Ykdysady üstünlikler — döwrümiziň bezegi

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasyna esaslanan, halkymyzyň abadançylygyny we durnukly ykdysady ösüşi üpjün edýän düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz tarapyndan ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge uly üns berilýär. Döwlet tarapyndan öz haryt öndürijilerine goldaw berilmegi esasynda, içerki bazary ösdürmäge, ýeterlik derejede bäsleşik gurşawyny döretmäge hem uly üns gönükdirilýär. Ýöredilýän döwlet syýasaty, ýurduň köpugurly ykdysady kuwwaty ägirt uly wezipeleri çözmäge hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Eziz Watanymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagy milli bähbitleriň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna getirdi. Milli ykdysadyýetiň howpsuzlygyna baha berlende, esasy ulanylýan görkezijiler maýa goýum we innowasiýa bilen baglanyşyklydyr. Çünki milli hojalygyň maddy ulgamy diňe maýa goýumlaryňdyr innowasiýalaryň hasabyna artýar we täzelenýär. Ýurduň maýa goýum işlerini barha höweslendirmegi önümçiligiň täzelenmegine, ykdysady gatnaşyklaryň durmuş ulgamy bilen utgaşykly ösüşiniň gazanylmagyna, ilatyň durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagyna getirýär. Ýurduň ylmy-tehniki kuwwaty çalt ösýän bolsa, onda ykdysadyýet hem durnukly ösüşini dowam etdirýär. Munuň üçin bolsa, maýa goýumlaryň we innowasiýalaryň giňden durmuşa ornaşdyrylmagy zerurdyr. Maýa goýum işi jemgyýetiň üznüksiz önümçiliginiň möhüm düzüm bölegidir. Maýa goýum — munuň özi milli we daşary ýurt maýalarynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna uzak möhletleýin goýlan sermaýasydyr. Maýa goýumlar geljekde has uly girdeji gazanmak maksady bilen, häzirki geljek peýdany almakdan saklanyp, ony ösüşe ugrukdyrmakdyr. Maliýeleşdirmegiň, şol sanda maýa goýumlaryň çeşmeleri bolup hususy we daşyndan çekilen serişdeler çykyş edýär. Maýa goýumlar ykdysadyýetiň düzümleýin täzeden emele gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Täze şertlere laýyk gelýän önümçiligi döretmek we ösdürmek, ozalky önümçiligi täzeçil ugurlara gönükdirmek gös-göni maýa goýumlar bilen baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz durnukly ösüşi üpjün etmekde milli ykdysadyýetimize maýa goýumlaryň çekilmegine uly üns gönükdirýär. Milli Liderimiz şu ýylyň 22-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Durnuklaşdyryş gaznasy Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň çykdajylardan artykmaç girdeji böleginiň netijeli ulanylmagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, 2008-nji ýylda döredilipdi. Resminama laýyklykda, durmuşa geçirilýän döwlet maýa goýum syýasatyna laýyklykda, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygy we olaryň täzeleriniň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigi nazarda tutulyp, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini karz edaralarynyň depozit hasaplaryna geçirmek arkaly döwlet düzümleriniň hem-de hususy bölegiň täze önümçiliklerini we söwda şertnamalaryny meýilleşdirmek üçin gysga, orta hem-de uzak möhletli karzlary bermek göz öňünde tutulýar. Býujet kodeksine laýyklykda, bu resminamada karz bermegiň ugurlary giňeldildi we şertleri kämilleşdirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, karz alyja bir taslamanyň çäklerinde berilýän karz serişdeleriniň aňryçäk möçberleri kesgitlenildi.

Bu strategik ähmiýetli ätiýaçlyk maliýe serişdeleriniň maksada laýyk peýdalanylmagy, karz-pul syýasatyny oýlanyşykly alyp barmakda, ykdysady ösüşiň ýokary depginini saklamakda oňyn täsirini ýetirýär. Milli we döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde meýilleşdirilýän, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, ýurdumyzyň tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge oňyn täsir edýär. Häzirki döwrümizde ýurdumyzda dürli desgalaryň ençemesiniň gurluşygy alnyp barylýar. Iň iri taslamalaryň biri-de Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygydyr. Bu ýerde gurulýan dürli maksatly gurluşyklaryň öz wagtynda, ýokary hilli gurulmagy üçin milli Liderimiz işleriň gidişi bilen, yzygiderli tanşyp durýar, iş saparynda bolup, her bir taslamanyň durmuşa geçirilişini gözegçiliginde saklaýar. Maýa goýumlarynyň ýerlikli gönükdirilmegi, ätiýaçlyk serişdeleriniň iş ýüzünde peýdalanylmagyny, milli we döwlet maksatnamalarynda bellenilen taslamalaryň meýilleşdirilen döwründe ýerine ýetirilmegine ýardam berer.

Bazar şertlerine geçmekde alnyp barylýan özgertmelere täzelikleri, kämilleşdirmeleri girizip durmak hökmandyr. Şonuň üçin ykdysadyýeti has işjeňleşdirmegiň ýoluny gözlemekde onuň ösüş we durnuklylyk nokadyny gözlemek möhümdir. Munuň üçin maýa goýum işini has işjeňleşdirmek möhümdir. Ykdysady ösüşiň ýokary depgininiň saklanylmagy döwlet býujetiniň yzygiderli ösüp durmagyny üpjün edýär. Döwlet býujetiniň yzygiderli ýokarlanmagy, onuň agramly böleginiň halkyň durmuş-medeni maksatlaryna gönükdirilmegi öz gezeginde halkyň sarp edijilik mümkinçiliginiň has-da artmagyna getirýär. Ýokary sarp edijilikli jemgyýeti döretmek bolsa, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň baş aladalarynyň biridir. Halkymyzyň durmuş-medeni ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça ýörite maksatnamalaryň kabul edilmegi, bu maksatnamalaryň durmuşa çaltlyk bilen ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ilatynyň sarp edijiliginiň has ýokarlanmagyna getirýär.

Ýurdumyzyň maýa goýum we innowasiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi guwandyryjy ösüşleriň biridir. Maýa goýum we innowasiýa işiniň ýokary derejede üpjün edilen ýurdunda ösüş-özgerişler mümkin bolýar, ösüşiň geljegi kepillendirilýär, ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegini, halkymyzyň abadan, ähli babatda mynasyp durmuşyny üpjün edýär. Goý, milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli ähli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Oguljeren NURYÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/45508