Habarlar
Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Ösüşli  pudagyň gadamlary 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly içeri we daşary syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginlerde ösdürilmegine itergi berýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine kämil tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň, sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagy ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýol açýar. Garaşsyzlyk ýyllary döredilen dokma senagaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň öňdebaryjy pudaklarynyň birine öwrülip, bu pudagyň ösüşli ýoly uly ýeňişlere beslenýär. 

                                                                   

Garaşsyz döwletimiziň dokma senagatynyň dürli önümçilikli kärhanalarynda bitirilýän tutumly işleriň bady artýar. Bu pudak dogrusynda gürrüň açylanda aýratyn nygtamaly zadyň biri, güneşli Diýarymyzda öndürilýän gymmatly çig mal bolan pagta hasylyndan bäsleşige ukyply dürli taýýar önümleriň öndürilýänligidir. Elbetde, pagta hasylyndan taýýar önüm kemala gelýänçä çylşyrymly önümçilik talap edilýär. Mysal üçin, pagta arassalaýjy kärhanalarda pagta gaýtadan işlenilip, süýüm alynýar. Soňra kämil tehnologiýaly egirme fabriklerinde pagta süýümi gaýtadan işlenilýär hem-de ýüplük alynýar. Egirme fabriklerinde pagta süýüminden dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýüplükleriň birnäçe görnüşleri öndürilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň çar künjeginde, şol sanda biziň welaýatymyzda-da hereket edýän dokma fabriklerinde ýokary hilli dokma önümleriniň ençeme görnüşleri öndürilýär. Şol taýýar önümlere isleg bolsa, içerki bazarda-da uly bolup, daşary bazarlara-da isleg barha ýokarlanýar. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady ösüşinde aýgytly ädimdir. 

                                                                   

Ýokarda ýatlanan önümçilik yzygiderliliginiň gözbaşynda bolsa, pagta arassalaýjy kärhanalaryň işçileriniň döredijilikli zähmeti durýar. Bu hakykata pagta arassalaýjy kärhanamyzda bitirilýän işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Kärhanamyzyň önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmagy başarýan zähmetsöýer hünärmenlerimizdir işçilerimiz bu ýere tabşyrylýan “ak altyny” gaýtadan işlemegiň hötdesinden abraý bilen gelmegi başarýarlar. Kärhanamyzda öndürilýän süýümiň hiliniň ýokary bolmagy ugrunda ähli tagallalar edilýär. Kärhanamyzyň zähmetsöýer adamlary bellenilen tabşyryklary artygy bilen berjaý edip, gowy netijeleri gazanýarlar. 

                                                                   

Türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinýär. Döredijilikli zähmetiň netijesinde bolsa, asylly maksatlarymyz myrat bolýar. 

                                                                   

 Kerwen ZYRRYÝEW. 

                                                                   

 Garagum pagta arassalaýjy kärhanasynyň tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça baş hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty. 

                                                                   

 Ýeňişli  sepgitlere tarap 

                                                                   

Galkynyşly döwrümiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da ýurdumyzy ykdysady-durmuş taýdan ösdürmekde bitirilýän tutumly işleriň bady artýar. Şeýle tagallalar diňe bir ýurdumyzyň ykdysady ösüşine düýpli itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna-da ýardam edýär. Şeýle bähbitli işlere telekeçilerimiziň saldamly goşantlaryny ýatlamak guwanjyňa guwanç goşýar. Hormatly Prezidentimiziň goldaw-ýardamyna daýanýan welaýatymyzyň telekeçileriniň il-gün bähbitli tagallalaram gowy netijesini berýär. 

                                                                   

Hususyýetçilerimiziň ýadawsyz yhlas-tagallalary bilen Garaşsyz döwletimizde harytlaryň we önümleriň bolçulygyny döretmekde ýokary netijeler gazanylýar. Ýokary hilli önümleriň we harytlaryň bolçulygy il-günümiziň bolelin ýaşaýşyna oňyn täsirini ýetirýär. Guwandyrýan ýerem, dürli önümleri we harytlary öndürýän, gurluşyk-gurnama işlerini alyp barýan telekeçilerimiziň sanynyň ýylsaýyn artýandygydyr. Telekeçilerimiziň hususy işleriniň göwrümini barha giňeltmekleri täze-täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär. Bu bähbitli ýagdaýyň il-günümiz üçin juda derwaýysdygyny nygtap oturmagyň zerurlygy ýok bolsa gerek. Şanly ýylymyzda bitirilýän döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işleriň ýol alýandygy ýeňişli sepgitlere ruhlandyrýar. 

                                                                   

 Myratgeldi ANNAÖWEZOW. 

                                                                   

 TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary. 

                                                                   

 Durmuşymyzyň ygtybarly  goragy 

                                                                   

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Bu ösüşler diňe bir öňde goýlan maksatlara ýetmäge badalga bolman, eýsem, halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanýandygyny hem-de durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny aňladýar. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde ýurdumyzda ätiýaçlandyryş bazaryny ösdürmek, döwletiň maýa goýum mümkinçiligini ýokarlandyrmak hem-de hususy eýeçiligiň ýuridik we fiziki şahslaryň bähbitleriniň ätiýaçlandyryş goragyny kepillendirmek maksadynda, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy töwekgelçiligiň dürli görnüşinden ätiýaçlandyryşa kabul edýän kämil gurama öwrülmek bilen, hyzmatlaryň görnüşlerini barha giňeldýär we ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýar. 

                                                                   

Guramamyzda sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy ätiýaçlandyryş guramasynyň işini kämilleşdirmäge, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu ulgamyň işe girizilmegi merkezi edaranyň beýleki ätiýaçlandyryş guramalary bilen sanly ulgam arkaly işlemäge, ýagny, maglumatlaryň alyş-çalşygyny wagt ýitirmezden, şol bir wagtda amala aşyrmaga, ätiýaçlandyryş guramasynyň işgärleriniň işini ýeňilleşdirmäge we müşderilere edilýän hyzmaty gysga wagtda amala aşyrmaga ýardam berýär. 

                                                                   

Goý, halkyny ýagty menzillere atarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç alsyn! 

                                                                   

 Aýşat AKMYRADOWA. 

                                                                   

 Ýolöten etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hünärmeni.

06.07.2023
Belent sepgitler berkarar döwletiň täze eýýamynyň şöhratyny artdyrýar

Ýokary ynsanperwer ýörelgeleri we däpleri özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy bellenilen geçen hepdede ýurdumyzda şanly waka bolup geçdi. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan bu waka ýurdumyzyň abadançylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli uly baýramçylyk dabaralary geçirildi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen, durmuş ulgamy öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalar bilen utgaşykly ýola goýlan Arkadag şäheri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada ilkinji toplumlaýyn gurluşyk taslamasy bolup durýar. Şonuň üçin-de täze şäheriň dabaraly açylyşyna gatnaşan köp sanly myhmanlar ony “Aziýanyň parlak ýyldyzy”, “Geljegiň şäheri” diýip atlandyrdylar. 

                                                                   

Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täsin şäheriň açylyş dabaralary “Akhan” binasynyň ýanyndaky meýdançada badalga aldy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz däp bolan toý bagyny kesip, täze şäheri açdy, şol pursatda asmana dürli reňkli şarlar uçuryldy. 

                                                                   

Soňra şäheriň Baş baýdak meýdançasynda dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda Döwlet baýdagymyz ýokary galdyryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimizi köp sanly myhmanlaryň hatarynda dabaralara gatnaşan Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu mähirli mübäreklediler. Taryhy waka mynasybetli myhmanlar döwlet Baştutanymyza täze “TOGG” kysymly elektromobilleriň ikisiniň açarlaryny gowşurdylar. Bu elektromobiller Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berildi. 

                                                                   

Dabaralaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ahalteke bedewine atlanan aýgytly keşbi şekillendirilen “Arkadag Binasynyň» açylyşy boldy. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine uzaýan batly gadamlaryny alamatlandyrýar. 

                                                                   

Arkadag şäheriniň Baş meýdançasynyň münberiniň öňünde köpöwüşginli aýdym-sazly kompozisiýany taýýarlan döredijilik toparlarynyň çykyşlary we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň zähmetkeşleriniň baýramçylyk ýörişi guraldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz şäheriň täze jaýyna göçüp baran maşgalalaryň biriniň öýüne bardy. Öý eýesi ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklary üpjün edýän “akylly” jaýyň tehnologiýalarynyň artykmaçlyklary barada buýsanç bilen gürrüň berdi. 

                                                                   

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary tarapyndan işlenip taýýarlanylan “akylly” şäher üçin programma üpjünçiliginiň aýratynlyklary bilen hem tanyşdyryldy. Bu programma “Arkadagly ýaşlar” diýlip atlandyrylyp, onuň üsti bilen ähli enjamlar “akylly” öý ulgamynyň serwerinden buýruk alýar we ony awtomatik usulda ýerine ýetirýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ähli babatda halkara ülňülere laýyk gelýän, çagalaryň saglygyny dikeltmegiň we berkitmegiň döwrebap şertlerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine bardy we bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. 

