Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralara degişli täze desgalaryň gurluşygynyň barşy hem-de taslamalary bilen tanyşdy
Ahal welaýaty, 10-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň, şeýle hem bu düzümlere degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ýokary derejeli gulluk etmeklerini, göwnejaý dynç almaklaryny we dürli hünärleri ele almaklaryny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.
Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, olaryň ekerançylyk işleri bilen meşgullanmagynyň, dürli görnüşli önümleri öndürmek meselelerini ýola goýmagynyň uly geljeginiň bardygyny belleýär. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 3-nji noýabrda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirligini döretmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň gök, bakja we miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmekleri bilen bir hatarda, olary gaýtadan işlemek meselelerini, soňky tapgyrda bolsa ýyladyşhanalary gurmak işlerini ýola goýmagy tabşyrdy. Munuň özi ýylyň ähli paslynda ter gök önümleriň ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün edip, ýaşlaryň halal zähmete gol bermegini, olaryň gulluklarynyň öndürijilikli zähmet bilen utgaşdyrylmagyny, ahyrky netijede bolsa, harby gullukçylaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini üpjün eder.
Döwlet Baştutanymyz dag eteklerindäki ajaýyp künjekleriň birinde saklanyp, ýoluny ahalteke bedewinde dowam etdi.
Tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ekologiýa, bioköpdürlüligi saklamak, çölleşmä garşy göreş bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýän ýurdumyz bu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, “Rio+20” sammitinde we beýleki iri forumlarda öňe süren başlangyçlary umumadamzat ähmiýetli wezipeleriň çözgüdine gönükdirilendir.
Tebigatyň bu künjegi güýz paslynda has ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Dag etekleriniň giň ýaýlalarynda ynsan saglygyna tenekar howanyň emele gelmegi bu ýerleriň ähmiýetini artdyrýar. Döwlet Baştutanymyz atly gidip barşyna, giň ýaýlanyň ajaýyp görnüşlerini synlady. Häzirki döwürde gönüden-göni milli Liderimiziň aladasy netijesinde ýurdumyzda ekologiýa babatda ägirt uly ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň ajaýyp künjeklerinde, sähralarynda bar bolan ösümlik dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda köpdürlüligini saklap, Watanymyzyň esasy baýlygy dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan maksatnamanyň çäklerinde dürli künjeklerde tokaý zolaklary döredildi. Derýalaryň we akabalaryň kenarlary gök zolaklara beslendi. Merkezi Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýär.
Dag etekleriniň gaýtalanmajak ekoulgamy, ösümlik we haýwanat dünýäsi ekologik nukdaýnazardan amatly künjegi döretdi, şonuň üçin hem ony netijeli ulanmak we ylmy taýdan öwrenmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belleýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirliginiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.
Bu ýerde Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew Hojalyk müdirliginiň birinji tapgyrda gurulmagy meýilleşdirilýän binalarynyň we desgalarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi. Toplum birnäçe binalardan ybarat bolup, olarda ýaş harby gullukçylaryň zähmet endigini ösdürmek üçin ähli zerur şertler üpjün ediler.
Milli Liderimiz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Gurulýan desgalaryň taslamalary taýýarlananda we olaryň gurluşygynda ýokary hil derejesine aýratyn üns bermelidigini, olaryň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli binagärlik ýörelgelerine kybap gelmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde toplumyň gurluşygy üçin kesgitlenen ýeriň amatly saýlanyp alnandygyny aýtdy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew bu ýerde serhetçiler üçin niýetlenen 150 orunlyk naharhananyň we beýleki desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde awtoduralgany, ammarlary, şeýle hem 2 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsini gurmak göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertlerini yzygiderli gowulandyrmak meselelerine uly üns berilýändigini belläp, gurluşyklaryň ýokary hil derejesine we olaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy. Bu meseleler ýurdumyzyň mukaddes çäkleriniň goragynda durýan serhetçiler üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde saklanýan gulluk itleri, olar üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Döwlet serhet gullugynyň başlygy milli Liderimize serhetçi itleriň saklanylyşy, olaryň gulluk üçin taýýarlanylyşy hem-de alabaýlar üçin döredilen şertler barada hasabat berdi. Bu ýerde gulluk itleriniň ukyplaryny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Ata-babalarymyzyň kemala getiren alabaý itleri milli buýsanjymyz, Watanymyzyň baýlygy bolup durýar. Olary gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Alabaýlar halkymyzyň dostlugy, gaýduwsyzlygy hem-de güýç-kuwwaty alamatlandyrýan wepaly jandary bolmak bilen, olaryň Döwlet serhedini goramakda ulanylmagy aýratyn ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sakçy it hökmünde deňi-taýy bolmadyk alabaý özüniň eýesini we ony gurşap alýan zatlaryň ählisini buýsanç bilen goraýar. Mertebelilik, wepadarlyk alabaý itleriniň tapawutly aýratynlygydyr.
Milli Liderimiz serhetçilere üstünlik arzuw edip, bu ýerden täze athananyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine tarap atly ugrady.
Ýylyň şu paslynda bu ýerleriň gözelligi özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Aýratyn-da, dag ýollarynyň bol suwly akabalary, gür baglyklar oňaýly howa ýagdaýyny emele getirýär. Tebigatyň ajaýyp künjekleriniň adamlaryň dynç alşy we saglygy üçin ylmy esasda peýdalanylmagy bilen baglanyşykly meseleleri döwlet Baştutanymyz hemişe üns merkezinde saklaýar.
Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralar üçin niýetlenen athananyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde saklandy. Içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow hormatly Prezidentimiziň garamagyna täze guruljak desgalar toplumynyň taslamalaryny hödürledi. Bu ýerde ahalteke bedewlerini saklamaga, idetmäge, seýislemäge niýetlenen desgalar bilen bir hatarda, atşynaslar we serkerdeler üçin binalar gurlar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de ministre tabşyryklary berdi. Toplumyň çäginde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen we dünýä ýüzünde uly şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň döwrebap ýagdaýda saklanmagy, olaryň baş sanynyň artdyrylmagy we ýörite seýisçilik işleriniň geçirilmegi üçin döredilýän şertler häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ozal gurlan we ulanylmaga berlen şeýle desgalar ýaly, täze athana hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Onda bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, atlary çapyşyklara taýýarlamak üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Türkmen halkynyň şöhratly atçylyk däpleri täze taryhy eýýamda hem dowam etdirilýär.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ýerde ýerleşýän we nyşana ok atmak boýunça türgenleşmek üçin niýetlenen atyşhana tarap ugrady.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ähli şahsy düzümleriň harby-söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmek meseleleri milli Liderimiziň üns merkezinde durýar. Munuň özi ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyz atyşhanada nyşana ok atdy we atylan oklaryň nyşananyň merkezine degmegi ýaraga ussatlyk bilen erk edýändigini görkezdi.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary milli Liderimiziň nobatdaky gezek iň ýokary netijeleri görkezip, häzirki zaman ýaraglaryna ussatlyk bilen erk edýändiginiň şaýady boldular. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, şahsy düzümleriň sportuň harby-amaly görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagynyň harby işde söweşjeň wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine bildirilýän esasy talapdygyny belledi we atan nyşanalaryna öz goluny goýdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna alyp barýan jogapkärli işlerinde hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46419
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni tutuş ýurtda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem ýatdan çykmajak taryhy pursatlara beslenýär. Muňa düýn günbatar sebitde il-ulsumyz üçin bähbitli desgalaryň birbada üçüsiniň — Hazar deňziniň kenaryny jähekläp oturan Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň, «KamAZ» kysymly awtoulaglara abatlaýyş-okuw we hyzmat ediş merkeziniň, Magtymguly etrabynda bolsa 50 orunlyk köpugurly hassahananyň gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu täze desgalaryň açylyş dabaralary balkanlylaryň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň öň ýanyndaky günlerde bu ajaýyp wakalaryň şaýady bolan ildeşlerimiziň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris.
Aýjemal ÝAGŞYMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bölüm müdiri:
— Hormatly Prezidentimiziň saýasynda halal zähmet çekip, bolelin durmuşyň, bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşaýan her bir ýylymyz kalplarymyzy buýsançly arzuw-hyýallara besleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda nusgalyk işleri amala aşyrýan halkymyz ýüreklerinde beslän belent maksatlarynyň hemişe myrat tapjakdygyna pugta ynanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasaty hem bize bu beýik hakykaty uly ynam hem buýsanç bilen aýtmaga doly esas berýär. Şonuň üçin-de, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri-de, Gahryman Arkadagymyzyň eziz Diýarymyzyň dünýäniň has kuwwatly döwletleriniň hataryna goşulmagy babatda amala aşyrýan beýik işlerine gönüden-göni dahylly bolmaga çalyşýarlar.
Balkan welaýatynda birbada üç sany möhüm desganyň açylyp, dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi buýsançly başymyzy hasam belende göterdi. Olaryň ikisiniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen hassahanalardygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Çünki ynsan saglygy baradaky alada ýurdumyzda iň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. «KamAZ» kysymly awtoulaglara abatlaýyş-okuw we hyzmat ediş merkeziniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi bolsa Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary barha giňeldýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Şeýle uly tutumlary amala aşyrýandygy üçin welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman, beýik işleri rowaç bolsun!
Tahyr GOÝUNLYÝEW,
Türkmenbaşy şäher hassahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň halk lukmany:
— Islendik ýurduň döwlet syýasatynyň möhüm görkezijileriniň biri-de onuň raýatlarynyň ýaşaýyş derejesidir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk, öňdengörüjilik bilen amala aşyrýan beýik işleri, hususan-da, durmuş ulgamyndaky özgertmeleri, ilkinji nobatda, halkymyzyň mynasyp durmuş şertlerinde ýaşamagyna we saglygyny goramaga gönükdirilendir. Bu gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösen derejelere çykdy. Diňe soňky on bäş ýyla golaý wagtyň dowamynda, eziz Diýarymyzda şypahanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, dürli ugurlara ýöriteleşdirilen hassahanalaryň onlarçasy gurlup, öňden hereket edýänleriniň durky döwrebaplaşdyryldy. Olaryň ählisiniň häzirki zaman lukmançylygynyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilendigini hem buýsançly aýtmak gerek.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, kenarýaka şäherinde gurlup, dabaraly ýagdaýda işe girizilen 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy hem ýurdumyzda adam saglygy baradaky aladanyň ýokary derejesine güwä geçýär. Täze hassahana ähli babatda dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. 200-den gowrak hemişelik iş orunlarynyň döremegini üpjün eden bu hassahanada funksional anyklaýyş, fizioterapiýa, merkezleşdirilen barlaghana, reanimasiýa ýaly bölümleriň birnäçesi bolup, olar Germaniýa, Şwesiýa, Fransiýa, Ýaponiýa, Niderlandlar we Şweýsariýa ýaly ösen döwletleriň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde ýörite kislorod bekediniň gurlandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Keselhana berlen «Tiz kömek» awtoulagy hem raýatlaryň hyzmatynda bolar.
