«Altyn kölüň» ýalkymy halkymyzyň bagtyýar durmuşyny şuglalandyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has-da gözelleşdirmelidiris. Ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys.

«Geçeniň dowamaty geljekde» diýýän bagtyýar halkymyzyň her bir ýyly eşret-hözire beslenip, her bir watan raýaty geljekki ýyllara ertekiniň hakykata öwrülişi hökmünde garaýar. Bu, hakykatdan-da, şeýle.

Geçen ýylyň 15-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alşa degişli binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň ajaýyp nusgasy bolan, paýtagtymyzyň göwher gaşy ýaly kölüň kenary hemmeler üçin gyzykly hem-de peýdaly bolmak bilen, ol dynç alşyň ajaýyp amatlyklaryna beslendi. Ýurt Baştutanymyzyň «Altyn köl» diýip atlandyran täsin köli “Altyn asyr” Türkmen kölünden, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndan soň, ýurdumyza at-owazasy dolan beýik gurluşyklaryň biridir. Gysga wagtda döredilen dynç alyş zolagy Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny aýdyň mälim etdi. Bu suw toplumly desgalar we binalar tomus möwsüminde aşgabatlylara we onuň myhmanlaryna şypaly dynç alşy bagyşlady.

Bagtyýarlyk döwrümiziň beýik gurluşyklary

Şeýle ajaýyp desgalar toplumynyň gurluşygy 2021-nji ýylda belent joşgun bilen dowam etdiriler. Muny hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda bolan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu barada gol çeken Karary-da anyk tekrarlaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda häzirki zaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu zolakda ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmak, kölüň kenaryny şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde «Altyn kölüň» kenarynda 2021 — 2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak bellenildi. «Altyn kölüň» kenarynda guruljak dynç alyş zolagynyň baş meýilnamasyny üç aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz hemişe halkymyzyň medeniýetli dynç alşyny dünýä talaplaryna laýyklykda iň ýokary derejede guramak üçin ähli şertleri döredýär. Bu ýerde görkezilen taslamalar — paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda kölüň kenarynda ýerleşjek döwrebap kottejler toplumy gury ýer we suw gatnaşygyndaky sazlaşygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Dynç almaga niýetlenen desgalar suw attraksionlaryny hem öz içine alýar. Gurluşykda öňdebaryjy binagärlik tehnologiýalary ulanylýar. Milli Liderimiz binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararynda-da zolakda ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmaklyga aýratyn üns berilýär. Çünki tebigat, ekologiýa ýurdumyzyň dünýä möçberinde öňe sürýän möhüm ugry bolup durýar. Bu ýerde gök zolaklar tebigy aýratynlyklar bilen utgaşar, şeýlelikde, ekologiýa derejesi ýokarlanar. Görşümiz ýaly, ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň eşretli ýaşaýşy üçin ähli şertler döredilýär. Bu ýerde dynç alşyň dürli görnüşleri sagdyn durmuş ýörelgesi bilen gurşalyp, sportuň suwda oýnalýan görnüşleri kölüň bezegine öwrüler.

Ak şäherimiz Aşgabat uly ak-jowur haly bolsa, köl onuň mawy reňkli gölüdir. Kölüň arassa, şypaly suwunda ak guwlar ýüzüp ýör. Köli jähekläp oturan ak mermerli binalar kenardaky äpet guwlary ýada salýar. Bu hormatly Prezidentimiziň umman paýhasynyň döreden nusgalyk gözelligidir.

Saglyk hem sagdynlyk kölüň kenarynda bitewülige eýe bolar. Medeniýetli dynç alyş suw sporty bilen birleşip, suw bilen bejerişi hem ýola goýlar. Sport meýdançalaryna Garagumuň altyn öwüşginli çägesi düşeler. Bu bolsa sähra çägesiniň tomus möwsüminde adam bedenine edýän täsirini has-da artdyrar. Ylmy taýdan toplumlaýyn çemeleşmek usulyny öňe sürýän Arkadag Prezidentimiz taslamalaryň her biriniň ähmiýetiniň ýokary bolmalydygyny belledi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýan eziz Diýarymyzyň goýnundaky «Altyn köl» halkara syýahatçylygynda örän şypaly suw düzümlidir we onuň tebigy häsiýeti ynsan bedenini we ruhuny juwanlandyrýan täsire eýedir.

Geçen ýylyň 15-nji iýunynda «Altyn kölüň» ilkinji tapgyry açylyp, ol aşgabatlylara ýaşaýşyň ajaýyp bagtyýarlygyny eçildi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararynda beýan edilişine görä, onuň kenaryny şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly ýerleriň birine öwürmegi maksat edilip goýulýar. Ýaş nesil bolsa «Altyn kölüň» ýalkymyndan öz şatlygyny we gyzykly pursatlaryny alyp, geljegiň nuranalygyna beslenýär. Ýaş nesil hem geljek tebigatyň asyl durkundan täze rowaçlyk alýar we geljegi beýik gurmagyň nusgasyna gözli şaýat bolýar.

Aşgabat şäherinde «Altyn kölüň» kenarynda 2021 — 2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak işi ýaht kluby, akwaparklar, kenarýaka gaýyk duralgasy ýaly gurluşyklar bilen döwrebap, täze görnüşe eýe bolar. «Altyn köle» gelmek-gitmek baradaky maglumatlar sanly ulgam arkaly amala aşyrylar. Söwda we durmuş hyzmaty hakda elektron maglumatlar hödürleniler.

«Altyn kölüň» gurluşygyny alyp barýan ýurdumyzyň telekeçileriniň zähmeti ýokary baha mynasypdyr. Şonuň bilen birlikde degişli binalary we desgalary gurmak boýunça potratçylary saýlap almak üçin bäsleşikleri geçirmek gurluşykçy-hususyýetçiler üçin aýratyn bir synagdyr. Olar özleriniň gurluşyk-inženerçilik ussatlygyny görkezmegiň, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagyň degişli synagyndan geçerler.

Bagtyýar çagalygyň ajaýyplyklary bilen gurşalan «Altyn köl» çagalar üçin tebigat gözelliginiň täsin öwüşginlerini döredýär. Olar bu ýerde säherde köle altyn şuglasyny çaýýan Günüň şapagyny galam bilen owadan keşbe geçirýärler. Zehinli çagalar «Altyn kölüň» gözellik duýgularyny şahyrana beýan edýärler. Kölde gezelenç etmek, sport bilen meşgullanmak olaryň ruhy şatlygynyň gönezligidir. Bagtyýar çagalaryň ruhy şatlygy Garaşsyz Watanymyzyň nurana jemalydyr. Watansöýüjilik, zähmetsöýerlik «Altyn kölüň» şypasynda we sapasynda ýaş neslimizi täze bir joşguna atarýar.

Ýurdumyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň uly dabara bilen geçiriljek ýylynda badalga alýan, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararynda aýdyň beýanyny tapan Aşgabat şäherinde «Altyn kölüň» kenarynda 2021—2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmagyň bellenilmegi bagtyýar halkymyzyň şatlygyny we buýsanjyny goşalandyrdy. Şeýle il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli belent tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň hemişe jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.

Süleýman ILAMANOW,

«Edebiýat we sungat».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21908