Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 11-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen iş maslahatlarynyň geçirilendigini aýtdy. Şol maslahatlarda geçen ýylda edilen işleriň netijeleri düýpli we jikme-jik seljerildi hem-de ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça guramaçylyk çäreleri bellenildi.

Milli Liderimiz şu gün ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna, şeýle hem käbir beýleki meselelere garaljakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz, umuman, kanagatly netijeleriň gazanylandygyny aýdyp, işde heniz köp sanly çözülmedik meseleleriň bardygyny belledi. Şol meseleleriň üstünde netijeli işleri alyp barmak zerurdyr. Şu maksat bilen, döwlet maksatnamalary kabul edildi we degişli wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Milli Geňeşi döretmekden, pudaklary senagatlaşdyrmakdan, ylym-bilim ulgamlaryna, oba hojalyk, nebitgaz toplumlaryna, hukuk goraýjy edaralara we beýleki pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmakdan başlap, uly syýasy we ykdysady özgertmeler geçirilýär. Bu özgertmeleriň maksady ykdysadyýetimizi hil taýdan täze ýagdaýa geçirmekden, demokratik, dünýewi, hukuk döwleti hökmünde Türkmenistany bazar ykdysadyýetine durmuş taýdan gönükdirilen döwlet hökmünde ösdürmekden, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz döwlet dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Hökümetiň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesini girizmek, ony Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalygyna hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy.

Täze wise-premýeriň wezipesi döwlet we jemgyýetçilik gurluşynda, bilim hem-de saglygy goraýyş, maliýe-ykdysady ulgamlarda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary doly derejede ösdürmegi hem-de bu işlere gözegçiligi üpjün etmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamlary ykdysadyýetiň önümçilik we dolandyryş ulgamlaryna hem-de jemgyýetçilik durmuşyna ornaşdyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, gurluşyk pudagyny mysal getirdi. Bu pudakda köp sanly meseleler we kemçilikler bar. Ýöne bu kemçilikleri düzetmek boýunça hiç hili özgertmeler geçirilmeýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň binýadynda gurluşyklar boýunça ýeke-täk buýrujynyň gullugyny döretmek bilen, olaryň köpüsini çözüp boljakdygyny, beýleki ministrlikleri we pudak edaralaryny wezipesine mahsus bolmadyk işlerden boşadyp boljakdygyny aýtdy.

Gurluşyk pudagynda ýeke-täk döwlet buýrujysynyň döredilmegi, Döwlet býujetiniň düýpli maýa goýumlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu edara döwlet buýrujysynyň we desgalary gurujynyň wezipesini ýerine ýetirer. Şeýle hem gönüden-göni ýa-da beýleki taraplary çekmek bilen, tehniki buýrujynyň we gurluşyga gözegçiniň işini berjaý eder.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna gözegçilik etmek, bu işe ýardam bermek zerurdyr. Hökümetiň kömek bermegini we gözegçilik etmegini talap edýän ýene-de çözülmeli köp meseleler bar. Şonuň üçin hem milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesiniň girizilmeginiň häzirki döwürde döwletimiziň öňünde duran şol ägirt uly wezipeleri çözmäge kömek etjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy wezipelerine Serdar Berdimuhamedowy belläp, ony senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz täze wise-premýeriň esasy işiniň önümçiligiň ähli pudaklarynda, dolandyryşda we jemgyýetiň durmuşynda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary doly ösdürmegi hem-de ornaşdyrmagy üpjün etmekden ybaratdygyny aýdyp, oňa jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna hem-de häkimlere ýüzlenip, käbir ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky çözgütlerini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine B.Annamämmedowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy.

R.Çarygulyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden we Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Döwlet Baştutanymyz D.Täşliýewi Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Baş prokuroryň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz T.Mälikowy Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, degişli resminamalara gol çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Meredowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Ş.Abdrahmanowy belläp, ony Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz B.Atamanowy Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz P.Orazowy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine belläp, ony şol institutyň prorektory wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, wise-premýer Ş.Abdrahmanowa birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň işini gowulandyrmak üçin, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň, özara bähbitli şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň zerurdygyny aýtdy.

«Türkmennebit» döwlet konserni nebit ýataklaryny gözlemek, işläp geçmek babatda halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyr, täze açylan ýataklary özleşdirmäge we köne ýataklardan kynlyk bilen çykarylýan nebitiň galyndy gorlaryny çykarmaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmelidir.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gazy we gazhimiýa önümlerini ýerlemegiň bazarlarynyň gerimini giňeltmelidigini, täze halkara bazarlara çykmagyň logistik mümkinçiliklerini öwrenmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini güýçlendirip, onuň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Täze gazhimiýa toplumlarynyň durnukly ulanylmagyny we taslama kuwwatyna çykarylmagyny üpjün etmek, ýakyn geljekde gurmak göz öňünde tutulan tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlaryň taslamasyny düzmek we olary gurmak boýunça işleri çaltlandyrmak zerurdyr.

Wise-premýere ýokary tehnologiýaly önümçiliklerde, gaznebithimiýa toplumlarynda işlemek üçin ýokary hünär derejeli işgärleri we ýaş hünärmenleri taýýarlamagy üpjün etmek hem tabşyryldy.

Milli Liderimiz «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň nebitiň gorlaryny artdyrmak we täze nebitgaz ýataklaryny açmak babatda gözleg-barlag işlerine niýetlenen geologiýa-gözleg işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy barada aýdyp, hojalygy dolandyrmagyň we nebit önümlerini öndürmegiň täze usullaryny toplumlaýyn öwrenmegiň wajypdygyny belledi.

Nebithimiýa önümleriniň täze görnüşlerini öndürmegi ýola goýup, bu önümleri halkara bazarlara çykarmagyň ýollaryny we ugurlaryny giňeltmek zerurdyr. Şeýle hem önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy üpjün etmek, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, şonuň netijesinde bolsa şol önümleriň goşulan ýokary bahasyny artdyrmak möhümdir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy-barlag institutlarynyň gazananlaryny hem-de işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy tabşyryp, şol edaralaryň bu ugurda öňdebaryjy tejribäni we dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmelidigini nygtady. Şeýle hem ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak üçin, beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy pudaklaýyn ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerurdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz pensiýa gitmegi sebäpli, B.Amansaryýewi Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TDH-niň ýolbaşçysyna döwletimiziň öňünde uly hyzmatlary bitirendigi üçin minnetdarlyk bildirip, B.Amansaryýewi «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen orden bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy hem-de oňa berk jan saglyk we abadançylyk arzuw etdi.

Milli Liderimiz Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesine M.Gazakbaýewi belläp, ony «Watan» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatdy.

Döwlet habarlar agentliginiň başlygynyň orunbasary wezipesine S.Kakyşow bellenildi.

Milli Liderimiz T.Kakaýewany «Watan» gazetiniň baş redaktory wezipesine belledi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Döwlet habarlar agentliginiň işgärlerini ýygnap, B.Amansaryýewe mynasyp bolan döwlet sylagyny gowşurmagy hem-de ony pensiýa ugratmagy dabaraly ýagdaýda guramagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz B.Goçmollaýewi söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesine belläp, ony Ministrler Kabinetiniň bölüm müdiri wezipesinden boşatdy. S.Kuljanow bolsa «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin, M.Baýramdurdyýewi oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine A.Altyýewi belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa täze jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw edip, welaýatlaryň guramaçylyk meselelerine geçdi.

Hormatly Prezidentimiz başga işe geçmegi sebäpli, J.Geldymamedowany Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz bu wezipä A.Toporowany belläp, ony Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Şu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesine A.Orazowa bellenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz G.Annaýewi işde goýberen kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä D.Hojaýewi belledi we ony şol etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Işde goýberen kemçilikleri üçin, A.Gurbanow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu etrabyň häkimi wezipesine P.Orazow bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz D.Babaýewi işde goýberen kemçilikleri üçin, Babadaýhan etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Bu etrabyň häkimi wezipesine P.Işangulyýew bellenilip, ol Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Soňra Balkan welaýaty boýunça ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaldy.

Işde goýberen kemçilikleri üçin D.Ataýew Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Döwlet Baştutanymyz bu wezipä J.Annaýewi belläp, ony oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Başga işe geçmegi sebäpli, O.Gurbangulyýew Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä A.Arazmämmedowa bellenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, S.Sähetowy Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä N.Hojamowany belledi.

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýaty boýunça ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselelere geçip, G.Akyýewi işde goýberen kemçilikleri üçin, Görogly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä Ş.Annaýewi belledi.

Şeýle hem işde goýberen kemçilikleri üçin, D.Baýdakow Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä K.Baýramgeldiýew bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, Lebap welaýaty boýunça ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselä geçdi.

Başga işe geçmegi sebäpli, M.Durdyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy, bu wezipä J.Geldymamedowa bellenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow J.Maşaripowy işde goýberen kemçilikleri üçin, Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Bu wezipä A.Rozyýew bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz B.Gylyjowy işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwletli etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Bu wezipä E.Açylow bellenilip, ol şol etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Mary welaýaty boýunça ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakyndaky meselä geçip, M.Gurbanmuhammedowy işde goýberen kemçilikleri üçin, Garagum etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Bu wezipä B.Ballyýew bellenildi.

Başga işe geçmegi sebäpli, G.Atanow Baýramaly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä M.Nurklyçewa bellenildi.

Şeýle hem başga işe geçmegi sebäpli, A.Seýitliýew Oguzhan etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä A.Akmyradowa bellenildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Milli Liderimiz mejlisiň jemini jemläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýerlerde ýygnaklary geçirip, wezipä täze bellenen ýolbaşçylary tanyşdyrmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20615?type=feed

12.02.2021
Ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüş üpjün edilýär. Şeýle-de bu Maksatnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde täze desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ulag ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara gatnaşyklarynda ulag boýunça hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykarmaga ýardam edýär.

Ulag ulgamynda halkymyza hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda sanly tehnologiýalara wajyp orun degişlidir. Şonuň netijesinde ulaglaryň ähli görnüşlerinde petekleri almaga, Internet saýtlarynyň kömegi bilen otlularyň, uçarlaryň we awtobuslaryň gatnaw ugurlaryny, wagtlaryny anyklamaga, hyzmatlaryň sanawyny görmäge mümkinçilik döredildi. Gurluşygy ýokary depginler bilen dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat awtobany möhüm ähmiýete eýe bolar.

Ulaglarda ýükleri daşamak, ýolagçylary gatnatmak we ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça işlere hem uly ähmiýet berilýär. Harytlary öndürijilerden sarp edijilere ýetirmekde ulaglaryň ähmiýeti uludyr. Olardan demir ýol ulaglary ýükleri daşamakda ulaglaryň amatly görnüşidir.

Awtoulaglaryň hem ýük daşamakda paýy uludyr. Ýakyn aralyklara ýükleri daşamak üçin awtoulaglaryň ulanylmagy netijelidir. Ýurdumyzyň awtoulag ýollary halkara ülňülerine laýyk getirilýär we olaryň uzynlygy yzygiderli artdyrylýar. Ulaglaryň görnüşleri boýunça edilýän hyzmatlaryň möçberiniň yzygiderli artmagy ulag ulgamynyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Ulag ulgamynyň hyzmatlarynyň görnüşlerini köpeltmek, hilini ýokarlandyrmak wajyp wezipedir.

Ulag ulgamynda işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Ogulnäzik MEREDOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň dosenti, ykdysady ylymlaryň kandidaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20553

12.02.2021
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Parasatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we olary yzygiderli ösdürmek hem-de kämilleşdirmek arkaly giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda bu ugurda kabul edilen Konsepsiýalarda we maksatnamada hem milli ykdysadyýetimize sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň, maksady, wezipeleri we olary amala aşyrmagyň ugurlary, şeýle-de ösen maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň häzirki ýagdaýy aýdyň beýan edilýär.