Soltan EŞÇANOW,
«Wozroždeniýe» paýdarlar jemgyýeti önümçilik birleşiginiň Türkmenistandaky bölüminiň gurluşyk boýunça baş inženeri:
— Türkmenbaşy şäherinde “KamAZ” kysymly ulaglary abatlamak, olara hyzmat etmek üçin okuw we hyzmat merkeziniň açylyp, işe girizilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň dabaralanýandygyny görkezýär. Bilşimiz ýaly, berkarar döwletimizde halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde, ulag düzümini döwrebaplaşdyrmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ulag düzüminiň kuwwatynyň yzygiderli artdyrylmagynda Russiýa Federasiýasynyň «KamAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öndürýän dürli görnüşli awtoulaglary mynasyp orun eýeleýär. Bu paýdarlar jemgyýetiniň döwrebap awtoulaglary indi onlarça ýyl bäri dowamly satyn alnyp gelinýär. Munuň özi olaryň ýurdumyzyň tebigy howa şertlerine laýyk gelýändigini-de görkezýär. Dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylan abatlaýyş-okuw we hyzmat ediş merkeziniň işläp başlamagy awtoulaglaryň bu görnüşleriniň hyzmat ediş möhletiniň dowamlylygyny uzaltmaga hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Merkezdäki barlag-goýberiş nokady, ammar, bassyrmaly awtoduralga, suw sorujy desga, ýag ýygnaýjy bölüm we beýlekiler iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Häzirlikçe birbada 20 adamy iş orny bilen üpjün eden täze merkeziň her günde «KamAZ» awtoulaglarynyň 10 sanysyna abatlaýyş hyzmatlaryny amala aşyrmaga mümkinçiligi bar. Bize milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin möhüm işleri bitirip biljek şeýle merkezi gurmaga ähli şertleri döredip beren milli Liderimize köp sagbolsun aýdýarys! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Taýýarlan Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Arslan MÜLLIKOW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46414
Aşgabat, 9-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Awstriýanyň Federal Prezidentiniň we Federal Kansleriniň salamyny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, awstriýaly hyzmatdaşlaryň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz Awstriýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň — BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki guramalaryň, şol sanda soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe bolan Ýewropa Bileleşiginiň çäginde üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda ägirt uly kuwwata eýe bolan türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň işine hem-de işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklara möhüm orun degişlidir.
Awstriýanyň we tutuş Ýewropa işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga çalyşýandygy nygtaldy. Bu ýerde işewürleriň netijeli işlemegi üçin amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi. Awstriýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň ýurdumyza sapary wagtynda ýanynda bolýan wekiliýetiň giň düzümi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Senagat, energetika, ulag we ykdysadyýetiň beýleki ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunuň bilen birlikde medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygy nygtaldy. Bu babatda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň işi hem-de bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestriniň çykyşlary, türkmen paýtagtynda ajaýyp Wena balynyň yzygiderli geçirilmegi, Aşgabatda we Wenada guralan iki ýurduň Medeniýet günleridir beýleki döredijilik çäreleri munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýanynda degişli internet-saýty açyldy hem-de “Galkynyş” žurnaly çap edilýär.
Bellenilişi ýaly, şeýle çärelerdir taslamalar iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Ylym we bilim ulgamynda, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ähmiýet berilýär.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli geňeşmeleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Awstriýa Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berýär we türkmen Lideriniň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge hem-de dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň berkidilmegine, Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän başlangyçlaryny doly goldaýar.
Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy, sebit we ählumumy derejede howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmäge tagallalary birleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhart döwletara gatnaşyklaryň taraplaryň oňyn tejribesine hem-de hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Duşuşyga Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger hem gatnaşdy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46303
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň “TRT World” teleýaýlymynyň sowallaryna jogap berdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erimiň sowallaryna jogap berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda däp bolan dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna, dürli görnüşdäki sebit we halkara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garaldy, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi. Mälim bolşy ýaly, bu syýasatda milletiň gadymdan gelýän gymmatlyklaryna hem-de olaryň häzirki döwür bilen arabaglanyşygyna aýratyn üns berilýär.
— Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow! Möhüm döwlet işiňizden wagt aýryp biz bilen duşuşanyňyz, «TRT World» teleýaýlymyna interwýu berýäniňiz üçin Size köp sagbolsun aýdýarys.
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy köpasyrlyk taryhy, dostluk we doganlyk gatnaşyklary bolan döwletler bolup, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar «Bir millet — iki döwlet» şygary bilen häsiýetlendirilýär. Siz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine nähili baha berýärsiňiz, geljekde edilmeli işler barada pikirleriňiz nämelerden ybarat?
— Sowalyňyz üçin sag boluň! Bu sowala jogap bermezden ozal, Türkiýe Respublikasynyň döwlet teleradiokompaniýasyna hormat goýýandygymy aýtmak bilen, onuň alyp barýan möhüm ähmiýetli işine ýokary baha berýändigimi bellemek isleýärin.
Siziň teleradiokompaniýaňyzyň türki dünýäniň ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda bolup geçýän wakalar, olaryň taryhyny, däp-dessurlaryny, döwrebap ösüşini beýan etmek babatda örän wajyp işleri alyp barýandygyny aýtmak isleýärin.
Indi sowalyňyza jogap bereýin! Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklarymyz barada aýdanymyzda, biz hemişe bu ýurduň doganlyk häsiýetini belleýäris. Hut şu «doganlyk» sözi Garaşsyz döwletler hökmünde biziň gatnaşyklarymyzyň ilkibaşdan we häzirki günlerine çenli syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ulgamda, halkara giňişlikde tutuş ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Geçen asyryň ahyrynda türkmen döwletiniň emele geliş döwründe Türkiýäniň Türkmenistana beren goldawyny biz hiç wagt ýatdan çykarmarys. Türkiýe dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup biziň Garaşsyzlygymyzy ykrar etdi, Aşgabatda özüniň diplomatik wekilhanasyny açdy. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň ähli döwürlerinde Türkiýäniň goldawy aýratyn ähmiýetli boldy. Şol döwür ýola goýlan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň däpleri, biziň gatnaşyklarymyzyň aýratyn häsiýeti ýyllar geçse-de, üýtgemän, has-da berkedi. Biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň gatnaşyklarynyň ösdürilýän berk binýadyna öwrüldi.
Ykdysady ulgamda Türkiýe Türkmenistanyň köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşy bolup, söwda dolanyşygynyň we maýa goýum işjeňliginiň derejesi boýunça ýurdumyzda öňdebaryjylaryň hataryna girýär. Daşary syýasatda, halkara giňişlikde Türkmenistan we Türkiýe parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň howplaryna garşy göreşmek, Durnukly ösüş maksatlaryna eýermek işinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Biziň ynsanperwer ulgamda, ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar babatda gatnaşyklarymyz barha giňelýär.
