Habarlar
Türkmenistan — Ýaponiýa: energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk giňelýär

Gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmagyň taslamasy üstünlikli amala aşyryldy

Lebap welaýaty, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi.

Bu waka ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we eksport mümkinçilikleri giňeltmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde kuwwatly elektrik stansiýalarynyň gurulmagy bilen, soňky ýyllarda pudagyň kuwwaty has-da ýokarlandy. Bu bolsa ýurdumyzyň iri senagat toplumlaryny we köp sanly durmuş desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony goňşy döwletlere ibermäge hem mümkinçilik berýär.

Ine, bu gün ýurdumyzyň elektroenergetikasy üçin ähmiýetli ýene-de bir taslama tamamlandy. Bu taslama Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy.

Dabara Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Lebap welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýurdumyza gelen ýapon wekiliýeti, daşary ýurtly işewürler gatnaşdylar.

Täze desganyň ýanynda irden başlanan baýramçylyk dabarasyna Lebap welaýatynyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly, tansly çykyşlar ajaýyp öwüşgin çaýdy.

Dabaraly pursat gelýär. Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý bagy kesilýär — täze möhüm energetika desgasy açylýar.

Soňra dabara gatnaşyjylar elektrik stansiýasynyň dolandyryş binasynyň maslahatlar zalyna bardylar, şol ýerde dabaraly mejlis geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Daşary döwletler bilen dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär.

Döwletimiziň möhüm işewür hyzmatdaşlarynyň biri-de Ýaponiýadyr. Ýapon kompaniýalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşýarlar. Olaryň gatnaşmagynda Mary şäherinde karbamid öndürýän zawod, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy, Türkmenabadyň himiýa zawodynyň kükürt kislotasyny öndürýän sehi, “Garabogazkarbamid” zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ýaly iri desgalar guruldy.

Ýaponiýanyň dünýä belli meşhur öndürijileriniň — “Komatsu”, “Hitachi”, “Toyota” kompaniýalarynyň dürli tehnikalary ýurdumyzda giňden peýdalanylýar. Öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologik täzelenişleri, sanly ulgamlary ornaşdyrmak babatda netijeli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilik bar.

Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýylda Lebap welaýatynda dabaraly açylýan täze elektrik stansiýasy hem ýapon hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde guruldy. “Sumitomo Corporation” kompaniýasy bu iri energetika desgasynyň gurluşyk-gurnama işlerine 2018-nji ýylyň noýabr aýynda girişdi. Ine, şu gün bolsa bu desga ulanylmaga tabşyrylmaga taýýar.

Elektrik stansiýasy Ýaponiýanyň meşhur “Mitsubishi Power Ltd” kompaniýasynyň gazturbina enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň taryhynda bu kompaniýanyň tehnologiýalary ilkinji gezek ulanylýar. Bu ýerde her biriniň kuwwatlylygy 144 megawat bolan gazturbinalaryň üçüsi oturdyldy. Energobloklardan başga-da zerur bolan kömekçi desgalar guruldy. Desganyň kömekçi potratçylyk işlerini energetika desgalarynyň gurluşygynda uly tejribesi bolan “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret Anonim Şirketi” kompaniýasy ýerine ýetirdi.

Täze desganyň ulanylmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygy ýene-de 432 megawat artar, öňden hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa 581,2 megawata deň bolar. Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy artar, täze iş orunlary dörediler. Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Senagat desgalary, şol sanda energetika desgalary hem gurlanda, daşky gurşawa bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň mukdaryny azaltmaga ýardam berýän döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz elektrik stansiýasyny mysal hökmünde getirip bolar. Ýakyn geljekde Ahal we Daşoguz döwlet elektrik stansiýalaryny bug we gaz turbinalaryny ulanmak arkaly utgaşykly dolanyşyga geçirmek meýilleşdirilýär.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Gün we ýel elektroenergetikasy boýunça taslamalaryň hem geljegi uludyr. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýapon kompaniýalary hem gatnaşyp biler.

Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we energetika toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan, toplumyň düzümine girýän pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakdaky tagallalary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözleri beýan edildi hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň we döwletimiziň bähbidine alyp barýan köptaraply işinde üstünlikler arzuw edildi.

Soňra daşary ýurtly myhmanlara söz berildi. Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejima Çärjew etrabynda täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çakylygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de dabara gatnaşýanlaryň ählisini mähirli gutlady.

Bu taslama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň mart aýynda Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak baradaky III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol ýylyň oktýabr aýynda “Sumitomo” korporasiýasy bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň arasynda degişli ylalaşyga gol çekildi.

Täze elektrik stansiýasynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanylmaga berilmegi bizi begendirýär. Myhman munuň Watanynyň şanly senesini bellemäge taýýarlanýan hemmeler üçin baýramçylyk sowgady bolandygyny aýtdy.

Tebigy gazy gaýtadan işlemek babatda soňky ýyllarda üstünlikli durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi ýurtlarymyzyň ysnyşykly ykdysady gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge ygrarlydygyndan habar berýär diýip, Kiýoşi Ejima nygtady hem-de ýapon kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Şu ýylyň iýul aýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa saparynyň barşynda gazanylan täze ylalaşyklar munuň subutnamasydyr. Şonda “ITOCHU” korporasiýasy bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň arasynda “Komatsu” gurluşyk tehnikalaryny getirmek hakynda hem-de “Sumitomo” korporasiýasy bilen “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň arasynda “Toyota” kysymly ýeňil awtoulaglaryň we awtobuslaryň getirilmegi hakynda ylalaşyklara gol çekildi.

Jenap Kiýoşi Ejima çykyşyny tamamlap, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk hem-de ähli başlangyçlarynda üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň täze desgasyna “Mitsubishi Power Ltd” kompaniýasy tarapyndan öndürilýän M701DA görnüşli gazturbinalaryň Merkezi Aziýada ilkinji gezek gurnalandygyny tassyklaýan “Sumitomo” korporasiýasynyň güwänamasy hem-de Şweýsariýanyň Federal Tehnologiýa institutynyň “Innowasion täze tehnologiýalar” güwänamasy we Germaniýanyň “Max Planck” institutynyň “Täsiri ýokary we dowamly bolmagy üçin” güwänamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Soňra ýurdumyzyň elektroenergetikasynyň täze desgasy barada maglumat berýän wideofilm görkezildi.

Şeýlelikde, täze elektrik stansiýasy işe girizilýär. Bu ýerde oturdylan monitorlar elektrik stansiýasynyň meýilleşdirilen kuwwatlylyga çykyşyny synlamaga mümkinçilik berýär.

Dabara tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan elektrik stansiýasynyň işgärlerine täze gulluk awtoulaglarynyň açarlary gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, energiýanyň arzan, ygtybarly we döwrebap çeşmelerine elýeterlilik ähli döwletleriň ösmeginde, olaryň halklarynyň abadançylygynda möhüm ähmiýete eýedir. Dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalary, şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen “2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibi” bu maksada ýetmäge gönükdirilendir.

Lebapda gurlan täze elektrik stansiýasynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda işläp başlamagynyň çuňňur manysy bardyr. Onuň ulanylmaga girizilmegi ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagyna, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişiniň möçberini artdyrmaga ýardam eder. Mahlasy, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijiligiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny hem-de halkara abraýyny pugtalandyrmaga hyzmat eder.

Surata düşüren Merdan ORAZOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39452

04.09.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň 30 ýyllygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmekde gazanylan taryhy üstünlikler, geljek üçin esasy maksatlar we wezipeler ýaly meseleleri girizmek göz öňünde tutulýar.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bu ugurda Mejlis, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerli häkimiýet edaralary bilen bilelikde guramaçylyk we beýleki meseleleri çözmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm taryhy waka boljak Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Häzirki taryhy döwürde milletiň asyrlaryň dowamynda döreden demokratik däpleri döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlylygyny şöhlelendirmek bilen mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp, Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli meseleleri öz wagtynda we toplumlaýyn çözmegiň ähmiýetini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow döwlet eýeçiligini netijeli dolandyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada hasabat berdi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, döwletiň garamagyndan aýyrmaga hem-de hususylaşdyrmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça seljermeler geçirildi. Häzirki wagta çenli gelip gowşan tekliplere laýyklykda, degişli sanaw taýýarlanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparynyň mejlislerinde degişli desgalary hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde seredildi. Bu sanawa “Türkmengaz” döwlet konserni boýunça 5 desga, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 3 desga, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 1 desga hem-de Lebap welaýat häkimligi boýunça 1 desga girizildi. Olary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreleriň, ilkinji nobatda, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmäge, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga hem-de desgalary hususylaşdyrmaga gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hususylaşdyrmagyň ykdysady we durmuş taýdan ähmiýetine aýratyn üns berilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, hususy eýeçiligi ösdürmäge, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam etmelidir.

Milli Liderimiz bu ulgamdaky işi dowam etmegiň wajypdygyny belläp, hususylaşdyrmaga teklip edilýän döwlet desgalarynyň maksadalaýyklygyny ýene-de bir gezek seljermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bellenen meýilnamalaryň ählisiniň öz wagtynda ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýurdumyza daşarky bazarlardan getirilýän nebit önümleriniň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýüztutmasy esasynda “An-2” kysymly uçarlar üçin daşarky bazarlardan satyn alynýan awiabenzini öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, suwuklandyrylan gazdan awtomobil ýangyjy üçin ýokary oktanly goşundysyny alýan desgada benzinleriň ýokary oktanly komponenti öndürildi.

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan bu önüme laýyklyk güwänamasy resmileşdirildi.

Zawodlar toplumy tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden ulanylýan “An-2” kysymly uçarlary milli ýangyç serişdeleri bilen doly üpjün etmek hem-de ýangyjyň bu görnüşini sebitiň ýurtlaryna eksport etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm ugurda geçirilen işleri makullap, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz nebitgaz ulgamyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda bellenen wezipeleri çözmek babatda pudagyň önümçilik düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ideg etmek işleri bilen bir hatarda, pagta ýygymyna guramaçylykly girişilmegini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak hem-de ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek maksady bilen, şu ýylyň pagta ýygymy möwsüminde ýurdumyz boýunça pagta arassalaýjy kärhanalarda hem-de pagta kabul ediş harmanhanalarynda hasyly bökdençsiz kabul etmek üçin hemme şertler döredildi. Şeýle hem bu möwsümde pagta ýygýan kombaýnlar hem-de ýygnalan hasyly daşamak üçin ýük awtoulaglary, traktorlar we traktor tirkegleri netijeli ulanylar.

Pagta ýygymy möwsüminde kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, etraplarda abatlaýjy mehaniklerden ybarat bolan ýörite toparlar döredilip, olar zerur bolan enjamlar we tehnikalar bilen üpjün edilýär.

Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Daýhanlarymyzyň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda gowaçanyň ýokary hasylynyň öndürilmegi bolsa dokma senagaty pudagymyzy gymmatly pagta önümleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Şu ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna köpçülikleýin girişilýär. Köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtyň içinde, ýitgisiz ýygnap almak merdana daýhanlarymyzyň esasy wezipesi bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabara bilen bellenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem edermen pagtaçylarymyzyň milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna hem-de belent sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 8-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Milli Liderimiz hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen pagtaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Harmanyňyza bereket, merdana pagtaçy daýhanlar!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde, hususan-da, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçiliklerini çekmek bilen, import we eksport ugurly önümçiligi giňeltmek boýunça görülýän çäreler hasabatyň esasyny düzdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň hasabyna içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakda telekeçiligiň ornuny has-da giňeltmek üçin ähli şertleri döretmek barada tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Sarp edijileriň islegini yzygiderli öwrenip durmaly hem-de şonuň esasynda ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini giňeltmek we möçberini artdyrmak boýunça çäreleri görmeli. Şeýle hem häzirki zaman marketinginiň gurallaryny ulanyp, öz önümlerimizi daşarky bazarlara işjeň çykarmak möhümdir diýip, milli Liderimiz degişli ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini güýçlendirmek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet tarapyndan hususy pudaga mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldawyň beriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň işewürlerine birnäçe iri taslamalary amala aşyrmagyň ynanylandygyny, olaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp, paýtagtymyzda birnäçe desgalaryň, şol sanda Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Hökümet münberiniň açylmagy mynasybetli guraljak medeni çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu desgany 16-njy sentýabrda açmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak arkaly täze desgany bezemek boýunça işler amala aşyrylýar. Munuň özi Hökümet münberinde geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleriniň köpöwüşginli bolmagyny üpjün eder hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dabaralanýandygyny alamatlandyrar. Bu ýerde 27-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesine bagyşlanan esasy dabaralar, şol sanda harby ýöriş hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş ulgamynyň üstünlikleriniň gözden geçirilişi guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer 16-njy sentýabrda günüň haýsy wagtynda açylyş dabarasyny geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky haýyş bilen döwlet Baştutanymyza ýüz tutdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýakyn wagtda Aşgabadyň binagärlik toplumyny ýene-de bir desganyň — Hökümet münberiniň binasynyň bezejekdigini belledi. Bu ýerde giň gerimli dabaralar, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli çäreler geçiriler.

Milli Liderimiz eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegiň hem-de meýilleşdirilen çäreleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere 16-njy sentýabrda Hökümet münberiniň açylyş dabarasyny geçirmegiň takyk wagtyny kesgitlemek barada degişli teklibi taýýarlamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Maglumat geçiriş multiserwis toruny kämilleşdirmek hakyndaky» hem-de «Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» Kararlaryň taslamalary hakynda hasabat berdi.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” hem-de “Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri tarapyndan degişli çäreler görülýär.

Maglumat geçiriş multiserwis toruny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiziň garamagyna «Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» Kararyň taslamasy hem hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçirilýän işleri kämilleşdirmegiň hem-de pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, agentligiň ýolbaşçysyna sanly ulgama geçmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek işini işjeňleşdirmegi, degişli düzümiň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem ýokary derejeli sürüjileri taýýarlamak, awtomekdepleriň işine sanly tehnologiýalary hem-de innowasion enjamlary giňden çekmek boýunça görülýän çäreleriň ähmiýetini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Kararlara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we resminamalarda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz mejlisi jemläp, şu gün döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredilendigini, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň kabul edilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39453

04.09.2021
Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi

3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygynda hem oňat netijeler gazanylýar. Döwletimiz ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmegi üçin ähli zerur şertleri döredýär.

Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Daýhanlar ýokary hilli tohum, mineral dökünler, döwrebap tehnikalar, ýeterlik mukdarda himiki serişdeler we suw bilen üpjün edilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekiş möwsümini öz wagtynda, ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, gallaçylara hem-de oba hojalygynyň ähli zähmetkeşlerine berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, mähriban topragymyzda bereketli hasyl ýetişdirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, oňat taýýarlanan topraga: “Her bir dänäň müň bolsun!” diýen sözler bilen, bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, nobaty mehanizatorlara berdiler.

Ýurdumyzda 690 müň gektara bugdaý ekiler. Daýhanlar şonça meýdandan 2022-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler.

Türkmen ekerançylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerinden ugur alyp, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen oba hojalyk ýerlerini öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler. Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly “Bereketli”, “Goşant”, “Rowaç”, “Hasylly”, “Sähraýy”, “Ýolöten-3”, “Watan”, “Juwan”, “Ýokumly”, “Ýolöten-1”, “Miras” görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde habar berlişi ýaly, şu möwsümde Türkmenistan boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.

Oba hojalygyny depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Şol syýasat Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek we dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda wezipeleriň çözgüdine ýardam bermäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Oba özgertmeleriniň çäklerinde pudagy sanly ulgama geçirmek, iň täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Oba hojalygynyň gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryny, elewatorlary hem-de saýlama tohumlyk bugdaý taýýarlaýan bölümleri bolan degirmen toplumlaryny, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga köp mukdarda maýa goýumlary gönükdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, türkmen obasynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.

Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Üzümli toprak” daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Goç”, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň “Türkmenistan”, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan”, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi. Şol maslahatlarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmäge, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ekerançylara strategik taýdan möhüm oba hojalyk ekininiň ekişini has amatly möhletde hem-de ýokary hilli geçirmäge ýardam eder.

