Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat, 25-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy.

Gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen, Aşgabatda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň möçberli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Halk hojalygy toplumynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylmagy we şäher gurşawynda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birine geldi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler barada ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz toplumda alnyp barylýan gurluşyk işlerine ünsi çekip, desgalaryň daşky we içki bezeg aýratynlyklary, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, desgalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli bolmagy, olarda reňkleriň özboluşly sazlaşygynyň döredilmegi we milli öwüşginde bolmagy möhüm talap bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda wise-premýer Ş.Durdylyýewe birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, alabaýlaryň şekilleri taýýarlananda milli ýörelgelerden ugur alynmalydygyny, olarda alabaýlara mahsus wepadarlygyň, edermenligiň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň baş meýilnamasy, onuň şekil taslamasy, toplumyň baş girelgesiniň görnüşleriniň taslamalary, bu ýerde oturdylmagy meýilleşdirilýän alabaýlaryň şekilleri, tomaşaçylar münberiniň görnüşleriniň, alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň, päsgelçilikleriň görnüşleriniň taslamalary we toplumyň desgalarynda ulanylýan bezeg serişdeleriniň görnüşleri hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Gurulýan desgalaryň taslamalary taýýarlananda we olaryň gurluşygynda ýokary hil derejesine möhüm ähmiýet bermelidigini, olaryň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli binagärlik ýörelgelerine kybap gelmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän toplumyň gurluşygy üçin kesgitlenen ýeriň amatlylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygy we onuň amatly giňişlikde ýerleşmegi häzirki döwrüň talabyna we alabaý itleriniň tebigatyna kybap gelýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen alabaý itleriniň baýramyny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyryp geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow baýramçylyk gününde geçiriljek çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, onuň çäklerinde alabaý itleriniň gözellik bäsleşigi, degişli päsgelçiliklerden geçmek boýunça ýaryşlar guralar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alabaý itleriniň hormatyna guraljak dabaralaryň şowhunly we milli ýörelgelere laýyk derejede bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda alabaý itleriniň taryhyna, olary idetmegiň milli ýörelgelerine degişli maglumatlar içgin öwrenilmelidir we bu ugurda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli alabaý itleriniň bäsleşiginiň netijeleri boýunça ýeňijini kesgitleýän eminler toparynyň döredilmeginiň, onuň düzüminde bu ugurda ýeterlik tejribesi we bilim derejesi bolan hünärmenleriň bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň we zergärleriň alabaý itlerine bagyşlanan eserlerinden guralýan sergide alabaý itleriniň özboluşlylygy, wepadarlygy, gaýduwsyzlygy öz beýanyny tapmalydyr.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, gözellik bäsleşiginiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, bu jümlede alabaýlara mahsus häsiýetleriň jemlenendigini belledi.

Mundan başga-da, dabaranyň dowamynda halkymyzyň alabaý itlere ideg etmegiň usullaryny häzirki döwürde döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli dowam etdirilmelidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşlygyň dowamynda onuň çägine aýlanyp gördi we toplumyň münberine çykyp, bu ýerde alnyp barylýan işleri synlady hem-de desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewe toplumyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we onda zerur bolan ähli mümkinçilikleriň, şeýle hem bu ýerde halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýolugra dag etegindäki nurana ýollaryň çatrygynyň merkezinde oturdylan heýkeliň ýanynda saklandy. Ajaýyp ahalteke bedewine atlanan arkasy dutarly türkmen ýigidiniň heýkeli ady rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň hormatyna dikeldildi.

Taryhdan belli bolşy ýaly, Şükür bagşy özüniň şabram şelpeli dutary bilen türkmen halkynyň milli saz diplomatiýasyny dabaralandyrýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” diýen kitabynda has aýdyň beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýadygärligiň hem-de onuň töwerekleriniň abadanlaşdyryş derejesine, bu ýerleriň gülzarlyga öwrülmegine ünsi çekip, arassaçylyk, ekologiýa ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy we ýoluny dowam etdi.

Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.

Aşgabadyň durmuş düzümini ösdürmek işleriniň sazlaşykly häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesi bolup durýar. Ilatyň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly işler hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew döwlet Baştutanymyza Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, toplumyň çägindäki desgalar we olaryň aýratynlyklary, aýratyn-da, bu ýerde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde öýleriň we otaglaryň hemmesi ýaşaýjylaryň sargytlary esasynda abadanlaşdyrylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň käbir öýleriniň meýdany 638 inedördül metre barabardyr. Ýeri gelende aýtsak, ýaşaýyş jaýlarynda köp çagaly maşgalalar üçin niýetlenen 6 we 7 otagly öýleriň bardygyny aýratyn bellemeli.

Şeýle hem aşhanalaryň, myhman otagynyň, ýatylýan, şeýle hem çagalar üçin niýetlenen otaglaryň abadanlaşdyrylyşy, şol sanda otaglary sanly ulgam bilen enjamlaşdyrmak, mebeller bilen üpjün etmek gönüden-göni ýaşaýjylaryň sargytlary esasynda amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz otaglarda döredilýän şertler bilen tanşyp, olaryň bezeg aýratynlyklarynda, abadanlaşdyrylyşynda türkmen halkyna mahsus bolan ýörelgeleriň üpjün edilmelidigine, şunda işleriň ýokary hil derejesine ähmiýet bermelidigine ünsi çekip, meýilleşdirilen işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi babatda wise-premýerler Ş.Durdylyýewe we Ç.Gylyjowa hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde gurulýan sebitde iri Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna merkezde gurulýan binalaryň aýratynlyklaryna, olaryň içki we daşky bezeg işlerine, ulanylýan gurluşyk serişdelerine degişli taslamalar görkezildi.