Türkmenleriň we türkleriň baý taryhy mirasyna daýanyp, biz geljege ynamly garaýarys. Hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meýilnamalaryny düzýäris we olary üstünlikli durmuşa geçirýäris.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň, meniň gadyrly doganym Rejep Taýyp Ärdoganyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşýan şahsy goşandy barada aýratyn bellemek isleýärin. Gürleşenimizde men hemişe onuň Türkmenistana bolan aýratyn garaýşyny, hyzmatdaşlyga bolan üýtgewsiz taýýarlygyny duýýaryn.
Aýrylmaz taryhy arabaglanyşyga, gatnaşyklarymyzyň şu günki maksatlarynyň we mümkinçilikleriniň umumylygyna, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine düşünip, türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljegini biz bile gurýarys. Halklarymyzyň we döwletlerimiziň bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygymyzyň ajaýyp mümkinçiliklerine men berk ynanýaryn.
— Şu ýyl Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny belledi. Siziň pikiriňizçe, şol geçen döwürde ýurduňyzyň ýeten iň wajyp sepgitleri haýsylardan ybarat boldy hem-de öňüňizde goýan geljekdäki maksatlaryňyz barada aýdaýsaňyz?!
— Meniň pikirimçe, ýetilen esasy sepgit — Türkmenistanyň dünýäde Garaşsyz, özbaşdak, kuwwatly we uly abraýa eýe bolan döwlet hökmünde emele gelmegi. Galan zatlar munuň dowamy bolmak bilen, elbetde, türkmen halkynyň häzirki zaman taryhynyň iň esasy we kesgitleýji binýady bolup durýar.
Ýetilen sepgitleriň maddy tarapy barada aýdylanda, ykdysadyýetde, durmuş we beýleki ulgamlarda bu görkezijiler ýeterlik derejede ähmiýetlidir.
Bu gün Türkmenistan durnukly ösýän ykdysadyýeti, uly senagat-önümçilik binýady, köpugurly ulag we kommunikasiýa ulgamy, kuwwatly energetika toplumy, döwrebap oba hojalygy bolan döwletdir. Jemi içerki önümiň her ýylky ösüşi 7 — 10 göterim derejede durnukly saklanýar. Dünýädäki häzirki ykdysady çökgünlik şertlerinde hem geçen ýyl bu görkeziji 5,9 göterim boldy.
Durmuş ulgamy döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudyr. Biz her ýyl bu ulgama Döwlet býujetiniň 70 göterimini gönükdirýäris. Ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş ähmiýetli döwrebap binalaryň halkara ölçeglere laýyk gelýän giň möçberli gurluşygy amala aşyrylýar. «BMG-niň Adamzat ösüşiniň indekslerine we görkezijilerine» laýyklykda, Türkmenistan bu görkezijileri ýokary bolan ýurtlaryň hataryna girýär. Ilatyň girdejisiniň derejesi boýunça bolsa biz dünýäniň ortaça görkezijilerinden ýokary bolan ýurtlarynyň hatarynda.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi Garaşsyzlygymyzyň ýeten iň möhüm sepgidi boldy. Bu bize diňe bir milli bähbitlerimizi üpjün etmäge esaslanan özbaşdak daşary syýasy ugrumyzy amala aşyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, ähli döwletler bilen dostlukly, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklary ýola goýmaga, olar bilen ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ösüşine, onuň ykdysady, önümçilik binýadynyň kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Iş orunlarynyň sanynyň artdyrylmagyny, durmuş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny, ilatyň ýaşaýyş şertleriniň hiliniň gowulandyrylmagyny üpjün edýär.
Umuman, geçen 30 ýyllyk milli ösüş adamlaryň ýaşaýşyny gowulandyrmak, Türkmenistanyň özbaşdaklygyny berkitmek, döwlet gurluşynyň meýilnamalaryny amala aşyrmagyň esasy şerti hökmünde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen, ägirt uly mümkinçilikleri döretmegiň hem-de ulanmagyň döwri boldy.
— Birnäçe gün bäri paýtagt şäher bolan Aşgabada aýlanyp gördüm. Taryhy döwür bilen şu günki medeniýet biri-biri bilen utgaşypdyr. Size ata-babalarymyzyň nesihatlary bilen döwrebap dessurlaryň arasyndaky deňagramlygy saklamak nähili başardýar?
— Ýaňy-ýakynda türkmen ýaşlary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen bolan duşuşykda men taryhymyzyň dowamatlylygyna, däp-dessurlaryň we döwrebaplygyň arasyndaky arabaglanyşyk meselesine aýratyn ünsi çekdim. Men iň gymmatly mirasyň özeninde bilim we ylym bolan edep-terbiýeden ybaratdygyny belledim. Dogry we hemmetaraplaýyn terbiýe bolsa, ilki bilen, asyrlaryň synagyndan geçen taryha, däp-dessurlara, ata-babalarymyzyň tejribesine, ahlak gymmatlyklaryna daýanmakdyr. Pederlerimiziň geçen gahrymançylykly ýoly, ata Watanymyzyň ajaýyp taryhy ýaşlarymyzyň hökman geçmeli nusgalyk mekdebidir. Men bu barada «Paýhas çeşmesi» atly kitapda hem aýratyn nygtadym.
Birinji müňýyllygyň başyndaky Beýik Hun döwleti, Rim we Hytaý imperiýalary bilen bäsdeş bolan Parfiýa türkmen şalygy, ikinji müňýyllykdaky Hindistana çenli uzap gidýän Gaznaly türkmenleriniň döwleti, Hytaýdan Ortaýer deňzine çenli öz täsirini ýetiren Beýik Seljuk türkmenleriniň döwleti, ylmyň, medeniýetiň we sungatyň özboluşly nusgalaryny miras goýan Köneürgenç türkmenleriniň döwleti, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriň döwleti — bularyň ählisi Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň geçen taryhy ýolunyň beýikliginiň aýdyň subutnamasydyr.
