Hil — kämilligiň gözbaşy

düýn türkmen telekeçileriniň gazananlaryna bagyşlanan sergi öz işini tamamlady 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatyndan, döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan türkmen telekeçileri importuň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenilen önümleri öndürmek işinde uly tejribe topladylar. Geçen hepde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli guralan sergi hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. Ýokary hilli önümleri öndürmekde öňdebaryjy tejribä eýe bolan hususy düzümleriň biri-de TSTB-niň agzasy bolan «Täç hil» hususy kärhanasydyr.  

                                                                   

Saç ýuwujy, gap-gaç ýuwujy, gigiýeniki tämizleýji, suwuklandyrylan sabyn ýaly arassaçylyk serişdeleriniň üstüni ýetirýän «Anbar», «Fresh-tämiz», «Glim-parlak» haryt nyşanly önümler telekeçileriň sergisinde uly gyzyklanma döretdi. Gözden geçirişiň çäklerinde türkmen telekeçileriniň arasynda yglan edilen «Ýylyň iň gowy telekeçisi» atly bäsleşiginiň «Ýylyň täze önüm öndüriji işewüri» ugry boýunça ýeňiji bolmagy hem hususy kärhananyň işine berlen mynasyp bahadyr. Bizem «Täç hil» hususy kärhanasynyň döwrebap önümçilik toplumynda bolup, täze önümleriň öndürilişi bilen ýakyndan tanyşdyk.  

                                                                   

Hususy kärhananyň önümçilik toplumy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. 1,33 gektar meýdany eýeleýän önümçilik kärhanasy «A» we «B» bloklardan ybarat bolup, olaryň birinjisi arassaçylyk serişdelerini, ikinjisi bolsa polietilen torbalaryny öndürmäge ýöriteleşendir. Olar Germaniýanyň we Türkiýäniň döwrebap tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. 

 Arassaçylyk serişdelerini öndürýän sehiň gapysyndan giren badyňa dezinfeksiýa serişdeleriniň ýakymly we tanyş ysy burnuňa dolýar. Bu ýerde şahsy arassaçylyk serişdeleri, dürli ölçegdäki çygly süpürgiçler, gap-gaç ýuwujy serişdeler, suwuk sabynlar, «Aura» haryt nyşanly atyrlar, «Fresh-tämiz» haryt nyşanly ýakymly ys berijiler we beýleki antiseptik serişdeler öndürilýär. «Täç hil» hususy kärhanasynyň baş hünärmeni Serdar Öwezow çygly süpürgiçleriň öndürilişi bilen tanyşlygymyzda şeýle gürrüň berdi: «Çygly süpürgiçler öndürilende ýörite taýýarlanylan mata awtomatlaşdyrylan enjamlarda üznüksiz hereket edip, kesgitli ölçeglere bölünýär we dürli ys beriji hem-de antibakterial serişdeler bilen çyglandyrylýar. Soňra bolsa gaplara gaplanýar. Önümçilik üçin ulanylýan suw Köpetdagyň etegindäki Ýanbaş tebigy çeşmesinden getirilýär. Suwuklyk birnäçe gezek gaýtadan işlenilýär we arassalanýar. Her bir çig mal ýörite hil barlaghanasynda barlagdan geçirilenden soň önümçilige goýberilýär. 

                                                                   

Dezinfeksiýa serişdeleri hem ýörite düzüm esasynda taýýarlanylyp, barlaghanada barlanandan soň, degişli enjamlaryň kömegi arkaly dürli ölçegdäki polipropilen gaplara guýulýar. Soňra olaryň gapagy ýapylyp, daşyna bezeg kagyzy ýelmenýär. Beýleki önümleriň önümçiligi hem şu tertipde alnyp barylýar. Taýýar önümler ammarlarda saklanylyp, ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki söwda nokatlaryna ýollanylýar». 

                                                                   

«Täç hil» hususy kärhanasynyň iýmit önümlerini we dürli görnüşli beýleki zatlary saklamaga hem-de daşamaga niýetlenen polietilen torbalaryny öndürýän sehinde hem işler doly awtomatlaşdyrylan ýagdaýda, howpsuzlyk kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. 