                                                                   

Soňra Ruhyýet köşgünde geçirilen dabarada, el çarpyşmalaryň astynda täze, deňsiz-taýsyz şäheriň şähergurluşyk, ekologiýa hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda ýeten sepgitleriniň ykrarnamasy hökmünde halkara guramalaryň ýolbaşçylary we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy D.Orazowa güwänamalaryňdyr diplomlaryň 20-den gowragyny gowşurdylar. 

                                                                   

 Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli “Märkaw” myhmanhanasynda toý sadakasy berildi. 

                                                                   

Şol gün şäher häkimliginde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy. Şol resminamalaryň hatarynda Arkadag şäheri bilen Kazan şäheriniň (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk, Arkadag şäheri bilen Telawi şäheriniň (Gruziýa) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk bar. 

                                                                   

Şeýle hem Aşgabat şäheri bilen Baku şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň sanawynyň üstüni ýetirdi. 

                                                                   

Agşam Arkadag şäheriniň merkezi seýilgähinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Agşamky asmanda täze şäheriň ajaýyplyklaryny, Türkmenistanyň kartasyny, milli gölleri, taryhy gymmatlyklary şekillendiren dronlaryň şüweleňi hem-de köpöwüşginli feýerwerk baýramçylygyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. 

                                                                   

Täze şäher açylyş pursadyndan başlap, iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olar “Arkadag” gazetiniň ilkinji sanynda we adybir teleýaýlymyň gepleşiklerinde hem öz beýanyny tapdy. 

                                                                   

Bu ýerde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň häkimleriniň duşuşygy geçirildi. 

                                                                   

Ýurdumyzda ilkinji “akylly” şäheriň açylmagyna bagyşlanan halkara mediaforumda bellenilişi ýaly, bu ägirt uly taslama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletiň ösüşiniň geljegine oňat düşünýändigine hem-de türkmenistanlylaryň döredijilik kuwwatyny täze pikirleridir başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Täze açylan şäheriň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň, halkara we sebit guramalarynyň, abraýly maýa düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi. Özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak esasy meseleleriň hatarynda boldy. 

                                                                   

“Arkadag şäheri — sanly we “akylly” tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahatda bu ägirt uly taslamanyň Türkmenistan üçin ähmiýeti we ony mundan beýläk-de durmuşa geçirmekde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda “Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy” atly halkara maslahat geçirilip, onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagynda ýetilen üstünliklere, ýerine ýetirilmeli ilkinji nobatdaky wezipelere we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerine garaldy. 

                                                                   

Täze şäheriň oba hojalyk toplumynyň edara binasynda geçirilen “Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany” atly halkara maslahatda atçylygy ösdürmek, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary boýunça çykyşlar edildi. 

                                                                   

Döwletmämmet Azady adyndaky şäher kitaphanasynyň mejlisler zalynda “Arkadag şäheri — “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar şäheri” atly halkara maslahat geçirildi. 

                                                                   

Mundan başga-da, täze şäherde futbol boýunça tälimçileriň halkara okuw maslahaty, şeýle hem bu ýerdäki täze stadionda ýerli futbol toparynyň hem-de ýurdumyzyň häzirki çempiony “Ahal” toparynyň arasynda ilkinji duşuşyk guraldy. 

                                                                   

Geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiziň 26-njy iýunda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatyny görkezmek bolar. Onda ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmegiň we oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere seredildi. 

                                                                   

Ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini bellän döwlet Baştutanymyz hereket edýän ähli düzümleriň bökdençsiz we sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 28-nji iýunda geçirilen bilelikdäki mejlisiniň esasy meselesi boldy. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Arkadag şäherinde nobatdaky Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi tamamlanandan soňra, oňa gatnaşanlara Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby hem-de täze şäheriň suratly görnüşlerini özünde jemleýän “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly neşir gowşuryldy. 

                                                                   

28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň açylyş dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirjini kabul etdi. Myhman häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini döretmäge goşan şahsy goşandyny nazara alyp, dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly gowşurdy. Bildirilen ýokary hormat üçin minnetdarlygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, şol sanda şäher gurluşygyny kämilleşdirmekde dostlukly ýurtlaryň inženerçilik gazananlary babatda tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerini nygtady. 

                                                                   

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzodany kabul etdi. Duşuşygyň barşynda türkmen-täjik syýasy dialogynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar dürli ulgamlary, şol sanda syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, bilim, ulag we beýleki ulgamlary öz içine alýar. Biziň maksadymyz halklarymyzyň abadançylygy üçin olaryň ählisi boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekden we özara düşünişmegi pugtalandyrmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

30-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we özüne toý sowgady hökmünde iberen, Türkiýäniň önümi bolan “TOGG” kysymly täze elektromobiller üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Söhbetdeşler birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak esasynda ýola goýulýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge we olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Taraplar ähli musulmanlaryň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy mynasybetli iki halkyň adyna gyzgyn gutlaglaryny beýan etdiler. 

                                                                   

Gurban baýramynyň ilkinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda geňeşiň agzalarynyň terbiýeçilik, öwüt-ündew, wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesilleri goldamak babatda ýerlerde alnyp barylýan işler, obadyr şäherleriň ýagdaýlary, şeýle hem şanly senelere taýýarlyk, Halk Maslahatynyň ýaşulularynyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşyna we beýleki çärelere gatnaşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem howandarlyga mätäç çagalara goldaw bermegiň çäginde alnyp barylýan işlere, hususan-da, çagalar öýlerinde terbiýelenýän çagalar üçin döredilýän şertler, olara türkmeniň milli däpleri esasynda mynasyp at dakmak barada degişli çözgütleri kabul etmek, Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Saud Arabystany Patyşalygyna, mukaddes Mekgä amala aşyryljak sapara taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy. 

                                                                   

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligine hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny ulanmaga bermegiň çäginde önümçilik hem-de hyzmat ediş desgalarynyň gurluşygy bilen bagly göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa geçirmekde doganlyk ýurduň işewürleriniň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy nygtaldy. 

                                                                   

Täze şäheriň ekologik nukdaýnazardan ýokary baha mynasypdygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji bilen duşuşygynyň barşynda bellenildi. Myhman bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi we türk tarapynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga taýýardygyny belledi. 

                                                                   

Şol gün Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türki medeniýetiň halkara guramasynyň iň ýokary sylagy bolan “TÜRKSOÝ” ordeni we Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, bu sylaglar Gahryman Arkadagymyzyň türki medeniýeti ösdürmekde we türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, türki dünýäniň bitewüligini pugtalandyrmakda tagallalarynyň, dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işleriniň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýar. 

                                                                   

29-njy iýunda Mekge şäherinde haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Özbek Lideri Gahryman Arkadagymyzy doglan güni hem-de Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Söhbetdeşler söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa we oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, sebitara gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar. 

                                                                   

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni we Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlady. Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy şeýle hem Prezident Wladimir Putiniň mähirli salamyny we bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi. Taraplar ynsanperwer ulgamda özara hyzmatdaşlygy, parlamentara aragatnaşygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ugurlaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

                                                                   

Mekge şäherinde haj parzynyň däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy iýunda dünýäniň iň uly Al-Haram metjidinde juma namazyna gatnaşdy. Hajy Arkadagymyz türkmen zyýaratçylarynyň, ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň we özüniň maşgala agzalarynyň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda gurbanlyk sadakasyny berdi. 

                                                                   

Saparyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiriniň ýörite wekili Hadi bin Ali Al Marri, Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde bolsa Jidda şäheriniň häkimi Şazada Saud bin Abdullah bin Jalawi Al Saud we Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmad Mohamed Ali Al-Madani bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň barşynda netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge bolan ynam mälim edildi. 

                                                                   

Geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda Aşgabat şäherinde geçirilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahat hem bar. Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň köpasyrlyk paýhasly ýörelgelerini, onuň şahyrana diliniň gözelligini özünde jemleýän hem-de Ýer ýüzüniň her bir adamy üçin ýakyn bolan gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyragynyň zehinine aýratyn sarpa goýulýandygyny nygtadylar. 

                                                                   

Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş gününde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Gündogaryň akyldary we beýik nusgawy şahyrynyň ýadygärligine gül goýmak çäreleri geçirildi. 

                                                                   

Döredijilik forumynyň çäklerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň şöhlelenmesini özünde jemlän ajaýyp sahna we folklor çykyşlary bu ýere gelen köp sanly tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. 

                                                                   

 Şol günlerde paýtagtymyzda geçirilen Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi hem öz işini tamamlady. 

                                                                   

29-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Masuşita Şinpeý bilen bolan duşuşykda kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, parlamentara gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny giňden ulanmagyň meselelerine garaldy.  

                                                                   

Şeýlelikde, geçen hepdede bolup geçen wakalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýagty geljege tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimizde durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynyň, ykdysadyýetiň we halkyň durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen uly maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezdi. 

                                                                                                           

(TDH)

06.07.2023
Telekeçilige — giň ýol

Il-gün bähbitli tagallalar 

                                                                   

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda-da Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň geçen döwründe ýurdumyzyň halk hojalygyny ösdürmekde gazanylan üstünlikler döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň ösüşli ýolunyň rowaçlanmagynda uly üstünlikleriň bitirilýändigini äşgär edýär. Şeýle belent sepgitlere ýetilmeginde telekeçilerimiziň mynasyp goşantlaryny ýatlamak ýakymlydyr. 