Şeýle hem ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň hem-de oba hojalyk pudagynda bar bolan täze tehnikalaryň sergisi guraldy. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli, aýdym-saz we folklor toparlary joşgunly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

(TDH)



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39451

04.09.2021
Türkmen diplomatiýasynyň daýanç sütünleri

olar milletiň Beýik Mugallymynyň watançylyk sapagynda aýdyň beýanyny tapdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde geçiren umumy okuw sapagy diňe bir ýaş nesiller däl, eýsem ähli raýatlarymyz üçin watançylyk dersi boldy. Watansöýüjiligiň belent çagyryşy bolup ýaňlanan bu sapak bilim-terbiýäniň gözbaşynda hemişe milliligiň durmalydygy, onuň usullarynyň bolsa döwrüň iň ösen innowasion talaplaryndan yza galmaly däldigi baradaky hakykaty ýene-de bir gezek subut etdi.

Milli Liderimiziň watançylyk sapagy — bu Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda bolup geçen taryhy özgerişlere özboluşly syndyr. Köplenç, dowam edýän taryhy wakalara öz döwründe anyk we doly baha bermek aňsat başardýan zat däl. Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, «Aý dogsa, älem görýär». Hut şonuň üçin hem dünýäniň geosyýasy giňişliginde Türkmenistan atly has röwşen, parlak «ýyldyzyň» ýiti ýalkym saçýandygy, onuň milli Lideri, hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren halkara başlangyçlarynyň global dünýäni özgertmäge ýardam berjekdigi barada köp gürrüň edilmegi tötänden däldir.

Hormatly Prezidentimiziň okuw sapagynyň ilkinji böleginiň ýurt berkararlygymyzyň goşa sütüni — Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň ähmiýetini düşündirmekden başlanmagy tötänden däldir. Çünki dünýäde öz ornuňy tapmak üçin, ilkinji nobatda, Garaşsyz döwlet bolmaly. Dünýäde set-müň halkyýet, millet bar. Olaryň ählisine özerkli ýaşamak, özbaşdak, garaşsyz döwletli bolmak bagty miýesser etmändir. Ykbal çüwüp, garaşsyzlyk bagtyna eýe bolnaýan halatynda-da, onuň sütünlerini berkitmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Garaşsyzlygyna eýe bolan islendik halkyň öňünde öz döwletini berkarar etmek, onuň dünýädäki mynasyp ornuny tapmak wezipesi keserip durýar. Şoňa amal edişine görä-de, şol döwlete dünýäde baha kesilýär. Munuň üçin halkara gatnaşyklaryň we halkara hukugyň binýatlyk ýörelgelerine ygrarly boljakdygyňa, olary berk berjaý etjekdigiňe dünýä bileleşigini ynandyrmaly. Iň esasysy, Birleşen Milletler Guramasyna agza bolup, guramanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen iň möhüm üç sany ýörelgesini üç ölçegde — ilki öz ýurduňda, öz ýerleşen sebitiňde hem-de tutuş dünýäde berkarar etmäge öz goşandyňy goşmaly.

Hormatly Prezidentimiz watançylyk sapagynyň başynda, ilki bilen, şu möhüm wezipeler hakda gürrüň açyp, daşary syýasatymyzyň baş ýörelgesi bolan hemişelik Bitaraplygyň bize näme berendigi barada özüniň pikir-garaýyşlaryny ýaşlarymyza düşnükli dilde ýetirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk asuda, agzybir, parahatçylykly, abadan durmuşda ýaşamaga ýol açdy. Ähli dünýä ýurtlary bilen dostlukly, ynsanperwer, medeni, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik döretdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly: «Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur».

Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň: «Gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi» diýen sözleriniň örän jüpüne düşen deňeşdirmedigini hem-de subutnama talap etmeýän hakykatdygyny nygtamak isleýäris. Üçünji müňýyllygyň çylşyrymly geosyýasy we geoykdysady şertlerinde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen, dünýäde ilkinji hemişelik Bitarap döwleti döretmek, elbetde, ýeňil bolmady. Munuň üçin türkmen diplomatiýasy çylşyrymly ýoly geçmeli boldy. Tejribeli syýasatçy, milli, sebit, dünýä derejesinde pikirlenýän, umumadamzat ähmiýetli, gaýragoýulmasyz meseleleriň çözgüdi boýunça öz oňyn tekliplerini hödürlän milli Liderimiziň — XXI asyryň beýik diplomatynyň bu babatdaky bitiren hyzmatlary dünýä nusgalykdyr. Hormatly Prezidentimiziň okuw sapagynda nygtalyşy ýaly, «Bu gün Bitarap Türkmenistan sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy we geoykdysady başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşýandygyny görkezýär. Biziň halkara başlangyçlarymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär».

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan» atly parlak ýyldyzyň dörändigi bilen baglylykda, ýaşlara ýüzlenip, bu hakykaty olaryň ählisiniň ata Watanymyza buýsanç duýgusyny oýarýan taglymat hökmünde kalbynda götermelidigi baradaky öwüt-ündewlerini türkmen ýaşlary berk berjaý etmelidirler.

Belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesliň wekilleri bilen geçiren okuw sapagy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň, türkmen diplomatiýasynyň taryhy köklerine düşünmekde, onuň binýatlyk ýörelgelerine nazar aýlamakda hem biziň üçin gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Şu ýerde milli Liderimiziň öz beýanynda türkmeniň döwletlilik taryhyna, geçmişde dünýä taryhynda yz goýan meşhur şahsyýetlerimize ýüzlenmeginiň, olar bilen bagly käbir rowaýatlary mysal getirmeginiň tötänden däldigini nygtamak zerur. Hormatly Prezidentimiz öz beýanynda gadymy ýazuw çeşmelerine, meşhur taryhçylaryň işlerine nazar aýlanyňda, olarda türkmen halkynyň adamzat taryhynyň dowamynda parahatçylyk, ynsanperwerlik däplerine ygrarly bolandygynyň, beýik taryhy we medeniýeti döredendiginiň ykrar edilýändigini nygtaýar. Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň döreden kuwwatly türkmen döwletleriniň dünýä taryhyna altyn sahypalary ýazandygyny, Görogly beg, Baýram han, Soltan Jelaleddin, Keýmir kör, Gowşut han ýaly merdana gahrymanlarymyzyň il-ýurt üçin ata çykandyklaryny tekrarlaýar. Milli Liderimiziň: «Men maslahat bolan ýerde söweşe ornuň ýokdugyny zynharlan Oguz hana, ýigidiň abraýyny onuň gahrymançylygyna, pähimine garap kesgitlän Gorkut ata, dostlaryny dogan eýlän Görogly bege ady ebedilige öwrülen gahrymanlar hökmünde belent sarpa goýýaryn. Siz şol edermen ata-babalarymyzyň dowamatydygyňyzy hiç haçan unutmaly dälsiňiz!» diýen sözlerini bolsa biz geljekki türkmen diplomatlaryny ýetişdirýän Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň öz bilim-terbiýeçilik, okuw-usulyýet, ylmy-seljeriş işiniň esasy örki, talyp ýaşlarymyzyň hem ykbalyny baglan hünärine ýetmekde esasy ugur alyş nokady bolmalydyr diýip düşünýäris.

Hormatly Prezidentimiziň beýanyndan ýokarda getirilen mysaldan hem görnüşi ýaly, parahatçylyk, ynsanperwerlik tutuş taryhymyzyň dowamynda türkmen diplomatiýasynyň binýatlyk ýörelgeleri, daýanç sütünleri bolmagynda galdy. Hut şol ýörelgelere eýerip, bu gün Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlete öwrüldi. Çünki, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk syýasatymyzyň gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty ýatyr.

Dünýäniň döwletlilik taryhyna özüniň ululy-kiçili 70-den gowrak döwlet gurmak tejribesi bilen goşant goşan ata-babalarymyzyň ynsanperwer daşary syýasaty ýöredendiklerine güwä geçýän köp sanly taryhy mysallar hormatly Prezidentimiziň türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň ynsanperwerligiň belent däplerini dünýä ýaýan ynsanlaryň neslidigi baradaky pendine uýmaly ýaşlarymyz üçin buýsanç çeşmesidir.

Türkmen halky ýaşaýyş-durmuşyny akyl-parasat, ylym we tejribe esasynda gurupdyr. Milli Liderimiziň watançylyk sapagy onuň şeýledigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň talyplar we okuwçylar bilen geçiren okuw sapagyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanyp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ulgamyna girýän düzümleriň gatnaşmagynda Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň hem-de halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylarynyň, halypa diplomatlaryň, professorlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda edilen çykyşlar geljekki ýaş türkmen diplomatlaryny ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Milletiň Beýik Mugallymynyň watançylyk dersi — bu türkmen diplomatiýasynyň daýanç sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň bu düýpli konseptual okuw sapagynyň her bir ugruny ylmy taýdan seljermegiň esasynda türkmen diplomatiýasynyň milli ýokary mekdebiniň professor-mugallymlary ýörite düzülen meýilnama esasynda ulgamlaýyn okuw, ylmy, terbiýeçilik çäreleriniň toplumyny alyp bararlar, ony öz işlerinde baş ýörelgä öwrerler. Hususan-da, birinjiden, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplarynyň aýratyn watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegine, ýokary okuw jaýynda wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilmegine aýratyn üns berler. Taryhy, medeniýeti öwreniş we dil derslerinde türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň hemmetaraplaýyn açylyp görkezilmegine aýratyn ähmiýet bermegi öz borjumyz hasaplaýarys. Şol sanda talyplarda agzybirlik we jebislik duýgularynyň has mäkäm ösmegine itergi berjek çäreler işjeň geçiriler. Hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda nygtalan möhüm ugurlar boýunça ylmy işleri we makalalary ýurdumyzda hem-de halkara derejede neşir etmek tejribesi ösdüriler. Ikinjiden, bu ugurda talyplaryň döredijilik işlerini işjeňleşdirmek, olaryň höwesini artdyrmak maksady bilen, talyplary ylmy-döredijilik işlerine has işjeň çekmek dowam etdiriler. Talyplar bilen ýörite dersleriň geçilmegi ýa-da ugurdaş gurnaklaryň açylmagy görnüşinde terbiýeçilik maksatly özara hereketleri işjeňleşdireris. Üçünjiden, bütin dünýäde biziň ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmäge ukyply, öz işiniň hakyky ussatlaryny taýýarlamak maksady bilen, diplomatiýanyň milli mekdebinde bilim bermek we hünär öwretmek üçin häzirki zaman innowasion we sanly bilim tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak işi dowam etdiriler. Şeýle hem talyplaryň döwletimiziň taryhyny, medeniýetini, sungatyny we milli gymmatlyklaryny gowy bilmeklerini, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden baş çykarmaklaryny gazanmak üçin dersler boýunça iş maksatnamalaryna zerur bolan özgertmeleri, üýtgetmeleri girizmek göz öňünde tutular.

Pursatdan peýdalanyp, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny berkitmäge goşant goşjak halkaraçy hünärmenleri taýýarlamaga berýän goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39449

04.09.2021
Galkynan ykbally nesiller

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiziň 1-nji sentýabrda bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren umumy okuw sapagyna bagyşlanyp, hoşallyk maslahaty geçirildi. Medeniýet ulgamynyň işgärleriniň, degişli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda eziz Diýarymyzda ylymly, bilimli, sagdyn ruhly ýaşlary ýüze çykarmak, olary döwlet tarapyndan goldamak ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işler, şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň ýaşlara beren atalyk pentleriniň many-mazmuny, ähmiýeti baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi.

Ýurdumyz durmuş-ykdysady we ruhy-medeni taýdan belent sepgitleri nazarlap, öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taryhy pursatlaryň, belent ösüşleriň, oňyn özgertmeleriň şaýady bolýan halkymyz bolçulygyň, eşretli durmuşyň hözirini görüp, ajaýyp döwrümize buýsanyp ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan we asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler bagtyýar ildeşlerimizde çäksiz buýsanç döredýär.

Her bir döwrüň öz öňe sürýän ruhy taglymaty bolýar. Şol ruhy taglymat hem döwrüň döredijilikli güýji bolup giň halk köpçüligini, ýaş nesli Watany has-da kuwwatlandyrmagyň hatyrasyna täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar. Dünýä giňişliginde ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen beýik başlangyçlar bilen öňe çykan hormatly Prezidentimiziň ýaýbaňlandyrýan taglymaty halkymyzyň ähli ruhy gymmatlyklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ägirt uly ruhy köke-direge daýanýan ösüş ýolumyz Watanymyzy özgertmek ugrunda Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünliklerimize esaslanýar.

Geçen gysga döwrüň içinde Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek, ýaş nesliň bilim derejesini ýokarlandyrmak, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan doly baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamak ugrunda amala aşyrýan giň gerimli işleri özüniň oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzda bilim özgertmesini çalt we netijeli durmuşa geçirmek üçin, dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri guruldy. Bu bolsa ýurdumyzda bagtyýar nesilleriň döwrebap bilim almaklary ugrunda milli Liderimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň rowaçlyklara beslenýändigine şaýatlyk edýär.

Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, güneşli Diýarymyzy bagtyýar nesilleriň iň arzyly arzuwdyr islegleriniň hasyl bolýan mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

(Ýörite habarçymyz).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39448

04.09.2021
Şanly toýa ýaklymly gadam

Bä, bu güýzüň hoş habarlara beslenip geläýşini! Beýik bagtymyzyň 30-njy güýzüni welaýatymyzda birbada iki sany täze mekdebiň açylyş dabarasy bilen garşylan bolsak, şondan bary-ýogy iki gün soňra ― dek düýnüň özünde Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasy dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Şeýlelikde gadymy Lebap topragy mukaddeslik toýumyzy ýagtylyga, ýalkyma, ägirt kuwwata beslenip garşylaýar. Täze kuwwatly desga diňe bir ýurdumyza däl, dost-doganlyk döwletlerimize hem hyzmat eder. Täze desga gutly bolsun, eziz ildeşler! Goý, onuň ýalkymy diňe dünýämize däl, ýüreklerimize hem nur çaýsyn!

Gerimi dostlara ýaýyljak kuwwat

Mälim bolşy ýaly, bu kuwwatly desganyň düýbi 2018-nji ýylyň noýabr aýynda tutulypdy. Ynha, üç ýyla golaý wagtdan soň ýurdumyzyň gündogar sebitinde tutuş Merkezi Aziýa derejesinde alanyňda hem iň iri gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň biri guruldy. Ol Türkmenistanyň ýaponiýaly we türkiýeli hyzmatdaşlarynyň bilelikdäki zähmeti bilen bina edildi, enjamlaşdyryldy. Düýn bolsa, desga dabaraly ýagdaýda ýurdumyzyň umumy elektrik energiýasy akymyna birikdirildi.

Täze desganyň kuwwatyna göz ýetirmek üçin welaýatymyzda ozaldan işläp gelýän ugurdaş desgalar bilen deňeşdireliň! 2014-nji ýylda Çärjew etrabynda açylan «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy 149,2 megawata deň. 1992-nji ýylda ulanylyşa girizilen, 2004-nji ýylda bolsa ikinji energoblogy bilen güýçlendirilen Seýdi ýylylyk elektrik merkeziniň kuwwatlylygy bolsa 160 megawat. Welaýatymyzda henize çenli iň kuwwatly elektrik desgasy hökmünde işläp gelen Döwletli etrabyndaky «Watan» döwlet elektrik stansiýanyň kuwwaty 254 megawat. Düýnki açylan desganyň kuwwaty bolsa 432 megawata deň bolar. Şeýlelikde Jeýhun ýakasy Merkezi Aziýanyň iň kuwwatly elektrik energiýaly sebitine öwrüler.

Täze elektrik energiýasyny öndüriji desga «Mitsubishi Power Ltd.» ýapon kompaniýasynyň her biriniň kuwwaty 144 megawat bolan üç sany gaz turbinaly enjamlaryndan ybaratdyr. Taslama Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen karz şertnamasy arkaly Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky tarapyndan maliýeleşdirildi.

Täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi ýurduň gündogar sebitiniň ösüp barýan ykdysadyýetiniň üznüksiz elektrik üpjünçiligi üçin zerur tehniki şertleri we täze iş ýerlerini döreder hem-de goňşy ýurtlara eksport ediljek elektrik energiýasynyň esasy çeşmesine öwrüler. Has takygy, desga Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan daşary hem Özbegistan Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder. Ýakynda ýurdumyzyň Gyrgyz Respublikasyna hem elektrik energiýasyny eksport edip başlandygyny hem ýatlalyň!

