Habarlar
Sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmegiň ýoly bilen

Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän hem-de Watanymyzyň abraýyny dünýä giňişliginde belent derejä göterýän daşary syýasat ugrunyň üýtgewsiz ýörelgeleridir. Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda anyk başlangyçlary öňe sürmek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Munuň şeýledigine döwlet Baştutanymyzyň gatnaşýan hem-de geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmaga we işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän dürli görnüşdäki ýokary derejeli duşuşyklary-da şaýatlyk edýär. Giň geografik giňişlikde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, diwersifikasiýalaşdyrmak babatda bar bolan mümkinçilikleri ulanmak arkaly Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibindäki meseleleri çözmäge uly goşant goşýar. 

                                                                   

4-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, döwletara gatnaşyklary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna gabat gelýän täze derejä ýetirmäge gönükdirilen teklipleri öňe sürdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar biziň ýurdumyz üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu guramanyň agzalary, oňa synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlarydyr. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady, maýa goýum, ulag, energetika we beýleki ugurlarda öňe sürýän başlangyçlaryna Türkmenistan uly gyzyklanma bilen garaýar, bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda gatnaşmagynyň oňat mümkinçiliklerini görýär. Şunda diňe pugta parahatçylyk, durnukly howpsuzlyk üpjün edilende, ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli boljakdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu örän möhüm iki wezipäni amala aşyrmakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga üns bermegi teklip etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz täze yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegi, bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistik işiň amatly usulyny emele getirmegi, şeýle hem energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek arkaly yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmegi özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan beýleki ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Bu ýerde gürrüň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň zerurlyklaryny üpjün etmek we geljekde daşarky bazarlara çykmak barada barýar. 

                                                                   

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýady döretmek başlangyjyny beýan etdi. Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi ähli gyzyklanma bildirýän taraplara teklip etdi. 

                                                                   

Bellenip geçilen ugurlaryň her biri boýunça ilkinji ädim hökmünde bilermenleriň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi maksadalaýyk hasaplap, döwlet Baştutanymyz munuň bilelikde işlemegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça gatnaşyklaryň beýleki möhüm ugurlarynda hyzmatdaşlyga yzygiderlilik häsiýetini bermek bilen, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda-da ulanylyp bilinjekdigi aýdyldy. Munuň özi ýurdumyz bilen ŞHG-niň dürli düzümleriň we esasy halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegi üçin goşmaça şertleri we mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen bilelikdäki toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmekde giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklaýar. 

                                                                   

19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy. Bu Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçly hem-de işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýany boldy. 

                                                                   

Merkezi Aziýadaky goňşy döwletler, şeýle hem arap dünýäsiniň ýurtlary bilen däp bolan dostlukly, özara hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklar Watanymyzyň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň Jidda şäherinde geçirilen sammitde öňe süren başlangyçlary döwletara we sebitara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyna uzak möhletleýin häsiýeti, durnuklylyk we netijelilik bermegi göz öňünde tutýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtmak bilen, syýasy meselelerdäki hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag, energetika, maýa goýumlar we söwda pudaklaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdi. Bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, biziň sebitlerimizi birleşdirmek maksady bilen, täze üstaşyr ulag geçelgelerini, berk we ygtybarly logistika infrastrukturasyny döretmek wajyp hasaplanýar. Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmegi teklip etdi. 

                                                                   

Energetika pudagyna hem giň orun berilýändigi, bu ýurtlarda baý energiýa çeşmeleriniň, ýangyç-energetika serişdeleriniň we olary gaýtadan işleýän güýçli önümçilik desgalarynyň bardygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz degişli ugurda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmek başlangyjyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, söwda dolanyşygynyň möçberini yzygiderli artdyrmak maksady bilen, Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Söwda edarasyny döretmek baradaky meseläni öwrenmegi teklip etdi. 

                                                                   

Maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlyk üçin hem giň mümkinçilikler bar. Türkmenistan ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyga hemişe açykdyr. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň birinji maýa goýum forumyny geçirmek teklibi öňe sürüldi. Halkara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer ulgama hem uly ähmiýet berilýär. Bu ulgamda Türkmenistan medeni hyzmatdaşlygyň täze platformasyny — Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Medeniýet dialogyny döretmegi teklip etdi. Häzirki günde ählumumy ösüşiň gün tertibinde duran möhüm meseleleriň biri-de ekologiýa meselesidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Ekologiýa geňeşiniň döredilmegi baradaky meselä seretmegi teklip etdi. 

                                                                   

Lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem derwaýys wezipeleriň biridir. Mälim bolşy ýaly, bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan wajyp halkara başlangyçlar öňe sürüldi. Bu teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek we lukmançylyk diplomatiýasy babatdaky gatnaşyklary ösdürmek üçin hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etdi. 

                                                                   

Sammitdäki çykyşynda döwlet Baştutanymyz bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň birinji halkara sport oýunlaryny geçirmegiň bu ugurdaky ilkinji ädimleriň biri boljakdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, şeýle oýunlar açyk häsiýete eýe bolmalydyr. Bu çäräni guramak üçin Türkmenistan bar bolan ähli döwrebap sport infrastrukturasyny hödürlemäge we oýunlara gatnaşyjylar üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr. 

                                                                   

Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň oňyn depginine kanagatlanma bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, Aýlagyň hem-de Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň binýadyny goýan sammitiň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň sammitde öňe süren hem-de foruma gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan makullamak bilen kabul edilen anyk teklipleri bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň we onuň ak mermerli paýtagtynyň iri halkara çäreleriň, şol sanda dürli görnüşdäki ýokary derejeli duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrülendigi bellärliklidir. Aşgabatda 4-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň başlyklyk etmeginde ilkinji gezek şeýle görnüşde geçirilen bu ýokary derejedäki duşuşyk taryhy we kanunalaýyk waka bolmak bilen, strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän, däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze tapgyry alamatlandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň sammitdäki çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň arasyndaky özara düşünişmek, ynanyşmak, açyklyk ýokary derejä çykaryldy. Munuň özi bize öňümizde uzak möhletli döwür üçin batyrgaý we bilelikdäki anyk wezipeleri goýmaga, iri taslamalaryň başyny başlamaga, üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, munuň diňe bir üç ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebit işlerine-de oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi. Şu we beýleki wajyp meseleler üçtaraplaýyn gün tertibinde durmak bilen, umumy sebit ösüşiniň wezipeleri we geljegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, bu sammit Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerindäki bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi, bu formatyň üstüniň ýetirilmegi we baýlaşdyrylmagy bolup durýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz häzirki çylşyrymly halkara şertleriň ýokary derejede jebisligi, ylalaşyklylygy we özara goldawy talap edýändigini belläp, biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň ençeme asyrlyk tejribä esaslanýan umumy döredijilikli ýörelgelerden, däp-dessurlardan, gymmatlyklardan ugur alýandyklaryna ünsi çekdi. Parahatçylyk, durnuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk uly baýlykdyr. Biz bu baýlygy aýawly saklamalydyrys, artdyrmalydyrys we geljek nesillere geçirmelidiris. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda durnukly suw üpjünçiligi, energetika, ulag we logistika ýaly ileri tutulýan ugurlara aýratyn üns çekildi. Suw serişdelerini rejeli dolandyrmagyň gurallaryny kemala getirmek, bu ugurda netijeli çäreleri görmek ilkinji möhüm ugurlaryň hatarynda nygtaldy. Gürrüň, hususan-da, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, degişli suw hojalyk desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, beýleki degişli çäreler hem-de biziň ýurtlarymyzyň suwa bolan isleglerini doly derejede we özara bähbitleri nazara almak arkaly üpjün etmäge mümkinçilik berjek tehnologik çözgütler barada barýar. 

                                                                   

Energetika ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň netijeli nusgasyny döretmegiň maksadalaýykdygy barada aýtdy. Ol üç ýurduň artýan energiýa isleglerini hem-de milli energiýa ulgamlarynyň berkliginiň zerur bolan ätiýaçlygyny üpjün eder. Bu strategik maksatlara ýetmek üçin ulgamlaýyn, anyk çemeleşme zerur bolup durýar. Bu ulgamda eýýäm belli bir tejribe toplandy hem-de özara gatnaşyklaryň, hususan-da, elektrik energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň oňat mysallary bar. Umuman, Türkmenistan şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, onuň durnukly häsiýetli bolmagyny üpjün etmäge taýýardyr. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gaz pudagynda uzak möhletli üçtaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga degişli teklibi beýan etdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna hem möhüm orun degişlidir. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Biziň ýurtlarymyz Aziýa we Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr ulag gatnawlarynda geografik taýdan möhüm orny eýeleýär. Munuň özi üç döwletiň çäginde Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirýän doly derejeli logistika merkezini döretmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bitewi ulag strategiýasyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem bu ugurda gatnaşyklaryň köp babatda halkara hyzmatdaşlar bilen ylalaşygyň gazanylmagyny üpjün etmäge ukyplydygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýä giňişliginde ylalaşykly ulag diplomatiýasyny bilelikde has maksada okgunly amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Mundan başga-da, söwdany giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat kooperasiýasy, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk, maýa goýum işini höweslendirmek ýaly üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň başlangyçlary doganlyk döwletleriň Baştutanlary tarapyndan giňden goldanyldy. Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň oňyn tejribä we giň mümkinçiliklere daýanýan netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklary döwlet Baştutanlarynyň çykyşlarynda tassyklanyldy. 

