Rowaç menzilleriň maslahaty

3-4-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran, dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşan, paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi geçirildi. 

                                                                   

Halkara ulag-logistika ulgamyna döwrebap täzelikleri girizmek hem-de ornaşdyrmak, hyzmatdaşlygy utgaşykly görnüşde pugtalandyrmak, netijeli söwda-ykdysady giňişlikleri döretmek, üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak wezipeleri forumyň möhüm çözgüdine öwrüldi.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ýurdumyzy ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça üstaşyr ulag geçiriji merkeze öwürmek, bu ugurda iri maýa goýumlary çekmek, onuň ygtybarly binýadyny döretmek barada nygtalýar. 

                                                                   

Sergide goýlan diwarlyklar ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiliginiň kuwwatlyklaryny açyp görkezdi. Bu bolsa olary synlanlarda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine bolan gyzyklanmany döretdi. Maslahat we sergi tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna baryp gördüler, şeýle hem paýtagtymyzyň Halkara howa menzili boýunça gezelenç etdiler, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň ägirt kuwwatlyklary bilen tanyşdylar. Munuň özi Türkmenistan Watanymyzda Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ulag-logistika ulgamynyň dünýäde we sebitde uly ähmiýetli rowaç menzilleriniň anyk subutnamasydyr.