Elektrik stansiýasy ýurdumyzda gurlan onunjy desga bolup, olaryň umumy kuwwaty 6,511 megawata barabardyr.

Ähli işler ýokary derejede

Kuwwatly desganyň gurluşygyna milli Liderimiziň hut özüniň uly üns gönükdirendigini aýratyn aýtmak gerek. Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň mejlislerinde ýygy-ýygydan bu desgada alnyp barylýan gurluşyk işleri, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklanyp durdy. Desganyň öz wagtynda işe goýberilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi.

Üç ýyla golaý wagtdan bäri dowam eden gurluşyk we enjamlaşdyryş işleri bilen ýygy-ýygydan tanşyp durduk. Esasy potratçysy Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy bilen desganyň gurluşygyny Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasy alyp bardy. Enjamlaşdyrmaga bolsa ýene-de Ýaponiýanyň «Mitsubishi Power Ltd.» kompaniýasy gatnaşdy. Bu kompaniýalaryň üçüsiniň hem baý taryha eýe bolup, häzirki wagtda dünýäde uly meşhurlyk gazanandygyny aýratyn aýtmaly. Hatda düýnki açylan desga «Sumitomo Corporation» bilen «Mitsubishi Power Ltd» kompaniýalarynyň bilelikde Merkezi Aziýadaky ilkinji taslamasydyr. Diýmek, Merkezi Aziýa bu hyzmatdaşlyk üçin täze bazara öwrüljek bolsa, onda ilkinji ädimiň juda berk edilmegi esasy zerurlyk bolup orta çykýar. Şeýle bolansoň, Çärjew etrabyndaky täze desgada oturdylan enjamlar döwrüň iň soňky gazananlaryna esaslanýar.

Wagtal-wagtal metbugat sahypalarynda hem habar berlişi ýaly, täze kuwwatly desgany işe girizmäge taýýarlamak üçin köpugurly tutumlar alnyp baryldy.

Döwrüň iň täze gazananlary gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň enjamlaşdyrylyşynda hem göze ilýär. Dünýäde iň täze ― dek düýnüň özünde açylan elektrik stansiýasynda iň kuwwatly we iň döwrebap enjamlar oturdyldy diýip, gypynçsyz aýdyp bileris.

Geçmişi şanly, geljegi parlak hyzmatdaşlyklar

Mundan üç ýyl ozal iri gaz turbinaly elektrik stansiýanyň düýbüni bilelikde tutan hyzmatdaşlar ony bilelikde açyp, ulanmaga berdiler. Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejiman, «Rönesans Holding» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Erman Ylyjak we beýleki hyzmatdaş kompaniýalaryň wekilleri täze desganyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmanlary boldular.

Dabarada giriş sözi bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow çykyş etdi. Wise-premýer öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda energetika syýasatynyň barha rowaçlanýandygyna ünsi çekdi. Soňky ýyllarda Türkmenistanda iri elektroenergiýa taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirildi, olaryň birnäçesiniň gurluşygy dowam edýär. Elektrik energiýasy bilen içki zerurlygyny doly üpjün eden Türkmenistan bu baýlygyny dünýä döwletlerine hem eksport edýär. Tamamlanan taslamalaryň hatarynda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gurlan elektrik stansiýalaryny, Mary DES-inde ýurdumyzda ilkinji utgaşykly bug-gaz elektrik stansiýasyny görkezip bileris.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi dowam edýän taslamalaryň iň irisidir. Şeýle hem mundan bir ýyl ozal hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwatlylygy 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berdi. Öňümizdäki ýylda ýurdumyzda energetika enjamlaryny abatlamak we şolara hyzmat etmek baradaky merkez ulanmaga berler. Energiýa halkasyny döretmek maksady bilen, Ahal — Balkan hem-de Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary çekmek boýunça taslama durmuşa geçirilýär. Bu ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli işler diňe bir ýerli sarp edijileri — Diýarymyzyň şäherlerini we obalaryny hem-de her ýyl işe girizilýän iri senagat toplumlaryny we köpsanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmäge däl, eýsem, onuň artyk bölegini daşary ýurtlara, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletlere ibermäge mümkinçilik berer.

Täze desganyň açylyş dabarasynda çykyş eden «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň esaslandyryjysy Erman Ylyjyk uzak ýyllara daýanýan ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk üçin türkmen tarapyna, hususan-da, hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirdi. 1993-nji ýylda esaslandyrylan, häzirki wagtda dünýäniň 28 döwletinde, şol sanda Türkiýe, Russiýa, Niderlandlar Patyşalygy, Yrak, Mozambik, Özbegistan, Gazagystan, Germaniýa ýaly döwletlerde iri gurluşyklary alyp barýan kompaniýa biziň ýurdumyzda dürli ýyllarda guran Marydaky ammiak dökünleri kärhanasy, Ahaldaky Tebigy gazdan benzin öndürýän kärhanasy, Gyýanlydaky polietilen we polipropilen kärhanasy, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň döwrebap önümhanasy we beýleki iri gurluşyklary bilen meşhurdyr. Indi bolsa bu kompaniýa ýapon hyzmatdaşlary bilen bilelikde Merkezi Aziýanyň iň iri gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyny hem amala aşyrmaga gatnaşdy. Hormatly myhman täze desganyň döwrebap mümkinçilikleri barada bu ýere ýygnananlara jikme-jik gürrüň berdi.

Ykrarnamalaryň desgasy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gurulýan iri binalardyr desgalar hil, önümçilik we beýleki aýratynlyklary boýunça halkara güwänamalara mynasyp bolýarlar. Şeýle güwänamalaryň birnäçesi bolsa olara açylyp, ulanylmaga berlen gününde gowşurylýar. Şu gezek hem şeýle boldy. Çärjew etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen täze gaz turbinaly elektrik stansiýasy güwänamalaryň üçüsine ― Merkezi Aziýada ilkinji bolup «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd.» kompaniýalary tarapyndan üpjün edilen M701DA kysymly gaz turbinalaryň ulanylandygy baradaky Sylag şahadatnamasyna, «Max-Planck» instituty tarapyndan Ekologiýa taýdan durnuklylyk we netijelilik sertifikatyna hem-de Şweýsariýanyň federal tehnologiýalar instituty tarapyndan desganyň öňdebaryjy tehnologiýaly elektrik stansiýasydygy baradaky laýyklyk güwänamasyna mynasyp boldy. Resminamalar degişli guramalaryň wekilleri tarapyndan «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýolbaşçysyna gowşuryldy. Şeýlelikde Türkmenistan sebitde ilkinji ädimleriň ýene-de birini ätdi. Nesip bolsa, bu ilkinjilik baýlyk, bereket hem egsilmez nur eçiler.

Kuwwaty dillerde sena

Güwänamalaryň gowşurylyş dabarasyndan soňra gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ähmiýeti bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi. Onda nygtalyşy ýaly, täze stansiýa elektrik toguny öndürip, ony ýurdumyzyň umumy elektrik akymyna goşar. Täze stansiýadaky kuwwatlylyk bolsa tutuş ýurdumyzyň umumy energokuwwatyna güýçli goşant bolar, Türkmenistanyň elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiligi has ýokarlanar.

Ine-de, dabaraly pursat gelip ýetýär! Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow dabaraly ýagdaýda düwmäni basyp, kuwwatlylygy 432 megawat bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny işe girizýär. Dabara gatnaşyjylaryň ählisi şobada täze, kuwwatly stansiýanyň işläp başlaýşyna animasiýa şekilleri arkaly tomaşa etdiler. Kuwwatly desganyň paýlaýan ýalkymy bolsa ýürekleriň çuňlugyna çenli baryp ýetdi.

Açylyş dabarasynyň ýakymly pursatlary ýokarda ýazanlarymyz bilen tamamlanmaýar. Täze desga hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy ― gulluk awtoulaglarynyň üçüsiniň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Täze desga ― täze sahypa

Şeýlelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna bary-ýogy 24 gün galanda ýurdumyzda ýene bir kuwwatly elektrik stansiýasy açylyp, ulanylmaga berildi. Şeýlelikde ozaldan hem ýokary energiýa kuwwatly Türkmenistan bu kuwwatyny has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiligi ozalkysyndan has ýokarlandy. Bu waka Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Täze desga gutly bolsun, eziz ildeşler!

Ile-güne nurly täze sowgadyňyz üçin taňryýalkasyn, Gahryman Arkadagymyz!

Agageldi ITALMAZOW,

ýörite habarçymyz.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/39421

04.09.2021
Sanly ulgam — Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmeginiň möhüm şerti

Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şunda milli ykdysadyýeti we onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini artdyrmagyň möhüm şertidir.

Bu ugurda ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin konsepsiýa durmuşa geçirilýär. Bu konsepsiýa kabul edilen döwlet maksatnamalary hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen utgaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek maksady bilen degişli Pudagara topar döredildi.

Häzirki globallaşmak şertlerinde tehnologik taýdan özgertmeler ösüşiň esasy gurallarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek milli Liderimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeler strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir. Şol strategiýa bolsa diňe bir oňyn ösüşi däl, eýsem, dünýäniň degişli ýagdaýyna uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azaldylmagyny üpjün edýär.

Sanly tehnologiýalaryň artykmaçlyklary äşgärdir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi bu ulgamda kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş düzümiň, düýbünden täze dolandyryş çemeleşmeleriniň kemala getirilmeginiň, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny şertlendirýär.

Häzirki wagtda sanly ulgama geçilmegi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň açary bolup hyzmat edýär. Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn hem ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir.

Bu gün diwersifikasiýalaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge, bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge, hususy ulgamy höweslendirmäge gönükdirilen türkmen ykdysadyýetiniň düzümi özgerýär.

Öňdebaryjy tehnologiýalar biziň gündelik durmuşymyza berk ornaşmak bilen, zähmeti guramagyň usullaryny, okamagyň hem-de dynç almagyň görnüşlerini özgerdýär. Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň öz nusgasyny, ýagny diňe bir taýýar çözgütleriň hem-de “nou-haularyň” importyna däl, eýsem, özüniň ylmy-tehnologik we aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitledi.

Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Programma üpjünçiligini, elektron hyzmatlary, maglumat portallaryny döretmek ýaly ylym bilen baglanyşykly ulgamlary özleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenilip taýýarlanylan täze sanly önümleriň iş ýüzünde giňden ulanylýandygy bellärliklidir. Olar ulanyş babatda özleriniň hili we amatlylygy boýunça daşary ýurtlaryň sanly önümlerinden birjik-de pes durmaýar.

Sanly ulgama geçilmegi maliýe-bank ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugrudyr. Şu günüň ýagdaýlaryndan ugur alnyp, bu wezipäniň ýerine ýetirilmegi ykdysady ulgama we onuň binýatlaýyn edaralaryna hil taýdan täze talaplaryň peýda bolmagyny şertlendirýär. Innowasion çözgütleriň netijeli ulanylmagy müşderiler hem-de bazara gatnaşyjylar bilen özara gatnaşyklaryň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, hyzmatlary kämilleşdirmek hem-de görnüşlerini giňeltmek arkaly bu ulgamy özgertmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda bu ugurda geçirilýän işler durmuş we maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, işewürlik ulgamynyň işjeňliginiň höweslendirilmegine, umuman, durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Sanly ulgama geçmek babatda söwda ulgamyna möhüm orun degişlidir. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda internet-söwdany ösdürmäge hem-de ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamda hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny nazara almak bilen, netijeli hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär.

Dünýäniň bölek we lomaý söwdasynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy täze, geljegi uly işewürlik nusgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman bazarynda ýagdaýlara dogry we öz wagtynda baha bermek bäsdeşleriň öňünde artykmaçlyk döredýär. Bu gün tutuş dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem bu ugurda sanly ulgama geçmegiň depginleri barha ýokarlanýar. Munuň özi sarp edijileriň köpüsiniň sanly tehnologiýalara gyzyklanmasynyň artýandygy bilen şertlendirilendir. Olaryň isleglerini kanagatlandyrmak hem-de bazarda üstünlikli bäsleşmek üçin öňdebaryjy tehnologiýa çözgütlerini ulanmak hem-de bazar gatnaşyklarynyň täze gurallaryny ornaşdyrmak zerurdyr.

Sanly ulgam söwda kärhanalaryna sarp edijiler barada maglumatlary toplamaga, söwdany guramak işini kämilleşdirmäge, dürli önümlere bolan islegleri seljermäge hem-de müşderiler üçin elýeterli bolmaga mümkinçilik berýär. Onuň kömegi bilen amallar işiniň netijeliligini ýokarlandyryp we degişlilikde, harytlaryň özüne düşýän gymmatyny azaldyp bolar, bazarda şol önümleriň has elýeterli bolmagyna oňaýly şertler dörediler. Şunuň bilen baglylykda, täzeçillikleri işjeň ulanmak hem-de sarp edijileriň isleglerini içgin seljermek ýurdumyzyň söwda ulgamyny sanlylaşdyrmakda esasy ugur bolup durýar. Şonuň netijesinde, Türkmenistanda internet-dükanlar hem-de harytlary uzak aralykdan satmak usullary giň gerime eýe bolýar.

Sanly ulgama geçilmegi ýurdumyzyň hususy ulgamy üçin hem oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamy goldamaga aýratyn üns berýär.

Ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, iň täze enjamlaryň we programma üpjünçiliginiň herekete girizilmegi, maglumat serişdeleriniň netijeli ulanylmagy bilen birlikde, bu ulgamdaky sanly özgertmeler dolandyryş çemeleşmelerinde düýpli özgerişlikleri hem göz öňünde tutýar. Munuň özi kärhanalary ösdürmegiň innowasion usullaryna giň ýol açýar. Sanly ulgama geçmegiň netijesinde döredilýän gurallaryň giň gerimli bolmagy hususy işewürligi ýola goýmaga hem-de ösdürmäge ýardam edýär. Beýleki ýurtlarda, dünýäniň islendik sebitinde bolýan işewür hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin hem amatly şertleri döredýär.

Öňdebaryjy tehnologiýalar hyzmatlar ulgamyny hem düýpli özgerdýär. Mälim bolşy ýaly, häkimlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, bellige we hasaba almak işini ýeňilleşdirmek maksady bilen hem-de raýatlara amatly bolar ýaly Türkmenistanyň e.gov.tm bitewi döwlet saýty döredildi. Bu portal raýatlar we telekeçilik üçin elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny hödürlemek üçin awtomatlaşdyrylan “Bir penjire” maglumat ulgamy görnüşindedir.

Sanly ulgama geçilmegi netijesinde, işewür hyzmatdaşlaryň gatnaşyklaryny sazlamaga, hyzmatlaryň bazaryny giňeltmäge, hyzmatyň täze hilini üpjün etmäge mümkinçilik berýän täze işewürlik usullary hem peýda bolýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kompaniýalar häzirki döwrüň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna, onda bolup geçýän hadysalara aýratyn üns bermelidirler. Munuň özi garaşylýan netijeleri gazanmagyň möhüm şertidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň işewür düzümleri sanly özgertmeler strategiýasyny durmuşa işjeň ornaşdyrýarlar.

Sanlylaşdyrmak aýry-aýry kärhanalaryň derejesinde bolşy ýaly, tutuş pudaklarda aýratyn ähmiýetlidir. Bu gün dünýäde şertleriň yzygiderli üýtgäp durýandygyny nazara alanyňda, bu usul zerurdyr. Önümçilik ulgamlaryny sanlylaşdyrmak senagat toplumlarynda zähmetiň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, her bir işgäriň iş öndürijiligi artýar. Sanlylaşdyrmak işleri ýerine ýetirmäge harçlanýan wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa önümçiligiň çeýe, bäsdeşlige ukyply, ahyrky netijede bolsa düşewüntli bolmagyna kömek edýär.

Tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy ugrudyr. Obasenagat toplumynda dolandyryşyň telematik sanly elektron ulgamynyň kömegi arkaly işleriň mehanizmleşdirilen görnüşde ýerine ýetirilmegi munuň aýdyň netijesidir. Häzir ýurdumyza dünýä belli “John Deere» kompaniýasynyň döwrebap tehnikalary hut şu ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr.

