Habarlar
PEDERLERIMIZIŇ KÖPASYRLYK DÄPLERI WE WESÝETLERI RUHY GYMMATLYKLARY BAÝLAŞDYRMAGYŇ ÖZENIDIR

AŞGABAT, 29-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde agzaçar sadakasyny berdi. Oňa şu gün paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde özbek Lideri mähirli garşylandy. Soňra ol Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini milli Liderimiz mähirli garşylady.
Soňra geçirilen gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-özbek gatnaşyklary hakyky dost-doganlyga hem-de ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini dowam etdirýän halklarymyzyň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýar.
Dostlukly goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasynyň aradan çykmagy zerarly milli Liderimize we maşgala agzalaryna gynanç bildirip, şu agyr pursatlarda sabyr-takatlylyk, ruhy durnuklylyk arzuw etdi.
Gudraty Güýçli Allatagalanyň emri bilen Mälikguly aga dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Oraza aýynyň şu nurana günlerinde bu dünýeden ötdi. Bu asylly we hoşniýetli ynsan onuň ýakynlarynyň hem-de ähli ildeşleriniň ýüreklerinde parasatly halypa hem-de ömrüni Watanyna we mähriban halkyna hyzmat etmäge bagyşlan hakyky watançy hökmünde hemişelik galar. Mälikguly Berdimuhamedowyň ady, ol baradaky ýagty hakyda Türkmenistanyň taryhyna hemişelik ýazylar diýip, Özbegistanyň Baştutany nygtady.
Belent mertebeli myhman şeýle hem türkmen Lideriniň Türkmenistanyň Baş metjidinde berýän agzaçar sadakasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, berilýän sadakanyň hem-de okalýan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.
Milli Liderimiz duýgudaşlyk we medet beriji sözler üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň Prezidentiniň şu agyr pursatlarda hakyky dost hökmünde gynanjyny paýlaşýandygyna ýokary baha berýändigini belledi.
Özara düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny, geljek üçin niýetlenen meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew söwda-ykdysady pudakda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hasaplanýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli höweslendirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit gün tertibiniň we halkara syýasatyň birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe goldaw sözleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, iki goňşy ýurduň hem-de doganlyk türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şol gatnaşyklar bolsa birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine hem-de taryhy-medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýar.
Soňra Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň bilelikdäki ulag kerweni Gypjakda ýerleşýän Baş metjide tarap ugrady. Şol ýerde agzaçar sadakasy berildi. Bu çäräniň mukaddes Oraza aýynda geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Mälim bolşy ýaly, şol aýda Gudraty Güýçli Allatagala keramatly Gurhandan ilkinji süreleri peşgeş beripdir. Goňşy döwletleriň halklary ýaly, türkmenler hem gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Oraza aýyna hormat-sarpa goýýarlar. Asylly işleri amala aşyrmaga hem-de rehim-şepagatlylyga çagyrýan bu sahawatly aýyň her bir gününde halkymyz mukaddes däp-dessurlary berjaý edipdir, beden we ahlak taýdan täzelenmäge aýratyn üns beripdir.
Oraza aýynda agyz beklenýär, milli däp-dessurlara laýyklykda, şäherlerde hem-de obalarda agzaçar sadakalary berilýär, tarawa namazy okalýar, halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň abadançylygy barada doga-dilegler edilýär. Asyrlaryň dowamynda bu dessur täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar hem-de köp halklaryň, şol sanda türkmenleriň belent ahlak gymmatlyklary, olaryň däpleri, hoşniýetlilik ýörelgeleri bilen kämilleşdirilýär.
Häzirki döwürde jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän däplerini artdyrmak, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr.
Ýurdumyz ynsanperwerlik ýörelgelerini daşary syýasy strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär, abadançylygyň hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň bähbidine dünýäniň döwletleri bilen gatnaşyklary giňeldýär.
Iki dostlukly ýurduň Liderleri Türkmenistanyň Baş metjidine gelenlerinden soň, kümmete baryp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyraladylar. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri aýat we doga okadylar.
Döwlet Baştutanlary kümmetden çykyp, metjide tarap ugradylar. Bu ýerde Mekgä haj parzyny amala aşyran mahalynda Türkmenistanyň Prezidentine sowgat berlen teperrik hem-de musulman dünýäsiniň mukaddes şäherinden ýadygärlik hökmünde türkmen Liderine iberilen, Käbäniň keramatly ýazgysy beýan edilen örtük goýlupdyr. Şol ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri Gurhandan aýat okaýarlar hem-de mukaddes Oraza aýynda berlen sadakanyň hem-de okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edýärler.
Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew agzaçar sadakasynyň geçiriljek ýerine gelýärler we özleri üçin niýetlenen ýere geçip oturýarlar.
Agzaçar sadakasy başlamazdan ozal döwlet Baştutanlary söz sözlediler.
Milli Liderimiz sadaka gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, ata-babalarymyzyň “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn” diýen parasatly sözlerini getirdi. Şol nukdaýnazardan, şu gün şeýle uly hormat goýup, kakamy — kyblamy ýatlap, ählimiz bir supranyň başyna jemlendik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Halkymyz “Agzybire Taňry biýr” diýipdir. Şonuň üçinem mähriban kyblamyň ýedisi geçenden soň, birinji anna agşamynda agzybirlikde bir supranyň başyna jemlendik. Ata-babalarymyz ýas bilen toý bile geler diýipdirler. Goňşularymyz, dostlarymyz, doganlarymyz begenen ýerimizde bile begenýärler, gynanan ýerimizde biziň bilen bile gynanýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz Mälikguly aganyň aradan çykmagy zerarly bildirilen köp sanly duýgudaşlyk sözleri üçin taňryýalkasyn aýdyp, Oraza aýynda berilýän agzaçar sadakasyna Özbegistandan gelen myhmanlaryňam gatnaşýandygyny belledi. Halkymyz Özbegistan, özbek halky bilen asyrlar bäri dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklap gelýär. Ata-babalarymyz: “Kyýamat güni goňşudan” diýipdir.
Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz öz adyndan we türkmen halkynyň adyndan Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de özbek halkyna çuňňur hormatyny beýan etdi we şu çärä gatnaşýandyklary üçin taňryýalkasyn aýtdy.
Soňra Özbegistanyň Lideri hormatly Prezidentimize, milli Liderimiziň ýakynlaryna, dostlukly türkmen halkyna uly ýitgi — döwlet Baştutanymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly tüýs ýürekden gynanjyny bildirdi we duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.
Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, öz ömrüni jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramaga, mugallymçylyk işine bagyş eden Mälikguly aganyň ýagty ýadygärligi türkmen halkynyň hakydasynda müdimilik galar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşine gynanjyny paýlaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp bermegini haýyş etdi.
Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykýar. Şondan soňra agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara nahar çekilýär. Nahardan soň Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri aýat-töwir edýärler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyna gatnaşýandygy üçin ýygnananlara ýüzlenip: “Oraza aýynda okalan aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Merhumyň jaýy jennet bolsun!” diýip, sadaka gatnaşýanlara aýtdy.
Çärä gatnaşan Türkmenistanyň we Özbegistanyň hormatly ýaşululary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren agzaçar sadakasynyň we okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, merhumyň jaýynyň jennet bolmagyny dileg etdiler.
Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň bilelikdäki awtoulag kerweni Aşgabadyň Halkara howa menziline barýar. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we onuň bilen hoşlaşdy.
Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Watanyna ugrady.
***
Şu gün ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň metjitlerinde mübärek Oraza aýynda asylly ýörelge hasaplanylýan agzaçar sadakalary berildi. Asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň dowam edýändigini alamatlandyrýan agzaçar sadakasynyň Arkadag Prezidentimiziň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowy hatyralaýan çäreler bilen utgaşmagynda çuňňur many bar.
Belent ahlak, ynsanperwerlik ýörelgelerine, medeni hem-de ruhy gymmatlyklara laýyklykda, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň sazlaşykly ösmegini, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasaty netijesinde, bu ynsanperwerlik ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu gadymy dessurda parasatlylyk hem-de çuňňur many bar. Onda milletiň päklige hem-de rehim-şepagatlylyga ymtylmasynyň ruhy many-mazmuny öz beýanyny tapýar.
Metjitlerde berlen agzaçar sadakalarynda halkymyzyň abadançylygy we Türkmenistanyň gülläp ösmegi dileg edildi, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagy üçin aýat-töwirler okaldy.
— Berlen sadakalar, edilen doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
— Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we abadançylyk bolsun!


