Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi hem-de döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer 2022-nji ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişi 10,7 göterim ýokarlandy.

Ýanwar — fewral aýlarynyň netijeleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy boýunça 30,7 göterim artdy.

Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,9 göterim berjaý edildi.

Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk iş haky 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim artdy. Aýlyk iş haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary doly möçberde maliýeleşdirildi.

Rejelenen Milli oba maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 101 sany durmuş maksatly desgalaryň, suw arassalaýjy desgalaryň 35-siniň, 326 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de düzümleýin ulgamlaryň gurluşygy alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde dünýä ykdysadyýetindäki häzirki ýagdaýlary hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde döwlet Baştutanymyz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleri güýçlendirmelidigini belläp, sanly ulgama geçmek, desgalary hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak barada kabul edilen maksatnamalar boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz döwlet edaralarynyň sanly ulgama goşulmagyny güýçlendirmegiň möhümdigi barada aýdyp, dürli döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmegi hem çaltlandyrmagy tabşyrdy. Şundan ugur alyp, şu ýyl üçin, gerek bolsa, bellenen görkezijilere düzediş girizmegiň we çaklamalary taýýarlamagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere milli ykdysadyýetimizdäki işleriň ýagdaýyna seljerme geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe nebiti çykarmak boýunça meýilnama 100,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça 110,3 göterim, benzin öndürmek boýunça 117,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça 116 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça 111 göterim, polipropileniň öndürilişi boýunça 118,9 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 102,7 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depgini 108,8 göterime deň boldy.

Wise-premýer daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasynyň 114,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek syýasatyna laýyklykda, gaz ulgamynda Hytaý Halk Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiziň garamagyna “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Töwekgelçilikli serwis hyzmatlary hakynda şertnama” esasynda maýa goýum serişdeleriniň hasabyna durmuşa geçirmek babatda degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň zerur kömegi berýändigine, pudaklary ösdürmek üçin köp möçberde serişdeleri goýberýändigine garamazdan, bu pudaklarda heniz öňegidişlikleriň azdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem aýry-aýry görkezijiler boýunça tabşyrygy yzygiderli ýerine ýetirip bilmän gelýär.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere emele gelen ýagdaýy içgin seljermegi hem-de gözegçilik edýän pudaklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe gurluşyk-senagat ulgamynda meýilleşdirilen işler 156 göterim ýerine ýetirildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümler we ýerine ýetirilen işler 159,2 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 133,3 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önümleri öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 187 göterim berjaý edildi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 118,9 göterim amal edildi.

Durmuşa geçirilýän şähergurluşyk syýasatynyň çäklerinde, tutuş ýurdumyz boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylýandygy bellenildi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda 2022-nji ýylda gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawyna Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan, degişli ministrlikler, pudak edaralary bilen bilelikde gaýtadan seredilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Buýrugyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, golaýda kabul edilen şu ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli desgalary gurmak we ulanmaga bermek boýunça çäreleri çalt hem-de işjeň durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Bu ugurda ýüze çykan meseleleri öz wagtynda çözmek, ýurdumyzyň içinde energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň, birnäçe durmuş we senagat maksatly desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz bularyň ählisiniň köp tagallany we ähli işleri talabalaýyk guramagy talap edýändigini nygtady. Gurluşyk we senagat pudaklaryna maýa goýumlary köpräk çekmeli we kärhanalary hususylaşdyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu ýagdaýlary seljerip, zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Buýruga gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamada bellenen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynda hem-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 104 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 109,4 göterime deň boldy.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümleriň mukdary, şol sanda nah ýüplügiň we nah matalaryň önümçiligi degişlilikde, 130,5 göterime hem-de 124,4 göterime, tikin hem-de trikotaž önümleriň önümçiligi 118,7 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 109,6 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda haly önümlerini öndürmek boýunça meýilnama 114 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe Döwlet haryt çig-mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 49-sy geçirilip, 5 müň 560 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýanwar — fewral aýlarynda amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 104,1 göterime deň boldy. Şu döwürde 2 sergi geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň iki aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 162,8 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 113,7 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatymyzyň harytlary we azyk önümlerini näçe gerek bolsa satyn almagy üçin, bazarlaryň hem-de dükanlaryň halkyň giňden sarp edýän harytlary bilen bolelin üpjün edilmeginiň, nyrhlaryň derejesine gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz wise-premýere beýleki ýolbaşçylar bilen bilelikde harytlaryň eksportynyň we importynyň ýagdaýyny seljermegi, ýurdumyzda näme öndürip boljakdygyny anyklap, öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberini artdyrmagyň çärelerini kesgitlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu işlerde telekeçilere aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Söwda teklipleriniň ulgamynyň giňeldilmegi hem-de dünýäde bäsdeşlige ukyply, daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan täze önümleri öndürmegi özleşdirmek hem möhümdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, döwletimiziň telekeçileri hemmetaraplaýyn goldaýandygyny we geljekde hem goldajakdygyny nygtady.

Kiçi we orta telekeçilik söwda ulgamyny ösdürmegiň, täze iş orunlaryny döretmegiň esasyna öwrüldi. Ýerli serişdeleriň hasabyna azyk bolçulygyny döretmäge şert döretdi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz wise-premýere bu ugurda bellenen işleri çaltrak amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi dowam etdi. Bilim bermek işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrylýar. Okuw kitaplary, gollanmalar neşir edildi. Sanly bilimi ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bilim bermegiň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hilini üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.

Şu döwürde geçirilen halkara internet we ders bäsleşiklerinde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplarynyň gazanan altyn, kümüş, bürünç medallary bilim ulgamynda alnyp barylýan syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy boldy.

Şeýle hem ýanwar — fewral aýlarynda sanly ulgam arkaly halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar hem-de daşary ýurtlaryň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen onlaýn okuw-usuly maslahatlary geçirildi.

Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary bolan nanotehnologiýalar, biotehnologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, lukmançylyk, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar boýunça ylmy işler utgaşdyryldy.

Milli bilim institutynda döwrebap aragatnaşyk tehnikalary, kompýuter enjamlary we serwerler bilen üpjün edilen “Maglumata elýeterlilik merkezi” işe girizildi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde işler alnyp baryldy.

Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça işler dowam etdirildi. Buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin milli Maksatnama tassyklanyldy.

Şeýle hem hasabat döwründe 2022-nji ýylda meýilleşdirilýän tomusky Aziýa oýunlaryna, 31-nji tomusky Uniwersiada, dünýä we Aziýa çempionatlaryna hem-de beýleki iri halkara ýaryşlara türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, koronawirus bilen bagly emele gelen häzirki ýagdaýdan ugur alyp, milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmegi dowam etmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlary tejribä giňden ornaşdyrylmalydyr, dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň iň häzirki zaman usullary öwrenilmelidir hem-de netijeli ulanylmalydyr. Bu ugurda netijeli tejribe alyşmak üçin, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyndan gatnaşyklar dowam etdirilmelidir.

Ylym-bilim ulgamlaryny kämilleşdirmegiň üstünde hem yzygiderli işlenilmelidir. Okuw kitaplary we serişdeleri täzelenip durulmalydyr. Milli Liderimiz dünýäde sanly ulgama geçmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak işleriniň barha çalt depginde alnyp barylýandygy bilen baglylykda, biziň ýaş hünärmenlerimiziň gowy taýýarlykly bolmalydygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň ýolbaşçylarynyň mugallymlary taýýarlamagy kämilleşdirmegiň üstünde hemişe işlemelidigini aýratyn nygtap, beýleki ýurtlaryň bu ugurdan belli bir netije gazanan okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmagy guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu ugurdaky işleri gowulandyrmak üçin heniz teklipleriň gowuşmaýandygyny belläp, ýagdaýy seljerip, düzetmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň iki aýynda gözegçilik edýän ugurdaş edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu döwürde toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,3 göterime deň boldy. Özleşdirilen maýa goýumlar boýunça bellenilen tabşyryk 105,6 göterim berjaý edildi.

Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 108,3 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 107,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 120,9 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 139 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 108,7 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 107,8 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 107,1 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, M.Çakyýewiň gözegçilik edýän toplumynda hem alnyp barlan işleriň netijeleriniň häzirlikçe öwerlik däldigine ünsi çekdi. Pudakda heniz çözülmedik soraglar köp diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de şolaryň üstünde tutanýerli işlemegi we bu işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy. Bu bolsa bellenen çäreleri amala aşyryp, aragatnaşyk we sanly ulgamy ösdürmekden, demir ýollaryň durkuny täzeläp, täze howa menzillerini gurmakdan, elektron hyzmatlary hem-de elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu meseleleri çaltrak seljerip, işleriň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe 2022-nji ýylyň şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen, dabaraly maslahatlar, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary we sergiler geçirildi, wagyz-nesihat işleri dowam etdirildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen maksatnamalary giňden wagyz etmek maksady bilen, “Halk Maslahaty — demokratiýanyň milli nusgasy” atly maslahatlar geçirildi.

Milli Liderimiziň täze eserleri bilen ilatymyzy giňden tanyşdyrmaga bagyşlanan çäreleriň birnäçesi guraldy. Döwlet Baştutanymyzyň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde sanly ulgam arkaly dürli çäreler geçirildi. Türkmen hünärmenleri onlaýn tertipde halkara maslahatlaryň we okuw maslahatlarynyň birnäçesine gatnaşdylar.

Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini wagyz etmek maksady bilen dabaraly maslahat we sergi guraldy.

Metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda, Internet saýtlarynda ýurdumyzyň özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanýan uly üstünlikleri hem-de medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek bilen bagly dabaralar giňden beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini işjeň wagyz etmek wajypdyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz milli telewideniýe arkaly berilýän gepleşikleriň hiline aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz medeniýet ulgamynyň edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we ilat arasynda, aýratyn-da, oba ýerlerinde sanly ulgama geçmek syýasatyny giňden düşündirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem wise-premýere ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýurdumyzda görülýän çäreler bilen bagly düşündiriş işlerini dowam etmek boýunça anyk görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Oba hojalyk toplumyna degişli ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 110,7 göterime deň bolandygy bellenildi. Bu baradaky görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 111,1 göterim, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,1 göterim hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,5 göterim boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 102 göterim ýerine ýetirildi.

Arassa daşky gurşawy kemala getirmek hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça döwlet ekologiýa syýasatynyň çäklerinde geçirilýän giň gerimli işler, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň ünsüni gözegçilik edýän ministrliginiň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daýhan birleşiklerinde ýygy-ýygydan bolup, olar bilen köp işlemegiň wajypdygyna çekdi.

Häzirki wagtda oba hojalyk toplumyna uly kömek berilýär, köp möçberde döwlet serişdeleri goýberilýär, täze döwrebap traktorlar, beýleki oba hojalyk tehnikalary satyn alynýar, daýhanlar tohumdyr dökünler bilen üpjün edilýär, täze şäherçeler gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmegiň zerurdygyny hem nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýer kadastrynyň döredilmegini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitläp, pudakdaky işleriň ýagdaýyny seljermegi hem-de bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň iki aýynda ministrlik tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler amala aşyryldy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlara hem-de duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýylyň 3 — 5-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary boldy. Saparyň çäklerinde milli Liderimiz Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de HHR-iň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi.

Ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine hem-de “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitiniň birinji duşuşygyna gatnaşdy. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri boldy.

Şu ýylda ýurdumyzda geçiriljek möhüm halkara çärelere taýýarlygyň dowam edýändigi habar berildi. Şol çäreleriň hatarynda Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň VI sammiti, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji parlamentara forumy, BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty bar.

Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 198-si geçirildi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň dowamynda 7 resminama gol çekildi.

Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli dowam etdirilýär. Ýylyň başyndan bäri bu ugurda duşuşyklaryň hem-de maslahatlaşmalaryň birnäçesi geçirildi.

Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulýan döwlet (ýagny işjeň synçy) derejesine eýe bolandygy bellenildi. Ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň we beýleki degişli düzümleriň mejlisini guramak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýanwar aýynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar toparynyň nobatdaky mejlisi hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak Prezident saýlawlaryna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryndaky we konsullyklaryndaky saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň ýokary derejede guralmagynyň ýola goýulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, öz wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmekleri, saýlawyň barşyna doly gözegçilik etmekleri üçin, halkara synçylara ähli zerur guramaçylyk-tehniki we hukuk şertlerini döretmekde hemmetaraplaýyn ýardam bermegiň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz täze saýlanan Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda meýilleşdirilýän halkara çäreleriň sanawyny düzmegi hem-de ony seretmek üçin hödürlemegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri hökmünde yglan edip, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany durmuşa geçirýändigini belledi we wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçýän ýylyň 1-nji martynda Milli Geňeşiň agzalary bilen geçiren duşuşygy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka boldy. Milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleri, 2022-nji ýylda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň alyp barmaly işleriniň esasy ugurlary boýunça tassyklanylan iş meýilnamalary hem-de çäreleri ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işlerde esasy ýol-ýörelge bolup durýar.

Mejlisiň iş toparlarynda ýylyň başyndan bäri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda kanunylygy, hukuk tertibini berkitmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, köp çagaly maşgalalaryň hem-de çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Mejlisiň wekilleri halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi baradaky meseleler boýunça halkara guramalar bilen bilelikde geçirilýän okuw maslahatlarynyň hem-de duşuşyklaryň 18-sine gatnaşdylar, şolaryň 11-si sanly ulgam arkaly guraldy.

Mejlisiň deputatlary düşündiriş-wagyz işlerini alyp baryp, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kadalarynyň hem-de ýörelgeleriniň, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça işleriň taryhy ähmiýetini wagyz edýärler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça Halk Maslahatynyň şu ýylyň iki aýynda alyp baran işleri barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewe ýüzlenip, 2022-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipelere ýakynda Milli Geňeşiň mejlisinde seredilendigini aýtdy we şoňa görä-de, häzirki döwürde bu wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen iki aýda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň netijelerine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, bu netijeleriň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler ýylyň başyndaky ýaly, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanýar.

Geçen iki aýda oba hojalygynda ösüş depgini 3,2 göterim, söwda ulgamynda 8,8, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4 göterim boldy. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryna golaý bolan, aglabasy durmuş maksatly dürli desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Şol desgalaryň jemi bahasy 18 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan böleginiň gurluşygyny bolsa, ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama guramalarynyň alyp barýandygy aýratyn begendirýär.

Häzirki döwürde biz dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutup, gazanan ösüş depginimizi saklap galmalydyrys. Şu ýyl alyp barmaly işlerimiziň maksatnamasyny bolsa ýakynda tassykladyk. Indi şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň üstünde netijeli işlemelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ähli pudaklarda bar bolan kemçilikleri düzedip, Garaşsyz Watanymyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletli maksatnamasyny ýerine ýetirmek üçin oňat esas döretmelidiris. Ykdysady we syýasy özgertmeleri, şeýle hem bilim, saglygy goraýyş, sanly ulgama geçmek, ekologiýa babatda başlan özgertmelerimizi mundan beýläk-de depginli dowam etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna, aýratyn-da, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenen wise-premýerlere häkimler bilen bilelikde özgertmeleriň geçirilişine hemişe berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Gözegçilik edýän pudaklarynda desgalaryň, hususan-da, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny, ilaty ýaşaýyş jaýlary we arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky maksatnamalaryň amala aşyrylyşyny üns merkezinde saklamak zerurdyr. Umuman, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly hiç bir soragy ünsden düşürmeli däl diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýer E.Orazgeldiýewe iberip, bu ekologik çäräni 20-nji martda geçireris diýip belledi. Şoňa görä-de, kesgitlenen ýagdaýy, bag ekmek dabarasyny, Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi göz öňünde tutup, her welaýat we paýtagtymyz öz çäklerinde bu çäräniň guramaçylykly geçirilmegi üçin jogap bermelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, sişenbe güni ýurdumyzda ajaýyp baýram bolan Halkara zenanlar gününiň dabaraly bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy ýetip gelýän bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi. Milli Liderimiz ýerli häkimliklere şu resminamany ýerine ýetirmek üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen enelere Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyz boýunça täze gurlan döwrebap öýleri sowgat bermek barada karara gelnendigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz häkimliklere 8-nji mart baýramy mynasybetli zenanlara sowgatlaryň, mynasyp bolan enelere sylaglaryň we sowgat berlen ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

05.03.2022
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunçasebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 3-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany kabul etdi.

Milli Liderimiz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, ilkinji nobatda, Natalýa Germana Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly şahsy goşandy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen işjeň we netijeli gatnaşyklary, biziň halkara başlangyçlarymyzy goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl doldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we BMG bilen hyzmatdaşlygyň geçen döwrüniň dowamynda Türkmenistanyň onuň işjeň agzalarynyň birine, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde ygtybarly, strategik hyzmatdaşyna öwrülendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini aýdyp, häzirki wagtda bu däp bolan gatnaşyklaryň köp ýyllaryň dowamynda toplanan tejribesine daýanyp gerimini giňeldýändigini hem-de ählumumy ösüşiň täze ugurlaryny we wajyp meselelerini öz içine alýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurt bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň orny eýeleýär we köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary saklaýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bu gün Türkmenistanyň hem-de BMG-niň köp ugurlarda, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologiýa meselelerini çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm ugurlarda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Olaryň uzak möhletleýin häsiýete eýedigi, yzygiderli esasda amala aşyrylýandygy hem-de anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendigi nygtaldy.

BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň sebit we ählumumy häsiýetli möhüm başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, dürli iri taslamalary hem-de maksatnamalary bilelikde amala aşyrmakda öz beýanyny tapýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça Kararnamalaryň 17-siniň kabul edilendigini nygtady we olaryň arasynda Türkmenistanyň teklibi esasynda 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegini, 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini aýratyn belledi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň birnäçesiniň ýolbaşçy düzümine girmegi, soňky ýyllaryň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanylmagy döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygynyň hem-de daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda, parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak hem-de pugtalandyrmak, halkara giňişlikde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek işine saldamly goşant goşýandygyny görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz öňüni alyş diplomatiýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň möhüm we aýrylmaz ugry bolup durýandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Bu merkez BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda, goňşy döwletleriň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldamagynda 2007-nji ýylda Aşgabatda döredildi.

Sebit merkeziniň döredilmegine şu ýyl 15 ýyl dolýandygyny bellemegiň ýakymlydygyny aýdyp, milli Liderimiz geçen döwrüň dowamynda onuň özüni ýüze çykýan köp meseleleri çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezendigini belledi.

Ýurdumyz merkeziň işini we başlangyçlaryny, hususan-da, sebitiň döwletleriniňdir goňşy ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmekdäki başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Türkmenistan sebit howpsuzlygyny üpjün etmek işinde, şol sanda, BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny amala aşyrmakda guramanyň bu düzümi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Häzirki döwrüň howplaryny we wehimlerini, hususan-da, ählumumy pandemiýany, onuň durmuş-ykdysady netijelerini aradan aýyrmagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň aprelinde “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň bu merkeziň kuwwatyny, halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin möhüm ähmiýetli waka bolandygyny belledi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň barşynda türkmen tarapy “Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek” atly ýene-de bir Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda bu taslama sebitiň ýurtlary tarapyndan seredilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu barada aýdyp, degişli resminamanyň kabul edilmeginiň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ygtyýarlyklaryny pugtalandyrmaga hem-de geçen ýylyň 6-njy awgustynda Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň Jemleýji resminamasynda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Bu gün sebit merkeziniň binýadynda BMG-niň Terrorçylyga garşy müdiriýetiniň topary işleýär, Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk meseleleri boýunça maksatlaýyn iş topary ýaly köptaraplaýyn öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallary döredildi we üstünlikli hereket edýär diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi.

Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň bilen goňşy zolaklarda howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek ýaly ugurlarda merkeziň mümkinçilikleriniň zerur bolup durýandygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda şu ýylyň 12-nji martynda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigine ünsi çekdi. Häzirki wagtda şol saýlawlaryň halkara kadalar esasynda örän erkin, aýdyň hem-de demokratik ýagdaýda geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi bellenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdan daşary saýlawlara daşary ýurt döwletlerinden we halkara guramalaryň birnäçesinden, şol sanda GDA-dan, ŞHG-den, ÝHHG-den hem-de Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylaryň çagyrylandygyny aýtdy. Olara saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň barşyna hem-de ses berlişine syn etmek mümkinçiligi dörediler.

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we Prezidentiň wezipesine dalaşgärler tarapyndan hödürlenen köp sanly milli synçylar saýlawlaryň barşyna syn ederler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň ugurdaş bilermenlerini saýlaw bilen bagly işlere dogry baha bermek maksady bilen, Türkmenistanda Prezident saýlawlaryny geçirmekde ýardam etmäge çagyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Natalýa Germana we onuň üsti bilen sebit merkeziniň ähli işgärlerine netijeli işi hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşandy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we BMG hem-de onuň edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň dünýäde durnuklylygyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine geljekde-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyna berk jan saglyk, bagt hem-de jogapkärli işinde üstünlik arzuw edip, BMG-niň Baş sekretary jenap Antoniu Guterrişe mähirli salamyny we saglyk hem-de rowaçlyk baradaky iş gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Soňra BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germana söz berildi.

Ol sebit merkeziniň ýola goýlan ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini we ugurlaryny ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen nobatdaky gezek duşuşmagyň hem-de Türkmenistanyň BMG-de agzalygynyň 30 ýylynyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň jemlerine bilelikde baha bermegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda taryhy waka bolup geçdi, çünki Türkmenistan BMG-niň agzasy bolup, özüniň döwletliligini, Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny yglan etdi.

Hemişelik Bitaraplyk derejesi Türkmenistany gapma-garşylyklaryň öňüni almak, çylşyrymly ýagdaýlary kadalaşdyrmagyň parahatçylykly usullar boýunça çözgütleriniň öz ýoluny öňe sürýän has işjeň gatnaşyjylarynyň birine öwürdi diýip, Natalýa German aýtdy hem-de geçen 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň gepleşikleriň netijeli meýdançasyna öwrülendigini we şeýle bolmagynda galýandygyny, guramanyň ähli ugurlar boýunça netijeli işleýändigini belledi. Munuň özi bu ýoluň taryh, anyk işler, gazanylan üstünlikler bilen tassyklanan dogry ugurdygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, sebit merkeziniň ýolbaşçysy aýtdy.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda degişli Kararnamasy kabul edildi. Bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz energetika howpsuzlygyny, sebit hem-de ählumumy derejede ulag babatda özara baglanyşygy üpjün etmek babatda möhüm halkara başlangyçlaryň we Kararnamalaryň öňbaşçysy bolup durýar.

Şeýle hem Natalýa German howa howpsuzlygy boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryna aýratyn ünsi çekdi, sebäbi Merkezi Aziýa sebiti häzirki wagtda howanyň üýtgemegine degişli geografik zolakda ýerleşýär. Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde öňe sürlen birnäçe Kararnamalar hut Aral deňziniň guramagynyň ekologik ýagdaýy, daşky gurşawa ýetiren oňaýsyz täsirleri zerarly dörän ýagdaý bilen baglanyşyklydyr.

Biz bu başlangyçlara, şol sanda energetika, suw we ulag diplomatiýasy babatdaky tekliplere örän ýokary baha berýäris, elbetde, Türkmenistan bu meselelerde sebit we halkara derejede öňdäki orunlary eýeleýär diýip, diplomat belledi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy ýakynda howanyň üýtgemegi boýunça Glazgo şäherinde geçirilen maslahata Türkmenistanyň işjeň gatnaşandygyny aýratyn nygtady. Şol ýerde bu ýurt tarapyndan tassyklanylan Pariž ylalaşygyny durmuşa ornaşdyrmak bilen baglylykda örän düýpli borçnamalar kabul edildi. Bularyň ählisi, elbetde, üns merkezinden düşürilmeýär hem-de şoňa görä-de, döwletiň abraýyny halkara giňişlikde barha belende galdyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili Türkmenistanyň birnäçe başlangyçlaryna ünsi çekdi. Bu, ilkinji nobatda, degişli Kararnama laýyklykda, 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegidir.

Natalýa Germanyň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş halkara gatnaşyklar ulgamynda ynanyşmagyň ýeterlik däldigine yzygiderli üns çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu başlangyçlary guramanyň maksatlarynda we wezipelerinde doly beýanyny tapdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Siziň başlyklygyňyzda ýurduňyzda geçirilen many-mazmunly halkara çäreler uly ähmiýete eýe boldy diýip, diplomat nygtady.

Awazada Siziň başlangyjyňyz boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ýokary derejede guraldy we onuň barşynda sebit hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarynda gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjek köp sanly çözgütler kabul edildi diýip, Natalýa German kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle hem sebit merkeziniň ýolbaşçysy şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda ýakyn 30 ýyl üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Diplomat ählumumy derejede parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini ýerine ýetirmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm meselelerden başga-da, bu maksatnamanyň örän wajyp ugry — türkmen Lideriniň öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofik taglymatynyň esasynda halkara gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegini öz içine alýandygyny nygtady. Bularyň ählisi BMG-niň Tertipnamasynda hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ygtyýarlyklarynda öz beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykda, Natalýa German geçen 15 ýylyň dowamynda sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn goldaw berendigi üçin türkmen Liderine, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetine we ähli halkyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

2011-nji ýylda hut Aşgabatda ilkinji gezek Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň bilelikdäki Hereketleriniň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylandygy hem-de kabul edilendigi aýratyn nygtaldy. Şol meýilnama arkaly döwletleriň ählisi degişli tagallalar bilen BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasynyň düzgünlerini ýerine ýetirýärler.

Şol bir wagtyň özünde biz Merkezi Aziýa döwletleriniň başlangyçlaryny goldamaga taýýardyrys. Men Siziň ähli teklipleriňizi we pikirleriňizi uly üns bilen diňledim. Biz olary hemmetaraplaýyn goldaýarys. Men olaryň sebit derejesinde goldanyljakdygyna-da ynanýaryn. Häzirki wagtda munuň üçin ähli şertler bar diýip, sebit merkeziniň ýolbaşçysy belledi we Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň Baştutanlarynyň syýasy erk-islegi netijesinde, sebitiň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we özara düşünişmegiň hakyky nusgasy hasaplanyp bilinjekdigini aýtdy.

Natalýa German hormatly Prezidentimize möhüm ähmiýete eýe bolan Bitaraplyk syýasaty üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň halkara işlerinde sebit boýunça goňşy ýurtlaryna hem-de Merkezi Aziýanyň çäklerinden daşarda ýerleşýän döwletlere ýardam berýändigini nygtady. Munuň aýdyň mysallary köpdür. Türkmenistanyň goňşy Owganystana, bu ýurduň halkyna beren we berýän kömegini aýratyn belläsim gelýär. Bularyň ählisi Bitaraplyk syýasatynyň oňyn we aýdyň beýanydyr.

Şu ýylyň 12-nji marty Türkmenistan, onuň ähli hyzmatdaşlary üçin örän wajyp gün bolar. Şol gün ýurduň halkynyň Konstitusiýada beýan edilen demokratik hukuklaryny doly amala aşyrmaga mümkinçilik aljakdygy bellenildi. Bu örän wajyp, taryhy pursatdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň hakyky hyzmatdaşy hökmünde Birleşen Milletler Guramasy öz baý tejribesini paýlaşmaga taýýardyr. Biz bu tejribeleri Türkmenistanyň şol işe gönüden-göni gatnaşýan saýlawly döwlet düzümlerine uly höwes bilen hödürläris.

Biz birnäçe çäreleri meýilleşdirdik. Biz eýýäm bu işe başladyk we hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyrys. Türkmenistanyň doly ygtyýarly agzasy bolup durýan düzümlerinden köp sanly synçylaryň çagyrylmagyna uly hormat bilen garaýaryn. Türkmenistanyň saýlaw işini guramaga çemeleşmeginiň açyklygyna saýlawçylar, Türkmenistanyň halky we elbetde, halkara hyzmatdaşlar tarapyndan ýokary baha berilýändigine ynanýaryn. Men bu habary uly kanagatlanma bilen kabul edýärin we BMG-niň bu ugurda ysnyşykly hyzmat etmäge taýýardygyna ynandyrýaryn diýip, sebit merkeziniň ýolbaşçysy belledi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene — ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw edip, BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyna gutlag hatyny iberendigini aýtdy.

Sözüniň ahyrynda Natalýa German Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraplaýyn we netijeli hyzmatdaşlyk üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

04.03.2022
Bagt mekany — parlak ýyldyz Türkmenistan

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanýan innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatdaky alnyp barylýan işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we medeniýetiniň ösüşine, halkymyzyň durmuşyna has netijeli täsir edýän sanlyja ýylyň dowamynda ulanylmaga berlen desgalaryň ähmiýeti ýurduň häzirki ýeten belent derejesinde, ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda has-da aýdyň duýulýar. Berkarar Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurulýan senagat-önümçilik desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, saglygy goraýyş we medeniýet öýleri, sport merkezleri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, gözel paýtagtymyzyň ösüşleri, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky gazanylýan üstünlikler, okgunly ösüşler halkymyzyň amala aşyrylýan beýik işlere bolan buýsanjyny has-da artdyrýar.

Önümçilikde ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan netijeli peýdalanylmagy, iri maýa goýum taslamalarynyň ýokary hilli we netijeli amala aşyrylmagy, ähli ulgamlarda goşmaça girdeji getirýän çeşmeleriň herekete getirilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da ýokarlandyrdy. Bu bolsa bedew bady bilen okgunly öňe barýan ata Watanymyzyň diňe bir milli ykdysadyýetini däl, eýsem, ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň, medeniýetiň we sportuň, gurluşyk pudaklarynyň kuwwatyny-da has-da artdyrdy, ähli ugurlarda iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagyna mümkinçilikleri döretdi.

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ylym ulgamynda hem täze tehnologiýalar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda sanly tehnologiýalary ulanmak bilen ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirmek boýunça giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýä tejribesinden mälim bolşy ýaly, iş bilen üpjünçilik, önümçilik, sarp ediş ugurlaryna netijeli täsirini ýetirýän sanly ulgam häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklaryny gurşap aldy. Şunda sanly tehnologiýalara daýanýan ylmy-barlag işleri ylmy synaglaryň we seljermeleriň barşynda anyk netijeleri ýüze çykarýar we önümçilige hödürleýär. Sanly tehnologiýalar ylmy işleri alyp barmagyň has netijeli bolmagyna getirýär hem-de ylmyň has elýeterli bolmagyny üpjün edýär, önümçiligiň depginini ýokarlandyrýar.

Milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak wezipesi öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde oňyn çözgüde eýe boldy. Şeýlelikde, berkarar Diýarymyzda täze iri kärhanalaryň, şonuň bilen bir hatarda, durmuş maksatly desgalaryň gysga döwrüň içinde köpsanlysynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ilatyň durmuş goraglylygyna, iş bilen üpjünçiligine netijeli täsir etdi.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Bu döwletli maksatnama ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň durmuşynda, geljekki ösüşlerinde möhüm ýol-ýörelge bolup durýar.

Täze amala aşyrylan iri taslamalar hakynda gürrüň edilende, sebitdäki iri aýna kombinatyny, Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän kuwwatly kärhanany, Ahal welaýatyndaky gazdan ýokary hilli benzin öndürýän kärhanany agzamak has-da ýakymlydyr. Elbetde, munuň özi milli ykdysadyýetimizi senagat taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bu kärhanalarda dünýäde uly isleg bildirilýän önümler öndürilýär. olar içerki we daşarky islegleri ýokary hil derejesinde üpjün edýär.

Şu ýylyň 11-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen ýylyň jemleri hem-de ýurdumyzy ösdürmekde öňde durýan möhüm wezipeler babatda maksatnamalaýyn çykyşlar edildi. Şu ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, düýpli maýa goýumlarynyň möçberi maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça 40 milliard manada golaý bolar. Munuň özi zawod-fabrikleri, hassahanalary, saglyk merkezlerinidir öýlerini, mekdebe çenli çagalar edaralaryny, mekdepleri, medeniýet öýlerini, edara ediş merkezlerini, täze şäherçeleridir ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy hem-de olaryň durkuny täzelemegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyň görkezýär.

Şunda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, paýtagtymyzyň demirgazygynda gurulmagy meýilleşdirilýän «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny, Ahal welaýatynyň täze döwrebap dolandyryş merkezini ýokary derejeli tehnologiýalary hasaba almak bilen gurmak, sement zawodlarynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygyny alyp barmak, şeýle hem gurluşyk serişdelerini, şol sanda sement, demir önümlerini, inert we timarlaýyş serişdelerini öndürýän kuwwatly pudagy döretmek, elektrik energetikasyny ösdürmek, täze elektrik stansiýalaryny gurmak we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek ýaly beýik işleriň amala aşyryljakdygy bellenildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň halkara taslamasyny tamamlamak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny üstünlikli alyp barmak, himiýa we gazhimiýa senagatyny ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek hem göz öňünde tutulýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilen 2021-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça iri desgalaryň 73-si ulanylmaga berildi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň häzirki wagtda döredilýän halkalaýyn energoulgamynyň Ahal — Balkan bölegi, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawata deň bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy bar. Ak mermerli Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna gabatlanylyp, paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň täze toplumy açyldy.

Ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň, şol sanda gurluşyk senagatynda we elektrik energetikasy ulgamynda ýetilen belent sepgitler mähriban halkymyzyň abadançylygynyň we bagtly durmuşynyň bähbidine ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Täze tehnologiýalara daýanýan iri taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek we giňeltmek, şol işlere beýleki ýurtlary, halkara ykdysady birleşmeleri we maliýe guramalaryny, işewür bileleşikleri çekmek üçin hem täze mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda halkara derejesindäki iri taslamalaryň çalt we netijeli usulda durmuşa ornaşdyrylmagy kämil ykdysady ulgamyň kemala gelmegini we şonuň bilen bir hatarda, netijeli ösüşleri üpjün edýän derwaýys wezipeleriň hem oňyn çözgüdini esaslandyrýar.

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününde okyjylarymyza gowşan «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynda hem daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar, hyzmatdaşlyk baradaky ajaýyp pikirler, belent maksatlar giňden beýan edilýär. Hemişelik Bitarap Watanymyz häzirki taryhy döwürde döwletleri we yklymlary birleşdirýän, häzirki zaman üpjünçilik ulgamlary bolan howa menzillerini, awtomobil we demir ýollary, gaz we elektrik geçirijileri, aragatnaşyk ulgamlary gurmak, döretmek bilen halkara derejesindäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Türkmenistan Demirgazygyň we Günortanyň, Günbataryň we Gündogaryň, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda «altyn derwezä» öwrülýär.

Berkarar Watanymyz täze taryhyň beýik ösüşlerini dabaralandyrýan altyn sahypasyny döredip, bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň belent başlangyçlarynyň netijesinde amal edilýän bu beýik işler ata Watanymyzyň abadançylygynyň we mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde, eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň hem-de ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň professory, ykdysady ylymlaryň doktory.

03.03.2022
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine türkmen döwletiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy we işiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr 2022-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Ýaragly Güýçleriň düzümlerinde alnyp barlan işler hem-de ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş we gulluk şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk derejesine ygrarly Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine hemişe eýerýändigini belledi. Munuň özi üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrinada aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň nazary, söweşjeň taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, goranmak ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň pugta berjaý edilmegine gözegçiligiň amala aşyrylmagy boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, edaranyň işiniň esasy ugurlarynyň biriniň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda prokuror seljermelerini amala aşyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Kanunyň birkemsiz berjaý edilmegini üpjün etmek, adamyň hem-de raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny goramak maksady bilen, bu düzümiň işgärleri öz üstüne ýüklenen wezipeleri takyk we halal ýerine ýetirmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işler hem-de ýol-ulag hadysalaryny öňünden duýdurmak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk düzgün-tertibini saklamak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, IIM-niň edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmek maksady bilen, täze usullary işjeň ornaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalary has giňden peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ýangyna garşy düzgüni berjaý etmek boýunça çäreleri geçirmek Içeri işler ministrliginiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi hem-de ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça 2022-nji ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kazyýet işiniň kanunylygyň, adalatlylygyň we hukuk düzgüniniň üpjün edilmegine, hukuk düzgün bozulmalaryna getiren sebäpleri hem-de şertleri aradan aýyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Milli Liderimiz hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň ähli ulgamlaryny özünde jemleýän döwlet tarapyndan goraglylygyň netijeli guraly hökmünde bu edaranyň eýeleýän ornuny belläp, kazylaryň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary yzygiderli guramagyň möhümdigine ünsi çekip, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew howpsuzlygy üpjün etmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň gazananlaryny ygtybarly goramak boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärleriniň jogapkärçiliginiň olary döwletimizi mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli güýçlerini, bilimlerini, tejribelerini gaýgyrmazlyga borçlandyrýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde jemgyýetimizde hukuk tertibini üpjün etmek boýunça işleri mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk alyp barmagyň möhümdigi barada aýdyp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ata Watanymyzyň guryýer we deňiz serhetlerini ygtybarly goramak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz tarapyndan kabul edilen Harby doktrinanyň diňe goranyş häsiýetine eýedigini, munuň bolsa ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna kybap gelýändigini belledi. Biz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini dost-doganlygyň serhedi diýip yglan edip, ähli döwletler, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen oňyn gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy saklaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Gullugyň esasy wezipeleri Türkmenistanyň çäk bitewüligini hem-de ykdysady bähbitlerini goramakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy şu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, serhet goşunlarynyň işini kämilleşdirmegiň hem-de serhetçileriň netijeli gulluk etmegi, oňat dynç almagy we durmuşy üçin hemme şertleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow geçen iki aýda täze kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlemek boýunça alnyp barlan işler hem-de raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň çäklerinde ilata hereket edýän kanunçylyk hukuk namalaryny düşündirmek babatda geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hukuk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni işjeň öwrenmegiň zerurdygyny belläp, ministre ilata ýokary derejeli hukuk kömegini bermegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň ähli pudaklaryna degişli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek we döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, kanunlara zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada tabşyryk berlendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz adalat ministri M.Taganowa ýüzlenip, kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmagy hem-de olara degişli teklipleri we hukuk netijenamalaryny bermegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň başyndan bäri gullugyň alyp baran işleri hem-de hormatly Prezidentimiziň gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleriň köpelmegi bilen baglylykda, gullugyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ykdysady işjeňligiň artýandygyny hem-de halkara ýük daşalyşynyň möçberiniň köpelýändigini nazara alyp, ýurdumyza getirilýän harytlaryň has düýpli gözden geçirilmeginiň, onuň tassyklanan hil ölçeglerine doly kybap gelmeginiň üpjün edilmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň çäklerinden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, gullugyň alyp barýan işleriniň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň öňdebaryjy tejribelerini peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny hem-de döwrebaplaşdyrylmagyny, işde häzirki zaman usullary ulanmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belläp, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew şu döwürde edaranyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ugurdaky döwlet syýasatynyň türkmenistanlylaryň bähbitlerini we howpsuzlygyny üpjün etmäge, olaryň ýurdumyz hem-de onuň çäklerinden daşarda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda hereket etmeginiň hukuklarynyň berjaý edilmegine gönükdirilendigini nygtady. Gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin dünýäniň oňyn tejribesini hem-de milli kanunçylygyň binýatlyk ýörelgelerini utgaşdyrmak zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy hem-de işi dolandyrmakda öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny has işjeň peýdalanmak barada degişli tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, şu günler ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň dowam edýändigini belledi. Bu çäre häzirki zaman türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, onda türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar bolmagy ugrunda ähmiýetli ädimdir.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-sy häzir hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşýarlar hem-de olary maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar.

Şu ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni saýlawlar geçiriler. Saýlamak hukugyna eýe bolan her bir türkmenistanly ýaşaýan ýeri boýunça ses berer hem-de Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine iň mynasyp dalaşgäri saýlar.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy D.Meredow ýurdumyzyň Konstitusiýasynda eks-prezident barada ýörite kada-kanunlaryň bardygyny belläp hem-de şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy hökmünde Konstitusiýanyň maddalary esasynda amala aşyrylmaly işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasynda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy bu tabşyryklary zerur derejede ýerine ýetirmek üçin hemme çäreleriň görüljekdigine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow şu ýylyň iki aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri, gözegçilik edýän edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şahsy düzümiň arasynda düzgün-tertibi pugtalandyrmak, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň we işjeň halkara hyzmatdaşlygyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenendigini belledi. Milli Liderimiz harby düzümleriň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň, serkerdeleriň hünär derejesine hem-de olaryň hukuk taýdan habarlylygyna, häzirki zamanyň tehniki serişdelerine we tehnologiýalaryna erk edip bilmek başarnyklaryna gönüden-göni baglydygyny aýtdy hem-de wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň netijelerini jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýakyn geljek üçin alyp barmaly işleriniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Türkmenistan diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de ata Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň kepili bolan Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga gönükdirilen Harby doktrinany durmuşa geçirýär.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň edaralarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň şu maksatlaryň durmuşa geçirilmegine hyzmat edýändigini nygtap, bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy. Şunda harby özgertmeleriň durmuş ugruna aýratyn üns berildi. Bu bolsa, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, mundan beýläk-de döwletimiziň hemişe üns merkezinde bolar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekip, bu resminamada bellenilen çäreleriň takyk we öz wagtynda ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek we döwrüň talabyna laýyk getirmek üçin kanunlara zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada tabşyryklaryň berlendigine Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni ýene-de bir gezek çekdi.

Milli Liderimiz goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, harby özgertmeleri hem-de bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini nygtady. Şu babatda milli Liderimiz Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüji syýasatynyň çäklerinde harby özgertmeleri geçirmegi we bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmegi dowam edip, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky”, “Goranmak hakyndaky”, “Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky”, “Gümrük gullugy hakyndaky” Kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi möhüm hasaplaýandygyny aýtdy.

Häzirki döwürde hukuk tertibini we kanunylygy üpjün etmek demokratik jemgyýeti ygtybarly ösdürmegiň hökmany şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Jenaýat kodeksiniň kadalaryny we düzgünlerini kämilleşdirmek boýunça hem işleri dowam etdirmek zerurdyr. Kiberjenaýatçylyga, internet we maglumatlary goramak ulgamlaryndaky jenaýatçylyga garşy göreşmek işlerine hem aýratyn üns berilmelidir. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur bolan ähli işleri ýerine ýetirmek, şol sanda bu ugurdaky kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşyp, degişli teklipleri we bellikleri bermek gerek diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň netijelerini jemläp, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny belledi. Şu maksatlara esaslanyp, biziň kabul eden Harby doktrinamyz goranyş häsiýetine eýedir. Bu strategik resminamanyň düzgünlerinden ugur alnyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümi mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdiriler, ýurdumyzyň goranmak ukyby has-da berkidiler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunda Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça hem uly işleriň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdiriljekdigine aýratyn üns çekildi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz Watan goragçylary barada hemişe alada eder.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini tamamlap, oňa ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan möhüm we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.03.2022
Türkmeniň milli buýsanjy

Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz ähli babatda ösüşlere beslenýär. Asly bäş müňýyllyk taryhy ýoly bolan gadymy hem müdimi türkmen halkymyz özüniň döreden milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewlerimiz, türkmen alabaýlarymyz we tazylarymyz, saryja goýunlarymyz, arwana düýelerimiz bilen dünýä bellidir. Şol döreden milli gymmatlyklarymyzyň içinde türkmen alabaýlarymyzyň mynasyp orny bar.

Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başlangyjy bilen, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi, türkmen itşynaslarynyň ýeten belent derejesini bu gün dünýä mälim edýär. Müňlerçe ýyllyk taryhymyzy öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza eýe çykmakda, olary gözümiziň göreji ýaly gorap saklamakda we ony geljekki nesillere ýetirmekde Arkadag Prezidentimiziň bitiren işlerini hiç bir zat bilen ölçäp bolmaz.

Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda milli medeni mirasymyzy öwrenmek, olar esasynda ösüp gelýän ýaş nesillerimize milli terbiýe, görüm-görelde bermek babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň okyjylarymyza sowgat berýän ajaýyp eserleri örän ähmiýetli usuly goldaw bolýar. Munuň şeýledigine alym Liderimiziň türkmenleriň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaýlarymyza bagyşlap ýazan “Türkmen alabaýy” atly kitabyny okanyňda doly göz ýetirýärsiň. Bu ylmy eserde türkmen alabaýlarynyň gelip çykyşy, olaryň mertlik, edermenlik, üşüklilik, hüşgärlik, wepalylyk häsiýetleri dürli tymsallaryň, halky rowaýatlaryň, ylmy maglumatlaryň üsti bilen giňişleýin açylyp görkezilýär. Gahryman Arkadagymyz “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: “Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler” diýip belleýär. Hakykatdan-da Türkmenleriň “At-myrat”, “It geldi, gut geldi”, “Itim-gutum” diýen myrat we bagt bilen baglanyşykly pähimleri türkmenleriň bedewlerinde myradyny, alabaýlarynda bolsa bagtyny görendigini subutlandyrýar. Sebäbi wepaly dosty we ynamdar syrdaşy hasaplap gelen bu ajaýyplygynyň gadymylygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda, olaryň örän wepalydygyny, ynamdardygyny subut edýän köp taryhy maglumatlar kitapda öz beýanyny tapýar we häzirki döwürde türkmen alabaýlaryna bolan söýgini artdyrýar.

Ýurdumyzda taryhy wakalaryň biri bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň şekiliniň saýlanyp alynmagy, paýtagtymyzda umumy beýikligi 15 metre barabar bolan “Türkmen alabaýy” atly heýkeliň dikeldilmegi, “Türkmenistanyň halk itşynasy” we “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlarynyň döredilmegi we onuň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmegi, şeýle hem her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde “Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda” Hormatly Prezidentimiziň Permana gol çekmegi ýurdumyzda alabaý itlerimize goýulýan sarpanyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar.

Türkmen alabaýlarynyň adalatyň goragçysydygyna, durnukly häsiýete eýedigine, gününe kaýyllygyna aýratyn ünsi çekip, ýerlikli durmuşy mysallary getirensoň, alabaý itlerine bolan söýgiň we hormatyň has artýar. “Adalaty goramak adalatly bolmakdan hem kyn işdir” diýip alabaýlaryň sak goragyna juda göwnejaý baha berýän Gahryman Arkadagymyzyň tohum itlerimiziň goraglylygyny we sanyny köpeltmek baradaky aýdanlary göwnüňe ganat bagladýar. Aslynda, gadymyýetden bäri türkmeniň oba durmuşyny, bedewsiz, arwanasyz, alabaýsyz göz öňüne getirip hem bolmaýar. Bu jandarlar halkymyzyň ömür goltguçysyna we dostuna öwrülip gidipdir. Döwletlilikde bedew ata taý geljek ýok. Parasatlylykda we wepalylykda bolsa alabaýlaryň deňine ýetibiljek jandar ýokdur. Giň sährada mal bakyp ýören çopana aryp, göz ukusyny almak islese, sürini alabaýyna tabşyryp arkaýyn ymyzganyp bilýär. Çünki parasatly we hüşgär alabaý sürä del adamy-da, jandary-da golaýlatmaýar.

Umuman, türkmen topragynyň ozboluşly tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň zehininden kemala gelen türkmen alabaýy bu günki gün ajaýyp tebigatymyzyň gujagyna täzeden dolanyp, ösüşiň täze belentliklerine tarap aýgytly ädim ädýär.

Arkadag Prezidentimiziň döwletli başlangyçlary netijesinde behişdi ahalteke bedewlerini idetmekde ulanylýan milli seýisçilik sungatynyň hem-de türkmen alabaýlarynyň milli seçgiçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ugrunda giň gerimli işler hem alnyp barylýar.

Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

 

Orazjemal MYRADOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň

Maliýe kafedrasynyň mugallymy

03.03.2022
Telekeçiligiň batly gadamlary

Milli ykdysadyýetiň ýokary ösüşini gazanmak, dürli ugurlar boýunça halkara gatnaşyklaryň has-da ýygjamlaşmagyny üpjün etmek, üznüksiz önümçiligi durnukly ýagdaýda saklamak we kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler sanardan kän. Halkara tejribelerden ugur alnyp, uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň kabul edilmegi tutumly işleriň rowaçlanmagyna uly itergi berýär.

Milli ykdysadyýetiň kämilleşmeginde, esasan hem, hususyýetçilere aýratyn orun degişlidir. Bu ugurda hereket edýän maksatnamalaryň, hukuk resminamalarynyň agramly bölegi döwletiň ykdysady, medeni we durmuş ugurlarynda zähmet çekýän telekeçileri goldamak, ýeňillikli karz serişdeleri bilen üpjün etmek, olaryň işe höwesini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Dürli pudaklarda öz hususy işini ýöredip, tutanýerli zähmet çekýän işewürler döwletiň her bir ykdysady ösüşinde aýratyn orun eýeleýär. Telekeçileriň oýlap tapyşlarynyň netijesi bolan häzirki zaman tehnologiýalary, şeýle-de ylmy taýdan esaslandyrylan pikirleri, dürli görnüşdäki taslamalary bazar ykdysadyýetiniň hyzmatlar ulgamynda we üznüksiz önümçiligiň gidişinde aýratyn ähmiýetlidir.

Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna zerur innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, başga döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny öz önümlerimiz bilen çalyşmak, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek üçin türkmen telekeçileriniň alyp barýan öndürijilikli işleri, täzeçil oý-pikirleri hökmanydyr. Olar ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, hil taýdan kämil, bäsdeşlige ukyply önümçiligi we güýçli ykdysadyýeti döretmäge aýratyn goşant goşýarlar.

Telekeçilerimiz tarapyndan bu günki gün senagat, söwda, dokma, tikinçilik, halyçylyk, mebel, gurluşyk harytlary, oba hojalyk, ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk toplumlary, şeýle-de elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi ýaly ulgamlarda uly işler amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinde kiçi we orta kärhanalaryň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin olara döwlet tarapyndan goldaw bermegiň dowam etdiriljekdigini nygtady, işewürligi alyp barmak üçin amatly şertleri döretmek arkaly hususy telekeçiligiň ösüşini çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Goý, Watanymyzyň ykdysady ösüşine saldamly goşandyny goşýan ussat telekeçilerimiziň alyp barýan işleri Arkadagly zamanamyzda has-da berkäp, täze belentliklere ýetsin!

Gurbansoltan KAIROWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

02.03.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Biz geljege berk ynam, ajaýyp maksatlar bilen mundan beýläk-de has belent sepgitlere ýeteris

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşdy

Aşgabat, 1-nji mart (TDH). Şu gün Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi we onuň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wajyp döwlet maksatnamalary we demokratik özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek meseleleri milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasynyň wekilleri bilen duşuşyklary guramagy adaty däbe öwrüldi. Olaryň çäklerinde ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri nazara alyp, ýakyn geljek üçin hereketleriň maksatnamasy kesgitlenýär we ýerine ýetirilýän işlere baha berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen mejlisindäki taryhy çykyşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Milli Geňeşiň Mejlisiniň ygtyýarlyklaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy barada aýtdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasyna geldi.

Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, ýörite niýetlenen ýere barýar.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýurdumyzda uly joşgun bilen baýramçylyklar bellenýän şu gününde geçirilýän duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu duşuşygyň maksady gazanan üstünliklerimizi artdyrmak hem-de öňde duran uly işlerimizi we ýeňişlerimizi kanunçylyk taýdan berkitmekden ybaratdyr.

Halkymyzyň wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde biz merdana ata-babalarymyzyň parasatly däplerine we jemgyýetimiziň demokratik kadalaryna eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna hem-de halkymyzyň bähbitlerine degişli möhüm soraglary ara alyp maslahatlaşdyk diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda hem-de Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylan giň gerimli durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeler, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna, halkymyzyň jana-jan bähbitlerine degişli beýleki möhüm meseleler hakynda gürrüň etdik.

Häzirki döwürde Garaşsyz döwletimiziň we geljek nesillerimiziň ykbaly üçin ägirt uly jogapkärçiligi bellemek bilen, biz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» kabul etdik. Maksatnama Garaşsyz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen taýýarlandy. Şeýle hem biz ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny hem-de Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny kabul etdik. Halkymyzyň geljeginiň bähbidine ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan ata Watanymyzy ösdürmegiň geljek döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrdyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gözbaşyny şöhratly taryhymyzyň örän irki döwürlerinden alyp gaýdýan döwletliligimiziň milli kadalaryna esaslanyp, şu gün geçirilýän duşuşygyň gün tertibine girizilýän, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we mejlisiň deputatlarynyň 2022-nji ýylda alyp barmaly işleriniň meýilnamasyna ünsi çekdi.

Şu ýyl biz Garaşsyz döwletimiziň taryhynda ýene-de bir örän möhüm senäni, ýagny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň, şeýle hem Döwlet baýdagymyzyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny giňden belleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýatlatdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy milli buýsanjymyzdyr. Biz bu gymmatlyklarymyza watançylyk duýgymyzy artdyrýan, döredijilige we zähmet joşgunyna hyjuwlandyrýan mukaddeslikler hökmünde aýratyn hormat goýýarys.

Konstitusiýa erkin, asuda, parahat we bagtyýar durmuşymyzyň kanuny kepillendirmesi bolup durýar. Konstitusiýamyz esasynda biz jemgyýetimiziň hem-de demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hukuk binýadyny döretdik. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de borçlarynyň, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň kämil ulgamyny emele getirdik diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Konstitusiýamyzyň binýat goýujy ýörelgeleridir kadalary esasynda kanunlaryň, kodeksleriň we kararlaryň ýüzlerçesini kabul etdik. Jemgyýetimizi ösdürmegiň maksatlaryny, häzirki döwrüň talaplaryny hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini goldanyp, konstitusion, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri amala aşyrdyk. Köp partiýaly saýlaw ulgamyny döredip, iki palataly parlament ulgamyna geçdik diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinany durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri barada durup geçdi. Halkymyzyň uzak taryhy döwrüň dowamynda toplan tejribesine daýanyp, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň konstitusion kadalaryna esaslanyp, biz mähriban Watanymyzyň halkara abraý-mertebesini yzygiderli ýokarlandyrdyk. Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna dünýäniň doganlyk halklary bilen dostlukly gatnaşyklary goldamak baradaky maksatlarymyza laýyk gelýän işleri yzygiderli amala aşyrdyk diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Biziň möhüm halkara soraglary çözmäge gönükdirilen netijeli tekliplerimiz halkara guramalar tarapyndan biragyzdan goldandy diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek”, «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary kabul edildi.

Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem halkymyz üçin şanly waka boldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz halkara düzümler bilen üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň gender deňliginiň we zenanlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna, şu Guramanyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wise-başlyklygyna, ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, Halkara gidrogeologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň hem-de ençeme beýleki halkara düzümleriň agzalygyna saýlanandygyny belledi.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň, her bir şahsyýetiň bähbitlerini nazara almak bilen, biz döwrüň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylyk binýadymyzy hemişe kämilleşdirip durýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň Esasy Kanunyna 2020-nji ýylda üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, ýurdumyzyň iki palataly parlament ulgamynyň işiniň hukuk esaslarynyň döredilendigini belledi. Esasy Kanunymyzyň we Saýlaw kodeksimiziň täze düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary üstünlikli geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralarynyň ösüşiniň täze döwründe taryhy waka boldy. Garaşsyz döwletimiziň kanun çykaryjy häkimiýetiniň alyp barýan işini hil taýdan täze derejä çykardy. Kabul edilýän kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary we deputatlary demokratik döwletimiziň, adalatly raýat jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny berkitmek hem-de kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek bilen birlikde, ýurdumyzda demokratiýany ösdürmek, döwletimiziň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen bagly möhüm işleri hem alyp barýarlar.

Umuman alanyňda, biz Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda nusgalyk demokratik, hukuk, dünýewi döwleti hem-de raýat jemgyýetini döredendigimizi ynam bilen aýdyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň kabul edilen esasy ugurlaryna laýyklykda, şu ýyl kanun çykaryjylyk işinde öňümizde uly wezipeler durýar. Bu wezipeler adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanun çykaryjylyk we onuň kadalary, ykdysadyýeti, durmuş syýasaty ulgamyny, ylym, bilim, medeniýet hem-de ýaşlar syýasatynydyr sanly ulgamy öz içine alýar. Daşky gurşawy goramagy, tebigatdan peýdalanmagy we agrosenagat toplumyny, Türkmenistanyň daşary syýasy işini, ýerli wekilçilikli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, saýlawlary göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şu ugurda döwrüň ruhuna laýyk gelýän kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, milli kanun çykaryjylygy täze derejä çykarmak esasy iş bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz maksatnamalaýyn çykyşynda ýokarda agzalan ugurlary kanunçylyk taýdan goldamak üçin zerur bolan anyk çäreleri belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň halkara hem-de parlamentara işinde daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri, halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça işi maksada gönükdirip dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamagyň möhüm guraly bolup durýar. Anyk syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn geljege, umumy ykrar edilen we hemmelere düşnükli bolan ynsan gymmatlyklaryna esaslanýan bu işde biziň taýýarlan, halkara gatnaşyklarda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze pelsepämiz işjeň durmuşa geçirilýär.

Şu işleriň çäklerinde 2022-nji ýylda göz öňünde tutulan halkara çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmeli, Türkmenistanyň Milli Geňeşi Daşary işler ministrligi bilen bilelikde maý aýynda meýilleşdirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny, şeýle hem şu forumyň çäklerinde Zenanlaryň dialogyny ýokary derejede geçirmegi üpjün etmeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň şu ýyl Türkmenistanyň başlyklygynda geçirilýändigini ýatlatdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagymyzyň döredilmeginiň 30 ýyllyk şanly senesiniň hormatyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki çärelerini geçirmegi göz öňünde tutmak, Esasy Kanunymyzyň hem-de onda beýan edilen kadalaryň we düzgünleriň mazmunyny giňden düşündirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bu çärelerini ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary, häkimlikler, syýasy partiýalar hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu seneleriň hormatyna halkara we döwlet derejesinde maslahatlary, sergileri, forumlary, bäsleşikleri, döredijilik duşuşyklaryny geçirmegi hem meýilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ata Watanymyzy ösdürmegiň täze zamany bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kadalaryny we düzgünlerini täze zamanyň ruhuna we talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek meseleleri barada durup geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy dünýä tejribesini, konstitusion kanunçylygyň kadalaryny we düzgünlerini ýene-de bir gezek jikme-jik öwrenmek aýratyn möhümdir. Şu meselede döwlet häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, hukuklaryna, borçlaryna we ygtyýarlyklaryna gaýtadan seretmek şol teklipleri taýýarlamakda esasy soraglar bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek boýunça bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ençeme möhüm wezipeler ýüze çykýar. Şol pudaklaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bellenilişi ýaly, depginli ösýän bazar gatnaşyklary şertlerinde ýurdumyzyň sebitleriniň täze üpjünçilik ulgamlary döredilýär, telekeçilik işiniň netijeliligi ýokarlandyrylýar, importy çalyşýan önümleri artdyrmak boýunça işler çaltlandyrylýar. Şoňa görä-de, ykdysady we senagat zolaklaryny döretmek, olaryň netijeli işlemegini gazanmak üçin kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ýaly, möhüm ugurlara uly ähmiýet berilmelidir.

Ösüşiň täze zamanynyň şertlerinde biz öz öňümizde ýurdumyzyň sebitlerini depginli ösdürmek wezipesini goýduk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, ähli welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň we obalaryň ilaty bilen netijeli işlemegi ýola goýmak zerurdyr. Şu maksat bilen iş meýilnamalarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň komitetleriniň göçme mejlislerini geçirmegi göz öňünde tutmak, ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna guramaçylyk hem-de usulyýet kömegini bermek wajypdyr.

Çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz saýlawçylar bilen hemişe gatnaşykda bolmaly, şeýle hem raýatlaryň hatlaryny, ýüztutmalaryny we tekliplerini yzygiderli öwrenmeli, olar bilen jemgyýetçilik kabul edişliklerini geçirip, adamlaryň gündelik durmuşy hem-de islegleri bilen gyzyklanmaly diýip belledi. Şeýle hem kanunlaryň kadalaryny we döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň maksadyny düşündirmek işini dowam etmek zerurdyr.

Sebitleri depginli ösdürmegi üpjün etmek geljekde hem ýurdumyzyň Hökümetiniň işiniň esasy ugry bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüji syýasatynyň çäklerinde harby özgertmeleri geçirmegi we bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Hususan-da, şu işiň çäklerinde häzirki özgertmeleri nazara alyp, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky», «Goranmak hakyndaky», «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakyndaky» Kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň möhümdigi bellenildi.

Häzirki zaman şertlerinde hukuk tertibini we kanunylygy üpjün etmek soraglary demokratik jemgyýeti ygtybarly ösdürmegiň hökmany şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de Jenaýat kodeksiniň kadalaryny we düzgünlerini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Kiber jenaýatçylyga, internet serişdelerini ulanmak bilen amala aşyrylýan jenaýatçylyga, maglumatlary goramak babatdaky jenaýatçylyga garşy göreşmek meselelerine aýratyn üns bermek möhümdir.

Soňra döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetde özgertmeleri kanunçylyk taýdan goldamak meselelerine duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde biz ylma esaslanan ykdysady syýasaty alyp barýarys, daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiligini giňeltmäge aýratyn üns berýäris, ýurdumyzda öndürilen harytlar bilen içerki bazary doly üpjün etmegi möhüm hasaplaýarys, şoňa görä-de, bu ugurda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlary kämilleşdirmek we döwrebap ýagdaýa getirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän ýaramaz ýagdaýlara garamazdan, biz, elbetde, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy pudagyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak boýunça işleri dowam ederis, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, ýurduň maliýe-ykdysady ulgamyny durnukly ösdürmek boýunça işleri yzygiderli alyp bararys diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy sebitiň we Ýer ýüzüniň möhüm ulag-logistika merkezine öwürmegiň gazylyp alynýan baýlyklaryň çig mal känlerini senagat taýdan işläp geçmegi mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigine ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Şeýlelikde, senagaty ösdürmek ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ykdysady, telekeçilik, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi, Gümrük we «Salgytlar hakyndaky» bitewi kanunlar ýaly kanunçylyk namalaryny, maýa goýum işini düzgünleşdirýän kanunlary we beýleki kanunlary kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Durmuş ulgamy islendik döwletiň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň ýagdaýyny kesgitleýän görkezijileriň biri bolup durýar. Bu ulgam, ilkinji nobatda, ähli raýatlaryň durmuş taýdan abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şeýle-de ol ýaş we köp çagaly maşgalalara, ene-atasyny ýitiren çagalara, weteranlara we döwlet hem-de jemgyýetçilik bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara goldaw bermek üçin ýeňillikleri göz öňünde tutmaga hem-de döwletiň we jemgyýetçilik serişdeleriniň hasabyna goşmaça goldaw bermäge niýetlenendir. Şoňa görä-de, adamlaryň bu toparlaryna ýeňillikler we goldaw bermek göz öňünde tutulýan, hereket edýän kadalarydyr kanunçylyk namalaryny seljermek hem-de yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kanunçylyk taýdan goldamak meselelerine ünsi çekip, bu ulgamda hem giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biz «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde geljekde bu ulgamda amala aşyrmak göz öňünde tutulýan çäreleri beýan etdik. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýarys. Aýratyn hem, dürli keselleriň öňüni almak, olary öz wagtynda ýüze çykarmak, bejermek, milletiň genofonduny gorap saklamak boýunça bu guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýäris. Biz bu ugurda eýýäm kanunlary we kararlary kabul edip, olary üstünlikli durmuşa geçirýäris.

Biz «COVID-19» ýokanjynyň ýüze çykarylan ilkinji günlerinden başlap, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit guramasy, şeýle hem ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edýän halkara guramalar we döwletler bilen bilelikde koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça meýilnamalaýyn işleri geçirýäris.

BSGG we bu guramanyň Ýewropa sebit edarasy bilen ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň çäklerinde koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça ýörite maksatnamany taýýarlamak, öýken çişme kesellerine garşy göreşmek boýunça sebit usulyny döretmek babatda teklipleri berdik.

Şeýle hem biz BSGG düzüminde ýiti ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça merkezi döretmek barada teklibimizi berdik.

Merkezi Aziýa sebitiniň tebigy-ekzogen aýratynlyklaryny nazara alyp, Merkezi Aziýa boýunça wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdük diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biziň öňe süren bu ylmy-lukmançylyk diplomatiýamyzy halkara parlament jemgyýetçiliginde giňden ýaýratmak we oňa parlament goldawyny bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda Milli Geňeşiň öňünde anyk wezipeleri goýdy.

Milli Liderimiz zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmek barada durup geçip, ýurduň ösüşiniň ýokary derejesini gazanmakda zähmet kanunçylygynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Sebäbi adam öz zähmeti bilen maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, jemgyýetiň ösüşine oňyn täsir edýär. Şoňa görä-de, her bir adamyň zähmet çekmäge hukugyny berjaý etmek we durmuşa geçirmek, ony hukuk taýdan üpjün etmek maksady bilen, zähmet kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek üçin kämilleşdirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýaşlar syýasatyna ünsi çekip, biziň döwletimizde ýaşlar, ösüp gelýän nesil barada uly alada edilýändigini, olaryň bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary, zehinlerini ösdürmekleri, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetde özüni ykrar etdirmeklerine gönükdirilen, durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk we hukuk çärelerini öz içine alýan döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Ýaşlary giň dünýägaraýyşly, ýokary medeniýetli, guramaçylyk ukyplary bolan adamlar edip terbiýelemek üçin zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Geçen ýyl biz Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassykladyk. Biziň döwletimiz ýaşlaryň jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin mundan beýläk-de ähli şertleri döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mejlisiň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary ýaşlaryň arasynda bolup, olaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak we eziz Watanymyzyň geljegine has jogapkärli garamaklary üçin zerur işleri geçirmelidir. Zerur bolsa, bu ugurdaky kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirip durmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýokary derejeli milli türgenlerimizi taýýarlamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça döwlet syýasatyna ünsi çekdi.

Bu ulgamy maddy-tehniki taýdan üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň kadalaşdyryjy hukuk esaslaryny hem berkidýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu maksat bilen 2020-nji ýylda «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etdik şeýle hem geçen ýyl Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassykladyk. Alnyp barylýan işleriň netijesinde, Bitarap Watanymyz dünýä we halkara derejede sport çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Türgenlerimiz halkara sport çärelerinde uly üstünlikleri gazanýarlar diýip, milli Liderimiz aýtdy we kanun çykaryjylaryň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Olar jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, bedenterbiýäniň we sportuň peýdasy hem-de sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalarynyň ähmiýeti barada ilatyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barmalydyrlar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda sanly ulgamy, täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça-da maksatnamalaýyn işleri alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu ugurda geçirilýän işleriň hukuk esasyny döretmek, sanly ulgamyň hyzmatlarynyň möçberini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem kiber howpsuzlyk, elektron resminamalar, elektron resminama dolanyşygy we sanly ulgamyň hyzmatlary bilen bagly kanunlar kabul edildi. Dünýä bir duran ýerinde durmaýar. Sanly ulgam hem günsaýyn ösýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamyň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek maksady bilen, zerur işleri geçirmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Milli medeniýet halkyň kalby hem-de ruhy baýlygydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, milli mirasymyzy goramak, baýlaşdyrmak, dünýäde wagyz etmek, geljek nesillere ýetirmek üçin zerur işleri geçirmäge, medeni diplomatiýamyzy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň üstünlige eýe bolýandygyny nygtady. Şonuň netijesinde, Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty we dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa biziň dünýäde alyp barýan giň gerimli medeni we ylmy diplomatiýamyzyň aýdyň netijeleridir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Häzirki döwürde Aşgabady ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna «Dizaýn» ulgamy boýunça girizmek, «Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny», «Türkmen keçe sungatyny», «Türkmen demirçilik senedini», «Türkmen tazysyny we elguş sungatyny», «Türkmen milli göreşini» hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli çäreler geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO derejesinde baýram edilip bellenýän şanly seneleriň sanawyna girizmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny döretmek, orta mekdepleriň käbirini ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna girizmek boýunça hem zerur işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, zerur bolan halatynda bu ulgamda hukuk gatnaşyklaryny-da düzgünleşdirmek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obasenagat toplumyny kanunçylyk taýdan goldamak meselelerine geçip, bu ugurda amala aşyrylan işleriň ähmiýetini belledi. Hususan-da, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ministrlikler we degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde alyp baran sazlaşykly işleriniň netijesinde, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, obasenagat toplumynda hem jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän häzirki zaman kanunlarynyň birnäçesi kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanda obasenagat toplumyny düýpli özgertmäge we ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Sebäbi bu toplum ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerinden önümleri öndürmek arkaly azyk bolçulygy döredilýän pudaklaryň biridir. Toplum ýurdumyzyň senagat pudagyny çig mal serişdeleri bilen üpjün edip, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini öndürýär, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar.

Obasenagat toplumynyň köptaraply mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we oba hojalygyny ykdysadyýetiň düşewüntli pudagyna öwürmek boýunça öňde durýan wezipelerden ugur alyp, biz bu ugurdaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça hem degişli işleri geçirmelidiris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, durmuş bizden ýerli ýerine ýetiriji we wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de zerur çäreleri görmegi talap edýär. Bu häkimiýet edaralarynyň netijeli işlemegi ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde we ilatyň isleglerini kanagatlandyrmakda örän möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hökmünde Geňeşleriň ygtyýarlyklaryny kämilleşdirip, dolandyryş edaralarynyň hukuk ýagdaýyny halkara tejribä laýyk getirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, toplanan tejribä laýyklykda, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakyndaky», «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakyndaky» Kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary yzygiderli girizip durmak möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bu işler bilen bir hatarda, degişli pudaklar boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny öz wagtynda kämilleşdirmegi hem üns merkezinde saklamak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Biziň döwletimiz ýaş nesiller barada yzygiderli alada edip, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin amatly şertleri döredýär. Şoňa görä-de, çagalaryň hukuklaryny goramak döwletiň durmuş syýasatynyň we milli kanunçylygyň örän möhüm ugry bolmagynda galýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Çagalaryň bähbitlerini iň gowy derejede üpjün etmek, olaryň erkin we deň ösmekleri, hukuklaryny durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini giňeltmek üçin şertleri döretmek maksady bilen we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, dünýä tejribesinden ugur alyp, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň işleri boýunça toparlarynyň işini kämilleşdirmek babatda hem zerur çäreleri görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Adalat ministrligine degişli edaralaryň gatnaşmaklarynda zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamagy utgaşdyrmak işini alyp barmagy tabşyrmagyň zerurdygyny belledi.

Mätäje ýardam we goldaw bermek biziň halkymyzyň häsiýetiniňdir aň-düşünjesiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Gadymdan gelýän bu asylly däplerimiz ene-atasyndan galan çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzy borçly edýär. Ata-babalarymyz jana-jan milli kadalarymyza esaslanýan bu däplere gyşarnyksyz eýerip gelipdir.

Milli edebiýatymyzda we taryhy resminamalarda hem muny tassyklaýan köp sanly mysallar bar. Siz taryha ser salyp görüň: Togrul beg Alp Arslany, Görogly beg bolsa Öwezi ogullyga alýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bolsa, şeýle setirleri bar:

Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.

Beýik akyldar şahyrymyzyň bu wesýetleri türkmen jemgyýetinde hemişe berjaý edilip gelindi. Şoňa görä-de, çagalar barada hemmetaraplaýyn alada etmek, olaryň beden we aň-düşünje taýdan kadaly ösmekleri üçin amatly şertleri döretmek, ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaga, saglygy goraýşa hukuklaryny üpjün etmek bilen bagly milli däplerimizi dowam edip, biz bu soraglary durmuş syýasatymyzyň möhüm ugry hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bu tagallalar, ilkinji nobatda, ata Watanymyzyň ykbaly, mynasyp we ýagty geljegi üçin biziň çekýän ýokary jogapkärçiligimizden gelip çykýar. Ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen, biz Haýyr-sahawat gaznasyny döretdik. Gazna öz işini Türkmenistanyň enelik we çagalyk hakyndaky hereket edýän kanunyna, beýleki hukuk namalaryna berk laýyklykda amala aşyrýar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki 150 orunlyk çagalar bagyny, 120 orunlyk ýatylýan binany we sagaldyş merkezini öz içine alýan Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gaznanyň howandarlygynda işlär. Tutuş toplumda terbiýelenjek howandarlyga mätäç çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli amatly şertler dörediler.

Häzirki döwürde bu ynsanperwer däpler çagalaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk taýdan kepillendirmeler toplumyny öz içine alýar. Şeýle hem çagany jemgyýetde öz ornuny tapmaga hem-de durmuşda özbaşdak ýaşamaga taýýarlamaga gönükdirilen ykdysady we beýleki anyk çäreleri göz öňünde tutýar.

Gazna döredilen gününden başlap, howandarlyga mätäç çagalara jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede we adalatly gatnaşmaga hukugy üpjün edip gelýär. Munuň özi olara lukmançylyk kömegini bermegi we saglygyny dikeltmegi hem-de derman serişdeleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen maddy kömegi hem öz içine alýar. Umumybilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdeplerde okamagy, ýörite sport hem-de beýleki zerur serişdeler bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmen jemgyýetinde ene-atasyndan galan çagalar ýalňyz goýulmaýar. Dürli sebäbe görä ata-eneden mahrum bolan çaga barada, ilkinji nobatda, onuň ýakyn garyndaşlary, eger olar ýok bolsa, daşkyrak garyndaşlary alada edýär. Hiç hili garyndaşy bolmadyk çaganyň bolsa, ýaşulularyň maslahaty bilen oba arçyny aladasyny edip, ony maşgalalaryň birine berkidýär. Şeýlelikde, perzentlige alan maşgala şol çagany özüniňki bilen deň görýär.

Şular ýaly ýeňil bolmadyk soraglary, şol sanda ogullyga ýa-da gyzlyga almak bilen bagly soraglary çözmek üçin gaznanyň ýanynda Ýaşulular Geňeşi işleýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Geňeşiň esasy wezipesi Düzgünnamada beýan edilen wezipeleri durmuşa geçirmekde gazna hemmetaraplaýyn ýardam bermekden, howandarlyga mätäç çagalara kömek etmekden ybaratdyr.

Ýaşulular Geňeşiniň agzalary dürli soraglara, şol sanda ene-atanyň howandarlygyndan galan çagalary perzentlige almak, olara at we familiýa bermek bilen bagly soraglara hem seredýär we sereder. Olara şu soraglar boýunça anyk çözgütleri kabul etmek üçin ygtyýarlyklar berler. Şu meselede ýaşulular Türkmenistanyň kanunlaryny we milli däp-dessurlarymyzy goldanar.

Netijede, bu çagalarda özleri baradaky hemmetaraplaýyn aladany duýmaga we jemgyýetimizde mynasyp orunlaryny tapmaga mümkinçilik bolar.

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleri ýurdumyzdaky, şeýle hem zerur bolanda beýleki döwletlerdäki degişli lukmançylyk edaralarynda bejergä mätäç çagalary bejermek üçin bölünip berler. Elbetde, gaznanyň howandarlygynda çagalary terbiýelemek, olaryň ýörite orta, ýokary bilim almaklary, ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegi bilen bagly soraglar hem döwletimiziň hemişe üns berýän meselesi bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, gazna öz raýatlarymyz, dürli kärhanalardyr firmalar gatançlaryny yzygiderli geçirýärler, gazna birnäçe nähoş çaganyň çylşyrymly lukmançylyk operasiýalary üçin eýýäm töleg geçirdi diýip belledi. Şu ýerde men zähmet hakynyň belli bir bölegini haýyr-sahawat üçin geçirmegiň türkmeniň umumy ykrar edilen milli aýratynlyklarynyň biridigini aýratyn bellemek isleýärin. Bu bolsa türkmen medeniýeti bilen tanyş ähli adamlara mälimdir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biz geljekde hem hemaýata mätäç çagalary goldamak boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň işini giňelderis we kämilleşdireris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, degişli Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze eýýamyň talaplaryndan ugur alyp, geljekde kanun çykaryş işiniň ýokarda sanalyp geçilen ugurlary boýunça oýlanyşykly işlenip taýýarlanan Konsepsiýanyň esasynda, kanun çykaryş işini alyp barmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça 2022 — 2027-nji ýyllar üçin Konsepsiýany işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwür bir duran ýerinde durmaýar, çalt özgerýär. Durmuş biziň ählimizden aýgytly hereket etmegi, döredijilik başlangyçlaryny, möhüm özgertmeleri amala aşyrmagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berip, bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz döwletimiziň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de berkitmäge şert döreder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda aýdylanlary jemläp, öňde uly we jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de duşuşyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi, ol ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Geňeşiň iki palatasynyň hem agzalary bilen duşuşyp, möhüm meseleler boýunça pikir alyşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler, döwlet Baştutanymyzyň taryhy ähmiýetli başlangyçlary Türkmenistanyň okgunly ösüşine gönükdirilendir.

Bular barada aýtmak bilen, G.Mämmedowa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinde geljekki nesilleriň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy we şunda milli ruhy gymmatlyklar saklanylýar hem-de ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzy geljekki 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlary kesgitlenildi.

Mejlisiň Başlygy şu günki duşuşykda 2022-nji ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň kesgitlenilendigini, eneligi we çagalygy goramak, köp çagaly hem-de ýaş maşgalalara durmuş goldawyny bermek ýaly meselelere möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk işini halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirmek, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň şu ýylyň dowamynda bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriniň we geçirilmeli çäreleriniň meýilnamasyny tassyklamak boýunça wezipeleriň amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Mejlisiň deputatlarynyň kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek, adamlaryň zerurlyklaryny, isleg-arzuwlaryny öwrenmek hem-de ýerli döwlet häkimiýetiniň edaralary bilen bilelikde durmuş-ykdysady wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ýardam bermek, bilimli, ylymly, zehinli, Watanymyza we halkymyza wepaly ýaşlary terbiýelemek boýunça alyp barýan işleriniň döwlet Baştutanymyzyň gymmatly öwüt-ündewleri hem-de döwrüň talaplary hasaba alnyp amala aşyrylýandygyna aýratyn üns çekildi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň ýolbaşçysy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimize Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işini kämilleşdirmek baradaky düzgünnama gol çekendigi üçin ýurdumyzyň ähli ilatynyň adyndan hoşallyk bildirip, Mejlisiň deputatlarynyň öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda öňde durýan wezipelere garamak üçin şu günki duşuşygyň guralandygy, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk esaslaryny berkitmek ugrunda alnyp barylýan syýasat üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Maksatnamada kesgitlenilen wezipeleriň Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini, döwletimiziň durnuklylygynyň üpjün edilmegini, milli döwletlilik ýörelgeleriniň geljekki nesillere ýetirilmegini we her bir raýatyň bähbitlerini goramak ýaly beýik maksatlaryň amal bolmagyny öz içine alýandygy hem-de olaryň hereket edýän milli kanunçylykda möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenendigi nygtaldy.

Adam hukuklaryny goramak, kanunylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmegi, ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny pugtalandyrmak, ilatyň saglygyny goramak, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, maşgala goldaw bermek, bilimi, medeniýeti ösdürmek, sebitleriň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň sazlaşykly ösüşini höweslendirmek, saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek we beýleki ugurlar boýunça geçirilýän işler garalan aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen kabul edilen ýurdumyzy geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ilkinji derejeli üns berilýändigi nygtaldy.

Şol bir wagtda milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygaryna daýanyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada habar berildi.

Şeýle hem abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hem-de pugtalandyrmagyň häzirki döwrüň wajyp wezipesi bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan dünýä nusgalyk döwlet syýasatynda ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir diýip, K.Babaýew sözüni dowam etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary bellenilen wezipeleriň ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygyna hem-de ösüşine gönükdirilendigini aýdyp, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde geljekde hem Watanymyzyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan özgertmelere mynasyp goşant goşjakdyklaryna, hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlarynyň, içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdiklerine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň jemini jemläp, täze taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekde hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň öňünde uly wezipeleriň durýandygyny ýene-de bir gezek belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň Mejlis bilen bilelikde netijeli işini dowam edip, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barmalydygyny nygtady.

Bu bolsa ýurdumyzyň syýasy ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça nobatdaky netijeli çäreleri geçirmäge mümkinçilik berer, döwletiň we jemgyýetiň işiniň kämil binýadyny döretmäge, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de halkymyzyň durmuş taýdan abadançylygyny gazanmaga şert döreder diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biz siziň bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň 2022-nji ýylda alyp barmaly işiniň esasy ugurlary boýunça çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdyk. Milli Geňeşiň öňünde durýan wezipeleri anyk kesgitledik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Adamzat jemgyýetiniň we taryhynyň ösüşinde gazanylan sepgitler, milli mirasymyz, döwrümiziň nukdaýnazaryndan özleşdirmek esasynda türkmen halkynyň häzirki tejribesi nazara alnyp, işlenip taýýarlanan garaýyşlaryň we ynsanperwerlik kadalarynyň toplumy biziň döwletlilik doktrinamyzdyr. Şu parasatly kadalara eýermek bilen, häzirki türkmen jemgyýeti adama iň ýokary gymmatlyk hökmünde garaýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň, ynsanperwer hem-de adalatly jemgyýetiň barha berkeýändigini belledi.

