Habarlar
Duşenbe duşuşygynyň jemleri: 24 resminama

Şu gün Duşenbe şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. 

                                                                   

«Kasri Millat» köşgüniň «Aýnaly» otagynda iki döwletiň Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Umuman, hormatly Prezidentimiziň Täjigistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň jemi 24-sine gol çekildi. 

                                                                   

Şolaryň hatarynda saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Mary welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş, medeni we ynsanperwer ugurlarda halkara we daşary ykdysady aragatnaşygy amala aşyrmak hakynda Ylalaşyk; halkara kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maglumatlary tehniki taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugd oblastynyň döwlet ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda multimodal gatnawlary işjeňleşdirmek we ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasy (Ýol kartasy); ösümlikleriň karantini boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda oba hojalyk babatda hyzmatdaşlygy berkitmegiň 2023 — 2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy»; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasynda söwda hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Zähmet, migrasiýa we ilatyň iş üpjünçiligi ministrliginiň arasynda zähmet we ilatyň iş üpjünçiligi babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Täjigistanyň Milli bankynyň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi departamentiniň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Täjigistanyň Milli bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Gümrük gullugynyň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky «Howar» milli habarlar agentliginiň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Täjigistanyň Garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň arasynda özara hereket we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika boýunça agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Senagatda işleriň howpsuz alnyp barylmagyna gözegçilik we dag gözegçiligi boýunça döwlet gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda halkara guramalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. 

                                                                                                           

«Türkmenistan»

                       

Duşenbe ş.

11.05.2023
Türkmenistan we Täjigistan döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikler 

                                                                   

 Aşgabat — Duşenbe, 10-njy maý (TDH). Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. 

                                                                   

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşliginde ozaldan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygy nygtaldy. Ýokary we hökümet derejelerinde guralýan yzygiderli saparlar döwletara dialogy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga, anyk netijeleri gazanmaga ýardam berýär. Ýokary derejede geçiriljek nobatdaky duşuşyk umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilendir. Diplomat döwlet Baştutanymyza saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw edip, bu gezekki gepleşikleriň täjik-türkmen gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka boljakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Saparyň öňüsyrasynda Duşenbede geçirilen Türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň, bilelikdäki işewürlik geňeşiniň birinji mejlisiniň we iki ýurduň eksport ugurly harytlarynyň sergisiniň hem özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendigini bellemek gerek. Işewürlik forumynyň netijeleri boýunça 20-den gowrak resminama gol çekildi. Şeýle hem şol gün bu ýerde Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “tegelek stoluň” başyndaky halkara maslahat boldy. Onda ikitaraplaýyn ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň uçary Duşenbe şäherine çenli uçuşy amala aşyryp, Täjigistanyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. 

                                                                   

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül dessesi gowşuryldy. Belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli bu ýerde iki ýurduň halklarynyň milli lybaslaryndaky artistleriň ýerine ýetirmeginde köpöwüşginli aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy, türkmen hem-de täjik sazlary ýaňlandy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweniniň howa menzilinden barýan ugrundaky ähli ýerde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary parlady. Täjik topragynda bildirilen myhmansöýerlik hormatly Prezidentimizi Duşenbede garşylamaga ruhubelentlik bilen taýýarlyk görlendiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Kasri Millat” köşgüne gelýär. Köşgüň öňündäki meýdançada belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli mübärekleýär. 

                                                                   

Iki ýurduň Liderleri dostlukly salamlaşyp, münbere barýarlar. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Toplaryň atylmagynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Täjigistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýup, Hormat garawulynyň nyzamynyň öňünden geçýärler. Döwlet Baştutanymyz Täjigistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar. Soňra täjik Lideri ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar. Belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy Hormat garawulynyň esgerleriniň dabaraly ýörişi bilen tamamlanýar. 

                                                                   

Prezident Emomali Rahmon hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy “Kasri Millat” köşgüne geçmäge çagyrýar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. 

                                                                   

Prezident Emomali Rahmon belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Duşenbe şäherinde kabul edýändigine tüýs ýürekden şatdygyny nygtady. Täjik Lideri döwlet Baştutanymyzyň saparynyň dostluk we doganlyk däpleri esasynda ýola goýlan türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda täze, möhüm ädimi alamatlandyrjakdygyna ynam bildirdi. Şu ýyl biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygy bellärliklidir. Nygtalyşy ýaly, Täjigistan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, onuň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ygrarlydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistana gelmäge çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlygyny beýan etdi hem-de dörän mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täjik Liderine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Täjigistan Respublikasyna şu gezekki döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileý ýylyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şol geçen ýyllaryň dowamynda döwletlerimiz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň binýadyny yzygiderli pugtalandyryp gelýärler. Taraplaryň bilelikdäki tagallasy netijesinde uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlykda hem öz beýanyny tapýar. Türkmenistan we Täjigistan halkara gün tertibiniň meselelerinde birek-birege goldaw berýärler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu günki gepleşikleriň strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine, döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, Prezident Emomali Rahmony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar. 

                                                                   

Ynanyşykly we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, onuň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şunda Türkmenistanyň we Täjigistanyň bar bolan uly kuwwaty, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy we diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýändikleri tassyklanyldy. Şeýle hem taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. 

                                                                   

Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi. 

                                                                   

Prezident Emomali Rahmon hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýändigini belledi. Täjik tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de baýlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Munuň özi doganlyk halklarymyzyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär. Prezident Emomali Rahmon döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň strategik hyzmatdaşlyk formatynda döwletara gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirip, belent mertebeli myhmana söz berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik we döredilen ajaýyp şertler üçin täjik Liderine minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň bu döwlet saparyna hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan pugta we dostlukly döwletara gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şu günki gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha bermäge, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmaga, bar bolan kuwwata laýyklykda, türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda geçýändigi aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi iki ýurduň we olaryň halklarynyň täze taryhynyň soňky 30 ýylynda döwletara gatnaşyklaryň ösüşini seljermäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow syýasy-diplomatik ulgamda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň netijeli ösdürilýändigini belledi. Munuň özi, ilkinji nobatda, taraplaryň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi bilen şertlendirilendir. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy berkitmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly esasy meseleler boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlary meňzeşdir. Şunda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki ýakyn hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan we Täjigistan Respublikasy halkara giňişlikde birek-biregi goldaýarlar. Munuň özi anyk netijeleriň gazanylmagyna, sebitde hem-de dünýäde ýagdaýlaryň barşyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, täjik tarapynyň Türkmenistanyň bitarap daşary syýasatyny we onuň halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy aýratyn nygtaldy.  

                                                                   

Täjigistan türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň 20-siniň awtordaşy bolup çykyş etdi. Şeýle hem täjik tarapy Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde, hususan-da, Bitaraplygyň dostlary toparynyň işinde teklip edýän başlangyçlaryny ilerletmäge işjeň gatnaşýar. 

                                                                   

Öz gezeginde, Türkmenistan hem Täjigistanyň başlangyjy boýunça dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan durmuşa geçirilýän we ählumumy meseleleriň, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň çözülmegine saldamly goşant goşýan giň gerimli, uzak möhletleýin maksatnamalary, strategiýalary goldaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki günde Merkezi Aziýadaky ýagdaýlaryň durnuklylygyny we netijeliligini gorap saklamak bilen baglylykda, türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün edýän mehanizmleri döretmek, gapma-garşylyklara ýol bermezlik, ähli meseleleri syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, BMG-niň Tertipnamasyna esaslanyp, özara bähbitleri nazara almak we berjaý etmek ugrunda çykyş edýän ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň üýtgewsizdigi barada barýar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň netijeliligi aýratyn bellenildi. Syýasy dialogyň bu görnüşi bäş ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygynda täze tapgyrdyr. Ol durnukly ösüş üçin zerur şertleri üpjün etmäge, Merkezi Aziýanyň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy üçin özüne çekiji sebit hökmünde dünýä gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň durnukly gurallaryny döretmäge gönükdirilendir. Şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek bäşinji — ýubileý konsultatiw duşuşyk hemmetaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ilerledilmegine täze itergi berer. 

                                                                   

Türkmenistanyň we Täjigistanyň ekologiýa, tebigaty goramak ulgamyndaky ikitaraplaýyn, halkara derejelerdäki hyzmatdaşlygy aýratyn möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy durmagyň, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerini aýawly we rejeli peýdalanmagyň, Aral meselesini çözmek boýunça bilelikdäki işi işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu babatda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine uly ynam bildirilýär. Sammit şu ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda Täjigistanyň paýtagtynda geçiriler. Şunda Türkmenistanyň ýokarda ady agzalan iki halkara forumy taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşjakdygy bellenildi. 

                                                                   

Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, biziň ýurdumyz Täjigistany ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde görýär hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şunda türkmen-täjik hökümetara toparynyň işine möhüm orun berilýär. Bu toparyň işi ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, işewürlik düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary guramak, bilelikdäki ugurdaş çäreleri geçirmek zerurdyr. Şunda iki ýurduň çäginde amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna türkmen we täjik kompaniýalarynyň gatnaşmagyna döwlet tarapyndan goldaw bermek teklip edilýär. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini içgin öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. 