                                                                   

Umuman, Aşgabat sammiti üç döwleti parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, sebitde ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge çalyşýandyklaryny we syýasy erk-isleglerini ýene-de bir gezek tassyklady. 

                                                                   

Türkmenistanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, sebit hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze itergi bermek babatdaky meýilleri sammitiň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly döwletleriň Baştutanlary bilen geçiren duşuşyklarynda hem tassyklanyldy. 

                                                                   

Şeýlelikde, ýurdumyz döwletara, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň, başlangyçly orny eýelemek bilen, bu meseleleriň çözülmegine yzygiderli we toplumlaýyn esasda çemeleşmek ugrunda çykyş edýär hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. 

                                                                                                           

(TDH)

10.08.2023
Ajaýyp binalary gurup adygan

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasynda zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň 90 göteriminiň ýaşlardygy onuň utuşly taraplarynyň biridir. Çünki ýaşlaryň bar ýerinde güýç bar, gaýrat bar. Olar ýadamagy-ýaltanmagy bilmeýärler. Öwrenmegiň, bilmegiň, gurmagyň, döretmegiň, täze, innowasion usullarda zähmet çekmegiň höwesindäki ýaşlar täzeçe pikirlenip, täze teklipler bilen çykyş edýärler. Saýlap alan hünärine, işine höwesli ýaş össürimleriň häzirki zaman tehnologiýalaryna erk etmegi, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy üçin ähli şertler bar. Gurluşyk-gurnama işlerini alyp barmagy maksat edinen kärhanadaky ýaşlar şol mümkinçiliklerden giňden peýdalanýarlar. 

                                                                   

Tejribeli telekeçi Berdimyrat Garlyýewiň ýolbaşçylygyndaky gurluşyk kärhanasy paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda medeni-durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysyny gurup, ulanmaga berdi. Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň bäşisi, orta mekdepleriň üçüsi, çagalar bagy, medeniýet öýi, köpugurly hassahanalaryň ikisi, sport desgalary toplumy, Halkara karantin merkezi we çagalar dynç alyş seýilgähi hut şu kärhananyň işgärleriniň yhlasly zähmetiniň miweleri. Binagärlik keşbi bilen owazasy dünýä dolan Arkadag şäherinde bu hususy kärhana tarapyndan gurlan desgalar ýokarky sanawyň üstüni ýetirdi. Tejribeli telekeçilere täze şäheriň birinji tapgyrynda dürli maksatly binalaryň ikisiniň we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň altysynyň gurluşygy ynanyldy. Öz işine ussat hünärmenler Ruslan Seýidowyň, Nurmuhammet Ataýewiň, Durdymyrat Hudaýberdiýewiň, Döwrangeldi Rozyýewiň ýolbaşçylygynda «akylly» şäherde amal edilen düýpli gurluşyklarda işçileriň 2450-ä golaýy agzybir zähmet çekdi. Şeýlelikde, gurluşyk işleri öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilip, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň şahamçasy, şäher prokuraturasynyň edara binasy ulanmaga berildi. Şäherde kärhananyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen 9 gatly, 54 öýli, 7 gatly, 28 öýli, 5 gatly, 30 öýli ýaşaýyş jaýlarynda ähli amatlyklar döredilendir. «Akylly» öý hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýän ýaşaýyş jaýlaryna «Peýdaly iş» hojalyk jemgyýetiniň hem-de Türkiýe döwletiniň meşhur kompaniýalarynyň häzirki zaman mebelleri ornaşdyryldy.  

                                                                   

— Işçi-hünärmenleriň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin gurluşyk serişdeleri, tehnikalar, amatly şertlerdir ýeňillikleriň döredilmegi ilkinji zerurlyklardyr — diýip, «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Berdimyrat Garlyýew gürrüň berýär: — Mümkinçiliklerden peýdalanyp, gurluşyk işleri üçin magdan däl gurluşyk materiallaryny, ýagny çägedir owradylan çagly, çagyl-çäge garyndylaryny Kaka, Gökdepe, Galaýmor kän müdirliklerinden, sementi Lebap, Bäherden sement zawodlaryndan özara baglaşylan şertnama esasynda satyn alýarys. Gurluşyk tehnikalarynyň 60-sy işledilýär. Agdaryjy, suw çekiji tehnikalar, göteriji, diňli kranlar, zynjyrly, ýük ýükleýji ekskawatorlar, beton garyjy enjamlar toplumy we başga-da onlarça tehnikalar gurluşyk işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagyna şert döredýär. Işçi-hünärmenler pasyllara görä ýörite egin-eşikler, aýakgaplar, ýatak jaýlary, iýmit bilen yzygiderli üpjün edilýär. Gurluşyklaryň her birinde tehniki howpsuzlyk düzgünleri berk berjaý edilip, şahsy gorag serişdeleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik ýola goýuldy.  

                                                                   

Häzirki wagtda alyp barýan gurluşyk desgalarymyz barada aýdanymyzda, Ahal welaýatynyň Bäherden, Mary welaýatynyň Ýolöten, Lebap welaýatynyň Farap etraplaryndaky 960 orunlyk, Seýdi şäherindäki 500 orunlyk, Daşoguz şäherindäki 600 orunlyk orta mekdepleri, şeýle-de Daşoguz şäherindäki 240 orunlyk çagalar bagyny mysal getirip bileris. Aşgabat şäheriniň Parahat — 7 ýaşaýyş jaý toplumyndaky 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 8-siniň, 9 gatly, 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 9-synyň gurluşygy hem bize degişli. Ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmaga şeýle giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys.  

                                                                   

Hawa, döwrümize gelşik-ýaraşyk berýän belent binalary gurup, il arasynda giňden adygan «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleriniň döredijilikli gözlegleri geljekde-de olaryň tutumly işleriniň sanawynyň artjakdygyna uly ynam döredýär.  

                                                                                                           

Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan».

10.08.2023
Sanly ulgam

Häzirki döwürde Diýarymyzda durmuş-ykdysady ulgamyň kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, şeýle hem ähli ulgamlaryň  maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Täze taryhy eýýamda Konsepsiýany durmuşa geçirmek babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň ählisinde sapaklary multimediýa serişdelerini peýdalanyp, interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Okuwyň interaktiw usulda geçilmegi dersiň gyzykly  bolmagyna hem çuňňur özleşdirilmegine, şol bir wagtyň özünde,   ýaşlaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiligine akyl ýetirmegine ýardam edýär.  

                                                                   

Sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda guralýan teleköpri arkaly geçirilýän okuwlara aýratyn ornuň degişlidigini bellemek gerek. Ylym-bilim ojaklarynyň kitaphanalarynyň sanly ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagyny gazanmak ýurdumyzyň kitap goruny ulanyjylara giňden elýeterli etmäge oňyn täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion we şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak ýaly wezipeler orta çykýar.  

                                                                   

Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýedir. Şoňa görä-de, döwletimizde sanly ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy, durmuşyň ähli ulgamlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy.  

                                                                   

Ýurdumyzda sanly ulgamy doly ornaşdyrmak maksady bilen, kanunçylyk binýady hem yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda döwrebap şähergurluşyk tejribesi esasynda ähli amatlyklara eýe bolan «akylly» öýler yzygiderli gurulýar. Arkadag şäheriniň tutuşlygyna «akylly» şäher konsepsiýasynda gurlandygynyň özi eýýäm uly ösüşleriň subutnamasydyr. 

                                                                   

Häzirki taryhy döwürde ylmy ösdürmek arkaly onuň hilini täze, has ýokary sepgitlere çykarmak ýurduň tehniki-ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkyň medeni derejesini hem-de maddy üpjünçiligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ýaşlara ylym-bilim we terbiýe bermekde zerur bolan şertleriň ählisi döredilýär. Bu ugurda degişli Kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzda ylmyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirdi. Diýarymyzyň ylym ulgamyny ösdürmegiň esasy nukdaýnazarlarynyň arasynda ylmy bäsleşikleriň hem uly ähmiýeti bar.  

                                                                   

Ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, şol bir wagtda, bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär.  

                                                                   

Adam hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri rowaç alsyn! 

                                                                                                           

Aýbölek NURSÄHEDOWA,

                       

Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.