                                                                   

— «Täç hil» ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynyň, söwda nokatlarynyň, hyzmatlar ulgamynda işleýän telekeçileriň buýurmalary esasynda dürli ölçegdäki we görnüşdäki polietilen torbalaryny öndürýär. Hususy kärhanamyzyň diňe şu ugurdaky müşderileriniň sany 500-den geçýär. Önümçilik üçin çig mal Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen gurlup, ulanylmaga berlen Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyndan satyn alynýar. Çig mal önümçilik tapgyrlaryny geçip, polietilene öwrülýär. Polietilen sargyt edilen ölçeglere görä kesilip, reňklenilip, ýüzüne bezegler ýerleşdirilýär we torbalar taýýar bolýar — diýip, hususy kärhananyň baş hünärmeni Eziz Gurdow gürrüň berýär. 

                                                                   

Hususy kärhananyň önümçilik toplumynyň gurluşy hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ýolbaşçynyň hem-de hünärmenleriň işleýän otaglaryny we önümçilik sehini biri-birinden diňe aýna diwarlar aýyrýar. Dünýäniň öňdebaryjy önümçilik kärhanalarynda ulanylýan şeýle gurluş işleriň has netijeli ýola goýulmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

«Täç hil» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy hem-de ýolbaşçysy Täçmyrat Gurdow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bize kärhananyň esaslandyrylyşy we ösüş ýoly barada şeýle gürrüň berdi: 

                                                                   

— «Täç hil» hususy kärhanasy 2006-njy ýylda esaslandyryldy. Ilkibaşda biz, esasan, polietilen torbalarynyň we çygly süpürgiçleriň önümçiligi bilen meşgullanýardyk. Işgärlerimiz bolsa barmak büküp sanaýmalydy. Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişmegi bilen, ýurdumyzda hususy telekeçiler üçin uly şert-mümkinçilikler döredildi. Bizem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmak maksady bilen, ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna kärhanamyzyň gerimini giňeltdik. 2016-njy ýylda telekeçiler üçin ýörite döredilen senagat zolagynda döwrebap kärhanamyzy işe girizdik. Häzir bu ýerde 60-dan gowrak işgär zähmet çekip, şolaryň 20-ä golaýy ýokary derejeli hünärmenlerdir. Indi öndürýän önümlerimiziň hem görnüşleri 100-e ýakynlap barýar.  Bu görkeziji yzygiderli ýokarlanýar. 

  Biziň esasy maksadymyz — halkymyz üçin ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli önümleri öndürmek. Önümlerimiziň halkara hil we howpsuzlyk standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan ISO we kärhanamyzda işleriň talabalaýyk ýola goýlandygyny tassyklaýan OHSAS halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolandygymyz bolsa işimize berlen ýokary bahanyň nyşanydyr. 

                                                                   

Biz — telekeçilere ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga we halkymyz üçin ýokary hilli önümleri öndürmäge giň şert-mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleri rowaç bolsun! 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda «Täç hil» hususy kärhanasy täze görnüşli önüm öndürip başlady. «Anbar» haryt nyşany bilen üç görnüşde taýýarlanylýan köpürjikli sabyn, hünärmenleriň bellemegine görä, el ýuwulanda peýdalanylýan suwuň möçberini 35 göterime çenli tygşytlamaga ýardam edýär. Bu bolsa kärhanada ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.  

                                                                   

«Täç hil» hususy kärhanasynyň öndürýän önümleri diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem, Eýran, Owganystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy ýaly goňşy ýurtlara-da eksport edilýär. 

                                                                   

Senagat pudagynda iş alyp barýan hususy telekeçileriň üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän çuňňur oýlanyşykly ykdysady özgertmeleriniň ajaýyp miwesidir. Döredilýän giň şert-mümkinçiliklerden göwünleri ganatlanýan telekeçiler mundan beýläk hem importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenilen önümleriň öndürilişini ýokarlandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýärler. 

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».