Habarlar
Millilik nepislik bilen sazlaşanda

Gözellik nirede we nädip döreýär? Elbetde, irginsiz yhlas bilen zähmetiň birleşýän ýerinde. Ene-mamalarymyzdan miras galyp, ajaýyplykda we nepislikde sungatyň kämil derejesine ýetirilen türkmen haly we haly önümleri hem milliligi, nepisligi, durmuş wakalarynyň suratlandyrylyş aýratynlygy bilen düýpgöter tapawutlanýar. Olar häzirki wagtda zenanlarymyzyň yhlasly zähmeti, ýiti zehini esasynda has-da baýlaşdyrylýar. Bu günki gün dünýäniň çar künjeginde türkmen halylarynyň hyrydarlary barha artýar. Şunda hususy telekeçileriň alyp barýan işleri aýratyn öwgä mynasypdyr. 

                                                                   

Türkmen işewürleri tarapyndan haly we haly önümlerini taýýarlamak boýunça täze önümçilikler döredilip, müşderileriň islegleri kanagatlandyrylýar. «Kümüş ýüpek» önümçilik kärhanasy hem bu ugurda eýýäm ýeterlik tejribe toplap, haly önümlerini sarp edijilere ýetirmekde döredijilikli iş alyp barýar. Häzirki günlerde kärhanada gyzgalaňly zähmet dowam edip, ezber elli dokmaçylar islendik ölçegli, dürli görnüşli, niýetleniş aýratynlygyna görä, halylary, halyçalardyr namazlyklary, horjunlary we beýleki haly önümlerini gysga wagtda dokap, müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmaga çalyşýarlar. Nepisligiň we gözelligiň sazlaşygynda milli nagyşlara beslenen halylar has-da owadan görünýär.  

  Kärhanada öndürilýän haly we haly önümleri bazarda bäsdeşlerinden düýpli aýratynlygyny görkezýär. Öz hünärine ussat zenanlaryň zähmeti netijesinde, saryja goýnuň ýüňünden we beýleki ekologik taýdan arassa çig mallardan peýdalanylyp, önümçiligi yzygiderli ýokarlandyrmak işleri alnyp barylýar. Sanly ulgamyň ösýän häzirki döwründe içerki sarp edijileriň islegini ýokary derejede kanagatlandyrmak maksady bilen, kärhananyň halydyr haly önümlerini internet arkaly onlaýn görnüşde sargyt etmek we eltip bermek hyzmatyndan peýdalanmaga hem mümkinçilik döredilen. 

                                                                   

«Kümüş ýüpegiň» ajaýyp halylaryna dünýä bazarlarynda-da isleg artýar. Ussat dokmaçy gelin-gyzlaryň dokaýan halylary Ýaponiýa, Koreýa Respublikasyna, Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýä eksport edilýär. Ýakyn geljekde bolsa haly önümçilik kärhanasy öz önümlerini Ýewropa döwletlerine hem eksport etmegi meýilleşdirýär. 

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW.

                       

«Türkmenistan».

08.05.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy

London — Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün Beýik Britaniýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy. 

                                                                   

Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz «The Biltmore Mayfair» myhmanhanasyndan çäräniň geçirilýän ýerine — Westminster ybadathanasynyň ýanynda ýerleşýän we diňe bir Londonyň iň iri buthanasy bolman, eýsem, ýurduň döwlet durmuşynyň hem merkezi bolan «Church House» maslahatlar merkezine ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar. 

                                                                   

Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we şu gezekki dabara çagyrylan beýleki belent mertebeli myhmanlar däp boýunça täç geýdirmek dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan Westminster ybadathanasyna ugradylar. Şunuň bilen birlikde, tutuş dünýä boýunça millionlarça adama britan Patyşasy Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna onlaýn tertipde tomaşa etmek mümkinçiligi döredildi. 

                                                                   

Beýik Britaniýa Ýewropada öz Patyşalaryna täç geýdirýän ýeke-täk ýurtdur. Täç geýdirmek dabarasynda patyşa häkimiýetiniň nyşanlary bolan täje we skipetre (hasa) aýratyn orun degişlidir. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, britan Patyşalaryna täç geýdirmek däbi müň ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Ilkinji täç geýdirmek dabarasy 1066-njy ýylda geçirildi. Täç geýdirmek buthana dabarasy bolup, onda Beýik Britaniýanyň Patyşasyna ýa-da Şa zenana resmi taýdan täç geýdirilýär. Täç geýdirmek dabarasyndan öňürti, Londonyň Sent-Jeýms köşgünde tagty miras almak boýunça Geňeş ady bilen belli bolan dabara edarasynyň öňünde Patyşa hukuk taýdan yglan edilýär. Bu çäräniň esasy bölekleri müň ýylyň dowamynda üýtgemedi diýen ýalydyr. 

                                                                   

Şu gezekki resmi çäre bellenen wagtda Bukingem köşgünden Westminster ybadathanasyna çenli dabaraly ýöriş bilen başlady. Dabaranyň dowamynda Kenterberi arhiýepiskopy Karl III-ni Patyşa diýip yglan etdi. 

                                                                   

Patyşa kasamy ýerine ýetirilenden soňra, arhiýepiskop iňlis buthanasynyň ýolbaşçysy hökmünde Patyşanyň derejesini alamatlandyrýan däbi ýerine ýetirýär. Dabaranyň bu bölegi mukaddes hasaplanýar. 

                                                                   

Täç geýdirmek pursady ýetip gelýär. Britan Patyşasyna patyşa häkimiýetiniň nyşanlary gowşurylýar. Soňra arhiýepiskop Patyşa Karl III-ä Mukaddes Eduardyň täjini geýdirýär. 

                                                                   

 Patyşa Karl III-ä wepalylyk baradaky kasam aýdylandan soňra, Şa aýaly Kamillany tagta oturtmak dabarasy boldy. 

                                                                   

 Soňra Patyşa we onuň Şa aýaly Bukingem köşgüne tarap ugradylar. 

                                                                   

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Birmingem şäheriniň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar. 

                                                                   

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekiliniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şeýle möhüm çärä gatnaşmagy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini belläp, şu gezekki saparyň türkmen-britan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýolundaky möhüm ädime öwrülendigini aýtdy.

08.05.2023
Rowaç menzilleriň maslahaty

3-4-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran, dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşan, paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi geçirildi. 