https://metbugat.gov.tm/blog?id=2585 

30.04.2021
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Onuň tutanýerli zähmeti we türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary hemişelik hakydamyzda galar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň agyr ýitgi zerarly ýürek ýarasyny we hasrat-gaýgyny paýlaşmagyna ýokary baha berýändigini hem-de hormat goýýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin doganlyk döwlet bolup, onuň bilen gatnaşyklara uzak möhletliligiň, strategik häsiýetiň mahsusdygyny belledi.

Türk Lideri, öz nobatynda, Türkiýäniň parahatçylyk söýüjilikli döredijilik syýasaty alyp barýan Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şol syýasat ýurda we onuň Baştutanyna dünýä giňişliginde uly abraý getirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar häzirki wagtda türkmen-türk dostlukly gatnaşyklarynyň hil taýdan täze mazmuna eýe bolýandygyny, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bolsa döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle hem Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Baştutanlary ýurtlaryň mizemez doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, geljekde hem ileri tutulýan ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini bellediler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana duýgudaşlyk sözleri üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de işde uly üstünlikleri, doganlyk türk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27269?type=feed

29.04.2021
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Goňşy döwletiň Baştutany söhbetdeşligiň başynda milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly özüniň çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi hem-de ähli gazagystanlylaryň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz duýgudaşlyk sözleri üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, bu goldawlara ýokary baha berýändigini hem-de Gazagystanyň halkynyň we onuň Lideriniň şu kyn günlerde çuňňur hasraty paýlaşýandygyna hormat goýýandygyny nygtady.

Biziň ýurdumyz Gazagystan Respublikasy bilen däp bolan dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine, rowaçlyga we durnukly ösüşe bolan ymtylmalara esaslanýar.

Söhbetdeşler giň gerimli ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, bu gün iki döwletiň hem özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, ulag, aragatnaşyk babatda, senagatyň dürli pudaklarynda, şol sanda azyk, himiýa, ýeňil we elektrotehnika pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ýeterlik kuwwata eýedigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Iki döwletiň Baştutanlary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ynanyşmak häsiýetiniň gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen birlikde, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kemala getirmäge mümkinçilik berjekdigi barada bir pikiri beýan etdiler.

Ylym we bilim ulgamynda soňky ýyllarda ýola goýlan ýakyn hem-de netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine mundan beýläk-de uly üns berler, munuň şeýle bolmagyna köp babatda goňşy ýurtlaryň halklarynyň taryhy umumylygy, medeni we ruhy däpleriniň ýakynlygy ýardam berýär.

Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Liderleri döwletara gatnaşyklara täze itergi we many-mazmun bermäge umumy maksatlaryny tassyklap, däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mizemezdigine hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine pugta ynam bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz duýgudaşlyk sözleri üçin gazak kärdeşine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri, dostlukly ýurduň halkyna bolsa rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27268?type=feed

29.04.2021
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi hem-de täjik halkynyň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu kyn günlerde aýdan goldaw sözleri üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirip, deňlik, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini nygtady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Liderleri döwletara hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky giň gerimli meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen we täjik halklarynyň öňden gelýän dostluk däpleri, iki döwletiň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygy ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Bu gün Türkmenistan we Täjigistan bir-birini goldap, abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we YHG-nyň çäklerinde hem üstünlikli gatnaşyk edýärler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda pikirlerini aýdyp, ulag, nebitgaz senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy pudaklarynda uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze, geljegi uly ugurlaryny gözläp tapmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Şular bilen bir hatarda, döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdylar.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27267?type=feed

29.04.2021
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi

Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde “ARETI” (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, “King&Spalding” hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, “Rizvi Traverse Management LLC” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, “Legacy” maliýe kompaniýasynyň baş direktory, “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri üçin işewürlere minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz iri halkara işewür düzümleri we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär.

Sebitde strategik orny eýeleýän Türkmenistan tebigy serişdelere örän baýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň ýurduň yzygiderli öňe hereket etmegini gazanmakdan, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň hemmesini peýdalanmakdan, ähli ulgamlara iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Netijede, zehinli, zähmetsöýer türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini we derejesini durnukly ýokarlandyrmagy gazanmak maksat edinilýär.

Şunuň bilen baglylykda, energetika pudagyny ösdürmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmek üçin maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, saglygy goraýyş, bilim, ylym we işewürlik ulgamlarynyň derejesiniň hil taýdan ösüşini üpjün etmek maksady bilen, täze maglumat tehnologiýalaryna maýa goýmak ýaly strategik ugurlar rowaçlygy gazanmagyň möhüm ýagdaýlary bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk hem-de ara alnyp maslahatlaşmaga çykarylan meseleler amala aşyrýan strategiýanyň bölegidir. Milli Liderimiz Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmak üçin halkara maýadarlaryň konsorsiumynyň döredilmegi babatda gepleşikleriň başlanýandygyny goldap, işewürleriň ähli ugurlar boýunça tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Soňra çykyş eden “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow duşuşygyň guralandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç sözlerini aýtdy. Milli Liderimiziň kakasy baradaky röwşen hakyda nurana ynsan, parasatly halypa, ömrüni Watana wepaly gulluk etmäge bagyşlan hakyky watançy hökmünde onuň ähli ildeşleriniň ýüreklerinde hemişelik galar diýip, I.Makarow nygtady we döwlet Baştutanymyza hem-de ýakynlaryna sabyr-kanagat, şu kyn döwürde ruhy durnuklylyk arzuw etdi.

