Arkadagyň bagtyýarlyk ýollary

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam etjek üstaşyr ulag düzümlerini emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de olaryň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň hut özüniň başlangyjy bilen gurluşygyna badalga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, bu iri taslamanyň Aşgabat — Tejen aralygyndaky birinji bölegi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Taslamanyň dolulygyna işe girizilmegi sebitiň üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň has-da artmagyna, halkara ulag ýollarynyň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň barha berkemegine ýardam berer.

Ulag pudagy dünýäde ählumumylaşmak hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendiren ýagdaýlaryň biri bolup, ösüşiň häzirki tapgyrynda sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Ýurdumyzyň iň döwrebap üstaşyr ulag düzümini hem-de aragatnaşykdyr telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatda, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda ädýän ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebitiň ösüşine-de kuwwatly itergi berdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýurdumyzda awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlary arkaly, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň geljeginiň esaslandyrylandygyny we onuň Hazar we Gara deňizlerinden Ýuwaş ummanyna çenli, Hindi ummanyndan Ýewropa yklymynyň demirgazygyna çenli uly giňişligi birleşdirip biljekdigini yzygiderli nygtaýar.

Merkezi Aziýany we Hazar basseýnini Ýewraziýada strategik durnuklylygyň mäkäm halkasyna öwürmek döwletimiziň ileri tutýan ugurlaryny hem şertlendirýär. Çünki ol Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin geljegi uly bolan ykdysady hyzmatdaşlygyň, yklymara ähmiýetli iri energetika we ulag gatnaşyklarynyň halkasydyr. Bu bolsa, öz nobatynda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen goňşy sebitlerdäki ýurtlaryň arasynda ykdysady, söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge mümkinçilik döretjek häzirki zaman, utgaşdyrylan üstaşyr geçelgeleri döretmegi talap edýär. Şundan ugur alnyp, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýol ugruny, Türkmenbaşy — Astrahan — Aktau parom geçelgesini ýola goýmak ýaly taslamalar durmuşa geçirildi. Olar Ýewraziýanyň sebitara üstaşyr ulag aragatnaşygyny döretmek, yklymyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek ugrundaky tagallalaryň netijesidir.

Hazar sebitiniň ýurtlary bilen netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ähli amatlyklar döredilýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işläp başlamagy bilen Türkmenistan Ýewraziýa ugurlarynyň ulag-logistikasynyň «deňiz derwezesini» açdy. Bu iri möçberli desga Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň ýurtlary üçin strategik ähmiýete eýedir. Ol Ýewropa ýurtlarynyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna hem-de Hindi ummany sebitiniň döwletlerine çykmaga amatly şertleri döredýär, ýük akymlarynyň ýoluny we wagtyny has gysgaltmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda ulag meselesi boýunça ählumumy dialogy ýola goýmak başlangyjy bilen çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyny geçirmegi teklip etdi hem-de gurady. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen forum Durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara ulag ulgamyny ösdürmek boýunça giň halkara gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga berdi.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama kabul edildi. Gürrüňi edilýän mejlisde agzalan Kararnamany goldap çykyş eden döwletler ulag ulgamyny ösdürmekde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmaga çagyrýandyklaryny aýratyn nygtadylar. Munuň özi ýükleridir ýolagçylary daşamakda we gatnatmakda, tizligi artdyrmak arkaly wagty tygşytlamakda, ösüp barýan ýurtlaryň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyny gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Bu Kararnamanyň esasy ähmiýeti häzirki adatdan daşary şertlerde lukmançylyk serişdelerini, azyk önümleridir gündelik zerur harytlary sarp edijilere öz wagtynda ýetirmekde, pandemiýadan soňky döwürde durmuş-ykdysady ösüşi dikeltmekde durnukly ulag ulgamyna aýgytlaýjy ornuň degişlidiginde jemlenýär.

2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn görnüşde gatnaşdy. «Durnukly ulag, durnukly ösüş» atly, utgaşykly tertipde geçirilen forum ählumumy möçberde durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegine täze itergi bermäge gönükdirilendir. Bu foruma BMG-niň Baş sekretary hem gatnaşyp, ol öz çykyşynda ählumumy ösüşde durnukly ulag ulgamynyň ähmiýetini hem-de häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň oňyn ornuny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 15-nji oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisinde çykyş edip, ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi, ählumumy işlerde durnukly orny gazanmak maksady bilen, GDA-nyň umumy senagat, serişdeler, tehnologik kuwwatyndan peýdalanmagy geljekki ýyllaryň möhüm wezipeleriniň hatarynda görkezdi. Ilkinji nobatda, munuň özi üstaşyr ulag düzümini döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilişini ösdürmäge, täze aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlaryny çekmäge degişlidir.

Türkmenistanyň ulag strategiýasy goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem esasy ugry bolup durýar. Ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza bolan döwlet saparynyň çäklerinde-de halkara ulag geçelgeleriniň taslamalarynyň üstaşyr ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekdäki ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Häzirki wagtda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan ugry boýunça we ondan aňry Pars aýlagyna çenli demir ýol, multimodal, ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek, daşalýan ýükleriň mukdaryny artdyrmak üçin hytaý tarapy bilen bilelikde işler alnyp barylýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hukuk binýady taýýarlanýar. Hazar deňzinde Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň deňiz menzilleriniň kuwwatlyklary, şeýle hem Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi aralygyndaky awtoulag ýoly örän uly mümkinçilige eýedir. Häzirki wagtda türkmen tarapy bu ugur boýunça täze awtoulag köprüsiniň gurluşygyna başlady. Saparyň çäginde ikitaraplaýyn gol çekilen resminamalaryň aglabasynyň ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitleýändigi ulag syýasatynyň ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Türkmenistanyň dünýäniň hem-de sebitiň ulag ulgamyna goşulyşmagynyň derejesi, ulag-logistik merkezleriň işiniň netijeli guralmagy, ozaly bilen, kämil hünärmenlere baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň ajaýyp miwesi bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynda ýurdumyzyň ýaşaýyş jaý-jemagat we ulag kommunikasiýa pudaklarynyň edara-kärhanalary üçin zerur hünärmenler taýýarlanýar. Ýaşlara bilim bermegiň we hünär öwretmegiň usulyýeti yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalardan we ösen sanly ulgamlardan ugur alnyp, dersleriň okuw meýilnamalary we maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Okuw sapaklary häzirki zaman sanly tehnologiýalary we tejribe-synag enjamlary, kompýuter-tehniki serişdeler bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen tejribehanalarda geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, institutymyzda döredilen Ulag-logistika ylmy merkezinde ýurdumyzyň ulag kommunikasiýa pudagynyň meseleleri boýunça alymlarymyzyň we talyplarymyzyň gatnaşmagynda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Professor-mugallymlaryň, talyplaryň taýýarlaýan ylmy taslamalaryny we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça işler geçirilýär. Hususan-da, «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň sargydy esasynda ylmy-barlag işleri ýerine ýetirildi. «Türkmehowaýollary» agentliginiň «Türkmenistan awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ylmy teklipler berildi. Şeýle-de «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaulaglary» agentlikleri bilen ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn özgertmelerinden ugur alyp, olary durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşjak, ýokary derejeli, kämil inženerleri we tehnologlary taýýarlamakda, ýaşlara döwrebap bilim, terbiýe bermekde jan aýaman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!

Allaberdi AŞIROW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/45459