                                                                   

Welaýatymyzyň hususyýetçileriniň önümleriň we harytlaryň bolçulygyny döretmekde, olaryň hiliniň ýokary bolup, alyjylar üçin elýeterligini üpjün etmekde giň möçberli işleriň bady artýar. Partiýamyzyň welaýat komitetiniň işgärleri telekeçilerimizi hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini amala aşyrmaga jemlemekde degerli işleri geçirýärler. Şu günüň talabyna eýerip, sagdyn durmuşy wagyz-nesihat etmek bilen bagly çärelere uly üns berýäris. Telekeçilerimiziň arasynda ýola goýan şol çärelerimizde neşekeşlikdir beýleki zyýanly endiklerden daşda bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilmeginiň ömrümiziň rahatlygyna, maşgala abadançylygyna ýetirýändigini düşündirýäris. 

                                                                   

 Röwşen GELDIMYRADOW. 

                                                                   

 TSTP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri.

06.07.2023
Işewürligiň giň gözýetimleri

Ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda, täze önümçilikleri döretmekde, telekeçiligi ösdürmekde maýa goýumlara uly orun degişlidir. 30-njy iýunda Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynda geçirilen «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumy hem daşary ýurtly maýadarlar, işewürler, maliýe-bank düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze mümkinçilikleri açdy. Oňa dürli ýurtlaryň kompaniýalarynyň, halkara guramalaryňdyr banklaryň wekilleri gatnaşdy. Ýurdumyza ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary wekilçilik etdi. 

                                                                   

Halkara işewürlik çäresine bagyşlanylyp, «Märkaw» myhmanhanasynyň eýwanynda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň, gelin-gyzlarymyzyň dokan halylarynyň hem-de senagatçylaryň we telekeçileriň öndürýän harytlarynyň sergisi guraldy. Forumyň myhmanlary önümler bilen içgin tanşyp, olara ýokary baha berdiler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň halkara maýa goýum forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen açylan işewürlik çäresiniň umumy mejlisinde durnukly ösüşiň geljegi we şäherlerde täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, «akylly» şäherleriň sanly infrastrukturasy hem-de innowasion tehnologiýalar bilen baglanyşykly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Myhmanlar häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri hem-de onuň maýa goýum strategiýasy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň senagat-innowasiýa taýdan ösüşine, önümçilik ulgamyna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýete geçilmegine gönükdirilen özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Watanymyzyň geografiýa taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, depginli ykdysady ösüşi, tebigy baýlyklarynyň gorlary, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasy daşary ýurt kompaniýalarynyň uly möçberli maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam berýän esasy şertleriň hatarynda görkezildi. 

                                                                   

Forumyň myhmanlary Arkadag şäheriniň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, onuň taslamasynda durnukly şäher ösüşiniň durmuş ugurlarynyň, şol sanda köpdürlülik we medeni miras, saglyk we abadançylyk, howpsuzlyk we goraglylyk, bilim we tutuş ömrüň dowamynda öwrenmek ýaly ýörelgeleriň göz öňünde tutulandygyna aýratyn üns çekdiler. Olar Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna hem-de şunuň ýaly abraýly halkara foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edip, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda amatly maýa goýum kuwwatyna eýe bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny nygtadylar. 

                                                                   

Halkara maýa goýum forumynyň ahyrynda ýurdumyzyň senagatçylary we telekeçileri bilen daşary ýurtly işewürleriň arasynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda eksport-import amallary, hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalar we beýlekiler bar. 

                                                                   

Forumyň dowam edýän pursatlarynda habarçymyz oňa gatnaşýan ýerli we daşary ýurtly işewürler bilen söhbetdeş bolup, olaryň Arkadag şäheri we halkara forum baradaky pikirlerini ýazga geçirdi. 

                                                                   

 Martsin BOGUŞ,
«BS Global GmbH» kompaniýasynyň (Awstriýa Respublikasy) ýerine ýetiriji direktory:
 

                                                                   

 — Et-süýt önümlerini gaýtadan işlemäge niýetlenen tehnologiýalaryň üpjünçiligi hem-de azyk senagaty kärhanalaryny gurmak babatda baý tejribesi bolan kompaniýamyz Türkmenistan bilen 2010-njy ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär.  

                                                                   

Biz Türkmenistanda azyk senagatyna degişli kärhanalaryň birnäçesiniň taslamasyny amala aşyrdyk. Ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri adamlaryň saglygy we abadançylygy üçin örän möhümdir. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti hem bu meselä uly ähmiýet berýär. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda köp sanly önümçilik kärhanalarynyň gurulmagy bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmakda we özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

 Mehmet Fatih KYLYÇ,
«Exagon Global» kompaniýasynyň (Niderlandlar Patyşalygy) direktory:
 

                                                                   

— Biziň kompaniýamyz kiberhowpsuzlyk, sanly bank hyzmatlary, «akylly» şäher ulgamlary bilen baglanyşykly taslamalary amala aşyrýar. Häzire çenli dünýäniň 35 ýurdunda şäherleri sanlylaşdyrmak boýunça taslamalary ýerine ýetirdik. Birnäçe günden bäri Türkmenistanda myhmançylykda. Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy diýseň ýokary derejede geçdi. Türkmenistanda öndürilýän önümler bilen ýakyndan tanyşdyk.  

                                                                   

 Biz geljekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň önümlerini Ýewropa we Amerika yklymlarynyň alyjylaryna ýetirmek üçin «eBay», «Amazon» ýaly onlaýn platformany döretmegi meýilleşdirýäris. Türkmenistan ýaly ajaýyp ýurduň ösüşine goşant goşmak, doganlyk halkyň bagtyýarlygyny paýlaşmak biziň üçin uly hormatdyr. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

 Mehmet Fatih KYLYÇ,
«Exagon Global» kompaniýasynyň (Niderlandlar Patyşalygy) direktory:
 

                                                                   

— Arkadag şäheri gözelligi we innowasion çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Bu ýerde geçirilýän halkara maýa goýum forumy bolsa dürli ýurtlaryň işewürleriniň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin oňaýly meýdança bolup hyzmat eder. Oba hojalygynda iş alyp barýan kompaniýamyz Türkmenistan bilen bäş ýyl bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. Türkmenistanyň döwrebap ýyladyşhanalarynda oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde uly öňegidişlik gazanandygyny bellemeli. Şeýle döwrebap ýyladyşhanalar sebitiň beýleki ýurtlarynda örän az.  

                                                                   

 Türkmen ýyladyşhanalarynda ýetişdirilen pomidorlar Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Biz geljekde türkmen oba hojalyk ekinlerini has köp möçberde satyn almagy maksat edinýäris. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

 Meretmuhammet TÄÇMUHAMMEDOW,
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory:
 

                                                                   

— Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemala gelen ajaýyp şäherde guralan halkara forum türkmen telekeçilerine täze gözýetimlere ýol açýar. Dünýäniň çar ýanyndan gelen işewürler bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça anyk teklipleri öňe sürdüler.  

                                                                   

 Meselem, hytaýly işewürler Hazar deňzinde we duzlulyk derejesi ýokary bolan köllerde dünýäde uly islegden peýdalanýan deňiz önümlerini ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly taslamany hödürlediler.  

                                                                   

Ýeri gelende «Aýbölek» mebel fabriginiň täze önümçilik toplumyny Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurmagy meýilleşdirýändigimizi hem buýsanç bilen belläsim gelýär. Türkmen telekeçilerine uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize we halkymyzyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

 Jalaý JALAÝEW,
«Türkmen senagat» hojalyk jemgyýetiniň bölüm müdiri:
 

                                                                   

— Ajaýyp zamanamyzyň ösüşleriniň nyşany hökmünde ady dünýä dolan Arkadag şäherinde iri halkara maýa goýum forumynyň guralmagy bizi diýseň begendirdi.  

                                                                   

 Gurluşyk-gurnama işlerinde peýdalanylýan dürli görnüşli ýokary hilli turbalary, ekerançylykda ähmiýeti barha artýan damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny öndürýän «Türkmen senagat» hojalyk jemgyýeti üçin halkara forum ýerli we daşary ýurtly kompaniýalar bilen tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.  

                                                                   

Şeýle işewürlik çäreleri biz — ýaşlar üçin tejribe toplamak we kämilleşmek üçin ajaýyp pursatdyr. Ýurdumyzda hususy işewürligi ösdürmek üçin uly ýeňillikleri, giň şertleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Ýazga geçiren Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».

05.07.2023
Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy 

                                                                   

 Aşgabat, 4-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy. 

                                                                   

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we ählumumy derejede giň gerimli hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýär, halkara guramalar bilen netijeli dialogy pugtalandyrýar. Şunda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ileri tutulýan ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň abraýly halkara düzümleriň çäklerinde geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklara, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlislerine yzygiderli gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyzy ŞHG-ä agza döwletler bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny bellemek gerek. Hoşniýetli erk-isleg, taryhda emele gelen medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bu gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär. Şunuň bilen birlikde, ŞHG bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasy işi giň geografik hem-de düzümleýin esasda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge esaslanýan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki mejlise hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy Watanymyzyň halkara giňişlikde barha artýan abraýynyň, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça başlangyçly çykyş edýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylda ŞHG-ä agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň XX ýubileý mejlisine, 2022-nji ýylyň sentýabrynda bolsa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkantda geçirilen sammitine gatnaşandygyny bellemek gerek. Şol duşuşyklarda ŞHG-ä agza döwletler bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň ýola goýulmagyna hem-de ozal hereket edýänleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar öňe sürüldi. 