Oba hojalyk önümçiliginde sanly, täzeçil usullar işjeň ulanylýar. Pudagy ösüşiň täze derejelerine çykarmak maksady bilen, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde, bu ugurda ýurdumyzyň telekeçileri aýratyn işjeňlik görkezýärler. Şeýlelikde, häzirki zaman önümçilikleriniň, şol sanda ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli azyk önümlerini öndürýän ýyladyşhana hojalyklarynyň sany artýar. Şolarda ekerançylykda ekiş döwründen ösdürip ýetişdirmäge we ideg etmäge çenli bolan ähli işler tehnologik usulda amala aşyrylýar. Bularyň hemmesi sanly ulgama esaslanýar. Degişli howa ýagdaýyny, ýagtylygy, çyglylygy saklamak, topragy baýlaşdyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar arkaly suwarmak we beýleki degişli agrotehniki çäreleri amala aşyrmak awtomatik usulda alnyp barylýar hem-de kompýuter maksatnamasy arkaly gözegçilik edilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, hasylyň bereketli bolmagyny, ýylyň ähli paslynda ýokary hilli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär.

Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy önüm öndürijilere onlaýn tertipde önümçiligiň ähli ugurlaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Ol taýýar önümleri ugratmakdan onuň bellenen ýere çenli bolan aralygy, ýola sarp edilen wagt, ýüküň agramy, saklanyş derejesi we ugradylýan ýurduň hem-de alyjynyň ady baradaky maglumatlary berip durýar. Bu bolsa bar bolan meseleleri öz wagtynda çözmäge, harytlaryň içerki we häzirki mahabat ýagdaýyny, alyjylaryň isleglerini nazara almak bilen daşarky bazarlara ibermegiň wajyp ugurlaryny işläp taýýarlamaga kömek edýär.

Sanlylaşdyrmak şähergurluşyk ulgamynyň ösüşiniň möhüm bölegine öwrüldi. Hojalyk, önümçilik we dolandyryş işleriniň sanlylaşdyrylmagy “akylly” şäherleri döretmäge mümkinçilik berýär. Şolarda halkymyzyň ýaşaýşy bilen baglanyşykly meseleler doly derejede kanagatlandyrylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Aşgabat-siti” we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi ýaly giň gerimli taslamalary mysal görkezmek bolar. Şolarda täzeçil usullar şäher ilatynyň gullugyna gönükdiriler.

Şäher ilatynyň amatly durmuşy, netijeli zähmeti, bilim almagy, doly derejeli dynç alşy, sport we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmek üçin şäher gurşawynda doly derejeli üpjünçiligiň ýola goýulmagy sanlylaşdyrmagyň möhüm şertidir.

“Akylly” şäherler konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň utgaşdyrylmagyna esaslanýar. Şeýlelikde, şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyryşyny, adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýän bir bitewi ekoulgam kemala gelýär. Bu konsepsiýa birnäçe ugurlary özünde jemleýär. Şolaryň hatarynda “akylly” binalar, ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalary, bir bitewi maglumat binýady hem-de ýaşaýjylara tölegleri geçirmäge we zerur maglumatlary almaga mümkinçilik berýän köpugurly şäher gollanmalary bar. Munuň özi ýaşaýyş üçin ýokary derejeli şertleri üpjün edýän häzirki zaman şäheri bolar.

Sanly kommunikasiýa ýaýlymlary, emeli aň, robotlaşdyrmak häzirki döwrüň esasy serişdelerine öwrülýär. Şol bir wagtyň özünde öňdebaryjy tehnologiýalar ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» gönükdirildi. Onuň durmuşa geçirilmegi maglumat bilim gurşawynyň döredilmegini, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny, halkara ülňüleriň derejesinde ugurdaş usullaryň kämilleşdirilmegini öz içine alýar.

Kitaphanalaryň sanlylaşdyrylmagy bu ugurda esasy orny eýeleýär. Häzir okamagyň mümkinçilikleri düýpli özgerdilýär. Elektron görnüşdäki kitaplar onlaýn tertipde doly elýeterli boldy. Kompýuteriň, planşetiň, ykjam telefonyň kömegi arkaly islendik wagtda kitaphanalaryň saýtyna girip, gerek bolan neşiri wirtual görnüşde almak mümkinçiligi döredi. Innowasion tehnologiýalar kitaphana-maglumat hyzmatlarynyň hilini we gyssaglylygyny üpjün edýär. Bu bolsa köp sanly ulanyjylary özüne çekýär. Şeýle hem ol okyjylaryň gyzyklanmalaryny artdyrýar we bilim almak, dünýägaraýşy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere we sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda, ylym, bilim we önümçilik aragatnaşyklary pugtalanýar. Munuň üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar, inženerçilik-tehniki, tehnologiýa we beýleki zerur ugurlar boýunça okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Şunda, Ylymlar akademiýasyna möhüm orun degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň fewral aýynda milli Liderimiz Aşgabatda we welaýatlarda IT-merkezleriniň döredilmegi üçin ABŞ-nyň 10 million dollary möçberdäki serişdeleriň gönükdirilýändigini aýtdy. Şonda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet-web saýtlaryny döretmek hem-de işe girizmek hakynda” Karara gol çekdi. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler IT-hünärmenleriniň taýýarlanylmagyna we bu ugurda milli mekdeplere goldaw berilmegine, programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylara ýardam bermäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine sanly ulgam işjeň ornaşdyrylýar. Bu gün elektron neşirler metbugat neşirleri bilen üstünlikli bäsdeşlik edip bilýär we barha meşhurlyga eýe bolýar. Häzirki zaman köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň interaktiw we multimediýa usullaryny ulanmagy olaryň tapawutly aýratynlygydyr. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň okyjylar we ulanyjylar üçin elýeterli bolmagyndan başga-da, internet giňişliginiň ulgamy halkara bileleşigiň ýurdumyz, onuň ýeten derejesi barada maglumat bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär, şeýle hem onuň dünýäniň mediabazaryna çykmagyna giň ýol açýar.

Sanly tehnologiýalar tele we radio ýaýlymlarynyň ýokary hil derejesini üpjün edýär. Häzirki döwürde işjeň ulanylýan döwrebap tehnologiýalar tele we radio gepleşiklerde möhüm orun eýeleýär.

Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny, şol sanda dolandyryş, pudaklaýyn, işewür düzümleri, önümçilik we söwda ulgamlaryny, medeni-durmuş pudaklaryny, raýatlaryň durmuşyny öz içine alýar. Bular öz artykmaçlyklaryny görkezip, bar bolan kuwwaty doly durmuşa geçirmäge goşmaça mümkinçilik berýär, şeýle hem bilimiň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrýar we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegini hem-de anyk netijelere ýetilmegini şertlendirýär.

(TDH)



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39385

03.09.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministrini kabul etdi

Aşgabat, 2-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimany kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Ýaponiýanyň Imperatoryna hem-de Premýer-ministrine salam aýdyp, okgunly ösýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik, uzak möhletleýin häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hil taýdan ýokary derejä çykandygyny, barha täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny aýtdy. Günüň dogýan ýurdundan tutuş dünýäde belli kompaniýalaryň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işleýändigi netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Döwletara gatnaşyklar köptaraplaýyn görnüşinde hem, hususan-da, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde hem okgunly ösdürilýär.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we senagat ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada içgin pikir alşyldy. Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, senagatlaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek, ylym bilen baglanyşykly, ýerli çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini çykarmaga gönükdirilen ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek babatda alan ugrunyň dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty hem işewür gatnaşyklary höweslendirmäge, olaryň okgunly ösmegine itergi bermäge ýardam edýär. Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi daşary ýurtlaryň işewür toparlary üçin türkmen bazarynyň özüne çekijiligini has-da artdyrýar.

Ýurdumyzyň innowasion ösüş ýoluna düşendigini hem-de amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny nazara almak bilen, senagat toplumy, şol sanda nebit we gazhimiýa ulgamy hem-de energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklary we beýlekiler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem uly geljegi bardyr. Türkmenistan bu ugurdaky hyzmatdaşlyga uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, “ýaşyl energetika” ýaly möhüm ulgamda özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikler bar.

Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon hem-de ýapon-türkmen komitetlerine möhüm orun degişlidir. Olaryň işi gazanylan ylalaşyklary ilerletmäge we iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, ähli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde, iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribe toplanyldy. Türkmenistanda gurlan döwrebap senagat toplumlary bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Şol toplumlarda ýokary hilli nebit, gaz we agrohimiýa önümleri öndürilýär.

Lebap welaýatynda “Sumitomo Corporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda kuwwaty 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmak boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Milli energetika ulgamynda wajyp ähmiýete eýe bolan bu desganyň işe girizilmegi onuň kuwwatyny artdyrmaga güýçli itergi berer.

Şunuň bilen baglylykda, Kiýoşi Ejima milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletara gatnaşyklar meselelerine uly üns we goldaw berýändigi hem-de täze elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza gelmäge çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Täze desganyň işe girizilmeginiň diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylygynyň ýokarlanmagyna, şol sanda Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etjekdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň goňşy döwlet bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny, onuň parahatçylykly ýol arkaly dikeldilmegine ýardam edýändigini, TOPH gaz geçirijisini gurmak hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek ýaly giň möçberli düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýandygyny nygtady.

Şu geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ýeňillikli şertlerde iberýär, ynsanperwerlik ýüklerini yzygiderli ugradýar. Türkmen tarapynyň tagallalary bilen Owganystanyň çäginde durmuş maksatly desgalaryň ençemesi guruldy. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň mundan beýläk-de özüniň günorta goňşusyna doganlyk kömegini berjekdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri anyk teklipler, degişli şertnamalaýyn-hukuk binýady hem-de taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşmagy bilen berkidilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de uzak möhletleýin strategik esasda işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamota gatnaşdy.

***

Şol gün Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň işiniň wajypdygy nygtaldy. Şol komitetleriň yzygiderli alyp barýan işleriniň çäklerinde özara gatnaşyklaryň wajyp meselelerine garalýar. Geljek üçin meýilnamalar düzülýär, anyk çözgütler kabul edilýär.

Gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga ýardam edýän işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Bu babatda umumy tagallalaryň birleşdirilmeginiň geljegi uludyr.

Ýokary derejede hem-de wise-premýer S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky uly wekiliýetiň şu ýylyň iýul aýynda Ýaponiýa bolan sapary mahalynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Energetika we senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, täze düzümleýin desganyň — Lebap welaýatyndaky gazturbinaly elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamynda, şol sanda Günüň we ýeliň energiýasyndan peýdalanmagyň tehnologiýalaryny ulanmak babatda gatnaşyklaryň wajypdygy bellenildi. Şunda ekologiýa meselesi möhüm ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň ahyrynda taraplaryň özara gyzyklanma döredýän ähli ulgamlarda netijeli türkmen-ýapon gatnaşyklaryny dowam etdirmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39386

03.09.2021
Arkadagyň watançylyk sapagy

Mugallymy müň miweli daragtlary ýetişdirýän bagbana meňzedýärler. Daşy ýonup, sünnä sungat döredýän heýkeltaraşa deňeýärler. Ony geljegiň mizemez sütünlerini gurýan binagäre meňzedýänlerem bar. Olaryň hiç birine-de däl diýip bolmaz. Emma şol meňzedilýän kesp-hünärleriň ählisiniň kämilligi-de mugallymyň yhlasyndan başlanýar ahyry! Megerem, mugallymy Güne meňzedip bolar. Onuň barlygynda tümlük ökje göterip, ýagtylyk çyragy ýaýylýar.

Aýdylyşy ýaly, raýatyň gowy adam bolmagy — jemgyýet üçin utuş. Şol gowy adamyň mugallym bolmagy welin, jemgyýete ençeme esse bähbitlidir. Çyn mugallymyň zehini, ukyp-başarnygy döwlet Baştutanynda jemlenende bolsa, ol tutuş milletiň, nesilleriň bagtyna öwrülýär. Biz munuň şeýledigine milli Liderimiziň mysalynda ýygy-ýygydan göz ýetirýäris.

Gahryman Arkadagymyz — milletiň baş mugallymy. Halkyň ýol görkezijisi. Watansöýüjiligiň nusgalyk mekdebi.

1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde taryhyň şindiki, möhüm pursadynda öz pikirlerini paýlaşdy, ýaşlara öwüt-nesihatlaryny berdi. Göräýmäge, talyp ýaşlardyr okuwçylar üçin niýetlenen ýaly hem bolsa, munuň her birimiz üçin unudylmajak watançylyk sapagy bolandygyny turuwbaşdan bellemelidiris. Onuň diňe bir okuw sapagy däl, eýsem, döwürleri, nesilleri, köňülleri birleşdirýän hakyda sapagyna öwrülendigini-de nygtan ýagşy.

***

Biziň üçin ýurt Garaşsyzlygynyň mukaddeslik gymmaty nämede?

Bitaraplyk bize näme berdi?

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda halkara syýasatda nähili orun eýeleýär?

Özbaşdak ösüşiň 30 ýyly içinde gazanylanlar, esasan, nämelerden ybarat?

Watanymyzyň ösüşini ilerletmekde şu günki ýaş nesliň üstüne niçiksi borçlar düşýär?

Dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda hünärmenleriň taýýarlygyna neneňsi talaplar bildirilýär?

Bizi mizemez millet, agzybir halk hökmünde haýsy gymmatlyklar, ýörelgeler baglanyşdyrýar, bitewüleşdirýär?

Öňde duran maksatlar we wezipeler, esasan, nämelerden ybarat?

Ine, Gahryman Arkadagymyzyň okuw sapagy her birimiz üçin möhüm bolan şu we şular ýaly sowallara takykdan aýdyň jogaplary özünde jemledi. Oý-pikirleriň täze gözýetimlerini açmak bilen, döwrümize, özümize has içgin, has çuňňur düşünmäge ýardam etdi.

Täsin ukyply bir adam hakda şeýleräk rowaýat edýärler. Nämemiş, ol sag gözi bilen geljegi, sol gözi bilen geçmişi görüp bilýärmiş. Ýöne şu günki güni görmeli bolanda, iki gözüni-de giňden açyp seredýärmiş. Ondan: “Ýeri, sen geçip giden geçmişidir nämälim geljegi bir gözde synlap bilýän halyňa, gözüň alnyndaky şu güni goşa didäň bilen synlamaň näme?!” diýip sorapdyrlar. Jogaby nagt bolupdyr: “Şu günüňi doly görüp bilmeseň, ne geçmişe göz ýetirip bolar, ne-de geljege!”.

Hawa, geçmişe buýsanç, geljege ynam şu günüňe, öz döwrüňe düşünmekden, oňa aň ýetirmekden başlanýar.

***

Danalar aýtmyşlaýyn, dünýäde iki gudrat bar bolsa, biri Sözdür!

Dünýäde ýeke gudrat bar bolsa, ol hem Sözdür!

Çeper sözlerdir. Ýürekden çykyp, göni ýürege ýetýän şeker sözlerdir...

“Men ýaşlygymdan halkymyzyň durmuşyny, dünýägaraýşyny, watançylygyny, ahlak kadalaryny, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän nakyllary depderlerime belläp almagy endik edindim” diýýän milli Liderimiziň öz çykyşynda halk döredijiliginiň nusgalaryny, dokmaňyz nakyllarydyr rowaýatlary ýerlikliden jaýdar ulanyşyna üns berensiňiz. Olar dirilik damjasy bolup, göni kalba damýar. Pederleriň oýnam söze iner ýüküni urup bilişlerini diýsene! Hut şeýle äheň, şeýle inçelik Gahryman Arkadagymyzyň öz eserlerine hem mahsus.

“Bilim odun ýygnamak däl-de, ot ýakmakdyr” diýilýär. Hormatly Prezidentimiziň okuw sapagy hem diňe gymmatly maglumatlary özünde jemländigi bilen däl-de, ýüreklere aralaşyp, duýgulary alawladyp, ýaş nesliň watançylyk söýgüsini artdyrandygy bilen ähmiýetlidir.

***

Mugallymçylyk, bilime, bilimlä sarpa, ýaş nesle ugur-ýol görkezmek, goldamak... Bu ýörelgeler döwlet Baştutanymyza pederlerinden arka-arka geçen terbiýe mekdebidir. Bu hakykata Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” atly romanlaryny okanyňda-da aýdyň göz ýetirýärsiň.