Meşhur taryhçylaryň gadymy hat-ýazuw çeşmelerine we işlerine ser salmak gerek. Olar bütin adamzat taryhynyň dowamynda türkmen halkynyň parahatçylyk we ynsanperwerlik gymmatlyklaryna eýerip, beýik taryh we medeniýet döredendigini tassyklaýar. Bu toprakda Merw, Gürgenç, Nusaý, Abiwerd, Dehistan, Sarahs, Amul, Zemm, Şähryslam ýaly iri şäherler döredi. Olar ösüp barýan şäherler bolup, ylmyň, bilimiň merkezi hökmünde ykrar edildi. Bu şäherler dünýä ylmynyň, medeniýetiniň, edebiýatynyň, sungatynyň ösüşine uly goşant goşdular.
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitapda men geljekde türkmeniň taryhy ýoluny dowam etmeli, milli däp-dessurlarymyzyň we sepgitlerimiziň nesilden-nesle geçmegini üpjün etmeli ýaşlarymyza arzuwlarymy beýan etdim. Bu duşuşykda biziň topragymyzda ýaşap geçen, dünýä ylmynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan beýik şahsyýetler ýaly ylmyň täze parlak ýyldyzlarynyň, dünýä meşhur şahsyýetleriň dörejekdigine berk ynanýandygymy aýtdym. Bu sözleri aýtmaga mende ähli esas bar, çünki türkmen ýaşlaryna bilim we terbiýe bermek babatda oýlanyşykly döwlet syýasaty bu gün öz ajaýyp netijelerini berýär.
Biziň ýaşlarymyz öz beýik ata-babalarynyň göreldesinden ylham alyp, ylmy işlerde ýokary netijeleri gazanýarlar. Dürli dersler boýunça halkara olimpiadalarda ýeňiji bolup, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Dünýäniň iri sport ýaryşlarynyň münberlerinde öňdäki orunlary eýeleýärler. Döwletimiz ýaşlaryň bilim, ylym, sport belentliklerine bolan hyjuwyny maddy taýdan hem goldaýar. Bu bolsa ata-babalarymyzyň bize goýan mirasynyň we Türkmenistanyň geljeginiň — Garaşsyz, ösüp barýan we özi hakynda alada edýän döwletde ýaşaýan ýaşlarymyzyň arasyndaky bölünmez arabaglanyşygyň, taryhyň we häzirki günüň nesilden-nesle geçmeginiň mysaly bolup durýar.
— Elbetde, men hem şähere gezelenç eden wagtym Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüm, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny synladym we Olimpiýa şäherçesindäki sport toplumlaryna aýlandym. Siziň geljekki nesil üçin amala aşyran uly işleriňize janly şaýat boldum. Men Siziň gazanan üstünlikleriňize buýsanyp, ýakymly pursatlary başdan geçirdim. Sebitdäki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga nähili baha berýärsiňiz? Kärdeşleriňiz bilen gatnaşyklaryňyz barada aýdyp beräýseňiz?!
— Bu hyzmatdaşlyga netijeli, ynamdar, anyk çözgüde gönükdirilen hökmünde baha berýärin. Öz gatnaşyklarymyzda biz hoşniýetli goňşuçylykdan, birek-birege hormat goýmakdan, doganlykdan we halklarymyzyň medeni-siwilizasion ýakynlygynyň taryhy baglanyşygyndan ugur alýarys. Bu berk binýat geljege ynamly garamaga, ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin giň gerimli, uzak möhletli we durmuş ähmiýetli meýilnamalary düzmäge mümkinçilik berýär.
Şu ýylyň awgust aýynyň başynda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu ýokary döwlet derejesinde syýasy aragatnaşygyň täze görnüşi bolup, biz onuň Merkezi Aziýada döredijilikli hereketleriň kemala getirilmegi üçin hemişelik binýat boljakdygyna ynanýarys.
Sebitdäki kärdeşlerim, Merkezi Aziýa döwletleriniň hormatly Prezidentleri bilen sebitiň durnukly we yzygiderli ösüşini hem-de onda ýaşaýan halklaryň abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, özara ylalaşykly çözgütleriň kabul edilmeginiň üstünde işleýäris, yzygiderli gepleşikleri geçirýäris. Gepleşiklerimiziň gün tertibi sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek, daşky gurşaw meselelerini çözmek, Merkezi Aziýanyň dünýä ykdysady we kontinental gatnaşyklaryna goşulyşmagy hem-de başga-da köp möhüm meseleleri we beýleki derwaýys mowzuklary öz içine alýar.
Bir ýarym ýyl bäri biziň ýurtlarymyz öz tagallalaryny birleşdirip, pandemiýanyň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşýärler. Derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, şahsy gorag serişdeleri we beýleki ýardamlar bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa döwletleri söwda gatnaşyklaryny degişli derejede saklamaga, ýük daşamak üçin mümkinçilikleri döretmäge, başlanan ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp düzdüler we amala aşyrdylar.
Bäş döwletiň Baştutanlary dostlugy we hyzmatdaşlygy yzygiderli hem-de gyşarnyksyz berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylygy, agzybirligi we taryhy ykballarymyzyň biri-biri bilen aýrylmazlygyny gorap saklamaga çalyşýandyklaryny tassykladylar.
— Ýakyn wagtlarda Azerbaýjan — Türkmenistan — Türkiýe üçtaraplaýyn sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Sammitiň gün tertibi hem-de ondan garaşýan netijeleriňiz barada aýdyp beräýseňiz?!
— Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi döredildi hem-de onuň üç doganlyk döwletiň we halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine, şonuň üçin-de onuň uly islegden peýdalanmagy netijesinde, doly möçberde durmuşa geçiriljekdigine ynanýaryn.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň, olaryň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesi syýasat, ykdysadyýet, söwda we ynsanperwer ugurlar boýunça üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy ynamly, netijeli ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Biziň ýurtlarymyz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek boýunça bilelikde ähli tagallalary edýärler. Sebit meselelerinde netijeli hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň ýörelgelerini yzygiderli hem-de tutanýerli öňe sürýärler.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň çemeleşmeleri Merkezi Aziýa, Hazar we Gara deňzi sebitleriniň ösmegine oňyn täsir edýär. Bu sebitleriň Ýewraziýanyň bu bölegindäki uzak möhletli durnuklylygyň berk binýadyna öwrülmegine goşant goşýar.
