Sahawatly topragymyzda öndürilýän oba hojalyk önümlerini ýokary hil derejesinde gaýtadan işläp, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini ilata ýetirmek babatda öňde goýlan anyk wezipeleri durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Marygallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmengala un we unaş önümleri kärhanasynda döwrebap işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen 2007-nji ýylda açylyp ulanmaga berlen, häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylan kärhanada gündelik isleg bildirilýän un we unaş önümleri öndürilip, ilata ýetirilýär.
Kärhanada işleri şu günüň talaplaryna laýyk alyp barmakda ýolbaşçydan başlap ýönekeý işçä çenli hemmeler döredijilikli we sazlaşykly zähmet çekýärler. Netijede, önümçilik yzygiderli ilerleýär. Munuň şeýledigine Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu ýerde gazanylýan zähmet üstünlikleri hem şaýatlyk edýär. Kärhana boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde taýýarlanan unuň mukdary 9 müň 406 tonnadan aşypdyr. Şonuň 1 müň 254 tonnasynyň ýokary hilli un bolmagy buýsançly. Şeýle-de bu ýerde unaş ununyň 916 tonnasy taýýarlanyp, şondan 902 tonna unaş öndürilipdir. Çörek we çörek önümlerini öndürmekde gazanylan netijeler 306 tonna barabar bolupdyr.
Kärhanada unuň üç, unaşyň dokuz görnüşi öndürilip, şeýle önümler özüniň ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar. Bu önümler dürli agramly, göze gelüwli, owadan gaplara gaplanyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerine bökdençsiz ugradylýar.
Halkyň islegini yzygiderli öwrenýän kärhana çörek bişirýän bölümleriň hem işini ýola goýdy. Indi Türkmengala, Ýolöten, Tagtabazar etraplarynda kärhananyň çörek bişirýän bölümleri hereket edýär. Şeýlelikde, şol etraplaryň ilatynyň gündelik gyzgyn çörek bilen üpjün edilmegine mynasyp goşant goşulýar.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.