Şeýle hem bu ýerde oturdylan monitorda toplumyň umumy görnüşi barada giňişleýin maglumat berýän şekiller, toplumyň çäginde oturdylýan suw çüwdürimleriniň işleýiş aýratynlyklaryny beýan edýän görnüşler görkezildi. Suw çüwdürimleriniň işinde häzirki zamanyň sanly tehnologiýasy işjeň ulanylyp, olaryň hereketi joşgunly sazlar bilen utgaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz desgalary gurmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň netijeli we maksadalaýyk ulanylmagyny, ýokary hilli hyzmatlaryň ýola goýulmagyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli belleýşi ýaly, amala aşyrylýan gurluşyk işleri halkara ülňülere, şol sanda hil, estetiki we ekologiýa babatdaky talaplara doly laýyk gelmelidir.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolmak bilen, Aşgabat milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we baştutanlygynda Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze toplumda iri söwda merkezleriniň işini guramagyň öňdebaryjy çözgütleriniň hem-de döwrebap bezeg pikirleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi we toplumyň içki bezeginde gündogar nagyşlarynyň görnüşleriniň ulanylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu toplumyň ady bilen baglanyşykly degişli nyşany taýýarlamak, onuň gözellik, ykjamlyk we amatlylyk ýaly ugurlary özünde jemlemegi bilen baglanyşykly meseleleri göz öňünde tutmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Ak mermerli paýtagtymyz özüniň binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýar. Dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabat täsin binagärlik çözgütlerine eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşany bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabadyň dürli döwürlerde döredijilik işgärlerini, aýdymçylary we kompozitorlary täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny, şeýlelikde, paýtagtymyz hakyndaky birnäçe çeper eserleriň, aýdymlaryň döredilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýagdaýlardan ugur alyp, şäheriň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we birnäçe durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän bu toplumyň “Aşgabat” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi, munuň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna mynasyp sowgat boljakdygyny aýdyp, şäher häkimine degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aşgabat dürli döwürlerde sungat ussatlarynyň ylham çeşmesine öwrüldi. Taryhyň dowamynda Aşgabat şäherini wasp edýän birnäçe sungat eserleri döredildi. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň daşynda hem uly meşhurlyk gazanan Myrat Sadykowyň Aşgabady wasp edýän aýdymy köp nesilleriň ýadyndadyr.

Häzirki döwürde hem Aşgabady wasp edýän aýdymlaryň sany barha artýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden tanalýan sungat ussatlary A.Garýagdyýew, S.Orazberdiýew, P.Amandurdyýew we beýleki bagşy-sazandalar, estradaçylar ýurdumyzyň baş şäherini wasp edýän aýdymlary döretdiler we ol eserler halkymyzyň söýgüsine mynasyp boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigini, onuň giňden baýram ediljekdigini belläp, bu şanly sene mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşiginiň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ak mermerli Aşgabada bagyşlanyp dörediljek aýdymyň goşgusynyň, sazynyň we aýdymy ýerine ýetirijiniň sazlaşygyndan döremelidigini aýdyp, onuň halkymyzyň belent ruhuna kybap gelmelidigini, onda paýtagtymyzyň ilatynyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz Aşgabat hakynda dörediljek aýdymlaryň paýtagtymyzyň gözel keşbini suratlandyrýan şekiller bilen utgaşdyrylmalydygyny, bäsleşigiň ýeňijileriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan edilip, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan sylaglanmalydygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça guran iş saparynyň dowamynda şäheriň işewürlik we durmuş ulgamyna degişli merkezleriň kemala gelen ýeri bolan günorta künjegine geldi. Ýolugra milli Liderimiz paýtagtymyzyň günorta künjegindäki şaýoluň ugrunda bina edilen “Ak öý” awtobus duralgasynyň ýanynda saklandy.

Häzirki döwürde diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegine, ýollarda sürüjiler we ýolagçylar üçin ýokary derejeli şertleriň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär we munuň özi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Şäher duralgalarynda ýolagçylar üçin ähli amatly şertleriň döredilmegine, olarda wagty bilmek we ýurdumyzyň durmuşyndaky täzelikler bilen tanyşmak üçin mümkinçilikleriň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara hyzmatdaşlygyň we Türkmenistanda maýa goýum syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýan gurluşyklary synlady. Şäheriň günorta künjeginde bina edilýän “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň täze binasynyň gurluşygynda işler bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli kuwwatlanmagynda ýurdumyzyň bank-maliýe düzümine möhüm ornuň degişlidigini belläp, milli Liderimiz bankyň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, onda häzirki zaman ösen tejribeleriň ulanylmagynyň, bankyň işine döwrebap sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we wise-premýer G.Müşşikowa hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe gurluşyk işleriniň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy, Fransiýanyň belli “Bouygues Batiment International” kompaniýasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda bina edilýän desganyň gurluşygynda alnyp barylýan işleri synlap, gurluşygyň kesgitlenen meýilnama laýyklykda alnyp barylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Soňra milli Liderimiz “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň gurulýan ýerine tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyz bankyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, onda, işgärler üçin bolşy ýaly, bankyň müşderileri üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Şeýle hem bankyň işinde müşderilere hyzmatlaryň dürli görnüşleri, şol sanda sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän hyzmatlar hödürlenilmelidir. Şunlukda, bu ýerde alnyp barylýan işler ýokary halkara tejribelere, täzeçil tehnologiýalara daýanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz bankyň binasynyň içki bezeg işleri bilen gyzyklanyp, onda milli aýratynlyklara, bankyň diwarlarynda türkmen halylary bilen baglanyşykly bezeglere möhüm ähmiýet berilmelidigini, iň esasy bolsa, bankyň hyzmatyndan peýdalanýan müşderiler üçin zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy we bu ýerde alnyp barylýan işi yzygiderli gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça guralan iş saparynyň jemini jemläp, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň, olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Şunlukda, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, şol bir wagtyň özünde binalaryň inženerçilik-tehniki düzümleriniň we yşyklandyryş ulgamynyň gurluşygyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we wise-premýer Ş.Durdylyýewe bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimine ýüzlenip, paýtagtymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli işe girizilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan işleri hem-de şäher ilatynyň durmuş düzümine degişli wajyp meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň esasy wezipesiniň paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçilik etmekden ybarat bolup durýandygyny belledi we degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Müşşikowa ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, olaryň üpjünçilik derejesi bilen baglanyşykly meseleleri hemişelik üns merkezinde saklamak we bu babatda zerur bolan çözgütleri kabul etmek babatda tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň banklarynda alnyp barylýan işleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk derejede guramak we müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini, derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň bank-maliýe düzümlerine döwrebap usullary ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we bu ugurda bar bolan oňyn halkara tejribäni çuňňur öwrenmek we olary ornaşdyrmak meseleleri häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalygynyň ähli toplumlaryna ornaşdyrylýan häzirkizaman usullarynyň we tehnologiýalaryň, milli ýörelgeleriň, türkmen halkynyň ruhy dünýäsine mahsus dessurlaryň giňden wagyz edilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýolugra “Nusaý” diýlip atlandyrylýan awtobus duralgasynyň ýanynda saklandy. Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde şäher ilatynyň ulag üpjünçilik meselelerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Aýratyn-da, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesiniň dabaralandyrylýan ýylynda amala aşyrylýan işler “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygaryna kybap gelmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz iş saparynyň ahyrynda paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň, durmuş üpjünçilik ulgamyna degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilmeginiň paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny ýene bir gezek belledi hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde degişli ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19083?type=feed