Döwletimizde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, edara-kärhanalaryny we guramalaryny sanlylaşdyrmagyň baş maksady täze döwrebap sanly innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly sanlylaşdyrylmagy gazanmakdan, obalary we şäherleri sanly maglumat-aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binýadynda hem sanly ulgamy ösdürmek babatynda täze döwrebap ugurlaryň birnäçesi açyldy. Olar «Sanly ykdysadyýet», «Sanly ykdysadyýetde maliýe bazarlary we maliýe howpsuzlygy», «Ykdysady kibernetika» hem-de «Söwda we logistikada sanly tehnologiýalar» ýaly ugurlardyr. Ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy hem-de geljekde öz işlerine ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Institutymyzyň çäginde sanly bilim portalynyň döredilmegi we oňa professor-mugallymlaryň okadýan okuw dersleriniň maglumatlarynyň ýüklenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Sanly serişdeleriň ornaşdyrylmagy, döwrebap sanly bilim portalynyň herekete girizilmegi professor-mugallymlaryň mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy. Sanly bilimiň ösdürilmegine berilýän ünsüň barha güýçlendirilmegi, bu ugurda bilim alýan mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň durmuş tejribesiniň has-da baýlaşmagyna hem-de sanly ulgama uýgunlaşmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen, talyp ýaşlara okamaga, döretmäge we işlemäge döredip berýän giň mümkinçilikleri hem-de taýsyz goldawlary üçin hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Amanmyrat AŞYROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20589

12.02.2021
Öňde aýdyň wezipeler

Türkmenistan ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolmak bilen, iri energiýa serişdelerini öndüriji ýurt, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar, tebigy baýlyklaryny diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda nebitgaz toplumyny döwrebap ösdürmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde onuň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak bilen bagly giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Elbetde, bu işleriň rowaçlanmagy pudagyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine-de baglydyr.

Hormatly Prezidentimiz 2-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek bilen bagly birnäçe wezipeleri öňde goýdy. Nebitgaz toplumyna önümçiligi dolandyrmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy pudagy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem topluma degişli kärhanalar gurlanda, işgärleri tejribe we okuw-usulyýet taýdan taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti uludyr.

Milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň degişli hünärmenlere bolan zerurlyklaryny seljermegiň, şoňa laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekip, uniwersitetiň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri, nebitgaz pudagy üçin alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça Merkezi döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyz ylmyň, tehnologiýalaryň ösdürilmeginiň, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmagyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ähli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Bu babatda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy. Nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribeden ugur alnyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we nou-haulary ornaşdyrmak, milli hünärmenleri dünýäniň ösen tejribesine we standartlaryna laýyklykda okatmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.

Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde örän möhüm wezipeler durýar. Olar öz agzalarynyň zähmet çekmäge hukuklarynyň hemişe goragynda bolmalydyrlar» diýen sözlerinden ugur alnyp, nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň hünärmenleri hem pudagyň işgärleriniň hünär kämilligini ýokarlandyrmak, olary höweslendirmek we öňdebaryjylaryň tejribesini ýaýratmak ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. Nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösüşleriniň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarydyr sargytlary bizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgatly barmak üçin has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Çary LOLLYÝEW,

Türkmenistanyň nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň esasy hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20534

11.02.2021
Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu toplumyň alyp barýan işi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi we halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda döwletimiz bu ulgamy ösdürmek üçin ähli zerur tagallalary edýär. Iň kämil, döwrebap enjamlar satyn alynýar, pudaklaýyn edaralar we guramalar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Ýöne, muňa garamazdan, heniz bu ugurda kemçilikleriň we ulanylmaýan mümkinçilikleriň az däldigini bellemek gerek diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Toplumyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi, onuň düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi hem-de netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ösüşine, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň öz wagtynda we doly ýerine ýetirilmegine, amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmaga oňyn täsirini ýetirmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de şu günki maslahatda bu meseleler boýunça degişli teklipleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa söz berdi. Ol 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ministr ýurdumyzyň durnukly maliýe-ykdysady ýagdaýy barada aýdyp, halk hojalygynyň pudaklarynda gazanylýan önümçilik görkezijileri hakynda habar berdi.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 101 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 99,9 göterim berjaý edildi. Ýerli býujetler boýunça hasabat döwründe girdejiler 102,2 göterim, çykdajylar bolsa 99,9 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň dowamynda balans toparlarynyň 119 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň bolsa 104 mejlisi geçirildi.

Hasabat döwründe döwlet eýeçiligindäki emlägiň 85-si hususylaşdyryldy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi jemi içerki önümiň 22,4 göterimine barabar boldy. 2020-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy 102,4 göterim ýerine ýetirildi. Şunda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 55,7 göterimi önümçilik hem-de 44,3 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.

Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan birnäçe möhüm wezipelere ünsi çekdi. Bölünip berilýän maliýe serişdeleriniň oýlanyşykly hem-de rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek, telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça anyk işleri geçirmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň netijelerine nägilelik bildirip, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmagyň gurallaryny kämilleşdirmek, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna yzygiderli seljermeleri geçirmek hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ykdysadyýete goşmaça maýa goýum serişdelerini çekmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlara möhüm üns berilmelidir.

Soňra zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylabowa söz berildi. Ol geçen 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl Mejlisiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň “Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky” kodeksine hem-de “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna degişli goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek boýunça teklipler taýýarlanyldy. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň rejelenen görnüşiniň taslamasy taýýarlanyldy we Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlenildi.

Hasabat döwründe kanunçylyk namalaryndan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuknamalaryň 10-sy taýýarlanyp, bellenen tertipde tassyklanyp, herekete girizildi. Kadalaşdyryjy hukuknamalara üýtgetmeler girizilip, kämilleşdirildi.

Iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ählisi ýerine ýetirildi. Döwlet kömegine mätäç raýatlary iş bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler aýratyn gözegçilikde saklanylýar. Boş iş orunlary baradaky maglumatlar ilat köpçüligine yzygiderli ýetirilýär.

Ministrligiň we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň merkezi edaralarynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamy işe girizildi.

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna geçirimleriň ýyllyk meýilnamasy 110,6 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 14,4 göterim artdy. 2020-nji ýylda raýatlaryň meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça pensiýa toplamalarynyň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirlende, 11 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň iş bilen üpjünçiligi babatda ministrligiň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi hem-de iş üpjünçiligi boýunça hyzmatlary hödürlemegiň tertibini, iş bazaryndaky ýagdaý hakynda maglumat bermegi kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň işe girizilýändigini hem-de önümçilige innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny, milli ykdysadyýetimiziň döwlete hem-de hususy eýeçilige degişli böleklerinde täze hünärlere islegleriň barha artýandygyny nazara almak bilen, işgärleriň täze hünärleri ele almagyna hem-de hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna uly üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy M.Hojagulyýew ýolbaşçylyk edýän ulgamynda 2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda standartlaşdyryş, sertifikatlaşdyryş, metrologiýa, zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak, senagat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hasabat döwründe ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän önümlere, jemi içerki önümçilige, hyzmatlara, zähmet hem-de senagat howpsuzlygyna jemi 75 müň laýyklyk sertifikatlary resmileşdirildi. 585 müň 600 ölçeg serişdesi barlagdan geçirilip, 1 müň 415 sany standartlar we tehniki şertler döwrebaplaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gullukda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, öndürilýän önümleriň hem-de harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiline hem-de howpsuzlygyna geçirilýän barlaglaryň dünýä tejribesinde umumy kabul edilen standart hil derejesine laýyk gelmelidigini belledi.

Milli Liderimiz standartlaşdyrmagyň we sertifikatlaşdyrmagyň milli ulgamyny ösdürmegiň Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm wezipesidigini belläp, munuň öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, içerki bazarlary hili pes harytlardan hem-de hyzmatlardan goramak, önümçilige sanly ulgamy we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe wezipeleriň çözgüdini üpjün edýändigini aýtdy.

Bu ulgamda ösen halkara tejribesiniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow ýolbaşçylyk edýän edarasynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdebaryjy dünýä tejribesini göz öňünde tutmak hem-de iş dolanyşygyna sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly statistika ulgamyny kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, geçen ýyl statistiki hasabatyň görnüşleriniň 35-sine seljerme geçirildi. Statistika hasabatynyň görnüşlerine täzeden garamak hem-de görnüşleriniň sanyny umumylaşdyrmak işleriniň netijesinde, olaryň sany azaldyldy.

Şonuň ýaly-da, usulyýet işlerini, statistiki amalyýet resminamalaryny kämilleşdirmek boýunça işler geçirildi we bu ugurdaky işler dowam etdirilýär.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” ugur alnyp, Statistika baradaky döwlet komitetiniň sanly ulgama geçmek boýunça 2020-2021-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy işlenip düzüldi hem-de onuň çäklerinde komitetde elektron resminama dolanyşygy ornaşdyryldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de resmi statistika ulgamynyň işiniň hilini we dolandyryş ulgamyny, statistika maglumatlarynyň taýýarlanylyşyny kämilleşdirmegiň möhüm meselelerini öz içine alýan özgertmeleriň göwnejaý guralmagynyň zerurdygy barada aýdyp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň häzirki döwürdäki ösüşinde statistikanyň ornuny we ähmiýetini nygtap, Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna komitetiň işini dünýä tejribesine laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de statistika hasabaty ulgamyny elektron görnüşe geçirmek boýunça işleri çaltlandyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedow geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

2020-nji ýylda fiziki we ýuridik şahslar bilen ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmagyň meýilnamasy 125,4 göterim ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da, ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş şertnamalarynyň meýilnamasy 137,3 göterim berjaý edildi.

Ätiýaçlandyryşyň meýletin görnüşleri boýunça bellenilen meýilnama 123,5 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe gelip gowşan ätiýaçlandyryş gatançlarynyň hasabyna döredilen ätiýaçlandyryş gorlarynyň möçberi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, halkara standartlaryny hasaba almak bilen, “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi hem-de bu Kanuna laýyklykda, kadalaşdyryjy hukuknamalary täzeden tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ätiýaçlandyryş bazarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, düzümiň işine nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz maglumatlar tehnologiýalarynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy we işiň täze, döwrebap usullaryny gözlemegi tabşyrdy.

Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew bank ulgamynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde, milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli sazlaşykly ösüşini saklamak, ony sanlylaşdyrmak, pul toplumyny kadalaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirildi.

Ykdysadyýetiň hojalyk subýektleriniň maliýe serişdelerine isleglerini kanagatlandyrmak üçin gönükdirilen karzlaryň umumy möçberi şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, 11,4 göterim artdy. Şu ýylyň başyna ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bölegine berlen karzlaryň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 18,9 göterim köpeldi.

Hususyýetçileri goldamak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, bu ugra goýberilen ýeňillikli bank karzlarynyň möçberi geçen ýyla görä, 4,3 göterim ýokarlandy. Şunda maliýeleşdirilen taslamalaryň sany 1821-e ýetdi.

Şeýle hem hususy önüm öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlary satyn almak üçin berlen karz serişdeleriniň möçberi 34,9 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bank ulgamynyň işine düýpli nägilelik bildirdi we bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylmaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly maliýe üpjünçiliginiň, kiçi hem-de orta telekeçiligiň höweslendirilmeginiň we oňa goldaw berilmeginiň, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagyň hem-de abraýly halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hasabyna bank işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz bu meseleleriň netijeli çözülmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek we maýa goýum işjeňligini goldamak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýyl üçin bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankda ýerine ýetirilýän işleriň netijelerine nägilelik bildirip, soňky ýyllarda bankyň işini talabalaýyk ýola goýmak meseleleriniň ünsden düşürilendigini aýtdy. Ýüze çykan ýagdaýy döwrebap derejede düzetmek boýunça zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy J.Jumagylyjow häzirki döwürde bankyň ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek we oňa dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak, müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz bankyň öňünde durýan wezipeleri we bu ugurda işlenip taýýarlanylan maksatnamalary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bank ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur işleri amala aşyrmagy berk talap etdi.

