Adatça, ýyllary ýyllardan ýakymly ýatlamalary, taryha möhürlenen ýatdan çykmajak wakalary bilen tapawutlandyrýarys. Ol ýatlamalardyr wakalar diňe bir ynsanyň däl, halkyň, döwletiň taryhy senenamasyndan mynasyp orun alyp, geçilen ýola, gazanylan ösüşlere baha bermäge we geljek üçin anyk wezipeleri kesgitlemäge ýardam berýär. Ýazyjy aýtmyşlaýyn, gürrüňiň «demini» çuňdan alsak, biziň bu günki söhbedimiz ata Watanymyzyň iň täze taryhy bolan 2021-nji ýylda halk hojalygynyň pudaklarynda gazanylan ajaýyp üstünliklere gelip direýär. Sözüň doly manysynda, şol ösüşler türkmen ykdysadyýetiniň döredijilik kuwwatyny açyp görkezmek bilen, döwletimiziň bütin dünýädäki abraýyny has-da belende göteren deliller boldy.
Golaýda, has takygy, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 11-nji fewralynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi taryhy wakalara baý boldy. Ata Watanymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülen Halk Maslahatynyň mejlisiniň ilkinji gezek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi bilen bilelikde geçirilendigi bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hökümetiň türkmen döwletiniň «altyn» taryhy hökmünde ýatlanyljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçen ýubileý ýylynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde 2021-nji ýylda alnyp barlan işler bilen bir hatarda, geljek 30 ýyl üçin möhüm wezipeleri kesgitlemek we döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek babatdaky iňňän wajyp meselelere garaldy. Munda, bir tarapdan, «Hökümet-halk» bitewüligi, jebisligi, beýleki tarapdan bolsa, iň täze taryhymyzyň, şu günümiziň we geljegimiziň üçem sazlaşygy aýdyň beýanyny tapdy.
Gahryman Arkadagymyz bilen indi milli ösüşiň täze tapgyryna — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basýan Watanymyzyň, agzybir türkmen halkymyzyň gazanan ýokary üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini bilelikde geçirilen Hökümet we Halk Maslahatynyň mejlislerinde nygtalan makroykdysady görkezijiler äşgär etdi. Milli Liderimiz Hökümetiň giňişleýin mejlisinde sözlän sözünde 2021-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgini esasynda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime deň bolandygyny nygtady. Mejlisde bellenilişi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 104,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim berjaý edildi. 2021-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 31,7 milliard manat möçberde maýa goýumlar özleşdirilip, olaryň 46,3 göterimi önümçilik, 53,7 göterimi bolsa, durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,7 göterim, bölek söwdanyň möçberi 16,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 20,5 göterim artdy. Dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünlik we koronawirus pandemiýasy şertlerinde şeýle ösüşleriň gazanylmagy häzirki döwürde milli ösüş ýolumyzyň başgalar üçin hem goldanarlyk tejribedigini subut etdi.
Hasabat döwründe ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 10,5 göterim ýokarlandy. Bu babatda hormatly Prezidentimiz ýurtda 2007-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 2021-nji ýylda ortaça zähmet hakynyň möçberiniň 366,3 göterim ýokarlanandygyny buýsanç bilen belledi. 2008 — 2021-nji ýyllarda pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemek üçin goýberilen maliýe serişdeleri bolsa 1054 göterim artdy. Munuň özi ata Watanymyzda durmuşa gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň we milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Häzirki wagtda milli ykdysadyýetleriň ýekelikde, dünýä hojalygyndan üzňe hereket edip bilmeýändigini, ykdysadyýetiň hemişe daşarky täsirlere sezewar bolýan ulgamdygyny nazara alsak, häzirki zaman ählumumy çökgünlik döwründe köp mukdarda maliýe serişdelerini talap edýän taslamalary durmuşa geçirmegiň örän kyndygyna göz ýetirmek bolar. Emma ykdysady kuwwatymyzyň hem-de içerki mümkinçiliklerimiziň hasabyna degişli döwürde gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 276 desganyň 42-sinde gurluşyk işleri tamamlanan bolsa, häzirki günde olaryň 167-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz özüniň taryhy çykyşynda: «Men geçen ýyl göz öňünde tutulan 30 desganyň ýerine umumy bahasy 13 milliard manat bolan 73 sany iri desganyň ulanmaga berlendigini aýratyn kanagatlanmak we buýsanç bilen bellemek isleýärin» diýip nygtap geçdi. Ýylyň başynda — 14-nji ýanwarda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol ulanmaga berlip, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamy, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamlary işe girizildi. Olaryň hatarynda Kerki şäherindäki Halkara howa menzili, «Aşgabat» söwda, dynç alyş we işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat binalar toplumy, Lebap welaýatynda iri elektrik we gaz basyş stansiýalary hem-de Mary welaýatynda plastmassa turbalaryny öndürýän zawody ýaly iri desgalar bar. Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynyň hem-de umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanmaga berilmegi hem möhüm ähmiýetli wakalardyr. Çünki diňe agzalan iki dokma toplumynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda 2,5 müňe golaý täze iş orny döredi. Bu bolsa, gürrüňsiz, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň artmagyna we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berer.
2021-nji ýylyň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli ulanyşa girizilen desgalaryň hatarynda häzirki zaman «Arkadag» hem-de «Garagum» myhmanhanalary, Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasy, Türkmenistanyň Maslahatlar we Kabul ediş merkezi, «Senagat», «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banklarynyň edara binalary, täze Döwlet münberi bar. Bulardan başga-da, paýtagtymyzda «Erkin» we «Laçyn» seýilgähleri, Daşoguz, Balkan we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde «Türkmeniň ak öýi» binalary açyldy. Şeýle hem geçen ýyl Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýokanç keseller hassahanasy, Magtymguly etrabynda köpugurly hassahana we Bereket etrabynda uly suw howdany, Daşoguz welaýatynda haly fabrigi, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň täze üpjünçilik desgalary ulanmaga berildi. Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli onuň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutulyp, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň gurluşygy dowam etdirildi. Munuň özi ýurdumyzda badalga berlen gurluşyklaryň geriminiň näderejede giňdiginden, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şan-şöhratyndan habar berýär.
Bir söz bilen aýdanymyzda, 2021-nji ýyl ösüşiň türkmen nusgasynyň dünýäde ykrar edilen milli ösüş ýoludygyny görkezdi. Muňa ýylyň şanly wakasy — «Fitch Ratings» agentliginiň ýurdumyza «B+durnukly» derejesini bermeginde anyk göz ýetirdik. Dünýäniň iň abraýly agentlikleriniň biri bolan «Fitch Ratings» tarapyndan döwletimize şeýle ýokary baha berilmegi, dünýä hojalygynda durnuksyz ýagdaýlaryň dowam edýändigine garamazdan, durnukly ösýän Garaşsyz ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar üçin maliýe taýdan berk binýatly ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny nobatdaky gezek hemmelere aýan etdi.
Umuman, ýubileý ýylyny uly zähmet üstünlikleri we dünýäni haýrana goýýan belent ösüşleri bilen jemlän döwletimiz täze döwre gadam basmak bilen, geljek üçin anyk maksatlary we wezipeleri kesgitleýär. Muny Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» doly tassyklaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tapgyrlaýyn durmuşa geçiriljek uzak möhletleýin maksatnama türkmen ykdysadyýetiniň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyryp, dünýä nusgalyk milli ösüş ýolumyzyň tutuş Ýer ýüzünde dabaralanmagyna doly mümkinçilik berer.
Jumamyrat GUTLYÝEW,