26.01.2021
Beýik döwrüň batly gadamlary

Welaýatymyzyň 2020-nji ýyldaky ykdysady ösüşine syn

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ady bilen taryha giren 2020-nji ýylda Garaşsyz ýurdumyzyň beýleki künjekleriniň hatarynda, biziň welaýatymyzda hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda — senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, ulag-aragatnaşykda ýokary netijeler gazanyldy. Munuň özi degişli edara-kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde, telekeçilikde, daýhan hojalyklarynda, hususyýetçilikde iş alyp baran adamlaryň ýylyň dowamynda çeken ýadawsyz zähmetleriniň netijesinde mümkin boldy. Olar hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilmegini gazanmak, ilatyň durmuş derejesini ýene-de ýokary götermek barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm goşant goşdular.

Welaýat statistika müdirliginiň berýän maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda welaýatymyz boýunça öndürilen senagat önümeriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 4285,6 million manada barabar boldy. Şonda onuň döwlet eýeçiligine degişli böleginiň mukdary 936,8 million manatlyk bolup, aňyrky ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,3 göterim köpelendigini bellemek gerek. Gürrüňi edilýän döwürde senagatyň döwlet eýeçiligine degişli böleginiň kärhanalary tarapyndan sarp edijilere jemi 706 million manatlyk önüm ugradylyp, onuň 84,4 million manatlygy daşary ýurtlara goýberilen önümlerdir.

Geçen ýylda welaýatymyzyň senagat pudagynyň ösüşinde ýeňil we azyk senagatyna degişli kärhanalaryň goşantlary has uly boldy. Şonda ýeňil senagata degişli kärhanalarda önümçiligiň möçberi 647 million manada ýetip, aňyrky ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önüm öndürilişi 23,2 göterim köpeldi. Azyk senagaty kärhanalarynda bolsa 179,3 million manatlyk önüm öndürildi.

2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda welaýatymyzyň elektrik energetika senagatynda 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,4 göterim önüm köp öndürilip, onuň jemi möçberi 44,3 million manatlyga deň boldy. Şu deňeşdirmäniň çäklerinde alanyňda, işläp bejerýän senagatda öndürilýän önümler, et we et önümleri 2,1 esse, süýji-köke önümleri 181,3, plastmassadan ýasalan önümler 85, magdan däl gurluşyk materiallary 84,9, pagta süými 42,1, gurluşykda ulanylýan beton önümleri 26,9, diwar materiallary 22,3, peýnir, dorag önümleri 20,7, elektrik energiýasy 6, tikinçilik we örme önümleri 1,7 göterim möçberinde artdy.

Şol döwürde welaýatymyzyň oba hojalygynda zähmet çeken pagtaçylaryň, gök ekerançylaryň, bagbanlaryň gazanan üstünlikleri hem guwandyryjy boldy. Has takygy, welaýatymyz boýunça 281,5 müň tonna «ak altyn», 216,9 müň tonna gök önüm, 155 müň tonna ýeralma, 140,4 müň tonna bakja, 92 müň tonna miwe, ir-iýmiş, 25,4 müň tonna üzüm öndürildi.

2020-nji ýylda welaýatymyzyň çäklerinde idedilýän mallaryň, guşlaryň baş sany köpeldi. Şonuň netijesinde, olardan alynýan maldarçylyk önümleriniň möçberleri hem artdy. Bu baradaky maglumatlardan görnüşi ýaly, geçen ýylyň ahyrynda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda bar bolan gara mallaryň baş sany 1088,7 müňe ýetdi. Bu olaryň aňyrky ýyldaky bilen deňeşdirilende 0,2 göterim köpelendigini aňladýar. Şeýle hem şu döwründe dowarlar 3700,8 müňe, guşlar 4758,8 müňe, düýeler 16,8 müňe ýetip, olar babatda hem ösüş gazanyldy.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, şol döwürde maldarçylyk önümleriniň esasy görnüşleriniň öndürilişinde hem 2019-nji ýyla garalanda artykmaçlygyň bolandygy görünýär. Şonda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda diri agramdaky etiň öndürilişi 140,1 müň tonna ýetdi. Elbetde, bu onuň deňeşdirilýän ýyldakydan 3,7 göterim köpelendigini subut edýär. Şeýle-de, süýdüň öndürilişi 1029,6 müň tonna, ýumurtganyň öndürilişi 300,5 milliona barabar bolup, olar hem degişlilikde 2,5 hem-de 2 göterim artdy.