                                                                   

Halkara ulag-logistika ulgamyna döwrebap täzelikleri girizmek hem-de ornaşdyrmak, hyzmatdaşlygy utgaşykly görnüşde pugtalandyrmak, netijeli söwda-ykdysady giňişlikleri döretmek, üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak wezipeleri forumyň möhüm çözgüdine öwrüldi.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ýurdumyzy ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça üstaşyr ulag geçiriji merkeze öwürmek, bu ugurda iri maýa goýumlary çekmek, onuň ygtybarly binýadyny döretmek barada nygtalýar. 

                                                                   

Sergide goýlan diwarlyklar ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiliginiň kuwwatlyklaryny açyp görkezdi. Bu bolsa olary synlanlarda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine bolan gyzyklanmany döretdi. Maslahat we sergi tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna baryp gördüler, şeýle hem paýtagtymyzyň Halkara howa menzili boýunça gezelenç etdiler, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň ägirt kuwwatlyklary bilen tanyşdylar. Munuň özi Türkmenistan Watanymyzda Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ulag-logistika ulgamynyň dünýäde we sebitde uly ähmiýetli rowaç menzilleriniň anyk subutnamasydyr.

08.05.2023
Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Aşgabat, 4-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz sahawatly türkmen topragynda myhmany mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady hem-de bütin dünýäde futboly ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň dekabr aýynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň birine tomaşa edýän wagtynda bolan duşuşygy we şonda Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygyň kabul edilendigini ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz dünýä futboluny ösdürmekde FIFA-nyň eýeleýän uly ornuny belläp, Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de sportuň meşhur, hemmeleriň söýýän bu görnüşini giňden ýaýratmak üçin halkara derejede tagallalaryň birleşdirilmegine uly ähmiýet berýändigini aýratyn nygtady.  

                                                                   

FIFA-nyň ýolbaşçysy, ilki bilen, hormatly Prezidentimize ajaýyp Türkmenistana gelmäge çakylygy üçin hem-de duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi, mähirli garşylanandygy, sportuň, bedenterbiýäniň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaran Türkmenistanyň gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga döreden mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Men Aşgabatda bolýandygyma şatdyryn hem-de şäheriň bagy-bossanlyga bürenen keşbine haýran galdym diýip, Janni Infantino ak mermerli paýtagtymyzyň özünde galdyran täsirlerini beýan etdi. Adam, onuň saglygy we abadançylygy baradaky alada hem söýgä ýugrulan şunuň ýaly ajaýyp ýurtda sport, esasan-da, futbol hökman ösdüriler. Ýokary depginli senagat ösüşiniň häzirki zamanynda adam saglygyny berkitmekde sportuň orny ähli döwürdäkiden has ýokarlandy we Siziň ýurduňyzda munuň üçin ähli şertler döredilipdir diýip, myhman sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz bilen söhbetdeşlikde FIFA-nyň ýolbaşçysy şu duşuşygyň Merkezi Aziýada örän iri Olimpiýa stadionynda geçirilmegine hut özüne we futbola bildirilýän aýratyn sarpanyň nyşany hökmünde baha berýändigini aýtdy. 

                                                                   

Biz Siziň şu gezekki saparyňyza Türkmenistanyň futbol taryhynda möhüm waka hökmünde garaýarys. Siziň Aşgabatda bolýan mahalyňyzda milli Futbol federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşmaga hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, ýurdumyzyň sport düzümleri bilen tanyşmaga mümkinçiligiňiz bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu saparyň jemleriniň FIFA bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine, Türkmenistanda futbolyň wagyz edilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Sport adamyň diňe bir beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny şertlendirmän, eýsem, halklary ýakynlaşdyrýan, jebisleşdirýän güýçdür, Türkmenistanda ussat türgenleriň sany ýylsaýyn artýar, dünýä talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan häzirki zaman sport desgalary gurulýar. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýanlaryň sany köpelýär hem-de dünýä, sebit derejesinde sport ýaryşlary guralýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen möhüm başlangyçlaryň netijesinde ýurdumyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk iri ugurdaş desgalar bina edildi. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesini görkezmek bolar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda futboly ösdürmegiň esasy tapgyrlary barada gürrüň bermek bilen, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 1992-nji ýylda döredilendigini aýtdy. Şol ýylda hem Türkmenistanyň milli ýokary ligasynyň oýunlary, Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşlar geçirilip başlandy. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA-nyň we Aziýa futbol konfederasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. 1994-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çykdy hem-de ýygyndy toparymyz 1995-nji ýyldan bäri futbol boýunça her ýyl geçirilýän halkara ýaryşlara gatnaşýar. 

                                                                   

“Aziýa Kubogy — 2022” atly abraýly halkara ýaryşda Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndy toparynyň (23 ýaşa çenli) üstünlikli çykyş edip, bu bäsleşigiň çärýek finalyna çykandygy bellenildi. 

 Ýurdumyzyň futbol toparlary baradaky maglumatlar myhmanda uly gyzyklanma döretdi. 

                                                                   

 Türkmenistanyň AFK-nyň hem-de FIFA-nyň agzalygyna girmegi hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy çagalar futbolynyň ösdürilmegine hem uly üns berýär. Netijede, 2000-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň işjeň gatnaşmagynda hem-de ÝUNISEF-niň FIFA bilen bilelikde guramagynda “Grassroots” futbol festiwaly geçirilýär. Yzygiderli esasda guralýan şeýle festiwallar dürli ýaşdaky futbolçylary özüne çekýär. 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasy hem-de Günbatar Aziýa Futbol federasiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. 

                                                                   

Her ýyl Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA bilen bilelikde ýurdumyzda futbol hem-de kiçi futbol boýunça eminleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin halkara okuw maslahatlaryny geçirýär, onuň jemleri boýunça synaglary üstünlikli geçen eminlere halkara derejeli emin derejesi berilýär. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda myhmana Aşgabadyň golaýynda häzirki zaman sport desgalaryny özünde jemleýän täze Arkadag şäheriniň gurulýandygy barada habar berildi. Şeýle hem ýakynda milli çempionatda üstünlikli çykyş edýän adybir futbol toparynyň döredilendigi bellenildi. 

                                                                   

Biz FIFA-nyň tutuş dünýäde hem-de ýurdumyzda futboly mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başlangyçlaryny, tekliplerini goldamaga taýýardyrys. Öz tarapymyzdan halkara futbol ýaryşlaryny, türgenleşiklerini we ýoldaşlyk duşuşyklaryny guramak üçin Türkmenistanyň sport düzümlerini ulanmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda myhman hormatly Prezidentimize FIFA-nyň ýörite futbol lybasyny hem-de resmi topuny, FIFA-nyň ýörite nyşanyny ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurdy. 

                                                                   

Sport ulgamynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ygrarlydygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti ýurtda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek ugrunda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyna ýokary baha berdi. 

                                                                   

 Soňra myhman döwlet Baştutanymyzy özi bilen gelen wekilçilikli toparyň agzalary bilen tanyşdyrdy. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmanlary duşuşyga gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hut Olimpiýa şäherçesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilendigini we munuň ýaryşyň guramaçylary, türkmen türgenleri üçin jogapkärli synag bolandygyny aýtdy. 

                                                                   

FIFA-nyň ýolbaşçysy bu ýerde ýerleşdirilen eksponatlar bilen tanşyp, “Aziada — 2017-niň” nyşanlary bilen aýratyn gyzyklandy. Mälim bolşy ýaly, diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan bu ýaryşlaryň nyşany Wepaly atly alabaý boldy. Alabaýlar güýji, kuwwaty, wepalylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de bu ýaryşyň ähmiýetli nyşany hökmünde tumar saýlanyp alyndy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasy sportuň 21 görnüşine çenli giňeldildi. Munuň özi sportuň türkmen halkyna mahsus görnüşleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz myhmanlar bilen Olimpiýa şäherçesindäki köpugurly Olimpiýa stadionyny synlady. Stadionyň gurluş aýratynlyklary, onuň enjamlaşdyrylyşy, ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän futbol meýdançasy wekiliýetiň agzalarynda uly täsir galdyrdy. Türgenleşikleri geçirmek, halkara ýaryşlary guramak, türgenleriň dynç almaklary we lukmançylyk gözegçiligi üçin döredilen şertlere ýokary baha berildi. 

                                                                   

Olimpiýa stadionynyň gümmezini bezeýän hem-de Aşgabat Aziadasynyň esasy nyşanyna öwrülen ägirt uly ahalteke bedewiniň uly göwrümli çeper keşbi myhmanlarda uly täsir galdyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň buýsanjy we milli baýlygy, ýurdumyzyň ähli ugurlarda depginli ösüşiniň nyşanydygyny aýratyn nygtady. Däbe görä, bedewiň boýnuna alaja daňylýar, täze, beýik işlere ak pata bermek üçin bolsa üzärlik ýakylýar. Bu däpler nesilden-nesle geçip gelip, häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär. 

                                                                   

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino ak mermerli Aşgabatda gurlan dünýä derejesindäki stadiona gelip görmegiň özi üçin garaşylmadyk sowgat bolandygyny belledi we şeýle gyzykly, netijeli gezelenjiň guralandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. 

 Türkmenistanda soňky ýyllarda gurlan sport desgalarynyň ähli ölçegler boýunça ýokary halkara standartlara laýyk gelmegi ýurduňyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýändigini görkezýär diýip, myhman nygtady hem-de bildirilen sylag-hormat, myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. 

                                                                   

Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti Janni Infantino saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanda futboly hem-de umumy maksatlarydyr wezipeleri nazara almak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

 Myhmanlar ýaşajyk futbolçylar bilen duşuşdylar, olar bilen gürrüňdeş boldular hem-de ýadygärlik surata düşdüler. 

                                                                   

Saparyň çäklerinde myhmanlar ady rowaýata öwrülen Polatly atly bedewiň heýkeliniň ýanyndan seleňläp görünýän, “döwlet ähmiýetli şäher” diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäherini synladylar. Häzirki zaman binagärliginiň we şäher gurluşygynyň ýokary ölçeglerine laýyklykda işlenip taýýarlanan hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän bu ägirt uly taslama “akylly” şäher konsepsiýasynyň çäklerinde hereket eder. Janni Infantino bu ýeriň ajaýyp tebigy şertleriniň bardygyny, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine jogapkärli çemeleşilýändigini, munuň futbol bilen meşgullanmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, geljekde bu ýerde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde bu merkezi gurmak barada çözgüdiň kabul edilendigini aýtmak gerek. Munuň özi ýurdumyzda futboly wagyz etmäge, FIFA hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Dünýäniň esasy futbol guramasynyň ýolbaşçysy we wekiliýetiň agzalary Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna hem baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlar üçin Türkmenistanda we daşary ýurtlarda meşhur bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy guraldy.

05.05.2023
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça dört aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. 

                                                                   

Hasabat döwründe maslahatlaryň ikisi geçirilip, olaryň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 12-si, şol sanda Konstitusion kanunlaryň 3-si we Mejlisiň kararlarynyň 26-sy kabul edildi. Hukuk namalarynyň hatarynda umumyhalk maslahatynda makullanan “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” we “Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlary bar. Hereket edýän kanunlary halkara ülňülere hem-de Konstitusion kanunlaryň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” we “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi, şeýle-de ýaşaýyş jaýlarynyň, gozgalmaýan emläge degişli başga desgalaryň paýly gurluşygy, şähergurluşyk işi, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak bilen bagly degişli kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 

                                                                   

Şunuň bilen bir hatarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen taýýarlanylan we kabul edilen, aýratyn döwlet ähmiýetli şäheriň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary milli kanunçylyga girizmek boýunça kanun taslamasy taýýarlanyp, häzirki wagtda bu mesele boýunça degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri öwrenilýär. Mejlisde döredilen iş toparlarynda kazyýet işi, adalat edaralary, raýat ýagdaýynyň namalary, harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy bilen baglanyşykly we başga-da birnäçe ugurlarda kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Halkara we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde dört aýyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça 20-den gowrak duşuşyk geçirildi. Milli parlamentariler ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 37-sine gatnaşdylar. Garalýan döwürde deputatlar birnäçe daşary ýurt döwletlerine iş saparlaryny amala aşyrdylar. Şeýle hem Mejlisiň wekiliýetiniň şu ýylyň 27-28-nji aprelinde Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň 12-nji plenar mejlisine gatnaşandygy barada habar berildi. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda deputatlaryň öňünde goýan wezipeleri hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 20-nji aprelinde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň maksatlaryny, many-mazmunyny giňden düşündirmek üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde parlamentarileriň çykyşlary guralýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmagyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlary aralygynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, dört aýyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,1 göterim artdy. 

