Hyzmatlaryň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak ugrunda

Bank ulgamynyň depginli ösüşi islendik ýurtda-da ykdysady ösüşiň esasy şerti bolup durýar. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda bank işjeňligi yzygiderli ýokarlanýar. Ulgama sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň bank ulgamynyň işini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekýär we bu babatda ýerine ýetirilýän işleri üstünlikli dowam etdirmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrýar.

Pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin bank ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan iri söwda merkezlerinde hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň binalarynda bankomatlar, töleg terminallary oturdylýar. Zähmet haklaryny bank kartlary arkaly bermek tejribesi netijeli durmuşa ornaşdyrylýar. Durnukly sanly bank ulgamynyň emele gelmeginiň we dolandyryşyň kem-kemden elektron görnüşe geçmeginiň möhüm şerti hasaplanýan bank kartlary esasy töleg guraly hökmünde köpçülikleýin ulanylýar. 2023-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna görä, ýurdumyzda bank kartlarynyň umumy sanynda «Daýhanbank» DTB-niň we «Türkmenistan» DTB-niň bank kartlarynyň paýy 54,9 göterime barabardyr. Şu ýerde «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň işini-de aýratyn bellemek gerek. Onuň işläp taýýarlan QR-kodlarynyň kömegi bilen töleg usuly ykjam telefonlaryň eýelerine optiki nyşanlary göçürip, nagt däl görnüşde hem-de bank kartlary arkaly islendik harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Sanly ulgama geçmekde söwda toplumyna möhüm orun degişlidir. Häzir ýurdumyzda elektron söwdany ösdürmäge, ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamyň hem netijeli hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär. «Alyjylaryň hukuklary hakynda», «Söwda işi hakynda», «Internet ulgamyny ösdürmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek we Türkmenistanda internet hyzmatlaryny etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň Düzgünleri işlenip düzüldi we işe girizildi. Ol elektron söwdanyň işini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.

Sanlylaşdyrmak bank ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugrudyr. Çünki munuň özi hyzmatlary kämilleşdirmek hem-de olaryň görnüşini giňeltmek arkaly ulgamy özgertmäge ýardam edýär. Bu ugurda amala aşyrylýan işler maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, işewürlik işjeňliginiň höweslendirilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň karz edaralarynda müşderiler bilen özara gatnaşyklary ösdürmekde döwrebap sanly mümkinçiliklerden yzygiderli peýdalanylýar. Bu edaralar müşderilere toplumlaýyn hyzmat etmegiň döwrebap usullaryny ulanmak arkaly bank işini döwrüň ösýän talaplaryna laýyklykda guraýar. Täze tehnologiýalary bank işewürligine girizmekde maglumatlary goramagyň usullaryny kämilleşdirmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy dürli amallar geçirilende harajatlary azaltmaga, müşderilere hyzmat etmegiň usullaryny has-da kämilleşdirmäge we bank ulgamynyň ykdysadyýetde tutýan ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär.

Maliýeleşdirmegiň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, maýalary dolandyryş we töwekgelçilikleri öňünden duýduryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, korporatiw dolandyryş ulgamyny kemala getirmek, telekeçilik ulgamyny kämilleşdirmek, banklaryň girdejisini we düşewündini artdyrmak möhüm ugurlar hasaplanýar. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Bu işler 2018 — 2024-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. Ol telekeçilik düzüminiň, salgyt ulgamynyň esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň, ýeňillikli karzlaryň ýönekeýleşdirilmeginde, telekeçiler üçin karzlary, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmegiň kadalarynyň ýeňilleşdirilmeginde öz beýanyny tapýar. Ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin oňa maýa goýum serişdeleriniň barha giňden çekilmegi oňyn netije berýär.

Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda we depginli ösüşini üpjün etmekde, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny gazanmakda bank ulgamynyň durnuklylygy örän wajypdyr. Ýurtda ykdysadyýetiň sazlaşykly hem-de yzygiderli ösüş depginleri ilatyň umumy iş bilen üpjünçiligini, girdejilerini ýokarlandyrmaga, nyrhlary emele getirmegiň durnuklylygyny makroykdysady taýdan deňleşdirmäge gönükdirilendir. «Elektron banking» düzüminiň ösmegi, nagt däl hasaplaşyklaryň mukdarynyň artmagy, banklaryň maýa serişdeleriniň köpelmegi, orta we kiçi telekeçiligi karzlaşdyrmagyň ýokarlanmagy hem-de bank serişdeleriniň täze görnüşleriniň hödürlenmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Soňky döwürde «Altyn asyr», «Milli kart», «Maşgala», «Goýum bank karty» ýaly kartlar dolanyşyga girizildi. «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg» ulgamlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň sany artdy. Häzirki wagtda karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary has-da ösdürmek, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, hödürlenýän hyzmatlary onlaýn tertipde amala aşyrmak, bank kartlary arkaly tölegleri geçirmek işleriniň gerimi giňeldilýär. Hususan-da, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlarynyň üsti bilen müşderiler banka barmazdan, dünýäniň islendik künjeginden tölegleri amala aşyryp bilýärler. Mundan başga-da, olara internet arkaly menzilara bank hyzmatlary, bölek satuw we hyzmat ulgamynda QR-kod arkaly hasaplaşyklar hödürlenýär. Ýörite terminallaryň üsti bilen söwda we hyzmat ediş merkezlerinde satyn alnan harytlar, ýerine ýetirilen hyzmatlar, jemagat hyzmatlary (gaz, suw, elektrik energiýasy), Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň degişli hyzmatlary we beýlekiler üçin tölegler geçirilýär. Ilatyň «Visa» we «MasterCard» halkara töleg ulgamlaryndan peýdalanmagy pul dolanyşygynyň ösüşinde nobatdaky möhüm tapgyr boldy.

Şeýlelikde, hödürlenýän hyzmatlaryň tiz ýerine ýetirilmegi we elýeterli bolmagy bank bilen müşderiniň arasyndaky gatnaşygy hil taýdan täze derejä çykardy. Iň esasysy bolsa, makroykdysady görkezijilere laýyklykda, milli manadymyzyň daşary ýurt pullaryna gatnaşygynyň durnukly bolmagynda galýandygydyr.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.