Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşini şöhlelendirýän täze, iri möçberli meýilnamalar, giň möçberli, innowasion ösüşlere gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda möhüm şanly wakalar bilen dabaralanýar.
Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk syýasatynyň Türkmenistana milli ykdysady ösüşiň wezipelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berendigini belleýär. Ykdysady-hukuk nukdaýnazaryndan, Bitaraplyk türkmen topragynyň ýerasty baýlyklaryny özleşdirmäge, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmaga gönükdirilen, örän möhüm ykdysady taslamalary işläp düzmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň netijeli guralyna öwrüldi. Türkmenistanda höküm sürýän syýasy durnuklylyk, halkyň ruhy galkynyşy, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň kärhanalarynda önümçilige ylmyň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeler türkmen jemgyýetiniň şu günki ýüzüni görkezýär.
Şu ýylyň 3-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi üstümizdäki ýylyň on bir aýynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijelerine we öňde duran wezipelere bagyşlandy. Durmuş-ykdysady ösüşimizi alamatlandyrýan sepgitler ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşiň gazanylýandygyny aýdyň görkezdi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini milli Liderimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Bu makroykdysady görkezijiniň ýokary derejesini üpjün etmekde senagat pudagyna möhüm orun degişli bolup, pudakda gazanylan oňyn netijeleriň milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan senagatlaşdyrmak syýasatynyň esasynda mümkin bolandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat pudaklary milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ulgamlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün edýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şu ýylyň 11 aýyndaky görkezijilere ser salmak hem ýeterlikdir.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda ýokary makroykdysady görkezijiler gazanylýar. Giň gerimde durmuşa geçirilýän senagatlaşdyrmak we ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak syýasaty täze iş orunlarynyň artmagyna, ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly senagata daýanýan innowasion önümçilikleriň köpelmegine giň mümkinçilikleri açýar. Öňdebaryjy tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhanalaryň işe girizilmegi netijesinde önümleriň dürli, şol sanda täze görnüşlerini çykarmak boýunça işler ýola goýulýar.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini peseltmek hem-de 2022-nji ýylda milli ykydysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginiň Maksatnamasynyň tassyklanylmagy geljekki ösüşlerimizi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Maksatnamada milli ykdysadyýetiň köpugurly hem-de durnukly ösüşini saklamak, önümçilik kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak boýunça wezipeler bellenildi. Şeýle-de, bu resminamada ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça degişli wezipeler kesgitlenildi. Maksatnamada kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bermek, daşary ýurt maýa serişdelerini çekmek, ilatyň durmuş üpjünçiligini pugtalandyrmak, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça möhüm çäreler hem göz öňünde tutulandyr. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklarynda emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ýaramaz täsirini peseltmek maksatlarynda toplumlaýyn işlere badalga berler. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we türkmen harytlaryny daşary ýurtlara eksport etmek babatda ileri tutulýan we geljegi uly ugurlary yzygiderli ösdürmek hem-de giňeltmek, senagat pudagynda ýokary ösüş depginini saklamak wajyp wezipeleriň hatarynda durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn, tutumly işler yzygiderli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar. Milli Liderimiz Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyz boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberine gaýtadan seretmegiň wagtynyň gelendigini, munuň bir tarapdan, örän möhüm makrogörkezijidigine, beýleki tarapdan bolsa, biziň her birimize düşnükli bolan görkezijidigine ünsi çekmek bilen, esasy syýasatymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygardygyny belläp geçipdi. Bu ynsanperwer syýasata daýanýan, halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň geljek ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamaga aýratyn üns bermelidigini bellemegi hem şu syýasatdan gözbaş alýar.
Öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegini, halkymyzyň abadan, ähli babatda mynasyp durmuşyny üpjün edýär. Goý, milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli ähli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Züleýha ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Türkmenistan tebigy gazyň möçberleri boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Munuň özi döwletimize bu deňsiz-taýsyz baýlygy tebigy ýangyç we taýýar önüm görnüşinde dünýäniň sarp edijilerine ibermäge mümkinçilik berýär. Gazdan polietilen, polipropilen öndürmek bilen bir wagtda, oba hojalygy üçin deňsiz-taýsyz himiki dökün bolan karbamidi, azody, fosfory, kalini öndürmek ýola goýuldy. Şunda ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda açylyp ulanylmaga berlen «Tejenkarbamid» zawodyny agzap geçmek mümkindir. Tejen şäherinde ýerleşýän bu zawodyň ýyllyk taslama kuwwaty 350 müň tonna karbamid öndürmäge barabardyr. Zawodda karbamidi has öňdebaryjy tehnologiki usullarda işläp taýýarlamaga we öndürmäge mümkinçilik berýän döwrebap enjamlar ornaşdyrylandyr. Tehnologiki iş dolulygyna awtomatlaşdyrylandyr. Tehnologiki işiň gidişine gözegçilik merkezi dolandyryş nokadyndan amala aşyrylýar. Önümçilik işiniň doly awtomatlaşdyrylan görnüşde amala aşyrylmagy zawodyň önümçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine degişli bolan bu zawod ýurdumyzyň ykdysadyýetine saldamly goşant goşýan kärhanalaryň biri hasaplanýar. Ol ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny gerekli dökünler bilen üpjün etmekden başga-da, ýokary hilli döküni daşary ýurtlara eksport etmekde uly ähmiýete eýedir. Daşary ýurtlaryň barha artýan islegini nazara alyp, geljekde bu zawodyň öndürýän önümleriniň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, «Tejenkarbamid» zawodynyň durkuny düýpli täzelemek babatda tagallalar edilýär.
Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän we durky täzelenilýän önümçilik desgalarynyň esasy aýratynlyklary hökmünde, olaryň esasy çig malynyň öz ýurdumyzyň hasabyna üpjün edilýändigidir. Tebigy gazdan alynýan karbamid, azot, kaliý, fosfor himiki dökünleri tebigy dökünler bilen utgaşyklylykda, sahawatly topragymyzda ýokary hilli oba hojalyk önümlerini ýetişdirmäge we şol bir wagtda ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza uzak ömür we berk jan saglyk arzuw edýäris.
Döwran ABDYRAHMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara giňişlikde sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi bolsa türkmen Bitaraplygynyň häzirki zaman şertlerindäki ähmiýetiniň örän uludygyny aýdyň görkezýär. Ýene-de sanlyja günden ýurdumyz bu şanly senäni dünýä bileleşigi bilen bilelikde baýram eder.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tamamlanyp barýan 2021-nji ýyly dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň mazmunyny taýýarlady hem-de ol gurama agza döwletler tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Dünýä bileleşiginiň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelere ygrarlydygyny tassyklaýan bu Kararnamada parahatçylyga we ynanyşmaga halklaryň arasynda durnukly ösüşi, parahatçylygy, howpsuzlygy, adam hukuklaryny üpjün edýän gymmatlyk hökmünde garamaga çagyryş öz beýanyny tapdy. Tutuş ýylyň dowamynda anyk maksatlary göz öňünde tutýan dürli görnüşli çäreleriň guralmagy ady agzalan resminamada bellenen wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde eden wideoýazgy çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerindäki çäreleri tamamlamak bilen, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmegiň meýilleşdirilendigini aýdyp, Milletler Bileleşigine agza döwletleridir halkara guramalary bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Bu bolsa, öz gezeginde, parahatçylygy, raýdaşlygy we ylalaşygy berkarar etmek maksady bilen, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek boýunça tagallalarda syýasy gepleşikleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, döwletleriň arasynda özara ynamy berkitmek babatda bilelikde pikir alyşmakda uly ähmiýete eýedir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky taryhy Kararnamasy bilen ykrar edilip, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda guramanyň ähli agza döwletleri tarapyndan ikinji gezek biragyzdan goldanylan Bitaraplyk derejesi geçen çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny berkitmegiň we sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşiň kepili bolmak bilen, ýurdumyza halkara gatnaşyklary milli bähbitlere laýyklykda amala aşyrmagyň netijeli ýoluny saýlap almaga mümkinçilik berdi. Diýarymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde durnuklylygy, netijeli we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňligini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýa sebitini parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan BMG-niň agza döwletlerine, Merkezi Aziýada gepleşikler gurallaryny ösdürmek maksady bilen, «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly Kararnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak hakyndaky teklip bilen ýüzlendi. Bu täze Kararnamanyň kabul edilmegi şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň Jemleýji resminamasynda göz öňünde tutulan halkara başlangyçlary ilerletmekde netijeli hukuk guraly bolup hyzmat eder.
Hormatly Prezidentimiziň «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek baradaky teklibi bolsa bu iki sebitde durnuklylygy hem-de abadançylygy pugtalandyrmak meseleleriniň özara aýrylmaz baglanyşyklydygyndan gelip çykýar. Ýewraziýanyň merkezinde, geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly çäkde ýerleşýän Merkezi Aziýa sebiti, uzak geçmişde bolşy ýaly, şu günki günde-de tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary, adam mümkinçilikleri, Gündogardan Günbatara uzaýan möhüm söwda ýollary bilen tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Hazarýaka sebit hem uglewodorod serişdeleriniň iri tebigy çeşmesi, yklym derejesindäki üstaşyr ulag merkezi hökmünde halkara söwdany giňeltmek üçin geljegi uly giňişlikdir. Şunda Merkezi Aziýanyň we Hazar deňzi sebitiniň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy öňe çykýan esasy ugurlaryň biridir.
«Ynsanperwerlik ugrundaky meseleler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biridir» diýmek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň halkara ynsanperwer ugurly gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli tagallalary edýändigini belleýär. Çünki Bitarap Türkmenistanyň içeri syýasatynda bolşy ýaly, daşary syýasy işlerinde-de ynsanperwer gymmatlyklar möhüm orun eýeleýär. Bu, ilkinji nobatda, halkara hukugyň kadalaryny ileri tutmak hem-de adam hukuklaryny goramak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Biziň ýurdumyz halkara ynsanperwer hyzmatdaşlykda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berýär. Çünki bilim hem-de ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklary wagyz etmek ylmy, bilim we medeni diplomatiýanyň hem möhüm gurallary bolup durýar.
Belli bolşy ýaly, bilim ulgamynyň edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde amala aşyrýan taslamalary öňdebaryjy pedagogik tejribeleri bilim bermek işine ornaşdyrmaga amatly mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has işjeň, netijeli häsiýete eýe bolup, bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda», «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda» kesgitlenen wezipelerdir çärelerden-de aýdyň görmek bolýar.
Çaganyň irki ösüşi bilen bagly milli strategiýanyň dowamy bolan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň we guramanyň beýleki ýöriteleşdirilen agentlikleriniň Türkmenistanda hereket edýän wekilhanalary bilen bilelikde işlenip taýýarlanylyp, onda çagalaryň irki ýaşdan başlap kadaly ösüşini gazanmaga, olaryň mekdebe taýýarlykly barmaklaryny üpjün etmäge, bu babatda ata-eneleriňdir bilim işgärleriniň habarlylygyny we sowatlylygyny ýokarlandyrmaga degişli möhüm wezipeler göz öňünde tutulýar. Şunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döredip, ýurdumyzdaky orta mekdepleriň birnäçesini bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmegiň meýilleşdirilendigi aýratyn bellärliklidir.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerini goldanmak bilen, diňe bir mähriban halkymyzyň bähbitleri üçin däl-de, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbitleri üçin hem işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Beýleki döwletleriň çäk bitewüligini we özygtyýarlylygyny hormatlamak, olaryň içerki işlerine goşulmazlyk, döwletara gatnaşyklarda güýç ulanmazlyk, halkara işlerde Birleşen Milletler Guramasynyň çözgütlerini ileri tutmak, ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek ýaly binýatlyk ýörelgelerden ugur alýan türkmen Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak bilen, özüne bildirilen ynamy dolulygyna ödäp gelýär diýip, ynamly aýdyp bileris .
Baýramgül ORAZDURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory, hukuk ylymlarynyň kandidaty.