Malaý — ösüşleriň mekany

Ozallar ymgyr Garagumuň gyrkylyk yzly alaňlarynyň arasynda ýerleşýän bu öri meýdany diňe maldarlaryň azsanlysyna mälimdi. Ýurdumyzyň köp ýerlerinde bolşy ýaly, bu sebitiň hem ýerasty tebigy baýlyklarynyň köpçülikleýin özleşdirilip başlanmagynyň netijesinde Malaý diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem iri tebigy gazly ýataklaryň biri hökmünde ykrar edildi.

Şu ýylyň başynda bolsa bu ýerde taryhy waka bolup geçdi: hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen häzirkizaman gaz gysyjy desgasy işe girizildi. Öňdebaryjy inženerçilik çözgütlerine, kämil tehnologiýalara daýanýan döwrebap desga bu ýatagyň tebigy gazyny has doly gazyp almaga we onuň daşarky hem-de içerki bazarlara ugradylýan möçberlerini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berdi.

— Baýlyk çykaryjylarymyz ýetip gelýän mukaddes senäni — Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly XXX ýyllygyny zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda joşgunly zähmet çekýärler. Malaýda täze desganyň üstünlikli işe girizilmeginiň netijesinde önüm öndürilişi barha artýar. Beýleki önümçilik böleklerinde hem işler gyzgalaňly dowam edýär. Bu bolsa müdirligimiziň agzybir işgärleriniň ählihalk baýramyny uly zähmet sowgatlary bilen garşylajakdyklaryna aýdyň şaýatlyk edýär — diýip, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow guwanç bilen gürrüň berýär.

Onuň habar bermegine görä, müdirlik boýunça üstümizdäki ýylyň başky bäş aýynda tebigy gazy öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 139 göterime golaý ösüş depgini gazanylypdyr. Şonda jemi öndürilen «mawy ýangyç» 5,1 milliard kub metre golaý bolupdyr. Öndürilen önümiň aglaba böleginiň Malaý gaz käniniň paýyna düşýändigi aýratyn bellärliklidir. Munuň şeýledigine göz ýetirmek üçin, geliň, anyk mysallara ýüzleneliň! Hasabat döwründe Malaý gaz ýatagynda tebigy gazyň 3,1 milliard kub metre golaýynyň öndürilmegi üpjün edilipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgininiň 150 göterime barabar bolandygyndan habar berýär.

Hawa, kämil desganyň kuwwatlylygyny netijeli peýdalanmak arkaly gymmatly önümiň öndürilişi barha artdyrylýar. Ýeri gelende gazylyp alynýan tebigy gazyň aglaba böleginiň Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi boýunça Türkmenistandan alysdaky Hytaý döwletine iberilýändigini bellemek hem artykmaçlyk etmez. Täze desga Türkmenistanyň tebigy gazy eksport etmek boýunça öz üstüne alan borçnamasyny ygtybarly berjaý etmegine berk esas döredýär.

Malaýyň döwrebap desgasyny çölde dörän gudrat hasaplamak bolar. Öňler peşmekleriň göç eden ýerlerinde ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryna daýanýan kuwwatly önümçilik peýda boldy. Onda ýerli hünärmenler egin-egne berip, yhlasly zähmet çekýärler. Olar şeýle kämil desgada öndürijilikli işlemeklige döreden ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirýärler we ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler. Mizemez agzybirlik, maksada okgunlylyk başarjaň gazçylary abraýly sepgitlere ýetirýär.

Mämmet GYLYJOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31197