Iş maslahatynyň dowamynda “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümleriniň maliýe üpjünçiligini gowulandyrmak, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bankyň işini döwrebap derejede ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çärelere nägilelik bildirdi. Karzlaşdyrmak we maliýe serişdelerini gaýtarmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda bankyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Arabow dürli ugurlardan gelip gowuşýan maliýe serişdelerini netijeli peýdalanmak, bankyň hyzmatlar ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil usullaryny, sanly tehnologiýany ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz bankyň işinde karz-pul syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belledi we bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz elektron görnüşli hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow bu ulgamda alnyp barylýan işler, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we bankyň düzümlerine innowasiýalary, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankda daşary ýurt maýa goýumlary bilen baglanyşykly amallaryň ýerine ýetirilişine, puluň dolanyşygyny kadalaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çärelere nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz emele gelen ýagdaýdan netije çykaryp, işleri talabalaýyk derejede guramagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramow geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we bank işini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bankyň işi guramak meselelerine bolan çemeleşmelerine nägilelik bildirdi. Döwletimiziň ösüşinde möhüm orun eýeleýän banklaryň işini dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara alyp, üýtgedip guramak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda zerur işleri geçirmegi bankyň ýolbaşçysyndan berk talap etdi.

“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Täçmuhammedow karzlaşdyrmak işini kämilleşdirmek, edara-kärhanalara, raýatlara hödürlenýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak hem-de hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankda ýerine ýetirilýän işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz maliýe serişdelerini dolandyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak we bank amallaryny kämilleşdirmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy bankyň ýolbaşçysyndan talap etdi.

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew bankyň kiçi we orta işewürligi goldamak, telekeçileriň maliýe serişdelerine isleglerini kanagatlandyrmak hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz bankda tölegler, hasaplaşyklar geçirilende, müşderilere hyzmatlary ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işlerde kemçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere düýpli nägilelik bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bankda ýerine ýetirilýän ähli amallar berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

Soňra Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory H.Geldimyradow ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýokary okuw mekdebinde häzirki döwürde zerur bolan birnäçe hünärler boýunça hünärmenler taýýarlanýar. Nazary okuwlary tejribe bilen utgaşdyrmak, ylmy-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, institutyň kafedralarynyň ministrliklerde şahamçalary hereket edip, önümçilikde oňyn tejribe gazanan hünärmenler okuw işlerine çekilýär.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdebinde sanly bilim portaly we web-saýt döredildi. Şeýle hem institutyň içerki kompýuter torunda elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy.

Institutda Ylymlar akademiýasynda hasaba alnan 17 mowzuk boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, okuw, usulyýet we ylmy tejribe işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 9-sy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 2020-nji ýylda institutyň Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu okuw mekdebiň ýokary hünärli işgärleri, şol sanda dolandyryş ulgamynda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, halk hojalygy toplumynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleri netijeli çözmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamagy esasy ugur edinýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş düzümler bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ýokary okuw mekdebinde amala aşyrylýan ylmy işleri höweslendirmek, daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini öwrenmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de rektora degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew hasabat bilen çykyş etdi.

Häzirki wagtda institutda tassyklanan okuw maksatnamasyna laýyklykda, maliýe-ykdysady toplumyň 10 hünär ugry, şol sanda sanly tehnologiýalar ulgamy boýunça hünärmenleri taýýarlamak boýunça okuwlar alnyp barylýar. Ähli hünärleriň okuw meýilnamalaryna “Sanly ykdysadyýet” dersi girizildi.

Ýokary okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary Ylymlar güni mynasybetli her ýylda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigine gatnaşýarlar hem-de uly üstünliklere eýe bolýarlar. Şeýle hem institutyň mugallymlary möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.

Nazary bilimleri tejribede berkitmek maksady bilen, ýokary okuw mekdebiniň talyplary, okuw meýilnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň düzümlerinde önümçilik tejribeliklerini geçýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektoryna ýokary okuw mekdebiniň bilim meýilnamasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, hünärmenleriň ylmy taýdan taýýarlygyny kämilleşdirmek, öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer maliýe-ykdysadyýet toplumynyň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Döwlet býujetiniň we maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýum serişdelerini özleşdirmek işleriniň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi we ykdysady durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagynyň, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara alyp, halk hojalygynyň pudaklary tarapyndan maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna yzygiderli gözegçilik edilmeginiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet we bank ulgamynyň işine bagyşlanan şu günki maslahaty jemlemek bilen, toplumyň işini gowulandyrmak üçin, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda hemmeleriň has tijenip işlemelidigini nygtady.

Häzirki döwürde toplumda bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanyp, işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramaly. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmaly, dünýä derejeli iň kämil usullary ulanmaly diýip belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylara degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileýiniň bellenýän ýylynda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak we durnukly ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak üçin zerur çäreleri görmeli diýip belledi. Pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy, önümçilikleri doly kuwwatynda we bökdençsiz işletmek, pudagara algy-bergileri azaltmak boýunça yzygiderli seljermeleri geçirmek zerurdyr.

Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň oýlanyşykly düzülmeginiň we netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Býujetiň girdeji we çykdajy bölegi boýunça meýilnamalaryň berjaý edilmegine, salgytlaryň doly we wagtynda tölenmegine, býujet serişdeleriniň rejeli hem-de maksadalaýyk sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmeli.

Halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmaly, maliýe taýdan hasabatlylygyň, salgyt salmagyň kadalaryny we usulyýetini yzygiderli kämilleşdirip durmaly. Sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda “Elektron salgyt” ulgamyny doly işe girizmek boýunça işleri çaltlandyrmaly.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, merkezi we sebit balans toparlarynyň işini talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Şonuň ýaly-da, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyna düýpli seljermeleri geçirip, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermek barada tabşyryk berildi.

Maýa goýumlary jemi içerki önümiň esasyny düzmek bilen, ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyryp, ykdysady ösüşi goldaýar we goşmaça iş orunlaryny köpeltmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz önümçilik maksatly, hususan-da, kiçi we orta telekeçilige maýa goýumlarynyň möçberlerini we netijeliligini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny, maliýeleşdirilişini, Döwlet kabul ediş topary tarapyndan kabul edilip alnylyşyny we ulanyjylaryň hasabyna geçirilişini gözegçilikde saklamalydygyny belledi.

Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gurluşygy tamamlanmagy we ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän hem-de Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän binalaryň we desgalaryň maliýe taýdan ygtybarly üpjün edilmegini, tölegleriň öz wagtynda tölenilmegini berk gözegçilikde saklamak gerek.

Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek üçin, kanunçylygy kämilleşdirip, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek mümkinçiliklerini nazara alyp, “Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işini halkara tejribeden ugur alyp guramak boýunça zerur işleri geçirmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, onuň ýolbaşçysy M.Sylabowa ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça işe ýerleşdirmek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, şäherlerde, etraplarda we obalarda zähmet gorlarynyň hem-de bar bolan iş ýerleriniň hasabatyny ýola goýmaly we berk gözegçilikde saklamaly. Zähmet gatnaşyklary, zähmete hak tölemek we zähmeti goramak babatda hereket edýän kadalaşdyryjy namalary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileý ýylynda raýatlaryň durmuş goraglylygyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlara hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny berip, olaryň ilkinji nobatda işe ýerleşdirilmegini gözegçilikde saklamaly.

Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edara-kärhanalarda we guramalarda zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Raýatlaryň zähmet çekmäge, sagdyn we howpsuz zähmet şertlerine hukuklarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmeli. Hususan-da, zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertlerinde işleýän işgärleriň hukuklaryny doly kepillendirmeli.

Ministrligiň resmi internet web-saýtyndaky “Iş üpjünçilik sahypasynyň” mümkinçiliklerini doly ulanyp, döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalarda hünärler, kärler boýunça iş orunlaryna zerurlyklar baradaky maglumatlaryň ilata elýeterli bolmagyny üpjün etmek gerek.

Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemekde hem-de hasaplamakda takyklygy üpjün edip, öz wagtynda tölemek boýunça degişli işleri geçirmek barada tabşyryk berdi.

Pensiýa gaznasyna pensiýa gatançlarynyň doly möçberde gelip gowuşmagyny gözegçilikde saklamaly. Gaznanyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdelerini we pensiýa toplamalaryny maýa goýuma gönükdirip, girdejili dolandyrmagy üpjün etmeli.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegowa ýüzlenip, ykdysadyýetiň nazaryýetinden, kadalaryndan we oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, jemi içerki önümi we beýleki makroykdysady görkezijileri hasaplamagyň usulyny kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Statistika hasabatlylygyň görnüşlerini tükelläp hem-de umumylaşdyryp, zerur bolmadyk we döwri geçen görnüşlerini aýyrmaly. Bu işleri sanly ulgam arkaly alyp barmaly.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda Halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda Statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Halkara maliýe guramalarynyň resminamalarynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň görkezijileriniň dünýä jemgyýetçiligi üçin takyk beýan edilmegini gazanmak üçin, Türkmenistanyň esasy maliýe-ykdysady görkezijileri baradaky maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy M.Hojagulyýewe Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda gullugyň welaýatlarda we sebitlerde ýerleşýän düzüm birlikleriniň hem-de barlaghanalarynyň barlag-synag enjamlary bilen üpjünçiligini, önümleriň we harytlaryň dürli görnüşlerini sertifikatlaşdyrmak mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.Şonuň ýaly-da, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak we görnüşlerini köpeltmek boýunça degişli çäreleri görmek zerurdyr.

Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, standartlaşdyryş işlerini we sertifikatlaryň berlişini ýönekeýleşdirmek hem-de hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi. Daşary ýurtlardan getirilýän we özümizde öndürilýän käbir harytlary (azyk senagaty enjamlaryny, awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, ýangyn duýduryjy we habar beriji enjamlary, split kondisionerlerini we ş.m.) barlaghana synagyndan geçirmek üçin, döwlet gullugynyň garamagyndaky barlaghanalary zerur enjamlar bilen üpjün etmeli.

Soňra döwlet Baştutanymyz Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedowa ýüzlenip, halkara bazarda, dünýä jemgyýetçiliginde ulanylýan ätiýaçlandyryşyň döwrebap görnüşlerini we hasaplamagyň kadalaryny yzygiderli öwrenmegi hem-de olary ýurdumyzda ornaşdyrmak, usulyýeti kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ätiýaçlandyryş bazar ykdysadyýetini ösdürmek we onuň durnuklylygyny pugtalandyrmak, bäsleşige ukyplylygyny we maýa goýum mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmek barada tabşyryk berdi.

Halkara standartlaryny hasaba alyp, şahsy, emläk bähbitlerini we jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyrmak boýunça hereket edýän ätiýaçlandyryş kadalaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak işlerini yzygiderli geçirmeli.

Şonuň bilen birlikde, ätiýaçlandyryş bazaryna gatnaşyjylaryň ätiýaçlandyryş medeniýetini we maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak, ätiýaçlandyryş hyzmatlary boýunça mahabatlandyrmak we wagyz-nesihat işlerini işjeň alyp barmak boýunça çäreleri görmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.Ätiýaçlandyryş ulgamynda elektron görnüşli hyzmatlary amala aşyrmak boýunça işleri hem çaltlandyrmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe hem-de täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurduň içinde puluň kadaly dolanyşygyny gazanmagyň hem-de bank ulgamynyň esasy wezipesiniň ykdysadyýetde puluň möçberini kadaly saklamak, sazlaşygyny üpjün etmek bolup, şu ýagdaýy hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi.

Karz-pul syýasatyny oýlanyşykly alyp barmaly we maliýe serişdelerini dolandyrmagy kämilleşdirmeli, ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilýän karzlaryň maksadalaýyk peýdalanylyşyny üpjün edip, netijeliligini ýokarlandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýurdumyzda nagt puluň dolanyşygyny kadalaşdyrmaly, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 40 göterimden ýokary bolmagyny gazanmaly.