                                                                   

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Liderleriniň şu günki duşuşygynda bu guramanyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, işiň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlenildi, beýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň has möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda Hindistan Respublikasy başlyklyk edýär. Geňeşiň mejlisi başlanmazdan ozal, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekledi. 

                                                                   

Şu gezekki sammit “Howpsuz ŞHG ýolunda” (Towards a SECURE SCO) mowzugy boýunça geçýär. Iňlisçe “SECURE” diýen gysgaldylan adalgany ŞHG-niň 2018-nji ýylda geçirilen ýokary derejeli duşuşygynda Narendra Modi teklip edipdi. Şunda S harpy raýatlaryň howpsuzlygyny (security for citizens), E ykdysady ösüşi (economic development), C sebit gatnaşyklaryny (connectivity in the region), U agzybirligi (unity), R döwlet Garaşsyzlygyna we çäk bitewüligine hormat goýmagy (respect of sovereignty and integrity), E harpy bolsa daşky gurşawy goramak (environment protection) diýmegi aňladýar. 

                                                                   

Duşuşyga ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlary gatnaşdylar. Sammite synçy döwletleriň Liderleri hökmünde Eýranyň, Belarusuň we Mongoliýanyň Prezidentleri, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Şeýle hem mejlise bu guramanyň hemişelik hereket edýän iki edarasynyň, birnäçe halkara we sebit düzümleriniň ýolbaşçylary goşuldylar. Hindistanyň Hökümetiniň Başlygy ýygnananlary mähirli mübärekläp, sammite gatnaşyjylara söz berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşýan döwletleriň Baştutanlaryna, wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna we agzalaryna ýüzlenip, Premýer-ministr Narendra Modä şu möhüm mejlise hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystan Respublikasynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklygy kabul etmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, dostlukly ýurduň ŞHG-de başlyklyk etjek döwründe ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Seýed Ebrahim Raisini Eýran Yslam Respublikasynyň ŞHG-ä agzalyga kabul edilmegi, Prezident Aleksandr Lukaşenkony bolsa Belarus Respublikasynyň gurama doly hukukly agza döwletiň derejesini almagy baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen gutlap, olara täze görnüşdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bu foruma gatnaşmagy Türkmenistana, onuň alyp barýan netijeli daşary syýasatyna bildirilýän uly hormatyň nyşanydyr. Özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine düşünişmegiň hem-de olary durmuşa geçirmäge taýýarlygyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar biziň ýurdumyz üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu guramanyň agzalary, oňa synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlarydyr. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, bu gurama bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi, dünýä we sebit işlerine ýurdumyzyň gatnaşmagynyň umumy ugry bilen utgaşýandygy nygtaldy. Şeýle-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady, maýa goýum, ulag, energetika we beýleki ugurlarda öňe sürýän başlangyçlaryna Türkmenistanyň uly gyzyklanma bilen garaýandygy, bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda gatnaşmagynyň oňat mümkinçiliklerini görýändigi aýdyldy. 

                                                                   

Şeýle işiň uly geljeginiň bardygyny bellemelidiris. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň kuwwatly serişde, önümçilik binýady, aýratyn-da, soňky ýyllarda ulag-logistika, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynyň ösmegi bilen baglydyr. Ol özara ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygy we başga-da birnäçe mümkinçilikler bilen şertlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Nygtalyşy ýaly, diňe pugta parahatçylyk, durnukly howpsuzlyk üpjün edilende, ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli boljakdygy äşgärdir. Türkmenistan bu örän möhüm iki wezipäni amala aşyrmakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi. 

                                                                   

Birinjiden, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmak; ikinjiden, täze yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistik işiň amatly usulyny emele getirmek; üçünjiden, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek arkaly yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmekdir. Gürrüň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň zerurlyklaryny üpjün etmek we geljekde daşarky bazarlara çykmak barada barýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

                                                                   

Dördünjiden, ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýady döretmek diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bäşinjiden, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi ähli gyzyklanýan taraplara teklip etdi. Ýokarda bellenip geçilen ugurlaryň her biri boýunça ilkinji ädim hökmünde bilermenleriň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Şeýle geňeşmeleriň biziň şertlerimize we zerurlyklarymyza oňat baha bermäge, şonuň esasynda mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdiginden ugur alýarys diýip, döwlet Baştutanymyz beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ilkinji nobatdaky çärelerini kesgitledi. 

                                                                   

Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça gatnaşyklaryň beýleki möhüm ugurlarynda hem ulanylyp bilner we hyzmatdaşlyga yzygiderlilik häsiýetini berer diýip hasap edýärin. Şeýle-de ol medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda-da ulanylyp bilner diýip pikir edýärin. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ýurdumyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýäris. Şeýle çemeleşme asyrlara uzap gidýän ruhy we medeni gatnaşyklarymyza esaslanýar. Bu gatnaşyklar biziň halklarymyzyňdyr döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkidýär diýip belledi. Munuň özi ýurdumyz bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň dürli düzümleriň we esasy halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegi üçin goşmaça şertleri we mümkinçilikleri döredýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belläp, özara düşünişmegiň, hormat goýmagyň, ynanyşmagyň ýetilen derejesine ýokary baha berdi. Biziň ýurdumyz hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we özara bähbitlerini, onuň halklarymyzyňdyr döwletlerimiziň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we mundan beýläk-de bilelikdäki netijeli işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

Hindistanyň Premýer-ministri çuň many-mazmunly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, ŞHG-niň çäklerinde giň ugurlar boýunça Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Sebit we halkara meseleleriň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda mejlise gatnaşyjylar guramanyň ýurtlarynyň arasynda döwlet özygtyýarlylygyna, milli gymmatlyklara hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak esasynda bilelikdäki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti baradaky pikiri biragyzdan beýan etdiler. Şunuň bilen birlikde, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-ynsanperwer, beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. 

                                                                   

 Sammitiň jemleri boýunça Nýu-Deli Jarnamasy we beýleki birnäçe resminamalar kabul edildi. 

                                                                   

Umuman, ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde biziň ýurdumyzyň öňe süren oňyn başlangyçlary sebit we sebitara derejede özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, taryhy taýdan emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna gönükdirilendir.

05.07.2023
Hyzmatlaryň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak ugrunda

Bank ulgamynyň depginli ösüşi islendik ýurtda-da ykdysady ösüşiň esasy şerti bolup durýar. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda bank işjeňligi yzygiderli ýokarlanýar. Ulgama sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň bank ulgamynyň işini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekýär we bu babatda ýerine ýetirilýän işleri üstünlikli dowam etdirmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrýar.

Pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin bank ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan iri söwda merkezlerinde hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň binalarynda bankomatlar, töleg terminallary oturdylýar. Zähmet haklaryny bank kartlary arkaly bermek tejribesi netijeli durmuşa ornaşdyrylýar. Durnukly sanly bank ulgamynyň emele gelmeginiň we dolandyryşyň kem-kemden elektron görnüşe geçmeginiň möhüm şerti hasaplanýan bank kartlary esasy töleg guraly hökmünde köpçülikleýin ulanylýar. 2023-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna görä, ýurdumyzda bank kartlarynyň umumy sanynda «Daýhanbank» DTB-niň we «Türkmenistan» DTB-niň bank kartlarynyň paýy 54,9 göterime barabardyr. Şu ýerde «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň işini-de aýratyn bellemek gerek. Onuň işläp taýýarlan QR-kodlarynyň kömegi bilen töleg usuly ykjam telefonlaryň eýelerine optiki nyşanlary göçürip, nagt däl görnüşde hem-de bank kartlary arkaly islendik harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Sanly ulgama geçmekde söwda toplumyna möhüm orun degişlidir. Häzir ýurdumyzda elektron söwdany ösdürmäge, ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamyň hem netijeli hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär. «Alyjylaryň hukuklary hakynda», «Söwda işi hakynda», «Internet ulgamyny ösdürmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek we Türkmenistanda internet hyzmatlaryny etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň Düzgünleri işlenip düzüldi we işe girizildi. Ol elektron söwdanyň işini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.

Sanlylaşdyrmak bank ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugrudyr. Çünki munuň özi hyzmatlary kämilleşdirmek hem-de olaryň görnüşini giňeltmek arkaly ulgamy özgertmäge ýardam edýär. Bu ugurda amala aşyrylýan işler maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, işewürlik işjeňliginiň höweslendirilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň karz edaralarynda müşderiler bilen özara gatnaşyklary ösdürmekde döwrebap sanly mümkinçiliklerden yzygiderli peýdalanylýar. Bu edaralar müşderilere toplumlaýyn hyzmat etmegiň döwrebap usullaryny ulanmak arkaly bank işini döwrüň ösýän talaplaryna laýyklykda guraýar. Täze tehnologiýalary bank işewürligine girizmekde maglumatlary goramagyň usullaryny kämilleşdirmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy dürli amallar geçirilende harajatlary azaltmaga, müşderilere hyzmat etmegiň usullaryny has-da kämilleşdirmäge we bank ulgamynyň ykdysadyýetde tutýan ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär.