Soňra “King&Spalding” hukuk kompaniýasynyň baş direktory we hyzmatdaşy Endrýu Hruska söz berildi. Ol, ilki bilen, öwezini dolup bolmajak agyr ýitgi — milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly, döwlet Baştutanymyza gynanç bildirdi.

Işewür özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän halkara işewür düzüminiň dünýäde jogapkärli we ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde özüni tanadan Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin saýlanyp alynmagynyň uly hormatdygyny belledi.

Endrýu Hruska sözüni dowam edip, şu duşuşyga gatnaşýan kompaniýalaryň depginli ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmalaryny tassyklap, döwlet Baştutanymyzy öz kärdeşleri hem-de dürli pudaklarda ýöriteleşen holdingleriň alyp barýan işleri we dünýäniň ençeme ýurdunda iş alyp barmakda toplan uly tejribeleri bilen tanyşdyrdy.

Milli ykdysadyýetiň görkezijileriniň sazlaşykly ösmeginiň ýurdumyzyň ägirt uly serişde kuwwatynyň beýleki döwletler hem-de iri abraýly holdingler tarapyndan özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edýändigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler beýan edildi.

Milli Liderimiz teklipleri üçin jenap Endrýu Hruska minnetdarlyk bildirip, şol teklipleriň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýändigini nygtady hem-de türkmen tarapynyň hödürlenen taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň meseleleriniň üstünde konsorsium bilen işe girişmäge taýýardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz taslamanyň amala aşyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen, baglanyşdyryjy halka we hyzmatdaş hökmünde “ARETI” kompaniýasyny teklip etdi. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk dürli taslamalarda 25 ýyldan gowrak wagt bäri amala aşyrylýar. Onuň energetika pudagyndaky tejribesi hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlardaky abraýy Türkmenistanyň taslamada döwletimiziň bildirýän berk talaplaryna we garaýyşlaryna laýyklykda wekilçilik etmegine ynam döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz taslamany işläp düzmek we şertnamalaýyn resminamalary taýýarlamak üçin degişli ýolbaşçylara düzümine ugurdaş döwlet edaralarynyň wekilleri girjek iş toparyny döretmegiň tabşyryljakdygyny belläp, nobatdaky duşuşykda bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň kesgitleniljekdigini aýtdy.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda “Rizvi Traverse Management LLC” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanç sözlerini beýan etdi.

Suhail Rizwi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özüneçekiji maýa goýum ýagdaýyny döretmek üçin zerur bolan hukuk binýadyny ornaşdyrmagyň öňdebaryjy tejribesi boýunça ýurtlara hem-de halkara guramalara maslahat bermegiň köpýyllyk we üstünlikli tejribesine eýe bolan, özüniň wekilçilik edýän kompaniýasynyň işi bilen tanyşdyryp, Şweýsariýa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ählumumy maliýe institutlarynyň konsorsiumynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara maýa goýmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Kompaniýanyň ägirt uly uglewodorod gorlaryny özleşdirmek üçin täze düzümleri döretmek barada türkmen tarapynyň garaýyşlaryny tassyklaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti nygtaldy. Munuň özi onuň durnukly ösüşiniň esasy şerti bolup hyzmat edýär.

Döwlet Baştutanymyz berlen maglumatlar üçin minnetdarlyk bildirip, ykdysadyýeti, maliýe we durmuş ulgamlaryny ösdürmekde peýdalanylyp bilinjek döwrebap tehnologiýalar babatdaky ýokary hilli innowasion taslamalara ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Döwletiň degişli edaralaryna hödürlenen maglumatlary öwrenmek, taslamanyň her bir meselesini bilelikde ara alyp maslahatlaşmak we geçirilen işler boýunça netijenamany taýýarlamak tabşyrylar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň ara alnyp maslahatlaşylan taslamalara degişli meýillerini şu günki wideomaslahatyň teswirnamasynda bellige almagy teklip edip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki bilelikdäki hereketleriniň nobatdaky duşuşygyň çäklerinde garaljakdygyny belledi.

Soňra Igor Makarow öz çykyşynda ýolbaşçylyk edýän işewürlik düzüminiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna pul serişdelerini geçirmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli maksatlary üçin “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biriniň ýaş nesilleriň abadançylygy baradaky alada bolup durýandygyny belledi.

Wideoduşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly aýdan tüýs ýürekden duýgudaşlyk we goldaw sözleri üçin kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz hem-de işewürler birek-birege päk niýetli arzuwlaryny aýdyp, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27266?type=feed

29.04.2021
Jeýhun joşly döwrebap işler

Merkezi Aziýanyň iň iri suw akabasy bolan Amyderýanyň 1000 kilometrden hem gowragynyň Türkmenistanyň çäklerinden akyp geçýändigi bize eýýäm mekdep ýyllaryndan bäri mälim. Bu çägiň esasy bölegi welaýatymyza degişlidir. Ýurdumyzyň dirilik damaryna öwrülen derýanyň mümkinçiliklerinden has kän peýdalanmak, şol bir wagtda-da ony aýawly saklamak, hemişe gözegçilik etmek bolsa döwletimiziň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Hut şu wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen hem hormatly Prezidentimiz ýakynda taryhy Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine agentligiň garamagyndaky «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek tabşyryldy.

Merkezi edarasy Türkmenabat şäherinde ýerleşýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze görnüşde esasy wezipeleri Amyderýada derýa ulaglary bilen ýükleri daşamak, ýolagçy gatnatmak, derýa duralgalarynda ýükleri ýüklemek-düşürmek, derýa ulaglaryny gurmak, abatlamak, bejermek, gurluşyk-gurnaýyş işlerini ýerine ýetirmek, gurluşyk serişdesi bolan bişen kerpiji öndürmek, derýada çuňaldyş we gyrmançadan arassalaýyş işlerini geçirmek, bu işleriň netijesinde üýşürilen derýa çägesini isleg bildirýän edara-kärhanalara ýerlemek ýaly işlerden ybarat bolup durýar. Kärhananyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilip guralmagy bilen, täze görnüşli işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilikler döredi. Bularyň hatarynda derýa ýük we ýolagçy ulaglaryny ulanmak, suw ulaglaryny abatlamak, olara tehniki taýdan hyzmat etmek, ammarlarda ýükleri saklamak, suw desgalaryny gurmak, gämi gurluşygy we beýleki görnüşli işler alnyp barylýar. Kärhana düzümindäki 40-a golaý derýa ulaglary bilen Amyderýanyň 813 kilometr hem-de Garagum derýasynyň 200 kilometr töweregi aralygynda ulag hyzmatyny ýerine ýetirýär. Şol sanda Türkmenabat — Kerki, Zähmet — Zeýit aralygynda dürli halk hojalyk ýüklerini daşamak, gum sorujylary çekmek işlerini alyp barýar. Mundan başga-da Türkmenistanyň nebit-gaz, ulag we aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklaryna degişli wajyp ýükleri daşamak işleri bilen meşgullanýar. Halaç etrabynyň «Pelwert», Hojambaz etrabynyň «Mekan» daýhan birleşiklerini derýanyň üsti bilen birleşdirýän ponton geçelgesi hem bu kärhana tarapyndan ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň biridir. Her ýylda bu geçelgeden ýüz müňlerçe ulag geçirilýär.