                                                                   

Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 13,2 göterim ýokarlandy. 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 115,4 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 9,9 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 

                                                                   

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim artdy. Şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyklary alnyp baryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, alnyp barylmaly işleriň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ulgamlar boýunça, hususan-da, önümçilik ulgamy boýunça görkezijileri seljermegi, pudaklaryň bellenen meýilnamalary ýerine ýetirmekleri üçin netijeli çäreleri görmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. 

                                                                   

“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 102 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,8 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,6 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 101,4 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 106,4 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 107,6 göterim berjaý edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we tebigy gazyň, nebitiň çykarylyşyny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz pudaga maýa goýumlary çekmegiň, toplumyň önümçilik kärhanalarynyň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Umuman, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,6 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 105 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 100,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime deň boldy. Gök önümleri öndürmek boýunça 108,7 göterim, bugdaý ununy öndürmek boýunça 101,6 göterim ösüş gazanyldy. Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 214,8 göterim berjaý edildi. 

                                                                   

Şeýle-de wise-premýer maldarçylyk pudagyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, owlak-guzy almak boýunça meýilnamanyň 100,9 göterim, köşek almak boýunça meýilnamanyň 100,5 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi. Ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artmagynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101,3 göterime deň boldy. Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan suwaryş akabalarynda we şor suw akabalarynda arassalaýyş işleriniň geçirilendigi bellenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny, ekinlerden ýokary hasyl almak boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýer we suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmagyň, pudaga täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, suw hojalygyna degişli infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmagyň, oba hojalyk we azyk senagaty kärhanalarynyň kuwwatyny artdyrmagyň, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň häzirki döwrüň zerur talaby bolup durýandygyny nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän gurluşyk-senagat, energetika toplumynda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginde we paýtagtymyzyň häkimliginde şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Ýylyň başyndan bäri dört aýda gurluşyk-senagat toplumynda önümleri öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 108,1 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 110,9 göterime, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 116,3 göterime deň boldy. Ýanwar — aprel aýlarynda Energetika ministrligi önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 108,5 göterim berjaý etdi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 102,4 göterime deň boldy. 

                                                                   

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önümleri öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça bellenilen meýilnama 100,7 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlar boýunça meýilnama 108,1 göterim boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 119,3 göterim berjaý edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda Diýarymyzda gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny, şu ýyl ýurdumyz boýunça dürli maksatly binalaryň we desgalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi hem-de alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz senagat we gurluşyk toplumynyň kärhanalarynyň, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalary taslama kuwwatlyklaryna çykarmagyň möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda, dokma senagaty we telekeçilik ulgamlarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüşi 104,3 göterime, öndürilen önümleriň ösüşi bolsa 104,8 göterime deň boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 105,6 göterime, nah matalaryňky 114,8 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 102,1 göterime, gön önümleriniňki 117 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 109,7 göterim ýerine ýetirildi. 

                                                                   

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar — aprel aýlarynda birža söwdalarynyň 97-si geçirilip, 10 müň 192 şertnama hasaba alyndy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 138,5 göterime deň boldy, 4 sergi we 17 maslahat guraldy. 

                                                                   

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň dört aýynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 129,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 109,1 göterime deň boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny we söwda nokatlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmegiň, olaryň bahalaryny durnukly saklamagyň möhümdigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz dokma pudagyndaky alnyp barylýan işlere ünsi çekip, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň öndürýän önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, şol kärhanalary önümçilik-taslama kuwwatlyklaryna çykarmak, hususy ulgamda eksportyň möçberlerini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işleri dowam etdirmek babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda gözegçilik edýän ulgamlarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabat döwründe dürli çäreler, şol sanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, milli senenamamyzyň şanly senelerine, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşyna bagyşlanan çäreler guraldy, döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Daşary işler ministrligi bilen bilelikde köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça bilelikde işler alnyp baryldy. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde türkmen hünärmenleri daşary ýurtlara iş saparlaryny amala aşyrdylar. 

                                                                   

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Tehas uniwersitetiniň, “Metropoliten” sungat muzeýiniň (ABŞ) wekilleriniň hem-de türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmäge we rejelemäge bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi. Türkmen döwlet medeniýet institutynda bu ugurlar boýunça bilim alýan talyplar üçin Tehas uniwersitetiniň wekilleriniň okuw sapaklary guraldy. Türkmen suratkeşleri Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde Daşkent şäherinde geçiren Türki halklaryň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşdylar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri şekillendiriş we aktýorçylyk sungaty ulgamynda sylaglara mynasyp boldular. 26 — 29-njy aprel aralygynda Türkmenistanyň teatr sungatynyň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Milli drama teatrynyň “Milli teatr mekdebi” atly taslamasynyň çäklerinde okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. 

                                                                   

Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan dürli neşir önümlerini öndürmek boýunça meýilnama 112,6 göterim ýerine ýetirildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler we gazanylýan üstünlikler giňden şöhlelendirildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabat döwründe bilim ulgamyndaky özgertmeleriň çäklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, okuw kitaplary we gollanmalar neşir edildi. Mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp üstünlik gazandylar. Dürli bilim, döredijilik bäsleşikleri, halkara ylmy-amaly maslahatlar, olimpiadalar guramaçylykly geçirildi. Ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralary açyldy. 

                                                                   

Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, edebiýat agşamlary, beýleki çäreler guraldy. Russiýa Federasiýasynyň Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerine ylmy saparlar amala aşyrylyp, türkmen edebiýatyna we taryhyna dahylly golýazma çeşmeleriniň 20-siniň elektron nusgalary ýurdumyza getirildi. 

                                                                   

Hasabat döwründe keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen “Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem bu döwürde X türkmen-german forumy guramaçylykly geçirilip, daşary ýurtlaryň alym lukmanlary bilen tejribe alyşmak işi ýola goýuldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. 

                                                                   

Hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler has-da işjeňleşdirilip, halkara sport ýaryşlarynda 103 medal gazanyldy. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelän türgenlerimize hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşuryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri maksatnamalaýyn esasda dowam etdirmegi, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna sowgatlary gowşurmak dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy. 

                                                                   

Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew şu ýylyň dört aýynda ministrligiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabat döwründe Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini berjaý etmek maksady bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde pugtalandyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasyna we Katar Döwletine döwlet saparlaryny, Bahreýn Patyşalygyna resmi, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparlaryny amala aşyrdy. 

                                                                   

Şu ýylyň başyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe Respublikasynda we Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş sapary bilen boldy. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda sapar bilen boldy. Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe ýurduň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi. 

