Gözellik nirede we nädip döreýär? Elbetde, irginsiz yhlas bilen zähmetiň birleşýän ýerinde. Ene-mamalarymyzdan miras galyp, ajaýyplykda we nepislikde sungatyň kämil derejesine ýetirilen türkmen haly we haly önümleri hem milliligi, nepisligi, durmuş wakalarynyň suratlandyrylyş aýratynlygy bilen düýpgöter tapawutlanýar. Olar häzirki wagtda zenanlarymyzyň yhlasly zähmeti, ýiti zehini esasynda has-da baýlaşdyrylýar. Bu günki gün dünýäniň çar künjeginde türkmen halylarynyň hyrydarlary barha artýar. Şunda hususy telekeçileriň alyp barýan işleri aýratyn öwgä mynasypdyr.
Türkmen işewürleri tarapyndan haly we haly önümlerini taýýarlamak boýunça täze önümçilikler döredilip, müşderileriň islegleri kanagatlandyrylýar. «Kümüş ýüpek» önümçilik kärhanasy hem bu ugurda eýýäm ýeterlik tejribe toplap, haly önümlerini sarp edijilere ýetirmekde döredijilikli iş alyp barýar. Häzirki günlerde kärhanada gyzgalaňly zähmet dowam edip, ezber elli dokmaçylar islendik ölçegli, dürli görnüşli, niýetleniş aýratynlygyna görä, halylary, halyçalardyr namazlyklary, horjunlary we beýleki haly önümlerini gysga wagtda dokap, müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmaga çalyşýarlar. Nepisligiň we gözelligiň sazlaşygynda milli nagyşlara beslenen halylar has-da owadan görünýär.
Kärhanada öndürilýän haly we haly önümleri bazarda bäsdeşlerinden düýpli aýratynlygyny görkezýär. Öz hünärine ussat zenanlaryň zähmeti netijesinde, saryja goýnuň ýüňünden we beýleki ekologik taýdan arassa çig mallardan peýdalanylyp, önümçiligi yzygiderli ýokarlandyrmak işleri alnyp barylýar. Sanly ulgamyň ösýän häzirki döwründe içerki sarp edijileriň islegini ýokary derejede kanagatlandyrmak maksady bilen, kärhananyň halydyr haly önümlerini internet arkaly onlaýn görnüşde sargyt etmek we eltip bermek hyzmatyndan peýdalanmaga hem mümkinçilik döredilen.
«Kümüş ýüpegiň» ajaýyp halylaryna dünýä bazarlarynda-da isleg artýar. Ussat dokmaçy gelin-gyzlaryň dokaýan halylary Ýaponiýa, Koreýa Respublikasyna, Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýä eksport edilýär. Ýakyn geljekde bolsa haly önümçilik kärhanasy öz önümlerini Ýewropa döwletlerine hem eksport etmegi meýilleşdirýär.
Jumageldi SALAMOW.
«Türkmenistan».