Milli puluň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça hemişe degişli işleri geçirip, daşary ýurt puly bilen bagly amallary düzgünleşdirmeli we bu işe berk gözegçilik etmeli. Merkezi bank we beýleki banklar import geleşikleri boýunça tölegler, hasaplaşyklar geçirilende, müşderileriň manat serişdelerini resmi hümmet boýunça daşary ýurt puluna çalşanda, şu talapdan ugur almaly. Zerur bolanda bu ugurda ýörite kadalaşdyryjy namanyň taslamasyny taýýarlamaly diýip, milli Liderimiz belledi.

Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky we beýleki halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk strategiýalaryny täzeläp, olardan amatly şertlerde karzlary we maýa goýumlary çekmek boýunça işleri dowam etmegiň maksadalaýykdygy barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şunda pul geçirimlerinde goraglylygy üpjün etmek maksady bilen, kiber howpsuzlygyň ýokary derejede bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny belledi.

Soňra milli Liderimiz Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň işine ünsi çekip, rektorlara anyk tabşyryklary berdi.

Institutlaryň professor-mugallymlarynyň, ykdysatçy alymlaryň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň hünärmenleri bilen bilelikde dünýä ykdysadyýetinde garaşylýan ykdysady çökgünlikleriň tapgyrlaryny yzygiderli seljermegi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirip biljek oňaýsyz täsiriniň öňüni almak boýunça çäreleri işläp taýýarlamagy hem-de ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy döwrüň talabyna laýyklykda guramagy hökmandyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary, kitaplary we gollanmalary ösen halkara tejribä laýyklykda yzygiderli kämilleşdirip, bilim bermegiň iň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmagy guramak gerek diýip aýtdy.

Ýokarda agzalan ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna döwlet we milli maksatnamalara, Konsepsiýalara laýyklykda, okuwyň hilini ýokarlandyrmak boýunça innowasion tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny nazary taýdan öwrenip, durmuşa geçirmek boýunça işleri güýçlendirmek tabşyryldy.

Ýerine ýetirilýän ylmy işleriň hiline uly üns bermeli we olary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylmagyny gazanmak üçin ähli zerur çäreleri görmeli. Bu ugurda dürli zehin bäsleşiklerini we telegepleşikleri yzygiderli guramaly.

Sanly ykdysadyýete geçmek amala aşyrýan ähli özgertmelerimiziň gözbaşynda durmaly. Hünärmenleri taýýarlamagyň täze innowasion usullaryny giňden ornaşdyryp, döwrüň talabyna laýyk gelýän täze hünärleri girizmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, sapaklary okatmak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek üçin daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, halkara maliýe guramalary, olaryň tejribeli professor-mugallymlary we bilermenleri bilen tejribe alyşmak işlerini ýola goýmagy tabşyrdy. Bu işde sanly ulgamlaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaly. Berilýän bilimiň hilini has-da kämilleşdirmek bilen, bilim görkezijisi boýunça dünýäniň belli bilim edaralarynyň sanawyna girmek babatda zerur işleri geçirmeli.

Ylmyň we tehnologiýalaryň, şeýle hem halkara tejribäniň gazananlaryny hasaba alyp, mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak işini hemişe gözegçilikde saklamak, ykdysatçy mugallymlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler babatda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gepleşikleri yzygiderli berilmegini we makalalaryň çap edilmegini guramaly diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini kadaly saklamak, döwletiň girdejilerini has-da artdyrmak we ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça degişli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip belledi.

Ähli pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, pul üpjünçiligini, pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini yzygiderli seljermeli hem-de bu ýagdaýlary wagtynda çözmek boýunça çäreleri görmeli. Toplumyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmeli hem-de bellenen meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça işleri giň gerimde alyp barmagyň, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň sanawyny taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň soňra nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geçen ýylda alnyp barlan işler jikme-jik we düýpli seljerildi. Şonuň netijesinde, bu pudaklaryň işindäki köp sanly kemçilikler maliýe-ykdysady toplumyň ýaramaz işlemegi, wise-premýer G.Müşşikowyň ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gowşak ýolbaşçylyk etmegi netijesinde emele geldi diýen pikir döredi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyryklaryň berlendigine garamazdan, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýlary düýpli öwrenilmeýär hem-de degişli teklipler berilmeýär diýip belledi. Netijede bolsa, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň esasy wezipesiniň Döwlet býujetiniň netijeli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bolup durýandygyna garamazdan, geçen ýylyň ahyrynda Döwlet býujetiniň öňündäki bergiler, ýylyň başyndaky bilen deňeşdirilende, ep-esli köpeldi.

Hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeýändigi, oalara doly gözegçilik edilmeýändigi, ministrligiň hereketsizligi sebäpli Oba milli maksatnamasynyň, şeýle hem beýleki maksatnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilen işler üçin potratçylaryň öňünde köp möçberde bergiler emele geldi. Bu bolsa 2015-nji ýyldan başlap, ençeme gurluşyklaryň taşlanmagyna getirdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde pudagara algy-bergileriň umumy möçberi 12 milliard manada golaýlaýar.

Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýeriň, biziň üçin örän möhüm bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmeýändigini belledi. Bu Maksatnama boýunça göz öňünde tutulan medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şeýle hem etraplarda täze, häzirki zaman obalarynyň we şäherçeleriniň gurluşyklary haýal depginler bilen alnyp barylýar. Bu yzagalaklygyň sebäplerini seljermek boýunça işler geçirilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady.

Barlaglaryň görkezişi ýaly, köp sanly desgalar taslama-çenlik resminamalary bolmazdan gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi. Bu resminamalar, näme üçindir, gurluşyk tamamlanandan soň, potratçy tarapyndan resmileşdirilýär. Käbir desgalaryň gurluşygy üçin ençeme ýyllardan bäri töleg geçirilmeýär.

Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak boýunça işleri guramak hem talabalaýyk alnyp barylmaýar. Mundan başga-da, hususylaşdyrylan kärhanalarda we desgalarda hususylaşdyrmagyň şertleriniň ýerine ýetirilişine doly derejede gözegçilik üpjün edilmeýär.

Ministrligiň ykdysadyýetiň hususy pudagyny, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny amala aşyrmalydygyna garamazdan, kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýan telekeçileriň sany, olaryň iş ugry we görnüşleri seljerilmeýär, bu ugurda ýüze çykýan meselelere hem ýeterlik üns berilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, telekeçiligi ösdürmek boýunça esasy işi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi alyp barýar. Ministrlik bolsa bu ugurda ýeterlik işjeňlik görkezmeýär. Has beteri-de, şeýle ýaramaz görkezijileriň bardygyna garamazdan, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowdan emele gelen ýagdaýy düzetmek boýunça hiç hili teklipler hem gelip gowuşmaýar. Şoňa görä-de, işde goýberen kemçilikleri üçin oňa berk käýinç yglan edildi hem-de bu kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. Eger bu kemçilikleri düzedilmese, onda ýarym ýylyň jemleri boýunça M.Serdarow eýeleýän wezipesinden boşadylar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe ýüzlenip, banklaryň işine hem Hökümetde köp sanly nägilelikler bar diýip belledi. Merkezi bank ileri tutulýan milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmalydyr hem-de ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça beýleki banklaryň işini ýokarlandyrmalydyr.

Siziň häzirki döwürdäki esasy wezipäňiz milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamakdan ybaratdyr. Ýöne häzir-ä bu iş talabalaýyk ýerine ýetirilmeýär. Has beteri-de, manadyň hümmetini berkitmegiň deregine, banklaryň ýolbaşçylary bu işe goşulmaýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Möhleti geçen üzülmedik karzlaryň galyndysynyň häzirki döwürde 1 milliard manada golaýlaýandygy hem banklaryň işiniň hilini görkezýär. Muňa garamazdan, banklar karzlary üzmek boýunça degişli çäreleri geçirmeýärler, hususy haryt öndürijileri maliýe taýdan goldamak babatda çeýe karz syýasatyny alyp barmaýarlar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle hem karz serişdeleri berlende, girew üpjünçilik ulgamyny ýönekeýleşdirmeýär.

Hökümetiň oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak boýunça karary hem ýaramaz ýerine ýetirilýär. Hasaplaşyklaryň nagt däl görnüşini ornaşdyrmak boýunça çäreler hem talabalaýyk guralmaýar. Elektrik energiýasy, tebigy gaz, jemagat hyzmatlary, demir ýol petekleri we beýleki tölegler üçin kartlaryň kömegi bilen ilatyň tölemek mümkinçiligini üpjün etmek boýunça bilelikdäki iş pes derejede alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe banklara ýaramaz ýolbaşçylyk edip, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek soňky gezek duýduryldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýarym ýylyň jemleri boýunça bank toplumynyň işine ýene-de bir gezek düýpli serediler we şonda Merkezi bankyň we beýleki banklaryň ýolbaşçylarynyň işine gutarnykly baha berler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bank ulgamynda goýberilen kemçilikler üçin “Türkmenistan” we “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banklarynyň başlyklary M.Hajyýewe hem-de J.Jumagylyjowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky gezek duýdurdy.

Şeýle hem işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowa, Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramowa, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazowa, “Halkbank» we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banklarynyň müdiriýetleriniň başlyklary M.Arabowa hem-de T.Täçmuhammedowa berk käýinç yglan edildi.

Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýewe, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa käýinç yglan etdi.

Milli Liderimiz degişli Buýruklara gol çekip, wise-premýere ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de depginli ösdürmäge ýardam berjek çäreleri işläp düzmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20543

11.02.2021
Durnukly ösüşiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda guwandyryjy işler alnyp barylýar. Şonuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy babatda bimöçber aladalar edilip, bu wezipeler döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenýär.

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça strategik başlangyçlary Türkmenistanyň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmaga, olary taýýar önüme öwürmek boýunça sazlaşykly senagat ulgamyny kemala getirmäge esaslanýar. Şol maksat bilen ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň işine iri maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, hususy telekeçiler we daşary ýurtly maýadarlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine ýetilýär.

Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynda wajyp ugurlaryň biridir. Soňky ýyllarda iri maýa goýumlary çekmegiň hasabyna halk hojalygynyň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyryldy. Goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlykda birnäçe halkara taslamalar durmuşa geçirildi. Halkara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen birlikde, hususy toplumy ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge ukyply bolan telekeçilige uly gyzyklanma bildirilýär hem-de kiçi we orta telekeçiligiň netijeli ösdürilmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Telekeçileriň hukuk taýdan goraglylygy we olara degişli kepillikleri bermek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýär. Bular bilen bir hatarda, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden hem giňden peýdalanylýar. Ulgama döwrebap tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar, nagt däl hasaplaşyk serişdelerinden we häzirki zaman tejribesinden peýdalanylýar.

Umuman, milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça alnyp barylan oýlanyşykly döwlet syýasaty düýpli nazary bilimlere, öňdebaryjy usullara we döwrebap tehnologiýalara esaslanýar. Ýurdumyzda şeýle giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Ogulnar MERIŞEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20488

11.02.2021
«Halkbank»: döwrebap özgertmeleriň miwesi

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bank hyzmatlary barha döwrebaplaşýar. Ýurdumyzyň banklarynyň işiniň tapgyrlaýyn sanly ulgama geçirilmegi müşderiler üçin hem giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hem döwrebap bank hyzmatlary bilen gazanylýan üstünliklere özüniň saldamly goşandyny goşup gelýär. 2020-nji ýyl bankymyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna öwürmek baradaky Karara gol çekdi.

Bu gün bagtyýar zamanamyzyň özgertmeleri bilen deň gadam urýan bankymyz hem öz işlerine täzeçillikleri yzygiderli ornaşdyrýar. Bu täzeçillik we döwrebaplyk bankyň soňky ýyllarda alyp barýan işlerinde aýdyň şöhlelenýär. Müşderilere hödürlenilýän döwrebap hyzmatlaryň netijeleri anyk sanlarda we takyk maglumatlarda beýanyny tapyp, bankyň umumy girdejilerine hem oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ähli hyzmatlaryndan 2020-nji ýylda gazanan girdejisi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 117 göterim artdy. Bankyň 2020-nji ýyldaky arassa peýdasy barada aýdylanda, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 118 göterim ösüş gazanyldy.