09.08.2023
Kuwwatly ykdysadyýetiň berk binýady

Türkmenistanyň ykdysady syýasaty ýurdumyzy innowasion esasda ösdürmäge, güýçli senagat kuwwatyny döretmäge, onuň pudaklaýyn düzümlerini giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman bazar düzümi bar bolan we durnukly ösüş depginini gazanmagy nazarlaýan ykdysadyýeti ýokary hilli, tapgyrlaýyn kemala getirmek bu syýasatyň esasy maksady bolup durýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» döwletimizi ählitaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenip, ykdysady depgini hil taýdan täze derejä çykarmak we onuň ähli pudagynyň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça anyk wezipeler öňde goýuldy. 

                                                                   

Geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmekde, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmekde strategik ähmiýete eýe bolan Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerinde senagat toplumynyň ähli ulgamyna iri maýa goýumlary çekmegiň hasabyna gazhimiýa, energetika, dokma, senagat we gurluşyk serişdeleri pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sebitleriň ykdysadyýetine innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ulag-logistika ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, üstaşyr, şol sanda multimodal ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak, welaýatlaryň çäklerinde oba hojalyk maksatly ýer gaznalaryny dolandyrmagy kämilleşdirmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, oba hojalygyny we onuň bilen baglanyşykly pudaklary, maldarçylygy ösdürmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, azyk harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar.  

                                                                   

Maksatnama laýyklykda, ilatyň girdejilerini yzygiderli ýokarlandyrmak, durmuş pudaklarynda täze iş orunlaryny döretmek, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatyna edilýän hyzmatlaryň görnüşini hem-de hilini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň sebitlerinde saglygy goraýyş edaralarynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim edaralarynyň maddy üpjünçiligini berkitmek, suw, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjünçilik ulgamlaryny düýpli abatlamak, täzelerini gurmak ýaly wezipeler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlary özleşdirip, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrarys. Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberlerini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys» diýip belledi. Bularyň ählisi bolsa, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirilendir. 

                                                                   

Ýeri gelende, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, ýurdumyzda 74 sany hassahananyň, 148 saglyk öýüniň, 264 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň, 258 sany umumybilim berýän orta mekdebiň, 76 medeniýet öýüniň, 115 sport mekdebiniň, 73 sany sport desgasynyň, Türkmenistan boýunça jemi dürli maksatly desgalaryň 1008-siniň gurlandygyny bellemek gerek. Bu ugurdaky işler sebitleriň öndüriji güýçleriniň ösüşine ýokary derejede täsirini ýetirip, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimler boldy. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudagyny sanlylaşdyrmagyň we innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň esasynda täze ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň geçen alty aýynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylan netijeleriň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan mälim bolşy ýaly, ýanwar — iýun aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edilip, bu görkeziji 6,2 göterim ýokarlandy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,2 göterim artdy. Şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim köpeldi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. 

                                                                   

2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy we jemi içerki önümiň 16 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilik, 50,6 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 82,3 kilometriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 244,4 müň inedördül metriniň, aragatnaşyk ulgamynyň 360,3 kilometriniň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda-da dürli medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalaryň gurluşygynda işler güýçli depginde dowam edýär. 

                                                                   

Oýlanyşykly ykdysady strategiýa laýyklykda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşlere we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet maksatnamalarynda bellenen ähli çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýakyn geljekde ýurdumyzda ýeterlik derejede ösen bazar amatlyklaryny kemala getirmäge, ählumumy ykdysady giňişlige doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. 

                                                                                                           

Kakadurdy GAÝYPGULYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň geňeşçisi.

09.08.2023
2023-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Geçen aý netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolan wakalar bilen ýurdumyzyň işjeň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze öwüşgin çaýdy. Bu döwürde geçirilen duşuşyklar we gepleşikler, forumlar, syýasy geňeşmeler, maslahatlar, sergiler ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralýan çäreler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik kuwwatynyň ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam berýär. 

                                                                   

Türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda 30-njy iýun — 4-nji iýul aralygynda Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň parahatçylyk diplomatiýasyna, ykdysady hyzmatdaşlyga, medeni dialoga, ekologik durnuklylyga we terrorçylyga garşy göreş alyp barmaga ygrarlydygy bellenildi. Mejlisiň ahyrynda Wankuwer Jarnamasy kabul edildi. 

                                                                   

1-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Siýong Zou bilen gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda taraplar gurama bilen mundan beýläk-de özara hyzmatdaşlyk etmek, senagat pudagynda, energetika, ekologiýa, sanlylaşdyrma ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

                                                                   

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde birnäçe giň gerimli çäreler geçirildi. 1-nji iýulda Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda “Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy” atly halkara ylmy maslahat guraldy. Şol gün täze şäheriň oba hojalyk toplumynyň edara binasynda geçirilen “Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany” atly halkara maslahatyň gün tertibine atşynaslykda gazanylan üstünlikler we bu pudagy ösdürmek, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle hem şol gün futbol boýunça tälimçileriň halkara okuw maslahaty geçirildi. 

                                                                   

2-nji iýulda Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasynyň mejlisler zalynda “Arkadag şäheri — “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar şäheri” atly halkara maslahat, 3-nji iýulda bolsa utgaşykly görnüşde “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahat guraldy. 4-nji iýulda gurluşyk toplumynyň edara binasynda “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy” atly halkara maslahat geçirilip, ol täze şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan halkara çäreleriň jemini jemledi. 

                                                                   

5-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş ministrliginiň döwlet sekretarynyň parlament işleri boýunça orunbasary Leo Doherti bilen geçirilen gepleşiklerde özara hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary ýaly giň toplumyny özünde jemleýän möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda meýiller barada Teswirnama gol çekildi. 

                                                                   

Şol gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek maksatnamasynyň 7-nji tapgyrynyň ýolbaşçy toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky wekilhanalarynyň, Ýewropanyň birnäçe institutlarynyň we ÝB-niň ugry boýunça alnyp barylýan maksatnamalaryň wekilleri gatnaşdy. 6-njy iýulda Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek maksatnamasynyň 7-nji tapgyrynyň ýolbaşçy toparynyň mejlisiniň çäklerinde «Çilim çekmegiň we alkogolly içgileri ulanmagyň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň tejribesi» atly goşmaça mejlis geçirilip, onuň maksady ilatyň saglygyny goramak hem-de gowulandyrmak babatda täze mümkinçilikleri döretmek üçin gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy. 

                                                                   

7-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň ýolbaşçylygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde howanyň üýtgemegi boýunça geçirilen ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Onuň gün tertibine howanyň üýtgemeginiň täsirlerini peseltmek, energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak arkaly parnik gazlarynyň zyňyndylaryny durnuklylaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek ýaly meseleler girizildi. 

                                                                   

8-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýeti Tailandyň Bangkok şäherinde geçirilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 42-nji Baş Assambleýasynyň işine gatnaşdy. 

                                                                   

10-njy iýulda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bilelikde alnyp barylýan işleriň ugry, şol sanda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu edebi-filosofik eser Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklary baradaky maglumatlary, şeýle hem awtoryň çuňňur manyly pikir-garaýyşlaryny özünde jemleýär. 

                                                                   

10-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak häsiýetine eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi. 

                                                                   

11-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýoşikawa Ýumi bilen geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda, abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Şol gün Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparynyň 2-nji mejlisiniň dowamynda bu ugurda ileri tutulýan meseleleriň toplumyna, hususan-da, wodorod energetikasy ulgamynda halkara başlangyçlary durmuşa geçirmek, bu ugry ösdürmek babatda daşary ýurt tejribesini öwrenmek, ylmy binýady pugtalandyrmak we ýokary derejeli ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

13-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Hameli bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde duran meseleleriň giň ugry ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

15-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. 

                                                                   

17-nji iýulda türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda “COVID-19-dan soň dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi” ady bilen guralan Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Çykyş edenler Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanyň orta we uzak möhletli durmuş-ykdysady maksatnamalaryna we strategiýalaryna ýokary derejede ornaşdyrylýandygyny bellediler. 

                                                                   

Şeýle hem şol gün BMG-niň ştab-kwartirasynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli forumyň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan “Durnukly şäher ulagy: BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ulag boýunça ýokary derejeli maslahatyna taýýarlyk we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM — 11) amala aşyrmakda Arkadag şäheriniň nusgasy” atly mowzuklaýyn çäre guraldy. Onuň dowamynda “akylly” şäher taslamasynyň Türkmenistanyň Hökümetiniň häzirki zaman şäher gurluşygy, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, saglygy goraýyş, sanly lukmançylyk, ekologik durnuklylygy pugtalandyrmak ulgamlarynda durmuşa geçirýän tagallalarynyň görkezijisi bolandygy nygtaldy. 

                                                                   

17 — 21-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Doksu, söwda, senagat we energetika ministri Li Çang Ýan, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti Kristofer Ku hem-de öňdebaryjy kompaniýalaryň we işewürlik toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, parlamentara ugur boýunça türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. 

                                                                   

19-njy iýulda Daşary işler ministrliginde GDA-nyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda sebitdäki halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, Türkmenistanyň ýol gurluşygy pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu pudagyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, giňeltmäge we içerki ulaglary birleşdirmek üçin täze ulag-aragatnaşyk torlaryny döretmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň, ýurdumyzda multimodal ulagyň sebitleýin utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleriň döredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. 

                                                                   

20-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, şeýle hem Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen bolan duşuşyklarynda parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

22-nji iýulda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň alty aýynda topar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri, 2024-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň bu guramanyň düzümine girmeginiň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahata taýýarlyk barada maglumat berildi. Şeýle hem ýurdumyzyň bu düzümiň iri bölümlerinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ylmy gatnaşyklary, sanly taslamalar boýunça gatnaşyklary giňeltmek, maglumatlary alyşmak ýaly wajyp meseleler boýunça pikir alşyldy. 

                                                                   

24-nji iýulda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisinde toparyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seredildi hem-de ýakyn geljekde ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi. 

                                                                   

Şeýle-de şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde netijeli döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

25-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklarda, “ýaşyl” tehnologiýalarda, önümçilik pudagynda, energetika, oba we suw hojalygy, bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi. 

                                                                   

29-njy iýulda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde toparyň şu ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýakyn geljek üçin anyk wezipeler kesgitlenildi. 

                                                                   

31-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň agzasy, partiýanyň Sinhaý welaýat komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Tunis Respublikasynyň, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda döwletara gatnaşyklary, şeýle hem abraýly halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy. 

                                                                   

Şeýlelikde, milli, sebit we ählumumy ähmiýetli wakalara baý bolan iýul aýy Garaşsyz Watanymyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli hem-de özara ynanyşykly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarly ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. 

                                                                                                           

(TDH)

09.08.2023
Sanly ykdysadyýet: täze mümkinçilikler

XXI asyryň başyndan bäri dowam edýän sanly öwrülişik tutuşlygyna dünýä ykdysadyýetini hem, aýry-aýry ýurtlaryň hojalyklaryny hem çalt depginde özgerdýär. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynyň netijesinde önümçilige we durmuşyň dürli ugurlaryna tehnologik innowasiýalaryň ornaşdyrylyşy çaltlaşyp, olaryň ulanylyşynyň ýaýrawy giňeýär. Bu gezekki tehnologik öwrülişik ozalkylara garanyňda has ýokary tizlikli we giň gerimli bolup, ol jemgyýetiň syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarynyň düýpli özgermegine getirýär. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy işewürligiň kämilleşmegine, ýeňilleşmegine, görkezijileriň ýokarlanmagyna güýçli täsir edýän şertleriň biridir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem ýurdumyzyň dünýäde öňdebaryjy orunlara çykmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. 

                                                                   

«Sanly ykdysadyýet» diýen düşünje häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we işewürlik dünýäsinde giňden ara alnyp maslahatlaşylýan mowzuklaryň biridir. Öňdebaryjy ýurtlaryň we meşhur kompaniýalaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, şol sanda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ykdysadyýete ornaşdyrmagyň hasabyna uly öňegidişlikleri gazanmaklary munuň esasy sebäbi bolsa gerek. Bilermenler tarapyndan «maglumatlar jemgyýeti» diýlip atlandyrylýan häzirki döwürde ykdysadyýetde önümçilige garanyňda, hyzmatlar ulgamynyň paýy artýar. Şoňa görä-de, häzirki zaman ylmy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegine, ýerine ýetirilýän hyzmatlary ýönekeýleşdirýän innowasiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Internetiň ýüze çykmagy we onuň elýeterliliginiň artmagy bolsa maglumat öwrülişigini has-da çaltlandyryp, durmuşyň ähli ugurlary bilen birlikde, ykdysadyýeti hem özgertdi. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýet, gysgaça aýdylanda, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady işjeňligi aňladýar. Şeýle işjeňlik, esasan, ykdysadyýet bilen baglanyşykly bolsa-da, ol jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, adamlaryň özüni alyp barşynda, dünýägaraýşynda özgerişlikleriň bolup geçmegi bilen hem häsiýetlendirilýär. Täze tehnikalara we tehnologiýalara islegiň barha artýan döwründe sanly ykdysadyýete ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde garalýar. Innowasion ykdysadyýetde önümçiligiň esasy şerti hökmünde sanly görnüşdäki maglumatlar çykyş edýär. Uly göwrümli maglumatlaryň gaýtadan işlenmegi, olaryň seljerilmeginiň netijeleriniň giňden ulanylmagy dürli önümçilikleriň, tehnologiýalaryň, enjamlaryň kämilleşdirilmegine hem-de harytlaryňdyr hyzmatlaryň saklanyşynyň we ýerlenilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna itergi berýär. 

                                                                   

Uzak geljegi nazarlaýan döwlet syýasaty sanly ykdysadyýeti üstünlikli ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir. Sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýete geçmek kesgitli wagty, serişdeleri we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri talap edýär. Şonuň üçinem, bu konsepsiýanyň ösdürilmegi üçin döwletiň we hususy işewürlik düzümleriniň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi, zerur kanunçylyk we maddy-tehniki binýadyň döredilmegi, ylmyň gazananlarynyň jemgyýetçilik durmuşyna, önümçilige we hyzmatlar ulgamyna işjeň ornaşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýe bolýar.  

                                                                   

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu konsepsiýanyň jemleýji — üçünji tapgyry durmuşa geçirilip, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini köpeltmek, gerimini giňeltmek, hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek, elektron senagaty döretmek bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri ähli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň kanunçylyk binýadyny berkitmek, döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, «Kiberhowpsuzlyk hakynda» hem-de «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edilen bolsa, ylym-bilim esasyny üpjün etmek üçin «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilip, degişli Pudagara toparynyň döredilmegi ýurdumyzda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipä toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ilata sanly hyzmatlary hödürlemek boýunça işler bilen birlikde, olary dürli howplardan, töwekgelçiliklerden goramak wezipelerine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan QR-kod, ýagny dessin tassyklanýan kod arkaly hyzmatlary ornaşdyrmak, ilata köp görnüşli sanly hyzmatlary hödürlemekde adam şertini aradan aýyrmaga kömek berýän köpugurly «Bir penjire» ulgamyny ösdürmek ýaly işler munuň aýdyň mysallarydyr. Bu tehnologiýalar söwdanyň ösmegine, ýeňilleşmegine, wagtyň we çykdajylaryň tygşytlanmagyna, işewürler bilen döwlet edaralarynyň arasyndaky maglumat dolanyşygynyň çaltlanmagyna hem-de ýönekeýleşmegine ýardam berýär. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri diňe bir döwlet we işewürlik düzümleri üçin uly bähbitleri hödürlemän, eýsem, adaty adamlaryň durmuş we iş şertlerini ýeňilleşdirmäge hem kömek edýär. Gündelik durmuşymyza yzygiderli ornaşdyrylýan elektron tölegler, onlaýn söwda, internet mahabatlandyrmasy, uzak aralykdan okuwlar, internet sergileri we beýlekiler sanlylaşdyrylan ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň diňe käbirleridir. Olar biziň gymmatly wagtymyzyň we serişdelerimiziň tygşytlanmagy, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilmegi, kagyz resminamalaryň we maglumatlaryň elektron görnüşde saklanmagy ýaly amatlyklary döredýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli özgerişlikler bilen baglylykda ykdysadyýetde täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş usullary peýda bolýar. Ykdysadyýete innowasion tehnologiýalaryň mundan beýläk-de üstünlikli ornaşdyrylmagy raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda, ýurdumyzyň çig mal, ylmy-tehniki we zähmet gorlaryny netijeli peýdalanmakda, halkymyzyň aň-paýhas kuwwatyny ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar. 

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

09.08.2023
Türkmenistan — Özbegistan: köpugurly gatnaşyklarda nusgalyk tejribe

Türkmen hem özbek halklary ýakyn dostlar, ynamdar goňşular hökmünde agzybir ýaşap, umumy maksada — agzybirlige, asudalyga, ösüş arkaly parahatçylyga gulluk edýärler. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky şu günki gatnaşyklaryň kökleri öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar we ol birek-birege hormat goýmaga, ynsanperwerlige, ynama hem ygrara daýanýar. 