Gämi abatlaýyş we gämi gurluşygy boýunça önümçilik bölümi iň iri bölümleriň biridir. Kärhananyň çäginde 2 sany demir ýol bolup, olar gämi abatlamak we gämi gurluşygy boýunça önümçilik bölüminiň çäginden geçýärler. Olar şertli wagon sygyjylygy 20 wagon, uzynlygy 1008 metr bolan we Türkmenabat ulanyş bölümine ugrukdyrylan şertli wagon sygyjylygy 11 wagon, uzynlygy 295 metr bolan demir ýollardan ybaratdyr. Bilşimiz ýaly, halkara kadalarynyň talaplaryna laýyklykda gämileriň tehniki taýdan howpsuz ýüzüşiniň amala aşyrylmagyny berjaý etmek üçin ortaça her 2,5 ýyldan gämilerde bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi hökmanydyr. Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gämi abatlamak we gämi gurluşygy boýunça önümçilik bölüminiň Türkmenistanyň içerki suw ýollarynda we howdanlarynda hereket edýän gämileriň we ýüzüji serişdeleriň gatnawara, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmäge, gurmaga mümkinçiligi bar. Bölümde dürli göwrümli gämileriň bejergisi, ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak ýa-da bejermek işleri ýerine ýetirilýär. Özi hem bu bölümde diňe bir döwlet edaralary bilen däl, hususy taraplar bilen hem yzygiderli işleşilýär. Dürli görnüşli hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri, daýhan hojalyklary we beýlekiler bu bölümiň müşderileri bolup durýarlar. Umuman, bölüm ýylda uly mukdardaky demri, agajy gaýtadan işlemäge, kislorod öndürmäge, gämileriň we läbiksorujylaryň 20-sini abatlamaga ukyplydyr. Geljekde bu ýerde kiçi göwrümli gämileri hem-de läbiksorujylary gurnamak işleri meýilleşdirilýär. Önümçilik bölüminde guruljak bu gämiler Türkmenistanyň içerki suw ýollarynda ýük daşamagyň, adam gatnatmagyň howpsuz bolmagy, derýa akabalarynda, kanallarda çuňaldyş we gönüleýiş işleriniň ýokary derejede bolmagy hem-de suw hojalyk ulgamynyň ösmegi üçin uly goşant bolar.

Kärhananyň düzüminde gurluşyk bölüminiň hem hereket edýändigini ýatlatmak isleýäris. «Derýaýollary» AGPJ-i tarapyndan gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesi häzir Türkmenabat şäherine bezeg berýär. Täzeçe röwüşde işe başlan kärhana ýakyn wagtda welaýatyň çäginde paýly gurluşyk esasynda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işini giňeltmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin ähli mümkinçilikler bar. Kerpiç we gurluşyk çägesi birleşigiň özünde öndürilýär. Galan gurluşyk harytlaryny hem Köýtendag sebitlerinden gämi ýa-da ýük ulaglary arkaly az çykdajy bilen getirip bolýar. Kärhana tarapyndan welaýat merkezinde häzir hem birnäçe desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Jangeldi IŞANKULYÝEW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27186

29.04.2021
BMG-nyň Aziýa we Ýuwaş Umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 77-nji mejlisi öz işini tamamlady

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş Umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 2021-nji ýylyň 26-29-njy apreli aralygynda göni wideo aragatnaşyk arkaly 77-nji Ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy.

Bu Komissiýanyň 77-nji mejlisi «Aziýa we Ýuwaş Umman sebitinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasynda «öňküden has gowy» ýörelgesine eýermek bilen çökgünlik döwründen soňraky dikeldiş» atly mowzuk bilen geçirildi.

Mejlisiň ikinji gününde ýagny 2021-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow wideoýüzlenme arkaly çykyş etdi.

Ministr öz çykyşynda pandemiýadan soňky döwürde ykdysadyýetiň has durnukly ösüşini üpjin etmek üçin tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunda goşmaça maýa goýum işjeňligini artdyrmak ykdysady, durmuş we ekologiýa durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň wajyp şerti bolar diýip bellenilýär.

Umuman mejlisiň işi netijeli häsiýete eýe boldy. 2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde mejlis öz işini jemledi. Mejlisiň işine göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň, Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň, Ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi we maliýesi müdirliginiň we Durmuş-medeni ulgamynyň ösüşi we maliýeleşdirilişi bölüminiň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň jemleýji gününde ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli umumyadamazt ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi


29.04.2021
Beýik ösüşleriň berk binýady

«Türkmenistan— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler berk binýatlylygy we geljegi nazarlaýanlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Ynha, şu ýylymyz uly taryhy wakalara beslendi, belent üstünlikler gazanyldy. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda maksatlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.

Eziz Diýarymyzyň häzirki beýik ösüşleri biziň her birimizi buýsandyrýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyz syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda täze ösüşlere eýe bolýar, kanunçylyk has-da ösdürilýär. Muny biz ýakynda Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinden hem aýdyň göz ýetirdik. Iň esasy hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynyň bolmagy, möhüm ugurlar babatda aýratyn durlup geçilmegi ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň has-da berkidilýändigini beýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda anyk ugurlar, aýdyň maksatlar kesgitlenilýär. Şeýle hem bu möhüm taryhy özgertmeler ýurdumyzyň Esasy Kanunyndan gelip çykmak bilen birlikde milli ýörelgelerimize, demokratiýamyza esaslanýar. Şonuň üçin hem milli ýörelgelerimiziň döwrebap ösdürilmegi, halkara hukuklaryna laýyk getirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda şeýle belleýär: «Häzirki döwürde Türkmenistan giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde örän uly wezipeler durýar. Biz döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek boýunça kanun çykaryjylygy kämilleşdirmäge ýardam bermelidiris. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza esaslanýan ynsanperwer hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen ugrumyzy has netijeli durmuşa geçirmäge hemaýat etmelidiris». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde uly wezipeler durýar. Esasan hem bu işler möhüm ugurlary öz içine alýar. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda bularyň her biri hakynda yzygider we aýdyň beýan etdi. Munuň özi Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň alyp barjak işlerinde aýdyň ýol, anyk maksatlar bolup beýan edildi.

