Oguzlar! Agzybirligi baýdak edinip, batyrlygy, gaýraty, edermenligi bilen dünýä ýaň salan ata-babalarymyz! Oguz handan gözbaş alyp gaýdýan nesil-neberelerimiz gojaman Zeminde özleriniň öçmejek yzlaryny goýupdyrlar.
Oguz durmuşy öz köküni taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Olar garaňky dünýäde ýakan yşyklary bilen kemala gelip, goja Zemine örküni baglapdyrlar, il bolupdyrlar, ösüp-örňäpdirler. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Älem içre at gezer» atly romanynda şeýle ýazýar: «Bu ýerde aýratyn bir gudratly güýjüň nämälim täsiri bar ýalydy. Ol hem Yzgant diýen at göterýän obady. Yzgant — munuň özi türkmeniň mukaddes ojagynda ilkinji bolup ot ýakan obasydy. Bu obanyň mukaddes ojagynda tutaşan ýalyn bütin oguz iline nur çaýdy».
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 2016-njy ýylyň 19-njy martynda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşanda, Ahal welaýatynyň çägindäki Paryzdepe ýadygärligine baryp, bu künjegiň orta asyrlarda ösen, kuwwatly şäher bolandygyny ýatlapdy. Şonda oguzlaryň şäheri hakynda söz açylyp, Yzgandyň «yz» böleginiň «oguz» sözünden gelip çykandygy, «gant» sözüniň bolsa türkmenleriň «Kent — şäher» sözündendigi, şoňa görä-de, alymlaryň pikiri boýunça, «Yzgant» sözüniň «Oguzlaryň şäheri» diýmegi aňladýandygy beýan edildi.
Gahryman Arkadagymyz ol ýerde bolanda, gadymdan galan bir rowaýaty ýatlap, nesilbaşymyzyň öz ogullaryny dolup akýan derýanyň ugry bilen onuň durjak ýerine çenli gitmegi we şol ýerde mesgen tutmagy pent edendigini, «Yzgant» adynyň «süýji suw» diýen manysynyň hem bardygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyzyň pikirlerini asyrlaryň dowamynda oguzlaryň durmuşy hakynda döredilip, edebiýatda «Oguznamaçylyk däbi» atly ýörite ugruň döremegine getiren «Oguznama» eserleri doly tassyk edýär.
Mysallara ýüzleneliň.
Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soňra, «Oguznamalaryň» birnäçesi döwrebap nusgada çap edilip, okyjylara ýetirildi. Şeýle eserleriň biri XV asyryň taryhçysy Ýazyjy ogly Alynyň «Seljuk türkmenleriniň taryhy» ady bilen belli bolan oguznamasydyr. Oguz durmuşy hakynda gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu eseriň «Ogzuň wesýet edip, töre gurdugy, ahlagy we häsiýeti, mübärek dilinden çykan hem-de onuň aýdan tymsallary we hikmetli sözleri» atly bölümi ünsüňi özüne çekýär. Onda nesilbaşymyzyň öz nesillerine eden pentleri beýan edilýär.
Bu ýagdaý hormatly Prezidentimiziň mysal getiren gadymy rowaýatlarynda nesilbaşymyzyň perzentlerine derýanyň akýan ugry bilen durjak ýerine çenli gitmek we şol ýerde mesgen tutmak hakyndaky pikirleri bilen utgaşyp gidýär.
Nesilbaşymyz her demde nesillere agzybir bolmak bilen bir hatarda, topraga ýakyn durmagy, rysgal-döwleti ene ýerden agtarmagy wesýet edýär.