                                                                   

Döwletara hyzmatdaşlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň tarypy halklarymyzyň edebi-döredijilik dünýäsinde hem giňden beýanyny tapýar. Munuň şeýledigini türkmenistanly özbek şahyry Abdulwahid Saýitmedowyň goşgusy esasynda döredilen, Özbegistanda uly meşhurlyga eýe bolan «Dost-doganlyk mukamy» aýdymynyň mysalynda-da görmek bolýar. Bu aýdym Türkmenistanda ilkinji gezek 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Daşoguz şäherinde geçirilen Türkmen-özbek halklarynyň dostluk festiwalynda ýaňlanypdy we festiwala gatnaşyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdy:  

                                                                   

 Iki dogan, iki il,
Bir-birine: «Agam!» diýr,
Bir-birine: «Dogan!» diýr,
Çagalarna: «Çagam!» diýr.
Bäş müň ýylmy, on müň ýyl?
Bir saçakdan tagam iýr.
Sen şeýle berkararsyň,
Özbek-türkmen dostlugy!
 

                                                                   

Türkmenistan we Özbegistan Garaşsyzlyk ýyllarynda gatnaşyklaryny has-da ösdürip, strategik hyzmatdaşlara öwrüldiler. Bu ugurda amala aşyrylan işleriň barşynda dürli ýyllarda hyzmatdaşlygyň hukuk esasyny kesgitleýän taryhy resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Bu bolsa halklarymyzy has-da jebisleşdirmek bilen birlikde, döwletara hyzmatdaşlygyň, iki ýurduň söwda dolanyşygynyň ösüşinde täze mümkinçilikleri açdy. Şeýlelikde, dili, dini, medeniýeti, däp-dessurlary, taryhy bir kökden gözbaş alýan iki goňşy halkyň, dostlukly döwletleriň gatnaşyklarynda täze tapgyr başlandy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolan Özbegistan bilen häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we täze derejä çykarylýan gatnaşyklar barada aýratyn durup geçmek möhümdir. 

                                                                   

Iki ýurduň barha berkeýän hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Şunda, esasan-da, syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer ulgamlarda täzeçe çemeleşmeler bar. Mundan başga-da, strategik hyzmatdaşlyk şertnama-hukuk jähetinden-de berkidilýär. Bu bolsa özara borçnamalary talabalaýyk ýerine ýetirmegiň ýokary jogapkärçiligine düşünmäge we olary üstünlikli amala aşyrmaga itergi berýär. Başga tarapdan, özara bähbitli hyzmatdaşlyk möhüm strategik meseleler boýunça ýeke-täk we dogry pikirleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şunda, hususan-da, sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak, Merkezi Aziýanyň suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak, olary goramak, döwrebap ulag geçelgelerini döretmek ýaly meseleler esasy orny eýeleýär. Üns berýän bolsaňyz, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirýän duşuşyklarynda we olaryň çäklerindäki giňişleýin düzümdäki gepleşiklerde gozgalýan wajyp meseleler gysga wagtyň dowamynda türkmen hem özbek halklarynyň durmuşynda aýdyň beýanyny tapýar.  

                                                                   

Iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýokary derejä çykmagy Gahryman Arkadagymyzyň ady hem-de köpugurly tagallasy bilen aýrylmaz baglydyr. 2007 — 2022-nji ýyllarda birek-biregiňkä ýokary derejede özara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 25-siniň guralandygy, şol saparlaryň her biriniň hem möhüm tagallalarydyr taslamalary, ylalaşyklary öz içine alandygy bu hakykaty şeksiz tassyklaýar.  

  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň täze tapgyrynyň başyny başlady. Özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler öz beýanyny tapdy. Şunda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň işi netijeli häsiýete eýedir. 

                                                                   

Goňşy hem dostlukly döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde işewürler toparlaryna aýratyn orun degişlidir. Munuň şeýledigini geçen ýylyň 13-nji iýulynda Buharada geçirilen birinji Türkmen-özbek sebit forumynyň, Işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet, hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeleri-de aýdyň görkezdi. Bu duşuşyklar ýurtlarymyzyň arasynda söwda dolanyşygyny has-da artdyrmaga, eksport-import gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga, bilelikdäki maýa goýumlary rowaçlandyrmaga hyzmat eder. Şunda Türkmenistan bilen Özbegistanyň ykdysady, eksport kuwwatyna aýratyn orun degişlidir. 

                                                                   

2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda bolsa paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Giň ugurlary öz içine alan gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada Jarnama gol çekmegi bolsa dostlukly gatnaşyklaryň täze belentlikleri nazarlaýandygyny alamatlandyrdy. Şol saparyň çäginde Aşgabatda “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. 2018-nji ýylda bolsa özbek paýtagtynda “Aşgabat” seýilgähi açylypdy.  

                                                                   

Maglumatlara görä, 2022-nji ýylda türkmen-özbek söwda dolanyşygy, 2021-nji ýyldaka garanyňda 1,9 göterim ýokarlanyp, 926,3 million amerikan dollaryna barabar boldy. Elbetde, dünýäniň islendik döwleti bilen söwda dolanyşygyny ösdürmek ykdysady babatda oňyn görkezijilerden habar berýär. Şunda eksport-import gatnaşyklarynda eksportyň paýyny ýokary tutmak döwletiň ösüşi, onuň ykdysady kuwwatyny berkitmek üçin esasy şertleriň biri bolmagynda galýar. Şu babatdan alanyňda, 2022-nji ýylda Özbegistan bilen söwda dolanyşygynda Türkmenistanyň bu ýurda eden eksportynyň 731,5 million amerikan dollaryna barabar bolandygyny nygtamak zerur. Döwletimiziň goňşy ýurtdan eden importynyň ýyllyk möçberi bolsa 194,8 million amerikan dollaryna ýetipdir. 

                                                                   

Soňky ýyllarda söwda-ykdysady ugurda özara hyzmatdaşlyk hukuk nukdaýnazaryndan has-da berkidildi. Şonuň netijesinde, önüm öndürijilere ikitaraplaýyn ýardam we söwda pudagynda goldaw bermek üçin täze şertler döredildi. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň serhedinde Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek bilen baglanyşykly 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen hökümetara Ylalaşyk bolsa söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda täze gözýetimleri açar. Ýakynda, has takygy, 21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Daşoguz welaýatynyň Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada öz garamagyndaky Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň abatlaýyş-gurluşyk bölümi bilen şertnamany, daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we suw üpjünçiliginiň inženerçilik ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu Söwda merkeziniň işe girizilmegi iki ýurduň işewürleriniňdir telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkemeginde, özara söwda dolanyşygynyň artmagynda, sebit bazarynyň deňagramlylygyny saklamakda hem-de heniz doly derejesinde ulanylmaýan mümkinçilikleriň herekete getirilmeginde ähmiýetli orny eýelär.  

                                                                   

Mahlasy, täze ösüş şertlerinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypalar açylýar. Bu bolsa iki doganlyk halkyň hem döwletiň rowaç geljeginiň bähbidine hyzmat edýär. 

                                                                                                           

Ysmaýyl TAGAN.

                       

«Türkmenistan».

04.08.2023
Döwletara hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa

 Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammiti geçirilýär 

                                                                   

 Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär. Munuň özi şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr. Şoňa görä-de, ony taryhy waka diýip atlandyrmak bolar. Aşgabat sammiti däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryň senenamasyna täze sahypany ýazyp, gatnaşyjy üç ýurduň we tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döretmelidir. 

                                                                   

Bitarap Türkmenistan sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, netijeli gatnaşyklary ösdürmek, dürli ulgamlarda bar bolan kuwwatdan oýlanyşykly peýdalanmak boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär. Bu teklipleriň dünýä bileleşigi tarapyndan makullanylmagy we goldanylmagy olaryň örän derwaýysdygyna şaýatlyk edýär. Şol teklipler parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag, ekologiýa, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm ugurlara degişlidir. 

                                                                   

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine sazlaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleri döredýän dürli görnüşdäki duşuşyklardyr gepleşikleriň başyny başlaýar we olaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Ýurdumyz ähli döwletler bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, netijelilik ýörelgeleri esasynda guramak bilen, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary hem ynanyşmak, okgunly we strategik häsiýete eýedir. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 

                                                                   

Täjigistan we Özbegistan biziň hoşniýetli goňşularymyzyň hem-de hyzmatdaşlarymyzyň hataryndadyr. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny asyrlaryň dowamynda emele gelen dost-doganlyk gatnaşyklary, medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylyklary birleşdirýär. Soňky ýyllarda türkmen-täjik we türkmen-özbek gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy. Şu babatda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini, ägirt uly kuwwatyny, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen bu sammite aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki üçtaraplaýyn Aşgabat duşuşygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde 26-njy iýulda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda geňeşmeleriň geçirilendigini bellemelidiris. Gepleşikleriň barşynda sammitiň maksatnamasy we gün tertibi, beýleki degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Däp bolan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ymtylmalar, dünýä syýasatynyň esasy ugurlary babatda uzak möhletli bähbitleriň meňzeşligi, özara gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň we hoşniýetli erk-islegiň bolmagy berk binýady döredýär. Biziň ýurtlarymyz umumy abadançylygyň bähbidine tagallalary birleşdirmäge ygrarlydyklaryny görkezmek bilen, şol binýada daýanýarlar. Türkmenistan syýasy-diplomatik ulgamda Täjigistan we Özbegistan bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa, ilkinji nobatda, taraplaryň sebit, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meselelerine çemeleşmeleriniň meňzeşdigi ýa-da laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Munuň özi abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlykda aýdyň ýüze çykýar. Bu babatda ýurtlarymyz öz ädimlerini utgaşdyrýarlar we birek-biregi goldaýarlar. 