Maliýeleşdirmegiň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, maýalary dolandyryş we töwekgelçilikleri öňünden duýduryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, korporatiw dolandyryş ulgamyny kemala getirmek, telekeçilik ulgamyny kämilleşdirmek, banklaryň girdejisini we düşewündini artdyrmak möhüm ugurlar hasaplanýar. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Bu işler 2018 — 2024-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. Ol telekeçilik düzüminiň, salgyt ulgamynyň esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň, ýeňillikli karzlaryň ýönekeýleşdirilmeginde, telekeçiler üçin karzlary, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmegiň kadalarynyň ýeňilleşdirilmeginde öz beýanyny tapýar. Ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin oňa maýa goýum serişdeleriniň barha giňden çekilmegi oňyn netije berýär.

Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda we depginli ösüşini üpjün etmekde, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny gazanmakda bank ulgamynyň durnuklylygy örän wajypdyr. Ýurtda ykdysadyýetiň sazlaşykly hem-de yzygiderli ösüş depginleri ilatyň umumy iş bilen üpjünçiligini, girdejilerini ýokarlandyrmaga, nyrhlary emele getirmegiň durnuklylygyny makroykdysady taýdan deňleşdirmäge gönükdirilendir. «Elektron banking» düzüminiň ösmegi, nagt däl hasaplaşyklaryň mukdarynyň artmagy, banklaryň maýa serişdeleriniň köpelmegi, orta we kiçi telekeçiligi karzlaşdyrmagyň ýokarlanmagy hem-de bank serişdeleriniň täze görnüşleriniň hödürlenmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Soňky döwürde «Altyn asyr», «Milli kart», «Maşgala», «Goýum bank karty» ýaly kartlar dolanyşyga girizildi. «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg» ulgamlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň sany artdy. Häzirki wagtda karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary has-da ösdürmek, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, hödürlenýän hyzmatlary onlaýn tertipde amala aşyrmak, bank kartlary arkaly tölegleri geçirmek işleriniň gerimi giňeldilýär. Hususan-da, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlarynyň üsti bilen müşderiler banka barmazdan, dünýäniň islendik künjeginden tölegleri amala aşyryp bilýärler. Mundan başga-da, olara internet arkaly menzilara bank hyzmatlary, bölek satuw we hyzmat ulgamynda QR-kod arkaly hasaplaşyklar hödürlenýär. Ýörite terminallaryň üsti bilen söwda we hyzmat ediş merkezlerinde satyn alnan harytlar, ýerine ýetirilen hyzmatlar, jemagat hyzmatlary (gaz, suw, elektrik energiýasy), Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň degişli hyzmatlary we beýlekiler üçin tölegler geçirilýär. Ilatyň «Visa» we «MasterCard» halkara töleg ulgamlaryndan peýdalanmagy pul dolanyşygynyň ösüşinde nobatdaky möhüm tapgyr boldy.

Şeýlelikde, hödürlenýän hyzmatlaryň tiz ýerine ýetirilmegi we elýeterli bolmagy bank bilen müşderiniň arasyndaky gatnaşygy hil taýdan täze derejä çykardy. Iň esasysy bolsa, makroykdysady görkezijilere laýyklykda, milli manadymyzyň daşary ýurt pullaryna gatnaşygynyň durnukly bolmagynda galýandygydyr.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.

05.07.2023
Arkadag şäherinde halkara ekologiýa forumy geçirildi

3-nji iýulda Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylarydyr wekilleri, tebigaty goramak boýunça degişli düzümleriň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çäräniň maksatnamasyna daşky gurşaw babatda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we oňa garşy göreş çäreleri, ekologik taýdan arassa önümleri ösdürip ýetişdirmek, ekologik abadançylyk we çölleşmäniň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bellenilişi ýaly, tebigaty goramak, täze, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanly ulgam, ýurt we sebit derejesinde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bütin adamzat üçin möhüm bolan ekologik meseleleri çözmäge gönükdirilen halkara tagallalary utgaşdyrmaga örän jogapkärçilikli çemeleşip, bu işe özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Munuň şeýledigini bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem tassyklaýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda Arkadag şäherine BMG-niň we onuň düzümleriniň tehniki wekiliýeti sapar bilen gelip, “akylly” şäher konsepsiýasyna esaslanýan öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar esasynda şäher dolandyryşyny üpjün edýän bitewi ekoulgam bilen ýakyndan tanyşdy we bu ýerde durmuşa geçirilen işlere ýokary baha berdi. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyşynda ýurdumyzda ilkinji “akylly” şäheriň açylmagy mynasybetli geçirilýän halkara maslahatlaryň şunuň ýaly şäherleriň durnukly ösüşiniň üç ugruny — ykdysady, durmuş we ekologik talaplaryny hasaba almak bilen, hyzmat we üpjünçilik babatdaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.
Arkadag şäheriniň diňe bir durmuş, ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly giňişlik bolup biljekdigine üns çekildi. Şäheriň gurluşygynyň indiki tapgyrynda senagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygynda, çig mallaryň gaýtadan işlenilmeginde häzirki döwrüň ekologik talaplaryny doly berjaý etmek göz öňünde tutulýar. Bu işleriň ählisi Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerine laýyk gelýär.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç “akylly” we “ýaşyl” şäher ekoulgamyny ösdürmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge, täze tehnologiýalary, innowasion çözgütleri ornaşdyrmak arkaly bilelikdäki ekoulgamy döretmekde tejribeleri we bilimleri alyşmaga ýardam bermäge taýýardygyny nygtady.
Sanly ulgam arkaly çykyş eden Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow maslahata gatnaşyjylaryň ählisini we türkmen halkyny şanly waka — Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlap, munuň türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň nyşanydygyny belledi. “Biz Türkmenistanyň goldawlaryna ýokary baha berýäris we Arkadag şäheri ýaly “akylly” şäherleriň ekologik gurluşy babatda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge umyt edýäris. Biziň bilelikdäki işlerimiziň Merkezi Aziýa sebitinde daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde itergi boljakdygyna ynam bildirýärin” diýip, Zafar Mahmudow çykyşynda nygtady.
2022-nji ýylyň oktýabrynda Arkadag şäheriniň golaýynda geçirilen “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagynyň açyk asmanyň astyndaky giň gerimli ekologik çäre bolandygyny bellemelidiris. Bu ýerde nazary bilimleri tejribede ulanmak arkaly üzümiň “gara kişmiş” diýlip atlandyrylýan görnüşiniň 500-den gowrak nahaly ekildi. Watanymyzyň barha artýan halkara abraýynyň ählumumy ykrar edilmesiniň ýene-de bir aýdyň nyşany hökmünde 2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny görkezmek bolar. Halkara maslahatda tokaý zolaklaryny goramagyň, oba hojalyk ýerleriniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmagyň we gurak howaly ýurtlarda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Çykyş edenler Türkmenistanda ekologiýa maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde howa şertlerini gowulandyrmaga, biodürlüligi gorap saklamaga we artdyrmaga ýardam edýän tokaý zolaklarynyň döredilýändigini bellediler. Geçen ýylyň noýabrynda agzybirlik we jebislik ýagdaýynda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek çäresinde täze şäheriň çäginde dürli bag nahallarynyň 5 müňden gowrak düýbi oturdyldy. Bu asylly çäräniň şäheriň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakda we amatly daşky gurşaw şertlerini döretmekde aýratyn ähmiýeti bar. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulmagy hem-de onuň açylyş dabarasynda dürli ugurlarda ýeten üstünliklerini tassyklaýan halkara güwänamalaryň gowşurylmagy şäheriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy.
“Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýygnananlar tebigaty goramak boýunça durmuşa geçirilýän işlere çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, tebigy serişdeleri aýawly ulanmaga we daşky gurşawy netijeli goramaga gönükdirilen ekologik taslamalary üstünlikli amala aşyrmakda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň zalynda oba hojalyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

04.07.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

3-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere seredildi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Gallaçy daýhanlar bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Mundan başga-da, ýygnalan galla hasylyny kabul ediş bölümlerinden elewatorlara, ammarlara daşamak we ýerleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Welaýatda ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur tagallalar edilýär.
Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini aýtdy hem-de onuň ýokary hilli, bökdençsiz geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, gallaçy daýhanlar bilen döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär, galla kabul ediş bölümlerinden ýygnalan hasyly elewatorlara, ammarlara daşamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, ýetişdirilen ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär.
Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ýetişdirilen galla hasylynyň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagy, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli alnyp barylmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Hasabatda welaýatda galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy. Galla öndürijiler bilen döwlete tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Galla kabul ediş bölümlerinden hasyly elewatorlara, ammarlara daşamak we ýerleşdirmek işleri bökdençsiz alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, şu günler galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, ony ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy guramaçylykly alnyp barlyp, ýetişdirilen hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär, möwsümde galla kabul ediş bölümleriniň işi talabalaýyk ýola goýuldy, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur tagallalar edilýär, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri öz wagtynda geçirilýär.
Şeýle-de ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda bu ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak üçin degişli işler geçirilýär. Şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we häkime bu ugurdaky işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatyň dowamynda sebitiň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Şeýle hem gallaçy kärendeçiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär, galla kabul ediş bölümlerinden hasyly elewatorlara, ammarlara daşamak we ýerleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitiň meýdanlarynda bu ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gant şugundyrynyň ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam edýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly, bökdençsiz geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda galla oragy tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlary geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýankeşleriň we olaryň döredýän keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatlarda ýetişdirilen ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilatymyza ýetirmek boýunça degişli işler dowam edýär.
Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler oba hojalygynda dowam edýän möhüm möwsümiň ähmiýetine ünsi çekdi we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleri ýerine ýetirilende, käbir säwliklere ýol berlendigini aýtdy. Agrotehniki kadalar doly we dogry berjaý edilen ýagdaýynda has ýokary netijeleri gazanyp boljakdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işlerinde agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, dogry ýerine ýetirilmegini wise-premýer A.Ýazmyradowdan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden berk talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