Hasabat döwründe welaýatymyzyň çäklerinde maýa goýum-gurluşyk işleriniň barşynda hem ep-esli öňegidişlikleriň gazanylandygy bellenilýär. 2020-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberleri 1633,1 million manatdan ybarat boldy. Şol serişdeleriň esasy bölegi, ýagny 91,4 göterimi durmuş-medeni maksatly desgalara gönükdirildi. Olaryň 8,6 göterimi bolsa önümçilik maksatly desgalara çekildi. Şol döwürde özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň düzüminde gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 173,8 million manat bolup, aňyrky ýylyň degişli döwründäkä seredilende 15,3 göterim ýokarlandy. Ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda welaýatyň önümçilik we medeni maksatly desgalary boýunça jemi 83,5 million manatlyk esasy serişdeler işe girizilip, munuň özi aňyrky ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 0,2 göterim köp boldy.

Welaýatymyzda geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» boýunça bellenilen meýilnama 110,5 göterim ýerine ýetirildi. Şonuň netijesinde özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 875126,6 müň manada deň boldy.

Geçen ýylda welaýatymyzyň ulag-aragatnaşyk pudagynda amala aşyrylan derwaýys çäreler hem özüniň oňat netijelerini berdi. Şonda ýylyň ýanwar — dekabr aýlary aralygynda jemi 52,7 million tonna ýük daşaldy, gatnadylan ýolagçylaryň sany 168,8 million adama ýetdi. Şol döwürde demir ýol ulaglary bilen 221,5 müň adam gatnadyldy, awtomobil ulaglaryndaky bu görkeziji bolsa 168,6 milliona barabardyr. Olaryň 32 millionynyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýerli kärhanalarynyň ulaglary bilen gatnadylandygyny nygtamak zerur bolup durýar.

Biziň döwrümiziň ösen talaplaryna laýyklykda, aragatnaşyk pudagynda sanly ulgamy ornaşdyrmak giň gerimli hem-de esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Şeýlelikde, geçen ýylyň dowamynda welaýatymyzyň aragatnaşyk kärhanalarynyň bellenilen işlerden alan girdejileriniň umumy möçberi 76,9 million manada deň boldy. Bu onuň aňyrky ýylyň degişli döwründäkiden 5,5 göterim köpelendigini alamatlandyrýar. Şol sanda, ilata edilen hyzmatlardan alnan girdejiler 30,4 million manat bolup, ol 2019-njy ýylyň netijelerine garalanda 52,9 göterim köpeldi.

Geçen ýylyň dowamynda alnyp barlan şeýle işler, gazanylan öňegidişlikler welaýatymyzda içerki söwdanyň artmagyna, maliýe dolanyşygynyň gowulanmagyna, nyrhlaryň durnukly ýagdaýda saklanmagyna, iş üpjünçiliginiň, zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirdi. Hasabat döwründe welaýatymyzyň bölek satuw söwdasynyň düzüminiň döwlete dahylly bölegi 7,9, döwlete dahylsyz bölegi 92,1 göterimden ybarat boldy. Şol ýylda welaýatymyzdaky söwda kärhanalarynyň bölek satuw haryt dolanyşygy 716,5 million manatdan agdy. Bu onuň aňyrky ýyldakydan 6,1 göterim artandygyny görkezýär. Şonda hususy bölek boýunça 8344,6 million manatlyk söwda edilip, deňeşdirilýän döwürdäkiden 19 göterim artyk ösüş gazanyldy.

2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda welaýatyň ýerli býujetiniň girdejileri 1658,8 million manat bolup, bu baradaky meýilnama 101,5 göterim berjaý edildi. Şu döwürde salgytlar boýunça meýilnama 103,4, goşulan salgyt boýunça meýilnama 100,3, ilat salgytlary boýunça meýilnama 101,1, emläk üçin salgytlar boýunça meýilnama 112,2, peýdadan alynýan salgyt boýunça meýilnama 100,4 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda welaýatyň iri we orta kärhanalarynda işleýän adamlaryň sany 87377-ä deň boldy. Olaryň 40 göterimi bilim, 10,4 göterimi saglygy goraýyş, durmuş hyzmaty ulgamlarynda zähmet çekýärler. Şol kärhanalarda işgärleriň ortaça aýlyk iş haky 9,3 göterim ýokarlanyp, 1751,6 manada barabar boldy. Şol döwürde hojalyk subýektleriniň sanawynda hukukly şahslaryň 2640 sanysy hasaba alyndy. Olaryň sany Ruhubelent, Köneürgenç, Görogly etraplarynda has köpeldi.

Hasabatdaky maglumatlardan görnüşi ýaly, welaýatymyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine möhüm goşant goşýan pudaklaryň ählisi ösüşleriň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam goýýarlar. Elbetde, bu olaryň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralar bilen belleniljek üstümizdäki ýylda ýene-de belent sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynam döredýär.

Gutlymyrat AŞYROW,

«Daşoguz habarlary».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19064

26.01.2021
Önümleriň mukdary artdyrylýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Halmämmet Amanmämmedowyň Balkanabat şäheriniň Düzmergen ýaýlasyndaky bäş gektar ýerinde ýerleşýän ýyladyşhanasynda gök-önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge giň mümkinçilikler bar. Işe girizilenine onçakly köp wagt bolmasa-da, ýyladyşhanada eýýäm geçen ýylyň awgust aýynda oturdylan pomidor şitillerinden bol hasyl alnyp, ak bazarlara yzygiderli ugradylyp durulýar.

Ýylyň başyndan bäri ýokary hilli pomidoryň eýýäm ýüzlerçe kilogramy taýýarlanyp, elýeterli bahadan halka ýetirildi. Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýyladyşhananyň hünärmenleri möwsümiň dowamynda pomidor düýpleriniň her birinden ýigrimi kilograma golaý hasyl aljakdyklaryny belleýärler. Bu bolsa tutuş möwsümiň dowamynda ýygyljak pomidor hasylynyň umumy möçberiniň bir müň tonna barabar boljakdygyna şaýatlyk edýär. Gollandiýadan getirilen pomidor tohumlarynyň mineral dökünler bilen gurplandyrylyp, suwarylmagy bitginli we bol hasylyň kemala gelmegine getirýär.