Hormatly Prezidentimiz «Yzgant» adynyň «süýji suw» diýen manysynyň bardygyny beýan edýär. Bu pikiri gadymy «oguznamalar» hem tassyk edýär. Mysal hökmünde asly Nusaýdan bolan XVI asyryň alymy Salar baba Gulaly ogly Harydarynyň «Oguznamasyndaky» setirlere ýüzleneliň. Bu eserde hereket edýän pähim-parasatly Buýşy hoja nesilbaşymyzyň pendini nesillere ýetirmegi maksat edinip şeýle diýýär: «Birnäçe sygry biri-birine baglap, köp ýüwürdip, soňra ugruna goýberiň. Sygyrlar nirede durup, aýaklaryny ýere ursalar, şol ýeri gazyň, suw çykar».
Oguz nesilleri Buýşy hojanyň aýdanlaryny dykgat bilen diňleýärler. Soňra gujur-gaýratly Garasülük olara baş bolup, gara ýerden suw çykarýar. Bu ýagdaý eserde şeýle beýan edilýär: «Barça halaýyk şat boldular. Oguz ol işi görüp, oňa köp sowgatlar berip, ony il ýurtçusy etdi».
Şol döwürde il ýurtçusy bolmak — belli bir çäge eýelik etmekden, ony dolandyrmakdan ybarat bolupdyr. Bu meselede Oguz han erjel kişileri gözden salmandyr we olara degişli çägi dolandyrmaga ygtyýar beripdir.
Oguz nesilleri dogup-döräp, daş-töwereginde, tebigatda bolup geçýän hadysalara üns berip başlapdyrlar. Olar tebigatdaky özgerişleri özleriniň synçylygy, üşükliligi bilen duýupdyrlar. Muny oguz durmuşyndan söhbet açýan «Gorkut ata» şadessanynda beýan edilýän wakalar hem aýdyň tassyklaýar.
Şadessanyň «Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýy» bölüminde ynsan ýaşaýşy üçin tebigatyň eçilen suw baýlygynyň ähmiýeti inçelik bilen suratlandyrylýar. Bölümde Gazan beg: «Suw Hakyň didaryny görendir, men suw bilen habarlaşaýyn» diýip, akar suwa ýüzlenip şeýle diýýär:
Çagnam-çagnam gaýalardan çykan suw,
Agaç gämileri oýnadan suw,
Hasan bilen Huseýiniň hesreti suw,
Bag we bossanyň zynaty suw,
Äşe bilen Patmanyň nikasy suw,
Şabaz atlar içdigi suw,
Gyzyl düýeler gelip geçdigi suw,
Ak goýunlar gelip, çöwresinde ýatdygy suw,
Ordamyň habaryn bilermi sen, diýgil maňa,
Gara başym gurban olsun, suwum, saňa!
«Gorkut ata» şadessanynda oguz ojagynyň ody gübürdäp ýanyp dur. Oguz nesilleri onuň baky ýanyp durmagy üçin zerur ýerinde gylyç syryp, bedew ata atlanýarlar. Gaýratly zenanlar hem bu ýagdaýda çetde durmaýar.
...Täze döwrüň güneşi bilen nur saçýan Oguzkent — oguzlaryň ömür örküniň başlanýan ýeri, Yzgant obasy. Bu oba Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen şäher görnüşine eýe boldy. Häzirki döwürde şaglap ýatan oklaw ýaly ak ýollar oba sary alyp barýar. Hatar-hatar jaýlar, köşgi-eýwana kybapdaş ymaratlar ertekileri ýadyňa salýar. Her ojakda, her öýde oguz ojagynyň ody alawlap dur. Süňňümizi ene mähri deýin ýyladyp, ruhy dünýämizi ýagtyldýan ol ot oguz nesilleriniň goýan ýol-ýörelgeleriniň dowamata eýedigini görkezýär.
Durmuşda sazlaşykly ýagdaýlar bolýar. Elimizde eziz Arkadagymyzyň milli Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyza serpaý eden «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby. Eseriň süňňünde oguz ýörelgesi beýanyny tapýar. Kitapda pederlerimiziň kalbynyň mähir ýylysy bilen Zeminde ýakan odunyň içki sazlaşygy duýulýar.
Atamyrat ŞAGULYÝEW,
mirasgär. Surata düşüren Aýdo ŞEKEROW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26170