Söwda we ykdysady gatnaşyklar özara bähbitli hem-de deňhukukly esasda yzygiderli ösdürilýär. Üç döwletiň mümkinçilikleriniň birleşdirilmegi, umumy çeşmeleriň ulanylmagy, geografik, senagat we tehnologik aýratynlyklar diňe bir milli ykdysadyýetiň ösmegine güýçli itergi bermän, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde geoykdysady gurluşa, täze döredijilik many-mazmunyna we aýratynlyklaryna goşant goşup biljekdiginiň subutnamasydyr. Gürrüň, ilkinji nobatda, energetika, ulag, aragatnaşyk ýaly strategik ugurlar barada barýar. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Gündogar — Günbatar ugry boýunça ygtybarly ulag we energetika köprüsiniň emele gelmeginde öňdebaryjy orun eýeleýändigine ynanýaryn.
Belli sebäplere görä yza süýşürilen Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň duşuşygynyň ýakyn wagtlarda geçiriljekdigine umyt edýäris. Bu duşuşyk üç doganlyk döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda aýdyň sahypa bolup, hyzmatdaşlygymyzy kämilleşdirer we baýlaşdyrar, onuň täze ugurlaryny açar. Türkmen, azerbaýjan we türk halklarynyň jebisliginiň hem-de agzybirliginiň nobatdaky subutnamasy bolar.
— Türkmenistan sebitiň ýurtlary we onuň çäginden daşarda ýerleşen döwletler bilen energetika, ulag, söwda we beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ýola goýýar. Siziň pikiriňizçe, haýsy taslamalar has ähmiýetli boldy?
— Olaryň hemmesi üstünlikli, çünki olar taslama düzülende kesgitlenen maksatlara doly gabat gelýärler. Men eýýäm durmuşa geçirilen taslamalar ýa-da häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalar barada aýdýaryn. Olar Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky Serhetabat — Turgundy ugry boýunça demir ýol ýaly taslamalardyr.
Elbetde, energetika taslamalarynyň arasynda strategik taýdan aýratyn möhümi Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygydyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäginde Türkmenistandan Hytaýa barýan gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak maksadynyň bardygyny bellemelidiris. Ulag pudagynda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça taslamanyň uly geljegini görýäris.
Umuman, Türkmenistanyň strategiýasy sebitiň döwletleriniň çalt ösmegi, dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagy, Ýewraziýa giňişliginde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan, sebitdäki döwletleriň serişdelerini we geografik mümkinçiliklerini ýokary derejede netijeli ulanmaga gönükdirilendir.
— Hormatly Prezident, şu ýyl Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmagyna garaşylýar. Bu gurama synçy hökmünde goşulmak baradaky çözgüdi kabul etmäge sebäp bolan ýagdaýlar barada aýdyp beräýseňiz?
— Mälim bolşy ýaly, şu ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny giňden dabaralandyrýar. Geçen ýyl bolsa ýurdumyz ýene-de bir şanly senäni — hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny belläp geçdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen dünýäniň 185 ýurdy tarapyndan biragyzdan ykrar edilen we Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Kararnamasy bilen ikinji gezek tassyklanan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi bolsa ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwründen bäri, BMG-niň degişli Kararnamasynyň ähli kadalaryny üýtgewsiz durmuşa geçirip gelýär. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, köptaraply harby-syýasy şertnamalara we bileleşiklere goşulmazlyk ýaly borçnamalary öz üstüne aldy.
Geçen döwürde ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk daşary syýasaty öz netijeliligini, dünýä jemgyýetçiliginiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Hemişelik Bitaraplygyna esaslanyp, Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde hem çäreleri amala aşyrýar.
Ýurdumyzyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmagy baradaky çözgüdi kabul etmäge sebäp bolan ýagdaýlar barada aýdanymyzda bolsa, Türkmenistan bu geňeşiň mejlislerine hemişe ýokary derejede işjeň gatnaşyp gelýär. Şunuň bilen birlikde Türkmenistan türki dilli ýurtlaryň ählisi bilen dürli ugurlarda dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýär. Şoňa görä-de, biz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmak baradaky çözgüdi kabul etdik.
Men Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy hökmünde gatnaşmagynyň guramanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda alyp barýan işlerine goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.
— Siziň maşgala gatnaşyklaryna, maşgala agzalaryňyza uly hormat goýýandygyňyz hemmelere mälimdir. Maşgala düşünjesi Siziň üçin nämäni aňladýar?
— Meniň üçin, umuman, türkmenler üçin maşgala gatnaşyklary çagalarymyza we agtyklarymyza miras galýan, gorap saklanmaga degişli mukaddeslikdir.
Adamyň iň gowy häsiýetleriniň biri ene-atasyna bolan çäksiz söýgüsidir. Türkmen nakylynda aýdylyşy ýaly, «Ataň bagtly bolsa — Allatagala bereket berer, eneň bagtly bolsa — pygamber ýalkar».
Dogruçyl we hakyky adam bolmak, borçlaryňy yhlas bilen ýerine ýetirmek, adamlara hemaýat etmek, ähdiňe wepaly bolmak ýaly ilkinji wesýetleri hem-de nesihatlary, öz topragyňa, onuň taryhyna bolan söýgi, watansöýüjilik öz dowamatyňa görä hereket etmekdir. Meniň ynsan we syýasatçy hökmünde kemala gelmegime aýratyn täsirini ýetiren bu düşünjeleri hem öz dowamatyma siňdirmekdir.
— Öz boş wagtyňyzy nähili geçirýärsiňiz?
— Boş wagtym az, iş güni daň atmanka başlanýar we giç agşam gutarýar. Dynç almak üçin wagtym bolsa, ony peýdaly we netijeli geçirmäge çalyşýaryn — köp okaýaryn ýa-da döredijilik we sport bilen meşgullanýaryn.