                                                                   

Ýurdumyz ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk we himiýa senagatynyň, azyk senagatynyň, oba hojalygynyň, derman senagaty pudagynyň önümlerini we beýleki harytlary ibermek ulgamynda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr. Obasenagat toplumynda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nazara almak bilen, geljekde oba hojalyk önümlerini ibermegiň gurallaryny işläp taýýarlamak mümkinçiligine hem seretmek bolar. 

                                                                   

Ulag ulgamy türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda bilelikdäki tagallalar baş maksady gazanmaga — Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirýän döwrebap we kuwwatly infrastrukturany döretmäge gönükdirilmelidir. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi bilen baglylykda, Türkmenistan Hazar deňzine çykmak bilen, döwletlerimizi birleşdirýän ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işe taýýardyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň sebitimiziň dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletlerine halkara bazarlara çykmak üçin Gündogaryň, ýagny Hazaryň port düzüminiň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak zerurdyr. Türkmenistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny amatly şertlerde Täjigistan üçin hem bähbitli bolar ýaly ulanmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şeýle-de döwletlerimiziň arasyndaky göni we üstaşyr howa gatnawlaryny dikeltmek mümkinçiligine garamak teklip edilýär. 

                                                                   

Ynsanperwer ulgam hem türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halklarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklar taryhyň jümmüşinden gözbaş alýar. Türkmenistanyň we Täjigistanyň sungatyna hem-de edebiýatyna ägirt uly özara gyzyklanma bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2023-2024-nji ýyllarda iki ýurduň özara Medeniýet günlerini guramak teklip edilýär. Döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek zerur bolup durýar. 

                                                                   

Şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek. Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurulmagy-da bu ugurda doganlyk gatnaşyklarynyň mysaly bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň esasy ylmy merkezleriniň arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek arkaly tebigy bilimler, saglygy goraýyş, tehniki hem-de ynsanperwer ylymlar ugurlarynda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge girişmegi teklip etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Soňra söz nobaty Prezident Emomali Rahmona geçirildi. Ol döwletara gatnaşyklaryň netijeli we strategik häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Şunda ikitaraplaýyn dostluk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saldamly goşandy aýratyn nygtaldy. 

                                                                   

Täjigistanyň Baştutany söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk meselesine degip geçip, onuň okgunly ösüşiniň özara haryt dolanyşygynyň durnukly ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi. Şunda biziň ýurtlarymyzyň bu ugurda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Täjigistanyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Ýeňil, nebitgaz, himiýa, metallurgiýa senagaty, obasenagat toplumy, ulag we kommunikasiýalar türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň gurallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygy barada aýdyldy. Bu babatda bilelikdäki hökümetara topara ähmiýetli orun degişlidir. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon bu toparyň başlyklaryny kesgitlemek hem-de onuň nobatdaky mejlisini şu ýylyň awgustynda Duşenbede geçirmek baradaky teklibi beýan etdi. Şeýle hem haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça degişli “Ýol kartasyny” doly durmuşa geçirmek, ýylyň ahyryna çenli indiki döwür üçin täze resminamany kabul etmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, senagat kooperasiýasyny ösdürmek hem-de bilelikdäki önümçilikleri döretmek, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Oba hojalyk ulgamynda hem hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikler bar. 

                                                                   

Täjik Lideri ulag ulgamyny özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezip, hususan-da, Täjigistanyň öz ýüklerini daşamak üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi. 

                                                                   

Iki doganlyk halkyň ruhy we medeni umumylygyny nazara almak bilen, medeni-ynsanperwer ulgam, şol sanda bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon türkmen tarapyna Täjigistanda wajyp durmuş ähmiýetli desgany — Magtymguly adyndaky orta mekdebi gurmak baradaky çözgüdi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şu gün bu mekdebiň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga berler. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ikinji ýarymynda Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek hem-de bu wakanyň çäklerinde täjik we türkmen halklarynyň dostluk festiwalyny bilelikde guramak teklip edildi.  

                                                                   

Döwletara gatnaşyklaryň parlament ugruna hem täze itergi berildi. 2022-nji ýylyň maýynda Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrdy. Şunda dostlukly ýurtda hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi sapar bilen gelmegine garaşylýandygy nygtaldy. Prezident Emomali Rahmon şular barada aýtmak bilen, ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.  

                                                                   

Pursatdan peýdalanyp, täjik Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Mejlisiň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. 

                                                                   

Şeýle hem Täjigistanyň we Türkmenistanyň halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Prezident Emomali Rahmonyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Baştutanynyň bu sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýar. Täjigistanyň Baştutany öz ýurdunyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça mundan beýläk-de bilelikdäki ädimlere taýýardygyny tassyklap, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle-de doganlyk Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylyk üçin hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary göni aragatnaşyk arkaly Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar. 

                                                                   

2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 540 orunlyk okuw edarasynyň binalar toplumyny gurmak hakynda Karara gol çekdi. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda bu barada degişli ylalaşyk gazanyldy. Şeýle çözgüt ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklary geljekde-de pugtalandyrmak we giňeltmek, medeniýetleriniň, däp-dessurlarynyň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglanyşan halklarymyzyň arasynda dostluga, özara düşünişmäge ýardam bermek maksady bilen kabul edildi. 

                                                                   

Umuman, bilim ulgamy strategik häsiýetli türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz böleginiň biridir. Ýurtlaryň ikisinde-de bilim ulgamynyň ösdürilmegine, innowasion usulyýetleriň hem-de tehnologiýalaryň esasynda olaryň kämilleşdirilmegine möhüm üns berilýär. Bu gün bolsa täjik topragynda beýik türkmen şahyry, akyldary we filosofy, tutuş ömrüni, döredijiligini ynsanperwerlik, watançylyk taglymlarynyň berkarar bolmagyna, halklaryň dost-doganlygynyň berkidilmegine bagyş eden Magtymguly Pyragynyň adyny göterjek umumybilim berýän mekdebiň gurluşygyna girişilýär. 

                                                                   

Dabaranyň geçirilýän ýerinde ajaýyp baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň resmi wekiliýetleriniň agzalary, giň jemgyýetçilik wekilleri ýygnandylar. Hemmeler Prezidentler Serdar Berdimuhamedowy we Emomali Rahmony uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Täjik we türkmen dillerinde dabaranyň başlanýandygy yglan edilýär. 

                                                                   

Milli lybasdaky hormatly ýaşululara söz berilýär. Olar täjik hem türkmen dillerinde çykyş edip, bu günüň döwletara gatnaşyklaryň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny, hakyky taryhy waka öwrüljekdigini bellediler. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, täze mekdep biziň doganlyk halklarymyzyňdyr ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugyň aýdyň nyşany bolar. Bellenilişi ýaly, täjigistanlylar mekdebiň beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň adyny göterjekdigine buýsanýarlar. Geljek ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden dabaralandyrylar. 

                                                                   

Hormatly ýaşulular dabara gatnaşýandyklary üçin döwlet Baştutanlaryna hoşallyk bildirip hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etmek bilen, mekdebiň düýbüni tutmaga ak pata bermeklerini haýyş etdiler. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary ýaňlanýar. 

                                                                   

Täjigistanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmaga ak pata berýärler. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary ýaňlanýar. Ýaşuly nesliň wekilleri täze mekdebiň binýadyna beton garyndylaryny oklaýarlar. Milli aýdym-sazlar şanly wakanyň dabarasyny has-da artdyrýar. Döwlet Baştutanlarynyň adyna ýene-de tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdylýar. 

                                                                   

 Dabara tamamlanandan soňra, “Kasri Millat” köşgünde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

                                                                   

Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; halkara kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maglumatlary tehniki taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda halkara guramalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; ösümlikleriň karantini boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda oba hojalyk babatda hyzmatdaşlygy berkitmegiň 2023 — 2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasyna»; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Täjigistanyň Milli bankynyň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi departamentiniň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Täjigistanyň Milli bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Gümrük gullugynyň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Mary welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş, medeni we ynsanperwer ugurlarda halkara we daşary ykdysady aragatnaşygy amala aşyrmak hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugd welaýatynyň döwlet ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda multimodal gatnawlary işjeňleşdirmek we ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (Ýol kartasy); Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasynda söwda hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Zähmet, migrasiýa we ilatyň iş üpjünçiligi ministrliginiň arasynda zähmet we ilatyň iş üpjünçiligi babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika boýunça agentligiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Senagatda işleriň howpsuz alnyp barylmagyna gözegçilik we dag gözegçiligi boýunça döwlet gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Täjigistanyň «Howar» milli habarlar agentliginiň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Täjigistanyň Garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň arasynda özara hereket we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilýär. 

                                                                   

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekýärler. Bu möhüm resminamada iki döwletiň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanylýar. Nygtalyşy ýaly, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi hem-de çuňlaşdyrylmagy iki ýurduň düýpli bähbitlerine laýyk gelmek bilen, olaryň gülläp ösmegine, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Şeýlelikde, Jarnamada Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga, iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga berk ygrarlydygy bellenilýär. 

                                                                   

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. 

                                                                   

Prezident Emomali Rahmon gepleşikleriň netijelerini beýan edip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana ilkinji döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynda ajaýyp waka bolup durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, edil häzir ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarýan Jarnama kabul edildi. Bu taryhy çözgüt iki halkyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär we sebitde ösüşiň, durnuklylygyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. 