“Döwlet guşy” romanynda beýan edilişi ýaly, milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet aga Kirow raýonyna işe iberilip, ilkinji ädimlerini hem mekdep gurmakdan başlaýar. Onda-da nähili kynçylykly şertlerde!

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda obada mugallym zerur diýip, hernäçe ibermejek bolsalar-da, Berdimuhamet aganyň Watan goragyna gitmek üçin öz ýerine okuwçylaryndan ýedi gyza bu asylly kesbi öwredendigi, olaryň hem Aşgabatda synag tabşyryp, “mugallym” diýen güwänamany alyp, obalarynda uzak ýyllar abraý bilen zähmet çekendikleri baradaky maglumatlar okyjyny biparh goýmaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň garry atasy Anna aganyň-da ýaş nesle sowat öwretmekde yhlasyny gaýgyrmandygyna biz bu eser arkaly göz ýetirýäris. “Döwlet guşy” romanynda Anna aganyň bütin ömrüni Yzgantda geçirendigi, özem örän döwletli, abraýly adam bolandygy, onuň döwletiniň, näçe harç etse-de, egsilmändigi barada täsirli beýan edilýär. Ol Gökdepäniň ýaşlarynyň köpüsiniň Peterburgda, Moskwada, Daşkentde okap, ýokary bilim alyp gelmegi üçin harjyny öz üstüne alyp, pul baryny döküpdir. Obalara aýlanyp, zehinli, üşükli oglanlary gözläpdir. Olary tapybam, ata-eneleri bilen gepleşip, ylalaşyp, okuwa ýollapdyr. Ol bu işleri öz halkynyň sowatly, ýaşlaryň bilimli bolmagy üçin edipdir.

Ine, hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden milli bilim ulgamyny kämillige ataran aýgytly çözgütleriniň, hem öz ýurdumyzda, hem dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň bilim ýüküni berkden tutmagy babatdaky tutumly tagallalarynyň asyl-ruhy kökleri nirede eken!

Milli Liderimiziň bu ugurda baý ruhy tejribäniň eýesidigine biz täsiri ömre ornajak okuw sapagynyň dowamynda hem göz ýetirdik.

***

...Umumy okuw sapagyndan soňra, kaşaň Maslahat köşgünden çykyp barýan läle-reýhan ýaşlary synlaýaryn. Olaryň başlary belent, ýüzleri nurana, gadamlary ynamly!

Ýurdumyzyň ilatynyň gylla ýaryny 25 ýaşdan ýaş adamlar düzýär. Ýaşlar — jemgyýetiň iň täsirli we işjeň bölegi. Döwrüň ýönekeý öwüşginlerine çenli, öňi bilen, ýaşlarda şöhlelenýär. Ýaşlarda bolup geçen islendik üýtgeşme bolsa tutuş jemgyýete täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, döwletimizde uzak geljege niýetlenen, köpugurly ýaşlar syýasaty alnyp barylýar. Türkmenistanda ýaşlar syýasaty diýmek — kämil bilim ulgamy diýmek. Bagtyýar maşgala ojagy diýmek. Ýokary durmuş üpjünçiligi, iş orunlarynyň döredilmegi diýmek. Sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň pugtalandyrylmagy diýmek... Biz röwşen geljek bilen bagly ähli arzuw-hyýallarymyzy, maksatlarymyzy ýaş nesil bilen baglanyşdyrýarys.

Ykdysatçylar ylym-bilim ulgamlaryna gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň beýleki pudaklara garanyňda, basym ödelýändigini, tiz wagtdan 3 — 6 esse möçberde ýokary girdeji berýändigini belleýärler. Ýurdumyzda bu ugra gönükdirilýän ummasyz harajatlaryň hasaby diňe ykdysady bähbitler bilen däl-de, eýsem, halkyň röwşen geljegi bilen ölçenýär.

Käbir maglumatlary degşirip göreliň! 2007-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 90 müň çaga 1-nji synpa barypdyr. Şu ýyl bolsa bu görkeziji 161 müň 739-a barabar boldy.

2007-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlaryň 3 müň 715-si talyplyga kabul edilen bolsa, bu görkeziji şu ýyl 14 müň 687-ä baryp ýetdi!

Bu sanlardyr maglumatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda başy başlanan täze taryhy döwrüň gerimine, derejesine, aýgytly gadamlaryna göz ýetirmäge esas berýär. Munuň özi diňe bilim babatda däl, eýsem, halkyň barha ýokarlanýan ýaşaýyş-durmuş derejesi barada pikir öwürmäge-de anyk çelgidir.

Bu ýyllarda döwrebap bilim ojaklarynyň ýüzlerçesi guruldy. Ýokary okuw mekdepleriniň sany tas iki essä çenli artdyryldy. Olarda öwredilýän hünärleriň sany-da, döwrüň talabyna görä, yzygiderli artmak bilen. Soňky üç ýyldan misil tutsak, her okuw ýylynyň başyndan ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 30-dan gowragynyň girizilendigini aýtmak bolar.

Onsoňam, bular — diňe daşky görkezijiler. Ahyrky netije, esasy üstünlik bolsa şeýle giň gerimli işler bilen bilimiň hiliniň ýokarlandyrylyp, mazmunynyň baýlaşdyrylandygyndadyr.

“Türkmenistanda bilim ulgamy — munuň özi ýöne bir ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolmak bilen çäklenmeýär. Bu — biziň çagalarymyzdyr, biziň ýaşlarymyzdyr, biziň mugallymlarymyzdyr. Dürli nesilleriň we ykballaryň iňňän çylşyrymly baglanyşygydyr” diýýän milli Liderimiziň bu ugurdaky tagallalary üznüksiz, köpugurly.

***

Käte oýlara berilýärsiň. Hezreti Aly: “Maňa bir harp öwredeniň kyrk ýyl hyzmatynda duraryn” diýipdir. Eýsem, biz giň mümkinçilikleri bilen köňlümize ganat, ömrümize zynat, ummanlary gulaçlamaga kürek, dünýä aralaşara dünýä deý uly ýürek beren döwrümiziň öňündäki borjumyzy-parzymyzy nädip ödäp bileris?! Ine, bu mukaddes borjy ödemegiň çelgisini-de Gahryman Arkadagymyzyň okuw sapagynda sözlän sözünden tapýarys:

“Durmuşdaky ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar”.

“Bu nurana topragy söýmek, goramak, gülletmek biziň her birimiz üçin parzdyr. Biziň at-abraýymyz, mertebämiz we derejämiz şu topragyň şöhratyny belende göterip bilşimize baglydyr...”.

“Beýik maksatlara ýetmek üçin, zähmeti hemişe özüňize hemra ediniň! Siziň çekýän zähmetiňiz hemişe halal, ile-ýurda bähbitli bolsun!”

“Ynsanyň edebi altyndan gymmatdyr, gymmatbaha daşlardan owadandyr”.

“Ýaşlar, siz pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam edip, ýagşy gylyk-häsiýetleriňiz, adamkärçiligiňiz, başarnygyňyz bilen tanalyp, hakyky türkmen bolup dünýä çykmalysyňyz”...

Bu sözler — ýürekden çykyp, ýürege ýetýän sözler.

Parasatly atanyň öz perzentlerine berip biljek pentleri...

Hawa, şahyr mamla:

Sözleň düre dönmek ukyby bardyr,
Düre dönen söze dürdäne diýrler...

Kakamyrat REJEBOW.

“Türkmenistan”.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39384

03.09.2021
Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine abraýly guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG we onuň esasy düzümleri bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri girizildi. Milli meýilnamalary we maksatnamalary, şol sanda bilelikdäki iş meýilnamalary durmuşa geçirmegiň usullary we gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde döwlet Baştutanymyz tarapyndan şu ýylyň 17-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde abraýly institutlar bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda amala aşyrylmaly işleriň esasy ugurlaryna garaldy. Onuň barşynda öňde durýan wezipeleri, şol sanda Pudagara toparyň hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy we onuň düzümleýin bölümleri bilen hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri üstünlikli çözmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi. Şeýle hem mejlisde beýleki meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

* * *

Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň mejlisleri geçirildi. Olaryň barşynda guramaçylyk meselelerine garaldy. Mejlislere gatnaşyjylar jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda Kärdeşler arkalaşyklarynyň hem-de Zenanlar birleşiginiň Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak, raýatlarymyzyň agzybirligini üpjün etmek hem-de döredijilikli we öndürijilikli zähmeti höweslendirmek işlerine uly goşant goşýandygyny bellediler. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyk gelip, döwletimiziň okgunly ösmegine we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Mejlislerde G. Ataýewanyň başga işe geçmegi sebäpli, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň täze ýolbaşçylaryny saýlamak ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Bu mesele boýunça çykyş edenler bir wezipä birnäçe dalaşgäri hödürlediler hem-de olaryň her biriniň hünär, guramaçylyk we beýleki başarnyklaryny bellediler. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine ses berilmeginiň jemleri boýunça A. Durdyýewa biragyzdan saýlanyldy hem-de degişli kararlar kabul edildi.

* * *

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň, Türkiýäniň, Irlandiýanyň işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 391 müň dollaryndan gowrak boldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Şotlandiýanyň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 8 million 322 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi we distillirlenmedik pagta soapstogynyň çig ýagly kislotalaryny satyn aldylar.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/39352

03.09.2021
Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň hem-de ÝB-niň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler. Bu söhbetdeşlik ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik döredýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklap, bu gün öňümizde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek wezipesiniň durýandygyny belledi. Şol meseleleriň hatarynda Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň bilen çäkleşýän zolaklarda parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmek, energetika howpsuzlygy, ulag, ekologiýa, suw serişdelerini peýdalanmak meseleleri bar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ýewropa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň çäklerinde, hususan-da, «Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan» Bilelikdäki komitetiň, Parlamentara dialogynyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meseleleri boýunça netijeli ösdürilýändigi aýratyn bellenildi. ÝB-niň Baştutany Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ynanyşmak esasynda guralýan netijeli gatnaşyklar barada durup geçdi.

Mähriban Arkadagymyz myhmanyň Owganystandaky ýagdaýa berýän bahasy, ýewropa tarapynyň bu ýurt bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda garaýşy bilen tanşandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz esasy ýörelgeleriň üçüsi barada durup geçdi. Birinjiden, biz syýasy nukdaýnazardan Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Goňşy hem-de Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň tiz ýola goýulmagy üçin degişli gatnaşyklara we şertleriň döredilmegine ýardam etmäge taýýardyr.

Ikinjiden, ykdysady nukdaýnazardan iri düzümleýin taslamalary, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de Owganystany Türkmenistan bilen birleşdirýän demir ýollaryň taslamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meseleleri has-da ilerletmegiň möhümdigini belleýäris. Üçünjiden, parahatçylygy ýola goýmak boýunça häzirki işlere ýardam etmek üçin Owganystana yzygiderli ynsanperwer kömegini bermek meselesi. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň doganlyk owgan halkyna gös-göni ynsanperwer kömegini yzygiderli berýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Owganystanyň içerki syýasy durnuklylygyna we howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna hemişe uly gyzyklanma bildirip, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni-siwilizasiýa ýakynlygyndan ugur alyp gelýändigini aýtdy.Biz Owganystandaky ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagy ugrunda çykyş edýäris. Milli Liderimiz döwlet gurluşynyň özara kabul ederlikli görnüşleriniň tapylmagy netijesinde hem-de goňşy Owganystanda ýaşaýan ähli etniki toparlaryň giňden gatnaşmagynda bu ýurtda hukuk giňişliginde täze milli edaralaryň kemala geljekdigine ynam bildirdi.

Arkadag Prezidentimiz Owganystanyň hoşniýetli goňşusy hem-de BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistanyň BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda, halkara bileleşigi bilen bilelikde ýurtda parahatçylygy, raýat ylalaşygyny we durnuklylygy gazanmakda, Owganystanyň ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer taýdan ösmeginde owgan halkyna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge gönükdirilen işi dowam etdirmäge taýýardygyny belledi. Şunda Owganystana hemmetaraplaýyn ýardam etmek işinde BMG-niň, ÝHHG-niň hem-de ÝB-niň tagallalarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Owganystanda bolup geçýän häzirki ýagdaýda Türkmenistanyň amala aşyrýan işleri barada durup geçip, ýurdumyzyň türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklaryny hem-de owgan halkyna zerur ynsanperwer goldawyny bermek boýunça anyk çäreleri görýändigine ünsi çekdi. Türkmenistan hereket edýän şertnamalara laýyklykda, goňşy döwlete elektrik energiýasyny ibermegini dowam edýär, türkmen-owgan serhedinde gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň bökdençsiz işlemegi üpjün edilýär. Iki ýurduň ilatynyň saglygyny goramak maksady bilen, global pandemiýa şertlerinde Türkmenistanyň döwlet edaralary serhetden ýük daşalanda, serhediň goralmagyny, gümrük, sanitariýa, fitosanitariýa we gözlegçiligiň hem-de barlagyň beýleki görnüşlerini üpjün etmek meseleleri boýunça «Taliban» hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary amala aşyrýar.

Milli Liderimiz 1996 – 2001-nji ýyllarda ýurduň çäkleriniň 90 göteriminiň «Taliban» hereketiniň garamagynda bolan goňşy Owganystanyň taryhyndaky çylşyrymly döwürler barada aýdyp, Türkmenistanyň bu ýurduň halkyna ykdysady hem-de ynsanperwerlik kömegini bermegini dowam edendigini belledi. Türkmenistanyň Mazari-Şarif we Hyrat şäherlerindäki konsullyklary şol wagtda hem işlerini dowam edip, Owganystanyň ilatyna konsullyk hyzmatlaryny bermek boýunça öz wezipelerini ýerine ýetirdi. Türkmenistan Owganystandaky çylşyrymly içeri syýasy ýagdaýlara garamazdan, 1999-2000-nji ýyllarda Aşgabatda «Taliban» hereketiniň hem-de şol döwürde Ahmad Şah Masudyň baştutanlygyndaky «Demirgazyk alýansyň» arasynda gepleşikleriň dört tapgyrynyň geçirilmegini gurady. Hormatly Prezidentimiz beýan edilenleri jemläp, wakalaryň geljekde ösüşiniň goňşy ýurtdaky täze häkimiýetiň Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de beýleki döwletler bilen gatnaşyklarynyň derejesine bagly boljakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz halkara bileleşigini tolgundyrýan möhüm meseleler boýunça açyk hem-de oňyn söhbetdeşlik üçin ÝB-niň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň sebitiň mundan beýläk-de parahatçylykly we durnukly ösüşi üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/39354

03.09.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine bagyş etmelidirler

Milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi

Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, talyplary we okuwçylary ýurdumyzda bellenilýän uly baýramçylyk — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly 30 ýyllygy bilen gutlady.

Siz bilen duşuşmak, pikir alyşmak, duýgulary paýlaşmak, Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde gazanylan üstünlikleri beýan etmek — hemmämiz üçin uly taryh. Şol nukdaýnazardan, men hem döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde şu gün siz bilen duşuşyp ähli ugurlar boýunça beýan bilen çykyş etmek barada karara geldim diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlendi.

Soňra duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiziň çykyşyny uly üns bilen diňlediler.

Men şu gün siziň bilen duşuşyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda umumy sapak geçmek barada karara geldim diýip, hormatly Prezidentimiz köp adamly auditoriýa ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýandygyny belledi.

Bu örän möhüm senedir. Şoňa görä-de, halkymyz altyn sahypalar bilen taryha girjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň her gününi şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine besleýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biz altyn güýzüň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaşlar gününi milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan wakalar bilen garşylaýarys. Bu gün baý many-mazmunly, ýokary döredijilik ruhuna ýugrulan çäreler eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerini gurşap alýar. Şol çäreler mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar durmuşymyzy dabaralandyrmak bilen, bilimler baýramynyň ägirt uly ähmiýetini açyp görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara ýüzlenip, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belländigini ýatlatdy.

Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Biz asylly däbimizi dowam edip, şu gün hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda häzirki zaman multimedia enjamlarydyr sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap orta mekdepleriň birnäçesini dabaraly açyp ulanmaga berýäris. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleri gowşurýarys. Türkmen, iňlis, rus dillerindäki maglumatlary özünde jemleýän bu kompýuterleriň öz ýurdumyzda öndürilendigi aýratyn buýsançlydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne bolmagy öwüt berdi. Ylym-bilim ynsany belende göterýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris.

