlary kesgitlemek Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda” baş maksat hökmünde kesgitlenildi.

Dünýäniň haryt bazarlarynda bäsleşik göreşiniň ýitileşýän häzirki şertlerinde ýurdumyzdan daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini has-da artdyrmak üçin daşary söwda gatnaşyklarynda häzirkizaman tehnologiýalaryndan giňden peýdalanmagy zerur bolup durýar. Şeýle tehnologiýalaryň biri hökmünde internet toruny görkezmek bolar. Häzirki döwürde dünýäde bu toruň üsti bilen köp sanly elektron söwda amallary geçirilýär.

Elektron söwda diýip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan, uzaklykdan satmak arkaly edilýän söwdanyň görnüşine düşünilýär.

Halkara söwda gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda internet söwdasyny ýurdumyzyň milli eksportyny artdyrmagyň gelejegi bar bolan ugurlarynyň biri hökmünde görkezmek bolar. Eksporta goldaw bermegiň bu usulyny has-da giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” elektron söwda sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmeginiň üç ugrunyň biri hökmünde kesgitlenip geçilýär.

Bulardan başga-da, ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň üsti bilen elektron söwdany ösdürmegiň kadalaşdyryjy-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär. Hususan-da, 2020-nji ýylyň 14-nji martynda “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini muňa mysal edip bolar.

Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýarlar. Şol sanda hususy önüm öndürijilerimiz, söwda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan şereketler internet söwdasynyň gerimini günsaýyn giňeldýärler, elektron söwda sahypalaryny açmak, ykjam elektron goşundylaryny döretmek hem-de dünýä belli internet söwda ulgamlarynda ýurdumyzda öndürilen harytlary hödürlemek arkaly onlaýn usulda harytlary menzilara satmak we eltip bermek hyzmatlaryny giň gerimde amala aşyrýarlar.

Elektron söwdany düzgünleşdirmek babatynda halkara derejesinde hem işler hem alnyp barylýar. BMG-niň 1996-njy ýyldaky mejlisnde “Elektron söwdasy boýunça nusgalyk kanun” kabul edildi. Halkara derejesinde şeýle kanunyň kabul edilmegi ýurtlara elektron serişdeleri arkaly harytlaryň özara alyş-çalşyny has-da ýeňilleşdirýär.

Elektron söwdany ýurdumyzyň milli eksportyny ösdürmegiň wajyp guraly hökmünde peýdalanmagyň zerurlygyny, söwda amallaryny geçirmegiň bu usulynyň ýokary amatlylygy bilen düşündirip bolar. Hususan-da:

  •     
  •    elektron    dükanyň eýesiniň, şeýle hem harytlary satyn alyjylaryň    harytlary satmaklary üçin ýa-da şu harytlary satyn almaklary    üçin olaryň bir ilatly nokadyň çäginde bolmaklary zerur    bolmaýar;

        
  •    internetiň    üsti bilen halkara söwda meýdançalaryna ornaşmak ýeňil    bolýar;

        
  •    köpsanly    wirtual töleg ulgamlary peýdalanylýar;

        
  •    halkara    söwdasyndaky araçyllara sarp edilýän harajatlar azalýar;

        
  •    harytlar    dünýäniň islendik nokadyna poçtanyň üsti bilen eltilýär;

        
  •    Internetiň    bar bolan islendik ýerinde we islendik wagtda täze harytlar we    arzanladyşlar bilen tanyşyp bolýar.

Elektron täjirçilik halkara söwdasynda bäsleşik artykmaçlyklaryny döretmäge mümkinçilik berýär hem-de onuň ösmegini höweslendirýär. Sanly ykdysadyýet bazarlaryň has-da biri-birine ýakynlaşmagyna getirýär. 

Elektron täjirçilik harytlary (hyzmatlary) internet torlarynyň üsti bilen satyn almaklygy we satmaklygy göz öňünde tutýar. Müşderileri ýeňil gözläp tapmaga mümkinçilik bermegi elektron täjirçiligiň esasy artykmaçlygy hökmünde görkezmek bolar. Şoňa laýyklykda haryt öndürijiler öz harytlaryny daşary ýurtlara satmaga uly mümkinçilikleri alýarlar.

Alyjylar we satyjylar üçin elektron söwda meýdançalaryny döretmäge gatnaşýan internet araçyllary elektron täjirçiligiň ösmeginde wajyp orun eýeleýär. Çünki elektron söwda meýdançalary onlaýn-satyşlara sarp edijileriň ynamynyň artmagyna, satyjylar üçin belli standartlaryň bellenilmegine, tölegleri geçirmegiň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem satyjylaryň (salgyt, gümrük we başgalar) döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täsir edýärler. 


Orazjemal MYRADOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 

Maliýe kafedrasynyň mugallymy.