Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagyna möhüm ähmiýet berer. BSG-a goşulyşmagy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamynda erkin halkara söwdasynyň talaplaryna laýyk şertleri we özgertmeleri geçirmeli. Ykdysadyýetiň döwlete degşli böleginde işler erkin bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerine laýyk alnyp barylmagy üpjün etmeli. Bu işlere häzirden uly üns berip başlamaly.
Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi yzygiderli goldamak üçin dolandyryş ulgamynda we ýylsaýyn artýan ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösüşinde uly öňe gidişlikler gazanmaly. BSG-na agza ýurtlaryň ählisinde söwda, hyzmatlar we dürli önümçilikleriň gerimi hususy pudakda has hem artýar. Halkara söwdada hususyýetçileriň goşandyna möhüm ornuň berilýändigi sebäpli, BSG-agza ýurtlaryň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýynyň ykdysadýyetiň ähli ugurlarynda giňelýändigini bellemek bolar. Bu ýurtlarda önümçilikleri we dürli hyzmatlary amala aşyrýan pudaklarda düýpli hususylaşdyrmak we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýaly işler giň gerim bilen alnyp barylýar.
BSG-a agza bolup girmek meslesinde ilkinjileriň hatarynda ýurduň içerki önümçiligini ösüş derejesinde saklamak üçin onuň bäsleşgine ukyplylygyny ýokarlandyrmak wajyp bolup durýar. Önümçilik we hyzmat pudaklarda halkara derejesinde bäsleşige çydamlylygyny berkitmeli.
BSG-na agza bolmak bilen döwlete degişli önümçilik ulgamyň ýa-da hyzmatlaryň azalmagyna getirer diýip netije berip bolmaz, Ykdysadyýetiň döwlete degşli böleginde işler erkin bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerine laýyk açyklyk şertleriň berjaý edilmegi we bäsleşige ukyplylyk derejesiniň ýokarlandyrmagy olaryň halkara söwdasynda öňyn netije gazanmagyna mümkinçilik berer. BSG-nyň esasy bildirýän talaplary hem açyklyk ýörelgesiniň ähli ugurlarda berjaý edilmegi bolup durýar.
BSG-a goşulyşmak we onuň doly hukukly agzasy bolmak işi - tapgyrlaýyn we çylşyrymly, bu esasanam, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ykdysadyýetiň dolandyryş ulgamynda düýpli özgertmeleri geçirmegi talap edýär. Ykdysadyýetiň döwlete degşli pudagynda hünärmenleriň taýýarlygynyň ýokary derejede bolmagy gazanmak BSG-a goşulyşýan döwürde we agaz bolandan soňraky ýyllarda hem örän möhüm bolup durýar. Hünärmenleriň iňlis dilinde suwara (ykdysady, hukuk sözlügi giň bolmaly) gürläp bilmegi, halkara söwdanyň düzgünleri öwrenmek esasy meseleleriň biridir. BSG-a agza bolup girýän döwürde birnäçe gepleşikleriň geçirilmegi boýunça dürli ugurlardan (her bir pudak boýunça) hünärmenleriň taýýarlygyny üpjün etmek zerur hasaplanylýar.
Ýurduň ykdysady syýasatyny halkara söwdanyň kadalaryna laýyk getirmek bilen harytlar we hyzmatlar söwdasynyň açyklygy, şeýle hem intellektual eýeçilik hukuklarynyň goraglylygyny güýçlendirmek boýunça borçnamalarymyzy ýerine ýetirmek wajyp bolup durýar.
BSG-a goşulyşmak işi bu guramanyň birnäçe köptaraplaýyn şertnamalary bilen kesgitlenen halkara söwda düzgünlerine geçmegi hem-de söwda, maýa goýumlary we intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly kanunlary we düzgünleri, şeýle hem, söwda, pul-karz, salgyt, gümrük hem-de birnäçe pudaklaýn kanunçylyk namalaryna gaýtadan seretmeli bolar, olaryň ählisinde daşary söwda bilen bagly meseleleri BSG-nyň bildirýän talaplaryna doly laýyk getirilmegi esasy talap bolup durýar.