Döwlet Baştutanymyz uly höwes bilen okamagy, öwrenmegi, döretmegi, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmagy bagtyýar ýaşlarymyzyň borjy hasaplaýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ýaşlara ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygyň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady hökmünde ähmiýetini aýratyn belledi. Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda — 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Netijede, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi.

Elbetde, 30 ýyl taryh üçin uzak möhlet däl. Muňa garamazdan, şu döwrüň içinde ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň binýatlaryny yzygiderli berkitdik. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleri amala aşyrdyk. Türkmenistanyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazdyk diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden ýurdumyz parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, Garaşsyz döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Türkmenistan dünýäde BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir. 2015-nji ýylda bu guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama täzeden makullanyldy. Şeýle hem biziň başlangyjymyz bilen 12-nji dekabr «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edildi.

Döwlet Baştutanymyz Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Bitaraplygyň asuda, agzybir, parahatçylykly, abadan durmuşda ýaşamaga ýol açandygyny, ähli dünýä ýurtlary bilen dostlukly, ynsanperwer, medeni, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik döredendigini nygtady.

Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur. Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem Bitaraplygymyzyň parahatçylygy goldamakda uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyň tassyklaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu gün Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tanalýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Biziň oňyn Bitaraplyk syýasatymyz halkymyzyň şöhratly taryhyndan, asylly däplerinden gözbaş alýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabymda belleýşim ýaly, eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlarynyň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu gün Bitarap Türkmenistan sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy we geoykdysady başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşýandygyny görkezýär. Biziň halkara başlangyçlarymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şeýdip, gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlara ýüzlenip, bu hakykaty siziň ähliňiz ata Watanymyza buýsanç duýgusyny oýarýan taglymat hökmünde kalbyňyzda götermelisiňiz! Bu taglymat pederlerimiziň arzuw-ynamyndan, yhlasyndan wysal bolan berkarar döwletimiziň geljegine jogapkär nesil, kalby hyjuwdan doly ýaşlar hökmünde sizi belent maksatlara ruhlandyrmalydyr diýdi.

Garaşsyzlyga eýe bolnandan soň döwlet nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy döredildi. Gahrymançylykly we şöhratly taryhymyz dikeldildi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz hakyndaky iňňän beýik, mukaddes düşünjelerimizi Ýer ýüzünde aýan etdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Durmuşdaky ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar. Äpet Ýer togalagynyň Ýewraziýa yklymynda ýerleşýän Türkmenistan biziň eziz Watanymyzdyr, ata-babalarymyzdan miras galan we soňky nesillere galjak bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu nurana topragy söýmek, goramak, gülletmek biziň her birimiz üçin parzdyr. Biziň at-abraýymyz, mertebämiz we derejämiz şu topragyň şöhratyny belende göterip bilşimize baglydyr. Ata Watanymyzyň her daban ýeri biziň iň beýik mukaddesligimizdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Men ýaşlygymdan halkymyzyň durmuşyny, dünýägaraýşyny, watançylygyny, ahlak kadalaryny, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän nakyllary depderlerime belläp almagy endik edindim. Meniň toplap, ulgamlara salan nakyllarymyň esasynda taýýarlanan «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle sözler bar: «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýip, döwlet Baştutanymyz ýaşlara wesýet etdi.

Bu gün Garaşsyz ýurdumyz öz Döwlet baýdagy bilen dünýäde giňden tanalýar. Biziň ýaşyl baýdagymyz dostlugyň we parahatçylygyň baýdagydyr! Döwlet baýdagy galdyrylyp, Döwlet senasy ýaňlananda, her bir türkmenistanly buýsanç bilen ör turýar. Munuň özi bütin durkuň bilen Watan mukaddesligine uýmakdyr.

Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy bolsa şöhratly geçmişimiziň, häzirki günümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, jebisligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny kepillendirýän milli gymmatlygymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow buýsanç bilen nygtady.

Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly, Watanymyzyň şöhratly taryhy görelde mekdebidir. Halkymyzyň taryhy örän gadymy bolup, ol müňýyllyklary öz içine alýar. Türkmenler şumer, hindi, hytaý, müsür, grek, latyn amerikasy halklary ýaly, dünýä gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklary bagyş eden gadymy halklaryň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Birinji müňýyllygyň başynda Beýik Hun şa döwleti, Rim we Hytaý imperiýalary bilen bäsleşen Parfiýa türkmenleriniň patyşalygy, ikinji müňýyllykda Hindistana çenli gol ýaýradan Gaznaly türkmenleriň döwleti, Hytaýdan Ortaýer deňzine çenli öz täsirini ýetiren Seljuk türkmenleriniň döwleti, ylmyň, medeniýetdir sungatyň gaýtalanmajak nusgalaryny miras galdyran Köneürgenç, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriniň döwletleri Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň taryhy ýolunyň örän beýikdiginiň anyk delilleri bolup durýar.

Gadymy ýazuw çeşmeleri, meşhur taryhçylaryň işleri türkmen halkynyň adamzat taryhynyň dowamynda parahatçylyk, ynsanperwerlik däplerine ygrarly bolandygyny, beýik taryhy we medeniýeti döredendigini ykrar edýär.

Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň döreden kuwwatly türkmen döwletleri dünýä taryhyna altyn sahypalary ýazdy. Görogly beg, Baýram han, Soltan Jelaleddin, Keýmir kör, Gowşut han ýaly merdana gahrymanlarymyz il-ýurt üçin ata çykypdyrlar. Watan goragy ugrunda janyny orta goýan milli gahrymanlarymyzyň ömür ýollary nesiller üçin mertligiň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgalyk mekdebidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumy okuw sapagyny dowam edip, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň

Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
Gül-gunçasy — gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň —

diýip, ata Watana, mähriban halka bolan buýsanjyny örän şahyrana beýan edendigini belledi.

Türkmen topragy gadymyýetden bäri şäher medeniýetiniň gülläp ösen mekanydyr. Bu toprakda Merw, Gürgenç, Nusaý, Abiwerd, Dehistan, Sarahs, Amul, Zemm, Şähryslam ýaly uly şäherler döräpdir.

Orta asyr türkmen şäherleri dünýä ylmynyň, medeniýetiniň, edebiýatynyň we sungatynyň öňe gitmeginde, baýlaşmagynda aýratyn hyzmatlary bitiripdir. Umumadamzat medeni ösüşine täsirini ýetiren Margiana, Baktriýa, Horezm, Parfiýa, Seljuk türkmen medeniýetleri, Merwiň, Nusaýyň, Ürgenjiň, Abiwerdiň, Dehistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bütin dünýäde bellidir. Men «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Arşyň nepisligi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Çaý — melhem hem ylham», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmen alabaýy» ýaly kitaplarymda halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan nusgawy gymmatlyklaryndan söz açdym diýip, milli Liderimiz nygtady.

Kaşaň köşkleri, metjit-medreseleri, kerwensaraýlarydyr kitaphanalary bilen şöhratlanan mukaddes topragymyzyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly diňe geografik we ykdysady taýdan däl, eýsem, ylym-bilim, medeniýet babatda hem Gündogar bilen Günbatary birleşdiripdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taryha özboluşly syýahatyny dowam edip, türkmen döwletlerinde ylym-bilimiň ösmegine elmydama uly üns berlendigini, munuň üçin tagalla we serişde gaýgyrylmandygyny aýratyn belledi. Şeýlelikde, şol döwletlerde Muhammet Horezmi, Abu Reýhan Biruny, Ibn Sina, Fahreddin Razy, Abu Bekir Muhammet as-Suly, Abdyrahman Hazyny, Omar Haýýam ýaly beýik alymlar we akyldarlar döräpdir.

Biz taryhyň dowamynda toplanan tejribelerden, döwrümiziň ösüşinden hem-de talaplaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde döwrebap kitaphanalary gurduk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Aşgabat şäherindäki «Asma ýolda», welaýat merkezlerindäki kitaphanalarda asman jisimlerini synlamaga, älem giňişligini öwrenmäge niýetlenen kuwwatly teleskoplar gurnaldy. Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde düýpli, täzeçe ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin zerur şertler döredildi. Bu işler Türkmenistanyň ylmyny dünýäde iň öňdebaryjy, abraýly orunlara çykarjak alymlaryň, inžener-tehnologlaryň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär.

Men «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabymda döwletimiziň dünýädäki şan-şöhratyny, at-abraýyny has-da beýgeltmäge goşant goşjak ýaşlarymyz barada arzuwlarymy beýan edipdim. Siziň bilen duşuşyga gaýtmazymdan öň şol setirlere gaýtadan nazar aýladym. Şol arzuwlarymy şu okuw sapagyna hem goşmagy makul bildim diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz öz kitabyndan şol setirleri okap berip, umumy sapaga gatnaşyjylara olary depderlerine belläp almagy, okuwda, işde, durmuşda özlerine kada edinmegi tabşyrdy: «Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag — ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem-de atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn».

Milli Liderimiz ýaşlara ýüzlenip, biziň üçin Watandan beýik gymmatlyk, halkymyzdan eziz düşünje ýokdur. Ata-babalarymyzyň «Towşana — dogduk depe», «Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol», «Ilim-günüm bolmasa, Aýym — Günüm dogmasyn», «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar» ýaly dürdäne sözlerinde Watanyň gadyr-gymmaty, mukaddesligi örboýuna galýar diýlip, aýratyn nygtalýandygyny aýtdy.

Sebäbi Watanyň her daban ýeri, her gysym topragy biziň üçin mukaddesdir. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabymda merdana, batyr, gaýratly hem-de edenli türkmen serkerdesi Soltan Jelaleddin bilen bagly bir rowaýaty getiripdim diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bir gezek söweşde serkerde agyr ýaralanypdyr. Tebipler näçe em etseler-de, sagalmandyr. Şonda serkerde: «Maňa Watanymyň bir gysym topragyny getirseňiz, sagalýan» diýipdir.

Tizden-tiz gadymy Wasa adam ýollapdyrlar. Atlynyň giden yzyna garap, Jelaleddin umytly garaşyp ýatypdyr. Umytda hem uly güýç bar!

Ahyrda atly bir düwünçekde Wasyň topragyny we Amyderýanyň bir jürdek suwuny alyp gelipdir. Serkerdäniň şähdi açylypdyr we tizden sagalyp, aýak üstüne galypdyr.

Milli Liderimiz bu rowaýaty mysal getirip, biziň her birimiziň, şol sanda ýaşlarymyzyň ýürekleriniň eziz Watanymyz, mähriban halkymyz bilen birdigini nygtady. Ýüregi «Mähriban halkym, eziz Watanym, jan Türkmenistanym!» diýip urýan, ilimiziň baky bagtyýarlygy, ýurdumyzyň beýik geljegi üçin okaýan, zähmet çekýän ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjeler ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň köňülleriniň owazy, dilleriniň senasy bolmalydyr. Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna bagyş etmelidir.

Men maslahat bolan ýerde söweşe ornuň ýokdugyny zynharlan Oguz hana, ýigidiň abraýyny onuň gahrymançylygyna, pähimine garap kesgitlän Gorkut ata, dostlaryny dogan eýlän Görogly bege ady ebedilige öwrülen gahrymanlar hökmünde belent sarpa goýýaryn. Siz şol edermen ata-babalarymyzyň dowamatydygyňyzy hem hiç haçan unutmaly dälsiňiz! — diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlaryna ak ýol arzuw edip, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ösüşiniň her bir tapgyrynda durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş taýdan ösüşi, ykdysady özgertmeleri üpjün edýän maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Düýpli özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Täze obalar, şäherdir etraplar, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepdir çagalar baglary, ýollar hem köprüler gurulýar, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrýarys. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gadymyýetden gözbaş alýan milli döwletlilik däplerimizden ugur almak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirip, iki palataly parlament ulgamyny döretdik. Şeýdip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik kadalary tapgyrlaýyn ornaşdyrýarys.

Medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda düýpli özgertmeleri üstünlikli dowam edýäris. Gurluşykda, senagatda, oba hojalygynda, nebitgaz pudagynda ýokary ösüş depginlerini gazanýarys. Bu işleriň ählisi irginsiz ynsan zähmeti bilen hasyl bolýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bagtyýar ýaşlarymyzyň-da döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, önümçilik kärhanalarynda yhlasly zähmet çekýändiklerini, eziz Watanymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşýandyklaryny buýsanç bilen belledi.

Halal zähmet ynsanyň abraý-mertebesini, ömrüniň manysyny artdyrýar. Şoňa görä-de, ýaşlara şeýle sargyt edesim gelýär: beýik maksatlara ýetmek üçin zähmeti hemişe özüňize hemra ediniň! Siziň çekýän zähmetiňiz hemişe halal, ile-ýurda bähbitli bolsun! diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bagtyýar ýaşlara ýüzlenip aýtdy.

Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, mekdep okuwçylary ýürek joşgunyny beýan edýän eserleri döretdiler. Olarda güneşli ülkämiziň gözelliklerine söýgi, berkarar döwletimize buýsanç ýaňlanýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz okuwa gatnaşyjylaryň öňünde «Ak şäherim Aşgabat» goşgusyndan bir bendi okap berdi:

Galkyp ganat gerdigim,
Sap söýgüden gurdugym,
Ýüregi sen ýurdumyň,
Ak şäherim Aşgabat!

Siz mydama ýurdumyzyň daglaryndan güýç, baglaryndan joş alyp, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşaň! diýip, döwlet Baştutanymyz ýaşlara arzuw etdi.

Okaň, guruň, dörediň! Eziz Watanymyzy, ak şäherimiz Aşgabady, merdana halkymyzy ajaýyp şygyrlaryňyz, kyssalaryňyz, sazlaryňyz, sungat eserleriňiz bilen belentden wasp ediň!

Milli Liderimiz berkarar döwletimiziň ruhubelent ýaşlaryna ýüzlenip, biz dünýädäki çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýlara garamazdan, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýäris diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz bäsdeşlige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny belläp, bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady. Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar. Sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen, bütin dünýäni öz içine alýan aragatnaşyk ulgamy döredilýär, täze pudaklardyr düşünjeler peýda bolýar. Döwrüň bu täzelikleri biziň jemgyýetimize hem giňden ornaşýar. Bu bolsa dünýäniň sanly giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagyny, halkara bazarda bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil hem kemala gelýär. Bilşimiz ýaly, taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyz ylymdan üzňe ýaşamandyr.

Biziň ýaşlarymyz bu gün pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. Şonuň bilen birlikde, olar adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýärler.

Milli Liderimiz öňde duran ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlarymyzyň innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydygyny, dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galman, täze tehnologiýalary döretmelidigini aýtdy. Siz täze ylmy işleriňiz, düýpli açyşlaryňyz bilen özüňizi öňdebaryjy nesiller hökmünde dünýä tanatmalysyňyz diýip, hormatly Prezidentimiz ýaşlara ak ýol arzuw etdi.

«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyz esasynda biz halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny yzygiderli berkidýäris, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrýarys. Bu syýasat, ilkinji nobatda, goldawa we goraga mätäç raýatlara gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Zähmete ukypsyz raýatlara, maýyplara, köp çagaly maşgalalara maddy taýdan üpjünçilik we durmuş hyzmatlary edilýär. Bu iş olara pensiýalar, döwlet kömek pullary, durmuş ýeňilliklerini bermek görnüşinde, tölegler arkaly amala aşyrylýar. Döwlet serişdeleriniň hasabyna köp çagaly maşgalalara, howandarlyga mätäç çagalara, weteranlara, döwlet ýa-da jemgyýetçilik bähbitlerini goramakda saglygyny ýitirenlere goşmaça goldaw berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Entäni goldara hemaýat ýagşy» diýen sözlerini getirip, ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur almak bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilendigini ýatlatdy. Şeýle-de Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gurulýar.

Milli Liderimiz ýaşlara ýene-de bir möhüm pent berip, olaryň ynsanperwerligiň we adalatyň tarapdary bolan halkyň nesilleridigini hemişe ýatlarynda saklamagy tabşyrdy.

Agzybirlik, dostlukly gatnaşyklar halkymyzyň hoşniýetli häsiýetleridir.