2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, bankymyz tarapyndan müşderilerimize bank kartlarynyň jemi 405 müňe golaýy paýlanyp berildi we ýurdumyz boýunça 8 müňden gowrak söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallary gurnalyp, bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilik döredildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji gününe çenli bankymyz tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň umumy sanynyň hem 144-e ýetendigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Prossesing» merkezi tarapyndan «Altyn asyr» kartly töleg ulgamy boýunça 2020-nji ýylda geçirilen amallaryň möçberi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 123 göterim ýokarlandy. Şeýle hem bank kartlary bilen amala aşyrylan amallaryň nagt däl hasaplaşyklarynyň möçberi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende üç essä golaý artdy.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň hyzmatlarynyň sanynyň hem ep-esli ýokarlanandygyny guwanç bilen nygtamak isleýäris. Geçen ýyl bankymyz öz müşderilerine täze döwrebap hyzmatlaryň ýene-de birnäçesini hödürlemegi ýola goýdy. Şolaryň hatarynda «Cash back» hyzmatyny, «Halkbank terminal» mobil ulgamyny, «Owerdraft karty», «Talyp tölegi» onlaýn-hyzmatyny, «Onlaýn-ýüzlenme» hyzmatyny görkezmek bolar. Sanly ulgamyň döwrebap mümkinçiliklerine esaslanýan bu hyzmatlaryň her biri müşderiler üçin uly ýeňillikleri elýeterli etdi.

Bankyň ýeňillikli karz hyzmatlary ýyldan-ýyla barha kämilleşdirilýär. Olaryň sany hem barha artdyrylýar. Şeýle hyzmatlaryň iň täzeleriniň hatarynda «Owerdraft», «Haly satyn almak üçin» bank karzlaryny we kiçi göwrümli karzlary mysal getirmek bolar. Dünýä tejribesinde giňden peýdalanylýan owerdraft karzy Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynda hem işe girizildi. Munuň üçin bankyň müşderileri ýöriteleşdirilen bank kartlary bilen üpjün edildi. Ýeňillikli karzyň bu görnüşi geljek aýdaky girdejiniň belli bir möçberini öňünden karz almaga mümkinçilik berýär.

Köp sanly ýüztutmalary nazara alyp, bankymyz özüniň karz hyzmatlarynyň hataryna haly satyn almak maksatlaryna gönükdirilen ýeňillikli karzlary hem goşdy. Bu hyzmat arkaly haly satyn almak isleýän watandaşlarymyz bankdan ýeňillikli şertlerde 30 müň manada çenli karz serişdelerini alyp bilerler. Karz hyzmatlarynyň bu görnüşi öýlerimizi döwrebap we milli öwüşginleriň sazlaşygynda bezemäge ýardam edýär. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky öz müşderilerine kiçi göwrümli, ipoteka, ýaş maşgalalar üçin sarp ediş karzlaryny hem hödürleýär.

Bankymyzyň dürli görnüşli goýum hyzmatlaryny ýerine ýetirýändigini hem aýratyn nygtamak gerek. Olar bankyň müşderilerine özleriniň süýşürintgilerini goşmaça girdejä öwürmäge ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Indi birnäçe ýyldan bäri ildeşlerimiz «Halkbank» tarapyndan hödürlenilýän «Talap edilýänçä» (ýyllyk 6 göterime çenli), «Hemaýat» (ýyllyk 10 göterime çenli), «Gahrymanlar» (ýyllyk 10 göterime çenli), «Beýik Galkynyş» (ýyllyk 10 göterime çenli), «Ruhubelent» (ýyllyk 8 göterime çenli), «Bagtyýar nesiller» (ýyllyk 10 göterime çenli) ýaly goýum hyzmatlaryndan peýdalanyp gelýärler.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze hyzmatlary ozaldan hereket edip gelýän «Internet-bank», «Mobil-bank» ýaly döwrebap hyzmatlaryň üstüni ýetirdi. Bankymyzyň geçen ýylda täze açylan döwrebap hyzmatlary nagt däl hasaplaşyklar arkaly aýlyk bank kartlardan goşmaça girdeji almaga, olary ykjam telefonlara ornaşdyrylan ýörite programma arkaly dolandyrmaga, bank kartynda ýeterlik serişde bolmadyk wagtynda indiki aýda geljek serişdeleriň 50 göterimine çenli karz almaga, tölegli esasda bilim alýan talyplaryň okuw üçin töleglerini banka barmazdan, internetiň üsti bilen geçirmäge we karzlaryň dürli görnüşlerini almak üçin resminamalary bankyň resmi internet sahypasynda onlaýn-ýüzlenme arkaly ýollamaga mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa müşderileriň wagtyny ep-esli tygşytlamaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky öz işine täzeçillikleri ornaşdyryp, müşderilere döwrebap hyzmatlary hödürlemek arkaly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaralanýan ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň şertleri esasynda biziň maksatlarymyzyň myrat tapmagy we ýurdumyzyň bank ulgamynyň hem dünýä derejesine çykmagy bizi örän begendirýär. Hut şonuň üçinem, ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrýan Arkadag Prezidentimiziň il-günüň bagtyýar şu gününe we nurana geljegine gönükdirilen işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Maýa MOLLAÝEWA,

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulyýet müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20463

11.02.2021
Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan döwletimizde ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýetiň döwrebap kämilleşdirilmegi, ylmyň iň täze gazananlaryna daýanýan sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hili we elýeterliligi ýokarlanýar. Daşary ýurtly alymlaryň bellemegine görä, sanly ykdysadyýetde bazarlaryň netijeli ösmegi ýokary tehnologiýalaryň bolmagy bilen esaslandyrylýar. Şunda ilki bilen sanly ykdysadyýeti ösdürmekde amatly gurşawy döretmek üçin guramalaryň üýtgedilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy (sanly bazarlaryň we sanly önümçiligiň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy, sanly ulgamda degişli ukyp-başarnyklara eýe bolan hünärmenleriň taýýarlanmagy we beýlekiler) hem-de degişli tehniki infrastrukturanyň döredilmegi (maglumat geçiriji ulgamlar, maglumat işleýji merkezler, programma hyzmatlary we beýlekiler) zerur bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda sanly şäheri, sanly öýleri, «Ýaşyl ykdysadyýetiň» nusgalary bolan sanly seýilgähleri gurmak işlerine badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasyny işjeň durmuşa geçirmek, şeýle hem sanly ulgam babatda ilatyň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklary hem bu ugurda edilýän ägirt uly aladanyň miwesidir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek, bilim ulgamy bilen bir wagtda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, raýatlarymyzyň durmuşyny sanlylaşdyrmak hem-de ýurtda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça anyk wezipeler durmuşa geçirilýär.

Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda uly ösüşler gazanyldy, şol bir wagtda ilatyň sowatlylygyny ýokarlandyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna ýetirmek, giň gözýetimli, durmuşa ukyply, zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, bilim ojagynda ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu işleriň ählisi halkymyzyň şu günki we ertirki abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda bimöçber tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyny beýan edýär.

Ýagmyr BEKIÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20455

11.02.2021
Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün edýär

Hormatly Prezidentimiz öz belent wezipesini ýerine ýetirmäge girişen ilkinji günlerinden döwleti dolandyrmakda ata-baba ýörelgelerinden pugta goldanyp, ösüşleriň, öňe gitmegiň milli ýolunyň nusgasyny işläp düzdi. Bu bolsa tutuş ykdysadyýetiň hem ösüşlerini kesgitledi. Döwletimiziň syýasatynda Oguz ýörelgeleriniň — döwletlilik ýörelgesiniň berk binýadynyň goýulmagy il-ýurduň ykbalynyň barha ýokary göterilmegine getirdi. Döwletimiziň geljek döwürdäki syýasatynda hem bu ugurlara berilýän ünsi güýçlendirmek möhüm wezipe hasap edilýär. Munuň özi döwletiň uzakmöhletli strategiýasy hökmünde çykyş edýär.

Ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini tassyklaýar. Türkmenistan ösüşiň özüni ödän, ata-baba ýörelgelerinden ugur alýan döwletlilik ýörelgesi bilen ynamly öňe gidip, halkyny ýaşaýşyň has kämil hem-de eşretli derejelerine ýetirmäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň döwleti dolandyryp başlan gününden Oguz ýörelgelerini dowam etdirmegi, halka daýanyp, halk bilen düýpli özgertmeleri durmuşa geçirip başlamagy il-ýurduň geljeginiň has-da röwşen boljakdygyny buşlady.

Biz bu gün Türkmenistanyň ykdysadyýetine özgertmeler arkaly çaltlandyrylan ösüşiň nusgasynyň mahsus bolup durýandygyny äşgär görýäris. Munuň özi ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň durmuşa gönükdirilen milli nusgasynyň kemala getirilmegi bilen hem baglanyşyklydyr. Ykdysady ösüşleri gazanmak we olary berkitmek üçin şeýle nusganyň saýlanylyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Onuň köptaraplaýyn ösüşlere getirýändigi dünýä ýurtlarynyň tejribesinden görünýär. Ösüşiň uzakmöhletli strategiýasynyň işlenilip düzülmegi we onuň üstünlikli durmuşa geçirilip ugramagy üstünlikleriň esasy çeşmesi boldy. Oňa laýyklykda geçen ýyllarda ykdysadyýetiň öňe gitmegine itergi beriji güýç hasap edilýän, ykdysadyýeti sazlaşykly alyp barmaga ýardam berýän göni we gytaklaýyn usullaryň toplumyndan ybarat bolan hojalyk mehanizminiň netijeli işläp ugrandygyny görmek bolýar.

Ýurdumyzyň özüne mahsus bolan hojalyk mehanizmini saýlap almagy eýýäm üstünligiň ýarysydyr. Ýaşaýyş-durmuşymyzyň barha özgermegi we islegleriň ösmegi hojalyk mehanizminiň şol bir durkuna durmazlygyny hem talap edýär. Şonuň üçin eýeçiligiň dürli görnüşleriniň goraglylygy güýçlendirilýär, maliýe-karz we salgytlar ulgamy, bäsdeşligi ösdürmek syýasaty, bahalar we girdejiler syýasaty, geljekki ýagdaýlary çaklamak ýaly hojalyk mehanizmini düzýän usullar ýene-de yzygiderli kämilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde ykdysady ösüşiň depgininiň ilatyň ösüş depgininden elmydama ýokary bolmalydygyna aýratyn üns berilýär. Ykdysadyýetçileriň pikirlerine görä, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň üpjün edilmegi bu ýagdaýa berk baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynda şeýle kadalar berk göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň intellektual kuwwaty ösdürilýär. Milli baýlyklarymyz il-ýurt üçin ýerlikli ulanylýar. Biziň ykdysady-durmuş ösüşlerimizi kesgitleýän Milli Maksatnamalaryň, meýilnamalaryň we konsepsiýalaryň uly topary herekete girizildi. Olarda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek, durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, dürli görnüşli elektron enjamlary öndürmek boýunça kärhanalary döretmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak we başga-da dürli ugurlar boýunça ösüşleri üpjün edýän wezipeleriň oňyn çözgütleri öz beýanyny tapýar. Iň bir guwandyryjy ýeri, şol öňünden kesgitlenilen wezipeleriň iş ýüzünde amala eýýäm aşyrylýandygydyr. Şonuň bilen baglanyşykly türkmen ykdysadyýetiniň täsir ediş çägi günsaýyn giňeýär.