                                                                   

 Häzirki wagtda şu ýylda meýilleşdirilen halkara ähmiýetli çärelere taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

                                                                   

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugry bolup durýar. Hasabat döwründe Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň we Türkmen-koreý parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysynyň ýurdumyza saparlary amala aşyryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýäniň ähli ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda alnyp barylýandygyny belledi we bu işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 122,8 göterime deň boldy. Ulaglaryň ähli görnüşi arkaly ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini, degişlilikde, 103 we 106,2 göterime deň boldy. “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 103,3 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 121,8 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 299,3 göterime deň boldy. Hasabat döwründe “Airbus A330-200P2F” kysymly iki sany ýük uçary satyn alyndy we ulanyşa goýberildi. Ýük daşamalary amala aşyrmak üçin täze Aşgabat — Seul — Aşgabat, Aşgabat — Hanoý — Aşgabat ugurlary açyldy. “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 109,4 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 111,7 göterime deň boldy. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda alnyp barlan işler barada habar berildi. Şeýle hem hasabat döwründe logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan, türkmen-özbek, türkmen-gazak, türkmen-rus, türkmen-hytaý bilelikdäki iş toparlary döredildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we kommunikasiýalar ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, halkara ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam etdirýändigini aýtdy. 

                                                                   

Ýurdumyzda şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde saklandy. Watanymyzyň ähli künjeginde köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar guruldy hem-de gurulmagy dowam etdirilýär. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz importyň ornuny tutýan harytlary özümizde öndürmäge çalyşýarys. Eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmagyň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etdirýäris, sanly ulgama geçmegi we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

 Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.05.2023
Geoykdysady giňişligiň kämil binýady

Ýurdumyzyň paýtagtynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň adamlaryň we harytlaryň ondan-oňa amatly geçirilmeginde hem-de durnukly ösüşi goldamakda, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde ähmiýeti iňňän uludyr. Häzirki döwürde emele getirilýän halkara ulag-üpjünçilik ulgamy ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertidir.  

                                                                   

Bu şerti döretmekde Türkmenistan uly işleri bitirýär. Türkmenistanyň ulag ulgamynda öňe sürýän oňyn teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Hormatly Prezidentimiziň maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýdylyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we teklipleri esasynda dünýä derejesinde ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmak babatynda ägirt uly işler edildi. Dünýä ähmiýetli möhüm Kararnamalaryň kabul edilmegi ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny has-da berkitdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag-üpjünçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan uly goşandy dünýä ykdysadyýetiniň meselelerine döwletimiziň täzeçe çemeleşýändiginiň subutnamasydyr. Bu çemeleşmeler iş ýüzünde tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşlerine-de oňyn täsirini ýetirýär. Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň alyp barmakda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary dünýä jemgyýetçiliginiň hem uly hormatyna mynasyp bolýar. Şu ýerde diňe bir demir ýol däl, awtoulag, deňiz, howa ýollarynyň gurnalyşy boýunça-da Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigi barada aýdyp geçsek artykmaçlyk etmese gerek. Halkara polat ýollaryň, howa menzilleriniň birnäçesi guruldy we hereket edýär. Halkara Türkmenbaşy deňiz portunyň dünýä ähmiýeti has uludyr. Munuň özi ýurdumyzyň ulag pudagyny ösdürmegiň milli strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly üns berilýändiginiň subutnamasydyr.  

                                                                   

Durmuşa geçirilen işler sanardan köp. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Merkezi Aziýada nusgalyk awtoulag ýolunyň gurluşygynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagyň teklip edilendigini ýatlamak örän ýakymlydyr. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa we Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlaryň awtory hem biziň ýurdumyzdyr. Halklar we döwletler üçin abadançylygyň täze belentliklerine tarap äkidýän bu işler tutuş adamzat üçin bähbitlidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Durnuky ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnama hem biragyzdan kabul edildi. Bu buýsandyryjy resminamanyň awtordaşlary hökmünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň köpüsiniň, şeýle hem Ýewropa, Latyn Amerikasy we Afrika ýurtlarynyň çykyş etmegi Türkmenistanyň abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.  

                                                                   

Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmeginde hem Türkmenistanyň çäginde bitirilen işleriň ähmiýeti örän uludyr. Amyderýanyň üstünden gurlan demirýol we awtomobil köprüleri diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä döwletlerine barýan ýollarda ygtybarly geçelge saýylýar. Geljekde ulag pudagyny ösdürmegiň milli strategiýasyna laýyklykda ýurdumyzyň çäginde gurulýan ýokary tizlikli awtomobil ýollary özara birleşdirilip, Hazardaky deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder. Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogaz kölüniň üstünden geçýän köpriniň gurulmagy bilen iki ýurduň arasyndaky ulag hem-de söwda hyzmatdaşlygy has-da öser, ýük dolanyşygy ýokarlanar. Türkmenistany, Eýrany, Yragy we Türkiýäni birleşdirjek Gündogar — Günbatar ulag geçelgesiniň işe girizilmegi bolsa bu ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklara täze bir öwüşgin berer, olaryň ykdysady peýdalarynyň artmagyna getirer.  

                                                                   

Garaşsyz ýurdumyzyň ulag ulgamynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly özgerişlikler bolup geçýär. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň önümçilik mümkinçilikleri has giňeýär. Täze awtomenzilleriň uly topary, şol sanda Türkmenabatda hem döwrebap awtomenzil ýolagçylara hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamy ösüşiň täze derejelerini külterleýär.  

                                                                                                           

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,

                       

žurnalist.

05.05.2023
Aşgabatda halkara ulag forumy öz işine başlady

Şu gün — 3-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik gulluklarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdy.  

                                                                   

Asylly däbe görä, açylyş dabarasy aýdym-sazly dabara bilen utgaşdy. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bu çäräniň ýurdumyzyň köpugurly halkara üstaşyr ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak başlangyçlaryny goldamaga, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirilýär. 

 Soňra foruma gatnaşyjylar Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gözden geçirilişi synladylar. Bu ýerdäki diwarlyklarda ulag-logistika pudagynda uly tejribe toplan milli düzümleriň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýeten sepgitleri görkezilýär. Halkara foruma olaryň 150-den gowragy gatnaşýar. 