Türkmen halkynyň gadymy hem-de şöhratly taryhy, ösen medeniýeti, milli ýörelgeleri bar. Bu ajaýyp gymmatlyklar asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçirilip gelipdir. Hut şeýle baý taryhy we milli ýörelgesi bolan halkymyzyň döwleti dolandyrmakdaky tejribesi häzirki döwürde hem döwrebap ösdürilýär. Munuň özi bolsa jemgyýetimiziň milli gymmatlyklar esasynda döwrebap ösdürilýändigini, barha öňe barýandygyny, milli kanunçylygyň berk binýat bolup durýandygyny aýdyň beýan edýär. Elbetde, şeýle baý taryhy tejribämiz häzirki döwürde hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup durýar. Sebäbi aýdanyňda köp asyrlaryň durmuş tejribesi dogry ýoly kesgitlemegi, ösüşli ýollary üpjün etmegi salgy berýär. Sözüň doly manysynda milli ýörelgeler halkyň ruhy gymmatlyklaryna hem doly laýyk gelýär hem-de jemgyýetiň agzybirligine, jebisligine, döredijilikli öňe gitmegine ýardam berýär. Bu bolsa berk binýady emele getirýär, ösüşleriň aýdyň ýoluny kesgitleýär. Bu hakynda hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda kabul ediljek çözgütler milletimizi birleşdirýän we ruhlandyrýan, halkymyzy täze belent sepgitlere gönükdirýän hakyky kadalara öwrülmelidir. Biziň agzybirligimiziň öňünde ýetilmejek maksat, ýerine ýetirilmejek iş ýokdur!» diýip belleýär. Bu bolsa halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň, agzybirliginiň ösüşleriň berk binýady bolup durýandygyny aňladýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda şeýle belledi: «Demokratiýanyň we bitewi dolandyryşyň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar, sebäbi maşgala türkmen jemgyýetiniň binýady bolup durýar. Ol özboluşly ilkinji guramadyr. Maşgalada gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleri emele gelýär we dürli soraglar çözülýär. Şoňa görä-de, her bir maşgala maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydyr. Ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýelemek üçin jogapkärçilik çekmelidir. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzda maşgala mukaddesligine, maşgalanyň jemgyýetdäki tutýan ornuna aýratyn üns berilýär. Häzirki ösen döwürde maşgala mukaddesligini goramak we maşgalanyň maddy, ruhy taýdan üpjünçiligini saklamak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Türkmen halkynyň döreden milli medeniýetinde hem, däp-dessurlarynda hem maşgala mukaddes ojak hökmünde garalýar. Maşgalanyň agzybirligi jemgyýetiň berk binýady hökmünde görülýär. Ynha, şu aýdylanlardan hem görnüşi ýaly, bu mukaddeslikleri gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Sebäbi aýdanyňda bu gymmatlyklar köp asyrlaryň tejribesinden geçip gelip, kämilleşip, mukaddeslik derejesine eýe bolýar. Şeýle gymmatlyklaryň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde goralýandygyny aýdyň görýäris. Sekiz we ondan köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy we olara täze jaýlaryň sowgat berilmegi, üç ýaşa çenli çagalara kömek pullaryň berilmegi we beýleki ýeňillikler döwlet tarapyndan maşgala hakynda uly aladalaryň edilýändigini aýdyň beýan edýär. Bu bolsa jemgyýetimiziň agzybirligidir, her bir adamyň bagtyýarlygydyr. Şeýle bagtyýarlygy peşgeş eden, halkymyzy ösüşlerden ösüşlere ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Söhbet NURBERDIÝEW,

«Mugallymlar gazeti»


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27042

28.04.2021
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Owganystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 27-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda goňşy döwletiň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň biwagt aradan çykmagy zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanç bildirdi hem-de owgan halkynyň adyndan medet beriji we ýürekden duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Mohammad Aşraf Ganä gynanjy hem-de duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler.

Bellenilişi ýaly, goňşy döwletler ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler, energetika, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ulgamlarda däp bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar. Bu giň gerimli düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy diňe bir iki ýurduň we halkyň bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam etmelidir.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary barada pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de uzak möhletleýin esasda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmen-owgan gatnaşyklarynda ynsanperwer ugra hem aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň doganlyk owgan halkynyň agzybir, parahat we abadan durmuşda ýaşamagynyň tarapdarydygy aýratyn nygtaldy. Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna ýakyndan goldaw bermek bilen, bu däbi mundan beýläk hem dowam etmegi göz öňünde tutýar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani iki döwletiň arasyndaky däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de ähli ugurlar boýunça pugtalandyryljakdygyna hem-de ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27096?type=feed

28.04.2021
Arkadagyň ak ýoly

Watanmyzyň dünýäde belent hormat-sarpasy,
Dost-doganlyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.
Jebislige guwanýar milletleriň barçasy,
Agzybirlik ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Ýaýlasyna keşt eýläp, ter gülleri ýygdygym,
Behişt ýurdum — arş içre şugla saçýan ýyldyzym.
Giňden toýlap Watanda şanly 30 ýyllygyn,
Garaşsyzlyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Eçildigi rahatlyk, dostluk — serpaý ýapmagy,
Aňladyp dur Tugumda zeýtun şaha — ýapragy.
Asman asudalygy, ykballaryň ýalkawy,
Bitaraplyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Beýik özgeriş görýäs etrap, oba, şäherde,
Giň gerimli işlere ganatlanýas säherde.
Gahryman Arkadaga alkyş aýdýar mähelle,
Özgerişlik ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Bir tarapy — Köpetdag, gaýrasynda ak alaň,
Aşgabadym dünýäde belent abraý-at alan.
Gül Diýara ýaň salýar şat sesleri çagalaň,
Bagtyýarlyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary gülleýär,
Bedew batly ösüşde öňe barýar gül Diýar.
Hoş habarlaň buşlugy her sagat, her günde bar,
Berkararlyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Gahryman Arkadagyň çuň paýhasly kitaby —
«Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy».
Bu kitapda ündelýän belent pähmiň owazy,
Parahatlyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Ynanyşmak — hormatdyr, göwünleriň birligi,
Binýady berk ynamdyr Zemin agzybirligi.
Arkadag paýhasynyň dünýä serpaý berdigi —
Ynanyşmak ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