Türkmen gazy, elektrik energiýasy dünýäniň ençeme döwletlerine eksport edilýär, kondisionerler, kompýuterler, smart telewizorlar, telefonlar özümizde öndürilýär. Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Gazagystan — Russiýa gaz geçirijisi, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demirýol geçelgesi, diňe ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň, hatda beýleki dünýä ýurtlarynyň hem bähbitlerinden ugur alýar. Şeýle transmilli ulag ulgamy ygtybarly halkara gatnaşyklaryny üpjün edýär. Ýurdumyzda döwrebap ulag we aragatnaşyk ulgamy döredildi, paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap uçar menzilleri guruldy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli döwrebap ýol gurulýar. Şu ýylyň başynda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoly ulanylmaga berildi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgam, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgam işe girizildi. Edil şol desgalaryň açylan günlerinde Lebap welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz welaýatyň çägindäki «Malaý» gaz ýatagynda kuwwaty gazyň 30 milliard kub metrini akdyrmaga barabar bolan gaz gysyjy desganyň işe girizilmegine hem ak pata berdi. Olar daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her güni türkmeniň täze taryhyna barha ajaýyp ýazgylary ýazýar: sebit we dünýä ähmiýetli iri taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň içerisinde döwrebap obalar we şäherçeler gurulýar. Pudaklaryň ählisinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilikler işe girizilýär. Bu bolsa eýýäm dürli ugurlarda artykmaçlyklary döredýär, hemişelik hyzmatdaşlaryň sanyny köpeldýär. Kuwwatly ykdysadyýetiň bar ýerinde ekerançylyk medeniýeti ösýär. Ýurduň dänä bolan islegini üpjün etmek azyk garaşsyzlygynyň iň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar. Obasenagat toplumy ösýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin dürli salgyt ýeňillikleri hereket edýär. Wagtyň geçmegi bilen eýýäm dünýä bazarynda ýurdumyzyň durnukly orny kemala gelýär we girdejiler ýokarlanýar. Häzirki wagtda bazar ykdysadyýetine geçýän ýurt bolan Türkmenistan ilatynyň jan başyna düşýän girdejileriniň derejesi boýunça ortaçadan ýokary bolan ýurtlaryň hataryna degişli hasap edilýär, onuň ösen ýurtlaryň hataryndaky durnukly orny barha pugtalanýar.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan nusgalyk derejä götermek, ilatyň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmek ykdysadyýetiň üstüne ýüklenilýän baş wezipedir. Bu wezipäniň çözgütleriniň ýurdumyzda türkmeniň taryhy gymmatlyklaryny nazara almak bilen döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, jemgyýetimizi ruhy taýdan has-da kämilleşdirmek, bilimi, ylmy we medeniýeti, sporty yzygiderli ösdürmek, halkara hyzmatdaşlyga işjeň goşulyşmak ýaly esasy wezipeleriň sazlaşykly durmuşa geçirilişi bilen baglanyşyklydygy ünsden düşürilmeýär.

Aslynda, ykdysadyýet durmuş bilen manydaşdyr. Jemgyýetiň ýaşaýyş derejesi ykdysadyýet bilen ölçelýär. Ykdysadyýet döwlet gurluşynyň möhüm düzüm bölegini düzýär. Ykdysadyýetiň kämil, sazlaşykly hem çeýe ösüşlerini üpjün edýän milli nusgasy diňe bir döwürdeşlerimiziň ýaşaýşyny däl, eýsem, asudalygyny hem üpjün edýär. Sebäbi ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimiz täzeçe röwüşlerde baýlaşdyrylyp, yzygiderli ösdürilýär. Il-ýurduň ykbalyna degişli möhüm meseleler hakynda döwlet Baştutanymyz bilen birlikde üýşülip, agzybirlikde maslahat edilýär. Geňeşli edilen işiň döwletiň we jemgyýetiň özara sazlaşykly ösüşine ýetirýän oňyn täsiri bir başga bolýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde döwlet gurluşyna we jemgyýetiň ösüşine, ykdysadyýete aýratyn uly täsirini ýetiren meseleler boýunça taryhy kararlar we çözgütler kabul edilýär. Bular örän buýsandyryjy we galkyndyryjy wakalar bolup ýaşaýyş-durmuşymyza täze bir öwüşgin berýär, onuň manysyny has goýazylandyrýar. Şolaryň netijesinde döwletimiziň we jemgyýetimiziň milli demokratiýanyň ösüşiniň täze bir belentligine gelýändigini, kanun çykaryjylyk ulgamynda dünýä tejribesiniň goldanylýandygyny görýäris. Ösüşleriň hukuk esaslary her näçe berkidildigisaýyn olar şonça-da çuňlaşmak bilen. Olarda aýdyň ertirlerimiziň rowaçlygynyň, ykdysadyýetiň artýan kuwwatynyň bardygyny ynam bilen aýdyp bolar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenilip düzülen ykdysady strategiýa laýyklykda innowasion tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylyp başlamagy ýurdumyz üçin örän bähbitli boldy. Bu ýagdaý maksatly tapgyrlar boýunça ösýän milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlyklaryny güýçlendirdi, onuň dünýä ykdysadyýetiniň düzüminde döwrebaplaşmagyna, bäsdeşlige ukyplylygyna getirdi. Ýurdumyz şu ugurda zerur bolan ösen senagatly ýurda öwrüldi, tutuş ykdysadyýetimiz innowasion ösüşler ýoly bilen barýar. Bu ösüşler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan döwletimiziň geljegini has-da röwşen görkezýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,

žurnalist.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20432

11.02.2021
Bilim bermegiň döwrebap usullary

Paýtagtymyzdaky 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinden söhbet

Ak ertirlerimiziň röwşenligi şu günki ýaş nesil hakdaky aladadan başlanýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda döwrebap çagalar baglarydyr orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi aýdyň mysaldyr. Şolaryň biri-de, 2020-nji ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde gözel paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesi bilen A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda ulanylmaga berlen 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebidir. Ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde okuwçylar gyşky dynç alyşdan soň, üçünji çärýege täze güýç bilen başladylar. Ine, bu babatda gyzyklanyp, golaýda täze bilim toplumynda myhmançylykda bolduk.

Bilim toplumynyň müdiriniň mekdebe taýýarlaýyş bölümi boýunça orunbasary Ogulmaral Useýingulyýewa çagalar bilen alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi:

— Okuw toplumymyzda sapaklar ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň tassyklan okuw maksatnamasy esasynda alnyp barylýar. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» esasynda hem işler ýola goýuldy. Milli bilim institutynyň hünärmenleri bilen geçirilýän usuly-amaly maslahatlar terbiýeçi-mugallymlaryň işini täsirli guramaga, ýagny geçilýän sapaklar arkaly çagalaryň bilimini artdyrmaga ýardam edýär.

Mekdebe taýýarlaýyş bölüminde 16 topar bolup, çagalar ir ertirden sagat 18:00-a çenli wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Rus, iňlis dillerinde sowat öwrediş, sözleýiş dili, ýönekeý matematika düşünjesi, aýdym-saz, daşky gurşaw barada, surat çekmek ýaly sapaklar körpeleriň düşünjelerini artdyrýar. Sapaklaryň arasynda hereketli oýunlar, ýagny aýdym-saz, sport ýaryşlary ýaly çäreler geçilýär. Mart aýynda ýarym ýylyň dowamynda geçilen sapaklar bilen baglanyşykly barlagnamalar geçiriler. Şonda alnyp barlan işleriň netijesi hem kesgitlener. Şeýle-de körpeler bilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde dürli ugurlar boýunça bäsleşik geçirmegi-de meýilleşdirýäris. Ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, bilimli bolup ýetişmekleri ugrunda alada edýän Gahryman Arkadagymyza bimöçber alkyş aýdýarys.

Mekdebe taýýarlaýyş toparynda terbiýelenýän körpeleriň wagtlaryny täsirli geçirmekde terbiýeçi-mugallymlardan Aýna Altyýewa, Oksana Kalinina, Walida Hoşzabana, Arzygül Babaýewa, Nurşat Bäşimowa, Oguldursun Serdarowa, Gülbahar Akgaýewa, Gülkamar Soltanowa dagynyň zähmetiniň uludygyny belläsimiz gelýär. Biz olaryň körpeler bilen geçýän sapaklarynyň käbirine gatnaşanymyzda, eýjejik balalaryň çaga kalbyndan joşup çykýan türkmen, rus, iňlis dillerinde Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerini wasp edip aýdan goşgudyr aýdymlaryny diňlemek, çeken suratlaryny hem-de dürli maşklary ýerine ýetirýän pursatlaryny synlamak ýakymly boldy.

Soňra biz döwrebap bilim toplumynyň terbiýeçilik-okuw mekdebine bardyk. Bu ýerde saglyk bilen baglanyşykly ýörite düzgüne laýyklykda, degişli zyýansyzlandyryjy çäreleri geçirmek, sanitariýa kadalaryny berk berjaý etmek, irden okuwa gelenlerinde okuwçylaryň beden gyzgynlygyny ölçemek, zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmak ýokary derejede ýola goýlupdyr. Okuwçylardyr bilim işgärleriniň agyz-burun örtüklerini hereket edýän kadalara laýyklykda ulanmagy, olaryň iki metrden az bolmadyk howpsuz aralygy saklamagyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegi hem üpjün edilýär.

Mekdebe gireniňden, owadan zallaryň diwarlaryndaky bilim bilen baglanyşykly ajaýyp jümleler bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Okamaga, öwrenmäge ähli şertler döredilen arassa hem ýagty otaglarda milli egin-eşikdäki okuwçylaryň geçilýän sapagy doly özleşdirýändiklerini, mugallymyň berýän sowallaryna biri-birinden öň jogap berjek bolup, ellerini galdyrýan bagtyýar çagalary göreniňde, olara bolan buýsanjyň artýar. Mekdepde bolanymyzda, birinji hem ýokary synpda okaýan okuwçylaryň, esasan-da, geografiýa, türkmen, iňlis, rus dilleri boýunça dersleri oňat bilýändigini we berlen sowallara kanagatlanarly jogap berip, ýumuşlary doly özleşdirýändiklerini görmek has ýakymly boldy. Şonuň ýaly-da, olar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda barha dabaralanýandygyny çaga kalbyndan buýsanç bilen beýan etdiler.

— Täze bilim ojagymyzda mekdep okuwçylarynyň döwrebap bilim we terbiýe almagy, iň häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp, giň dünýägaraýyşly, akyl we beden taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilen. 720 okuwçy orunlyk mekdebi hem-de 320 çaga niýetlenen taýýarlaýyş toparyny öz içine alýan bilim ojagymyzda okuw derslerini we terbiýeçilik işlerini ýokary derejede geçirmek, çagalara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek üçin ähli şertler bar. Bu işleriň ýurdumyzda ilkinji gezek döredilýän bilim bermegiň täze, milli görnüşde çuňlaşdyrylan umumybilim maksatnamasy boýunça alnyp barylýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Bilim ojagymyza ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar gelip, okuwçylar bilen sapakdan daşary iş alyp barýarlar.

Çagalaryň daşary ýurt dilleriniň ýene-de ikisini öwrenmegini göz öňünde tutup, ol dilleri ýörite meýilnamamyza goşmagy maksat edinýäris. Şeýle-de sazçylyk, çeperçilik, sport, konstruktorçylyk ýaly dürli ugurda döredijilik işleri bilen gyzyklanýan okuwçylaryň bilimleri artdyrylýar. Bu ajaýyp bilim ojagynda okamak, öwrenmek, zähmet çekmek okuwçylardyr mugallymlaryň jogapkärçiligini artdyrýar. Häzirki wagtda biziň esasy maksadymyz şu ýylyň sentýabr aýynda uludan toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp sowgatly garşylamakdyr.

Ösüp gelýän ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! — diýip, bilim toplumynyň müdiri Gurbangül Halmyradowa söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.

Sona DURDYÝEWA.

«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20399

10.02.2021
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmak meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen, 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli düzümleriň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygyny alanyna şu ýyl 30 ýyl dolýandygyny belledi. Geçen döwrüň içinde Türkmenistan parahatçylyk söýüji, ygtybarly hyzmatdaş döwletdigini bütin dünýä äşgär edip, özbaşdaklyk syýasatyny gyşarnyksyz ýöredip geldi.

Häzirki döwürde hem Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, «Açyk gapylar» ýörelgesini amala aşyrmak boýunça köp tagallalar edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu ugurda Daşary işler ministrligi, beýleki döwletlerdäki ilçihanalarymyz we konsullyklarymyz uly işleri alyp barýarlar. Olar ata Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, gazanýan üstünliklerimizi giňden dünýä ýaýýarlar, Bitaraplyk syýasatymyzy iş ýüzünde amala aşyrýarlar. Hoşniýetli hyzmatdaş hökmünde Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny barha artdyrýarlar.