                                                                   

Saparyň öň ýanynda we onuň çäklerinde biziň ýurdumyzyň paýtagtynda — Duşenbe şäherinde dürli ugurlara degişli çäreleriň geçirilendigi guwançlydyr diýip, täjik Lideri aýtdy. Şolaryň hatarynda işewürlik maslahaty, önümleriň sergisi we iki ýurduň ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň duşuşygy bar. Şol çäreler şu günki gepleşiklere aýratyn oňyn öwüşginleri çaýdy. Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. 

                                                                   

Prezident Emomali Rahmonyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikler netijeli hem-de ynanyşmak ýagdaýynda geçdi. Taraplar ähli derejede yzygiderli syýasy gepleşikleri alyp barmagyň wajypdygyny bellediler, şeýle hem soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşýändigine kanagatlanma bildirdiler. Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. Iki ýurduň Hökümetleri olary hil taýdan ýokary derejä çykarmak boýunça degişli teklipleriň üstünde işlärler hem-de hödürlärler. 

                                                                   

Şu gün gol çekilen resminamalar bu wezipäniň çözülmegine ýardam eder. Täjigistanyň Baştutany Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada ylalaşygyň gazanylandygyny hem belledi. Gepleşikleriň dowamynda senagat ulgamynda bilelikde iş alyp barmak babatda hyzmatdaşlyk edilmegine aýratyn üns berildi. Şu gün 2025-nji ýyla çenli döwür üçin oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça “Ýol kartasy” kabul edildi. Ol özara gatnaşyklaryň bu ugruny ösdürmek üçin oňat binýat bolup hyzmat eder. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, taraplar ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini bellediler. Biziň ýurtlarymyzyň çäklerinden awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly ýük daşalyşynyň möçberi artdyrylar. Bu ulgamda şu gün ýük akymlaryny has-da artdyrmak we daşamalary işjeňleşdirmek boýunça çäreleriň bilelikdäki Meýilnamasy kabul edildi diýip, Prezident Emomali Rahmon aýtdy. Gepleşikleriň barşynda sebitara hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini hemmetaraplaýyn peýdalanmagyň zerurdygyna üns çekildi. Täjik Lideri bu ulgamda şu gün kabul edilen resminamalaryň özara saparlaryň amala aşyrylmagyna, işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna hem-de ýurtlarymyzyň sebitleriniň arasynda dürli häsiýetli çäreleriň geçirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Taraplar medeni-ynsanperwer ulgama, hususan-da, ylma we bilime aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon şu gün dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky orta mekdebiň gurluşygyna badalga berlendigini belledi. Bu desgany türkmen tarapy bina eder hem-de ol doganlyk halklarymyzyň dostlugynyň ajaýyp nyşanyna öwrüler. 

                                                                   

Gepleşikleriň gün tertibine sebit howpsuzlygyna degişli meseleler hem girizildi. Täze çagyryşlara, howpsuzlyga wehim salynmagyna garşy hereket etmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanmalar tassyklanyldy, degişli gulluklaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Owganystandaky ýagdaýlar barada-da pikir alşyldy. Ýakyn goňşular hökmünde Täjigistanyň we Türkmenistanyň bu ýurtda uzak möhletleýin parahatçylygyň, durnuklylygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýändikleri nygtaldy. 

                                                                   

Halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde täjik-türkmen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär. Taraplar şu ýylyň sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň sammitiniň ýokary derejede geçirilmegine ýurtlaryň taýýardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, bu çärelere gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa şu ýylyň güýzünde Täjigistanda garaşýandyklary bellenildi. 

                                                                   

Sözüniň ahyrynda Prezident Emomali Rahmon täjik tarapynyň geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berýändigini nygtady. Şol gepleşikler täjik-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň täze sahypasyny açýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Prezident Emomali Rahmona döwlet sapary bilen Täjigistan Respublikasyna gelip görmäge çakylygy, bilelikde işlemäge hem-de Duşenbe şäherinde bolmaga döredilen ajaýyp şertler üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Şu gün geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň ýakyn hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygy tassyklanyldy, dürli ulgamlarda türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin zerur bolan kuwwatlyklaryň bardygy bellenildi, geljekki hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwletara gatnaşyklar üçin däp bolan özara ynanyşmak, açyklyk ýagdaýynda geçen ýokary derejedäki duşuşygyň oňyn we anyk häsiýetini aýratyn belledi. 

                                                                   

Gepleşikleriň dowamynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine üns berildi. Biziň ýurtlarymyz ähli halkara meseleleriň diňe halkara hukuk kadalaryna hem-de BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda, parahatçylykly ýollar bilen, gepleşikleri geçirmek arkaly çözülmelidigi baradaky bir garaýşa eýerýärler. Taraplar häzirki wagtda ählumumy we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmek barada ylalaşdylar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýadaky ýagdaýlara aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bu ýagdaýlaryň oňyn ösüşiniň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Şunda biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlary aýdyňdyr, üýtgewsizdir hem-de yzygiderli häsiýete eýedir. Biz Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge, sebitiň döwletleriniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, sebitiň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen ygtybarly we netijeli gurallaryň döredilmegi ugrunda çykyş edýäris. Şunuň bilen baglylykda, sebit hyzmatdaşlygynyň täze görnüşiniň — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ähmiýeti nygtaldy. Onuň bäşinji mejlisi şu ýylyň sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçiriler. 

                                                                   

Şeýle hem durnukly ösüş, onuň düzüm bölekleri bolan halkara üstaşyr ulag gatnawlaryny ösdürmek, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmagy dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň bu ulgamlarda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlara hem-de tekliplere garamaga taýýardygyny belledi. 

                                                                   

Hususan-da, biziň döwletlerimiz Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag, logistika hyzmatdaşlygynyň strategik halkasyny kemala getirmek boýunça tagallalary utgaşdyrarlar, sebit we dünýä derejeli meýdançalarda, ýöriteleşdirilen halkara guramalarda, maliýe edaralarynda geljekki hyzmatdaşlar bilen işjeň gepleşikleri alyp bararlar. 

                                                                   

Gepleşiklerde ekologik meselelere, hususan-da, möhüm sebit düzümi bolan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işiniň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we kämilleşdirilmegine aýratyn orun berildi. Bu gaznanyň işi Merkezi Aziýada ekologik hem-de durmuş-ykdysady ýagdaýyň gowulandyrylmagy ugrunda hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. 

                                                                   

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Biziň ýurtlarymyzyň haryt dolanyşygynyň möçberini has-da artdyrmak, hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryna çykmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedigi bellenildi. Taraplar iki ýurtda-da bar bolan uly kuwwatlyklara laýyklykda, bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy baradaky umumy pikire geldiler. Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topary bu ugurda bilelikdäki tagallalaryň möhüm düzümi hökmünde çykyş eder. 

                                                                   

Taraplar özara söwdany giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, senagat kooperasiýasynda, hyzmatlar ulgamynda, oba hojalygy pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça çäreleri düýpli ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewürlik bileleşikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine uly üns berilýär. Bu ugurda bilelikdäki işewürlik geňeşiniň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylar. Şeýle hem yzygiderli bilelikdäki işewürler maslahatlaryny, önüm öndürijileriň sergi-ýarmarkalaryny guramak meselelerine anyk garamak barada ylalaşyk gazanyldy. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda geljekde-de medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini saklamagyň möhümdigi tassyklanyldy. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek, iki döwletde-de edebiýat, kinematografiýa işgärleriniň, aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda çäreleri, sport ýaryşlaryny guramak üçin zerur şertleri üpjün etmek barada ylalaşyldy. Bu çäreleriň baş maksady ata-babalarymyzyň taryhy, ruhy we medeni mirasyny gorap saklamakdan hem-de baýlaşdyrmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Iki ýurduň juda baý medeni mirasyna iki tarapyň hem örän uly gyzyklanma bildirýändigini nazarda tutup, 2023-2024-nji ýyllarda özara Medeniýet günlerini geçirmek teklip edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Täjigistanyň ylym-bilim ulgamlarynda uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda Täjigistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Türkmenistan üçin Täjigistan Respublikasy örän möhüm we ygtybarly hyzmatdaşdyr. Bu ýurt bilen gatnaşyklar uzak möhletleýin esasda guralýar. Iki döwletde-de köpugurly hyzmatdaşlygyň biziň halklarymyzyň bähbidine, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýändigine berk ynanylýar. Munuň özi sebitleýin we halkara işleriň durnuklylygyna, ösüşine ýardam edýär. Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça ösdüriler. Munuň özi iki ýurduň we olaryň halklarynyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, gepleşikleriň netijelerine uly kanagatlanma bildirdi. Olaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmona, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalaryna netijeli iş üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, doganlyk ýurduň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz “Kasri Millat” köşgünden Duşenbe şäheriniň merkezine — “Dusti” («Dostluk») meýdanyna tarap ugrady. Bu ýerde Täjigistan Respublikasynyň döwlet özygtyýarlylygynyň hem-de milli jebisliginiň nyşany bolan ýadygärlikler toplumy ýerleşýär. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymany we täjik döwletini esaslandyryjy Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül desselerini goýdy. 

                                                                   

Şu gün — 10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň we Milli Majlisiniň Başlyklary bilen hem duşuşdy. Mälim bolşy ýaly, Oli Majlis (Ýokary Ýygnak) iki palatadan: aşaky — Namoýandagon Majlisinden (Wekiller palatasyndan) hem-de ýokarky — Milli Majlisden (Milli Geňeşden) ybaratdyr. 

                                                                   

Agşam hormatly Prezidentimiz täjik paýtagtynyň merkezi böleginde ýerleşen «Nowruz» köşgüne tarap ugrady. Bu iri binagärlik toplumy häzirki Duşenbäniň ajaýyp ýerleriniň biri bolup durýar. 