«Gardaş!» diýip ýüzlensem, buýsanç gurşar serimi,
Ýer ýüzünde giň bu gün arkadaşlaň gerimi.
Bir suprada jem eýlän dünýä türkmenlerini,
Dost-doganlyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Ata Watana söýgi — jigerinde gardaşyň,
Arkadag belent tutýar dost-doganyň sarpasyn.
Ganatlandyrdy bu gün türkmenleriň barçasyn,
Döwletlilik ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Küren-küren il bolup goňşokara — goňşuly,
Giň jahana ýaýrandyr türkmenleriň kowçumy.
Bu gün dünýä ýaň salyp şanly toýuň şowhuny,
Abadanlyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


«Haýyr dile goňşyňa, haýyr geler başyňa»,
Şu nakylda aýandyr ýol açmak gatnaşyga.
Belent ynsanperwerlik, haýyr-sogap hakyna,
Goňşuçylyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Kerki — Şibirgan ugry elektrik geçiriji,
Türkmen-owgan dostlugyna nur-ýalkym getirdi.
Aragatnaşyk, polat ýol ösüşleri eçildi,
Sahawatlyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Sebit ýurtlary bilen gatnaşyklaň artmagy,
Doganlaşdyrdy bu gün ençe-ençe halklary.
Dünýä döwletleriniň ösüşlere galkmagy —
Hyzmatdaşlyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Gahryman Arkadaga alkyş aýdýas müň keren!
Dostlugymyz has ösýär arasynda ülkeleň.
Ýüpek ýoly dikelip, geçelgeler özgeren,
Arkalaşyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Watansöýer gerçekleň orny bardyr taryhda,
Oguz, Gorkut, Görogly... waspy belent tarypda.
Magtymguly Pyragy — dünýä meşhur arypda,
Watançylyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Ahalteke bedewi — gözelligiň şuglasy,
Türkmeniň alabaýy wepadarlyk nusgasy.
Nepis haly halkymyň dünýä beren gudraty,
Nuranalyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Erkinligiň jemaly göwünleri gülletdi,
Erkinligiň şemaly boz meýdana müşk sepdi.
Toýlar gelýär goşadan, ýaň salyban küştdepdi,
Erkanalyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Ençe jahankeşdeleň tarypyny ýazdygy,
Awaza seýran eýläp, waspyn dünýä ýaýdygy.
Köýtendagdyr Köwata, «Garagumuň ýalkymy»,
Syýahatlyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Bagtyýar halk toý tutýar Garaşsyzlyk şanyna,
Alkyş aýdyp ýürekden eziz Arkadagyma!
Döwletli döwran dönüp, bu gün Türkmenistana,
Adalatlyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.


Akmyrat REJEBOW,

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27057

28.04.2021
Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny halkara ülňülere laýyk gelýän innowasion tilsimatlary ulanmak arkaly ösdürmek, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugruny diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemek, ondan alnan täze önümleri dünýä bazarlaryna çykarmakda köpugurlylygy gazanmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen baglanyşykly, nebitgaz pudagyna dünýäde öňdebaryjy iri nebitgaz kompaniýalaryny we maýadarlary çekmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitgaz senagatynda öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen dünýä bazarlaryna çykmak babatda milli kanunçylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde kabul edilen «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. Bu Kanunyň kabul edilmegi bilen, nebit işleriniň ýene bir görnüşi hökmünde gaýtadan işlemek amaly girizildi.

Nebit işlerine täze görnüşiň girizilmegi «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmekde «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň çäklerinde maýadarlary çekmäge, maýa goýum şertlerini we işlerini has-da kämilleşdirmäge, türkmen tarapynyň kepili hökmünde maýadarlara maýa goýum we täze täjirçilik şertlerini döretmäge, bu işleriň netijesinde girdejililigi ýokarlandyrmaga ýardam berer. Agzalan Kanun ýurdumyzyň ägirt uly goruna eýe bolan uglewodorod serişdelerini nebit, nebithimiýa we gazhimiýa önümlerini, suwuklandyrylan gazy we beýleki önümleri almak üçin daşary ýurt maýa goýujylaryna dolulygyna degişli bolan serişdeleriň hasabyna gaýtadan işlemäge, şol önümleri öndürýän desgalary gurmaga we ulanmaga hem mümkinçilik döreder.

«Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gaýtadan işlemek amalynyň girizilmegi onuň güýje giren senesinden başlap, nebit işleriniň ähli tapgyryny, ýagny, uglewodorod serişdelerini gözlemegi, gazyp almagy, harytlyk görnüşine çenli taýýarlamagy we gaýtadan işlemegi, şeýle hem taýýar we gaýtadan işlenen önümleri ahyrky sarp edijilere çenli eltmegi, ýerlemegi öz içine alýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi geljekde iri halkara nebitgaz kompaniýalary bilen Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlylandyrylan toplumlary özleşdirmäge we gazylyp alynjak uglewodorod serişdelerini ähli derejede işläp geçmek şertlerinde hyzmatdaşlyk etmäge ýardam berer. Kanunyň hereket edýän çygrynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän zawodlaryň gurulmagynyň netijesinde, täze iş orunlarynyň we önümleriň täze gymmatynyň döremegine itergi berip, dünýäniň nebitgaz bazarlaryna türkmen milli önümleriniň täze görnüşleri bilen çykmaga mümkinçilik döreder.

Nedir SAPARGYLYJOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/27072

28.04.2021
At — sapasy bilen

Watana wepalylyk, mertlik, batyrlyk, edermenlik ýaly häsiýetler ynsany rowaçlyga, halal baýlyga ýetirýär. Uzak müňýyllyklaryň dowamynda şeýle ynanja uýan halkymyz bu sypatlary türkmen öýüniň esasy alamatlary, baýlyk-genji hasaplanýan gamyşgulak bedewlerinde, gazankelle alabaýlarynda terbiýeläpdirler. Şoňa görä, gapysynda kişňäp duran bedewi, garysyny ýassanyp ýatyşyna gelen-gideniň päl-niýetini duýup bilýän akylly alabaý iti bolan öýi döwletmen hojalyk hasaplapdyrlar. Bu pikirimizi hormatly Prezidentimiziň: «Behişdi ahalteke bedewimiz — baýlygyň hem rowaçlygyň alamaty. Türkmen alabaýy bolsa wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr» diýen jümlesi has-da aýdyňlaşdyrýar.