Eýsem, berkarar döwletimiziň daşary syýasatda gazanan üstünliklerini has-da berkitmek, türkmen döwletiniň dünýädäki at-abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin geljekde haýsy ugurlara aýratyn üns bermeli, daşary ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk nädip ösdürmeli?

Bitarap döwlet hökmünde Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek üçin bilelikde nähili hereket etmeli? Halkara guramalar bilen gatnaşyklarymyzy nähili täzeçe guramaly? Şu gün şu soraglary ara alyp maslahatlaşarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we maslahata gatnaşyjylara söz berdi.

Ilki bilen, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe söz berdi. Ol institut tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de şu ýyl üçin bellenen meýilnamalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasatyna laýyklykda, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösüşini, hemişelik Bitaraplyk taglymatynyň ýörelgelerini öwrenmek boýunça ylmy we amaly barlaglary alyp barýar hem-de milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek üçin deňeşdirme-hukuk seljermelerini geçirýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de “Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň” düzgünnamalaryna laýyklykda, institut kanunçylygy işläp taýýarlamak we hukuk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam edýär. Şunda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi halkymyzyň buýsanjydyr, döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmek hem-de raýdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýediginiň subutnamasydyr.

Hasabatda bellenilişi ýaly, institutda deňeşdirme-hukuk usulynda ylmy seljerme işleri geçirilýär, şonuň netijeleri esasynda kanun taslamalarynyň 22-si boýunça teklipler we bellikler girizildi. Şeýle hem pudaklaýyn düzgünnamalaryň we resminamalaryň taslamalarynyň 26-sy boýunça seljermeler geçirildi. Geçen ýylda hereket edýän kanunlara ylmy-amaly düşündiriş görnüşinde kitaplaryň ikisi neşir edildi. Şeýle hem institutyň gatnaşmagynda ylmy wideomaslahatlaryň 35-si guraldy.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda kanunçylyk-hukuk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de hakyky demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde Türkmenistanyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri beýan edýän ylmy-barlag işleriniň netijeleri kitaplarda, ylmy žurnallarda we beýleki döwürleýin neşirlerde yzygiderli çap edilýär.

Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýubileý ýylynda bellenen meýilnamalar barada hasabat berdi.

Institutda halkara gatnaşyklar we diplomatiýa, halkara hukuk, halkara ykdysady gatnaşyklar, halkara žurnalistika hünärleri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.

Bu ýerde hereket edýän okuw studiýasy geljekki halkara žurnalistlere hünär endiklerini öwretmäge, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny ýerli hem-de halkara habarlar giňişliginde giňden ýaýmak ugrunda telegepleşikleri taýýarlamaga oňyn ýardam berýär.

Institutda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny we diplomatiýasyny ylmy esasda öwrenmek babatda meýilnamalaýyn alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijesinde daşary syýasatyň we diplomatiýanyň derwaýys meseleleri boýunça okuw kitaplary hem-de gollanmalar, sözlükler, ylmy monografiýalar yzygiderli neşir edilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, institutyň gurluşy yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezi, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlar boýunça okuw merkezi açyldy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli institutyň dünýäniň 23 döwletinden hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri we diplomatik akademiýalar bilen onlaýn maslahatlar we duşuşyklar geçirildi.

Soňra hasabat bermek üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýewe söz berildi.

Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdebinde milli we halkara derejede ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny ösdürmek, bilim işinde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar, ýaşlaryň watançylyk terbiýesine uly üns berilýär. Munuň üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly eserleri hem-de maksatnamalaýyn çykyşlary ulanylýar.

2020-nji ýylda uniwersitetde ylmy-mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini alyp barmak, ýaş alymlary ýetişdirmek, uniwersiteti dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça işler amala aşyryldy. Ýokary okuw mekdebiniň wekilleri dürli ylmy bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiziň halkara ylmy gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, geçen ýyl daşary ýurt okuw mekdebiniň dördüsi bilen hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnamalara gol çekildi. Şeýlelikde, häzirki wagtda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Uniwersitetde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatlaryň umumy mejlisleriniň ikisi geçirildi. 2020-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary internet arkaly guralan ylmy-amaly maslahatlaryň 70-den gowragyna, şol sanda halkara maslahatlara gatnaşdylar.

Hasabat döwründe ýokary okuw mekdebiniň talyplary halkara we internet bäsleşiklerinde baýrakly orunlaryň 22-sine, ýurdumyzda geçirilen ders bäsleşiklerinde bolsa 128-sine mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň esaslaryny öwrenmäge hem-de ylmy taýdan seljermäge, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna, mähriban halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny hem-de däp-dessurlaryny wagyz etmäge berilýän ünsüň örän wajypdygyny nygtady.

Bu işler jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine hem-de halkara giňişlikde abraýynyň barha artmagyna ýardam edýär.

Milli Liderimiz Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe ýüzlenip, adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň işini işjeňleşdirmegi, dünýäde umumy kabul edilen hukuk kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri yzygiderli işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň alyp barýan ylmy işleri bilen gyzyklanyp, ýolbaşçylaryň hemişe öz talyplary üçin mynasyp görelde bolmalydygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim işini işjeňleşdirmegiň, mowzuklaýyn monografiýalary, döwletimiziň bähbitlerine mynasyp wekilçilik etmäge, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan uly üstünlikleri wagyz etmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin okuw kitaplaryny işläp taýýarlamagyň wajypdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň 2020-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen, degişli işleriň geçirilendigi bellenildi. Garalýan döwürde döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasynda boldy, onlaýn görnüşde geçirilen birnäçe duşuşyklara we ýokary derejeli maslahatlara gatnaşdy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirdi.

Milli Liderimiziň BMG-niň Baş sekretary hem-de daşary döwletleriň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi, şolaryň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Garalýan döwürde wideoaragatnaşyk arkaly dürli duşuşyklar geçirildi. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Geçen ýyl daşary syýasat edaralarynyň we diplomatik wekilhanalaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda yzygiderli çäreler görüldi. Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek boýunça maksadalaýyk işler amala aşyryldy. Ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň hem-de beýleki degişli düzümleriň birnäçe mejlisleri, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik maslahatlary geçirildi.

Soňra daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän ornumyzy berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň hil taýdan täze häsiýete eýe bolandygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistan bilen sebitiň beýleki döwletleriniň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Soňra daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew 2021-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri hem-de dabaralary ýokary derejede guramak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan ýörite maksatnama barada hasabat berdi. Bu maksatnamada görkezilen çäreleri we dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Şeýle hem döwletimiziň oňyn daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň diplomatiýa ulgamynyň alyp barýan köptaraply işleri, dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly çäreler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň döwletara derejede dostlukly gatnaşyklary hem-de köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürjekdigini, abraýly halkara we sebit guramalary bilen oňyn gatnaşyklary giňeltjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz DIM-niň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz döwletimiziň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyna yzygiderli ygrarlydygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi. Wise-premýer Daşary işler ministrliginiň netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler we döwlet Baştutanymyzyň degişli tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň maliýe meselelerini öz wagtynda çözmek hem-de işgärleriň netijeli işlemegi üçin degişli şertleri üpjün etmek maksady bilen, şol meseleleri yzygiderli seljermegiň zerurdygy barada görkezme berdi. Olaryň işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Milli Liderimiz iş maslahatyny jemläp, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy baýram edilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda daşary syýasatymyzy amala aşyrmak boýunça işleri has-da güýçlendirmek üçin, hemmeleriň örän köp we tutanýerli işlemelidigini nygtady.

Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatyny bütin dünýä giňden açyp görkezmegiň wajypdygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe ýüzlenip, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, jemgyýetiň hukuk esaslaryny has-da berkitmek, halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik däplerini baýlaşdyrmak, her bir raýatyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek boýunça işleri talabalaýyk dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

Şu institutyň ýolbaşçysyna şeýle hem dünýäde umumy kabul edilen hukuk kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri yzygiderli işläp taýýarlamak, bu ugurda adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň işini has-da güýçlendirmek tabşyryldy.

Şunuň bilen birlikde, «Demokratiýa we hukuk» žurnalynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny beýan etmek, amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň, şol sanda demokratik özgertmeleriň mazmunyny we häsiýetini açyp görkezýän seljeriş makalalaryny çap etmek boýunça işleri has-da kämilleşdirmek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorlary J.Gurbangeldiýewe hem-de E.Aýdogdyýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň ýokary hünär derejeli bolmagynyň we zehinli ýaş diplomatlary taýýarlamagyň şu ýokary okuw mekdepleriniň baş maksatlarynyň biri bolmalydygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň talabyna laýyklykda, Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde täze hünär ugurlaryny açmagyň ýagdaýyny seljermegi, hususan-da, geljekde dürli sebitler, şol sanda Gündogary öwreniş, Amerika we Ýewropa ýurtlary, sanly diplomatiýa, kiberhowpsuzlyk, seljeriş we strategik meýilleşdiriş boýunça ýöriteleşen hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçiligini öwrenmegi tabşyrdy.

Bilim bermek ulgamynda innowasion we sanly tehnologiýalary giňden ulanmak bilen, ylmy-pedagogik düzümiň ýokary derejede taýýarlykly bolmagy gazanylmalydyr. Şonuň üçin mugallymlaryň hünär taýdan kämilligine uly üns berilmelidir. Milli Liderimiz bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaş okuw mekdepleri bilen tejribe alşyp, zerur bolanda hünäri kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşmagyň üpjün edilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerinde däp bolan okuw sapaklary bilen bilelikde, onlaýn sapaklary hem guramagy, talyplaryň dürli ylym-bilim bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşmagyny üpjün etmegi, ýokary bilim bermek üçin okuw işine belli daşary ýurt alymlaryny we diplomatlaryny dürli ugurlar boýunça leksiýalary okamak üçin çagyrmagy, bu ugurda internet tehnologiýalaryny netijeli ulanmagy tabşyrdy.

Dünýädäki öňdebaryjy tejribeleri öwrenip, zerur bolan halatynda okuw meýilnamalaryna gaýtadan seretmek, şu ugurda talyplaryň dil taýdan taýýarlygyna aýratyn üns bermek, bu işde innowasion we sanly tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistanyň ulag, energetika, suw, ylym we sport diplomatiýasynyň ylmy esaslaryny işläp düzmek we açyp görkezmek maksady bilen, professor-mugallymlaryň hem-de talyplaryň bu ugurda alyp barýan ylmy-barlag işleriniň gerimini giňeltmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz bu mesele baradaky gürrüňi dowam edip, ýokary okuw mekdeplerinde internet žurnalistikasy we syýasy kommunikasiýa boýunça täze sapaklary girizmegi, beýleki zerur bolan täze hünärleri açmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Halkara hukuk boýunça bilim alýan talyplar üçin halkara ykdysady gatnaşyklaryň meselelerini çözmek we halkara arbitraž ugry boýunça täze sapaklary we amaly okuwlary girizmek mümkinçiligine seretmek wajypdyr.

Milli Liderimiz şeýle hem halkara iş boýunça ýaş hünärmenlerde hünär ussatlygy bilen birlikde Watana wepalylyk, päk ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik we belent adamkärçilik häsiýetlerini terbiýelemegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrliginiň öňünde durýan wezipelere geçip, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa we beýleki degişli ýolbaşçylara Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny has-da giňden amala aşyrmak babatda tabşyryk berdi. Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyny ýurdumyzyň 2017 — 2023-nji ýyllary öz içine alýan daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda alyp barmaly. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2029-njy ýyllar üçin Konsepsiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işlere häzirden başlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça zerur çäreleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Şundan ugur alyp, şu ýylyň birinji çärýeginiň ahyryna çenli halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak zerurdyr.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň dünýädäki ornuny we abraýyny berkitmek hem-de beýleki döwletler bilen gatnaşyklarda ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çäreleriň hem-de maslahatlaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegiň ähmiýetini belledi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegi, bu guramanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen Kararnamalaryny hem-de beýleki resminamalaryny taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar bilen döwletimiziň bähbitlerine gabat gelýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Türkmenistanyň daşary ykdysady işini maksatnamalaýyn esasda ösdürmek boýunça degişli tabşyryklar berildi. Şu maksat bilen, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de içerki mümkinçilikleri ýokary derejede peýdalanmak boýunça çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek zerurdyr.