                                                                   

Günüň ikinji ýarymynda halkara maslahat öz işine başlar. Oňa Hökümet wekilleri, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, logistika guramalarynyň we iri halkara maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, degişli ugurda ýöriteleşen agentlikleriň, assosiasiýalaryň we birleşmeleriň, ylmy-taslama edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşar. Maslahatyň deslapky meýilnamasyna degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, logistika arkaly söwda dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri, häzirki zaman ykdysadyýetinde ulagyň we logistikanyň özara arabaglanyşygy, sanlylaşdyrma, innowasion tehnologiýalar ýaly meseleler girizildi. Forumyň işi iki gün dowam eder.

03.05.2023
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

 Hormatly adamlar! 

                                                                   

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahatyň we serginiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu çäräniň ýurdumyzyň köpugurly halkara üstaşyr ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak başlangyçlaryny goldamaga, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine berk ynanýaryn. 

                                                                   

 Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! 

                                                                   

Türkmenistanyň ulag ulgamynda öňe sürýän oňyn teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy sessiýasynda öňe süren teklipleri esasynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnamalar kabul edildi. Şeýle hem 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde «Koronawirus keseliniň (СOVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşiniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny has-da berkitdi. 

                                                                   

Geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen, eziz Watanymyz yklymlary birleşdirýän örän möhüm merkezleriň birine öwrülýär. Türkmenistan ulaglaryň ähli görnüşini ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzy esasy üstaşyr ulag geçiriji merkeze öwürmek, täze geçelgeleri, ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmek maksady bilen, iri maýa goýumlary çekmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

 Türkmenistanda howa gämileriniň we Halkara howa menzilleriniň sany artdyrylyp, halkara howa gatnawlarynyň köpelmegi üçin şertler döredilýär. Milli demir ýol ulgamy goňşy ýurtlaryň demir ýol ulgamlaryna birikdirilip, bu ugurda aragatnaşygyň üznüksiz bolmagy üpjün edilýär. Ýurdumyzda demir ýol üpjünçilik ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimiz Hazar deňziniň üsti bilen halkara gatnawlara işjeň gatnaşyp, suw ýollary arkaly açyk deňze çykyp bilýär. Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň gurulmagy milli deňiz flotuny giňeltmäge, ýükleriň möçberini, üstaşyr geçirilmegini artdyrmaga we daşary ýurt gämileri üçin hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga şertleri döretdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna birleşmegi goňşy Özbegistan Respublikasynyň ýük awtoulaglaryna Hazardaky deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder. Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogaz kölüniň üstünden geçýän köpriniň gurluşygy iki ýurduň arasyndaky ulag hem-de söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Geljekde Türkmenistany, Eýrany, Yragy we Türkiýäni birleşdirjek Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi işe giriziler. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesi boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesini döretmek meselesi hem sebitiň ähli döwletleriniň üns merkezinde durýar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda gol çekilen bäştaraplaýyn Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

 Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
 

                                                                   

Ýokary derejede geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahatyň we serginiň biziň gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösmegine, tutuş sebitde ulag üpjünçilik ulgamlarynyň ygtybarly binýadynyň döredilmegine uly itergi berjekdigine ynanýaryn. 

                                                                   

Sizi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralýan bu halkara maslahatyň we serginiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

03.05.2023
Ulag diplomatiýasy

Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy bir-biri bilen baglanyşykly bolan birnäçe ugry gurşap alýar. Üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmek babatda çäkdeş ýurtlar bilen ylalaşyklary baglaşmak, döwrebap awtomobil, demir ýollary gurmak, howa we deňiz-derýa gatnawlaryny döretmek, şol ýollardan üstaşyr ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň şertlerini ylalaşmak ýaly ugurlar olaryň bir bölegidir. Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeltmekde, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Baky Bitarap Türkmenistan halkara başlangyçlary, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça tutumlary Durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşykly durmuşa geçirýär. Türkmenistan tarapyndan halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, onuň häzirki zaman şertlerine görä hereket etmegini gazanmak boýunça öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 3-4-nji maýda Aşgabatda — Söwda-senagat edarasynda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri; özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahat we sergi bu ugurdaky işleriň dowamydyr. Maslahatyň meýilnamasyna halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, logistika arkaly söwdany artdyrmagyň mümkinçilikleri, häzirki zaman ykdysadyýetinde ulagyň we logistikanyň özara arabaglanyşygy, söwdada we logistikada sanlylaşdyrma, poçta hyzmatlarynyň döwrebap ugurlary, elektron söwda, ulag-logistika düzüminiň baglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny, innowasion tehnologiýalar, ulag we logistikada ylym-bilimiň orny ýaly meseleler girizildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz 28-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgeleriniň ygtybarlylygy üçin amatly şertleriň döredilmegi döwletimizi yklymlaýyn ugurlar boýunça möhüm transmilli ýollaryň merkezine öwürýändigini, ählumumy durnukly ösüşiň wajyp şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny bellemek bilen, çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.  

                                                                   

Türkmenistan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmegiň howpsuzlygyny kepillendirýär. Dünýä döwletleri öz ýüklerini we ýolagçylaryny gysga wagtda amatly geçirmek babatda Türkmenistanyň mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty bu ugurda işleriň has-da ilerlemegine itergi berýär. Ýurdumyzda höküm sürýän parahat ýagdaý, halkyň agzybirligi, berk berjaý edilýän ekologik talaplar dünýä döwletlerinde we iri kompaniýalarda özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly isleg döredýär.  

                                                                   

Ýol-ulag ulgamynyň köpugurly ösdürilmegi milli ykdysadyýeti ösdürmegiň aýrylmaz düzüm bölegidir. Arkadagly Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgelerini ygtybarlylandyrmak üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýurdumyzy yklymara ugurlar boýunça möhüm halkara geçelgä öwürmek bilen bagly tagallalary Prezident maksatnamasynda öz beýanyny tapýar. Ulag-kommunikasiýa ulgamynda demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli milli maksatnamalar we hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek, sebit we dünýä söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna itergi berjek täze geçelgeleri döretmek babatda meýilnamalar bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi nazarlaýar. 

