Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berleni ýaňy ýalydy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen başy başlanan sebitde iri möçberli taslamanyň — halkara derejeli döwrebap awtobanyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen halkara derejeli iri taslamanyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy. Türkmen telekeçileri dünýä ülňülerine laýyk gelýän, zamanabap ýoluň birinji tapgyryny öz wagtynda we ýokary hilli amal etmegi başardylar. Awtobanyň birnäçe ugur boýunça halkara güwänamalara mynasyp bolmagy-da muny doly tassyklaýar.
«Aşgabat» menzilinden başlanýan awtoban gadymy Beýik Ýüpek ýoluny yzarlap, Ahal we Mary welaýatlarynyň üstünden geçip, ýurduň gündogaryna — Lebap welaýatyna baryp ýeter. Ol ýurdumyzyň sebitlerini öňküden-de ýakynlaşdyrar, halkara derejede dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkider. Söwda işi bilen meşgullanýan telekeçiler üçin hem bu ýoluň ähmiýeti örän uludyr. Ol türkmen harytlarynyň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarda hem çalt we isripsiz ýerlenmegine giň mümkinçilikleri döreder.
Türkmen sährasynyň içinden geçip, 203 kilometr aralyga uzaýan, hereket zolaklarynyň 6-syndan ybarat bolan bu awtomobil ýoluny synlap, türkmen gurluşykçylarynyň ukyp-başarnygyna «Berekella!» diýýärsiň. Onda diňe bir sürüjiler hem ýolagçylar üçin däl, ýoluň ugrunda ýerleşýän oba-şäherçeleriň ýaşaýjylary üçin-de ähli amatlyklar döredilipdir. Dürli görnüşli köprüleriň, suw akabalary, öý we çöl haýwanlary, oba hojalyk tehnikalary üçin ýerastydyr ýolüsti geçelgeleriň, aragatnaşyk, wideogözegçilik, radar ulgamlarynyň, dynç alyş meýdançalarynyň, töleg terminallarynyň, ýangyç guýujy beketleriň bolmagy bu ýolda aňrybaş şertleriň üpjün edilendigini alamatlandyrýar.
Ýol, köpri gurmak pederlerimizden nusga bolup galan asylly ýörelge, sogaply işleriň biri hasaplanýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alýan Gahryman Arkadagymyz il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli sogaply işleri bilen halkymyzyň bimöçber alkyşlaryna eýe bolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp güýz gününde döwlet Baştutanymyzyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylmagyna ak pata bermegi-de geljegimiziň nurana, ýollarymyzyň dowamly bolmagynyň nobatdaky güwäsidir.
Gutlymyrat JUMAMYRADOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/45516