Bütindünýä söwda guramasyna, bazar ykdysadyýetli adaty ýagdaýdaky hukuk derejeli ýurt bilen deňeşdirilende birnäçe ýeňillikleri we artykmaçlyklary berýän ösüp barýan ýurt hukuk derejeli agza-döwlet bolup goşulyşmagy öňe sürmeli. Ösüp barýan ýurt hukuk derejesi bilen agza bolmagyň içerki önümçiligi belli bir derejede goramaga hem-de özgertmeleri dowamly geçirmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem, Bütindünýä söwda guramasyna “ösüp barýan ýurt” derejesi bilen girmegiň ähmiýeti ýurt üçin uly bolup durýar. Sebäbi ösüp barýan ýurt bolup BSG-a giriş döwründe käbir köptaraplaýyn şertnamalaryň düzgünlerini berjaý etmekde wagty yza süýşürmeklige, şol bir wagtda hem içerki bazar şertlerini we ykdysady mümkinçilikleri giňeltmäge mümkinçilik berýär. Şol sebäpli Türkmenistanyň “ösüp barýan ýurt statusy” bilen girmek meselesine aýratyn üns bermeli.
BSG-a goşulyşýan ýurtlara Guramanyň bildirýän talaplarynyň ýerine ýetiriljekdigi barada borçnamalary bermeli. Bu borçnamalar esasan hem nyrhlary (tarifleri) peseltmek, içerki bazary daşary ýurtlylar üçin açmak we belli bir standartlary kabul etmek we beýleki ykdysady-dolandyryş babatyndaky şertler bolup biler.
Beýleki döwletler bilen deňeşdirilende has oňaýly düzgüni emele getirmeli, ykdysadyýetde bäsleşige ukyplylgy ýokarlandyrmak boýunça çäreler toplumyny amala aşyrmaly (erkin ykdysady zolaklaryň ösdirilmegi, döwletimiziň çäginden üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi, salgyt ýeňillikleri arkaly). Ýerli önümçilikleriň daşary ýurtlaryň şol bir ugurdaky kärhanalary bilen bäsleşmäge ukyply bolmagyny gazanmaly. Bäsleşige çydamadyk kärhanalar (önümçilikler) üçin kynçylyklar ýüze çykar.
BSG-a agza bolmagyň talaplarynda, daşary ýurt maýa goýumlaryň ýurda erkin gelmegi we olar üçin pul-karz, salgyt, gümrük we beýleki dolandryş düzgünleriniň hem-de söwda babatynda amallaryň erkin ýeňil tertipde amala aşyrylmaga mümkinçilik döredilmegi wajyp bolup durýar. Ýurdumyzda içerki önümçiligiň bäsleşige ukuplylygny ýokarlandyrmak, maýa goýumlary çekmek üçin ýurdumyzda pul-karz syýasatyna düýpöter täzeden seredilmegi esasy wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Ýokarda agzalan çäreleriň amala aşyrylmagy içerki ykdysady mümkinçilikleri giňden açmaga we olary netijeli peýdalanmaga ýardam berer.
BSG-a goşulyşmagy bilen, ýurtlar üçin söwda babatynda mümkinçilikeri giňeldýär, ýagny:
dünýä bazaryna goşulyşmagyna giň şert döredýär: BSG-nyň agzalary birek-biregiň bazarlaryna girmegi kepillendirýär. Bu, goşulýan ýurtlardaky kärhanalaryň önümlerini we hyzmatlaryny has giň sarp edijilere satyp biljekdigini görkezýär;
söwda päsgelçiliklerini azaltmak bilen: BSG-nyň azalary nyrhlar we beýleki söwda päsgelçiliklerini (gümrük paçlar, aksizler we şm) azaltmaly bolýar. Bu öndürijiler üçin harytlary we hyzmatlaryň serhetden geçende söwda etmegini ýeňilleşdirýär we arzanlaşdyrýar. Bu hem ahyryky sarp ediji üçin harytlaryň köpdürliligine we olaryň bahalarynyň arzanlanmagyna şert döredýär;
belli bir düzgünlere we kadalara esaslanýan ulgam döredilen: bu hem her bir agza üçin BSG-nyň düzgünlerine esaslanýan söwda ulgamy üpjün edilýär. Bu söwda-da adalatlylygy we aç-açanlygy üpjün etmäge kömek edýär.
Häzirki wagtda BSG-nyň agzalygyna kabul edilen ýurtlaryň sany jemi 164 ýetdi. Olardan, ozalky SSSR-iň düzümine giren ýurtlardan BSG-nyň agzalygyna kabul edilen ýurtlaryň sany 11, häzirki wagtda BSG-na “goşulyşýan ýurt” derejesine eýe bolanlar 4 sany ýagny, Belarus, Özbegistan Respublikalary, Azerbaýjan we Türkmenistan. Bu ýurtlaryň BSG-a goşulyşmak prossesi has öňde barýar.
Şeýle hem sebit ýurtlaryndan BSG-a goşulyşýan ýurtlaryň içinde Eýran Yslam Respublikasyny belläp geçmek bolar.