Gojaman Köpetdagyň eteginde täze şäher döreýär. Özi-de bu şäher — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan gurulýar. Hormatly Prezidentimiz täze merkeziň gurluşygy bilen yzygiderli tanşyp, onda alnyp barylýan işleri hemişelik üns merkezinde saklaýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýynda Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde-de döwlet Baştutanymyz bu tutumly taslamanyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini bilen gyzyklandy. Türkmen telekeçileri bilen duşuşyp, hususyýetçileriň gurýan döwrebap myhmanhanasyny «Marköw», söwda merkezini bolsa «Gökdere» diýip atlandyrmagy teklip etdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ussat inžener» hususy kärhanasy täze şäherde bina edilýän myhmanhananyň gurluşygyna kömekçi potratçy hökmünde gatnaşýar. Bu kärhananyň indi köp ýyllardan bäri ýurdumyzdaky düýpli gurluşyklara işjeň gatnaşyp gelýändigini bellemeli. Bitirilen işleriň sanawynda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, edara binalary, orta mekdeplerdir çagalar baglary, saglyk öýleri, serhet galalary, söwda merkezleri, hyzmat ediş öýleri, ýerasty geçelgeler bar. Diňe paýtagtymyzyň tapgyrlaýyn ösdürilmeginde amal edilen gurluşyklary alanyňda-da, olaryň sany 15-e ýetýär. Ussat gurluşykçylar geçen ýylyň dowamynda Ahal welaýatynda täze, döwrebap mekdepleriň ikisini — Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje geňeşliginde 960 orunlyk, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde hem 640 orunlyk orta mekdepleriň binalaryny ýokary hilli gurup, ýaş nesliň çuňňur bilim we terbiýe almagy üçin edilýän tagallalara mynasyp goşant goşdular. Kärhananyň hünärmenleri tarapyndan şu günler gurulýan we durky täzelenýän binalaryň sany-da 10-a golaýlaýar. Bular barada hususy kärhananyň ýolbaşçysy Begenç Meredow şeýle gürrüň berýär:
— Nusgalyk şäheriň taslamasy dünýä tejribesiniň täze gazananlary we innowasion tehnologiýalar esasynda taýýarlanyldy. Şoňa laýyklykda, biz bu ýerde 9 gatly 54 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 2-siniň, 2 gatly 2 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 12-siniň, 7 gatly, 42 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 24-siniň gurluşygyny alyp barýarys. Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda ýokary hil derejesi üpjün edilip, olaryň ýanaşyk ýerlerinde çagalar üçin oýun meýdançalary, sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar hem bar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde geçiren iş maslahatynda binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmek, bu işlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän baglarydyr ösümlikleri ekmek meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Şol tabşyryklardan ugur alyp, milli Liderimiziň ynamyny ödemek üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys. Diýarymyzda amala aşyrylýan beýik işlere goşant goşmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Hawa, «Ussat inžener» hususy kärhanasynda işler ýörite meýilnama esasynda alnyp barlyp, olaryň döwrüň talabyna laýyklykda täzeçe guralmagyna aýratyn üns berilýär. Hususyýetçiler hormatly Prezidentimiziň gurluşyk pudagynyň maglumat binýadyny döredip, iň täze kompýuter maksatnamalaryny ulanmak arkaly amaly ylymlary ösdürmek, işgärleri taýýarlamak işini kämilleşdirmek babatda aýdanlaryndan ugur alyp, gurluşyk-gurnama işlerine täze tehnologiýalarydyr degişli enjamlary ornaşdyrmaga çalyşýarlar. Kärhanada bu ugurdan programmalaryň 5-si işe girizildi we häzirki wagtda netijeli ulanylýar. Işleriň täze tehnologiýalar esasynda dolandyrylmagy, şeýle-de ýerli çig mallar bilen üpjünçilik gurluşyklaryň öz wagtynda we ýokary hilli amal edilmegine şert döredýär.
Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».