— Siz Prezident wezipesine girişmezden öň lukmançylyk ugry boýunça bilim aldyňyz, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinde işlediňiz. Men Siziň ýazan birnäçe kitaplaryňyz bilen tanyşdym we okadym. Siz görnükli syýasatçy, ýazyjy hem-de alym. Hünär saýlamakda şu günki ýaş nesillere näme maslahat berersiňiz?
— Hünär saýlamak belli bir käriň inçeliklerini ele almaga ymtylýan ýaş adamyň gyzyklanmalary bilen baglanyşykly bolmalydyr. Kesbiňden kemal tapmak üçin işiňi söýmeli, şonda üstünlik hem geler. Elbetde, alyp barýan işiňe elmydama halkyň esasy işiniň bir bölegi hökmünde garamaly. Adam özüniň Watanyň ykbalyna hemişe dahyllydygyny duýmalydyr.
Adam hemişe durmuşda öz mynasyp ornuny tapmak üçin saýlap alan hünäriniň inçeliklerini ele almaga ymtylmalydyr. Hünär derejesini kämilleşdirmäge çalyşmalydyr. Öz saýlap alan kärine wepaly bolup, hünär ussatlygyny artdyrmaga çalyşýan adam at-abraý hem gazanar. Il içinde hormatly ada-da mynasyp bolar. Ilkinji nobatda, öz ýüregiňe ýakyn hünäri saýlamaly. Ony ýokary derejede ele almaga çalyşmaly. Ussat hünärmen bolup ýetişmek üçin hemişe köp okamaly, öwrenmeli, kämilleşmeli. Şoňa görä-de, öz zehiniňe, ukyp-başarnygyňa görä hünär saýlamagy esasy meseleleriň biri hasaplaýaryn.
— Çuňňur hormatlanylýan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow! Örän möhüm döwlet işleriňiziň köpdügine garamazdan, wagt tapyp, biziň bilen duşuşandygyňyz, «TRT World» teleýaýlymyna interwýu berendigiňiz üçin Size köp sagbolsun aýdýarys. Biz munuň üçin özümizi bagtly duýýarys.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46300
Aşgabat, 9-njy noýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Awstriýa Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe duşuşyklar geçirildi.
Awstriýanyň wekiliýetiniň düzümine dostlukly ýurduň iri kompaniýalarynyň wekilleri girdi. Şeýlelikde, şu gün geçirilen duşuşyklara gatnaşyjylaryň hatarynda hyzmatdaşlyk boýunça radioýaýlym enjamlaryny öndüriji “Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH” kompaniýasynyň, ýangyna garşy enjamlary we ýörite awtomobilleri getirýän “Rosenbauer International AG” kompaniýasynyň, ulag düzümleriniň gurluşygy boýunça “Waagner Biro Bridge System” kompaniýasynyň, lukmançylyk edaralary üçin önümleri getirýän “VAMED” kompaniýasynyň, “Europe Consult GmbH” konsalting-maslahat beriş kompaniýasynyň, saglygy goraýyş ulgamy üçin tehnologik çözgütleri taýýarlaýan “AME International”, elektroenergiýanyň durnukly önümçiligi üçin täzeçil çözgütleri öňe sürýän “Geppert GmbH” kompaniýasynyň, şeýle hem “Osterreichische Kontrollbank AG” kompaniýasynyň we iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goldaw berýän Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň wekilleri bar.
Ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Maliýe we ykdysadyýet, Medeniýet, Energetika ministrlikleriniň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň, Daşary ykdysady iş bankynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de başga-da birnäçe pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri awstriýaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini, täzeçil enjamlaryň, şol sanda radioýaýlym, lukmançylyk, sport enjamlarynyň getirilmegini guraýan bilelikdäki kärhanalary döretmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhartyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana bu gezekki sapary däp bolan döwletara gatnaşyklary berkitmegiň hem-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Şeýle-de bu sapar Garaşsyz türkmen döwletiniň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen doly möçberli gatnaşyklaryny has-da giňeltmeginde ähmiýetlidir.
Soňky ýyllarda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler işjeňleşdirildi. Bu bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli meseleleri we halkara derejedäki wezipeler boýunça pikir alyşmaga, olar boýunça umumy çemeleşmeleri we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, gaýtadan işleýän pudagy berkitmek, ýokary tehnologiýaly senagat önümçilikleriniň gurluşyklary boýunça iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak syýasaty bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňden ösdürmäge oňyn şertleri döredýär.
Soňky ýyllarda türkmen-awstriýa işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegini şertlendirýän degişli şertnama-hukuk binýady pugtalandyryldy. Awstriýanyň işewür düzümleriniň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda gurluşyk, syýahatçylyk, söwda, marketing we ulag hyzmatlary, dürli pudaklar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary getirmek taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi babatda oňyn tejribe toplandygyny bellemek gerek. Şunda wekiliýetleri alyşmak, iş saparlaryny, işewürlik maslahatlaryny we pudaklaýyn sergileri geçirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hyzmatdaşlygyň türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam edýändigini biragyzdan nygtadylar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46301
Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde maýa goýumlaryň uly ähmiýeti bardyr. Döwletiň durmuşa geçirýän bu syýasaty maýa goýum işini işjeňleşdirmek, ykdysady ösüşi, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak we ilatyň durmuş meselelerini oňyn çözmek maksady bilen amala aşyrylýan hojalyk işleriniň toplumydyr. Maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň baş maksady ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakdan, önümçiligiň giň gerimde ösdürilmegini we düýpli maýa goýumlaryň maýadarlar üçin peýdaly bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda uly möçberli maýa goýum işlerini amala aşyrmak üçin ähli ykdysady amatlyklar, ýagny ýeňillikli karz, salgyt, gümrük tölegleri we halkara talaplara laýyk gelýän berk kanunçylyk binýady döredildi. Şeýle amatlyklar maýadarlarda uly gyzyklanma döredýär.
