Sahawatly türkmen topragynyň üsti hem, asty hem durşuna baýlyk. Ene ýerimizde dürli oba hojalyk ekinleri, miweleriň köp görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Mallarymyz süri-süri. Et we süýt, olardan taýýarlanylýan dürli tagamlar bazarlarymyzda bol. Önümleriň haýsy görnüşini halasaň, saýlap-seçip alybermeli.
Dürli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmeklige türkmen işewürleri-de işjeň gatnaşýarlar. Olar oba hojalyk önümlerini öndürmekde, pudagy ýokary depginler bilen ösdürmekde göreldeli zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Döwlet tarapyndan berilýän uly goldawyň netijesinde, türkmen telekeçileri oba hojalyk pudagyna täzelikleri batyrgaý ornaşdyryp, täze belentliklere ýetýärler. Daýhan hojalyklarydyr hojalyk jemgyýetleri, aýry-aýry telekeçiler bu ugurda ýeterlik tejribe topladylar. Şeýle hojalyklaryň biri-de «Ajaýyp ussat — halal önümleri» jemgyýetidir.
2012-nji ýylda esaslandyrylan hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde uly maldarçylyk toplumyny işe girizdi. Onuň ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy 20 müň tonna süýt, 100 tonna et öndürmäge ukyplydyr. Toplum birnäçe fermalardan ybarat bolup, bu ýerde sygyrlar, göleler, öküzler aýratyn idedilýär. Häzirki wagtda toplumda iri şahly mallaryň 4411 sanysy bar. Olar süýdi we eti köp berýän golştin we simmental tohum mallarydyr. Toplumda eti köp berýän «aberdin-angus» tohum mallary-da saklanylýar we köpeldilýär. Häzirki wagtda bu mallaryň 631-si Germaniýadan getirildi. Olar etiň mermer görnüşini berýärler.
Maldarçylyk toplumlaryna Germaniýanyň, Türkiýäniň iň öňdebaryjy, döwrebap we kämil tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylan. Iş usullarynyň ählisi kompýuter arkaly dolandyrylýar. Mysal üçin, owkalaýjy çotkany alyp göreliň! Sygyrlar golaýlaşanda, çotkalar awtomatik usulda işläp ugraýar. Mallaryň saklanylýan jaýlarynyň poluna kauçuk düşelendir. Ol özüniň berkligi, maýyşgaklygy, suw geçirmeýänligi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Başgaça aýdanymyzda, mallaryň toýnagyna hiç hili zeper-şikes ýetirilenok. Her bir malyň çipli boýunbagy bar. Bu enjamlar arkaly olar barada maglumat alyp bolýar. Meselem, sygryň irki sagymda näçe litr süýt berenligini, onuň ýaglylyk derejesini, mallaryň özüni duýşuny anyklap bolýar. Ot-iýmleriň düzüminiň üýtgedilmegi-de şol çipler arkaly kesgitlenilýär.
Sygyrlaryň her biri günde 25 litrden gowrak süýt berýär. Her gün toplum boýunça 10 tonnadan gowrak süýt öndürilýär. Ony «Hasar» hojalyk jemgyýeti uly höwes bilen satyn alýar. Şeýle-de, Nazar Durdyýew, Guwançmyrat Orazow, Jennet Ulugberdiýewa, Ýazgeldi Hudaýberdiýew, Azat Abaýew ýaly telekeçiler «Ajaýyp ussat — halal önümleriň» süýdüne köp isleg bildirýärler. Bu telekeçiler degişlilikde, «Elin», «Täze aý», «Garpamyk», «Aýaz Baba», «Ak ýaprak» haryt nyşanly süýt önümlerini ilata hödürleýärler. Ekologiýa taýdan arassa, hil derejesi dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän süýdüň hyrydarlary ýylsaýyn artýar. Maldarçylyk toplumynda öndürilýän ete, aýratyn hem mermer ete isleg uly. «Bereketli», «Ak toprak» ýaly hojalyk jemgyýetleri onuň hemişelik müşderileridir.
Gürrüňi gidýän hojalyk jemgyýetiniň 7031 gektar meýdany bar. Maldarçylyk toplumyndan başga-da, müňlerçe gektar meýdana ýorunja, mekgejöwen, arpa, iýmlik şugundyr, kädi ekilip bol hasyl alynýar. Ýorunjanyň birinji oragyndan bede, mekgejöwenden silos taýýarlanylýar. Olar idedilýän mallary hiç hili müşgilsiz ot-iým bilen üpjün etmäge ýardam edýär. Ot-iýmler ýörite ammarlarda saklanýar. Silos üçin ýörite garymlar bar. Ýeri gelende aýtsak, mallar öri meýdanlarynda-da bakylýar. Bu bolsa mallaryň sagdyn bolmagynyň, süýtlüliginiň artmagynyň esasy şertleriniň biridir.
Hojalyk jemgyýeti esasy baýlyklarymyzyň biri bolan «ak altyny» hem öndürýär. 690 gektar meýdanda ýaşyl öwüsýän gowaçalara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär. Suwy, döküni, bejergisi kemsiz ýerine ýetirilýän gowaçalar gününi sanap boý alýar. Işewürler şu ýyl 1391 tonna pagta hasylyny almagy maksat edinýärler. 1118 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilen bugdaýyň oragy ilkinjileriň hatarynda tamamlandy. 2334 tonna guşgursak hasyl ýygnalyp, elewatorlara tabşyryldy. Häzirki wagtda bugdaýdan boşan meýdanlarda mekgejöweniň ekişi ýokary depginde alnyp barylýar. Meýdan işlerini kemsiz ýerine ýetirmek üçin jemgyýetiň ýeterlik kuwwatly, öndürijilikli tehnikalarynyň bardygyny bellemek gerek.
Hojalyk jemgyýeti bagçylyk bilenem meşgullanýar. 130 gektar meýdanda döredilen şetdaly bagy özboluşly gözelligi emele getirýär. Baglaryň şahalary aşak, miweler düzüm-düzüm. Şetdalynyň ilkinji tonnalary eýýäm söwda nokatlaryna, bazarlara ugradylyp başlandy. Bagbanlar geçen ýyl şetdalynyň 47 tonnasyny ýygyp, alyjylara hödürlediler. Olar şu ýyl hasyllylygy 50 tonnadan geçirmegi meýilleşdirýärler.
Asylly zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezip iş bitirýän hojalyk jemgyýetiniň işçi-hünärmenleri bazar bolçulygynyň berkemegine öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Zähmetiň joşýan ýerinde ähli maksatlar amala aşýandyr. Munuň şeýledigini «Ajaýyp ussat — halal önümleri» hojalyk jemgyýetiniň mysalynda aýdyň görmek bolýar.
Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».