                                                                   

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň beýleki köptaraplaýyn meýdançalarda, şol sanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde özara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigini bellemek gerek. Mundan başga-da, soňky ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dünýäniň beýleki döwletleri we sebitleri bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine ýardam edýän görnüşlerde gatnaşyklar işjeňleşdirildi. 

                                                                   

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ony ösdürmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat kooperasiýasyny ösdürmek, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini bellemelidiris. Oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin hem uly mümkinçilikler bar. Şunda ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň we Işewürler geňeşleriniň işine möhüm orun degişlidir. Olar gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär. 

                                                                   

Ulag we logistika ulgamlary hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Munuň özi üç ýurduň çäk we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir. Bu babatda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça transkontinental multimodal üstaşyr ulag we logistika düzümini ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar. Energetika ulgamy-da hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Bu ugur hem uly mümkinçiliklere eýedir. 

                                                                   

Elbetde, ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýar. Halklarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Häzirki döwürde däp bolan gatnaşyklar medeniýet we sungat, bilim-ylym, ýaşlar syýasaty, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýär. 

                                                                   

2018-nji we 2022-nji ýyllarda Özbegistanyň we Türkmenistanyň paýtagtlarynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda açylan ajaýyp “Aşgabat” we “Daşkent” dynç alyş seýilgähleri türkmen-özbek dostlugynyň, hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň nyşanlarydyr. Doganlyk Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüniň tutulmagy türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda şanly waka boldy. Mälim bolşy ýaly, bu desganyň gurluşygyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň maýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň barşynda badalga berildi. Iki döwletiň Baştutanlary göni aragatnaşyk arkaly 540 orunlyk täze mekdebiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar. 

                                                                   

Türkmen-täjik we türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklaryna hem täze itergi berildi. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa, tebigaty goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda ekologik howpsuzlygy üpjün etmäge, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, suw serişdelerini rejeli ulanmaga, innowasion “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmaga, Aral meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurlaryň ählisi boýunça ýurtlarymyz netijeli we yzygiderli esasda hyzmatdaşlyk edýärler. 

                                                                   

Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady yzygiderli berkidilýär. Soňky ýyllarda bu binýadyň üsti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýurdumyza amala aşyran resmi saparynyň, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň şu ýyl Täjigistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumlary bilen ýetirildi. 

                                                                   

Şeýlelikde, üç ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyry alamatlandyrýan Aşgabat sammiti döwletara hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermelidir we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmalydyr. Şunuň bilen birlikde, ol umumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň, rowaçlygyň bähbidine netijeli sebit gatnaşyklaryna anyk goşant bolar. 

                                                                                                           

(TDH)

04.08.2023
Türkmen-täjik gatnaşyklary hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýar

«Daglar ýurdy» Täjigistanda mekan tutunan täjik halky «Az dusti dur hamsoýai nazdik beh» diýip, ýakyndaky goňşynyň uzakdaky garyndaşdan has gowudygyny tekrarlaýar. Bu hakykat hem geografik, hem medeni-ruhy ýakynlyklary paýlaşýan türkmen we täjik halklarynyň köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklarynyň mysalynda-da aýdyň açylýar. Biz Merkezi Aziýanyň günorta-gündogarynda ýerleşip, meýdanynyň 93 göterimini daglyklar tutýan Täjigistany özümize ýakyn goňşy, ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýarys. Bu günki gün gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň binýady döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk derejesinde barha pugtalandyrylýar. 

                                                                   

Edil adamlaryň arasynda bolşy ýaly, döwletlerem öz aralaryndaky gatnaşyklarda dosty saýlap biler. Ýöne tebigat tarapyndan berlen goňşyny öz islegiňe görä saýlap-seçip bolmaýar. Taryhyň sapaklary bolsa goňşularyň arasyndaky dostlugyň näçe berk boldugyça, adamlaryň şonça-da asuda hem abadan ýaşaýandygyny görkezip gelýär. Bu syýasat babatda-da şeýle. Şoňa görä, Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň jebisliginiň sebäbiniň hem hut goňşy halklaryň arasyndaky mizemez dostluk gatnaşyklarynda görülmegi tebigy ýagdaýdyr. Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklara-da hut şeýle dostlukly häsiýet mahsus. Geçen 30 ýyldan gowrak wagtyň içinde gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdürilen türkmen-täjik hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly binýatlyk ýörelgelere daýanýar. 

                                                                   

Islendik iki döwletiň özara gatnaşyklarynda iň ýokary derejedäki syýasy dialoga aýratyn orun degişli. Garaşsyz ösüş ýyllaryndan bäri Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlarynyň birek-biregiňkä amala aşyran saparlary, hyzmatdaşlyk meýdançalarynyň çäginde geçiren duşuşyklarydyr resmi gepleşikleri türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitlemäge, bar bolan mümkinçilikleri iki dostlukly halkyň bähbidine gönükdirmäge amatly şertleri döretdi. Bu gün biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we beýleki köp sanly düzümleriň çäginde birek-biregiň teklipdir başlangyçlaryny goldap çykyş edýärler. Şunda sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelmegi bu ugurda anyk netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Täjigistanyň türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň 20-siniň awtordaşy bolup çykyş etmegi-de bu hakykaty doly tassyklaýar. Bu gün iki döwletiň syýasy tagallalary Merkezi Aziýada parahatçylygy pugta berkidip, ony sazlaşykly ösýän sebite öwürmek maksadyna gulluk edýär.  


Türkmen-täjik gatnaşyklarynda özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň maksatlaryna kybap gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ýurtlarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmekde, iki doganlyk halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagynda söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn orun degişli. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleri, oba hojalyk harytlary, gurluşyk materiallary we himiýa senagatynyň önümleri Täjigistana iberilýän harytlaryň esasy bölegini emele getirýär. Nebitgaz, energetika, ulag kommunikasiýalary, dokma senagaty, agrosenagat toplumy we beýlekiler iki ýurduň ykdysady ulgamda alyp barýan özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarydyr.  

                                                                   

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha bermekde, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmakda we türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmakda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistana amala aşyran döwlet sapary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Duşenbe duşuşygynda iki döwletiň Baştutanlary halkara düzümleriň çäklerindäki syýasy dialogy işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça tagallalary utgaşdyrmak, ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy hereket etmek, sebitiň suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, Aral meselesini çözmekde bilelikdäki işleri has-da ilerletmek ýaly ugurlar boýunça özara pikir alyşdylar. Şu babatda hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleriniň täjik tarapynyň goldawyna eýe bolandygyny hem bellemek gerek. Iki ýurduň Prezidentleri tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň saparyň jemleri boýunça kabul edilen resminamalaryň 24-sinde berkidilmegi türkmen-täjik gatnaşyklaryna özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň mahsusdygyny nobatdaky gezek äşgär edýär. 

                                                                   

Taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy türkmen we täjik halklarynyň has-da ýakynlaşmagynyň, özara düşünişmeginiň berkidilmeginiň, döredijilik gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň möhüm şertini emele getirýär. Şunda iki ýurtda-da medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatda tagalla edilmegi kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostlukly gatnaşyklary rowaçlandyrmaga ýardam berýär. Şoňa görä, Türkmenistanda we Täjigistanda ençeme gezek özara Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Täjik alymlary, medeniýet işgärleri, döredijilik wekilleri ýurdumyzda guralýan halkara forumlara, festiwallara yzygiderli gatnaşýarlar. Ýeri gelende, geçen ýylyň noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda hem-de Mary şäherinde Täjigistanyň Medeniýet günleriniň guralandygyny nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji döwlet saparynyň çägindäki gepleşiklerde bolsa şu ýylyň ikinji ýarymynda Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek we bu wakanyň çäklerinde täjik hem-de türkmen halklarynyň dostluk festiwalyny bilelikde guramak teklip edildi. Munuň özi iki doganlyk halky birek-birek bilen sungat arkaly has-da ýakynlaşdyrmakda, medeni mirasyň özboluşly aýratynlyklary bilen içgin tanyşmakda uly ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Bilim ulgamy strategik häsiýetli türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Bu günki gün türkmen ýaşlary Täjigistanyň abraýly bilim ojaklarynda ýokary bilim almak mümkinçiligine eýe. Häzir olaryň sany 150-ä golaýlaýar. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýer bölüp berýär. Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi hem bilim ugurly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň barha ilerledilýändiginden habar berýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistan we Täjigistan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýär. Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyk hem bu ugurda bar bolan geljegi uly mümkinçilikleri doganlyk halklaryň bähbidine gönükdirmekde möhüm ädime öwrüler. 

