Geoykdysady giňişligiň kämil binýady

Ýurdumyzyň paýtagtynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň adamlaryň we harytlaryň ondan-oňa amatly geçirilmeginde hem-de durnukly ösüşi goldamakda, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde ähmiýeti iňňän uludyr. Häzirki döwürde emele getirilýän halkara ulag-üpjünçilik ulgamy ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertidir.  

                                                                   

Bu şerti döretmekde Türkmenistan uly işleri bitirýär. Türkmenistanyň ulag ulgamynda öňe sürýän oňyn teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Hormatly Prezidentimiziň maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýdylyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we teklipleri esasynda dünýä derejesinde ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmak babatynda ägirt uly işler edildi. Dünýä ähmiýetli möhüm Kararnamalaryň kabul edilmegi ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny has-da berkitdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag-üpjünçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan uly goşandy dünýä ykdysadyýetiniň meselelerine döwletimiziň täzeçe çemeleşýändiginiň subutnamasydyr. Bu çemeleşmeler iş ýüzünde tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşlerine-de oňyn täsirini ýetirýär. Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň alyp barmakda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary dünýä jemgyýetçiliginiň hem uly hormatyna mynasyp bolýar. Şu ýerde diňe bir demir ýol däl, awtoulag, deňiz, howa ýollarynyň gurnalyşy boýunça-da Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigi barada aýdyp geçsek artykmaçlyk etmese gerek. Halkara polat ýollaryň, howa menzilleriniň birnäçesi guruldy we hereket edýär. Halkara Türkmenbaşy deňiz portunyň dünýä ähmiýeti has uludyr. Munuň özi ýurdumyzyň ulag pudagyny ösdürmegiň milli strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly üns berilýändiginiň subutnamasydyr.  

                                                                   

Durmuşa geçirilen işler sanardan köp. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Merkezi Aziýada nusgalyk awtoulag ýolunyň gurluşygynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagyň teklip edilendigini ýatlamak örän ýakymlydyr. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa we Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlaryň awtory hem biziň ýurdumyzdyr. Halklar we döwletler üçin abadançylygyň täze belentliklerine tarap äkidýän bu işler tutuş adamzat üçin bähbitlidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Durnuky ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnama hem biragyzdan kabul edildi. Bu buýsandyryjy resminamanyň awtordaşlary hökmünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň köpüsiniň, şeýle hem Ýewropa, Latyn Amerikasy we Afrika ýurtlarynyň çykyş etmegi Türkmenistanyň abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.  

                                                                   

Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmeginde hem Türkmenistanyň çäginde bitirilen işleriň ähmiýeti örän uludyr. Amyderýanyň üstünden gurlan demirýol we awtomobil köprüleri diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä döwletlerine barýan ýollarda ygtybarly geçelge saýylýar. Geljekde ulag pudagyny ösdürmegiň milli strategiýasyna laýyklykda ýurdumyzyň çäginde gurulýan ýokary tizlikli awtomobil ýollary özara birleşdirilip, Hazardaky deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder. Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogaz kölüniň üstünden geçýän köpriniň gurulmagy bilen iki ýurduň arasyndaky ulag hem-de söwda hyzmatdaşlygy has-da öser, ýük dolanyşygy ýokarlanar. Türkmenistany, Eýrany, Yragy we Türkiýäni birleşdirjek Gündogar — Günbatar ulag geçelgesiniň işe girizilmegi bolsa bu ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklara täze bir öwüşgin berer, olaryň ykdysady peýdalarynyň artmagyna getirer.  

                                                                   

Garaşsyz ýurdumyzyň ulag ulgamynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly özgerişlikler bolup geçýär. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň önümçilik mümkinçilikleri has giňeýär. Täze awtomenzilleriň uly topary, şol sanda Türkmenabatda hem döwrebap awtomenzil ýolagçylara hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamy ösüşiň täze derejelerini külterleýär.  

                                                                                                           

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,

                       

žurnalist.