                                                                   

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Prezident Emomali Rahmon garşylady. Täjik Lideri döwlet Baştutanymyzy «Nowruz» köşgüniň zallaryny synlamaga çagyrýar. Bu köşk belent mertebeli myhmanlaryň duşuşýan hem-de halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 

                                                                   

«Nowruz» köşgi milli äheňde bezelen 12 zaldan ybaratdyr. Olaryň her biri däp bolan täjik binagärliginiň we bezeginiň özboluşly häsiýetlerini şöhlelendirýär. Zallaryň reňkler babatdaky köpöwüşginliligi we olaryň bezegleri täjik halkynyň gadymy taryhyny, baý medeniýetini alamatlandyrýar. Şunuň bilen birlikde, bu ýerde bezeg babatda öňdebaryjy usullar ulanyldy. 

                                                                   

 Soňra belent mertebeli myhmanyň hormatyna Täjigistanyň Baştutany resmi agşamlyk naharyny berdi. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

11.05.2023
Gurmagyň we döretmegiň ýoly bilen

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:
 

                                                                   

 — Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan beýik ösüşleriň kämil nusgasyny äleme äşgär edip, bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyzyň çar künjeginde möhüm ähmiýetli gurluşyklaryň, ägirt uly desgalaryň düýbi tutulýar, täze senagat kärhanalarydyr ýaşaýyş toplumlary, saglygy goraýyş desgalary gurulýar, olaryň ählisi iň täze tehniki enjamlar bilen üpjün edilýär. Täze gurlup ulanmaga berilýän möhüm ähmiýetli desgalar bolsa ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerine, milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär. 

                                                                   

Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem bular babatda aýratyn gürrüň edildi. Mejlisde berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim artdy. Şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyklary alnyp baryldy. Ýylyň başyndan bäri dört aýda gurluşyk-senagat toplumynda önümleri öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 108,1 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 110,9 göterime, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 116,3  göterime deň boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Diýarymyzda gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny, şu ýyl ýurdumyz boýunça dürli maksatly binalaryň we desgalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini belläp, alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara möhüm tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Berkarar döwletiň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, täze şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde üstünlikli amala aşyrylýan beýik işleriň ähmiýeti mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynda, eziz Diýarymyzyň durnukly ösüşlerinde aýdyň duýulýar.  

                                                                   

Gurluşygyna badalga berlen desgalar hakynda gürrüň edilende Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda saglygy goraýyş desgalarynyň birbada üçüsiniň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň düýbüniň tutulandygyny ýatlamak has-da buýsançlydyr. Bu binalar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda paýtagtymyzda gurluşygyna badalga berlen ilkinji desgalardyr. Geçen sanlyja ýyllarda ýurdumyzda döwrebap awtomenziller, demir ýol we awtomobil köprüleri, gözel paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde Halkara awtoulag terminaly guruldy. Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Geçen ýyl Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahana, Daşoguz şäherinde bolsa köpugurly we onkologiýa hassahanalary dabaraly ýagdaýda açyldy. 

                                                                   

Ýurdumyzda iri gurluşyk taslamalarynyň üstünlikli alnyp barylmagy mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Häzirki wagtda täzeçilligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän Arkadag şäheriniň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Arkadag şäheri diňe bir eziz Diýarymyzda däl, eýsem, tutuş sebitde «akylly» şäher konsepsiýasyna doly kybap gelýän ilkinji iri şäher taslamasy bolup durýar. Gojaman Köpetdagyň ajaýyp baýyrlygynda bu gün Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň Watanyň beýik ösüşlerine bolan tükeniksiz yhlasy bilen türkmen döwletinde ikinji müňýyllygyň başlangyjynda dünýäni haýrana goýýan, iň täze tehnologiýalar esasynda gurulýan uly şäher döreýär. 

                                                                   

Şu ýylyň fewral aýynyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň degişli düzümleriniň Arkadag şäherine gelip görmek we oňa baha bermek boýunça tehniki missiýasynyň agzalary «akylly şäher» konsepsiýasyna, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna esaslanýan we şäheriň dolandyrylmagyny üpjün edýän ýeke-täk ekosistemanyň döredilýändigini hem kanagatlanma bilen bellediler. 

                                                                   

Türkmen tebigatynyň gözel künjeginde bina edilýän Arkadag şäheriniň berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu ýerde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagy ata Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň we milliligimize goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýän döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.  

                                                                   

Arkadag şäherinde aýry-aýry desgalara görnükli şahsyýetlerimiziň atlarynyň dakylmagy bolsa ildeşlerimizde aýratyn hoşallyk duýgularyny döretdi. Arkadag şäherinde Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär mekdebiniň, meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi bu ugurda hereket edýän bilim edaralarynyň sanyny artdyrmak bilen, okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýetini kämilleşdirmekde, mazmunyny baýlaşdyrmakda möhüm ädim bolar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň parahatçylyk söýüjiligini, dostlukly dünýägaraýşyny, mukaddes ýörelgelerini, ruhy gymmatlyklaryny, belent maksatlaryny, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýolunyň aýdyň netijelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde, dabaralandyrmakda, olara ýaş nesliň düşünmegini gazanmakda bitirilýän beýik işler ähli ildeşlerimizde uly buýsanç duýgularyny döredýär. Bilim ulgamynda okatmagyň täze gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ýaş nesliň başarnygyny, dünýägaraýşyny, sowatlylyk derejesini has-da ýokarlandyrýar. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Öňdebaryjy halkara tejribeler, milli ýörelgelerimiz esasynda bilim işi kämilleşdirilýär. Şäherdir obalarymyzy gurşap alýan täze bilim edaralary gurulýar. Okatmagyň usullaryny ylmy-nazaryýet, iş hem-de tejribe nukdaýnazaryndan kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda dünýäde ylmyň we tehnikanyň gazananlary, şonuň bilen bir hatarda, öňdebaryjy tejribeler, olary başarnykly ulanmak ýurdy, jemgyýeti üstünliklere, ösüşlere tarap örän çalt depginlerde äkidiji güýç hökmünde häsiýetlendirilýär. Şunda ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki täze gurulýan ýaşaýyş toplumlary olaryň çäklerinde gurulýan işewürlik merkezleri, saglygy goraýyş öýleri, çagalar baglary, kitaphanalar, mekdepler, medeni ojaklar, bularyň ählisiniň iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi beýik ösüşlerimiziň dowamat dowam bolmagynda, ýaş nesilleriň hünär ugurlarynda kämilleşmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Goý, berkarar Diýarymyzy beýik ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli amala aşyrýan belent maksatlary elmydama rowaçlyklara beslensin!  

                                                                                                           

Parahat ORAZOW,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.

11.05.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistana geldi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Täjigistan Respublikasyna geldi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň bu dostlukly ýurda amala aşyrýan ilkinji saparydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň sapary mynasybetli Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna joşgunly aýdym-sazly çykyşlara giň orun berlip, dabaraly ýagdaý emele geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Soňra howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen täjik tarapynyň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.  

                                                                   

Saparyň birinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde türkmen-täjik gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Ýokary derejeli duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekiler. Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň parlament ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ýola goýuldy. 2017-nji ýylyň noýabrynda degişli Şertnama gol çekilmegi bilen, türkmen-täjik hyzmatdaşlygy strategik derejä çykaryldy. Möhüm halkara we sebit meseleleri babatda iki döwletiň garaýyşlary gabat gelýär. Biziň ýurtlarymyz BMG, ÝHHG, GDA, YHG, ÝUNESKO ýaly iri düzümleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. 

                                                                                                           

«Türkmenistan»

                       

Duşenbe ş.

10.05.2023
Umumy taryhyň şöhratly senesi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününiň hormatyna Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy 

                                                                   

 Aşgabat — Moskwa — Aşgabat, 9-njy maý (TDH). Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga iberen çakylygy boýunça iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. 

                                                                   

Ozal habar berlişi ýaly, bu çakylyk iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň arasynda 7-nji maýda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde beýan edildi. 

                                                                   

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýunynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekilmeginiň ähli ugurdaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine kuwwatly itergi berýändigi bellenildi. 

                                                                   

Iki ýurduň arasynda däp bolan dostluk we birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň taryhy ýüzýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýär. Şonuň esasynda iki ýurduň hyzmatdaşlygy häzirki döwürde üstünlikli ösdürilýär. Ikinji jahan urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş umumy taryhyň möhüm sahypalarynyň biri bolup durýar. Ol söweş meýdanlarynda egin-egne berip, mertlerçe söweşen we geljek nesilleriň parahatçylykly, bagtyýar durmuşyny goran köp sanly halklaryň umumy mirasydyr we buýsanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňşiň hormatyna guralýan bu gezekki dabaralara gatnaşmagynyň häzirki nesliň hakydasynda baky saklanan azat edijileriň edermenligine çuňňur hormatyň nyşany hökmünde kabul edilýändigini bellemek gerek. 

                                                                   

 Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. 

                                                                   

...Birnäçe wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň “Wnukowo-2” howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi adamlar garşyladylar. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kremliň ýanyna geldi. Kremliň “Tugraly” zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady. Belent mertebeli myhmanlar bu ýerden dabaraly harby ýörişi synladylar. 