                                                                                                           

Aýgül RAHYMOWA.

                       

«Türkmenistan»

04.08.2023
Hususyýetçiligiň kanunçylyk binýady

Döwletimiziň ykdysadyýetiniň kuwwatyny artdyrmakda, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarynyň rowaçlygyny gazanmakda hususy pudagyň orny uludyr. Türkmen işewürleriniň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda alyp barýan döredijilikli, netijeli işleri muňa aýdyň subutnamadyr. Munuň özi hususyýetçiligiň köpugurly ösüşi gazanmaga, önümçiligi netijeli dolandyrmaga ukyplydygynyň tassyknamasydyr. Şeýle hakykatlardan ugur alnyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiligi ösdürmekdäki düýpli tutumlary täze taryhy eýýamda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda hususy pudak berk kanunçylyk resminamalaryna daýanýar. Esasy Kanunymyzda eýeçiligiň eldegrilmesizligi, döwletiň eýeçiligiň ähli görnüşiniň deň goragyny kepillendirýändigi, olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi aýratyn bellenilip geçilýär. Şeýle-de Esasy Kanunymyzda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy, döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi, goldaýandygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam edýändigi nygtalýar. Şunuň ýaly konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýleki hukuk resminamalary hususyýetçiligiň giň gerimli ösüşiniň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrýar.  

                                                                   

Halkymyzyň eşretli durmuşynyň dowamat-dowam bolmagyny üpjün etmekde, hususyýetçiligi ösdürmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumlary hemişe rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Ýunus Erkinow,

                       

Türkmenbaşy şäheriniň prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.

03.08.2023
Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwlet ähmiýetli wezipedir

Ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan möhüm wezipeleri döwletimiziň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmaga, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde binýatlaýyn we nazary ylmy gözlegleriň özara arabaglanyşygy işjeňleşdirilýär. Ýaş raýatlarymyzda bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmaga, dünýä ösüşiniň täzeliklerini özleşdirmäge bolan höwesi döretmek ýurdumyzyň rowaçlygyny we halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän möhüm wezipeleriň biridir. 

                                                                   

Bilim ulgamyny ösdürmegiň, bu ulgamda tejribe alyşmagyň meseleleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen geçirýän ähli duşuşyklarynyň gün tertibine, şeýle hem ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilýän resminamalaryň toplumyna girizilmegi döwlet Baştutanymyzyň bu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Bilim ulgamynyň dünýä standartlaryna laýyk getirilmegi çäreleriň tutuş toplumyny göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda şol çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara bilim edaralarynyň döredilmegi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki bilim-terbiýeçilik edaralarynyň gurulmagy, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumatlar ulgamyna ýokary tizlikli elýeterliligiň üpjün edilmegidir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna şu ýyl ilkinji gezek talyplaryň kabul edilýändigini bellemek gerek. Bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk, atçylyk weterinariýasy, weterinar we sanitar ekspertizasy, atly sport we atly syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar, sirk sungaty, oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, buhgalterçilik hasabaty we audit ýaly ugurlar boýunça bilim berler. 

                                                                   

Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýokary hünärli işgärlere bolan zerurlygy nazara almak bilen, täze hünär bilim edaralary açylýar. Şolaryň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi bar. Mugallymçylyk mekdebinde 5-6-njy synplarda matematika, informatika, geografiýa, rus we iňlis dillerini okatmaga hukugy bolan başlangyç synp mugallymlary, şeýle hem çagalar baglarynda iňlis dilini okatmaga hukugy bolan terbiýeçiler taýýarlanar. Lukmançylyk mekdebinde şepagatçylyk işi, laboratoriýa anyklaýyş işi, bejeriş işi, fizioterapiýa we dikeldiş işi, akuşerçilik işi, ortopedik stomatologiýasy hünärleri boýunça saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Mundan başga-da, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde ýaşlar türkmen milli saz gurallary, kirişli saz gurallar, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, sazyň taryhy we nazaryýeti, aýdym aýtmak sungaty (wokal), bagşyçylyk sungaty, hor dirižýorlygy, saz mugallymçylygy, fortepiano, halk saz gurallary, horeografiýa sungaty, nakgaşçylyk we dizaýn hünärlerini ele alyp bilerler. Arkadag şäheriniň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim edaralarynda bilimli, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Olar Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant goşarlar. 

                                                                   

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ýaş hünärmenleriň işjeň çekilendigi bellärliklidir. Munuň özi häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere gatnaşmaklary, öz ukyp-başarnyklaryny iş ýüzünde ýüze çykarmaklary hem-de döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlarynyň giňeldilmegi bilen bir hatarda, maddy-tehniki binýadyň, okuw we ylym işiniň pugtalandyrylmagy ýokary okuw mekdeplerine ylmy we tejribelik işiniň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär. Sebäbi häzirki zaman ýokary okuw mekdebi diňe bir onlarça ugur boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin binýat bolman, eýsem, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň gülläp ösmegini, halkymyzyň intellektual mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegini şertlendirýän talyplaryňdyr mugallymlaryň arasynda ýola goýlan döredijilik hem-de ylmy gatnaşyklaryň kemala gelýän ýeridir. 

                                                                   

Halkara şertnamalaryň esasynda ýaşlarymyz isleg bildirýän ugurlary boýunça daşary ýurtlaryň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna laýyklykda, bu dostlukly ýurt maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, oba hojalygy, matematika, tehniki we tebigy ylymlar boýunça ýokary hünär bilimini almaga isleg bildirýänlere 2023-2024-nji okuw ýyly üçin talyp orunlaryny hödürledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýaş türkmenistanlylaryň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin döwletimiz mundan beýläk-de yzygiderli esasda ähli mümkinçilikleri döreder. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, bilim bermek işine innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça çäreler geljekde-de dowam etdiriler. 

                                                                   

Ýurdumyz milli bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ony dünýäniň bilim giňişligine girizmek üçin yzygiderli we maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen bilelikde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege” hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu kafedralar adaty kafedralar däl-de, eýsem, giň möçberli halkara okuw-barlag merkezleri bolup, olarda bilim bermek işi mazmuny we görnüşi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň adaty işinden tapawutlanýar. Şeýle hem bu bölümler ýokary bilimi, ylmy ösdürmäge degişli meseleleriň tutuş toplumy boýunça tejribe, bilim we maglumat alyşmakda uly orny eýelär. 

                                                                   

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň bilelikde gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde “Parahatçylygyň dilleri”, “Parahatçylygyň medeniýeti” we “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO klublarynyň açylandygyny bellemek gerek. 

                                                                   

Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Şu ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny taýýarlamak baradaky başlangyç öňe sürüldi. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Halkara ýaş diplomatlar merkezini döretmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseläni öwrenmek teklip edildi. 

                                                                   

Giň gerimli bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly beýleki ugurlarda hem halkara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzyň we birnäçe daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasynda okuw maslahatlaryny, okuw sapaklaryny, okuw-usulyýet sapaklaryny, leksiýalary we bilelikde beýleki çäreleri guramak asylly däbe öwrüldi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň köp sanly bilim edaralary bilen daşary ýurtlaryň okuw merkezleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. 

                                                                   

Mekdep mugallymlary, professorlar, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, bilim ulgamynyň beýleki hünärmenleri daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynda tejribelikleri geçýärler. Şeýlelikde, tejribe alyşmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, şu ýylyň birinji ýarymynda türkmen wekilleriniň 537-si daşary ýurtlara iberildi, dünýä ýurtlaryndan 69 hünärmen döwletimize iş sapary bilen geldi. Şeýle hem BMG, ÝHHG, ÝB, GDA ýaly guramalar bilen bu ulgamda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilim maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini, mekdepleriň okuw kitaplary bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ylmy barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyryldy, okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň, maksatnamalaryň 1696-sy makullanyldy. Olar, bir tarapdan, halkara ülňülere laýyk getirilip, beýleki tarapdan hem milli bilim ulgamynyň däpleri göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine we özleşdirmeklerine uly ähmiýet berýär. Sebäbi dil adamlaryň arasynda gatnaşyk etmegiň hem-de pikiriňi beýan etmegiň esasy serişdesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli edaralardan başlap, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny hem-de okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmäge, dil bilimi babatda täze usullary işläp taýýarlamaga we okuw işine ornaşdyrmaga gönükdirilen netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň hil taýdan täze derejä çykan bilim ulgamy çuňňur bilim we hünär almak üçin mümkinçilik berýär. Mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň halkara bäsleşiklere hem-de internet olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, dürli derejedäki medallara mynasyp bolmaklary munuň aýdyň güwäsidir. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bilimiň ylym we önümçilik bilen utgaşykly alnyp barylmagy bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýerli çig maldan bäsdeşlige ukyply we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň ylmy esaslaryny hem-de tehnologiýalaryny işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Ýaş alymlar merkeziniň alyp barýan senagat-innowasion we maglumat-tehnologik gözlegleri, şeýle hem ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň, hünärmenleriň ylmy açyşlary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerini çözmäge ýardam edýär. 