04.07.2023
Arkadag şäheriniň ajaýyp waspnamasy

Şu günler «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze neşiriň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Düýn hem şeýle dabaralar ýurdumyzyň käbir toplumlarynda hem-de täze şäheriň edara ediş merkezinde ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde aýdym-sazlara beslenen tanyşdyrylyş dabarasy ýurdumyzyň medeniýet ulgamy we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri tarapyndan guraldy. Dabaraly maslahat başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan köpöwüşginli sergini synladylar. Bu ýerde alym Arkadagymyzyň atalyk kitaplary, milli senetçilerimiziň önümleri, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden we yhlasyndan dörän el işler, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 29-30-njy iýunynda Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolup, mukaddes Mekge şäherinde haj parzyny berjaý etmegi hem-de gurbanlyk sadakasyny bermegi agzybir halkymyzyň şatlygyny, buýsanjyny goşalandyran waka boldy. Haj zyýaraty mynasybetli Milli Liderimiziň medeniýet we sungat ussatlaryna keramatly toprakdan getiren teperrik sowgatlaryny ibermegi olaryň zähmetine döwletimiz tarapyndan mynasyp baha berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu waka halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orny eýeleýän we özleriniň belent ruha beslenen aýdym-sazlary, çeper döredijiligi bilen milletimizi, aýratyn-da, ýaşlary beýik maksatlara, täze ýeňişlere ruhlandyrýan medeniýet, sungat ussatlarynyň köptaraply döredijiligine aýratyn sarpanyň nyşany bolup, olary täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy.
Dabarada degişli pudaklaryňdyr edaralaryň ýolbaşçylarynyň, halypa ýazyjy-şahyrlaryň, aýdymçylaryň, artistleriň çykyşlaryna uly orun berildi. Olar Arkadag şäheriniň ajaýyp binalarynyň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada durup geçdiler. Çykyş edenler sebitde ilkinji «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmeginiň hem özboluşly mana eýedigine üns çekdiler. Nygtalyşy ýaly, garaşsyz ösüşimiziň täze tapgyrynyň bedew batly ösüşleriniň, ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrülen şäheriň açylyş dabarasynyň yzysüre bu şanly waka bagyşlanyp geçirilen mediaforum, «Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany», «Arkadag şäheri — «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar şäheri» atly maslahatlar, türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň Türkmenistanyň Döwlet hory we simfoniki orkestri bilen bilelikdäki konserti, TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen şäherleriň häkimleriniň duşuşygy, Russiýanyň sirk ussatlarynyň çykyşlary uly ähmiýete boldy. Bu çäreler döwlet ähmiýetli täze şäheriň medeniýetiň hem-de sungatyň, döredijiligiň gülläp ösýän merkezine öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Dabaranyň dowamyndaky şeýle buýsançly gürrüňler sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. «Bu şäherde», «Arkadagyň şäheri», «Arkadag şäheri» ýaly täze aýdymlarda gojaman Köpetdagyň gözel künjeginde kemala gelen täze ýaşaýyş gurşawynyň Gahryman Arkadagymyzyň gadymy türkmen topragynda döreden ajaýyp sungat eseridigi, Arkadagly Serdarymyzyň döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine ynamly öňe alyp barýandygynyň aýdyň güwäsidigi öz beýanyny tapýar.
***
«Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze neşiriň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, ýaşlar, sport toplumy, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Arkadag şäheriniň toplumlarynyň, edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda şäher häkimliginde hem geçirildi. Olara düzümleriň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Dabaralarda çykyş edenler täze kitapda bu ajaýyp şäheriň özboluşly aýratynlyklarynyň, tebigy gözelligiň we döwrebaplygyň sazlaşygynyň çeper beýan edilýändigi hakynda täsirli gürrüňleri berdiler. Ýokary çaphana usulynda neşir edilen bu täze kitabyň üç dilde taýýarlanylmagy onuň giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendigini görkezýär. Ol okyjylar köpçüligi, tutuş halkymyz tarapyndan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna mynasyp sowgat hökmünde kabul edilip, şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýär.
Mahlasy, «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitaby tanyşdyrmak maksady bilen geçirilen dabaralaryň her birinde tutuş halkymyzyň göwnüni ganatlandyran Arkadag şäherine bolan egsilmez buýsanjy görmek bolýar. Tanyşdyrylyş çäreleriniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuwlap, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň adyna
Ýüzlenme kabul etdiler.

04.07.2023
Halal zähmetiň höziri

Sahawatly türkmen topragynyň üsti hem, asty hem durşuna baýlyk. Ene ýerimizde dürli oba hojalyk ekinleri, miweleriň köp görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Mallarymyz süri-süri. Et we süýt, olardan taýýarlanylýan dürli tagamlar bazarlarymyzda bol. Önümleriň haýsy görnüşini halasaň, saýlap-seçip alybermeli. 

                                                                   

Dürli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmeklige türkmen işewürleri-de işjeň gatnaşýarlar. Olar oba hojalyk önümlerini öndürmekde, pudagy ýokary depginler bilen ösdürmekde göreldeli zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Döwlet tarapyndan berilýän uly goldawyň netijesinde, türkmen telekeçileri oba hojalyk pudagyna täzelikleri batyrgaý ornaşdyryp, täze belentliklere ýetýärler. Daýhan hojalyklarydyr hojalyk jemgyýetleri, aýry-aýry telekeçiler bu ugurda ýeterlik tejribe topladylar. Şeýle hojalyklaryň biri-de «Ajaýyp ussat — halal önümleri» jemgyýetidir. 

                                                                   

2012-nji ýylda esaslandyrylan hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde uly maldarçylyk toplumyny işe girizdi. Onuň ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy 20 müň tonna süýt, 100 tonna et öndürmäge ukyplydyr. Toplum birnäçe fermalardan ybarat bolup, bu ýerde sygyrlar, göleler, öküzler aýratyn idedilýär. Häzirki wagtda toplumda iri şahly mallaryň 4411 sanysy bar. Olar süýdi we eti köp berýän golştin we simmental tohum mallarydyr. Toplumda eti köp berýän «aberdin-angus» tohum mallary-da saklanylýar we köpeldilýär. Häzirki wagtda bu mallaryň 631-si Germaniýadan getirildi. Olar etiň mermer görnüşini berýärler. 

 Maldarçylyk toplumlaryna Germaniýanyň, Türkiýäniň iň öňdebaryjy, döwrebap we kämil tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylan. Iş usullarynyň ählisi kompýuter arkaly dolandyrylýar. Mysal üçin, owkalaýjy çotkany alyp göreliň! Sygyrlar golaýlaşanda, çotkalar awtomatik usulda işläp ugraýar. Mallaryň saklanylýan jaýlarynyň poluna kauçuk düşelendir. Ol özüniň berkligi, maýyşgaklygy, suw geçirmeýänligi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Başgaça aýdanymyzda, mallaryň toýnagyna hiç hili zeper-şikes ýetirilenok. Her bir malyň çipli boýunbagy bar. Bu enjamlar arkaly olar barada maglumat alyp bolýar. Meselem, sygryň irki sagymda näçe litr süýt berenligini, onuň ýaglylyk derejesini, mallaryň özüni duýşuny anyklap bolýar. Ot-iýmleriň düzüminiň üýtgedilmegi-de şol çipler arkaly kesgitlenilýär. 

                                                                   

Sygyrlaryň her biri günde 25 litrden gowrak süýt berýär. Her gün toplum boýunça 10 tonnadan gowrak süýt öndürilýär. Ony «Hasar» hojalyk jemgyýeti uly höwes bilen satyn alýar. Şeýle-de, Nazar Durdyýew, Guwançmyrat Orazow, Jennet Ulugberdiýewa, Ýazgeldi Hudaýberdiýew, Azat Abaýew ýaly telekeçiler «Ajaýyp ussat — halal önümleriň» süýdüne köp isleg bildirýärler. Bu telekeçiler degişlilikde, «Elin», «Täze aý», «Garpamyk», «Aýaz Baba», «Ak ýaprak» haryt nyşanly süýt önümlerini ilata hödürleýärler. Ekologiýa taýdan arassa, hil derejesi dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän süýdüň hyrydarlary ýylsaýyn artýar. Maldarçylyk toplumynda öndürilýän ete, aýratyn hem mermer ete isleg uly. «Bereketli», «Ak toprak» ýaly hojalyk jemgyýetleri onuň hemişelik müşderileridir. 

