Sanly ykdysadyýet — ösüşiň möhüm şerti


Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti sanly ulgama geçmekdir. Dünýäniň ähli döwletlerinde sanly tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasion ösüş we täze iş orunlarynyň, döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegi häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen baglydyr.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ykdysadyýetiň ähli pudagyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň döredilmegi, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenilmegi we ýörite mejlislerde bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlarynyň bellenilmegi we beýleki işler sanly ykdysadyýete geçmegiň möhüm tapgyry boldy.

Sanly ulgama geçmegiň çäklerinde ygtybarly IT infrastrukturany döretmek hem möhümdir. Döwrebap sanly infrastrukturanyň bolmagy sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçiş döwründe ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulmagyna ýardam berýär.

Milli Liderimiz 2021-nji ýylyň fewralynda ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda halkara tejribeden ugur alyp, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, internet hyzmatlarynyň halk köpçüligi üçin elýeterli bolmagyny gazanmak barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Häzirki wagtda e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynyň mümkinçilikleri düýpli ösdürilýär. Pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary sanlylaşdyrmak maksady bilen, elektron görnüşde petekleri satmak, ýük-ulag hyzmatlaryna sargytlary kabul etmek, taksi hyzmatyndan peýdalanmak, şeýle-de «Bir penjire» ulgamynyň kömegi bilen jemagat, ýaşaýyş, bank hem-de beýleki birnäçe hyzmatlardan peýdalanmak we olaryň töleglerini onlaýn tertipde geçirmek mümkinçiliklerini girizmek hem-de kämilleşdirmek bilen bagly işler tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Ýakyn geljekde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň kärhanalarynyň awtobuslarynda, ýeňil taksi we ýük awtoulaglarynda nagt däl elektron töleg we JIPES/Glonass ulgamlaryny, internet arkaly hyzmatlary we ýol petekleriniň satylmagyny giňden ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Sanlylaşdyrmak ykdysadyýeti we maliýe ulgamyny hil taýdan netijeli ösdürmegiň we ony dolandyrmagyň oňyn guraly bolup, ilkinji nobatda, adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, wagty tygşytlamaga şert döredýär. «Internet bank», «Mobil bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl hasaplaşyklaryň ýola goýulmagy, «Cash back» höweslendiriş hyzmatynyň işe girizilmegi, «Mobil töleg terminaly», şeýle hem bölek satuw we hyzmat ulgamlarynda QR-kod ulgamy arkaly hasaplaşyklary geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň geçirilmegi ýaly möhüm işlerde düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Şeýle-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan bellige almak babatda sanly gurşawda hyzmatlar ýola goýuldy. Bu hyzmatlaryň hatarynda täze dörediljek kärhananyň adyny tassyklamak, olar bilen bagly resminamalary hasaba almak, ýuridik şahsyň möhletini uzaltmaga degişli resminamalary resmileşdirmek bilen bagly sanly hyzmatlaryň ençemesi bar.

Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegi nazarlaýan birnäçe taryhy ähmiýetli resminamalara gol çekdi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy» bar. Şeýle-de eksport-import amallary üçin «Bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda çözgüt kabul edildi.

Döwletimiziň ykdysady ösüşinde, sanly ykdysadyýeti işjeňleşdirmekde göz öňünde tutulan belent maksatlara ýetmekde milli Liderimiziň kabul eden bu möhüm çözgütlerine aýratyn orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna halkara standartlara laýyk gelýän sanly ulgamy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleriniň amala aşyrylýandygyny nazarda tutup, bu ulgamlaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, kiberhowpsuzlyk ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigi nygtaldy.

Şulardan görnüşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi giň gerime eýe bolýar, sanly ulgama geçiş döwründe oňyn netijeler gazanylýar. Sebäbi sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy Durnukly ösüş maksatlarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş depginini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzda sanly ulgamlary, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan özgertmeleriň başynda duran hormatly Prezidentimiziň döwletli işleri geljekde-de rowaç, jany sag, ömri uzak bolsun!

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

çeşme: "Nesil" gazeti https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/21666