Arkadagyň sungat eseri

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji fewralynda paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlap geçiren maslahatynyň dowamynda täze taslamalaryň birnäçesi bilen tanyşdy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanan nyşanyň taslamasynyň tassyklanmagy milli Liderimiz tarapyndan bu baýramçylyga berilýän ähmiýetiň näderejede uludygyndan habar berýär.

Sungat eseriniň islendigine syn etseň, ony döreden adamyň kalbynyň, duýgusynyň, pikiriniň sazlaşygyna göz ýetirmek bolýar. Bu bolsa esere has içgin düşünmäge ýardam berýär. Guşuçar belentlikden paýtagtymyzy synlasaň, gözüňi gamaşdyrýan gözelligi görýärsiň. Ol gözellik —Gahryman Arkadagymyzyň özboluşly sazlaşygy emele getirip duran kämil sungat eseri — ady aýdymlarda belent ýaňlanýan Aşgabat.

Aşgabat barada söz açylanda şahyryň:


Aşyk abat diýipdirler adyňa,
Eýsem, laýyk geljegem däl başga at.
Aslynda, sen şu durmuşa, ýaşaýşa,
Aşyklaň şäheri eziz, Aşgabat


diýen setirleri bada-bat ýadyňa düşýär. Aşyklaryň şäheri, ak şäherimiz, gözel paýtagtymyz bagtyýarlyk döwrümizde has-da gülläp gül açýar. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji aýynda paýtagtymyzyň çäklerinde dowam edýän birnäçe iri desgalaryň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy. Ak şäherimizde gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýan we halka yzygiderli ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly desgalar, serhowuzly seýilgähler, söwda we dynç alyş merkezleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesiniň miwesi bolan, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyryndaky ýaşaýyş jaýlarynda “akylly öý” ulgamynyň ornaşdyrylandygy bolsa ajaýyp zamanamyzda döwrüň sesi bilen aýakdaş gadam urulýandygynyň durmuşy mysalydyr. Magtymguly şaýolunyň ugry boýunça Tähran we Taslama köçeleriniň aralygynda bina bolan bu binalaryň daşky bezeginde mozaika sungatynyň ulanylmagy dörediji Arkadagymyzyň ähli ugurlarda, şol sanda binagärlikde-de dünýä gymmatlyklaryndan giňden peýdalanmak ýörelgesiniň bir mysaly bolup, ol künjegiň görkanalygyna görkanalyk goşýar. Binagärlikde şeýle özboluşly çözgütleriň şowly ulanylmagynyň mysaly hökmünde alabaýyň heýkeliniň, Sungat monumentiniň, Olimpiýa stadionyndaky ahalteke bedewiniň şekilini... görkezmek ýeterlikdir. 2015-nji ýylda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Arkadag”, “Abadançylyk”, “Ylym”, “Ýyldyz”, “Sagdynlyk” binalary bir günde, birbada açyldy. Sanlyja ýylyň içinde ýurdumyz boýunça ajaýyp binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan “Älem” medeni dynç alyş merkezi, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi, Oguz han suw çüwdürimler toplumy, belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň 133 metrlik flagştogy, şonuň ýaly-da dünýäde ak mermer bilen örtülen binalarynyň iň köp toplanan şäheri hökmünde Aşgabat şäherimiz Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik ylhamyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berilýän belent bahadyr.

“Sebitiň binagärlik dürdänesi” diýip atlandyrylýan paýtagtymyz Aşgabadyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýene bir şanly senä — bu şäheriň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna taýýarlyk işleriniň depginini artdyrmalydygyny Gahryman Arkadagymyz yzygiderli nygtaýar. Milli Liderimiziň şeýle parasatly başlangyçlary esasynda, ýakyn wagtlarda söz sungatynyň ussady Magtymguly Pyragynyň gojaman Köpetdagyň gerşinde peýda boljak, häzirki wagtda gurluşygy uly depginler bilen alnyp barylýan heýkeli Aşgabadyň görküne özboluşly öwüşgin berer.

Garaşsyz Diýarymyzyň ýüregi Aşgabadyň bu günki keşbi, sözüň doly manysynda, sungat eserini ýada salýar. Oklaw ýaly göni, aýna ýaly tekiz, türkmen sährasy ýaly giň köçeleri bu gün parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, dost-doganlygyň ýoly bolup, Aşgabatdan dünýäniň çar ýanyna uzaýar. Bu ýollar il bilen ili, ýurt bilen ýurdy birleşdirýär. Munuň özi taryhyň dowamynda-da şeýle bolupdyr. Bu topragyň bir döwürler Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolandygyny öz ajaýyp eserleriniň üsti bilen halkara jemgyýetçiligine ýetiren Gahryman Arkadagymyz bu güňki gün şol gatnaşyklaryň täze, döwrebap nusgasyny dünýä döwletlerine teklip edýär.

Döredijilik, döredijilikli çemeleşmek bu günki ösüşlerimiziň her bir menzilinde öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli iň gowy eserleriň bäsleşigini yglan etmek barada aýdanlary hem döredijilik adamlaryny ruhlandyrmak bilen öňümizdäki toýlara ajaýyp sowgatlaryň sanyny artdyrar. Ol ajaýyplyklar gözel paýtagtymyzyň görküne görk goşar. Hut şonuň üçinem biz Aşgabadymyza guwanç bilen: “Gahryman Arkadagymyzyň sungat eseri” diýýäris. Bu gün gözel şäherimizi synlap şahyr bilen deň seslenip:


Aşgabadym — doganlygyň mekany,
Aşgabadym — söýenleriň mekany.
Seni görsem diýýär bütin adamzat,
Sen gülleriň, göwünleriň mukamy!


diýýäris. Goý, eziz paýtagtymyzy sungat derejesinde özgerdýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Aýdyma öwrülen setirler

Aşyklaryň şäheri


Sowulmaz bahar-ýazyň,
Aşyklaryň şäheri.
Göge galdy owazyň,
Aşyklaryň şäheri,
Sen ülkämiň säheri.


Söýýän seni, Aşgabat,
Dünýäň seň bolsun abat,
Bilbilleň gersin ganat,
Aşgabat jan, Aşgabat.


Guwanjy ajap iliň,
Aşyklaryň şäheri.
Aýdymy saýrak diliň,
Aşyklaryň şäheri,
Sen ülkämiň säheri.


Gül açýar Erem bagyň,
Aşyklaryň şäheri.
Alaýaz Köpetdagyň,
Aşyklaryň şäheri,
Sen ülkämiň säheri.


Mydam ýaňlansyn sazyň,
Aşyklaryň şäheri.
Şadyýan ogul-gyzyň,
Aşyklaryň şäheri,
Sen ülkämiň säheri,
Sen ülkämiň bahary.


Atadurdy GURBANOW.

Aknabat KLYÇEWA,

«Altyn Asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň bölüm müdiri.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21901