                                                                   

12-nji iýunda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat hem şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Forum türkmen alymlaryny we daşary ýurtlaryň onlarçasynyň ylmy merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň berýän goldawy we ünsi netijesinde ýurdumyzda innowasion işler üçin döredilen döwrebap ylmy infrastrukturany we amatly şertleri belläp, giň gerimli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny nygtadylar. 

                                                                   

Maslahata gatnaşyjylar Ylymlar güni mynasybetli guralan çärelere hem-de ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hem gatnaşdylar. Bu abraýly ylmy bäsleşige gatnaşyjylaryň sany ýylsaýyn artýar. Şeýlelikde, 2023-nji ýylda bu bäsleşige ýaş alymlaryň we talyplaryň jemi 1362-si gatnaşdy. Olar ylmyň we tehnologiýalaryň esasy alty ugry boýunça öz işläp taýýarlamalaryny, nazary we ylmy barlaglaryny hödürlediler. Seçilip alnan mowzuklaryň wajyplygyny, ähmiýetini seljerip, bilermenler topary ýokary netijelere mynasyp bolan ýaşlaryň atlaryny mälim etdiler. Bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň 67-si ýeňijiler diýlip saýlanyldy. 

                                                                   

Ylym we bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösmeginiň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň esasy hem-de möhüm şertidir. Milletimiziň intellektual kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilikleriň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ylym we bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň baş maksadydyr. 

                                                                                                           

(TDH)

03.08.2023
Yl­my esas­ly önümçilik

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde ýurdumyzyň himiýa, gurluşyk, senagat, nebitgaz, oba hojalyk we dokma pudaklarynyň ylmy taýdan kämilleşdirilmegi babatynda uly işler alnyp barylýar.   

                                                                   

Häzirki wagtda Himiýa institutynda Türkmenistanyň   Prezidentiniň karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, ýerli çig mallaryň esasynda täze önümçilikleri döretmek,  hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak boýunça ylmy-barlag we seljerme işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek boýunça öňde goýan wezipelerine jogap edip, biziň alymlarymyz ýerli çig mallaryň halk hojalygynyň uglewodorodly galyndylarynyň esasynda täze we galyndysyz tehnologiýalary işläp düzmekde ylmy-barlag işlerini geçirýärler. Şeýle-de institutyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan ýerli şertleriň talaplaryna laýyklykda, polimer we plastik galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly nefras almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi.  

                                                                   

Nefras halk hojalygynyň dürli pudaklarynda we durmuşda organiki erediji (rastworitel) hökmünde, ýagny detallary ýuwmakda, konserwasiýa örtükleri aýyrmakda hem-de hapalardan arassalamakda ulanylýan senagat tehniki maksatly önümdir. Bu önüm, köplenç, goşundy hökmünde hem ulanylýar.  

                                                                   

Nefras nebit bitumyny, polimer galyndylaryny, piroliz ýagyny (pirosmola) aşgarly galyndylardan, galyndy rezin önümleriniň owuntygyny wakuumly piroliz pejinde ýokary temperaturada gaýnatmak arkaly kondensirlenip alynýar. Nefras düzüminde daşky gurşawyň ekologiýasyna zyýanly täsir ýetirýän hiç hili önümler bolman, emele gelýän galyndylar hem senagatda, gurluşykda we halk hojalygynyň pudaklarynda dürli maksatlar üçin ulanmaga ýaramlydyr. 

                                                                   

Bu täze himiki serişde Himiýa institutymyzyň alymlarynyň hem-de «Nazarly gelejek» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda önümçilige ornaşdyryldy we onuň tehnologiki reglamenti işlenip düzüldi. Şeýle-de polipropilenden we polietilenterftalat (PET) polimer galyndylaryndan emeli himiki-süýümleri, ýagny sintepon we geotekstil almak boýunça geçirilen ylmy-barlag işleri özüniň oňyn netijelerini berdi. Hünärmenler tarapyndan bu önümçilikleriň tehnologiýasy we onuň tehnologiki reglamentleri işlenip düzüldi. Şeýlelikde, olar «Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýetinde önümçilige ornaşdyryldy.  

                                                                   

Sintepon egin-eşikleriň ýyladyjy içliklerini taýýarlamak we ýassyklaryň, ýorganlaryň, düşekçeleriň içini doldurmak ýaly dürli tehniki maksatlar üçin ulanylýar. Geotekstil bolsa ýokary tizlikli awtomobil ýollaryň, gaz we nebit geçirijileriň, aerodromlaryň, demir ýollaryň gum düşeklerinde hem-de dürli maksatly gurluşyk meýdançalarynda giňden peýdalanylýar. Täze alnan nefras, sintepon we geotekstil önümleri işläp taýýarlanylanda diňe ýerli çig mallar ulanylýar. Olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýär.  

                                                                   

Şu ýyl Himiýa instituty Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan 2 sany «Mineral goşundyly sement» hem-de «Gaz arassalaýjy desgalary arassalamakda ulanylýan ýuwujy kompozisiýanyň düzümi» atly oýlap tapyşlara çäklendirilen patentler hem alyndy.  

                                                                   

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda Himiýa instituty tarapyndan işlenip düzülen ýerli çig mallardan kalsiý nitratynyň tetragidratyny we 68%-li erginini hem-de demir (III) hloridiniň (koagulýant) erginini almagyň tehnologiýalary esasynda, olaryň önümçiliklerini ýola goýmak maksat edinilýär. Ylmy işiň netijesi boýunça ýerli çig mallardan, kalsiti (hek daşyndan, mermer galyndylaryndan) we «Maryazot» önümçilik birleşiginde öndürilýän azot kislotasy bilen täsirleşdirip, kalsiý nitratynyň tetragidratyny hem-de onuň 68%-li erginini almaklygyň tehnologiýasy işlenip düzüldi. Oba hojalyk meýdanlarynda we ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän ösümlikleriň ösüşine, hasyllylygyna oňaýly täsirini ýetirjek, Gyýanly polimer zawodynyň önümçiliginde ulanylýan hem-de içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek üçin ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň tehnologiýasy ylmy taýdan esaslandyryldy.  

                                                                   

Ýerli çig mallardan, magniý hloridiniň (bişofit) esasynda alynýan duz kislotasynyň we gara demir galyndylaryndan (gyryndy görnüşde) demir (III) hloridiniň erginini almagyň häzirki zaman tehnologiýalaryny işläp düzmek boýunça ylmy-barlag işleriň netijesinde, 40%-li koagulýant alyndy. Koagulýantyň önümçilikdäki işjeňlik ukyby «Garabogazkarbamid» zawodynda doly synagdan geçirildi we oňyn netijeler gazanyldy. Alnan netijeleriň esasynda ony önümçilige ornaşdyrmak teklip edildi. Deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgalarda, deňze golaý beýleki zawodlaryň önümçiliginde peýdalanmaga niýetlenen demriň (III) hloridiniň aýratynlygy, deňiz suwuny durlamakda alýumininiň şeýle-de demriň sulfatlaryndan has peýdaly hem netijeli bolup durýar. Bu önümçilikleri ylmy esasda ýola goýmak boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hünärmenleri bilelikde degişli işleri alyp barýarlar.  

                                                                   

Kalsiý nitratynyň tetragidraty we onuň 68%-li ergini, demir (III) hloridiniň (koagulýant) ergini häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýär. Barlaghana şertlerinde alnan täze önümleriň önümçilikleri ýola goýulsa, ykdysady taýdan has bähbitli bolup, olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutar. 

                                                                   

Önümçiligi ýola goýulmagy meýilleşdirilýän ylmy işlere Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyna patent almak boýunça haýyşnamalar iberildi hem-de ondan degişli çözgütler gelip gowuşdy. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça ýerli mümkinçiliklerden doly peýdalanyp, ýurdumyzyň eksport kuwwatlylygyny artdyrmakda döwre laýyk işler ýokary derejede ýola goýulýar. Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny döwrebap ösdürmekde ylmy işgärler üçin ähli şertleri döredip berýän alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Oraz ÇARYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary.

03.08.2023