Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetdi. Geçen döwürde berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we anyk delillere esaslanýan maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy. Bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasy döredildi we hereket edýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşi orta we uzakmöhletleýin döwürlere niýetlenilen milli we döwlet maksatnamalarynyň esasynda amala aşyryldy. Häzirki döwürde Türkmenistanda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlary, maşyngurluşyk we demri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen, köp pudakly, dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.
Türkmenistan dünýäniň köpsanly döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýar. 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda «Daşary ykdysady iş hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Daşary ykdysady syýasatynyň netijeliligini artdyrmak üçin hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýöriteleşdirilen hökümetara toparlar döredilýär, olaryň işi söwda-ykdysady, maýa goýumlar we beýleki ugurlary öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiziň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmeginiň netijesinde bu günki gün Türkmenistan dünýäde uly abraýa eýe boldy. Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyna eýerip, netijeli daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirýär, özüniň parahatçylyk ýörelgelerini bütin adamzadyň bähbidine goýmaga çalyşýar. Ýurdumyzyň içerki hem-de daşarky syýasatynyň netijesinde bu gün Türkmenistan dünýä giňişliginde güýçli depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, sebit we halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşyjy, ynamdar hyzmatdaş ýurtlaryň hatarynda giňden tanalýar.
Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň köpsanly döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Daşary ykdysady syýasat Türkmenistana halkara derejesindäki iri taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň, uly senagat toplumlarynyň gurulmagyna işjeň gatnaşmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlary, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň şanly ösüşleri biziň nurana geljegimize bolan ynamymyzy berkidýär. Bu beýik ynamyň gözbaşynda bolsa ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini şöhratlandyrýan, il-gününiň abadançylygy ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyz dur. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, döwletli işleri elmydama rowaç alsyn!
Umida SAPAROWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.