Parasatly pederlerimiz tarapyndan sünnä döredilen milli miraslarymyzyň goşa genji hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň hem-de şirpenje alabaýlarymyzyň şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň yhlas-aladasy netijesinde häzirki döwürde bütin Ýer ýüzüne doldy. Bu iki gymmatlygymyzyň hormatyna ilkinji gezek bilelikde geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň täsirinde ýaşaýan günlerimiz kalplarymyzy heýjana salan ýakymly wakalar, täsirliligi bilen uzak ýyllar ýatdan çykmajak pursatlar hakda söhbet etmek gyzykly bolsa gerek. Eger şeýle bolsa, ilki bilen, baýramçylygyň çäklerindäki esasy wakalaryň 16-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi bilen badalga alandygyny aýtmak isleýäris. Goşa baýramyň dowamynda geçirilmeli çärelere badalga beren bu mejlisde hormatly Prezidentimiziň çuň manyly çykyşy assosiasiýanyň döredilen gününden bäri geçen on ýylyň dowamynda arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek babatda amala aşyrylan beýik işleri birin-birin göz alnymyzda janlandyrdy. Milli Liderimiziň öz çykyşyndaky: «Şu döwrüň içinde gurama ýurdumyzdan we dünýäniň 36 döwletinden 191 sany ýuridik we fiziki şahs agza bolup durýar» diýen jümlesi bolsa, Ýer ýüzünde ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sanynyň barha artýandygynyň aýdyň mysaly bolup, kalplary joşa getirýär.

Elbetde, ahalteke bedewlerimiziň tutuş dünýäniň ýüzünde şöhratynyň günsaýyn belende galyp barşy, olaryň hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň tutanýerli yhlas-aladasynyň, seýisçilik işine goşýan ägirt goşandynyň miwesidir. Şonuň üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyň dakylmagyny ähli watandaşlarymyz uly kanagatlanma hem şatlyk bilen kabul etdiler.

Mejlisiň dowamynda ildeş we daşary ýurtly atşynaslaryň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa atşynasy», «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlaryň dakylmagy bolsa, ozaly bilen, milli Liderimiziň ata bolan beýik söýgüsinden, ahalteke bedewlerine ykbalyny baglan adamlaryň zähmetine çäksiz hormatyndan nyşandyr. Şeýle hormata mynasyp görlüp, «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen belent ada eýe bolan daşary ýurtly atşynaslar — ABŞ-dan ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Tito Pontekorwonyň, Russiýa Federasiýasynyň «Gurtbil» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Mariýa Mosaranyň sanly ulgam arkaly mejlisde eden çykyşyny tolgunman diňlemek mümkin däl. Hormatly Prezidentimiziň adyna öz hoşallyklaryny beýan edip, olaryň ahalteke bedewleriniň gözelligi, ýyndamlygy, düşbüligi, wepalylygy barada aýdan täsirli jümleleri damarynda türkmen gany aýlanýan her bir ynsanyň göwnüni ganatlandyran bolsa gerek.

Mejlisde guramaçylyk meselesine garalyp, assosiasiýanyň ýerli hem-de sanly ulgam arkaly çykyş eden daşary ýurtly agzalarynyň biragyzdan goldamagy bilen Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine saýlanmagyny tüýs ýerine düşen hasaplaýarys. Çünki ata-babasyndan nesilme-nesil geçip gelýän bedewe bolan söýgi assosiasiýanyň täze prezidentiniň ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we köpeltmek, dünýädäki şöhratyny has-da belende götermek işinde Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny üstünlikli dowam etdirjekdigine şek-şübhe goýmaýar. Biziň bu ynanjymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň geçirilen güni Serdar Berdimuhamedowyň Hankerwen atly bedewe ynamly erk edişini synlan halatymyz has-da berkedi.

Şol gün bäsleşikleriň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlaryň, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine bolsa ýeňil awtoulagyň açarynyň gowşurylmagy döwlet Baştutanymyzyň bedew ata bolan sarpasynyň neneňsi belentdigini bütin dünýä ýene bir sapar görkezdi. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň adyndan ýeňil awtoulaglardyr gymmatbahaly sowgatlar Marynyň atçylyk sport toplumynda Aşgabat şäheriniň we ähli welaýatlarymyzyň bedewleriniň gatnaşmagynda döwlet derejesinde geçirilen baýramçylyk at çapyşygynyň ýeňijilerine-de, 25-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen at çapyşygynyň ýeňijilerine-de, atly sport bäsleşiklerinde üstün çykanlara-da gowşuryldy. Gamyşgulak bedewlerimiziň sarpasynyň neneňsi belentden tutulýandygynyň aýdyň subudy bolan bu wakalar aty uçar ganatyna deňeýän halkymyzyň milli Liderimize bolan hoşallygyny has-da joşdurdy.

It — wepasy bilen

Zehinli kinorežissýor Alty Garlyýewiň halypa ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany esasynda surata düşüren adybir filmini bilmeýän ýok bolsa gerek. Ol filmde irki döwürdäki türkmen obasy ussatlyk bilen janlandyrylýar. Oňa tomaşa edip oturşyňa, bu filmiň ajaýyp sungat eseri hökmünde islendik kinofestiwalda baýrakly orna mynasyp bolup biljekdigi barada oýlanýarsyň. Emma... Eşidip otursak, ol abraýly kinofestiwallara gatnaşdyrylmasyna gatnaşdyrylypdyr, ýöne halypa režissýoryň zehin siňdirip düşüren filmine orun berilmändir. Il içindäki gürrüňlere görä, onuň sebäbi filmiň başraklarynda alabaý itimiziň sesi käte çalaja eşidilýän-de bolsa, ýekeje ýerde-de onuň özüniň görünmeýänligimiş. Eminler: «Heý, alabaý itsizem türkmen obasy bolarmy?» diýipdirler. Gör-ä ony, özem başga milletiň wekillerinden bolan eminler şeýle netijä gelipdirler. Kämil sungat eseri hasaplap ýören filmimiz babatda eminleriň gelen bu netijesi birbada keýpimize «sogan dograsa-da», islendik halkyň wekilleriniň türkmen obasyny, türkmen hojalygyny bedew atsyz, alabaý itsiz göz öňüne getirip bilmeýändigi baradaky ýakymly duýgy welin, kalbyňda buýsanç alawyny köredýär.

Ata-babalarymyzyň döreden esasy milli gymmatlyklarynyň biri hasaplanýan alabaý bir säw bilen halypa režissýoryň ünsünden sypanam bolsa, ol gadymy miraslarymyza juda eserdeň hem dykgatly çemeleşýän hormatly Prezidentimiziň nazaryndan welin sypmady. «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitabynda: «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa, bagtyny görüpdirler» diýýän Gahryman Arkadagymyz edil gamyşgulak bedewlerimiz ýaly, türkmen jemgyýetinde alabaý itleriň ornunyň hem juda belentdigini ussatlyk bilen beýan edip, Ýer ýüzüne çawuny doldurdy. Şeýlelikde, milli Liderimiziň yhlas-aladasy bilen türkmen alabaýynyň asylky şöhraty ýene-de Zemin giňişliginde ganat ýaýmaga başlady.