                                                                   

Ulagyň we aragatnaşyk ulgamynyň elýeterli bolmagy bilen bilelikde, ýol-hereket kadalarynyň howpsuzlyk üpjünçiligiň ähmiýeti hem möhüm ähmiýetli bolup durýar. Şol bir wagtda, sebit we sebitara ulag-üstaşyr gatnaşyklarynyň çatryklarynyň we halkara geçelgeleriniň açylmagy ençeme yklym döwletleriniň açyk deňiz giňişliklerine çykmak mümkinçiliklerini artdyrmakda zerur şertleri döredýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen howa menzilleri, demir we awtomobil ýollary, köprüler, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýurdumyzyň üstünden Demirgazyk—Günorta we Gündogar—Günbatar ugurlary boýunça geçýän sebit hem-de sebitara ulag ugurlarynyň kemala gelmegine, giňemegine täsir edýär. Biziň ýurdumyz hem-de Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) we Lazurit ulag geçelgesi boýunça ýük akymlarynyň artdyrylmagy üçin çäk taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Bu taslamalar ýurdumyza sebitiň möhüm ulag halkasy derejesini pugtalandyrmaga, iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, goşmaça çäreleri yzygiderli amala aşyrmaga täze mümkinçilikleri açar. 

                                                                   

Sebit we halkara derejelerde goşulyşmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda dürli ýurtlaryň ulag torlaryny birleşdirýän çylşyrymly ulgam bolan üstaşyr ulag geçelgeleriniň uly ähmiýeti bardyr. Ulag-logistika ulgamy durnukly ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde tagallalary birleşdirmek ählumumy zerur wezipelerdir. Ine, ýurdumyzda geçirilýän şeýle halkara çäreler sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde, oňyn ugurlarynyň işlenip taýýarlanylmagynda, anyk teklipleri we döredijilikli başlangyçlary öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Goý, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasaty rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Züleýha ORAZOWA,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

03.05.2023
Işleri ileri kärhana

 Sahawatly topragymyzda öndürilýän oba hojalyk önümlerini ýokary hil derejesinde gaýtadan işläp, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini ilata ýetirmek babatda öňde goýlan anyk wezipeleri durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Marygallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmengala un we unaş önümleri kärhanasynda döwrebap işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen 2007-nji ýylda açylyp ulanmaga berlen, häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylan kärhanada gündelik isleg bildirilýän un we unaş önümleri öndürilip, ilata ýetirilýär.  

                                                                   

Kärhanada işleri şu günüň talaplaryna laýyk alyp barmakda ýolbaşçydan başlap ýönekeý işçä çenli hemmeler döredijilikli we sazlaşykly zähmet çekýärler. Netijede, önümçilik yzygiderli ilerleýär. Munuň şeýledigine Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu ýerde gazanylýan zähmet üstünlikleri hem şaýatlyk edýär. Kärhana boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde taýýarlanan unuň mukdary 9 müň 406 tonnadan aşypdyr. Şonuň 1 müň 254 tonnasynyň ýokary hilli un bolmagy buýsançly. Şeýle-de bu ýerde unaş ununyň 916 tonnasy taýýarlanyp, şondan 902 tonna unaş öndürilipdir. Çörek we çörek önümlerini öndürmekde gazanylan netijeler 306 tonna barabar bolupdyr.  

  Kärhanada unuň üç, unaşyň dokuz görnüşi öndürilip, şeýle önümler özüniň ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar. Bu önümler dürli agramly, göze gelüwli, owadan gaplara gaplanyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerine bökdençsiz ugradylýar.  

                                                                   

Halkyň islegini yzygiderli öwrenýän kärhana çörek bişirýän bölümleriň hem işini ýola goýdy. Indi Türkmengala, Ýolöten, Tagtabazar etraplarynda kärhananyň çörek bişirýän bölümleri hereket edýär. Şeýlelikde, şol etraplaryň ilatynyň gündelik gyzgyn çörek bilen üpjün edilmegine mynasyp goşant goşulýar.  

            

Surata düşüren Azym ŞEKEROW.

02.05.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 1-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri bilen bagly meselelere garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlarynda oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bugdaý meýdanlarynda ekine ösüş suwuny tutmak, ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Welaýatda gowaça ekişi tamamlanyp, gowaça meýdanlarynda gögeriş almak, ýekelemek, otag etmek hem-de hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň ilatymyzy gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda ýeralma, sogana we beýleki ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edilýär, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda, inženerçilik ulgamlarynda dowam edýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygy pudagy üçin örän möhüm bu möwsümi guramaçylykly geçirmegiň esasy talap bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häkime gowaça, bugdaýa, ýazlyk ekinlere edilýän ideg işleriniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy, olaryň depgininiň güýçlendirilmegi babatda birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obalarynyň, şäherçeleriniň, etraplardaky şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnama laýyklykda, şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, gowaça ekişi geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ilkinji hatarara bejergi we otag etmek işleri dowam edýär. Bugdaýa ideg işleri bellenen möhletlerde, ýokary hilli geçirilýär. Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek boýunça meýilnamany berjaý etmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň ak ekin hem-de gowaça ekilen meýdanlarynda, ýeralma, sogana we beýleki ýazlyk ekinlere edilýän ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirmek hem-de bu işlere gözegçiligi üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

 Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. 

                                                                   

Hasabatda bellenilişi ýaly, möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly geçirilýär. Welaýatda gowaça ekişi tamamlanyp, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, şaly ekişine hem guramaçylykly girişildi. Mundan başga-da, welaýatyň bugdaý, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilýär, pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça ähli zerur çäreler görülýär. 

                                                                   

Häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişine ünsi çekdi hem-de bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmegiň, şaly ekişiniň bellenen möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de häkime şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi tamamlanyp, gögeriş alnan meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär. Pile öndürýän hojalyklarda ýüpek gurçuklaryna ideg işleri alnyp barylýar. 

                                                                   

Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatyň ak ekin meýdanlarynda, ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen ýerlerinde ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz häkime şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini hem-de pile öndürmek boýunça meýilnamanyň berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda gowaça ekişi tamamlanyp, gögeriş alnan meýdanlarda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Sebitde 2023-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli işler ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

Hasabatyň dowamynda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany doly berjaý etmek üçin görülýän çäreler barada habar berildi. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda, bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýdyp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlary mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär. Oba hojalygy pudagy üçin döwrebap tehnikalardyr gurallar yzygiderli satyn alynýar. Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, daýhanlar gowaça ekişini üstünlikli tamamladylar. 

                                                                   

Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak we ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşleriň garşysyna bioserişdeleri ulanmak, bugdaýyň keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça çäreler geçirilýär. Ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda pile öndürijiler tarapyndan degişli ideg işleri dowam etdirilýär. Häzirki wagtda Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda idedilýän ýüpek gurçuklary pile sarymyna durdular. 