Milli ykdysadyýetimize çekilýän maýa goýumlaryň esasy aýratynlygy ýerli maýa goýumlaryň, döwlet býujetiniň serişdeleriniň paýynyň ýokary bolmagyna oňyn şert döredýär.
Ýurdumyzda nebitgaz, nebithimiýa, saglygy goraýyş we derman senagaty, ulag-aragatnaşyk, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, daşary ýurt maýalarynyň akymyny artdyrmak, amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek barada ägirt uly işler alnyp barylýar.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyza maýa goýumlary çekmek we olaryň möçberini artdyrmak babatynda alnyp barylýan işiň çäklerinde Türkmenistanyň bank ulgamynyň tutýan orny örän uludyr. Maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde we ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdeleriniň çekilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan uly işler alnyp barylýar.
Maýa goýumlar babatda, halkara gatnaşyklary ilerletmekde Türkmenistan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Diýarymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky asudalyk, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesi, durnukly durmuş-ykdysady ösüşimiz, ýurdumyzda döwrebap ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň hereket etmegi, daşary ýurt maýa goýumlarynyň kanun taýdan goraglylygy, maýadarlary höweslendirmek üçin berilýän salgyt we gümrük boýunça ýeňillikler bu ugurdaky işleriň rowaçlanmagyna ähli mümkinçilikleri döredýär. Alnyp barylýan oýlanyşykly maýa goýum syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüş depgini gazanylýar. Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň görnüşleriniň artmagy netijesinde daşary söwda dolanyşygynyň oňyn tapawudy emele gelýär.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oýlanyşykly maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösdürilmegine, ykdysady mümkinçilikleriň artdyrylmagyna hem-de halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Allamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46297
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda depginli ykdysady ösüşler gazanylýar. Munuň, hakykatdan-da, şeýledigini şu ýylyň 5-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde getirilen maglumatlar hem aýdyň görkezýär.
Ykdysady ösüşi häsiýetlendirýän esasy makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümiň ösüş depgini şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 6,2 göterim ýokarlandy, öndürilen önümiň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artdy. Bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 16,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 14,6 göterim artdy.
Şeýle netijeleriň gazanylmagy ýurtda haryt-pul aýlanyşygynyň kadaly hereketini ýola goýmaga, ýurda gelýän erkin puluň köpelmegine we Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine amatly şertleri döredýär.
Üstümizdäki ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 108,3 göterime, çykdajy bölegi 96,1 göterime deň boldy. Iri we orta kärhanalarda aýlyk haklary geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 10,5 göterim artdy. Şeýlelikde, ilatyň tölege ukyplylygy ýokarlandy, harytlara we hyzmatlara bolan ösen islegleri kanagatlandyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurduň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek, maşgala girdejisini artdyrmak maksady bilen işjeň maýa goýum syýasaty ýöredilýär. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 22,7 milliard manada barabar boldy. Ykdysadyýete goýulýan we daşyndan çekilýän maýa goýumlaryň yzygiderli artmagy ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmäge, milli ykdysadyýeti ýaramaz täsirlerden goramaga we býujetiň girdejilerini artdyrmaga zerur şertleri döredýär.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň on aýynyň netijelerine garalan mejlisiniň dowamynda ýolbaşçylara ýüzlenip, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň çalt depginde sanly ulgama geçirilmelidigini nygtady. Sanly ulgama geçmek wagty we serişdäni tygşytlamak bilen bir hatarda gözegçiligi güýçlendirmäge, maglumatlary tiz alyşmaga we ýokary netijeli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelik bilen, serişdeleriň tygşytly ulanylyşy üpjün ediler, zähmet öndürijiligi ýokarlanar, önümiň özüne düşýän gymmaty peseler, ykdysadyýetiň pudaklary has-da düşewüntli dolandyrylar.
Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynyň ähli senagat düzümleriniň ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmagyň, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň artdyrylmagy ýangyç-energetika toplumynyň gaýtadan işleýän ulgamynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleri ýeterlik möçberde öndürip, pudagy has-da düşewüntli dolandyrmaga giň mümkinçilik berer.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişi yzygiderli artýar. Bu diňe bir içerki sarp edijileri bökdençsiz üpjün etmäge şert döretmän, elektrik energiýasynyň belli bir bölegini eksporta ugratmaga-da esas berýär. Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzda energetika halkasynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyklaryny dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Gurluşyk, energetika hem-de senagat pudaklaryny ýokary depginde ösdürmek üçin bolsa bu ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlary artdyrmak zerurdyr.
Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda uly üstünlikler gazanylýar. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, eýýäm geçen on aýda önümçiligiň ösüş depgini 108,3 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle oňyn netijeleriň gazanylmagy ýurtda azyk bolçulygyny döretmäge, ilaty oba hojalyk önümleri bilen elýeterli bahadan üpjün etmäge, ondan artýan bölegini daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigi barada hem degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda amala aşyrylýan işler barada birin-birin durlup geçildi. Hususan-da, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň hojalyk hasaplaşygyna geçirilendigi, Döwlet hünär bilim edaralary hakyndaky düzgünnamalaryň tassyklanandygy, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, ministrlikleriň garamagyndaky ylmy edaralarda, yokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleriniň ýerine ýetirilýändigi aýdyldy. Bu ulgamlarda alnyp barylýan köpugurly işler özüniň oňyn netijelerini berýär we olary ähli babatda halkara derejelere çykarmaga esas bolup hyzmat edýär.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty barha dabaralanýar, ýurdumyzyň dünýädäki abraýy yzygiderli artýar. Munuň aýdyň mysallaryny şu ýylyň on aýynda hyzmatdaş döwletler, abraýly halkara guramalar bilen alnyp barlan işlerden we gazanylan ylalaşyklardan hem görmek bolýar. Daşary ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi diňe bir milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň ösüşine-de saldamly goşandyny goşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy, eksport mümkinçilikleriniň artmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagy ugrunda netijeli işleriň amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň bähbidine giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli başlangyçlarynyň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Baýramdurdy TAÝHAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46224