Arkadag şäheriniň ajaýyp waspnamasy

Şu günler «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze neşiriň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Düýn hem şeýle dabaralar ýurdumyzyň käbir toplumlarynda hem-de täze şäheriň edara ediş merkezinde ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde aýdym-sazlara beslenen tanyşdyrylyş dabarasy ýurdumyzyň medeniýet ulgamy we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri tarapyndan guraldy. Dabaraly maslahat başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan köpöwüşginli sergini synladylar. Bu ýerde alym Arkadagymyzyň atalyk kitaplary, milli senetçilerimiziň önümleri, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden we yhlasyndan dörän el işler, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 29-30-njy iýunynda Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolup, mukaddes Mekge şäherinde haj parzyny berjaý etmegi hem-de gurbanlyk sadakasyny bermegi agzybir halkymyzyň şatlygyny, buýsanjyny goşalandyran waka boldy. Haj zyýaraty mynasybetli Milli Liderimiziň medeniýet we sungat ussatlaryna keramatly toprakdan getiren teperrik sowgatlaryny ibermegi olaryň zähmetine döwletimiz tarapyndan mynasyp baha berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu waka halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orny eýeleýän we özleriniň belent ruha beslenen aýdym-sazlary, çeper döredijiligi bilen milletimizi, aýratyn-da, ýaşlary beýik maksatlara, täze ýeňişlere ruhlandyrýan medeniýet, sungat ussatlarynyň köptaraply döredijiligine aýratyn sarpanyň nyşany bolup, olary täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy.
Dabarada degişli pudaklaryňdyr edaralaryň ýolbaşçylarynyň, halypa ýazyjy-şahyrlaryň, aýdymçylaryň, artistleriň çykyşlaryna uly orun berildi. Olar Arkadag şäheriniň ajaýyp binalarynyň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada durup geçdiler. Çykyş edenler sebitde ilkinji «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmeginiň hem özboluşly mana eýedigine üns çekdiler. Nygtalyşy ýaly, garaşsyz ösüşimiziň täze tapgyrynyň bedew batly ösüşleriniň, ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrülen şäheriň açylyş dabarasynyň yzysüre bu şanly waka bagyşlanyp geçirilen mediaforum, «Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany», «Arkadag şäheri — «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar şäheri» atly maslahatlar, türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň Türkmenistanyň Döwlet hory we simfoniki orkestri bilen bilelikdäki konserti, TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen şäherleriň häkimleriniň duşuşygy, Russiýanyň sirk ussatlarynyň çykyşlary uly ähmiýete boldy. Bu çäreler döwlet ähmiýetli täze şäheriň medeniýetiň hem-de sungatyň, döredijiligiň gülläp ösýän merkezine öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Dabaranyň dowamyndaky şeýle buýsançly gürrüňler sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. «Bu şäherde», «Arkadagyň şäheri», «Arkadag şäheri» ýaly täze aýdymlarda gojaman Köpetdagyň gözel künjeginde kemala gelen täze ýaşaýyş gurşawynyň Gahryman Arkadagymyzyň gadymy türkmen topragynda döreden ajaýyp sungat eseridigi, Arkadagly Serdarymyzyň döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine ynamly öňe alyp barýandygynyň aýdyň güwäsidigi öz beýanyny tapýar.
***
«Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze neşiriň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, ýaşlar, sport toplumy, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Arkadag şäheriniň toplumlarynyň, edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda şäher häkimliginde hem geçirildi. Olara düzümleriň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Dabaralarda çykyş edenler täze kitapda bu ajaýyp şäheriň özboluşly aýratynlyklarynyň, tebigy gözelligiň we döwrebaplygyň sazlaşygynyň çeper beýan edilýändigi hakynda täsirli gürrüňleri berdiler. Ýokary çaphana usulynda neşir edilen bu täze kitabyň üç dilde taýýarlanylmagy onuň giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendigini görkezýär. Ol okyjylar köpçüligi, tutuş halkymyz tarapyndan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna mynasyp sowgat hökmünde kabul edilip, şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýär.
Mahlasy, «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitaby tanyşdyrmak maksady bilen geçirilen dabaralaryň her birinde tutuş halkymyzyň göwnüni ganatlandyran Arkadag şäherine bolan egsilmez buýsanjy görmek bolýar. Tanyşdyrylyş çäreleriniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuwlap, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.