Arkadag şäherinde halkara ekologiýa forumy geçirildi

3-nji iýulda Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylarydyr wekilleri, tebigaty goramak boýunça degişli düzümleriň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çäräniň maksatnamasyna daşky gurşaw babatda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we oňa garşy göreş çäreleri, ekologik taýdan arassa önümleri ösdürip ýetişdirmek, ekologik abadançylyk we çölleşmäniň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bellenilişi ýaly, tebigaty goramak, täze, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanly ulgam, ýurt we sebit derejesinde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bütin adamzat üçin möhüm bolan ekologik meseleleri çözmäge gönükdirilen halkara tagallalary utgaşdyrmaga örän jogapkärçilikli çemeleşip, bu işe özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Munuň şeýledigini bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem tassyklaýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda Arkadag şäherine BMG-niň we onuň düzümleriniň tehniki wekiliýeti sapar bilen gelip, “akylly” şäher konsepsiýasyna esaslanýan öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar esasynda şäher dolandyryşyny üpjün edýän bitewi ekoulgam bilen ýakyndan tanyşdy we bu ýerde durmuşa geçirilen işlere ýokary baha berdi. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyşynda ýurdumyzda ilkinji “akylly” şäheriň açylmagy mynasybetli geçirilýän halkara maslahatlaryň şunuň ýaly şäherleriň durnukly ösüşiniň üç ugruny — ykdysady, durmuş we ekologik talaplaryny hasaba almak bilen, hyzmat we üpjünçilik babatdaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.
Arkadag şäheriniň diňe bir durmuş, ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly giňişlik bolup biljekdigine üns çekildi. Şäheriň gurluşygynyň indiki tapgyrynda senagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygynda, çig mallaryň gaýtadan işlenilmeginde häzirki döwrüň ekologik talaplaryny doly berjaý etmek göz öňünde tutulýar. Bu işleriň ählisi Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerine laýyk gelýär.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç “akylly” we “ýaşyl” şäher ekoulgamyny ösdürmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge, täze tehnologiýalary, innowasion çözgütleri ornaşdyrmak arkaly bilelikdäki ekoulgamy döretmekde tejribeleri we bilimleri alyşmaga ýardam bermäge taýýardygyny nygtady.
Sanly ulgam arkaly çykyş eden Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow maslahata gatnaşyjylaryň ählisini we türkmen halkyny şanly waka — Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlap, munuň türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň nyşanydygyny belledi. “Biz Türkmenistanyň goldawlaryna ýokary baha berýäris we Arkadag şäheri ýaly “akylly” şäherleriň ekologik gurluşy babatda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge umyt edýäris. Biziň bilelikdäki işlerimiziň Merkezi Aziýa sebitinde daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde itergi boljakdygyna ynam bildirýärin” diýip, Zafar Mahmudow çykyşynda nygtady.
2022-nji ýylyň oktýabrynda Arkadag şäheriniň golaýynda geçirilen “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagynyň açyk asmanyň astyndaky giň gerimli ekologik çäre bolandygyny bellemelidiris. Bu ýerde nazary bilimleri tejribede ulanmak arkaly üzümiň “gara kişmiş” diýlip atlandyrylýan görnüşiniň 500-den gowrak nahaly ekildi. Watanymyzyň barha artýan halkara abraýynyň ählumumy ykrar edilmesiniň ýene-de bir aýdyň nyşany hökmünde 2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny görkezmek bolar. Halkara maslahatda tokaý zolaklaryny goramagyň, oba hojalyk ýerleriniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmagyň we gurak howaly ýurtlarda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Çykyş edenler Türkmenistanda ekologiýa maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde howa şertlerini gowulandyrmaga, biodürlüligi gorap saklamaga we artdyrmaga ýardam edýän tokaý zolaklarynyň döredilýändigini bellediler. Geçen ýylyň noýabrynda agzybirlik we jebislik ýagdaýynda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek çäresinde täze şäheriň çäginde dürli bag nahallarynyň 5 müňden gowrak düýbi oturdyldy. Bu asylly çäräniň şäheriň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakda we amatly daşky gurşaw şertlerini döretmekde aýratyn ähmiýeti bar. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulmagy hem-de onuň açylyş dabarasynda dürli ugurlarda ýeten üstünliklerini tassyklaýan halkara güwänamalaryň gowşurylmagy şäheriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy.
“Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýygnananlar tebigaty goramak boýunça durmuşa geçirilýän işlere çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, tebigy serişdeleri aýawly ulanmaga we daşky gurşawy netijeli goramaga gönükdirilen ekologik taslamalary üstünlikli amala aşyrmakda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň zalynda oba hojalyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.