Ýyladyşhananyň golaýynda bäş gektar meýdanda miweli baglar hem oturdylyp, bu agaç nahallaryny suwarmakda ýyladyşhanadan syzylyp çykýan, mineral dökünler bilen baýlaşdyrylan suwlar giňden peýdalanylýar. Bu bolsa nahallaryň kadaly ösmegine şert döredýär. Ýyladyşhananyň hünärmenleri ýurdumyzda telekeçilere berýän giň goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşly sözlerini aýdýarlar.

Saparmyrat HAKMYRADOW,

öz habarçymyz.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18936

25.01.2021
«Mawy ýangyjyň» mekanynda

Ýurdumyzyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işçi-hünärmenleriniň her biri geçen ýylda tebigy gaz, gaz kondensatyny çykarmakda guwandyryjy görkezijilere eýe boldular. Müdirligiň gaz çykaryjylary geçen ýyl gaz we gaz kondensatyny çykarmak boýunça tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Olar şanly ýylda ýerasty guýularyň abatlaýyş işlerine hem aýratyn ähmiýet berdiler. Bu bolsa, guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda guýularyň 30-synda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Tebigy gazyň täze gorlarynyň işe girizilmegini ýola goýmak arkaly «Zäkli derweze», «Çemmerli» gaz ýataklarynda iki guýyny, «Toparjulba» gaz käninde üç guýyny önümçilige goýbermek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda ýylyň ilkinji günlerinden başlap müdirligiň gazçylary ýokary ruhubelentlik bilen zähmet çekmek arkaly, özleriniň iş depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar. Gazçylaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda alnyp barylýan meýilnamalaýyn çäreler bolsa, olaryň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär.

Biz müdirligiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ybraýym Ilamanow bilen müdirligiň 1-nji sehiniň 2-nji gaz çykaryjy we arassalaýjy desgasynda duşuşanymyzda ol bu ýerde işleriň alnyp barlyşy, işçi-hünärmenler üçin döredilen şertler barada gürrüň berdi. Onuň aýdyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz zähmet adamlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin uly tagallalary edýär. Şoňa görä-de, müdirlikde işçi-hünärmenleriň boş wagtlarynda medeniýetli dynç almaklary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri babatynda ähli şertler üpjün edilýär. Olaryň arasynda dürli sport bäsleşikleri guralýar, şanly seneler mynasybetli dabaralar geçirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan belleniljek ýylyny ýokary görkezijilere beslemegi maksat edinýän «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň işçi-hünärmenleri iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna saldamly goşant goşýarlar.

Akmyrat MÜRZÄÝEW,

öz habarçymyz. SURATDA: müdirligiň 1-nji sehiniň 2-nji gaz gysyjy we arassalaýjy desgasynyň çalşyk başlygy (sagdan) Maksat Orazdurdyýew hem-de ussa Ýolaman Hanow iş wagtynda. Surata düşüren awtor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18959

25.01.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ugry dabaralanýar

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň ilkinji hepdeleri «Açyk gapylar» syýasatynyň we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň birnäçe möhüm ugurlarynyň we ägirt uly meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini äşgär etdi. Geçen hepdede Hazar deňzinde iri «Dostluk» käninde uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça täze, giň möçberli taslamanyň ýakyn wagtda azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylmagyna badalga bermek çäresi boldy.

21-nji ýanwarda Aşgabatda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Çärä göni wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew gatnaşdylar.

Bu çäräniň başlamagynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi. Onuň dowamynda birnäçe möhüm ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Ýokarda agzalan Ähtnama gol çekmek dabarasynda milli Liderimiz çykyş edip, bu resminamanyň biziň ýurtlarymyz tarapyndan geçirilen we energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň berkidilmegine, iki iri energetika döwletleriniň ägirt uly mümkinçilikleriniň açylmagyna, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen işleriniň oňyn netijesidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzinde energetika babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň 2020-nji ýylyň mart aýynda Baku şäherine bolan resmi saparynyň çäklerinde Prezident Ilham Aliýew bilen jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Onuň netijesinde Hazar deňzinde iri uglewodorod serişdeleri ýataklarynyň birinde bilelikde iş alyp barmak boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki energetika hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryny alamatlandyrýar. Pugta halkara hukuk binýadynyň esasynda bilelikdäki işler üçin täze mümkinçilikler açylýar, biziň sebitimize yzygiderli we uzak möhletleýin esasda iri daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin goşmaça şertler döredilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetleriň sazlaşykly ösüşine, täze iş ýerleriniň döredilmegine we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna kuwwatly itergi berer.

Şeýle hem ulag pudagynyň iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Owgan, gruzin we türk hyzmatdaşlary bilen bilelikde Türkmenistan we Azerbaýjan häzirki döwürde Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ähmiýetli yklymüsti magistral bolup durýan “Lapis Lazuli” ulag geçelgesiniň netijeli hereket etmeginiň üstünde işleýärler. Şeýle hem Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňzi — Gara deňiz ugurlary boýunça ulag gatnawlary ulgamyny döretmek başlangyjyny öňe süren ýurtlar bolup durýarlar.

Biz bilelikde örän uly, wajyp we geljegi uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine girişýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň “Dostluk” käninde bilelikde alyp barjak işiniň üstünlikli hem-de netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany Ilham Aliýew Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini pugtalandyrmak işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly şahsy goşandynyň bardygyny belledi we goňşy ýurtlar bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmazdan, üstaşyr geçelgeler meselelerinde anyk netijeleri gazanmak mümkin däldir.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň çykyşlary tamamlanandan soň, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama öz gollaryny goýdular.