Atalarymyzyň döreden «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr», «Kömekleşen ýow basar», «Söýenişen ýykylmaz», «El eli ýuwar, iki el birigip — ýüzi», «Dostlukda menzil bolmaz», «Dostsuz başym, duzsuz aşym», «Dost — dostuň aýnasy» ýaly pähim-paýhaslarynda agzybirlik hem-de dostluk gatnaşyklarynyň many-mazmuny nygtalýar. Birek-birege hemaýat etmek, hormat goýmak, ejize ganym bolmazlyk halkymyzda müdimilik gelýän kadadyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bu öwütler ynsanperwerligiň, ýokary ahlaklylygyň şygarlary bolup ýaňlanýar. Görnüşi ýaly, halkymyz ýaşaýyş-durmuşyny akyl-parasat, ylym hem tejribe esasynda gurupdyr. Ynsanperwerligiň, päkligiň, ruhubelentligiň, kiçigöwünliligiň, mertligiň, dogry sözlüligiň, arassa ahlaklylygyň durmuş kadasyna öwrülendigi bellenildi. Şu esasda hem milli edep-terbiýe mekdebi döredilipdir. Şoňa görä-de, ýaşlar ata-babalarymyzyň asylly däplerini durmuş şygaryna öwürmelidir. Bu gün türkmen paýhasy dünýä nur saçýar, türkmen topragynda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şu şöhratly zamanada okamak, öwrenmek, ata-babalarymyzyň döreden mukaddesliklerine wepaly bolmak, eziz Watana jan-u-tenden hyzmat etmek ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýlelikde, umumy sapagyň birinji sagady tamamlandy. Biraz arakesmeden soň, umumy sapak dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, häzirki döwürde senagat taýdan ösen döwleti döretmegiň ýolunda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny we sebitleri sazlaşykly ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Oba hojalygynyň paýy artdyrylýar. Pudagyň dolandyryş usullary düýpli kämilleşdirilip, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Obalarymyz sazlaşykly ösdürilýär.

Ylmyň we tehnikanyň üstünliklerini, iň oňat dünýä tejribelerini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly sebitlerimizde gaýtadan işleýän kärhanalary, döwrebap enjamlar ornaşdyrylan önümçilikleri, ýyladyşhanalary we maldarçylyk toplumlaryny döredýäris. Daýhanlarymyz üçin dünýäniň has kämil oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny satyn alýarys. Oba hojalyk ylymlaryny ösdürmek, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça hem köp işler edilýär. Bu bolsa daýhanyň zähmetini ýeňilleşdirmäge, ýerden alynýan hasyly ýokarlandyrmaga, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmäge ýardam berýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça-da uly işler amala aşyrylýar. Siz soňky ýyllarda tokaý meýdanlarynyň çalt depginler bilen giňelýändigini görýänsiňiz diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Awtomobil we demir ýollarynyň ýakalarynda tokaý zolaklary barha köpelýär. Seýilgähler ýylyň bütin dowamynda gök öwüsýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda amatly ekologik gurşawy emele getirýär. Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi bolsa suw serişdelerini aýawly saklamaga, daşky gurşawy goramaga we gowulandyrmaga ýardam edýär

Ata-babalarymyz «Bagym bar, barym bar» diýipdirler. Biziň ýurdumyz gülli sähralary, durnagöz suwly çeşmeleri, tereň derýalarydyr kölleri, beýikli-pesli daglary, arça-çynarly, kerkawly, injir-enarly jülgeleri, begres geýnen dereleri, çemenlikli ýaýlalary, çogly güneşi bilen tanalýar. Bereketli türkmen topragy ähli döwürlerde ýadawsyz zähmet hem-de Gün çogunyň bollugy bilen ösdürilip ýetişdirilen datly miweleri, gök-bakja önümleri bilen şöhratlanyp gelipdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýsanç bilen belleýşi ýaly, irki ekerançylygyň we maldarçylygyň mekany bolan ýurdumyzda baryp, biziň eýýamymyzdan öňki VI-VII müňýyllyklarda ilkinji bugdaý çöregi bişirilipdir.

1904-nji ýylda R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda amerikan ekspedisiýasy tarapyndan Änew düzlüginde bäş müň ýyl mundan ozal ýetişdirilen bugdaý tohumy tapyldy. Munuň özi biziň ülkämiziň ak bugdaýyň mekanydygyny aýdyň subut edýär.

Ata-babalarymyz «Biriň müň bolsun!» diýen ýagşy niýet bilen topraga bugdaý sepipdirler. Bugdaý oragyna hem gojalaryň ak pata bermegi esasynda sähetli gün girişipdirler. «Çäjiňe bereket!», «Harmanyňa bereket!» diýip, rysgal-bereket arzuw edipdirler.

1941 — 1945-nji ýyllaryň gazaply uruş döwründe taplanan kakam Mälikguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, atam Berdimuhamet Annaýew bilimli adam bolupdyr. Ol nusgawy edebiýatymyzy, halk döredijiligimizi gowy bilipdir. Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Mätäjiniň goşgularyny ýatdan aýdar eken. Atamyň birnäçe depderden ybarat goşgularynyň hem bolandygy, şahyrlar Şaly Kekilowdyr Çary Aşyrow bilen saçakly gatnaşandygy, goşgy okaşandygy barada kakamyň beren gürrüňleri hemişelik ýadymda galdy diýip, milli Liderimiz öz ýatlamalaryny paýlaşdy.

Kakamyň uruş döwründe ýazan, gallany köp ekmäge çagyran hem-de halky zähmet çekmäge ruhlandyran goşgusynda şeýle setirler bar:

Bugdaýdan bol hasyl almagy üçin,
Açlyk belasyndan dynmagy üçin,
Duşman depesinden inmegi üçin,
Gaýrat edip, köp ekeliň dänäni!

Çörek — gudratly önüm. Halkymyz bugdaýy ekinleriň soltany saýyp, çöregi hormatlap, maňlaýyna sylmagy, onuň owuntygyny hem ýere gaçyrmazlygy, tamdyry mukaddes görmegi adata öwrüpdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

«Paýhas çeşmesi» kitabyna girizilen «Nan — öwlüýä» diýen pähim hem halkymyzda çöregiň gadyr-gymmatynyň örän ýokarydygynyň güwäsidir. «Türkmen medeniýeti» kitabymda mele-myssyk çöregiň mukaddesligi bilen bagly şeýle rowaýat getirilýär: «Meşhur şahyr we serkerde Baýram han günleriň birinde serkerdeleri bilen sapara rowana bolupdyr. Baýram hanyň gözi ýoluň ýakasynda ýatan çörek bölejigine düşýär. Ol derrew atyndan düşýär-de, çöregi alyp, goltugyna salýar. Serkerdeleriniň biri: «Belent Serkerdämiz! Näme üçin bize buýurman, özüňiz atdan düşdüňiz?» diýip, ondan soraýar. Baýram han: «Çöregi ilki men gördüm, ony ýerden almagy başga birine buýurmak çörege hormat goýmadygym bolardy» diýip jogap beripdir».

Ata-babalarymyz uzak ýola gidende tamdyrdan lowurdap çykan çöregi ýanlaryndan goýmandyr. Elmydama-da türkmen çörege şeýle sarpa goýup, ony özüne ýoldaş edinipdir. Şoňa görä-de, bugdaý sümmülleri Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara ýüzlenip, ýurdumyzyň gallany diňe bol öndürýän däl-de, eýsem, gerek bolsa eksport edýän döwlete hem öwrülendigini belledi. Ata Watanymyz beýleki datly ir-iýmişleriň hem mekany. Müňýyllyklaryň dowamynda daýhan ata-babalarymyz şaly, jöwen, nohut, noýba, mäş, kädi, gawun-garpyz ýaly, tagamly gök-bakja önümlerini, erik, şetdaly, armyt, hozdur pisse, badamdyr nar, üzüm ýaly miweleri öndüripdir.

Türkmen gawunlaryna hem-de kaklaryna bolsa Ýewropa we Gündogar ýurtlary uly isleg bildiripdir. Taryhy çeşmelerde türkmen gawunlarynyň Bagdada, Hytaýa, Hindistana iberilendigi aýdylýar. Häzir ýurdumyzda gawunlaryň ýüzlerçe görnüşi ýetişdirilýär.

Waharman, gülaby, garrygyz ýaly gawunlarymyz halkara sergilerde altyn we kümüş medallara mynasyp boldy.

Milli Liderimiz daýhanlarymyzyň gazanýan üstünlikleri barada aýtmak bilen, güneşli Diýarymyzyň bereketli meýdanlarynda gant şugundyryndan, şalydan hem bol hasylyň alynýandygyny belledi. Ýurdumyzyň maldarlary et we süýt öndürmek boýunça täze sepgitlere ýetýärler. Bu bolsa Diýarymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynyň wezipelerini çözmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde ägirt uly ähmiýete eýedir.

Gowaça biziň üçin örän ähmiýetli ekinleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Eziz Watanymyz dünýäde gowaçanyň iň gadymy mekanlarynyň biri hökmünde tanalýar. Mahmyt Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» eserinde pagta päkligiň, akýürekliligiň, gowulygyň alamaty hökmünde ähli ekinlerden ýokarda goýulýar.

Gür çybyg-a, gür çybyk,
Gür çybykda bir çybyk,
Bir çybykda höwürtge,
Höwürtgede ýumurtga —

diýen türkmen halk matalynyň gowaça, goza hem-de pagta bilen bagly döredilendigini bilýänsiňiz diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Biziň baýlygymyz, şöhrat-şanymyz bolan pagtanyň süýüminden ýüplük egrilip, ekologik taýdan örän arassa hem-de adam bedenine ýakymly nah matalar dokalýar. Bu gymmatly ösümligiň çigidinden ýag, mal üçin künjara alynýar. Gowaça çöpi gaýtadan işlenip, mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan serişdeler öndürilýär.

Biz pagtany gaýtadan işläp, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleri öndürýäris. Ýurdumyzda gowaçanyň tohumçylygyna aýratyn üns berip, bol hasylly, ýokary hilli orta we inçe süýümli pagtanyň täze görnüşlerini döredýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňky ýyllarda dünýäniň ösen döwletleriniň täze tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylan dokma kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär, ýaşlar üçin müňlerçe täze iş orunlary döredilýär. Bu kärhanalarda pagta süýüminden öndürilýän ekologik taýdan arassa önümlere dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär.

Döwlet Baştutanymyz talyplara we okuwçylara ýüzlenip, energetika senagatynyň hem möhüm pudaklaryň biridigini belledi. Soňky döwürde ýurdumyzda täze, kuwwatly elektrik stansiýalary gurlup ulanmaga berilýär.

Milli maksatnamalarymyza laýyklykda, müňlerçe kilometre uzaýan elektrik geçirijiler täzelenýär. Biz Mary welaýatynda Merkezi Aziýada iň iri, ýokary tehnologiýaly utgaşykly elektrik stansiýasyny gurduk. Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisini işe girizdik. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna gabatlap bolsa Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan täze gazturbinaly elektrik stansiýasyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda sanly tehnologiýalar arkaly dolandyryljak Günden we ýelden energiýa öndürýän stansiýany hem gurýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ykdysady garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, kuwwatly, köpugurly önümçilik pudaklaryny döretmegiň esasy binýady bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ýerasty tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biri bolup, «mawy ýangyjyň» gory boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Pudagyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, sanly tehnologiýalaryň, şol sanda 3D modelirleme usullarynyň ulanylmagy nebit we gaz ýataklarynda gözleg işleriniň netijeli bolmagyny üpjün edýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen hem-de uly isleg bildirilýän nebit önümleri dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär.

Asyryň iri taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär. Bu işleriň ählisi ata Watanymyzyň kuwwatly energetika döwleti hökmünde dünýädäki ornuny has-da berkidýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ykdysadyýetimiziň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde hususyýetçilere uly orun degişlidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde telekeçiler dürli pudaklarda milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, syýahatçylykda, söwdada we durmuş hyzmatynda, halk senetçiliginde, beýleki ugurlarda üstünlik gazanýarlar.

Ozal agrar ýurt bolan Türkmenistan bu gün senagat taýdan ýokary depginler bilen ösýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow buýsanç bilen belledi.

Biz ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen, serişde we energiýa tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply elektron senagatyny döredýäris.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu günki sapakda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň smart telewizorlary, awtomat enjamlary, yşyklandyryş gurallarydyr LED çyralary, elektroenergiýany ölçeýän enjamlary, «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň interaktiw panelleri, elektron tor enjamlaryny, kompýuterleri öndürýändigini aýtdy. Ýurdumyzda şeýle önümçilikleriň giňelýändigine, bu işde ýaşlaryň ornunyň artýandygyna guwanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Häzirki döwürde ylmyň iň täze gazananlary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary gurulýar. Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümleri dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Türkmenistanda tebigy gazdan sintetik ýangyjy öndürmekde dünýäde ilkinji uly möçberli taslama durmuşa geçirildi. Ahal welaýatyndaky bu zawodda ekologiýa taýdan arassa, Euro-5 standartyna laýyk gelýän EKO-93 benzini öndürilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýar, köp möçberde girdeji getirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gurluşyk pudagy hem depginli ösýär. Milli maksatnamalara laýyklykda, obadyr şäherlerimizde ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalar yzygiderli gurulýar. Bu gurluşyklaryň ählisi öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, milli binagärligiň gadymy däpleri hem-de häzirki zaman şähergurluşyk tejribesi esasynda amala aşyrylýar.

Aşgabat şäherinde ýaşyl begrese bürenen seýilgähler, ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş, medeni, sport we söwda merkezleri, ýokary hem-de orta okuw mekdepleri, myhmanhanalar, önümçilik kärhanalary, halkara derejeli awtoulag geçelgeleri guruldy we gurulýar. Bu desgalar halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde paýtagtymyzyň gözelligini has-da artdyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýakynda bolsa Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasyny, Maslahatlar we Kabul ediş merkezlerini, «Türkmenbaşy» hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň binalaryny, Halkara ahalteke atçylyk we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň merkezlerini, kaşaň «Arkadag» myhmanhanasyny ulanmaga berdik. 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli «Aşgabat-siti» gurluşyk toplumynyň düýbüni tutduk diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biziň Aşgabady ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimiz halkara derejede ykrar edildi. Şäherdäki binalaryň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, milli Liderimiz buýsanç bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän giň gerimli işleriň netijesinde paýtagtymyzyň geljekde has-da gözelleşip, dünýäniň iň nurana şäherleriniň birine öwrüljekdigine ynam bildirmek bilen, ýaşlary paýtagtymyzyň XXI asyryň nusgalyk şäheri hökmünde ykrar edilmegine mynasyp goşantlaryny goşmaga çagyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz üstünlikli durmuşa geçirilýän ulag-logistika strategiýasynyň many-mazmunyna we ähmiýetine ünsi çekip, onuň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýandygyny belledi. Ir döwürlerde hem Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi ýurdumyzyň çäginden geçipdir. Ol halklary we yklymlary birleşdiripdir. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek we kämilleşdirmek arkaly Ýewraziýa giňişliginiň ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulýar. Häzirki wagtda ýurdumyz Günbatar — Gündogar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr geçelgeleriň taslamalaryny amala aşyrýar, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) we TRASEKA ýaly halkara ulag geçelgelerini döretmäge ýakyndan gatnaşýar.

Biz Türkmenbaşy şäherinde döwrebap Halkara deňiz portuny gurduk. Akina — Andhoý, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça demir ýollary we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmaga berdik. Bu işler ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge işjeň gatnaşýandygyny ýene-de bir gezek äşgär edýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň demir ýol, awtomobil, howa, deňiz we derýa ulaglarynyň düzüminiň düýpli döwrebaplaşdyrylýandygyny belledi. Dünýä meşhur kompaniýalaryň awtobuslary, ýeňil we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar.

Biziň alyp barýan ulag syýasatymyzy dünýä jemgyýetçiligi giňden goldaýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça taryhy Kararnamalaryň dördüsini kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Biz 2015-nji ýylda «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasyny uçurdyk. Häzirki wagtda ikinji milli emeli hemrany döretmek we älem giňişligine çykarmak boýunça hem zerur işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda mobil hyzmatlary, telefon, poçta, internet we IP telewideniýe ulgamlaryny hem ösdürýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Adamzat jemgyýetiniň taryhyna nazar aýlanyňda, ylym-bilimiň ösüşiň möhüm şerti bolandygyny görmek bolýar diýip, milli Liderimiz belledi. Şoňa görä-de, ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarys. Häzirki wagtda ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki, ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudaklaýyn we pudagara ylmy guramalarda ylma, döredijilige höwesli ýaşlaryň täze nesli zähmet çekýär. Zehinli ýaşlarymyz ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gymmatly ylmy barlaglary alyp barýarlar.

Bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesli ýetişdirmäge hem uly ähmiýet berýäris. Munuň üçin ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleridir çagalar baglary, Köpetdagyň sapaly jülgesinde, Awazada çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri guruldy hem-de gurulýar. Bilim edaralary döwrebap okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny, ýokary hilli elektron bilim maglumatlaryny giňden ornaşdyrýarys. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär.

Biz mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerine guwanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ýaşlarynyň geljekde-de halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň abraýyny has belende göterjekdigine berk ynam bildirdi.

Ynsan hemişe kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa mertebe we derejedir. Ýaşlarymyz bu hakykata göz ýetirmelidir. Ýadawsyz zähmet, bilimleri we hünärleri yhlasly ele almak, tejribe toplamak kämillige eltýän ýoldur. Ýaş nesillerimizde halkymyzyň iň oňat, iň gözel, iň belent ahlagy jemlenmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Ynsanyň edebi altyndan gymmatdyr, gymmatbaha daşlardan owadandyr.

Ýaşlar, siz pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam edip, ýagşy gylyk-häsiýetleriňiz, adamkärçiligiňiz, başarnygyňyz bilen tanalyp, hakyky türkmen bolup dünýä çykmalysyňyz! Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň akyly jöwher dek ýiti bolmalydyr. Çünki siz özüni taýsyz zehini bilen dünýä tanadan halkyň neslisiňiz. Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň ýüzi nurana bolmalydyr. Çünki siz ynsanperwerligiň belent däplerini dünýä ýaýan ynsanlaryň neslisiňiz.

Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň süňňi sap bolmalydyr. Çünki siz beden hem-de ruhy taýdan päkligiň belent kadalary bilen dünýäni haýrana goýan milletiň neslisiňiz diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara ýüzlendi.

Çykyşda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak, milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek babatda geçirilýän giň gerimli işlere aýratyn üns berildi.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä belli öňdebaryjy kompaniýalaryň lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan saglygy goraýyş-anyklaýyş, «Ene mähri», gaýragoýulmasyz tiz kömek, kliniki we ylmy-kliniki merkezleri, köpugurly hassahanalardyr şypahanalar bina edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe keselleriň öňüni almak, anyklamak, täze, döwrebap bejergileri geçirmek babatda ylmy usullaryň, innowasion tejribeleriň, takyk tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy milli lukmançylygyň ösüşine täze badalga berdi diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biz şypahana edaralarynyň durkuny hem täzeledik. Dünýä meşhur «Arçman», «Ýyly suw», «Mollagara», «Awaza», «Daşoguz», «Farap», «Baýramaly», «Bagabat», «Berzeňňi» şypahanalarynda ynsan derdine melhem bolýan tebigy baýlyklarymyzy giňden peýdalanmaga mümkinçilik döretdik. Türkmen topragynyň müň bir derde melhem ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmakda baý tejribe topladyk.

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadyryn bilgil, hasta bolmasdan burun» diýşi ýaly, biz sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berýäris. Eneleriň we çagalaryň, ýetginjekleriň, uly ýaşly hem-de gartaşan adamlaryň saglygyny goramak üçin döwlet goldawyny berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde keselleriň öňüni almak hem-de olara garşy göreşmek boýunça gowy tejribe toplanyldy. Birnäçe howply ýokanç keselleriň ýok edilendigi, käbirleriniň hasaba alynmandygy barada Garaşsyz döwletimize halkara güwänamalar berildi. Şeýdip, berkarar döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu beýik maksatlarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýaşlaryň işjeň gatnaşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz sport barada durup geçmek bilen, onuň ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdygyny belledi.

Bedenterbiýä we sporta biz jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şundan ugur alyp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürýäris. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalaryny, stadionlary, atçylyk-sport toplumlaryny, ýöriteleşdirilen sport mekdeplerini gurduk. Gözel paýtagtymyzda bolsa özboluşly Olimpiýa şäherçesini döretdik diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň iýul — awgust aýlarynda türgenlerimiziň sportuň birnäçe görnüşi boýunça Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna işjeň gatnaşandygyny ýatlady. Biziň agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewa bolsa bu Oýunlarda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy we ýurdumyza uly abraý getirdi.

Meniň geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym: sporty söýüň!

Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir, sagdynlykdyr we ruhubelentlikdir. Türkmen sportunyň beýik geljegi merdana ýaşlarymyzyň ynamly ellerindedir. Biz muňa çäksiz buýsanýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda nygtaýşy ýaly, döwletimiz medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrunda uly tagalla edýär, oňa köp möçberde serişdeleri gönükdirýär. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň has-da kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredýär. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zehinli hünärmenleri taýýarlamak boýunça uly işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan täze teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleridir beýleki medeni maksatly binalar aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

Ak öý halkymyzyň durmuş medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Türkmeniň ak öýlerinde döwletli maslahatlar edilipdir. Şu däpden ugur alyp, ähli welaýatlarymyzda milli binagärlik aýratynlyklaryny özünde jemleýän «Türkmeniň ak öýi» binalaryny gurduk. Bu gün olar halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerliginiň hem-de medeniýetiniň özboluşly nyşanydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Eziz Diýarymyzda bellenilýän şanly senelerdir baýramlar, halkara çäreler medeniýet ulgamynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Şu ýyl Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda täze mümkinçilik açdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz dünýäde medeni diplomatiýanyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde hiç wagt ünsden düşürilmän gelýändigini aýratyn belledi. Biz bu işde ÝUNESKO-ny iň ýakyn hyzmatdaşymyz hasaplaýarys. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy biziň alyp barýan giň gerimli medeni, ylmy diplomatiýamyzyň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Nesip bolsa, ýakyn ýyllarda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna birikdireris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek we keçe sungaty, demirçilik senedi, türkmen tazysy we elguş sungaty, türkmen milli göreşi hem bu sanawa giriziler. ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny-da goşarys.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döredip, orta mekdeplerimiziň birnäçesini bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine girizeris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow talyplara we okuwçylara ýüzlenip, merdana halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri nesilleriň sazlaşykly ösüşine we terbiýesine aýratyn ähmiýet berip gelendigini nygtady. Şoňa görä-de, geçmişde ýaşap geçen beýik şahsyýetlerimiz bahasyna ýetip bolmajak akyl-paýhas mirasyny döredipdir. Olaryň eserleri nesilleri terbiýelemegiň gymmatly çeşmeleri bolup durýar.

Adamyň iň gözel häsiýetleriniň biri-de ene-ata, jemgyýete we durmuşa bolan söýgüdir. Ata-enä söýgi halkymyzyň «Altyn-kümşüň könesi bolmaz, ata-enäniň — bahasy», «Ata-enäniň garrysy bolmaz, asyl parçanyň — könesi», «Ata razy — Hudaý razy, ene razy — pygamber razy», «Ata gören ýol keser, ene gören don keser» ýaly nakyllarynda hem öz beýanyny tapýar. Ene-ata bilen perzent gatnaşyklary baradaky milli garaýyşlar Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginiň özenine öwrülipdir. Onuň «Wagzy-azat» eserindäki perzendiň ene-atanyň öňündäki kyrk borjy hakyndaky pikirleri, mähre hem-de söýgä ýugrulan şygyrlary asyrlar geçse-de ähmiýetini ýitirmän gelýär. Bu garaýyşlar ynsan aňyna, ahlagyna güýçli täsir edýän arassa öwüt-ündewler hökmünde kabul edilýär.

Halkymyzyň watançylyk hem-de adamkärçilik däpleri durmuş ýoluna gadam basýan nesillerimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi birleşdirýän nusgawy mekdepdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Watana bolan söýgi ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgudyr. Onuň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Ýürekden çykan sözüň ýürege barşy ýaly, yhlas bilen başyna barlan iş hem bitmän galmaýar. Her bir işe ýürekden ýapyşyp, merdana halkymyzyň adyny has-da belende götermek, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak siziň esasy borjuňyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara ýüzlendi.

Milli Liderimiz şu günki beýanyny tamamlamak bilen, duşuşyga gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, okuwda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, şu günki duşuşygyň barşynda ýurdumyzda ähli ugurlarda alnyp barylýan giň gerimli işler hem-de möhüm durmuş meseleleri barada pikir alşylandygyny aýtdy.

Belki, bu beýanyň dowamynda käbirleriňizde sowallar dörändir, bu barada öz pikirleriňizi beýan etseňiz gowy bolardy — diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elini galdyran talyp gyza — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Gülsenem Orazweliýewa ýüzlenip, onuň sowal bermekçi ýa-da oý-pikirini beýan etmekçi bolýandygy bilen gyzyklandy.

Talyp gyz şu günki möhüm sapagyň özünde galdyran täsirleri barada aýdyp, milli Liderimizi “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de talyp ýaşlaryň adyndan döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýurdumyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň ilkinji gününde beren umumy sapagy çuňňur many-mazmuna baý bolup, bu ýere ýygnananlaryň her biriniň kalbynda ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän aýynda bu möhüm wakanyň şaýady bolmak uly bagtdyr diýip, talyp gyz bu ýere ýygnananlaryň umumy pikirini beýan etdi.

Siziň Watanymyzy depginli ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar we düýpli özgertmeler baradaky täsirli çykyşyňyz, halkymyzyň şöhratly taryhy, ýeňişli üstünlikleri hem-de belent maksatlary barada aýdan sözleriňiz, ýokary terbiýeçilik ussatlygy bilen beren atalyk nesihatlaryňyz, maslahatlaryňyz hem-de nurana arzuwlaryňyz biziň ýüreklerimizi tolgundyrdy — diýip, G.Orazweliýewa aýtdy hem-de Magtymguly Pyragynyň akyldar şahyr derejesine göterilmeginde onuň ussat pederi Döwletmämmet Azady ýaly beýik halypasynyň hyzmatynyň uludygyny belledi.

Täze okuw ýylynda Siziň beren ilkinji sapagyňyz netijesinde biz Siziň mugallymçylyk ussatlygyňyzyň ömrüni asylly käre — mugallymçylyga bagyş eden mähriban pederiňiz Mälikguly agadan hem-de mähriban ataňyz Berdimuhamet Annaýewden mynasyp gözbaş alyp gaýdandygynyň şaýatlary bolduk — diýip, talyp gyz aýtdy.

Milli Liderimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk ömür ýoly, mähir siňdirip döreden çeper el işleri hem ähli türkmen gelin-gyzlary üçin görelde mekdebidir, kämil sungatyň ebedilik mukamydyr.

Döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda agzybirlige, watansöýüjilige hem-de zähmetsöýerlige daýanyp, täze, belent maksatlara ýetmegiň ýaşlaryň mukaddes borjy bolup durýandygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bagtyýar ýaşlar beden we ahlak taýdan sagdyn ösüp ýetişýär, ylymlary öwrenýär we bilim alýar, döredijilikli zähmet çekýär.

Gahryman Arkadagymyz, Siz ýaşlara mähriban Watanymyzyň nurana geljeginiň, eziz halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine beýik maksatlary durmuşa geçirmekde öňdäki hatarlarda bolmagy ündeýärsiňiz. Biz, ýaşlar, şol maksatlar üçin gujur-gaýrat bilen okarys, öwreneris, päk ýürek bilen döredijilikli we yhlasly zähmet çekeris, belent watansöýüjilik duýgusy hem-de agzybirlik bilen täze ýeňişlerdir üstünliklere ýeteris diýip, çykyş eden sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz şahsy göreldesi bilen Watandan, ata-babalarymyzyň mukaddes topragyndan başga beýik we gymmatly düşünjäniň ýokdugyny her kime görkezýär. Milli Liderimiziň parasatly sözleri, watançylyk we edermenlik baradaky öwüt-nesihatlary döwrebap ýaşlary terbiýelemäge ýardam edýär.

G.Orazweliýewa ýaşlaryň bagtyýar hem-de eşretli durmuşy, bilim almagy, zähmet çekmegi we dynç almagy baradaky atalyk aladalary üçin çuňňur hoşallyk bildirip, talyplaryň adyndan Bitaraplyk, parahatçylyk, dostluk hem-de doganlyk ýörelgelerini öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda kuwwatly we abadan döwlet hökmünde Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň has-da artjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de kimde näme sowalyň ýa-da oý-pikiriň bardygy bilen gyzyklanyp, Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Toýlymyrat Begmyradowy münbere çagyrdy.

Harby talyp Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hem-de duşuşyga gatnaşyjylara — professorlara, mugallymlara we talyp ýaşlara ýüzlenip, şu gün bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen mähirli gutlady.

Biz, Watan goragçylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu günki okuw sapagynda Siziň çuň mazmunly çykyşyňyzy, paýhasly pikirleriňizi hem-de nesihatlaryňyzy uly ruhubelentlik we hormat bilen diňledik.

Milli Liderimiziň milli bilim we ylym ulgamyny ösdürmäge berýän ünsi, ony dünýä derejesine çykarmak ugrunda görülýän çäreler talyp ýaşlarda buýsanç duýgusyny döretdi.

Bilimiň ösdürilmegine döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýan döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde bu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary hem-de ýörite okuw mekdeplerinde harby talyplaryň bilim-terbiýe almagy we harby hünärleri ele almagy üçin hemme şertler döredilýär.

Harby hünärmenleriň taýýarlanylyşyna, olaryň hünär ussatlyklarynyň artdyrylmagyna, berilýän bilimiň hiline we netijeliligine aýratyn üns berilýär. Okuw işine döwrebap multimedia serişdeleri, internet we elektron kitaphana ulgamy giňden ornaşdyrylýar, sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri doly ulanylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde harby bilimiň we harby sungatyň derejesi döwrüň talaplaryna doly kybap gelýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy — Watan goragçylary üçin nusgalyk görelde bolan edermen esger we ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýändigi belent mertebedir.

Biz, Watan perzentleri şu taryhy günde mundan beýläk-de Siziň mähriban ataňyz Berdimuhamet aganyň nusgalyk göreldesine, mähriban kyblaňyz Mälikguly aganyň paýhasly ýörelgesine eýerip, mukaddes harby borjumyzy ak ýürekden ýerine ýetirjekdigimize hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe buýsanç bilen gatnaşjakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys — diýip, T.Begmyradow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň durnukly ösüş ýoluna düşen parahatçylyk dörediji, dostana döwlet hökmünde çykyş edýändigi nygtaldy. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina hem şu ýörelgelere esaslanýar. Hut şoňa görä-de, Milli goşunyň düzüminde bilim almak, hünär öwrenmek we gulluk etmek, ýüregi «Watan» diýip telwas edýän her bir türkmen raýatynyň arzuwyna öwrülýär, Watana bolan söýgi ogullaryň aňynda baky ýaşaýar.

Harby ýokary okuw mekdepleriniň ähli harby talyplarynyň adyndan çykyş eden bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän giň özgertmeler, harby bilimi we sungaty hemmetaraplaýyn ösdürmäge döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür hem-de döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Talyplaryň çykyşlary tamamlanandan soň, milli Liderimiz bu günki çärä gatnaşýanlaryň arzuw-islegleri bilen gyzyklandy. Olarda haýsydyr bir sowal dörän bolsa, sorap biljekdiklerini aýtdy. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiz ýaşlaryň özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sowallaryny hat üsti bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna iberip biljekdiklerine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip: “Mähriban ýaşlar! Ýurdumyzyň gelejegi siz bilendir!” diýdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halk arasynda uly seslenme döreden ajaýyp goşgy setirlerini okady:

Parahatlyk — ýürek baýdagy,
Älem-jahan — mähir mukamy.
Türkmenistan — bahar baýramy,
Türkmenistan — dostluk mekany.

Ajap eýýam, ajap çagym bar,
Ýalkym saçýan şamçyragym bar.
Hak sylamyş Beýik gerçegin,
Gahryman halkymyz bar!

Milli Liderimiz talyplara we okuwçylara: “Mähriban we eziz ýaşlar! Siz bilen öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan!” diýen buýsançly sözler bilen ýüzlendi.

Şunuň bilen umumy sapak tamamlandy. Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39274

02.09.2021