Ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilikde ylmy işleri giňden peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işler dowam edýär. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, aýratyn-da önümçilikde ylmyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary peýdalanmakda möhümdir.
Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak, işewürlige, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň sazlaşygyny üpjün etmek maksady bilen, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan Konsepsiýasy amala aşyrylýar.
Şu babatda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek işinde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ylym ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek ugrunda kesgitlenen uly wezipeleri çözmek üçin alnyp barylýan işler binýady mäkäm tutulan Türkmenistan döwletimizi ýakyn geljekde kuwwatly ylmy mümkinçiligi bolan ýurda öwrer. Munuň özi häzirki we geljekki nesliň ýokary derejede ylymly-bilimli bolup, häzirki zamanyň ösen halkara akymlaryna mynasyp derejede sazlaşykly goşulmagyny üpjün edýär. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe işler barha rowaçlanýar. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny aýdyň görkezýär.
Ymamguly REJEPOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18534
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz şu saparynyň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän iri desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň gelen ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy.
Bu belent toplumyň gurluşygy “Bouygues Batiment Internasional” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Täze gurulýan binada ýokary derejede mejlisleri we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Maslahatlar merkeziniň daşky keşbini gözden geçirip, desgada alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gurluşyk meýdançasynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de Maslahatlar merkeziniň daşky we içerki gurluşynyň çyzgylaryny görkezdi.
Soňra milli Liderimiz gurluşygy dowam edýän kaşaň “Arkadag” myhmanhana baryp gördi. Bu desgany hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgada işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ähli ölçegler boýunça—gurluşygyň hilinden başlap, timarlaýyş işlerine çenli gurulýan toplumyň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelmelidigine ünsi çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet münberiniň gurulýan ýerine tarap ugrady. Bu desga hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär.
Köpetdagyň eteginde gurulýan münberden günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi açylýar.
Hökümet münberi öz ölçegleri bilen uly täsir galdyrýar. Tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga Gündogaryň köşk ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, 2 müň orunlyk myhmanlar üçin münberi öz içine alýar.
Münberiň öňünde meýdança gurlup, onda dabaraly ýörişler hem-de giň gerimli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabara geçiriler.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä mähirli salamyny we minnetdarlyk hatyny ýollady.
Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky hoş habary ýazan Maýkl Iraniniň hatyny uly kanagatlanma we şatlyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.
“Ildeşimiziň sportuň agyr atletika görnüşi boýunça altyn hem-de kümüş medallara mynasyp bolmagy bizi diýseň begendirdi we guwandyrdy. Mundan başga-da, türgenimiziň itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzelemegi bizi has-da buýsandyrdy” diýip, milli Liderimiz öz hatynda nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzda halkara sport çärelerini ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýän hem-de dünýä ölçeglerine kybap gelýän döwrebap sport toplumlary we desgalary, şol sanda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi gurlup, ulanylmaga berildi.
Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, soňky ýyllarda ýurdumyzda iri möçberli halkara sport çäreleriniň birnäçesi geçirildi.
Muňa mysal edip, 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisini we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen Aziýa çempionatlaryny görkezmek bolar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
“Biz şu ýyl hem Welotrek boýunça dünýä çempionatyny hem-de tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyryny, şeýle hem öňümizdäki 2022-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işlerini alyp barýarys” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda nygtalýar.
Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirmek bilen, ýurdumyzyň geljekde hem agyr atletika boýunça ýaryşlary ýene-de kabul etmäge taýýardygyny mälim etdi.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Maýkl Iranini özüne amatly bolan wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. “Biz gadymy türkmen topragynda Sizi hormatly we gadyrly myhman hökmünde görmäge örän şat bolarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de alyp barýan ähli asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18382?type=feed
alkyna nur, rysgal-bereket bolup dolýar. «Kyýamat güni goňşudan» diýen parasatly pederlerimiziň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik ýaly asylly ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän türkmen halkynyň ýürek ýylysy goňşy owgan halkyny mähir bolup çoýýar. Şonuň bilen birlikde, bu taryhy wakalar «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni öňe sürýän milli Liderimiziň daşary syýasat babatda hem, ilkinji nobatda, umumadamzat bähbitlerini, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginiň esasynda, durnukly ösüşiň gazanylmagyny ileri tutýandygyny nobatdaky gezek bütin dünýä äşgär etdi. Bu taryhy pursatlara şaýat bolanlar hem, ony teleýaýlymlar arkaly synlanlar hem ulanmaga berlen täze, iri taslamalaryň doganlyk owgan halkyny galkyndyrandygyny, olaryň asuda ýaşaýşa, abadan durmuşa, röwşen geljege bolan umytlaryny has-da artdyrandygyny äşgär duýdylar. Şonuň üçin-de, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan tutuş dünýä-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, türkmen halkynyň durmuşa geçirýän bu nusgalyk işleri giň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Bellenilişi ýaly, bu iri taslamalar, ilkinji nobatda, owgan halkynyň durmuş düzümleriniň rowaçlanmagynda, ýurduň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak boýunça täze mümkinçilikleriň açylmagynda örän uly ähmiýete eýedir. Maslahatda parahatçylygyň hem-de birek-birek bilen ynamly gatnaşyklary alyp barmagyň türkmeniň ata-baba döwletlilik ýörelgesi bolup gelýändigi, bu günki günde gadymy Beýik Ýüpek ýoluny zamanabap derejede gaýtadan dikeldýän Türkmenistanyň 2021-nji ýyla halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna mahsus beýik işleri bilen dünýä nusgalyk görelde görkezýändigi aýratyn nygtalyp bellenildi.