Şol gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde türkmen-azerbaýjan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Onuň çäklerinde däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we onuň geljekki ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar söwda-ykdysady, nebitgaz we ulag-kommunikasiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdylar. Hususan-da, “Dostluk” nebitgaz känini bilelikde işläp taýýarlamak hakyndaky Ähtnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy.

Şunuň bilen birlikde, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň we bilim, ylym, medeniýet, sport, syýahatçylyk ugurlaryndaky gatnaşyklary höweslendirmegiň ähmiýetlidigi bellenildi.

18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň we Hökümet münberiniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Bu desgalaryň üçüsiniň gurluşygyny Türkmenistanyň binagärlik we şähergurluşygy babatda ozaldan gelýän hyzmatdaşy Fransiýanyň “Bouygues Batiment International” kompaniýasy alyp barýar. Olary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahatlar merkezinde meýilleşdirilýän duşuşyklary we ýokary derejedäki maslahatlary geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galmagynda ähmiýetlidir.

Kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň gurluşygynyň ýagdaýy bilen tanşyp, milli Liderimiz onuň içki we daşky bezeglerinde milli äheňleriň esasy orun eýelemelidigini, myhmanlara hödürlenýän hyzmatlaryň gadymdan gelýän milli myhmansöýerlik däplerine doly laýyk gelmelidigini belledi.

Şunlukda, gurluşygyň ekologiýa ýagdaýy wajyp bolup durýar. Bu ýerde tokaý zolaklary döredilmelidir, myhmanhananyň çäginiň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylmalydyr.

Hökümet münberiniň gurluşygy hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Umumy eýeleýän meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga gündogar köşk binagärligi usulyna laýyk gelýär we ol 2 müň orunlyk münberi özünde jemleýär.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerdäki meýdançada häzirki zaman ýöriteleşdirilen tehnikalarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýörişleri geçirmek bilen bir hatarda, ajaýyp ahalteke bedewlerini köp sanly myhmanlaryň synlap bilmekleri üçin zerur şertler göz öňünde tutuldy. Giň möçberli köpçülikleýin-medeni çäreleri guramakda häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalary we döwrebap baýramçylyk serişdeleri ulanylar.

Hormatly Prezidentimiz şäher boýunça guran iş saparynyň jemlerini jemläp, täze gurluşyklaryň paýtagtymyzyň ajaýyp tebigy görnüşi, dag etekleriniň aýratynlyklary bolan bu künjegiň binagärlik keşbi bilen sazlaşygy döretmelidigini belledi.

Şeýle hem täze desgalar bina edilende, onuň ähmiýetine, ulanyş ýagdaýyna zerur üns berilmelidir. Şunlukda, toplumlaýyn ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki we ösen ulag-kommunikasiýa düzüminiň döredilmegi barada oýlanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 19-njy ýanwarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň, şeýle hem medeniýet ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyza möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, ilaty ýylylyk, elektrik energiýasy, gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar berildi.

Bellenilişi ýaly, Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we onuň ýanynda sadaka jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenbaşy şäherinde köpugurly we ýokanç keseller hassahanalarynyň, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda kottejler toplumynyň gurluşygy dowam edýär.

Mary welaýatynyň çäginden başlanýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynda degişli işler dowam edýär.

Şeýle hem “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda guraljak çäreleri we olary ýerine ýetirmegiň Meýilnamasyny giňden wagyz etmek boýunça ýörite maksatnamanyň taýýarlanylýandygy barada habar berildi.

Sebitleriň işini kämilleşdirmekde oňyn tejribeleri öwrenmegiň we peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz welaýatlaryň häkimleriniň oba hojalyk ulgamynda we medeni durmuşynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmaklary üçin Mary welaýatyna iş saparlaryny guramagy tabşyrdy.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şanly baýramçylyklar mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelerde ýurdumyzyň ýeten derejesi, onuň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanýan üstünlikleri öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu ugurda geçirilýän işleriň ýokary guramaçylyk derejesini we olaryň döwrüň talabyna laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda paýtagtymyzda Welotrek boýunça dünýä çempionaty we Dewisiň Kubogyny almak ugrunda tennis boýunça saýlama tapgyr geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde bolup, bu iri halkara ýaryşlara taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.

Diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, onuň daşynda hem deňi-taýy bolmadyk ajaýyp desganyň halkara ülňülere laýyk gelýän toplumy ýokary derejeli dürli ýaryşlary geçirmek üçin bolşy ýaly, medeni-köpçülikleýin çäreleri, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralary geçirmek üçin ulanmak bolar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu baýramçylyk çäreleri türkmen halkynyň ruhuna kybap gelmelidir we olarda ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi, sportuň we olimpiýa hereketiniň ösüşi, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegi öz beýanyny tapmalydyr.

Öňde boljak halkara ýaryşlarda daşary ýurtlardan oňa gatnaşýanlar üçin ýokanç kesellere garşy sanjym boýunça zerur bolan hyzmatlar tölegsiz esasda amala aşyrylar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu maksat bilen Türkmenistanyň Merkezi Aziýada ilkinji bolup geçen hepdede resmi taýdan hasaba alan Russiýanyň “Sputnik V” sanjymy ulanylar. Ony ýurdumyzyň çäginde ulanmak resmi taýdan goldanyldy we Türkmenistan bu sanjymy hasaba alan ýurtlaryň birinji onlugyna girdi.

Eger-de, daşary ýurtly türgenlerde beýleki sanjymlary ýa-da ýörite serişdeleri almak islegi dörese, olary saýlamak üçin bizde ähli mümkinçilik bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biraz öňe gidip aýtsak, Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynda taýýarlanan “EpiWakKorona” täze sanjymyny, şeýle hem öňüni alyş dermanlyk serişdeleri we beýleki hyzmatdaş ýurtlaryň sanjymlaryny Türkmenistanda hasaba almak boýunça degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz öňde boljak çempionatlaryň meselelerine, aýratyn-da, türgenleriň saglyk ýagdaýyna, dopinge garşy gözegçilige örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Munuň özi halkara talaplara doly laýyk gelmelidir. Toplumyň çäginde hereket edýän häzirki zaman Saglygy dikeldiş merkezi ähli zerur serişdeler bilen üpjün edilendir.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlyma beriş merkeziniň işiniň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyza gelen myhmanlarda oňyn täsir galdyrmak üçin iri halkara ýaryşlary geçirmekde toplanan tejribeleri netijeli peýdalanmagy tabşyrdy. Munuň üçin Türkmenistanda dünýäniň ýokary ülňülerine laýyk gelýän kämil derejeli sport düzümi bardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen birnäçe taslamalaryň resminamalaryna garaldy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklar, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek, döredijilik bäsleşiklerini, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna halkara çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleler mejlisde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny we ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Dokma önümleriniň elektron söwdasynyň binýadyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Ýurdumyzda ykdysady ulgamyň durmuş ugry boýunça sazlaşykly ösüşiň gazanylýandygyny, onuň eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanýandygyny we bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirilmegini nazarlaýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän dükanlary, restoranlary we söwda öýlerini olaryň esasy işini we giň orunlaryny saklamak şerti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hususylaşdyryp bermek bellenildi.

Şeýle hem Merkezi bankyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň adyny Merkezi bankyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasyna öwürmek baradaky teklip goldanyldy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda we welaýatlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi. Bellenilişi ýaly, gurluşyklar ýokary hil derejesinde we kesgitlenen tertipnama laýyklykda alnyp barylmalydyr.

Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumyny tehniki hem-de tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmakda we ýurdumyz üçin täze önümiň çykarylyşyny özleşdirmekde soňky ýyllarda gazanylan uly üstünlikleri belläp, ýurdumyzyň hünärmenleriniň we alymlarynyň ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça ikinji zawodyň taslamasyny taýýarlamagyň maksada laýyk boljakdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, Türkmennebit» döwlet konsernine dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak hakynda Kararyň taslamasyna gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika pudagynyň kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy diňe bir ýurdumyzyň ilatyny hem-de durmuş we senagat maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge däl, eýsem, türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere, ilkinji nobatda, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän möçberlerini artdyrmaga hem ýardam edýär diýip nygtap, ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan enjamlary, materiallary hem-de awtotehnikalary satyn almak hakynda goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakynda Karara gol çekdi.

Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklap, saglygy goramagyň milli ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleriň ähmiýetini nygtady. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerde häzirki zaman sport-sagaldyş, lukmançylyk merkezlerini gurmak şonuň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyna ylmyň soňky gazananlaryny hem-de ekerançylygyň häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, “Türkmenistanda 2021-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnap almak meýilleşdirilip, kärendeçileriň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer eýeleriniň işini ýokary derejede guramak tabşyryldy.

Telekeçiler tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan ýyladyşhanalaryň baharyň başynda ulanylmaga berilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam eder diýip belläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şol dabaralaryň çäklerinde bakja we miwe ýaly oba hojalyk önümleriniň giň gerimli sergisini guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Mejlisde Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň BOMСA we CADAP maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ykdysady ösüş, saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda sebit we milli derejede amala aşyrylýan uzak möhletleýin maksatnamalara we taslamalara möhüm ähmiýet berilýär.

Olaryň hatarynda 2003-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada we Owganystanda serhetleri dolandyrmak» atly (BOMCA) maksatnamany hem-de «Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek» (СADAP) maksatnamasyny görkezmek bolar.

Bu maksatnamalaryň çäklerinde geljek 5 ýylyň dowamynda dürli ugurlar boýunça çäreleriň tutuş tapgyry meýilleşdirildi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilleri bilen geçirilen nobatdaky onlaýn duşuşygyň çäklerinde “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň makroykdysady ösüşiniň hem-de milli ykdysadyýetimiziň jemi içerki önümiň depginli ösüşine oňyn täsirini ýetirýän aýry-aýry pudaklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nygtalyşy ýaly, milli ykdysadyýetiň durnukly ösdürilmeginde hususy telekeçilige, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini giňeltmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly orun degişlidir.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Essen uniwersitetiniň klinikasynyň ýanyndaky ýokanç keselleriň barlaglary merkeziniň ýolbaşçysy Adalbert Krawçik bilen “Türkmendermansenagat” birleşiginiň, Ylymlar akademiýasynyň we saglygy goraýşyň beýleki ugurdaş edaralarynyň hünärmenleriniň iş maslahaty geçirildi.

Duşuşykda ýokanç keselleri bejermekde hyzmatdaşlygyň, şonuň ýaly-da buýan köküni we onda bar bolan glisirrizin turşusyny ulanmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda ylmy diplomatiýa ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hem-de alym-lukmanlaryň, bilermenleriň we hünärmenleriň arasynda yzygiderli tejribe alyşmak üçin şertleri döretmegiň meselelerine garaldy.

Şol ýerde saglygy goraýyş boýunça nobatdaky IX türkmen-german forumy geçirildi. Ol bu ýyl onlaýn görnüşde guraldy. Duşuşykda urologiýanyň we ginekologiýanyň, şol sanda çaga urologiýasynyň we ginekologiýasynyň meselelerine aýratyn üns berildi. Çykyşlaryň dowamynda slaýd-tanyşdyrmalaryň, wideomateriallaryň ulanylmagy Türkmenistanyň we Germaniýanyň klinikalarynda işe girizilen, näsaglaryň ömrüni halas etmäge hem-de saglygyny dikeltmäge ýardam edýän täzelikleriň birnäçesine baha bermäge mümkinçilik döretdi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda beren tabşyrygy boýunça welaýatlaryň häkimleri, şonuň ýaly-da, beýleki ýolbaşçylaryň birnäçesi Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde dürli ulgamlarda iş tejribesi bilen tanyşdylar.

