Ulag diplomatiýasy

Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy bir-biri bilen baglanyşykly bolan birnäçe ugry gurşap alýar. Üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmek babatda çäkdeş ýurtlar bilen ylalaşyklary baglaşmak, döwrebap awtomobil, demir ýollary gurmak, howa we deňiz-derýa gatnawlaryny döretmek, şol ýollardan üstaşyr ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň şertlerini ylalaşmak ýaly ugurlar olaryň bir bölegidir. Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeltmekde, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Baky Bitarap Türkmenistan halkara başlangyçlary, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça tutumlary Durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşykly durmuşa geçirýär. Türkmenistan tarapyndan halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, onuň häzirki zaman şertlerine görä hereket etmegini gazanmak boýunça öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 3-4-nji maýda Aşgabatda — Söwda-senagat edarasynda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri; özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahat we sergi bu ugurdaky işleriň dowamydyr. Maslahatyň meýilnamasyna halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, logistika arkaly söwdany artdyrmagyň mümkinçilikleri, häzirki zaman ykdysadyýetinde ulagyň we logistikanyň özara arabaglanyşygy, söwdada we logistikada sanlylaşdyrma, poçta hyzmatlarynyň döwrebap ugurlary, elektron söwda, ulag-logistika düzüminiň baglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny, innowasion tehnologiýalar, ulag we logistikada ylym-bilimiň orny ýaly meseleler girizildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz 28-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgeleriniň ygtybarlylygy üçin amatly şertleriň döredilmegi döwletimizi yklymlaýyn ugurlar boýunça möhüm transmilli ýollaryň merkezine öwürýändigini, ählumumy durnukly ösüşiň wajyp şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny bellemek bilen, çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.  

                                                                   

Türkmenistan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmegiň howpsuzlygyny kepillendirýär. Dünýä döwletleri öz ýüklerini we ýolagçylaryny gysga wagtda amatly geçirmek babatda Türkmenistanyň mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty bu ugurda işleriň has-da ilerlemegine itergi berýär. Ýurdumyzda höküm sürýän parahat ýagdaý, halkyň agzybirligi, berk berjaý edilýän ekologik talaplar dünýä döwletlerinde we iri kompaniýalarda özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly isleg döredýär.  

                                                                   

Ýol-ulag ulgamynyň köpugurly ösdürilmegi milli ykdysadyýeti ösdürmegiň aýrylmaz düzüm bölegidir. Arkadagly Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgelerini ygtybarlylandyrmak üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýurdumyzy yklymara ugurlar boýunça möhüm halkara geçelgä öwürmek bilen bagly tagallalary Prezident maksatnamasynda öz beýanyny tapýar. Ulag-kommunikasiýa ulgamynda demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli milli maksatnamalar we hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek, sebit we dünýä söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna itergi berjek täze geçelgeleri döretmek babatda meýilnamalar bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi nazarlaýar. 

                                                                   

Ulagyň we aragatnaşyk ulgamynyň elýeterli bolmagy bilen bilelikde, ýol-hereket kadalarynyň howpsuzlyk üpjünçiligiň ähmiýeti hem möhüm ähmiýetli bolup durýar. Şol bir wagtda, sebit we sebitara ulag-üstaşyr gatnaşyklarynyň çatryklarynyň we halkara geçelgeleriniň açylmagy ençeme yklym döwletleriniň açyk deňiz giňişliklerine çykmak mümkinçiliklerini artdyrmakda zerur şertleri döredýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen howa menzilleri, demir we awtomobil ýollary, köprüler, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýurdumyzyň üstünden Demirgazyk—Günorta we Gündogar—Günbatar ugurlary boýunça geçýän sebit hem-de sebitara ulag ugurlarynyň kemala gelmegine, giňemegine täsir edýär. Biziň ýurdumyz hem-de Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) we Lazurit ulag geçelgesi boýunça ýük akymlarynyň artdyrylmagy üçin çäk taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Bu taslamalar ýurdumyza sebitiň möhüm ulag halkasy derejesini pugtalandyrmaga, iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, goşmaça çäreleri yzygiderli amala aşyrmaga täze mümkinçilikleri açar. 

                                                                   

Sebit we halkara derejelerde goşulyşmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda dürli ýurtlaryň ulag torlaryny birleşdirýän çylşyrymly ulgam bolan üstaşyr ulag geçelgeleriniň uly ähmiýeti bardyr. Ulag-logistika ulgamy durnukly ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde tagallalary birleşdirmek ählumumy zerur wezipelerdir. Ine, ýurdumyzda geçirilýän şeýle halkara çäreler sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde, oňyn ugurlarynyň işlenip taýýarlanylmagynda, anyk teklipleri we döredijilikli başlangyçlary öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Goý, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasaty rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Züleýha ORAZOWA,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.