Belent sepgitlere ýetilýär

Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etmelidir.

Hususan-da, hökümetiň mejlisinde halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli gelip gowşan tekliplere degişli toparyň mejlisinde bellenilen tertipde seredildi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 4 sany desgany bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak maksadalaýyk hasaplanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak üçin desgalary döwletiň garamagyndan aýyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň ähmiýetini belledi. Döwlet eýeçiligini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, ykdysadyýetiň düzüminde hususy eýeçiligiň paýyny artdyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, geljekde hem çäreler görülmelidir. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan daşaýjylary awtoulagda halkara gatnawlara goýbermegi düzgünleşdirmek boýunça görülýän çäreler, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň elektron maglumatlar binýadyny döretmek we onuň elýeterliligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly we beýleki meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisi tamamlanandan soň, milli Liderimiz Hökümet binasynyň daşyna çykdy hem-de töweregi synlady. Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň şanly senesi mynasybetli täze ýolagçy awtobuslaryň gelip gowşandygyny belläp, şolaryň birine wise-premýerler bilen bilelikde mündi. Täze awtobus ýokary derejeli ilkinji ýolagçylaryny alyp, paýtagtymyzyň «Oguzkent» myhmanhanasyna tarap ýola düşdi. Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyz şäheriň abadanlaşdyryş işleriniň geçirilişini hem-de meýilleşdirilýän köpçülikleýin arassaçylyk işleriniň alnyp barylmagynyň ähmiýetini belledi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/26254