Hususan-da, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ähli welaýatlarda bina edilýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ilkinjisiniň binagärleri hem-de ony gurmaga gatnaşan telekeçiler bilen bolan duşuşykda bu täsin binanyň gurluşyk aýratynlyklary hem-de bezeg işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş saparyna gatnaşyjylar Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky pomidor ösdürip ýetişdirilýän ýyladyşhananyň hem-de “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň işi bilen hem tanyşdylar.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we içeri syýasatynyň — “Açyk gapylar” hem-de Diýarymyzyň ösüşiniň täzeçillik ýoluna, halkymyzyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

TDH


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18984?type=feed

25.01.2021
Belent maksatlary nazarlap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Munuň şeýledigine şu günler göni wideoaragatnaşyk arkaly yzygiderli geçirilýän dürli derejedäki duşuşyklar, forumlar we beýleki çäreler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu hepdäniň çarşenbe güni BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri bilen nobatdaky onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň çäklerinde «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňýanynda Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de BMG-niň agentlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda bu taslama gol çekilendigini bellemek gerek.

Duşuşykda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary syýasy ugruna laýyklykda, soňky ýyllarda halkara guramalary bilen ýola goýlan ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyk milli statistika ulgamyny ösdürmekde hem möhüm orun eýeleýär. Halkara ölçeglerine laýyklykda, statistika usulyýetini has-da kämilleşdirmek Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işiniň esasy wezipesi bolup durýar. Bu bolsa seljermeleri deňeşdirmek üçin möhüm şertdir.

Şol gün Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk geçirildi, ol bu gaznanyň işgärler toparynyň Türkmenistana amala aşyrýan wirtual saparynyň çäklerinde guraldy. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginine oňyn täsirini ýetiren milli ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynyň makroykdysady ösüşi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäniň ähli ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşini üýtgeden koronawirus pandemiýasynyň (COVID-19) ýaramaz täsirine garamazdan, Türkmenistanyň halk hojalyk toplumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz wagtynda kabul eden çözgütleri, öňüni alyş çäreleri netijesinde ozalky ýagdaýynda işleýär, bu bolsa beýleki döwletlere garanda jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini saklamaga mümkinçilik berýär.

Munuň şeýle bolmagyna köp babatda soňky ýyllarda işe girizilen iri, orta we kiçi kärhanalar ýardam edýär, olarda içerki sarp ediş üçin niýetlenen, daşary ýurtlara iberilýän dürli önümler öndürilýär.


«Aşgabat».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18866

23.01.2021
Hazar deňziniň baýlygy halklaryň bähbidine

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uly dabaralara beslenjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde bolup geçýän taryhy wakalar ýatdan çykmajak täsirleri bilen kalbymyzda baky orun alýar. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar. Özara bähbitli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giň gerimde ösdürýän Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde milli Liderimiziň juda öňdengörüjilik bilen öňe sürýän başlangyçlary hyzmatdaş ýurtlaryň, şeýle hem tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösüşe eýe bolmagyna ýardam edýär.

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy hem hormatly Prezidentimiziň dostluga hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ynsanperwer syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi. Indi Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň ýangyç çig mal serişdelerini özleşdirmek işleri azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Munuň özi Hazar deňziniň sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde, goňşy ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda dost-doganlyk deňzi bolup durýandygynyň güwäsidir.

Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde iň baý döwletleriň biri bolmak bilen, özüniň tebigy baýlyklaryndan sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň bähbidine peýdalanmaga çalyşýar. Hazaryň energiýa serişdelerini özleşdirmek, şeýle hem deňziň gurşawyny goramak boýunça bilelikdäki hereketler üçin täze mümkinçilikleri açýan möhüm resminama gol çekilmegi, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen we azerbaýjan halklarynyň we biziň döwletlerimiziň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrar.

Parça HYDYROWA,

Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18917

23.01.2021
Belent sepgitleri nazarlap

Bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna has-da berk jebisleşip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşy aldy. Däp boýunça ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.

2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem ýurdumyzyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýyllaryň biri bolar. Çünki bu ýylda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilenine 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene hem şu ýylda uly toý-dabaralara beslenip, giňden bellenip geçiler. Arkadagly ýurdumyzda ýyllarymyz biri-birinden zyýada bolup gelýär. Her ýyl beýik ösüşlere beslenip, raýatlaryň kalbyna egsilmejek şatlyk bagyşlaýar.

Halkymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda ösüşlerden-ösüşlere sary ynamly öňe barýar. Mähriban Arkadagymyz halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen yzygiderli tagallalar edýär.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylda, 2021-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasyny seljerende, döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň 70 göterimden gowragynyň durmuş ulgamyna gönükdirilmelidigini nygtady.

Täze ýyl Gutlagynda bolsa, mähriban Arkadagymyz: «Raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, biz täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň hem-de döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýene-de 10 göterim ýokarlandyrýarys» diýip belledi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamlar hakynda edýän bimöçber aladalarynyň ýene-de bir mertebe aýdyň beýany bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşini has-da öňe ilerletmek üçin iňňän oýlanyşykly döwlet syýasatyny alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzy ähli babatda ösdürmek barada alyp barýan işleri maksatnamalaýyn häsiýete eýe bolar.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ykdysadyýetiň köp ugurly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze 2021-nji ýylda hem üstünlikli dowam etdiriler.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzda ykdysady ösüşi alamatlandyrýan esasy makroykdysady görkezijileriniň derejesi durnukly saklanylýar, pul-karz syýasaty kämilleşdirilýär, önümçilik hem-de eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän pudaklara yzygiderli goldaw berilýär. Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär, bank ulgamyna döwrebap we innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri halkara maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, bank ulgamy tarapyndan ýeňillikli karzlar we daşary ýurt maliýeleşdiriş çeşmeleriň birnäçe görnüşleri bilen ýurdumyzyň hususy ulgamynyň gatnaşyjylary üpjün edilýär. Her bir güni ösüşlere beslenýän Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmekde bimöçber alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Parahat MERETLIÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18854

23.01.2021