Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 12-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip hem-de Gazagystanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ähmiýet berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Milli Liderimiz gazagystanly kärdeşine mähirli salamyny aýdyp, Gazagystanyň Türkmenistan üçin möhüm, wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaş bolandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bolsa uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýar. Döwlet Baştutanymyz geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklara uly gadyr goýýarys hem-de olaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris diýip, iki goňşy ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň geçen ýyl Aşgabada bolan döwlet saparynyň hem-de Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde iki döwletiň Liderleriniň duşuşygynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň meselelerine, ulag-logistika ulgamy, energetika, oba hojalygy, senagat kooperasiýasy ýaly wajyp ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Döwletara dialogyň täze ugurlaryny kesgitlemek bilen baglylykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz hem-de myhman söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar hem-de 2020-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygynyň iki esse artandygyny, şunda ony mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň, Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň işewürler toparlarynyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Şonuň ýaly-da, parahatçylygy, hyzmatdaşlygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň binýatlaýyn esasy hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamdaky döwletara gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen biz halklarymyzyň gadymdan gelýän doganlyk hem-de birek-birege hormat goýmak, döwletlerimiziň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik däplerine ygrarlylyk ýörelgelerine eýerýäris. Munuň özi hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin dünýä hem-de sebit ösüşiniň möhüm meselelerine düşünmekde düýpli binýat bolup durýar. Bu meselelerde biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlary ýakyndyr hem-de meňzeşdir.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň iki doganlyk halkyň bähbitlerine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.