                                                                   

Onlarça ýylyň geçendigine garamazdan, Watan goragyna giden gahrymanlaryň edermenligi nesilleriň hakydalarynda we ýüreklerinde hemişelik orun aldy. Olar Watan goragçylarynyň batyrlygynyň, gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýärler. Bu nurana bahar günleri weteranlaryň orden-medallarynyň şyňňyrdysyna beslenip, gussaly hem-de buýsançly baýramyň ähmiýetini artdyrýar. Onýyllyklar geçse-de, şol gazaply uruş ýyllarynda çekilen agyr ýitgileriň yzasy duýulýar. Dünýä halklary, şol sanda türkmen halky hem agyr ýatlamalary kalplarynda göterýär. 

                                                                   

Ýeňşe bolan beýik ynam müňlerçe türkmenistanlyny faşizme garşy beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, bilelikde söweşmäge jebisleşdirdi. Onda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň beýik nusgasy görkezildi. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasynyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bolandygyny ýatlamak gerek. Onuň durmuş ýoly täze taryhy eýýamda ýaşlar üçin watansöýüjiligiň, harby we raýatlyk borja wepalylygyň beýik nusgasyna öwrüldi. 

                                                                   

2020-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň guralýan pursatlarynda 2-nji ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy Russiýadan Türkmenistana getirildi. Şol baýdagyň astynda edermen we gaýduwsyz esger Berdimuhamet Annaýew söweşipdir. Sowet esgerleriniň gaýduwsyzlygynyň we deňsiz-taýsyz edermenliginiň aýdyň nyşanyna öwrülen bu gymmatlyk hem-de Watan ugrundaky söweşde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda harby borjuny birkemsiz ýerine ýetiren Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” medaly “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hemişelik saklamak üçin berildi. Munuň özi türkmen halkynyň umumy Ýeňşiň hormatyna çeken kynçylyklarynyň taryhy hakydasyna öwrüldi. 

                                                                   

2010-njy ýylda bolsa Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde Moskwanyň Gyzyl meýdanynda guralan dabaraly harby ýörişe diňe bir Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň däl, eýsem, 1941 — 1945-nji ýyllaryň gazaply söweşlerine gatnaşan beýleki halklaryň hem harby gullukçylary gatnaşdylar. Söweş meýdanlarynda bolşy ýaly, tylda hem edermenlik görkezen Türkmenistan Ýeňşe mynasyp goşandyny goşdy. Dabaraly harby ýörişe ýurdumyzyň Hormat garawuly rotalarynyň harby gullukçylary gatnaşdylar. Şonda Gyrat atly ahalteke bedewine atlanan türkmen ýigidi esgerleriň dabaraly ýörişiniň öňüni çekdi. Bu bedewiň türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň aty bilen atdaş bolmagynda çuňňur many bar. Taryhdan belli bolşy ýaly, Sowet Soýuzynyň marşaly Georgiý Žukow 1945-nji ýylda Arap atly ahalteke bedewinde ilkinji Ýeňiş ýörişini kabul etdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan ahalteke bedewleri köp asyrlaryň dowamynda gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň wepaly dostlaryna, ýakyn hemralaryna öwrüldiler. Ikinji jahan urşy ýyllarynda 97-nji we 98-nji türkmen atly diwiziýalary döredildi. Olaryň esgerleri iň bir gazaply söweşlere gatnaşyp, gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Gaýduwsyz atly ýigitler Stalingraddan Berline çenli bolan söweş ýoluny geçdiler. Olaryň köpüsi söweşjeň ordenler we medallar bilen sylaglandylar. 78 ýylyň geçendigine garamazdan, şol ýyllaryň gahrymançylykly taryhy, watandaşlarymyza bolan buýsançly ýatlamalar ýüreklerimizde hemişelik orun aldy. 

                                                                   

Bu gün şol gazaply uruşda Beýik Ýeňşi gazanan weteranlary hormatlaýarys, olaryň edermenliginiň öňünde baş egýäris. Weteranlar mähriban topragymyzy faşizmden azat etmek ugrunda janlaryny gaýgyrman söweşdiler. Beýik Ýeňşiň hormatyna baş goýan edermen esgerler, olaryň hatarynda mertlerçe söweşen türkmen topragynyň edermen ogullary hakyndaky hakydanyň hormatyna bir minutlyk dymyşlyk yglan edilýär. 

                                                                   

Soňra şanly sene mynasybetli Moskwanyň Gyzyl meýdanynda şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgesini dowam etdirýän harby gullukçylaryň dabaraly ýörişi boldy. Olar özlerine bildirilen hormata buýsanyp, dabara gatnaşyjylaryň öňünden belent ruh bilen geçdiler. 

                                                                   

Köpýyllyk taryhyň dowamynda Ýeňiş baýramy birnäçe dessurlary we nyşanlary özünde jemledi. Olar şu günler hem dürli nesilleri we halklary baglanyşdyrýan nurana, şol bir wagtyň özünde-de, gussaly baýramyň esasy nyşanlarynyň birine öwrüldi. 

                                                                   

Dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna tarap pyýadalap ugradylar. Bu ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak çäresi boldy. 

                                                                   

Gussaly saz astynda dostlukly ýurtlaryň Liderleri 2009-njy ýylyň noýabr aýynda “Söweşjeň şöhratyň umumymilli toplumy” derejesi berlen kaşaň binagärlik toplumyna gül goýdular. Esgerler hem olaryň göreldesine eýerdiler. 

                                                                   

Tutuş adamzadyň parahat durmuşynyň we azatlygynyň goragyna giden hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolan gahrymanlara hormatyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyz Baky oda gül goýdy. Gyzyl gülleriň reňki Ýeňiş baýdagynyň, söweş meýdanlarynda dökülen ganyň reňki bilen sazlaşygy emele getirýär. Şeýlelikde, gyzyl güller geçen asyryň iň gazaply urşunda wepat bolanlar hakyndaky nurana hakydanyň nyşanyna öwrülýär. 

                                                                   

 Toplumyň öňünden Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly harby ýöriş bilen geçip gidýärler. 

                                                                   

Türkmenistanda hem Russiýada bolşy ýaly, söweş meýdanlarynda janlaryny gaýgyrman, gaýduwsyzlyk bilen söweşen esgerleriň hatyrasy belentde tutulýar. Tylda zähmet çekenler, urşuň yzynda galan zenanlar-da aýratyn hormata mynasypdyrlar. Olar hernäçe agyr hem bolsa, uzak garaşylan Ýeňşiň gazanylmagy ugrunda yhlasly zähmetlerini gaýgyrmadylar. “Hemme zat front üçin, hemme zat Ýeňiş üçin!” diýen şygar adamlaryň hakydasynda hemişelik galdy. Eneler, gelin-gyzlar we çagalar tylda janlaryny aýaman zähmet çekdiler. Türkmenistanyň çäklerinde senagat edaralary gije-gündiz işledi, harby hassahanalar ýaýbaňlandyryldy. Köp sanly okuw edaralary biziň ýurdumyza göçürildi we oba hojalyk önümçiligi ep-esli artdyryldy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow 12 ýaşynda — 1944-nji ýylda “Köp ekeliň dänäni!” atly goşgusyny döredýär. Metbugat sahypasynda çap edilen goşgy setirlerinde ýetginjek oglanyň Ýeňşiň hormatyna yhlasly zähmet çekmäge bolan çagyryşy duýulýar. 

                                                                   

Uruş ýyllarynda türkmen zenanlarynyň Goranmak gaznasyna 7 müň 400 kilograma golaý altyn we kümüş şaý-seplerini tabşyrmagy ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň baky nusgasyna öwrüldi. Adamzadyň taryhynda iň bir gazaply uruşlaryň biriniň söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin watandaşlarymyzyň müňlerçesi orden-medallar bilen sylaglandylar. Türkmenistanly esgerleriň ýüzden gowragy bolsa “Gahryman” diýen belent derejä mynasyp boldular. 

                                                                   

Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goramak ugrunda edermenlik görkezen pederlerimiziň şöhraty baradaky ýatlamalar taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Olaryň atlary watandaşlarymyzyň Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi baradaky maglumatlary özünde jemleýän “Hatyra” hem-de “Şöhrat” atly neşirlerde ebedileşdirildi. 

                                                                   

Ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň weteranlary döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşaldy. Mähriban topragyň edermen goragçylary bolan gahrymanlary sarpalamak türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän gadymy däpleriniň biri bolup durýar. Uruş weteranlaryny we şol ýyllarda yhlasly zähmet çekenleri mynasyp durmuş derejesi bilen üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Weteranlar, tylda zähmet çekenler we urşuň yzynda galan zenanlar üçin durmuş ýeňillikleri döredildi we olar üçin ähli zerur şertler üpjün edildi. Her ýylda Beýik Ýeňşiň hormatyna uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sylaglary we sowgatlar gowşurylýar. 

                                                                   

1945-nji ýylda gaýduwsyz söweşenleriň hormatyna Ýeňiş feýerwerki atylan we Ikinji jahan urşunda biziň bagtyýar we abadan durmuşymyz ugrunda söweşen harby gullukçylaryň hatary barha azalýar. Şeýle-de bolsa, ak sakgally gojalar ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çärelere işjeň gatnaşýarlar hem-de ýaş nesilleriň watansöýüjilik, Watana wepaly gulluk etmek ruhunda terbiýelenmegine mynasyp goşant goşýarlar. Olaryň söweşjeň, zähmet edermenligi Garaşsyz ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili boldy. 

