Soňky wagtlarda eýeçiligiň beýleki görnüşleriniň içinde intellektual eýeçilik has uly ähmiýete eýe bolýar. Biziň döwrümizde ony goramak we peýdalanmak meselesi ähli görnüşli eýeçilik kärhanalarynyň täjirçilik, önümçilik, telekeçilik we daşary ykdysady işinde wajyp rol oýnaýar. Intellektual eýeçilik bütin dünýäde gorag obýekti bolup durýar.
Türkmenistanyň mundan beýläk hem ylmy-innowasion taýdan ösüşiniň üpjün edilmeginde we ýurdumyzda öndürilen önümlerini dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny artdyrmakda intellektual eýeçiligi goramak çygrynda milli kanunçylygymyzyň kämilleşdirilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr.
Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatynda kabul edilýän maksatnamalarda Türkmenistanda intellektual eýeçiliginiň hukuk goragynyň üpjün edilmegini göz öňünde tutýan wezipeler kesgitlenip geçilýär.
Hususan-da, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» «intellektual eýeçiliginiň birlikleriniň hukuk goraglylygyny üpjün etmek, ony girdeji çeşmesi hökmünde ykrar etmek» döwletiň innowasiýa syýasaty babatynda esasy wezipeleriniň hatarynda görkezilýär.
Bulardan başga-da, «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» üstünlikli berjaý edilendigini hem aýratyn belläp geçmek bolar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda intellektual eýeçilik hukugynyň goraglylygyny berkitmek boýunça işler hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» esasynda durmuşa geçirilýär.
Şu nukdaýnazardan, intellektual eýeçilik hukugynyň ylmy-nazaryýet we tejribe esaslaryny öwrenmek wajyp wezipeleriň hatarynda duran meseleleriň biridir.
«Intellektual eýeçilik» adalgasynyň döremegini XVIII asyryň ahyryndaky fransuz kanunçylygy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu adalga fransuz filosoflary D.Didronyň, Wolteriň, K.A.Gelwesiýiniň, P.Golbahyň we Ž.Ž.Russonyň işlerinde öz beýany tapdy.
Intellektual eýeçilik nazaryýetiniň mazmunyna laýyklykda, adamyň zähmetiniň netijeleri (maddy nygmatlar ýa-da döredijilik zähmetiniň netijeleri) onuň eýeçiligi bolup durýar. Şeýlelikde, döredijilik zähmetiniň eýesi bu zähmetiň netijelerine ygtyýar etmekde aýratyn hukuga eýedir.
«Intellektual eýeçilik» adalgasy XVIII we XIX asyrlarda ykdysadyýet we hukuk ylmynyň käbir wekilleri tarapyndan agzalyp gelnendigine garamazdan, onuň giňden dolanyşyga girizilmegi diňe 1967-nji ýylda Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň döredilmegi barada Konwensiýanyň kabul edilmeginden soň bolup geçdi. Bu guramanyň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda, «intellektual eýeçilik» - bu senagat, ylmy, edebiýat we çeperçilik çygyrlarynda intellektual işiň netijelerine berkidilen kanuny hukuklardyr. Şunda «intellektual eýeçiligiň» obýektlerine intellektual işiň netijelerine deňleşdirilen haryt öndürijileriniň haryt nyşanlaryny (hyzmat nyşanlaryny) degişli edýärler.
Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň döredilmegi barada Konwensiýa laýyklykda, intellektual eýeçilik hukugyna aşakdakylar degişli bolup durýar:
- edebi, çeperçilik we ylmy eserler;
- ýerine ýetirijileriň çykyşlary, fonogrammalar we ýaýlyma goýberilýän gepleşikler;
- adam işiniň ähli çygyrlaryndaky oýlap tapmalar;
- ylmy açyşlar;
- senagat nusgalary;
- haryt nyşanlary;
- ynsapsyz bäsleşigiň öňüniň alynmagy;
- intellektual eýeçiligine degişli bolan önümçilik, ylmy, edebi we çeper eserler çygryndaky beýleki işler.
Ýurdumyzyda garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde köp wagtyň geçmändigine garamazdan, intellektual eýeçilik hukugyny goramak çygrynda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça baý tejribe toplandy.
Umuman, ýurdumyzda intellektual eýeçilik hukugynyň goragyny üpjün edýän kanunçylyk namalaryny şertli iki topara bölmek bolar. Bularyň birinjisine intellektual eýeçilik hukuklarynyň goragyny üpjün edýän ýöriteleşdirilen kanunlary degişli etmek bolar. Bu kanunlaryň kabul edilmeginiň esasy maksady bolup intellektual eýeçilik hukugyny goramak çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň aýry-aýry taraplaryny düzgünleşdirmek bolup durýar. Intellektual eýeçilik hukugynyň goragyny üpjün edýän kanunlaryň ikinji toparynda bu gatnaşyklary düzgünleşdirmäge ýöriteleşdirilmedik, emma öz içinde şeýle gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalary jemleýän kanunlary görkezmek bolar.
Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň subýekti hökmünde Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Biziň ýurdumyz Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyna 1995-nji ýylda girip, degişli konwensiýa goşuldy. Milli intellektual eýeçilik ulgamy döredilenden bäri senagat eýeçiligi ugrunda Türkmenistanyň halkara patent ulgamyna goşulmagyna mümkinçilik berýän halkara hyzmatdaşlygy esasynda möhüm ädim ädildi. Häzirki wagtda Türkmenistan intellektual eýeçilik hukugyny goramak çygrynda birnäçe halkara konwensiýalaryna, şertnamalaryna we ylalaşyklaryna goşuldy.
Beýan edilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanyň dünýä hojalygyna üstünlikli goşulyşmagyna şertler dörär.
Mergen ANNANUROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy,
Ogulşirin MYRADOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby