Töleg tehnologiýalarynyň kämil usullary

Bank ulgamyny ösdürmek milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda işjeň maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny giňeltmek, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini köpeltmek, karz edaralary tarapyndan ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilip, ýurdumyzyň halkara at-abraýy barha ýokary derejelere eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde durmuşa ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň sany hem barha artýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar. Sanly bank ulgamynyň döredilmegi, ilkinji nobatda, sarp edilýän wagty we harajatlary tygşytlamaga, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga oňaýly täsirini ýetirýär.

Bank amallary düýpli kämilleşdirildi. Hyzmatlaryň doly toplumyny öz içine alýan internet bank ulgamynyň işe girizilmegi hem, ilkinji nobatda, müşderilere öz serişdelerini uzak aralykdan dolandyrmaga, amallaryň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmäge amatly şert döredýär. Onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, bank hasaplaryndan maglumatlary elektron görnüşinde almak, elektron tabşyrygyny taýýarlap, internet arkaly töleg geçirimlerini amala aşyrmak ýaly mümkinçilikler döredildi.

Şonuň ýaly-da onlaýn görnüşinde täze bank kartlaryny açmak, bu amal üçin zerur resminamalary elektron görnüşinde ugratmak, hyzmatlar üçin tölegi bank karty arkaly amala aşyrmak mümkindir. Meselem, «Internet-bank» hyzmaty dünýäde iň kämil, iň döwrebap bank hyzmatlarynyň biri hasaplanylýar. Bu hyzmat bank amallaryny amala aşyrmakda wagtymyzy tygşytlaýar hem-de nagt pul götermek zerurlygyny aradan aýyrýar. «Internet-bank» hyzmatyndan internet ulgamynyň elýeterli bolan islendik nokadyndan peýdalanyp bolýar. Raýatlarymyz öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalary arkaly bank kartlaryny «Internet-bank» hyzmatyna özbaşdak birikdirip bilýärler.

Häzirki wagtda bank edaralarynyň ilata hödürleýän «Internet-bank» «Mobil bank», «Elektron söwda», «Galtaşyksyz töleg» we «Halkbank terminal» ulgamlary arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň sany artdyrylýar we hili ýokarlandyrylýar. «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly raýatlarymyz bank kart hasabyndaky galyndyny barlamakdan başlap, dürli karzlar üçin tölegleri geçirip, ykjam we öý telefonlarynyň, IP-TV we internet hyzmatlarynyň hasabyny dolduryp, tölegini amala aşyryp, bank hasaplary boýunça bolup geçen amallaryň taryhyny görüp we beýleki amallary ýerine ýetirip bilýärler. Umuman, haýsy hem bolsa bir bankyň müşderisi hökmünde töleg, söwda bilen bagly işleri öýde oturan ýerimizden amala aşyryp bilmek mümkinçiligi döredilendir.

«Galtaşyksyz töleg» ulgamy barada aýdylanda, degişli bank kartlarynyň ýa-da ykjam telefonlaryň töleg kabul ediji enjamyň (töleg terminalynyň, «QR-kod» okaýjynyň) golaýyna tutup (galtaşdyrmazdan), bir basyş arkaly PIN-kody girizmezden, haryt we hyzmatlar üçin ýerine ýetirilýän tölegiň görnüşi hasaplanylýar. Galtaşyksyz tölegleri ýerine ýetirmek üçin galtaşyksyz işleýän ýörite töleg terminaly we galtaşyksyz töleglere niýetlenen ýörite bank kartlary ýa-da NFC tehnologiýaly mobil programma üpjünçiligi bolan ykjam telefon zerur bolup durýar.

Galtaşyksyz tölegleriň ýene bir görnüşi «QR-kod» tehnologiýasy arkaly ýerine ýetirilýän töleglerdir. Bu tehnologiýanyň üsti bilen tölegler ýörite «QR-kody», ýagny, «dessin tassyklanylýan kody» skanirlemek arkaly ýerine ýetirilýär. Tölegiň bu görnüşinde kameraly ykjam telefony we skanirlemek üçin programma üpjünçiligi zerur bolup durýar. Bank kartlarynyň maglumaty ykjam enjamdaky programma üpjünçiligine birikdirilýär. Dünýä tejribesinde galtaşyksyz tölegler, esasan, köpadamly ýerlerde we hyzmatyň tiz talap edilýän ýerlerinde — ulaglarda, dükanlarda we bazarlarda, naharhanalarda, ýangyç guýujy beketlerde ulanylýar.

Welaýatymyzyň bank ulgamy tarapyndan 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna raýatlara bank kartlarynyň dürli görnüşleriniň 756,1 müňe golaýy paýlanylyp, «Internet-bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 175,8 müňe, «Mobil-bank» hyzmatyna birikdirilenleriň sany bolsa 9,7 müňe ýetdi. Söwda we hyzmatlar nokatlarynda nagt däl görnüşinde töleg geçirmek üçin gurnalan töleg terminallarynyň sany bolsa 7,1 müňden geçdi hem-de töleg terminallaryndan nagt däl görnüşinde geçirilýän tölegleriň möçberi günsaýyn artýar. 2021-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda kartly töleg ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 1,27 milliard manada ýetdi, bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,6 esseden gowrak ýokarlandy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň banklary tarapyndan täze, döwrebap «Cash-back» bank hyzmaty ilat köpçüligine hödürlenildi. «Cash-back» bank hyzmaty dünýä tejribesinde soňky ýyllarda uly meşhurlyga eýe boldy. Ol bank kartlary arkaly tölegler nagt däl görnüşinde amala aşyrylanda, kartyň eýesine eden her bir söwda ulgamynda harçlanylan puluň möçberine baglylykda bellenilen göterimde puly yzyna gaýtaryp bermek bolup durýar. Welaýatymyzyň çägindäki karz edaralarynda bu bank hyzmaty 2-3 göterim möçberinde artdyryldy. Bank kartlary arkaly tölegler amala aşyrylanda, kartyň eýesine berilýän göterimiň möçberini banklar özleriniň alyp barýan göterim syýasatyna laýyklykda eýesine gaýtarýarlar. «Cash-back» döwrebap bank hyzmaty ýurdumyzyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde söwda we hyzmat ulgamlarynda bäsdeşligiň artmagyna uly itergi berýär hem-de alyjylaryň we satyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, müşderilere edilýän döwrebap hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyny we olaryň barha kämilleşmegini üpjün edýär.

Merjen BAÝRAMOWA,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň maglumat tilsimatlary bölüminiň baş hünärmeni.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/45341