                                                                   

Urşuň öňüniň alynmagy we parahatçylykly durmuşyň ähmiýeti hakynda dünýä halklaryna gönükdirilýän çagyryş Türkmenistanyň amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen bir bitewi sazlaşygy ýüze çykarýar. Munuň özi dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň binýadyny emele getirýär. 

                                                                   

Şeýlelikde, giňden dabaralandyrylan Ýeňiş güni nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, türkmen halkynyň parahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. 

                                                                   

Dabaraly çäreler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moskwanyň “Wnukowo-2” howa menziline geldi we bu ýerden Aşgabada ugrady. 

                                                                   

Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.

10.05.2023
Dur­nuk­ly ösü­şiň in­no­wa­sion ug­ry

Ýur­du­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­rip, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. San­ly­laş­dyr­mak mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz üçin hil taý­dan tä­ze dö­wür­dir. Bu ba­bat­da halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir san­ly ul­ga­ma geç­mek her bir pu­dak üçin ze­rur bo­lup, ol umu­my ösü­şiň esa­sy şer­ti­ne öw­rül­di. 

                                                                   

Hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len önüm­çi­li­ge in­no­wa­sion iş­läp taý­ýar­la­ma­lar giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Bu bol­sa mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ryn­da düýp­li ösüş­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­na giň şert­le­ri dö­red­ýär. San­ly ul­gam ho­ja­lyk hem-de do­lan­dy­ryş iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­de has äh­mi­ýet­li bo­lup, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň gül­läp ös­me­gi­ne, hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Şeý­le­lik­de, döw­rüň öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň dur­mu­şy­my­za iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de, işe­wür hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi has gi­ňe­ýär. Mu­ny biz dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ry­na, şol san­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze san­ly ul­ga­myň giň­den or­naş­dy­ryl­ýan hä­zir­ki döw­rün­de eýe bo­lun­ýan üs­tün­lik­le­riň my­sa­lyn­da gör­ýä­ris. Döw­let dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ry­na in­no­wa­si­ýa­la­ryň do­ly or­naş­dy­ryl­ma­gy, san­ly ul­ga­ma ge­çil­me­gi bi­len Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty bar­ha pug­ta­la­nyp, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si ýo­kar­lan­ýar. Bu bol­sa döw­rüň esa­sy ta­la­by­dyr, bi­ziň her bi­ri­mi­ziň baş mak­sa­dy­myz­dyr. 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my hal­ky­my­zyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len mil­li gym­mat­lyk­la­ry­na, asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nyp, hä­zir­ki za­man dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da top­lum­la­ýyn ös­dü­ril­ýär. Pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ryň hü­när de­re­je­si bar­ha kä­mil­leş­di­ril­ýär, okat­ma­gyň döw­re­bap, has ne­ti­je­li usul­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­ri hem-de esa­sy ylym-bi­lim mer­kez­le­ri bi­len ýur­du­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeňleş­di­ril­ýär.  

                                                                   

Ýur­du­my­zyň ösüşleriniň we belent üstünlikleriniň berk binýady hem-de baş mak­sat­la­ryň äh­li­si di­ýen ýa­ly bi­li­miň we yl­myň ösü­şi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Aý­ra­tyn-da, ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek, iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak we her bir ra­ýa­tyň bäh­bi­di­ni göz öňün­de tu­tup, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi se­na­gat­laş­dyr­ma­gyň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ar­ka­ly pu­dak­la­ryň we dur­muş hyz­ma­ty ul­ga­my­nyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi­ni ga­zan­mak, mil­li hü­när­men­le­ri­mi­ze, dün­ýä tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp, Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek, se­na­gat ul­ga­my­ny in­no­wa­sion esas­da ös­dür­mek, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly, bäs­deş­li­ge ukyp­ly san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek ýa­ly ugur­lara aýratyn üns berilýär. Munuň özi bilim ulgamynyň döwrebaplygy, yl­myň, in­no­wa­si­ýa­la­ryň, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len pug­ta bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan bu mak­sat­lar hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň, röw­şen gel­je­gi­niň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.  

                                                                   

Uni­wer­si­te­ti­mi­ziň jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ylym­la­ry ka­fed­ra­syn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ry­my­za edep-ter­bi­ýe ber­mek­de ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän däp-des­sur­la­ryň or­ny» at­ly yl­my-bar­lag iş ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Onuň maksady Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ry­my­za edep-ter­bi­ýe ber­mek­de hal­ky­my­za, Wa­ta­ny­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we­pa­ly, wa­tan­sö­ýü­ji, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly kä­mil şah­sy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek­den hem-de ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän däp-des­sur­la­ry­my­zyň mil­li aý­ra­tyn­ly­gy­ny ýü­ze çy­kar­mak­dan yba­rat­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ýaş nes­liň ter­bi­ýe­çi­lik işin­de wa­jyp we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sat­la­ryn­dan ugur al­ýar. Mil­li mi­ra­sy­my­zy ýur­duň hä­zir­ki za­man ösü­şi­niň we­zi­pe­le­ri bi­len dö­re­di­ji­lik­li ut­gaş­dy­ryp aýdyň we­zi­pe­le­ri­ dur­mu­şa ge­çi­rip, şeý­le hem me­de­ni mi­ra­sy­my­zy öw­re­nip, olar­dan ýer­lik­li peý­da­lan­mak ýaş ne­sil ba­ra­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy­dyr. 

                                                                                                           

Aý­lar ME­RET­DUR­DY­ÝE­WA,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ylym­la­ry ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my.

10.05.2023
Ulag ulgamynda özara baglanyşygyň berkidilmegi ugrunda

Gahryman Arkadagymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyjyny durmuşa geçirmekde sebit we ählumumy ähmiýetli taslamalar amala aşyrylýar. Şunda ýurdumyzda ulag ulgamy boýunça geçirilýän halkara derejeli çärelere uly orun degişli. Golaýda paýtagtymyzda guralan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara forum hem Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlandy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň we maksatlaryň esasynda ýurdumyzda yklymara ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge işjeň gatnaşmakda, Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bu forumyň netijeleriniň aýratyn ähmiýetli boljakdygyny aýdyp bileris. 

                                                                   

Türkmenistan halkara gün tertibindäki meseleleriň sazlaşykly we netijeli çözülmegi ugrunda ulag-logistika hyzmatlaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ileri tutulýan ugur hökmünde garaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşyklydygyna ynanýar. Geljek iň uly halkara deňiz, derýa, awtomobil, demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasyndan we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir. Biziň ýurdumyz geçmişde söwdada, medeniýetde, ylymda we durmuşyň beýleki ulgamlarynda adamzadyň gazananlaryny Zeminiň çar künjüne ýaýratmakda uly orny eýelän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregine öwrülipdi. Milli Liderimiziň tagallalary esasynda bu günki günde Türkmenistan ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, ulag diplomatiýasyny ilerletmek bilen bagly anyk başlangyçlary öňe sürüp, olary iş ýüzünde durmuşa geçirýän döwlet hökmünde ykrar edilýär.  

                                                                   

Türkmen paýtagtynda 2014-nji ýylyň sentýabrynda «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny» atly halkara maslahatyň, 2016-njy ýylda Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilmegi, 2017-nji ýylda guralan RECCA VII maslahatynyň çäklerinde Owganystanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi, 2022-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň bu ugurda iri çäreleriň birnäçesini üstünlikli gurandygyny görkezýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda «Koronawirus keseliniň (СOVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşiniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalarynyň kabul edilmegi bolsa ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny has-da berkitdi. Bu Kararnamalar ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, üstaşyr ulag geçelgeleriň durnukly ulgamyny kemala getirmäge, sebit, yklymara we ählumumy möçberde ulag aragatnaşygynyň iri düzümleýin merkezlerini döretmäge gönükdirildi. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman üstaşyr ulag, logistik düzümlerini, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamyny kemala getirmegiň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly, Amyderýanyň üstünden geçýän döwrebap demir ýol we awtomobil köprüleri, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly, Balkanabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda, Maryda ulanmaga berlen döwrebap ýolagçy terminallary milli we sebit möçberindäki ähmiýetli desgalar bolup durýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna birleşmegi goňşy Özbegistan Respublikasynyň ýük awtoulaglaryna Hazardaky deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder» diýip belledi. Geljekde bolsa Türkmenistany, Eýrany, Yragy we Türkiýäni birleşdirjek Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi işe giriziler. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesi boýunça alnyp barylýan işler has-da güýçlendiriler. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda gol çekilen bäştaraplaýyn Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi hem sebitiň ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Ulag we logistika ulgamyny ösdürmek üçin bilim-tejribe alyşmak, täzeçil çemeleşmeleri, çözgütleri öňe sürmek iki günlük halkara maslahatyň esasy wezipesi boldy. Onuň dowamynda ulag düzümine tehniki hyzmatyň hilini gowulandyrmak, ulag ulgamyna halkara goldawyň gerimini giňeltmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, teklipler we bar bolan mümkinçilikler, durnuklylygy üpjün etmegiň şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň çäginde «Häzirki zaman logistika ulgamyny döretmek hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýük daşamalary ýönekeýleşdirmek», «Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» halkara multimodal ulag geçelgesiniň binýadynda durmuşa geçirilýän «CASCA+ multimodal ulag ugry» taslamalaryny işjeňleşdirmek meselesi boýunça onlaýn görnüşdäki duşuşyklaryň geçirilmegi hem ulag diplomatiýasyny has-da ilerletmekde uly ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamyny ösdürmegi Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ulag ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu günki gün ulag ulgamy Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine uly goşant goşup, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. 