Diýseň üşükli, mert hem wepaly, edermen alabaýlaryň türkmen hojalygynda edil bedew atlar ýaly mynasyp orun almagy ýönelige däldir. Çünki «At agynan ýerde toý bolar» diýip ynanan halkymyz, «It geldi — gut geldi», «Itim bar — gutum bar» diýip, alabaýly hojalyga bagtyň ýylgyryp bakjakdygyna-da şübhelenmändirler. «Gut» diýen sözüň «bagt» manysynyň bardygy bolsa, günde-günaşa «Gutly bolsun!» diýen arzuwly jümläni zybana getirýän halkymyz üçin düşnükli bolsa gerek.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «It bilen adam mundan 12-15 müň ýyl ozal dostlaşan diýlip hasap edilýär» diýen jümlesine esaslansaň, adamzadyň iň ilkinji eldekileşdiren, höwrügen jandary itdir. Bu pikiri şol kitapda getirilýän Adam atanyň ýaradylan pursady onuň üstüne şeýtanyň iti küşgürişi, emma Adam atanyň itiň maňlaýyndan sypamak arkaly ony özüne dost edişi ýa-da Adam ata Arşdan Zemine düşende itiň ony wagşy haýwanlardan goraýşy ýaly birnäçe rowaýatlar-da berkidýär, çünki rowaýatlar hem howaýylykdan döremeýär.

Şeýlelikde, adamlar özlerine ilkinji wepadar dost bolan itleri müňýyllyklaryň dowamynda seýisläp, olary beden hem häsiýet taýdan kämilleşdirip gelipdirler. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň 1-nji jildinde: «Ussat seýwanlar uzak ýola çydamly we gije-gündiziň dowamynda dürli tebigy şertlerde hüşgär sakçylyk häsiýetli alabaý itlerini terbiýeläpdirler» diýip ýazyşy ýaly, irki döwürlerde halk seçimçiligine daýanyp, tohum itleri ýetişdirýän itşynaslara «seýwanlar» diýipdirler.

Parasatly pederlerimiziň döreden hem-de müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren milli gymmatlyklaryny ýokary derejede sarpalaýan, olaryň hersine degişli ajaýyp kitaplaryny ýazmak arkaly dünýä wagyz edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alabaý itlerimiziň hem alnyndan ak Gün dogdy. Olaryň tohum arassalygyny saklamak, itşynaslygy ösdürmek, türkmen alabaýlaryny halkara jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny, «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnalyny döretmek başlangyçlary hem Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň, şeýle hem weterinar gullugyň we öý haýwanlaryny saklamak üçin ýöriteleşdirilen toplumyň gurlup, ulanylmaga berilmegi-de döwlet Baştutanymyzyň alabaý itlerimiz barada edýän howandarlyk aladasynyň netijesidir.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek, ony her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek hakyndaky Permany we Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» hem-de Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlaryny döretmek hakynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny bolsa alabaýy wepadar dosty hasaplaýan halkymyzy, aýratyn-da ýurdumyzyň itşynaslaryny diýseň buýsandyrdy. Halk kalbynyň ol buýsanjy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ilkinji gezek goşalanyp bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramyna we Türkmen alabaýynyň baýramyna aýratyn şüweleň berdi.

21-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň toý bagyny kesmegi bilen paýtagtymyzyň gözel künjeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň dabaraly açylmagy hem goşa baýramyň esasy wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Hünärmenleriň netijeli işlemegi, döwlet we halkara derejesindäki dürli çäreleriň geçirilmegi üçin zerur şertleriň ählisi göz öňünde tutulan döwrebap merkeziň maslahatlar zalynda şol gün Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi hem geçirildi. Assosiasiýanyň daşary döwletlerden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan bolan agzalarynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan bu mejlisinde ýerine ýetirilen işlere ser salnyp, geljekki wezipeler kesgitlenildi. Käbir guramaçylyk meselelerine garalyp, onuň düzümine täze agzalar kabul edildi. Ýurdumyzyň tapawutlanan atşynaslarynyň hem-de itşynaslarynyň birnäçesine döwlet sylaglary gowşurylyp, hormatly atlar dakyldy. Ýeri gelende, alabaý itlerimiziň bütindünýä şöhratyny belende götermekde, tohum arassalygyny gorap saklamakda çekýän halal we yhlasly zähmeti üçin Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyň dakylandygyny hem aýtmak isleýäris.

Goşa baýramyň çägindäki wakalar 25-nji aprelde has-da giň gerim aldy. Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň hem-de teleköpri arkaly Aşgabatda, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda gurlan «Türkmen alabaý itleri» merkezleriniň we Karantin merkeziniň açylyş dabaralaryny, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejä eýe bolan Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly ite Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy bolan ýeňil awtoulagyň açarynyň, ýörite medalyň, şeýle hem göçme kubogyň we diplomyň gowşurylmagyny, bu çäre mynasybetli yglan edilen bäsleşiklerde üstün çykan döredijilik işgärlerine Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Şa serpaýlaryň ýapylmagyny baýramçylygy bezän esasy wakalaryň hatarynda agzap bolar. Gurluşygy «Myradym» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň «Alberk QA Academy» halkara guramasy tarapyndan Laýyklyk standartyna görä, Hil dolandyryş ulgamyny hem-de Daşky gurşawyň dolandyryş ulgamyny ýerine ýetirýän we berjaý edýän edara hökmünde bellige alnandygy hem-de itleri ösdürip ýetişdirmek boýunça ISO 9001:2015 we ISO 14001:2015 talaplaryna laýyklykda, ýörite şahadatnamalara mynasyp bolandygy hakyndaky hoş habarlar bolsa ähli halkymyzy buýsandyrdy.

* * *

Birnäçe günläp dowam eden goşa baýramyň çäklerinde atly sportuň marafon, konkur görnüşleri boýunça ýaryşlar guralyp, ilkinji gezek «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi geçirildi. Edermen alabaýlarymyzyň, ýelden ýüwrük bedewlerimiziň häsiýetli aýratynlyklaryny dünýä ýaýýan sergiler guralyp, halkara ylmy maslahatlar boldy. Bedewleriň paýtagtymyzdaky heýkelleriniň, «Türkmen alabaýy» heýkeliniň ýanlaryna, şeýle hem Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetine döredijilik işgärleriniň awtobusly gezelençleri guraldy. Ahalteke bedewleriniň gözelligini hem-de türkmen alabaýlarynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine toý serpaýlary ýapyldy. Bu zatlaryň ählisi ajaýyp milli miraslarymyzyň goşa genjiniň gadyryny dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmekde örän ähmiýetli boldy.

Şeýle ýakymly pikirleri seriňde aýlap oturşyňa ýurdumyzy goşalanyp gelýän toý-baýramlaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri kalp töründen goşalanyp çykýar. Goý, milli gymmatlyklarymyzy ýokary derejede sarpalaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!

Döwrangeldi AGALYÝEW,

«Türkmen dünýäsi».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27060

28.04.2021