Milli Liderimiz sebitdäki ykdysady ýagdaýlary seljerip, ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen geljekde alyp barjak hyzmatdaşlygyna täzeçe çemeleşmek bilen, anyk teklipleriň taýýarlanylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli döwlet edaralary bilen bilelikde daşary ýurtlarda söwda wekilhanalarymyzy açmak üçin hem teklipleri bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen we iri halkara guramalarda goldawa eýe bolan teklipleriň hem-de halkara derejede kabul edilen çözgütleriň, şol sanda birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak zerurdyr.

Aral deňzi bilen bagly ýüze çykýan zyýanly täsirleri azaltmak babatda sebit ýurtlary bilen anyk maksada gönükdirilen işleriň depgini güýçlendirilmelidir. Şeýle hem milli Liderimiz Hazar deňziniň mümkinçiliklerini ulanmakda Hazarýaka döwletler bilen zerur hukuk binýadyny we meýilnamalary taýýarlamak işleriniň dowam etdirilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we pugtalandyrmak üçin, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam bermegiň wajypdygyny belledi.

Ykdysady, söwda, maýa goýumlar, ylym-bilim we tehnika, medeniýet hem-de beýleki ugurlary öz içine alýan, daşary ýurt döwletleri bilen Türkmenistanyň arasynda döredilen ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň işjeňligi ýokarlandyrylmalydyr. Bu toparlarda daşary ýurt işewürleri bilen gatnaşyklary has-da giňeltmäge, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly üns berilmelidir.

Türkmenistanyň beýleki döwletlerdäki diplomatik wekilhanalary, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan daşary ýurtlardan uly möçberde harytlar, enjamlar, ýörite tehnikalar satyn alnanda öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlyk ýola goýulmalydyr. Döwlet Baştutanymyz bu önümleri amatly bahalardan satyn almakda we zerur maglumatlary alyşmakda olara ýardam etmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirip, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, döwlet býujetinden hem-de maliýeleşdirmegiň beýleki döwlet çeşmelerinden bölünip berilýän serişdeleriň öz wagtynda we maksadalaýyk özleşdirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýene-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, garamaga teklip edilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahaty, dabaralary we çäreleri geçirmek hakyndaky», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny tassyklamak hakyndaky», «Eksport-import amallary üçin «Bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky» Kararlar bar.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyny döretmek hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz bu Karara gol çekjekdigini aýdyp, beýleki pudaklaryň işi bilen hem bagly bolansoň galan Kararlara Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçiriljek giňişleýin mejlisinde seredilse, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Ýokarda agzalan tapawutlandyryş nyşany barada aýdylanda bolsa, bu nyşan bilen Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny amala aşyrmakda, daşary ýurt döwletleri bilen dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekde we berkitmekde ýurdumyzyň abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmekde şahsy goşandyny goşan diplomatik gullugyň işgärleri sylaglanar.

Milli Liderimiz Karara gol çekip we şu mynasybetli türkmen diplomatlarynyň ählisini gutlap, ony wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny döredendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň bu çözgüdiniň ýurdumyzyň diplomatik düzümi üçin şanly wakadygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň yzygiderli goldawy netijesinde türkmen diplomatlarynyň üstünlikli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Diplomatik gullugyň hukuk binýady yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de kämilleşdirilýär, onuň işine öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Degişli düzüm döwrebaplaşdyrylýar, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary üçin täze binalar gurulýar. Diplomatik işgärleriň, olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar.

Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyza şu günki duşuşyk hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça gymmatly öwüt-ündewleri hem-de maslahatlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny birkemsiz durmuşa geçirmek, onuň halkara abraýyny has-da artdyrmak, milli Liderimiziň öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20405?type=feed

10.02.2021
TOPH: energetika howpsuzlygynda möhüm çözgüt

Geografik ýerleşişine, ykdysady kuwwatyna, demografiýasyna, syýasy täsirine we harby güýjüne garamazdan, döwletleriň ählisi üçin energetika howpsuzlygynyň milli, sebit we ählumumy derejede üpjün edilmegi derwaýys häsiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň howpsuzlygy we durnuklylygy köp babatda dünýä ösüşiniň uzak möhletleýin geljeginiň umumy ugruny kesgitleýär. «British Petroleum Corporation» kompaniýasynyň 2040-njy ýyla çenli dünýä energetikasynyň ösüşi babatdaky çaklamasyna görä, dünýäde tebigy gaza bolan islegiň yzygiderli artmagyna garaşylýar.

Halkara hyzmatdaşlykda energetika ulgamy Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ol ýurdumyzyň ählumumy meseleleri çözmekdäki ornunyň ýokary ähmiýetini hem kesgitleýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ätiýaçlyk gaz gory boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. OPEC halkara guramasynyň her ýylda çap edýän statistiki maglumatlaryna görä, ýurdumyz tebigy gazy çykarmagyň möçberi boýunça Ýewropada we GDA-da 3-nji orny eýeleýär.

Milli Liderimiziň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda belleýşi ýaly, şu günki gün Türkmenistanyň energetika toplumynyň geljekki ösüşiniň möhüm wezipesi energiýa çeşmelerini eksport etmegiň diwersifikasiýasy we köpşahaly, dürli ugurlara gönükdirilen turbageçirijiler ulgamyny döretmekdir. Häzirki wagta çenli Türkmenistan — Eýran, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijileri gurlup, ulanylmaga berildi. Energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini görkezmek bolar. Ýeri gelende bellesek, bu halkara gaz geçirijiniň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk milli Liderimiziň daşary syýasatynyň energetika çygryndaky halkara başlangyçlary öňe sürmekde we amala aşyrmakda yzygiderliliginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Halkara bileleşigiň energetika meselesi boýunça tagallalaryna ýardam bermek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglylykda, energetika howpsuzlygyna daşary syýasatda esasy ugurlaryň biri hökmünde garaýan Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda TOPH taslamasy bilen bagly guramaçylyk-hukuk çäreleri yzygiderli esasda amala aşyryldy. Bu möhüm taslama bilen bagly käbir maglumatlary ýatlap geçmek ýerlikli bolar.

Geçen döwürde Türkmenistan tarapyndan syýasy-diplomatik çäreleriň uly toplumy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki duşuşyklary, ara alyp maslahatlaşmalary, geňeşmeleri, gepleşikleri yzygiderli esasda alyp barmak ýola goýuldy. Olaryň netijesinde taryhy ähmiýetli, esas goýujy resminamalar kabul edildi.

Resminamalar hökümetara we pudagara ylalaşyklar we şertnamalar görnüşinde bolup, olaryň hatarynda tebigy gaz geçiriji boýunça çarçuwaly ylalaşygy, tebigy gazy satmak we satyn almak boýunça ylalaşygy, gaz geçirijiniň işini alyp barmak boýunça ylalaşygy, maýa goýum ylalaşygyny, paýdarlaryň ylalaşygyny, şeýle-de taslama gatnaşyjy taraplaryň arasynda gol çekilen tebigy gazy ýerlemek boýunça ylalaşygy görkezmek bolar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara maslahatlardyr konferensiýalarda iri halkara taslamanyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly gurşawyň döredilendigini hem aýratyn bellemek gerek.

Taslama degişli möhüm resminamalaryň hatarynda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň — Karz alyjynyň adyndan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen degişli maliýeleşdiriliş ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berilmegi hakyndaky Karary görkezmek bolar. Galyberse-de, TOPH taslamasyny maliýeleşdirmek babatda ýurdumyz bilen TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň Tranzaksion Geňeşçisi hökmünde çykyş edýän Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dowam edýändigi bellärliklidir. Taraplaryň arasynda maýa goýumlar boýunça hyzmatdaşlygyň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin iş Meýilnamasyna energetika ugry hem goşuldy.

2018-nji ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde kabul edilen Kararnama TOPH taslamasynyň uly ähmiýetini tassyklaýan halkara hukuk namasydyr. Resminamada şeýle taslamalaryň sebit derejesinde söwda we ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmekdäki, täze üstaşyr geçelgeleri döretmekdäki ornunyň nygtalmagy taslamanyň halkara ähmiýetini şöhlelendirdi.

2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «TAPI Pipeline Limited» we «Afghan Gas Enterprise» edaralarynyň arasynda Owganystan Yslam Respublikasynda tebigy gaz bazaryny emele getirmek we ösdürmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi TOPH taslamasynyň hukuk esaslarynyň üstüni ýetirýän möhüm resminamalaryň biri bolup, taraplaryň arasynda energetika babatda hyzmatdaşlygy mazmun taýdan çuňlaşdyrmaga şert döretdi.

Geçen döwürde bu iri taslama boýunça dünýäniň aýry-aýry künjeklerinde, has takygy, Singapur, Nýu-Ýork, London, Dubaý ýaly iri söwda, ykdysady we senagat merkezlerinde biznes-turlar, duşuşyklar, tanyşdyryş dabaralary, roud-şüweleňler hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu çäreler dünýäniň iri energetiki subýektlerinde, iri maliýe toparlarynda taslama bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň «Taliban» hereketiniň syýasy edarasynyň wekilleri bilen ýakynda, 6-njy fewralda paýtagtymyzda geçiren duşuşyklary milli Liderimiziň daşary syýasy strategiýasynyň täze bir ýeňşi hökmünde taryha girdi. TOPH taslamasyna ilki-ilkiler Owganystandaky syýasy durnuksyzlygy göz öňünde tutup, hyýaly taslama hökmünde baha beren dürli halkara neşirler, gürrüňi edilýän duşuşykdan we «Taliban» hereketiniň syýasy wekilleriniň Türkmenistanyň Owganystan bilen baglanyşykly taslamalaryny goldaýandyklary hem-de olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge taýýardyklary baradaky beýanatlaryndan soňra, bu wakany netijeli birleşdiriji hereket hökmünde häsiýetlendirdiler. Elbetde, bu ýagdaý türkmen diplomatiýasy üçin uly üstünlik we goňşy ýurduň syýasy, ykdysady-durmuş ulgamlaryny ösdürmekde täze sepgitdir.

Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşyk-gurnama işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Has takygy, turbageçirijiler doly kebşirlenip, türkmen-owgan serhedine eltildi. Taslamanyň türkmen böleginde turbageçirijiniň hem-de gaz gysyjy desgalaryň gurluşyk işlerine tehniki gözegçiligi amala aşyrmak barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Gonkongyň degişli kompaniýasynyň arasynda Şertnama baglaşylmagy alnyp barylýan işleriň ýokary hil görkezijilerini üpjün etmäge ýardam berer. Gaz geçirijiniň türkmen böleginde kömekçi enjamlary we serişdeleri üpjün etmek boýunça baglaşylan şertnama onuň ugrunda uly göwrümli açyp-ýapyjylaryň hem gurnalmagyna mümkinçilik berer.

TOPH gaz geçirijisi birek-birege hormat goýmak ýörelgesine esaslanýan, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň mysalydyr. Munuň özi şeýle hem sebitde energiýa bolan islegi kanagatlandyrmaga gönükdirilen gaz geçiriji bolup, oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologik nukdaýnazardan ýokary ähmiýete eýedir. Munuň özi döwletleriň arasynda parahatçylyga, düşünişmäge, özara bähbitlere esaslanýan gatnaşyklar üçin amatly syýasy gurşawy döretmäge ýardam berer. Şol sanda milli, sebit we ählumumy derejelerde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhümdir.

Gylyçmuhammet JORAÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20400

10.02.2021