                                                                                                           

Muhammetrahym ÖWEZOW,

                       

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.

10.05.2023
Halkyň parahat durmuşynyň goragçylaryna baky şöhrat!

Aşgabat, 9-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzda şanly sene bolan 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi. 

                                                                   

9-njy maý — ähmiýetli we mukaddes baýramlaryň biri. XX asyryň kyrkynjy ýyllarynyň gazaply wakalary taryha çuňňur aralaşýar. Şol wakalary gören adamlar bolsa barha azalyp barýar. Ýöne ýowuz uruş baradaky ýatlamalar unudylmaýar. Şu ajaýyp maý günlerinde uruş weteranlarynyň ýüreklerine tolgunma aralaşýar, uruş barada ata-babalaryndan köp zatlary eşiden adamlaryň kalbyny gussa gaplaýar. Ýeňiş türkmen halky üçin hem juda agyr boldy. Şol gazaply uruşda watandaşlarymyzyň görkezen edermenligi häzirki nesiller üçin görelde mekdebidir. 

                                                                   

Türkmen halky Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Müňlerçe türkmen esgerleri doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde söweş meýdanlarynda edermenligi, gaýduwsyzlygy hemra edinip, öz janlaryny gaýgyrman söweşdiler. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bolandygyny bellemeli. Onuň ömür ýoly häzirki türkmen ýaşlary üçin watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, belent borja wepalylygyň nusgasyna öwrüldi. 

                                                                   

Adamzadyň taryhynda gazaply uruşlaryň biriniň söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin watandaşlarymyzyň müňlerçesi orden-medallar bilen sylaglanyldy. Türkmenistanly esgerleriň ýüzden gowragy bolsa “Gahryman” diýen belent ada mynasyp boldy. Watanymyzyň azatlygyny, abadançylygyny goramak ugrunda edermenlik görkezen pederlerimiziň şöhraty baradaky ýatlamalar halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy we olaryň atlary “Hatyra”, “Şöhrat” atly neşirlerde ebedileşdirildi. 

                                                                   

Watansöýüjilik, gahrymanlara goýulýan sarpa asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, bu günki gün hem türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Entek baýram günleriniň öňüsyrasynda XX asyryň gazaply uruşlarynyň birinde gaýduwsyzlyk bilen söweşen, mukaddes borjy abraý bilen ýerine ýetirip, mähriban ojaklaryna dolanyp gelen weteranlarymyzy, şeýle hem tylda zähmet çeken zenanlarymyzy hormatlamak dabaralary başlandy. Her ýyl Beýik Ýeňşiň şanyna olara dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Halk gahrymanlary döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşaldy. Weteranlaryň saglygy, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şanly senäniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda uruş we zähmet weteranlary bilen duşuşyklar guraldy. Baýramyň hormatyna sergiler, aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli halkymyza iberen baýramçylyk Gutlagynda parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi dabaralandyrýan Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň, belent sarpanyň mynasyp beýanyna öwrülip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.  

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugruna gönükdirilen beýik başlangyçlaryndan, gymmatly ynsanperwer taglymatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda baý durmuş tejribesi, pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan uruş we zähmet weteranlarymyzy — paýhasly ýaşulularymyzy, mukaddes ojaga wepaly eziz enelerimizi uly aladalar bilen gurşap alýarys. Adamzada parahatçylyk we asudalyk ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary peşgeş beren weteranlarymyza, ýaşulularymyza uly hormat bilen garaýarys. Olaryň ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy üçin ähli şertleri döredýäris. Eziz Watanymyz hakyndaky iňňän beýik, mukaddes düşünjelerimizi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä, ula-kiçä sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzi halal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar. 

                                                                   

Öz gezeginde, Watana birkemsiz gulluk etmegiň nusgasyny görkezen uruş we zähmet weteranlary jemgyýetimiziň agzybirliginiň, bitewüliginiň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Ýaşlara paýhasly öwüt-ündewlerini berýärler, ýaş nesillerde watansöýüjilik, gahrymançylyk we edermenlik ýaly duýgulary ösdürmek boýunça asylly işleri alyp barýarlar. 

                                                                   

...Ir säher bilen, asylly däbe eýerip, häzirki we geljek nesilleriň nurana durmuşynyň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna aşgabatlylaryň köp sanlysy we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Türkmen halkynyň watansöýüjilik däplerini, şöhratly pederlerimiziň wesýet eden ýörelgelerini mynasyp dowam edýän ýaş harby gullukçylar hatara düzüldiler. 

                                                                   

Toplumyň çägindäki “Milletiň ogullary” ýadygärlik binasy Watan üçin wepat bolan gahrymanlaryň, “Baky şöhrat” ýadygärlik binasy Beýik Watançylyk urşunda, “Ruhy tagzym” ýadygärligi bolsa Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň hatyrasyna bina edildi. Şu gün Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan esgerleriň hatyrasyna dikeldilen binanyň ýany has-da köp adamly boldy. Ol umumy halk hakydasynyň mukaddes künjegi hasaplanýar. Bu ýerde dünýäni faşizm howpundan azat eden, mähriban Watanymyzyň erkinligini goran, nurana geljegiň hatyrasyna söweşen esgerleriň gahrymançylygyna tagzym edilýär. 

                                                                   

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Ol dabaraly çäräniň başlanýandygyny yglan etdi. Şeýle hem bu ýerde halkymyzyň wepat bolan Watan goragçylaryna bildirýän hormatynyň aýdyň nyşanyna öwrülen sazlar eşidildi. 

                                                                   

Halk Maslahatynyň agzalary, milli parlamentiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, zähmet toparlarynyň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, myhmanlary 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara bildirilýän çuňňur hormatyň nyşany hökmünde ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular. Sanlyja pursatda binanyň etegi al-ýaşyl güllerden özboluşly şekili emele getirdi. Toplumyň meýdançasynda geçirilen dabaraly ýöriş çäräniň ähmiýetini belende göterdi. 

                                                                   

Weteranlar öz Watanyna, ýurduň Prezidentine, parahat durmuşda ýaşaýan hem-de geljekde täze ösüşlere ýetmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ýaş nesle buýsanýarlar. Sebäbi olar häzirki nesliň bagtyýar durmuşy üçin duşmana garşy söweşdiler. 

                                                                   

Şu gün baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyryldy. Şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gahrymanlarça wepat bolan Watanymyzyň edermen goragçylaryna hormatyň nyşany hökmünde milli gahrymanlaryň hatyrasyna dikeldilen ýadygärliklere gül desselerini goýdular. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda watandaşlarymyzyň deňi-taýy bolmadyk edermenligini şöhratlandyrmagyň, şol ýowuz synaglaryň gaýtalanmazlygynyň bähbidine ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli syýasat uruş weteranlaryna goýulýan iň belent sarpadyr. Biziň gadymy köklerimiz, milli mirasymyz täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň bagtyýar geljegini gurmagyň ygtybarly binýadydyr. Dünýä taryhynda adamzada iň uly heläkçilik getiren Beýik Watançylyk urşunyň gazaply söweşlerine gatnaşan milli gahrymanlar baradaky hakyda we olary sarpalamak ýaly asylly işler jemgyýetimiziň mizemez ýörelgelerine öwrüldi.

10.05.2023
Hiç kim ýat­dan çy­ka­ryl­ma­ýar!

Düýn paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanyp, dabaraly çäreler geçirildi. Oňa Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, dürli ýaşly ildeşlerimiz uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli weteranlara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň hem gowşurylandygyny aýtmak gerek.

Änew şäheriniň merkezi seýilgähinde 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan ildeşlerimiziň hatyrasyna dikeldilen ýadygärlige gül goýmak dabarasy welaýatda geçirilen çäreleriň başyny başlady. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde bolan gül goýuşlyk dabarasy-da täsirliligi bilen tapawutlandy.  Beýik Ýeňşiň hormatyna şeýle dabaralar Balkanabat şäherindäki, Daşoguz welaýat merkezinde belent başly, ak lybasly binalar toplumynyň jümmüşindäki, Türkmenabatda «Bitaraplyk» seýilgähindäki, Maryda-da welaýat merkeziniň iň bir gözel künjegindäki «Baky ot» ýadygärliklerine gül goýmak çäresinden başlandy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýerlerdäki harby bölümleriniň gullukçylary we serkerdeleri, welaýatlaryň edara-kärhanalarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýadygärliklere baharyň ter çemenlerini goýup, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hatyraladylar. Ýurdumyzyň teatr ussatlary toý çärelerine gatnaşyjylara sahna oýunlaryny hödürlediler. Çykyşlarda mertligiň, merdanalygyň ýokary nusgasyny görkezen uruş weteranlarynyň hem-de tylda zähmet edermenligini görkezen, ýar ojagyny saklan eneleriň adyna çyn ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Baýramçylygyň arzyly myhmanlaryna ýadygärlik sowgatlary-da gowşuryldy. Medeniýet we sungat wekilleriniň ýörite taýýarlan aýdym-sazlary dabaralara aýratyn öwüşgin çaýdy.

«Türkmenistan»

                   

10.05.2023
Nebitçileriň ýakyn ýardamçylary

 Uglewodorod çig malyna baý ýataklardan alynýan «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» çykarylýan möçberini durnukly artdyrmak milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň baş wezipesidir. Bu möhüm işiň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz çykaryş, buraw işleri müdirlikleri bilen bir hatarda, kömekçi kärhanalarydyr beýleki hyzmat ediş gulluklary hem saldamly goşant goşýar. Olar gündelik gelip gowuşýan sargytlar arkaly işläp, konserniň önümçilik düzümlerinde bökdençligiň ýüze çykmazlygyny ygtybarly üpjün edýärler.  

                                                                   

Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehaniki zawodyny hem şolaryň hatarynda görkezmek bolar. 1951-nji ýylda ýardam beriji düzümleri bilen işe girizilen bu kärhanada zähmet çekýänler iň bir jogapkärli hünärleriň 30-a golaýyna ussatlarça erk edýärler. Olaryň irginsiz tagallalary bilen, awtoulaglaryňdyr ýöriteleşdirilen tehnikalaryň, önümçilikde ulanylýan desgalaryň we enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak, taýýar demir önümlerini, metal gurluşlary, ulgamlary, bloklary, rezerwuarlary, dürli göwrümli gaplary, rezin önümleri öndürmek, çoýun, alýumin, bürünç galyndylaryny eredip, zerur ülňülere laýyk guýmak, ýekedaban-basgyç bilen demir önümlerini ýasamak, peç we peç gyzdyryjylary taýýarlamak, hatardan çykan ätiýaçlyk şaýlarydyr dürli enjamlary düýpli abatlap, gaýtadan dikeltmek, dürli kuwwatlykdaky sorujylary abatlamak ýaly juda möhüm işler öz wagtynda nusgalyk derejede berjaý edilýär.  

  Önümçilik bölümlerinde ulanylýan enjamlaryň 150-ä golaý görnüşiniň mydama gurat saklanmagy sargytlaryň öz wagtynda we ýokary hilli bitirilmegine ygtybarly ýardam berýär. Zawodyň hünärmenleri geologiýa-gözleg işlerinde hem-de uglewodorod çig malyny çykarmakda peýdalanylýan buraw desgalaryny, gurallardyr enjamlary, dürli kuwwatlyklardaky sorujylary abatlap, olaryň ulanyş möhletini uzaldýarlar. Bu ýerde nebitgaz çykaryş, burawlaýyş müdirlikleriniň önümçilikde ulanýan enjamlaryny, awtoulaglarydyr ýöriteleşdirilen tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak we abatlamak, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, gaýry edara-kärhanalaryň, telekeçileriň, Diýarymyzda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň sargytlaryny ýerine ýetirmek hem üstünlikli ýola goýulýar. Ýeri gelende aýtsak, şeýle giň mümkinçiliklere eýe bu önümçilik düzümi ýurdumyzyň tutuş nebitgaz toplumynda ýeke-täkdir. Ýene bir bellemeli zat, konserniň beýleki düzümlerindäki, ulanyş möhletiniň geçmegi bilen hatardan çykan alýumin, çoýun, demir, rezin enjamlarynyň kärhananyň bitirýän işlerinde esasy çig mal bolup hyzmat edýändigidir. Olar gaýtadan eredilip, zawodyň öz hünärmenleri tarapyndan taýýarlanýan ýörite galyplarda hem-de ülňülerde zerur harytlyk görnüşine getirilýär.  

                                                                   

Pudakda bar bolan goşmaça mümkinçilikleri ýüze çykarmak, önümçilik çykdajylaryny azaltmak, heniz peýdalanylmaýan içki mümkinçiliklere aýratyn üns bermek, ylaýta-da, daşary ýurtlardan satyn alynýan harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda taýýarlamak boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary kärhanada öz oňyn çözgüdini tapýar. Zawodda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň, esasan hem, dürli enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň ornuny tutýan önümleri ýasamak, olaryň hatardan çykanyny gaýtadan dikeltmek ygtybarly ýola goýulýar. Hut şu oňyn ýagdaý konserne, şonuň ýaly-da, kärhananyň sargytçylaryna köp möçberde gyzyl puly tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ýokary hil derejesinde taýýarlanýan rezin önümleriniň görnüşi 300-den geçýär. Zerur çig maly öz ýerinde gaýtadan işlemekden başlap, şeýle köp görnüşli rezin önümlerini taýýarlaýan önümhana hem milli ykdysadyýetde ýeke-täkdir. Kärhana bitirýän işi, taýýarlaýan dürli ätiýaçlyk şaýlary bilen ýurdumyzda geçirilýän halkara derejedäki sergilere-de yzygiderli gatnaşýar. Şonda daşary ýurtly ugurdaş düzümleriň hünärmenleri bu ugurda kärhanada baý iş tejribesiniň toplanandygyny aýratyn nygtaýarlar. Abatlaýjylar şu günler 2023-nji ýyly hem zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda iş depginini has-da ýokarlandyrýarlar. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

09.05.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 8-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şu günler welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem bugdaýa ideg etmek agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda ýeralma, sogana we beýleki ýazlyk ekinlere ideg edilýär, pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalarda, inženerçilik ulgamlarynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň esasy bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamanyň berjaý edilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça ekişi geçirilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, ilkinji hatarara bejergi we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary, gurallary doly güýjünde işledilýär. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaýa ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bu ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär, pile öndürmek boýunça meýilnamany berjaý etmek boýunça zerur tagallalar görülýär. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda guraljak dabaralara taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz bugdaý, ýeralma, sogan we beýleki ýazlyk ekinleri ekilen meýdanlarda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň ýokary hilli, bellenen möhletlerde alnyp barylmagyna, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň berjaý edilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehniki möhletlerde geçirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, otag we ýekelemek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary, gurallary doly güýjünde işledilýär. Şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň bugdaý, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça ähli zerur çäreler görülýär. 

                                                                   

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda guralmagy göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ekin meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna ünsi çekdi hem-de bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleriniň, şaly ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem häkime şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak işleri hem alnyp barylýar. Ilatymyzy ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär. Pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda welaýatda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk barada hem aýdyldy. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de welaýatyň ak ekin meýdanlarynda, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz welaýatyň pagta ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerine guramaçylykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, häkime bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri alnyp barylýar. Gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen bir hatarda, sebitiň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak boýunça degişli işler dowam edýär. Ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli işler ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalar edilýär. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda welaýatda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça, bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň doly berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynyň gögeriş alnan ýerlerinde hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri geçirilýär. Gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny netijeli işletmek, ideg işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek, galla oragynda işledilmegi göz öňünde tutulýan kombaýnlary, awtoulaglary we galla kabul ediş nokatlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlaryň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek, bellenen meýilnamany doly berjaý etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek hem-de suw serişdelerini netijeli ulanmak maksady bilen, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Türkmensuwylmytaslama” instituty tarapyndan ekerançylyk meýdanlarynda suwaryş ýaplaryny bellenen kadalara laýyklykda ulanmak üçin taslama işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de gowaça, bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi we häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda degişli görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

09.05.2023
Önümçiligiň gerimi giňelýär

Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini barha ilerleýär. Diýarymyzda täze oba-şäherler, şäherçeler döredilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, dürli desgalary, ýollary gurmak üçin peýdalanylýan, importyň ornuny tutýan gurluşyk önümlerine bolan islegi has-da artdyrýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Erjel-Begenç» hususy kärhanasy örtgi plitalaryň täze önümçiligini ýola goýdy. Döwrebap kärhana mermer tehnologiýasy esasynda işlenilip taýýarlanylýan ýanýoda we ýoljähek üçin niýetlenen bezeg panelleriniň giň toplumyny müşderilere hödürleýär. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän hususy kärhana 2011-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň önümhanasy Russiýanyň we Eýranyň betondan emeli mermer we granit önümlerini öndürmäge ukyply bolan, dünýä ülňülerine gabat gelýän enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu bolsa kärhananyň agzybir işgärlerine önjeýli zähmet çekip, her ýylda 20 müň inedördül metrden gowrak plitalary we 17 müň metrden gowrak ýol gyralaryna goýulýan daşlary öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bu kärhana dürli howa şertlerine çydamly, hili babatda daşary ýurt kompaniýalarynda öndürilýän önümlerden pes bolmadyk, bahalary elýeterli, asylky durkuny uzak wagtlap saklaýan, dörtburç şekilli daşlaryň 20-ä golaý, diwar bezeg plitalarynyň 20-den gowrak, ýanýoda bezeg panelleriniň 30-dan gowrak görnüşini, awtomagistral ýollara, ýanýodalara düşelýän bort daşlarynyň 6, bardýurlaryň 15 görnüşini öndürýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda kärhananyň önümlerine Arkadag şäheriniň gurluşygynda, paýtagtymyzyň demir ýol menzilinde, Gurbansoltan eje köçesiniň ugrunda, Türkmenabat şäheriniň esasy köçelerinde, şeýle-de Änew şäherindäki medeni-dynç alyş seýilgähinde gabat gelmek bolýar. Kärhana buýurmalara we isleglere laýyklykda, ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki binalaryň diwarlarynyň, ýanýodalaryň, köçeleriň gurluşygynda peýdalanylýan, dürli reňkli nagyşlar bilen bezelen plitalary hödürleýär. Ýakyn geljekde bolsa betondan elektrik toguny geçiriji simleriň sütünleriniň önümçiligini ýola goýmak, importyň ornuny tutýan önümleriň möçberini we görnüşini has-da artdyryp, olary daşary ýurtlara eksport etmek hem meýilleşdirilýär.  

                                                                                                           

Batyr KULIÝEW.

                       

«Türkmenistan».

09.05.2023