Häkimiýet edaralarynyň düzüminiň adam hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini mundan beýläk-de giňeltmek hem-de goramak boýunça işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki Türkmenistan demokratiýanyň mizemez kadalary, kanunyň agalyk etmegi, raýat agzybirligi we bitewüligi esasynda depginli ösýär. Bu bolsa biziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzda öz beýanyny tapdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

«Halkyň Arkadagly zamanasynda» biz bu işleri täze görnüşde, has ýokary derejede, geçmişiň üstünliklerine we häzirki döwrüň ajaýyp ýeňişlerine daýanyp, dowam ederis. Ýagty geljegimize nazar aýlap, ýurdumyzyň täze belentliklere tarap kuwwatly ösüşini we bagtyýarlygyny üpjün ederis diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýokarda aýdylanlary jemläp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary täze taryhy döwürde — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda ähli tagallalary döwletimiziň we jemgyýetimiziň, her bir şahsyýetiň sazlaşykly ösmegini hem-de olaryň bähbitlerini deň derejede üpjün etmegi göz öňünde tutýan kanunlary işläp taýýarlamaga gönükdirmelidir diýip belledi. Şol kanunlar ýurdumyzyň hukuk ulgamyny berkitmegi we kämilleşdirmegi, halkara guramalar hem-de dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi öz içine almalydyr.

Ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak baradaky maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Garaşsyz döwletimiziň sebitlerini ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek, öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary ösdürmek, hyzmatlar ulgamyny giňeltmek we goşmaça iş orunlaryny döretmek hem möhüm wezipelerdir. Ilat üçin elýeterli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bolsa örän möhüm meseledir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şeýle esasda kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň şahalarynyň alyp barýan syýasaty bazar ykdysadyýetini ösdürmek bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti, ynsanperwer, adalatly jemgyýeti döretmäge borçly edýär. Bu syýasat halkymyzyň ertirki güne ynamyny artdyryp, eziz Watanymyza buýsanjyny we guwanjyny has-da ýokarlandyrar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işiniň esasy ugurlary boýunça 2022-nji ýylda bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Kararyna gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň öz öňlerinde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin tutanýerli we yhlasly zähmet çekjekdiklerine berk ynam bildirip, olara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. “Biz ýokary buýsanç, geljege berk ynam, ajaýyp maksatlar bilen mundan beýläk-de has belent sepgitlere ýeteris. Sebäbi, biziň ýurdumyz arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan we abadançylygyň ülkesidir!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

02.03.2022
Döwrebap ugurlar kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty hem-de başlangyçlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň pudaklaryna dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Türkmenistanda maglumat we telekommunikasiýa ulgamynyň işini düzgünleşdirmek bilen bagly kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär.

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Ýurdumyza sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmak babatda amala aşyrylýan işleriň hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmagyň we has-da kämilleşdirmegiň dowamynda birnäçe kadalaşdyryjy hukuknamalar tassyklanyldy hem-de işjeň durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen, ýurdumyzyň ähli ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, edara-kärhanalarynda, guramalarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyny has-da ösdürmek hem-de kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikler we zerur şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetine täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminama dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak wezipelerini öňde goýdy. Öňde goýlan bu wezipeler, öz gezeginde, internet hyzmatlarynyň hilini we elýeterlilik derejesini ýokarlandyrmak, maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmek meselelerini ýüze çykarýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetine täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, elektron senagaty döretmek, adam maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek sanly özgertmeleriň ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz meselä öwrüldi.

Bütindünýä sanly ulgama goşulyşmakda internet hyzmatlarynyň hiline we elýeterlilik derejesine, maglumat aragatnaşyk infrastrukturasynyň ösüş derejesine uly üns berilmelidir.

Türkmenistanda internet ulgamy güýçli depginler bilen ösýär we onuň hyzmatyndan peýdalanýan ulanyjylaryň sany artýar.

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda köp möçberli maglumatlar toplumyny ýokary tizlikde ibermek we kabul etmek üçin optiki-süýümli aragatnaşyk tehnologiýasyny ulanmak ygtybarly we tygşytlylyk taýdan amatly hasap edilýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatda düzgünleşdirýän kanunçylyk-hukuk binýadynyň berkden tutulmagy netijesinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň bökdençsiz işlemeginiň ygtybarlylygy ýokarlanar. Şeýle hem maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň pudaklaýyn düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýa ýoly bilen öňdebaryjy enjamlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurtda ykdysadyýetiň ähli ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe üstünliklere we rowaçlyklara beslensin!

Baýram GURTMYRADOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hukuk maslahatçysy

02.03.2022
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini, binýady halaldan mäkäm tutulan döwletimiziň sarsmaz binýadyny, jemgyýetimiziň mizemez jebisligini pugtalandyrmakda gazanylýan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli hem durnukly ösmeginiň guralyna öwrülýär. Ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmegi, durnukly ykdysady ösüşiň hem-de ýokary durmuş ölçegleriniň üpjün edilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde sanly ulgamyň hyzmaty uludyr. Bu babatda alnyp barylýan işler bellärliklidir. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek möhüm ähmiýete eýedir. Üç tapgyrda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän Konsepsiýa milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda, sanly ulgamy giňden utgaşdyrmakda, elektron senagatyny we innowasion önümçiligi ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Sanly ykdysadyýet — munuň özi hasaplaşyklaryň, pul dolanyşygy bilen bagly amallaryň we oňa degişli maglumatlaryň kompýuterleriň, bütindünýä maglumat torunyň kömegi bilen hereket arkaly dolandyrylmagyna düşünilýär. Sanly ykdysadyýete geçmek işi, gürrüňsiz, täze mümkinçilikleriň açylmagyny äşgär edýär, edaralaryň, kärhanalaryň we adamlaryň özara gatnaşygyny ýeňilleşdirýär.

Sanly ykdysadyýete geçmegiň birnäçe artykmaçlyklary bardyr. Olaryň esasylary zähmet öndürijiliginiň artmagy, kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy, edaralaryň çykdajylarynyň azalmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi bolup durýar.

Biziň institutymyzda sanly ulgama geçmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Institutymyzyň ätiýaçlandyryş işi kafedrasy Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň merkezi edarasy, welaýatlardaky we etraplardaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary öz arasynda optiki aragatnaşyk arkaly bir bitewi maglumat giňişligini emele getirýän içki tor ulgamy bilen birikdirilendir. Bir bitewi maglumat giňişligini emele getirýän tor ulgamy guramalaryň arasynda maglumat alşygyny ýeňilleşdirýär we maglumatlaryň merkezleşdirilen görnüşde jemlenilmegini we saklanylmagyny üpjün edýär. Guramalaryň arasynda wideoduşuşyklary guramakda wideoaragatnaşyk ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanylýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» geljek 30 ýylyň toplumlaýyn strategik wezipelerini hem-de maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny kesgitleýär. Bu bolsa türkmen halkynyň mundan beýläk-de bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün eder.

Ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Sanly ulgamy önümçilige giňden ornaşdyrmak babatynda durmuşa geçirilýän işler bellärliklidir. Her bir ulgamda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ylym ulgamyny kämilleşdirmek üçin maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak arkaly milli ykdysadyýetimizde ylmyň, tehnologiýalaryň we sanly innowasiýalaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmeli» diýip belledi.

Sanly ykdysadyýetiň, milli ätiýaçlandyryş ulgamynyň ösmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Çemen KAKALYÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

02.03.2022
Möhüm desganyň gurluşygynda

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek, ony has kämil derejä ýetirmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde amala aşyrylýan birnäçe iri taslamalary görkezmek bolar. Olaryň biri-de asyryň uly gidrotehniki desgasy bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüdir. Garagum sährasynyň goýnunda güýçli depginler bilen alnyp barylýan bu kölüň gurluşygynyň birinji tapgyry üstünlikli tamamlandy. «Altyn asyr» Türkmen köli sebitimiziň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsir etjek halkara ähmiýetli iri taslama bolup, ol ýer, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmaga we goşmaça suw gorlaryny döretmäge, daşky gurşawy gowulandyrmaga özüniň oňaýly täsirini ýetirer. Tebigat gözelliklerini, ondaky jandarlary we ösümlik dünýäsiniň ýaşaýyş mümkinçiliklerini has-da gowulandyrmaga ýardam eder. Şeýle ägirt uly suw desgasynyň gurulmagynyň esasy maksady ýurdumyzyň welaýatlaryndaky şor suwlaryň bir ýere jemlenmegi esasynda, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýynyň gowulanmagyna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň artmagyna, azyk bolçulygyny doly üpjün etmäge, Garagumuň maldarlary üçin sebitde täze öri meýdanlaryny döretmäge niýetlenendir.

Golaýda biz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygyna öz saldamly goşantlaryny goşýan, bu ugurda birnäçe işleri üstünlikli alyp barýan «Daşoguzaltynasyrtürkmenkölgurluşyk» dolanyşygynda bolduk we bu ýerdäki işler bilen tanyşdyk. Bu kärhananyň baş iş öndürijisi Durdybaý Babajanow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol häzirki wagtda gurluşyk işleriniň alnyp barylýan ýerleri barada aýtdy. Gurluşyk işleri «Altyn asyr» Türkmen kölünde, Türkmenderýa, Hanýap, Jumabaý saka, Şasenem akabalarynda hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çäklerinde dowam edýär. Gurluşyk dolanyşygynda jemi 560-dan gowrak işçi-hünärmenler zähmet çekýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň alyp berýän kuwwatly tehnikalaryna göwnejaý erk edip, olary welaýatymyzyň çar künjünde, kölüň gurluşyk işlerinde giňden peýdalanýarlar. Kärhananyň mehanizmleşdirilen bölüminiň başlygy Maksat Halmyradowyň aýtmagyna görä, jemi 90-a golaý tehnika bolup, olardan ekskawatorlaryň, buldozerleriň, skreperleriň, läbik sorujylaryň, awtogreýderleriň, turbogoýujylaryň we ýük ýükleýjileriň ençemesi bar. Bulardan başga-da, jemi 85 sany awtoulaglar bolup, olardan awtobuslary, awtokranlary, beton garyjylary, awtoussahanalary, ýeňil awtobuslary we burawlaýjylary görkezmek bolar. Şeýle-de, dolanyşykda ýüki özi düşürýän, tirkeg, suw we ýangyç çekýän tehnikalaryň birnäçesi hereket edýär. Işleriň alnyp barylýan ýerlerinde işgärler üçin ýörite niýetlenen 30-dan gowrak göçme öýler bar.

Tehnikalary abatlamakda birnäçe ökde ussalar zähmet, çekip, olardan Parahat Nazarow, Adylbek Ýuldaşow, Ybraýym Mätmuradow, Nureddin Gaýypow, Döwran Annamedow dagyny gözkezmek bolar.

Häzirki wagtda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze, döwrebap awtoulag ýolunyň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleri güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Ýakyn geljekde bolsa elektrik, gaz, agyz suwy we lagym geçiriji ulgamlary öz içine alýan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy meýilleşdirilendir. Bu bolsa «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda ilatly ýerleri döretmäge, adamlary iş orunlary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşyk işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan ýerlerinde özleriniň yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýan ökde işçileriň hatarynda Rimbaý Arnamuradow, Baýram Jumabaýew, Begmuhammet Poladow, Egem Isgenderow dagyny görkezmek bolar. Suwgurluşyk dolanyşygynda agzybirlikde zähmet çekýän işgärler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem öz yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar we «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygyna öz saldamly goşantlaryny goşýandyklaryna buýsanýarlar.

Raziýa GAÝYPJANOWA,

«Daşoguz habarlary».

02.03.2022
Ösüşleriň aýdyň ýoly bilen

Şu günler hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary dowam edýär. Golaýda ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň işgärleri hem şeýle çäräni guradylar. Ykdysadyýet toplumynyň mejlisler zalynda geçirilen dabara toplumyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler dünýä ykdysadyýetinde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýändigine garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş derejesiniň saklanýandygy hakynda aýtdylar. Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde telekeçiligi ösdürmäge uly üns berilýär. Şonuň netijesinde halkymyza hödürlenýän zerur önümleriň ählisi diýen ýaly özümizde öndürilýär. Artan bölegini bolsa daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen her ýylda aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şonuň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi gün-günden gowulanýar. Il-ýurt bähbitli ykdysady özgertmeleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri dabaranyň ahyrynda kabul edilen Ýüzlenmede hem öz beýanyny tapdy.

***

Hormatly Prezidentimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan hem geçirildi. Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde guralan dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hem-de degişli edaralaryň ýolbaşçylary, harby gullukçylar gatnaşdylar. Çykyş edenler täze kitabyň ýaşlarda watansöýüjiligi terbiýelemekde, parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar. «Kitaba hormatly Prezidentimiziň «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgularynyň girizilmegi bizi has-da buýsandyrdy. Bu şygyrlar Watan goragçylarynyň her biriniň köňül aýdymyna öwrüldi» diýip, çykyş edenler bellediler.

Dabarada Döwlet serhet gullugynyň «Serhet owazlary», Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestrleriniň, Goranmak ministrliginiň birleşen dutarçylar, Içeri işler ministrliginiň aýdym-saz toparlarynyň, Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» toparynyň ýerine ýetiren hoş owazly aýdymlarynda ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny gorap saklamakda, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşlar belentden ýaňlandy.

***

Döwlet Baştutanymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy tarapyndan hem geçirildi. Oňa toplumyň ýolbaşçylary, işgärleri, hünärmenleri gatnaşdylar. Şu günler oba hojalygynyň möhüm möwsümi bolan ekişiň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde geçirilen maslahatda çykyş edenler bu gymmatly eseriň özlerine egsilmez gaýrat hem ruhubelentlik eçilendigini turuwbaşdan bellediler. Bilşimiz ýaly, milli Liderimiz welaýatlara iş saparlarynda, adaty günlerde hem oba hojalygynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Daýhanlar bilen duşuşyp, hal-ahwal soraşyp, olaryň armasyny ýetirýär. Döwlet Baştutanymyz suw, dökün, tehnika babatda daýhanlara ýakyndan goldaw-hemaýat berýär. Şular barada täze kitapda hem bellenilip geçilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bugdaý, gowaça, şaly ýaly ekinler bilen birlikde, ýeralmanyň, soganyň ekişi hem köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Bularyň hataryna pomidor, hyýar ýaly gök ekinleri hem goşmak bolar. Munuň özi azyk bolçulygyna uly goşantdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýerleri 99 ýyl möhlet bilen kärendesine bermek hakyndaky çözgüdi iş ýüzünde mynasyp netijesini hem berýär. Bular barada aýdyp geçmek bilen, dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza öz hoşallyklaryny beýan etdiler we «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem döwlet tabşyryklaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

***

Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň mejlisler jaýynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna bu agentligiň we onuň düzümine girýän pudaklaryň ýolbaşçylary, işgärleri gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň toplumyň işine berýän ünsi hem-de ony ösdürmekdäki bimöçber aladalary bu ugurda durmuşa geçirilýän il bähbitli işler bilen özboluşly sazlaşýar.

Ykdysadyýetimiziň çalt ösýän we geljegi uly pudaklary bolan ulag hem-de aragatnaşyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge hem aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugurlary amala aşyrylýan ulag-logistika strategiýasynyň esasynda goýuldy.

Döwlet Baştutanymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynda nygtalyşy ýaly, ulag we aragatnaşyk pudagy häzirki döwürde möhüm ähmiýetli ykdysady ugurlaryň hatarynda durýar. Biziň döwletlerimiz bu ugurlarda ýokary netije berýän bilelikdäki işleri amala aşyrmak üçin örän uly mümkinçiliklere eýedir. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistan özüniň döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi hem-de sebit, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi üçin zerur işleri durmuşa geçirdi we geçirýär. Maslahatda şular barada giňişleýin durlup geçildi.

«Döwlet adam üçindir!» diýen asylly ýörelgäni durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň şeýle asylly ýörelgeleriniň esasynda geljekde hem Watanymyzyň kuwwatlanmagyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine ak ýürekden zähmet çekeris diýip, dabarada çykyş edenler nygtadylar hem-de ýene bir ýola milli Liderimize öz hoşallyklaryny beýan etdiler.

(Ýörite habarçymyz).

01.03.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 28-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň paýtagtynyň we welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda Aşgabady hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň hem-de owlak-guzy möwsüminiň barşyna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowy çagyrdy. Häkim aragatnaşyga çykyp duran ýerinden — welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyndan bu ýerde mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we haşal otlara garşy himiki serişdeleri sepmek, üçünji ösüş suwuny tutmaga girişmek boýunça işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlanylýar, sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň we soganyň ýokary hasylyny almak üçin olara degişli ideg işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegiň, gök öwüsýän maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň we ösüş suwuny tutmagyň talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini nygtady. Şu işler bilen bir hatarda, welaýatda gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýerleri we zerur gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek barada hem görkezme berildi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, welaýatyň agzybir halkynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýandygyny bellemek bilen, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de daýhanlara özüniň salamyny ýetirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz hemmelere alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, häkime “Armaň!” diýip ýüzlendi. Häkim, öz nobatynda, “Bar boluň, özüňiz hem armaň!” diýip jogap berdi.

Hormatly Prezidentimiz hem “Bar boluň!” diýip, welaýatyň halkyna öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginden sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga çykyp, bu ýerde pomidor we käşir ekiljek meýdanda sürüm işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Häkim sürüm işleriniň öň ýanynda topragyň fosfor döküni bilen gurplandyrylandygyny, ekişden soň bolsa karbamid döküniniň beriljekdigini belledi.

Milli Liderimiz sürüm geçirilen topragyň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Şunda häkim eline bir gysym toprak alyp, onuň çyglylygynyň we beýleki degişli aýratynlyklarynyň kadalara laýyk gelýändigini aýtdy.

Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi, bugdaýa ideg edilişi, hususan-da, onuň bereketli hasylyny öndürmek maksady bilen, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ösüş suwuny tutmak üçin zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, tohumlary saýlamak hem-de nobatdaky ekiş möwsümini ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek ýaly agrotehniki çäreleriň uly ähmiýete eýedigini belläp, bu işleriň öz wagtynda geçirilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz saçaklarymyzyň bezegi bolan ak bugdaýyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini ylmyň talaplaryna we möhletlerine laýyklykda geçirmek barada görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň agzybir halkynyň ýurdumyzyň bazarlaryny gök-bakja önümleri bilen üpjün etmekde uly işleri alyp barýandygyny bellemek bilen, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de daýhanlara özüniň salamyny ýetirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz hemmelere alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, häkime “Armaň!” diýip ýüzlendi.

Häkim, öz nobatynda, “Bar boluň!” we “Özüňiz hem armaň!” diýip jogap berdi.

Hormatly Prezidentimiz hem “Bar boluň!” diýip, welaýatyň daýhanlaryna öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow bilen göni aragatnaşyga çykdy. Milli Liderimiz häkimiň ekerançylyk meýdanyndadygyny synlap, onuň haýsy ýerde iş alyp barýandygy bilen gyzyklandy.

Häkim welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda “Zehin açary” daýhan hojalygyna degişli meýdanda ýazlyk ýeralmanyň ekişine girişilmeginiň bellenilen ýerindedigini habar berdi.

Şeýle hem welaýatyň ýolbaşçysy sebitde häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak üçin häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen birinji gezek iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar hem-de ösüş suwuny tutmagy bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça taýýarlyk işleri görüldi.

Hormatly Prezidentimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça kabul edilen, Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler bilen hem gyzyklandy.

Häkim häzirki duran ýerinde ýazlyk ýeralmanyň ekiljek ýerleriniň ekişe doly taýýar edilendigini habar berip, şu ýylyň hasyly üçin welaýatda ýazlyk ýeralmanyň ekişine başlamaga ak pata bermegi uly hormat bilen haýyş etdi.

Milli Liderimiz ýeralmanyň ekişine başlamaga ak pata berip, möwsümi üstünlikli tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalary görmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylarynyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde uly işleri alyp barýandyklaryny belläp, olara “Işiňiz ileri bolsun!” diýip arzuw etdi hem-de häkime ýüzlenip, «Daýhanlara salam ýetiriň!» diýdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alyp barýan işleri üçin welaýatyň ähli halkyna minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz hemmelere alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, häkime “Armaň!” diýip ýüzlendi. Häkim, öz nobatynda, “Bar boluň!” we “Özüňiz hem armaň!” diýip jogap berdi.

Hormatly Prezidentimiz hem “Bar boluň!” diýip, welaýatyň halkyna öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de ýene-de bir gezek üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň Çärjew etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşiginden göni aragatnaşyga çykyp, bu ýerde gowaça ekiljek meýdanda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň gowaça ekiljek meýdana ýuwuş suwuny tutmaga ak pata bermegi bilen, häkim böwedi açyp, ekin meýdanyna suw goýberdi. Şeýlelikde, degişli işe girişildi.

Mundan başga-da, häkim sebitde alnyp barylýan beýleki işleriň ýagdaýy, ýazda gowaça ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, möwsümde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de ekerançylary tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Welaýatda ýeralmanyň we soganyň ýokary hasylyny almak üçin olara degişli ideg işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegiň, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň we ösüş suwuny tutmagyň bellenen talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şu işler bilen bir hatarda, sebitde gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýerleri we zerur gowaça tohumyny möwsüme doly taýýar etmek barada hem görkezme berildi.

Milli Liderimiz welaýatyň agzybir ilatynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýandygyny belläp, alyp barýan işlerinde we öňde goýlan ähli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz häkime “Armaň!” diýip ýüzlendi. Öz nobatynda, häkim «Bar boluň!» diýip jogap berip, milli Liderimize “Özüňiz hem armaň!” diýip ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz hem “Bar boluň!” diýip, häkime daýhanlara salam ýetirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewi çagyrdy. Sakarçäge etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygyna degişli sürüden sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga çykan welaýatyň häkimi owlak-guzy möwsüminiň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, sebitdäki beýleki işler barada hasabat berlip, gowaça ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ýerleriň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, şol ýerleri sürmek we tekizlemek boýunça görülýän çäreler, gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de pagta öndürijileri zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler, şonuň ýaly-da, bugdaý meýdanlarynda ideg we ösüş suwuny tutmak işleriniň geçirilişi barada aýdyldy.

Ýazlyk ýeralmadan we sogandan ýokary hasyl almak maksady bilen, bu ekinlere degişli kada laýyklykda ideg edilýär hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ösüş suwuny tutmak işlerini agrotehnikanyň talaplaryna we möhletlerine laýyklykda geçirmek hem-de gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýerli tohumlary möwsüme doly taýýarlamak barada görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz häkime ýüzlenip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, bazarlarymyzy et-süýt önümleri bilen bolelin üpjün etmekde welaýatyň agzybir zähmetkeşleriniň uly işleri alyp barýandyklaryny aýratyn belledi we munuň üçin olaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem milli Liderimiz maldarlara-da salamyny ýetirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime “Armaň-da!” diýip, ýüzlendi. Häkim hem halkymyzda däbe öwrülişine görä, «Bar boluň!» diýip, öz nobatynda, milli Liderimize “Armaň!” diýip jogap berdi.

Hormatly Prezidentimiz hem «Bar boluň!» diýip, hemmelere öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmegi we owlak-guzularyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim Arçabil şaýolunyň ugrundaky “Abadançylyk” binasynyň ýanyndan göni aragatnaşyga çykyp, bu ýerde, umuman, paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şäheriň ähli künjeklerinde, şol sanda köçelerinde, şaýollarynda, seýilgählerde, ýaşaýyş toplumlarynyň çäklerinde hem-de beýleki gök zolaklarda arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleriniň geçirilýändigi, ekilen baglaryň, gülleriň düýbüni ýumşatmak, möwsümleýin gülleri ekmek, ýaşyl zolaklarda ekilen otlara ideg etmek, baglary timarlamak işleriniň giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylandygy habar berildi.

Häkim hasabatyň çäklerinde gülçülik we bagçylyk kömekçi hojalygynda ösdürilýän gülleriň dürli görnüşlerini görkezdi. Bu gülleriň ekiliş aýratynlygy, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşandygy, ylmy taýdan esaslandyrylandygy aýratyn bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda paýtagtymyzda bu möwsümleýin gülleriň görnüşlerini ekmek işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylandygy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekilenden soň, bu gülleriň möhleti taýdan toprakda durumlylygy bilen gyzyklanyp, olaryň dürli görnüşlerini ekmegiň paýtagtymyzyň görküne has-da görk goşýandygyny belledi. Munuň özi ýetip gelýän Halkara zenanlar gününiň hem-de Milli bahar baýramynyň öň ýanynda has-da möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Çünki güller ýaz paslynyň gelmegi bilen, diňe bir tebigaty bezemän, eýsem, ynsan kalbyny hem joşduryp, adamlarda egsilmejek ruhubelentlik, gözellige, daş-töweregi gurşap alan tebigatymyza söýgi we beýleki ajaýyp duýgulary döredýär. Şoňa görä-de, işlere şu günler toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň geljegi nazarlaýan toplumlaýyn ösüşe yzygiderli häsiýet bermäge gönükdirilendigini nygtap, şäher hojalygyny, jemagat gulluklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, olaryň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz şu maksat üçin bu ulgamdaky iň oňat dünýä tejribelerini öwrenmegiň hem-de olary gözellik we ekologiýa düzümlerini öz içine alýan abadançylyk boýunça gurluşyk taslamalary hem-de meýilnamalar işlenip taýýarlanylanda ulanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Aşgabadyň şähergurluşyk keşbinde iň oňat milli binagärlik däpleri we döwrebap çözgütler sazlaşykly utgaşmalydyr, türkmen paýtagty belent derejesiniň nazara alynmagy bilen, ähli babatda nusgalyk bolmalydyr. Munuň özi, aýratyn-da, adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz şu işleri ýerine ýetirmekde Aşgabat şäher häkimliginiň işgärleriniň uly işleri bitirýändiklerini aýratyn nygtap, olaryň ählisine öz adyndan salam ýetirmegi tabşyryp, alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz häkime “Armaň!” diýip ýüzlendi. Häkim, öz nobatynda, gadymdan gelýän milli ýörelgelerimize laýyklykda, “Bar boluň!” we “Özüňiz hem armaň!” diýip jogap berdi. Döwlet Baştutanymyz “Bar boluň!” diýip, olara işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, biziň esasy maksadymyz azyk bolçulygyny pugtalandyrmakdan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr diýip bellemek bilen, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini gazanmagyň hökmany şert bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, her bir ýolbaşçynyň özüne ynanylan wezipäni ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli, yhlasly we päk ýürekden çemeleşmegi möhüm talapdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

01.03.2022