                                                                   

Şeýle hem Daşoguz welaýatynda şaly ekişine girişilip, bu möwsümi bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bökdençsiz we guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de gowaça, bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi, pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagynyň gözegçilikde saklanylmagy babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli, toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde, agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegine gözegçiligi üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi hem-de olara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşygy hem-de türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriň her ýylky nobatdaky mejlisini geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine garaldy. 

                                                                   

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasyndaky “C5+1” görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde howpsuzlyk, ykdysady, energetika we howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlarydyr birek-biregi goldamagy işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. 

                                                                   

Saparyň çäklerinde ABŞ-nyň Döwlet departamentinde syýasy geňeşmeleriň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň meseleleri, hususan-da, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy. ABŞ-nyň kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen oňyn tejribesi nazara alnyp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin alnyp barylýan işleriň işjeňleşdirilmelidigi, şunda öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň we innowasion çemeleşmeleriň esasy ugur bolmalydygy bellenildi. 

                                                                   

Daşky gurşawy goramak ulgamynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleriň hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Glazgo şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 26-njy mejlisinde öňe süren teklipleri esasynda alnyp baryljakdygy bellenildi. Syýasy geňeşmeleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetiniň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 

                                                                   

Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň energetika meseleleri boýunça kömekçisi, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory hem-de bu geňeşiň agzalary bolan amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, Smithsonian institutynyň Aziýa sungaty milli muzeýiniň müdiri bilen duşuşyklary geçirdiler. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny”, gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek üçin teklipleri, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda guraljak dürli derejedäki saparlaryň Çarçuwaly meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipler hödürlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny amala aşyryp, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklara hemişe açykdygyny belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Ol soňky ýyllarda täze many-mazmuna eýe boldy. Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy giň ugurlary öz gerimine almak bilen, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu ugurda bilelikdäki işewürlik geňeşine aýratyn orun degişlidir. Ol özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda uly tejribe toplanandygyny hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýeterlik kuwwatyň bardygyny aýdyp, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow ýurdumyzyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 25 — 28-nji aprelinde türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. 

                                                                   

Saparyň dowamynda bu ýurduň iri ykdysady guramalarynyň biri bolan German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagynda Germaniýada Türkmen-german ykdysady forumyny geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Agzalan forumy ýokary derejede taýýarlamak üçin sanly ulgam arkaly üç sany mowzuklaýyn okuw maslahatyny geçirmek boýunça teklipler alşyldy. 

                                                                   

Şeýle hem saparyň çäklerinde Germaniýanyň “Claas” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda german tarapynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, tehnologiýalar, innowasiýalar, maýa goýum, sanly tehnologiýalar we “ýaşyl” ykdysadyýet ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi. 

                                                                   

Mundan başga-da, Germaniýa iş saparynyň dowamynda suw hojalyk ulgamynda ýöriteleşen “Wilo” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi. Onda german tarapynyň Türkmenistan bilen ygtybarly we giň gerimli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigi aýratyn nygtaldy. 

                                                                   

Halkara maliýe we bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen wekiliýeti 27-28-nji aprelde Germaniýanyň “Deutsche Bank AG” we “Commerzbank AG” banklarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpugurly häsiýete eýedigini hem-de okgunly ösdürilýändigini nygtady. Syýasy-diplomatik ulgamda barha ösdürilýän oňyn gatnaşyklar, ýylsaýyn pugtalandyrylýan özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, medeni-ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr. 

                                                                   

Bar bolan kuwwatlyklar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek, geljegi uly täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, häzirki ýagdaýlara laýyklykda, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmegine ýardam berýän ugurdaş döwlet hem-de işewürlik düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, bilelikdäki ykdysady forumyň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, türkmen-german hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimize nobatdaky zähmet rugsadyna çykmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz haýyşy kanagatlandyryp, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmegiň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň üstüne ýüklenýändigini aýtdy.

02.05.2023
Önümçiligiň gerimi giňelýär

Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini barha ilerleýär. Diýarymyzda täze oba-şäherler, şäherçeler döredilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, dürli desgalary, ýollary gurmak üçin peýdalanylýan, importyň ornuny tutýan gurluşyk önümlerine bolan islegi has-da artdyrýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Erjel-Begenç» hususy kärhanasy örtgi plitalaryň täze önümçiligini ýola goýdy. Döwrebap kärhana mermer tehnologiýasy esasynda işlenilip taýýarlanylýan ýanýoda we ýoljähek üçin niýetlenen bezeg panelleriniň giň toplumyny müşderilere hödürleýär. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän hususy kärhana 2011-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň önümhanasy Russiýanyň we Eýranyň betondan emeli mermer we granit önümlerini öndürmäge ukyply bolan, dünýä ülňülerine gabat gelýän enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu bolsa kärhananyň agzybir işgärlerine önjeýli zähmet çekip, her ýylda 20 müň inedördül metrden gowrak plitalary we 17 müň metrden gowrak ýol gyralaryna goýulýan daşlary öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bu kärhana dürli howa şertlerine çydamly, hili babatda daşary ýurt kompaniýalarynda öndürilýän önümlerden pes bolmadyk, bahalary elýeterli, asylky durkuny uzak wagtlap saklaýan, dörtburç şekilli daşlaryň 20-ä golaý, diwar bezeg plitalarynyň 20-den gowrak, ýanýoda bezeg panelleriniň 30-dan gowrak görnüşini, awtomagistral ýollara, ýanýodalara düşelýän bort daşlarynyň 6, bardýurlaryň 15 görnüşini öndürýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda kärhananyň önümlerine Arkadag şäheriniň gurluşygynda, paýtagtymyzyň demir ýol menzilinde, Gurbansoltan eje köçesiniň ugrunda, Türkmenabat şäheriniň esasy köçelerinde, şeýle-de Änew şäherindäki medeni-dynç alyş seýilgähinde gabat gelmek bolýar. Kärhana buýurmalara we isleglere laýyklykda, ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki binalaryň diwarlarynyň, ýanýodalaryň, köçeleriň gurluşygynda peýdalanylýan, dürli reňkli nagyşlar bilen bezelen plitalary hödürleýär. Ýakyn geljekde bolsa betondan elektrik toguny geçiriji simleriň sütünleriniň önümçiligini ýola goýmak, importyň ornuny tutýan önümleriň möçberini we görnüşini has-da artdyryp, olary daşary ýurtlara eksport etmek hem meýilleşdirilýär.  

                                                                                                           

Batyr KULIÝEW.

                       

«Türkmenistan».

02.05.2023