                                                                   

Gürrüňi gidýän hojalyk jemgyýetiniň 7031 gektar meýdany bar. Maldarçylyk toplumyndan başga-da, müňlerçe gektar meýdana ýorunja, mekgejöwen, arpa, iýmlik şugundyr, kädi ekilip bol hasyl alynýar. Ýorunjanyň birinji oragyndan bede, mekgejöwenden silos taýýarlanylýar. Olar idedilýän mallary hiç hili müşgilsiz ot-iým bilen üpjün etmäge ýardam edýär. Ot-iýmler ýörite ammarlarda saklanýar. Silos üçin ýörite garymlar bar. Ýeri gelende aýtsak, mallar öri meýdanlarynda-da bakylýar. Bu bolsa mallaryň sagdyn bolmagynyň, süýtlüliginiň artmagynyň esasy şertleriniň biridir. 

                                                                   

Hojalyk jemgyýeti esasy baýlyklarymyzyň biri bolan «ak altyny» hem öndürýär. 690 gektar meýdanda ýaşyl öwüsýän gowaçalara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär. Suwy, döküni, bejergisi kemsiz ýerine ýetirilýän gowaçalar gününi sanap boý alýar. Işewürler şu ýyl 1391 tonna pagta hasylyny almagy maksat edinýärler. 1118 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilen bugdaýyň oragy ilkinjileriň hatarynda tamamlandy. 2334 tonna guşgursak hasyl ýygnalyp, elewatorlara tabşyryldy. Häzirki wagtda bugdaýdan boşan meýdanlarda mekgejöweniň ekişi ýokary depginde alnyp barylýar. Meýdan işlerini kemsiz ýerine ýetirmek üçin jemgyýetiň ýeterlik kuwwatly, öndürijilikli tehnikalarynyň bardygyny bellemek gerek. 

  Hojalyk jemgyýeti bagçylyk bilenem meşgullanýar. 130 gektar meýdanda döredilen şetdaly bagy özboluşly gözelligi emele getirýär. Baglaryň şahalary aşak, miweler düzüm-düzüm. Şetdalynyň ilkinji tonnalary eýýäm söwda nokatlaryna, bazarlara ugradylyp başlandy. Bagbanlar geçen ýyl şetdalynyň 47 tonnasyny ýygyp, alyjylara hödürlediler. Olar şu ýyl hasyllylygy 50 tonnadan geçirmegi meýilleşdirýärler. 

                                                                   

Asylly zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezip iş bitirýän hojalyk jemgyýetiniň işçi-hünärmenleri bazar bolçulygynyň berkemegine öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Zähmetiň joşýan ýerinde ähli maksatlar amala aşýandyr. Munuň şeýledigini «Ajaýyp ussat — halal önümleri» hojalyk jemgyýetiniň mysalynda aýdyň görmek bolýar. 

                                                                                                           

Akmyrat NURALYÝEW.

                       

«Türkmenistan».

26.06.2023
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň ulag düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar

Aşgabat, 24-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdylar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň işiniň kämilleşdirilmegini we ýurdumyzyň sebitiň iri ulag çatrygy hökmünde derejesiniň pugtalanmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri ýokarlanýar. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bilen bir hatarda, taryhyň dowamynda ýurtlary we halklary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetiniň ýokarlanmagynda möhüm ugur hasaplanýar. 

                                                                   

Ir bilen Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz bilelikde paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň çäklerinde ýerleşýän täze desgalar bilen tanyşdylar. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy D.Saburow desgalaryň enjamlaşdyrylyşy hem-de uçarlara tehniki hyzmatlaryň ýola goýluşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýady toplumlaýyn pugtalandyrylýar. Düzümiň tehniki parkynyň üsti täze, häzirki zaman uçarlary bilen ýetirilýär. Ýeri gelende aýtsak, ýakynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyza 2 sany “Airbus A330-200P2F” kysymly ýük uçary gelip gowuşdy. Bu görnüşli uçarlar Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek ulanylýar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýene-de 7 sany uçaryň satyn alynmagy meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Howa menziliniň çäginde ýerleşýän angarlar dürli görnüşli uçarlary degişli derejede saklamak we olary tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Munuň özi ýük we ýolagçy uçarlarynyň tehniki ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gahryman Arkadagymyz bu desgalaryň gurluş aýratynlyklary, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen içgin gyzyklandylar. Bellenilişi ýaly, bu ýerde alnyp barylýan işleriň, tehniki hyzmatlaryň häzirki zamanyň talaplaryna hem-de ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, uçarlaryň uzak möhletleýin esasda ulanylmagynyň baş şertini emele getirýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman uçarlarynyň tehniki görkezijileriniň ýokary halkara talaplara laýyk gelýändigini, şunda degişli tehniki kadalaryň berk berjaý edilmelidigini belläp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şol bir wagtyň özünde, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we derejesini ýokarlandyrmak, gullugyň işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek meseleleri yzygiderli üns merkezinde saklanylmalydyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň çäk taýdan örän amatly ýerde ýerleşendigini hem-de üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini nazara almak bilen, halkara ölçeglere laýyk gelýän we ulagyň ähli görnüşini, şol sanda howa ulagyny özüne birleşdirýän multimodal üstaşyr ulag düzüminiň ösdürilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 

                                                                   

“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň düzümini täze uçarlar bilen ýetirmek üçin paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzilleri, inženerçilik-tehniki maksatly desgalar gurulýar, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, täze howa menzillerini gurmak we durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň oňyn syýasaty esasynda Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag hem-de logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň degişli düzüminiň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyny üpjün etmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça raýat awiasiýasynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda netijeli çäreler görülýär. Munuň özi ýükleriň daşalmagyny, ýolagçylaryň gatnadylmagyny has-da işjeňleşdirmäge hem-de olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýär. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kiçi görnüşli uçarlaryň we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap dikuçarlaryň netijeli ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarlaryň ýagdaýy, olara edilýän tehniki hyzmatlar bilen gyzyklandylar. 

                                                                   

Döwletimiziň häzirki zaman uçarlarynyň, şol sanda dikuçarlaryň satyn alynmagyna, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine, halkara howa ýük we ýolagçy gatnawlarynyň artdyrylmagyna, şol sanda durmuş hem-de hojalyk maksatly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berýändigini bellemeli. Munuň özi Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek strategiýasyny” durmuşa geçirmek bilen baglylykda hem möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň işiniň kämilleşdirilmegi we ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynyň depginli ösdürilmegi Watanymyzyň yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde derejesini pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädimdir. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de Gahryman Arkadagymyz dikuçarlaryň türgenleşik nokadyna gelip, geljekki uçarmanlary taýýarlamak üçin niýetlenen döwrebap, sanlylaşdyrylan ýörite türgenleşik tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny synagdan geçirdiler. 

                                                                   

Bu türgenleşik nokadynda ornaşdyrylan, kämil kompýuterleşdirilen dikuçar tehnologiýasy degişli hünärmenleri taýýarlamakda hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Dikuçary dolandyrmak üçin ähli enjamlary özünde jemleýän uçar kabinasy uçary herekete girizmekden başlap, asman giňişliginde nähili dolandyrylmalydygy we ony ýere gondurmagyň ugurlary babatda giň maglumatlar toplumyny berýär. Şundan ugur alyp, bu ýerde uçarmanlar hünär derejesini ýokarlandyrmaga amatly şertlere eýedirler. Olar diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, dünýä döwletlerine halkara howa gatnawlaryny amala aşyrmakda ussat hünärmenler bolup ýetişýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türgenleşik nokadynyň mümkinçilikleri bilen tanyşlykdan soňra, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Hökümet awiasiýa toparynyň binasyna bardylar. Bu ýerde zähmet çekjek agentligiň hünärmenleri üçin ýaşamak, dynç almak, hünär derejelerini kämilleşdirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Döwlet Baştutanymyz hem-de Gahryman Arkadagymyz binanyň içinde ýaşamak, dynç almak üçin niýetlenen otaglar bilen tanyşdylar. 

                                                                   

Täze taryhy eýýamda döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns-aladasy netijesinde ulag ulgamyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýolagçy gatnatmakda-da, ýükleri üstaşyr geçirmekde-de döwrebap taslamalar durmuşa geçirilýär. Şeýle taslamalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrýar. Bu dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmaga itergi berýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde döredilen döwrebap ýaşaýyş binasynyň işgärleriň eşretli durmuşyny üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň öz işlerine bolan yhlasyna güýç-kuwwat berjekdigini, ruhubelentligini artdyrjakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan ähli işleriň düýp özeniniň halkymyzyň şu güni we nurana geljegi babatda möhüm ädimlerdigini bellemek bilen, mundan beýläk-de “Türkmenhowaýollary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýokarlandyryljakdygyny nygtady.  

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz ulag ulgamynyň ýolbaşçylaryna alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugradylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň işewürlik, medeni dynç alyş merkeziniň emele gelýän demirgazyk böleginde gurulýan söwda we dynç alyş merkeziniň ýanyna geldiler. Bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň we durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän toplumlaryň taslamalarydyr çyzgylary görkezildi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow bu ýerde alnyp barylýan işler, gurulýan binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy baradaky hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzda gurluşygy dowam edýän binalaryň we durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalaryny, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, bu ýerde köpugurly söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Täze toplumyň çäklerinde bassyrmaly çaýhana, awtoduralga, işewürlik merkezi, buz-oýun meýdançasy, toý mekany ýerleşdiriler. Şeýle hem dükanly ýerasty geçelgeler gurlar. Munuň özi durmuş ulgamyna degişli desgalaryň gurluşygynyň toplumlaýyn görnüşde ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde ozal gurlan we häzirki döwürde durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalar, ýol ýakalaryna oturdyljak haşamly germewler, köp gatnawly ýol çatryklarynda bina edilmegi göz öňünde tutulýan köp zolakly, aýlawly awtomobil köprüleri we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar. 

                                                                   

Paýtagtymyzda ýokary amatlyklaryň döredilmegi halkymyzyň eşretli durmuşynyň we Aşgabady senagatlaşdyrmak ulgamynyň ýokary derejä eýe bolýandygynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň döwrebaplaşdyrylýandygynyň subutnamasyna öwrülýär. Görkezilýän taslamalar we çyzgylar bilen tanyşlygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri olara birnäçe bellikleri aýtdylar hem-de degişli düzedişleri girizdiler. Bellenilişi ýaly, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine we ähmiýetine aýratyn üns berilmegi möhüm wezipe bolup durýar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, şäher gurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologik meselä aýratyn orun degişli bolmalydyr. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz söwda we dynç alyş merkeziniň bina edilýän ýeriniň gurluş aýratynlygyny, ýerasty suwlaryň derejesini we zeý suwlaryny akdyrmagyň aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu tabşyrygy makullap, bu babatda degişli düzümleriň wekilleriniň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýerasty suwlaryň binalaryň gurluşygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almakda aýratyn ähmiýetlidir. Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynyň başlanýan ýeriniň topragynyň, onuň ýerasty gatlagynyň ylmy esasda içgin öwrenilmegi häzirki zamanyň möhüm talaplarynyň biri bolup durýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda-da ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, desgalaryň durkunyň täzelenilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Munuň özi degişli binalaryň uzak möhletleýinligini, olaryň şäheriň beýleki desgalary bilen bir bitewi sazlaşygyny üpjün eder. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary taýýarlananda, ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Munuň özi diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurluşyk işleri meýilleşdirilende-de esasy talap bolmalydyr. 

                                                                   

Aşgabat şäheriniň ýol-ulag düzüminiň işini kämilleşdirmek, bu ugra degişli desgalaryň ýerleşýän ýerlerine laýyklykda bezeg aýratynlyklaryna, yşyklandyryş ulgamyna möhüm ähmiýet bermek Watanymyzyň baş şäherini toplumlaýyn ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň möhüm şerti hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, iri möçberli şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam edýär. Bu babatda şäherdäki desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagyna zerur üns berilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz bina edilýän desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagynyň wajypdygyna ünsi çekdiler. Halkymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we göwnejaý dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyna möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde şäher ilatynyň oňaýly durmuşyny üpjün edýän, sanly ulgama daýanýan enjamlar ornaşdyrylan merkezleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini bellemek bilen, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugradylar.

26.06.2023
Hyzmatlaryň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak ugrunda

Bank ulgamynyň depginli ösüşi islendik ýurtda-da ykdysady ösüşiň esasy şerti bolup durýar. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda bank işjeňligi yzygiderli ýokarlanýar. Ulgama sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň bank ulgamynyň işini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekýär we bu babatda ýerine ýetirilýän işleri üstünlikli dowam etdirmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrýar. 

                                                                   

Pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin bank ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan iri söwda merkezlerinde hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň binalarynda bankomatlar, töleg terminallary oturdylýar. Zähmet haklaryny bank kartlary arkaly bermek tejribesi netijeli durmuşa ornaşdyrylýar. Durnukly sanly bank ulgamynyň emele gelmeginiň we dolandyryşyň kem-kemden elektron görnüşe geçmeginiň möhüm şerti hasaplanýan bank kartlary esasy töleg guraly hökmünde köpçülikleýin ulanylýar. 2023-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna görä, ýurdumyzda bank kartlarynyň umumy sanynda «Daýhanbank» DTB-niň we «Türkmenistan» DTB-niň bank kartlarynyň paýy 54,9 göterime barabardyr. Şu ýerde «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň işini-de aýratyn bellemek gerek. Onuň işläp taýýarlan QR-kodlarynyň kömegi bilen töleg usuly ykjam telefonlaryň eýelerine optiki nyşanlary göçürip, nagt däl görnüşde hem-de bank kartlary arkaly islendik harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Sanly ulgama geçmekde söwda toplumyna möhüm orun degişlidir. Häzir ýurdumyzda elektron söwdany ösdürmäge, ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamyň hem netijeli hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär. «Alyjylaryň hukuklary hakynda», «Söwda işi hakynda», «Internet ulgamyny ösdürmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek we Türkmenistanda internet hyzmatlaryny etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň Düzgünleri işlenip düzüldi we işe girizildi. Ol elektron söwdanyň işini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Sanlylaşdyrmak bank ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugrudyr. Çünki munuň özi hyzmatlary kämilleşdirmek hem-de olaryň görnüşini giňeltmek arkaly ulgamy özgertmäge ýardam edýär. Bu ugurda amala aşyrylýan işler maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, işewürlik işjeňliginiň höweslendirilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň karz edaralarynda müşderiler bilen özara gatnaşyklary ösdürmekde döwrebap sanly mümkinçiliklerden yzygiderli peýdalanylýar. Bu edaralar müşderilere toplumlaýyn hyzmat etmegiň döwrebap usullaryny ulanmak arkaly bank işini döwrüň ösýän talaplaryna laýyklykda guraýar. Täze tehnologiýalary bank işewürligine girizmekde maglumatlary goramagyň usullaryny kämilleşdirmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy dürli amallar geçirilende harajatlary azaltmaga, müşderilere hyzmat etmegiň usullaryny has-da kämilleşdirmäge we bank ulgamynyň ykdysadyýetde tutýan ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Maliýeleşdirmegiň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, maýalary dolandyryş we töwekgelçilikleri öňünden duýduryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, korporatiw dolandyryş ulgamyny kemala getirmek, telekeçilik ulgamyny kämilleşdirmek, banklaryň girdejisini we düşewündini artdyrmak möhüm ugurlar hasaplanýar. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Bu işler 2018 — 2024-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. Ol telekeçilik düzüminiň, salgyt ulgamynyň esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň, ýeňillikli karzlaryň ýönekeýleşdirilmeginde, telekeçiler üçin karzlary, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmegiň kadalarynyň ýeňilleşdirilmeginde öz beýanyny tapýar. Ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin oňa maýa goýum serişdeleriniň barha giňden çekilmegi oňyn netije berýär.  

                                                                   

Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda we depginli ösüşini üpjün etmekde, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny gazanmakda bank ulgamynyň durnuklylygy örän wajypdyr. Ýurtda ykdysadyýetiň sazlaşykly hem-de yzygiderli ösüş depginleri ilatyň umumy iş bilen üpjünçiligini, girdejilerini ýokarlandyrmaga, nyrhlary emele getirmegiň durnuklylygyny makroykdysady taýdan deňleşdirmäge gönükdirilendir. «Elektron banking» düzüminiň ösmegi, nagt däl hasaplaşyklaryň mukdarynyň artmagy, banklaryň maýa serişdeleriniň köpelmegi, orta we kiçi telekeçiligi karzlaşdyrmagyň ýokarlanmagy hem-de bank serişdeleriniň täze görnüşleriniň hödürlenmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Soňky döwürde «Altyn asyr», «Milli kart», «Maşgala», «Goýum bank karty» ýaly kartlar dolanyşyga girizildi. «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg» ulgamlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň sany artdy. Häzirki wagtda karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary has-da ösdürmek, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, hödürlenýän hyzmatlary onlaýn tertipde amala aşyrmak, bank kartlary arkaly tölegleri geçirmek işleriniň gerimi giňeldilýär. Hususan-da, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlarynyň üsti bilen müşderiler banka barmazdan, dünýäniň islendik künjeginden tölegleri amala aşyryp bilýärler. Mundan başga-da, olara internet arkaly menzilara bank hyzmatlary, bölek satuw we hyzmat ulgamynda QR-kod arkaly hasaplaşyklar hödürlenýär. Ýörite terminallaryň üsti bilen söwda we hyzmat ediş merkezlerinde satyn alnan harytlar, ýerine ýetirilen hyzmatlar, jemagat hyzmatlary (gaz, suw, elektrik energiýasy), Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň degişli hyzmatlary we beýlekiler üçin tölegler geçirilýär. Ilatyň «Visa» we «MasterCard» halkara töleg ulgamlaryndan peýdalanmagy pul dolanyşygynyň ösüşinde nobatdaky möhüm tapgyr boldy.  

                                                                   

Şeýlelikde, hödürlenýän hyzmatlaryň tiz ýerine ýetirilmegi we elýeterli bolmagy bank bilen müşderiniň arasyndaky gatnaşygy hil taýdan täze derejä çykardy. Iň esasysy bolsa, makroykdysady görkezijilere laýyklykda, milli manadymyzyň daşary ýurt pullaryna gatnaşygynyň durnukly bolmagynda galýandygydyr.  

                                                                                                           

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.

26.06.2023